21:40 Qui habet aures... / hekaýa | |
QUI HABET AURES...
Hekaýalar
1965-nji ýylyň 15-nji martynda, agşam sagat altyda, Renuwýeniň gulagyna özüniň on dört ýyl bäri işläp gelýän bankynyň bölüminiň başlygy bilen onuň orunbasarynyň arasyndaky gürrüň eşidildi. Başlyk. Şu Renuwýe, göwnüme bolmasa, işine sowuk-sala garap başlan ýaly. Orunbasar. Hawa, başlyk, gynansak-da, soňky döwür onuň bilen işleşmek maňa kyn düşýär. Başlyk. Muňa çäre görmeli. Düşnüklimi? Orunbasar. Hökman, başlyk. Başlyk. Onuň SCMN taslamasynyň üstündäki işiniň gidişi nähili? Orunbasar (naýynjar äheňde). Gynansagam, asla ýöränok. Şu hepdäň içinde oňa üç gezek ýatlatdym. Başlyk. Beýle dowam edip bilmez. Ol tutuş bölümiň işini agsadýar. Orunbasar. Oňa şeý diýibem aýtdym, jenap. Çalasynlyk bilen takyklygyň esasy zatdygyny oňa ertirden agşama çenli ýatladýan. Başlyk (kesgitli). Ertiriň özünde taýýar taslama stolumyň üstünde bolsun. Düşnüklimi? Orunbasar. Siz ertir Bowa ýygnaga gidýäňiz, jenap. Başlyk. Şeýledir-ow. Bolýar, birigün irden taýyn bolsun. Işi wagtynda gutarmany üçin bahanasam az bolar. Eger işýakmazlygyny dowam etse, onuň bilen özüm gürleşmeli bolaryn. Orunbasar. Ertirden başlap, onuň daşyna geçerin. Edil mumly ýüplüge döner. Başlyk (uludan dem alyp). Belki, şeýle bolsun-da. Ilki Renuwýe çyny bilen gazaba mündi. Agzalýan taslamanyň işi, dogrudanam, uzaga çekdi, ýöne muňa Renuwýe däl-de, orunbasar günäkärdi, sebäbi ol resminamalary bir aý mundan öň orunbasara gol çekmäge berse-de, olar henizem yzyna gaýdyp gelmändi. Indem o bihepbe Renuwýäni günäkärleýär, gör-ä, bu bihaýalygy! Renuwýe bu gürrüňi işleýän bankyndan bäş kilometr uzaklykdaky öýünde aşhanada gazet okap oturan ýerinden eşidýänligini birden aňmadyk bolsa, belki, has hem beter gaharlanardy. Ertesi Renuwýe başlygyň orunbasarynyň iş otagyna baryp, bireýýäm tabşyrylmaly SCMN taslamasy üçin gol çekilen resminamalara henizem garaşyp ýörenligini sypaýyçylykly, ýöne dogumly ýatlatdy. Ol: «Gaty görmäň weli, jenap» diýip, bu zatlaryň onuň eýerýän ýörelgelerine ters gelýändigini, ýagny öz işinde esasy iki ýörelgä: çalasynlyk hem takyklyk ýörelgelerine eýermäge çalyşýanlygyny ynamly aýtdy. Taslamanyň gijikdirilmeginiň başlyga ýaramajagyny aýdyp oturmagyň zerurlygynyň ýokdugyny, şonuň üçin hem taýýar taslamany mümkin boldugyndan başlyga çalt görkezmegiň ikisi üçin hem bähbitli boljagyny ýatlatdy. Aňk bolan orunbasar ylalaşýan äheňde baş atyp, taslamany günortan arakesmä çenli getirjekdigine söz berdi. Özünden göwnühoş Renuwýe ýerine gelip, işine gümra boldy. Orunbasar sözünde tapyldy, eýýäm guşluga çenli Renuwýe talabalaýyk işlenip düzülen taslamany kätiphana tabşyrdy, onuň gapdalyna bolsa başlyga hormat bildirip, elde ýazylan ugrukdyryjy haty goşdy. Ikinji bir yşaraty alanda, Renuwýe günortan sagat birlerde, hemişekisi ýaly, bankdan iki ädimlikdäki restoranda naharlanyp otyrdy. Bu gezek ol jorasy bilen gürleşýän ejesiniň sesini eşitdi. Ejesi. Sen bir göz öňüne getirip gör, ol eýýäm birnäçe hepde bäri maňa jaň edenok! Jorasy. Oň üçin çeken ejirleriň ýadyma düşende, aglaberesim gelýä. Ejesi. Nätjek. Çagalar şeýle-dä. Jorasy. Bary beýle däl-le. Ynha, goňşymyň ogly — her şenbe ejesiniň öýünde gazyk bolar, özem eli gülli hem tortly geler. Ejesi bilen günortanlyk ediner, gezelenje çykar, diňe agşamara gaýdar. Dogrusy, entek onuň halaşýan gyz-a ýok. Ejesi. Men Eduarddan köp zat tamakin däl-le, ýöne käte bir jaň edip, garry ejesini begendiräýmel-ä. Renuwýe haýran galyp oturyşyna, daş-töweregine garady: elbetde, golaý-goltumda ejesi ýokdy. Ol bälçikleriň biri ses gataldyjy goýan bolaýmasyn diýip stoluň aşagyny sermedi — hiç zat tapmady. Birden işdäsi kesildi, tabagy öňünden süýşürdi, hasaplaşdy-da, akylymdan azaşaýdymmykam diýip, çynlakaý oýa batyp, restorandan çykyp gitdi. Işiň soňuna çenli Renuwýe bu geň hadysalary ýatlamajak bolup, çyny bilen işledi. Agşam sagat ýedide iş kagyzlaryny ýygnaşdyrdy-da, öýüne gaýtdy, ýuwnup-ardyndy-da, telefony alyp, ýüzlerçe kilometr alysda ýaşaýan ejesine til kakdy. «Oglum! Ýatlanarlygyň bar eken, bilýämiň, edil şu gün joram Lýusi bilen seniň gürrüňiňi etdik» diýip, ejesi begençli gürledi. Lukmana ýüz tutmaly diýen karara gelýänçä, bu hadysa Renuwýede ýene iki gezek gaýtalandy. Bir gezeg-ä işdeş ýoldaşynyň özi barada, bary-ýogy birnäçe sekuntlyk ýakymsyz degişmesini eşitdi. Ertiriň özünde oňa işde bir hokga taýýarlajagyna ant etdi. Soň birki aý bäri görüşmedik iki sany dosty ony agşam naharyna çagyrmagyň ýa çagyrmazlygyň gürrüňini etdiler. Ahyrynda-da, çagyrmaly däl diýen netijä geldiler. Bu-da onuň keýpini gaçyrdy. Özi bilen bolup geçýän zatlaryň gulak-burun-bokurdak lukmanyna ýa-da ruhy keseller lukmanyna degişlidigini anyk bilmänsoň, Renuwýe iç keseller lukmanyna ýüz tutdy. Näsagyň derdi ony çynlakaý alada goýdy. — Diýmek, siz gulagyňyza del sesleriň gelmeginden ejir çekýäňiz-dä? Renuwýe pikirlendi-de: — Dogrusy, oňa ses gelme diýip biljek däl, sebäbi maňa eşidilýän gürrüňler hyýaly zat däl ahyry. Men-ä ony gepleri gapyp almak diýip atlandyrardym, düşünýäňizmi? — Radio ýalymy? — Hawa. Ýöne men diňe özüm barada gürrüň edilýän tolkunlary gapyp alýan. Lukman bialaç egnini gysdy-da, Renuwýäni tanymal alymyň ýanyna ugratdy. Ol hem bu ýagdaýa çynlakaý çemeleşip, beýle seýrek hadysany öwrenmek üçin ençeme barlaglary belledi. Renuwýe bu keseliň özi ýa-da töweregi üçin näme howpunyň barlygyny soranda, lukman onuň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny, ozalkysy ýaly ýaşabermelidigini aýtdy. Uludan dem alan Renuwýe oňa ýürekden sagbolsun aýtdy. Awtobusda öýüne gaýdyp gelýärkä, başlygynyň orunbasary bilen edýän gürrüňinde kem-köstsüz taýýarlanan SCMN taslamasyny öwýänligi eşidildi, soňra bolsa sekiz ýüz kilometr alysdaky başga şäherde tötänden gabat gelşen, ozal bile okan iki ýoldaşynyň geçen günleri, dostlary Renuwýäni ýagşylykda ýatlap eden gürrüňlerini diňläp hoşal boldy. Renuwýe şondan soňky günlerde duýdansyz ýerden uçran ukybyndan peýdalanyp hezil edindi. Ilki bilen, tanyş-bilişleriniň özi baradaky gürrüňlerine diň salyp, olary seçip-saýlady. Depderçe edinip, onuň sahypasyny ikä böldi-de, çep tarapyna özi barada gowy gürrüň edýänleri, sagyna bolsa beýlekileri ýazdy. Käbir çaklamalary dogry çykdy, käbirleri tersine boldy, garaşmadyk ýakymsyz ýagdaýlaram duş geldi. Depderiň sag bölegi çepdäkä garanyňda has çalt köpelýärdi, Renuwýe duçar bolan derdi zerarly, nähili bolsada, adamzat tebigatynda täze zatlara gözüni açandygy barada hesret çekip oýlandy. Indi ol töwerekdäkileriň gürrüňini eşidibilensoň, olaryň islegini öňünden aňyp, öýke-kineleriniň öňüni almagy başarýardy. Ynha, ýegeniniň özüni asla ýatlamaýanlygyndan, hiç hili hat-habar ýazmaýanlygyndan zeýrenen daýzasyna uzyndan uzyn hat iberip, köp wagtlap özünden habar bolmany üçin ötünç sorady, hemem indiden beýläk yzygiderli habarlaşyp durmaga söz berdi. Öz öýüne myhman çagyrandan olaryňka köp gelýän dostlary üçin saçagyny giňden ýazyp, bol hezzet etdi. Goý, olar onuň sahylygyna müňkür bolanyna utansyn. Tötänden göwnüne degenlerine bolsa gül dessesini hem hat ugradyp, eden işine ökünýändigini ýazdy, olardan ötünç sorady. Hemmeler onuň duýgurlygyna haýran galyp, ony öte synçy hem sypaýydan gelen edepli adam saýdylar. Renuwýäniň ulumsylygy barada gürrüň eden birine bolsa, gynançly äheňde: «Maňa gedem diýýäniňi bilýän, ýöne haýsy hereketim bilen beýle ady gazananyma düşünemok. Bilseň, men oňa gaty gynandym, indem beýle däldigini subut edesim gelýär» diýip göni aýtdy. Ol adam aljyrap, dym gyzyl bolup oturyşyna, muny nireden bildikä diýip, kelle döwüp ugrady. Oturylyşyklarda gabatlaşan haýsydyr bir zenanynyň jorasyna özüne syny oturandygyny aýdanyny biläýdigi welin, Renuwýe ol aýalyň adyny hem telefonuny bilmäge çalşardy, ony ýatdan çykaryp bilmeýänine ant içip, ony duşuşmaga yrjak bolardy. Işdeşleriniň biri aýaly bilen eden gürrüňinde onuň gowy adamdygyny, emma düşünjesiniň pesräkdigini aýtdy: pylan operany diňlemändir, pylan romany okamandyr, pylan pelsepeçini welin, asla bilenogam diýdi. Soňky hepdede Renuwýe oňa agşam naharyny bile edinmegi teklip etdi, gürrüňdeşligiň arasynda bolsa öňki ady agzalan ýazyjynyň eserleriniň doly ýygyndysyny gaýtadan okandygyny hem-de onuň döredijiliginiň, heniz on alty ýaşda ýokarda ady agzalan pelsepeçiniň dünýägaraýşy barada iki jiltlik tankydy düzme ýazandan soňra okan wagtyndaka garanyňda has oňat täsir galdyrandygyny aýtdy. Aňk bolan kärdeşi, elbetde, soň o barada ýalňyş pikir edenligini aýalyna aýtmakdan çekinmedi. Renuwýe bolsa özüniň akyllydygy hem bilim-düşünjesiniň ýokarydygy hakdaky öwgini eşidip, monça boldy. Käwagt-a ol täze ukybynyň çäkliligine gynanardam: adamlar pikirini heniz aýdyp ýetişmänkä, olary okap biläýse nähili gowy bolardy. Ynsan balasynyň hemişe içki oý-hyýallaryny daşyna çykaryp durmaýşy ýaly, elmydama pikirlenişi ýaly-da gürläp durmaýar, diýmek, ses eşitmekligem kämillik däl eken. Renuwýe döwürdeşleriniň ýüreginiň jümmüşindäkileri däl-de, olaryň duýgularynyň ýüzleýjeleriniň özüne mälimligine düşünip, gaty gynanardy. Ol ýalany hakykatdan saýgarybilmen öýdüp gorkardy, eşideniniň ters çykaryndan çekinerdi. Gürrüňdeşligiň arasynda bolmasaň, adamlaryň degişýänini ýa çynyny aýdýanyny näbiljek? Kim bilýär, belki, onuň gybatyny edýän dosty gürrüňdeşine ýaranjak bolup oňa «hä» berýändir? Birden ol içinden başgaça pikir edýän bolsa, beýlekiler bir dogrusyny aýdýarmyka? Şu sowallar Renuwýäni aljyradyp, oňa şeýlebir jebir berýärdi welin, ol käte-käte tapynan ukybyna gargaýardam. Soňra weli köşeşip, ýagşy oýlanansoň, bu ukybynyň kömegi arkaly eýe bolan artykmaçlyklary bilen deňeşdireniňde, ýaňky pikirleriň boş zatdygy, onuň kämil dälliginden zeýrenmek — dünýä baýlygynyň ýarysy eliňdekä, baryny islän ýaly bir zat diýen netijä geldi. Bu üýtgeşik ukybynyň döredýän käbir kynçylyklaryna Renuwýe aňsat hötde geldi. Dogry, ilki-ilkiler ýarygije ýatan ýerinden ençeme kilometr alysda edilýän gürrüňler ony oýarýardy, ol gepleri edil goňşy otagdan gelýän ýaly aýdyň eşiderdi. Gelýän sesleriň, hakykatdan hem, hyýaly däl-de, gulak perdesine täsir edýänligine göz ýetirensoň, ol şem dykyny gulagyna salyp, ozalkysy ýaly rahat ýatyp ugrady. Käte birbada iki ýerde onuň gürrüňi edilýän wagtam bolardy. Olar bir-biri bilen garyşyp, düşüner ýaly bolmazdy. Şonda ol öz gybatyny adamlaryň birbada köplük bolup etmezligi üçin özara ylalaşyp bilmeýän dünýäsiniň kämil däldiginden närazy bolardy, ýöne şol bir wagtda özi bilen köp kişiniň gyzyklanýanyna begenerdi, eger ol tanymal kişi bolanlygynda, ol barada şeýle köp gürrüň edilerdi welin, durmuşy gulagyňy gapyp gelýän dowzaha dönerdi diýip, özözüne teselli bererdi. Belli lukmanyň bellän barlaglaryndan netije bolmady. Renuwýäniň özünde täsin ukyby açanyna bir ýyl geçdi, ine-de, bir gezek ol nätanyş gyzyň sesini eşitdi. Ol jorasy bilen gürleşýärdi. Gyz. Her gezek ony göremde ýüregim sanjyp gidýär. Oňa duşsam, özümi ýitirýän, ýüzüne bakyp bilemok. Jorasy (kinaýaly). Wiý, sen-ä özüňi aldyraýan ýaly-la. Gyz (aglap). Hiç wagt beýle howsala düşüp görmändim. Ony söýýän öýdýän. Jorasy. Şeýle ýaly! Gyz. Iň ýaman ýerem, duýgularymy oňa aýtmaga gaýratym çatmaz. Nätsemkäm? Jorasy (ony köşeşdirip). Onuň ýanyndakaň, dogrudan hem, ýüzüň gyzarýan bolsa, irde-giçde özem hemme zady aňar. Renuwýäniň bagtyna gürrüň şu ýerde kesildi, bolmasa onuň ýüregi şeýlebir çalt gürsüldeýärdi welin, ondan artyk çydabilmezdi. Dogry, onuň ady tutulmady, emma henize çenli ol özüne degişli bolmadyk gepleriň birinem eşitmändi. Diýmek, gyz diňe oňa aşyk. Ýöne ol kimkä? Ol aşa tolgundy, günüň galan bölegini özüne aşyk bolan näzenini agtaryp, tanaýan zenanlarynyň baryny aň eleginden geçirse-de, onuň kimligini seljerip bilmedi. Şo gije janyna jaý tapmady. Ertesi agşam nahary wagty ýene nätanyş zenanyň sesi geldi. Ol: «Ýok, bu gün ony görmedim, ýöne ol hiç kellämden çykanok. Bokurdagymdan zat ötenok, ünssüzligim üçin kötekledilerem» diýýärdi. Renuwýe duýdansyz gelen sese aljyrap, elindäki çarşagyny gaçyrdy. Bu pynhan söýgi, hamala, özi aşyk bolan ýaly, oňa ganat baglady. Emma o gyz kimkä? Onuň sesiniň owazy aňyna çuňňur ornaşdy. Ol şol gyzyň aýdan her sözüni ýatdan aýdyp biljekdi, ýöne ozalkysy ýaly, onuň kimdigini bilmeýärdi. Şondan iki sagat soň, Renuwýe ýatmazdan öň kitap okap otyrka, ýene magşugynyň sesi geldi, ol ýatmazdan ozal ýigide ýüzlenýärdi: «Gijäň rahat bolsun, ezizim. Tizara seni söýýänligimi aýtmaga gaýratym çatar diýip umyt edýän. Ýöne maňa aýtdyrman düşünseň, meniň üçin has ýeňil bolardy!» diýdi. Howsala düşen Renuwýe çalt urýan ýüregini köşeşdirjek bolup, ýüzüne sowuk suw çalmak üçin suwa düşülýän otaga girdi. Ol özüne şeýle näzik duýgy bilen garaýan näzeniniň kimligini hökman biläýmelidi. O gyzyň özüne ýaramazlygynyň mümkindigi baradaky pikir asla kellesine-de gelmedi: Renuwýe gyzyň mylaýym sesine aşyk boldy diýen ýalydy, ol gyzy ukusy tutmadyk wagty hyýalyna getirýän gyzlary ýaly, mährem ýüzli, perişdesypat göz öňüne getirýärdi. Şondan soňky günlerde Renuwýe hüşgärligi elden bermedi, özüne aşyk näzenine duşaryn diýen umyt bilen, ýolunda gabat gelýän zenanlara içgin garap ugrady. Ol magşugy bilen haçan, nähili ýagdaýda gabatlaşandygyny bilmänsoň, hiç ýerde hüşgärligi elden bermedi. Awtobusdaky aýallaryň baryny birlaý gözden geçirýärdi. Hatda petek barlaýany şoldur öýdüp, sesini eşitmek üçin, ondan awtobusyň gatnaw tertibinem sorady. Iş ýerinde öz ugrunda ölüp-öçüp barýan zenany tapmak üçin dürli bahana bilen iş otaglaryna ýekänýekän girip çykdy. Ol restorandaky hyzmat edýän zenanlaryň her birine gulak gabartdy, dükanlaryň satyjylaryndan bir zatlar soran boldy, öňde-soňda duş gelen aýallary bilen gysgajygam bolsa gürleşmäge çalyşdy — ýöne hiç hili peýda bolmady. Haýran galaýmalydy: haýsydyr bir zenan-a özüni ýitirip oňa aşyk bolýar, Renuwýe bolsa onuň kimdigini bilenok. Her gezek nobatdaky gürrüňleri eşidende, ýüregi beter gürsüldeýärdi. Eger ol şol gyz bolmasa keýpi gaçyp, gürrüňi diňlemesini bes ederdi. O gyz bolsa jorasyna pynhan duýgularyny ýygy-ýygydan jikme-jik beýan ederdi. Gyz. Men o diýip akylymdan azaşdym, şonsuz ýaşap bilemok. Jorasy. O hiç zat aňmadymy? Gyz (hasrat çekip). Gynansam-da, aňmady öýdýän. Şu gün oňa ýene-de duşdum, ýöne ol maňa barmyňam diýmedi. Hamala, men göze görünmeýän ýaly. Renuwýe gahar-gazapdan ýarylara gelip, geçen günüň wakalaryny birin-birin aň eleginden geçirdi, o gyza nirede duşanlygyny ýadyna saljak bolup kelle döwdi, onuň kimdiginem bilibilmän, ýitiren wagtyna gynandy. Her gün gulagyna gelip duran bu sesden ýaňa däli-telbä dönen, magşugy bilen birleşmäge haýsydyr bir syrly güýçleriň päsgel berýänligine ynanan Renuwýe akylyny ýitirip ugrady. Eger özi söýgülisini eşidip bilýän bolsa, çyny bilen jan etse, olam özüni eşider diýen pikir kellesine geldi. Şeýdip ol ýatýan jaýynda ýeke galanda, daň sähere çenli «özüniňem ony söýýänligini» yzygider tekrarlaýardy, baky eşreti wada edip, ertir duşuşyga çagyrýardy. Emma jogap ýokdy. «Ol, megerem, ýatan bolmaga çemeli, şonuň üçinem meni eşidýän däldir» diýip oýlanýardy. Ertesi bar zat täzeden gaýtalanýardy. Bir gezeg-ä ol ony ahyrsoňy tapandyrynam öýtdi: özünden ýigrimi ýaş töweregi kiçi bank hasapçylarynyň biri oňa birhili geň seretdi. Ol şobada gyzyň öňünde dyza çöküp, onuň aýagyny gujaklajak boldy. Gyz şeýlebir çirkin gygyrdy welin, şol gatdakylaryň bary ylgaşlap geldi. Renuwýe köpçüligiň öňünde ondan ötünç soramaly boldy. Utançdan ýaňa girere deşik tapman, bu hereketini az wagtlyk aňyň bulaşmasy hasaplady, öte ýadawlygy sebäpli iki aýlyk rugsat sorady. Şol gün agşam ol ýene gyzyň ahmyrly sesini eşitdi: «Ol meni bardyram öýdenok, onuň üçin men asla ýok ýaly. Neneň jebir çekýänimi göz öňüne-de getirip bilýän dälsiň!». Renuwýe bar zatdan beter gyzyň özüniň biparhlygyndan irip hem takdyryna kaýyl bolup, özüni ýatdan çykararyndan gorkýardy. Ol her gün agşam ýatmazdan öň gyzyň özüne gije rahatlygyny arzuwlaýan sesine tolguna-tolguna garaşýardy, birden o sesi eşitmerin öýdüp, çyny bilen gorkýardy, sebäbi bu onuň söýgüsiniň sowaşyp ugrandygyny aňlatjakdy. Bagtyna, bar zat garaşyşynyň tersine bolýardy: ol gün-günden söýgüsini has joşgunly beýan edýärdi. Renuwýe onuň söýgüsiniň ozalkysyndan-da güýçlenýänligini duýýardy. Söýgülisiniň bedibagtlygyna ýüregi awasa-da, gyzyň duýgusynyň üýtgemeýänligini welin anyk bilýärdi. Diýmek, entek umyt bar. Ol bu ýagdaýa kem-kemden öwrenişip gitdi, indi ony ozalkysy ýaly mübtela bolup gözlemeýärdi. Özüniň söýülýänligini bilmek hem oňa ýeterlik diýen ýalydy, öz ýanyndan boýun almasa-da, jübütleşip bilmeselerem, gaýybana söýginiň öz artykmaçlyklary barada oýlandy. Näzeniniň boşluga aýdýan söýgi sözlerini diňläp, Renuwýe gyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň ululygyndan göwnühoş boldy, gowy ýeri, gyz oňa ýük bolanok, zenanyň özi zerarly işdäsiniň kesilip, ukusyny ýitirenligi-de ony begendirýärdi. Gyz jorasyna bialaçlykdan ýaňa janyna kast etmäge-de taýynlygyny aýdandaha, ol, hatda birneme gompardam. Şeýle ýagdaý ýene ýarym ýyl dowam etdi. Ine, bir gün, ýarygije, Renuwýe tüpeň atylana meňzeş gürpüldä oýandy. Kellesine gelen ilkinji pikir gaz partlamasy boldy, ol öý ýumrulyp, otagy ot alandyr öýtdi, emma başujundaky çyrany ýakyp, kellesini galdyranda, hemme zadyň düzüwdigine göz ýetirdi. Hatda öýüň hem köçäň ümsümligem oňa üýtgeşik göründi. Diňe ertesi irden, gulagynda ýaňlanan sesiň gyzyň çekgesine atylan okuň sesidigine, onuň özüniň bolsa ölen bolmaga çemelidigine akyl ýetirdi. Renuwýäniň bolsa — ykbalyň keç oýnuna bak-a — şo ses zerarly gulagy gapyldy. Magşugy baky tümlüge siňip gitdi-de, Renuwýäniň ukybynam özi bilen alyp gitdi. Şondan soň oňa hiç haçan, hiç bir ses eşitmek miýesser etmedi. © Bernar KIRINI. Terjime eden: Orazmyrat TÄÇMÄMMEDOW. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |