Men serhetçi (oýlanma)
Men serhetçi. Watan üçin edilýän harby gullugyň iň mukaddes ýerinde – serhetde gulluk edýärin. Öz serhediniň asudalygyny maňa ynanany üçin men eziz Watana tüýs ýürekden minnetdar. Çünki men ynsan ömrüniň synaglardan doludygyna düşünýärin. Watan gullugyny hem şol synaglaryň biri hasap edýärin. Onda-da, şol abraýly borjy serhetde berjaý etmegiň niçiksi bagtdygyna diňe serhetçi düşünýändir.
Men serhetçi. Gijämi-gündizimi serhetde geçirýärin. Ine, men ýene serhet tabşyrygynda. Han-ha, Gündogaryň tamdyryndan ejemiň çöregi ýaly çogly Gün çykyp gelýär. Säheriň sergin sabasy bolsa, maňa dogduk obamyzdan salam getirýär. Heý, dünýäde şeýle arassa howada älem gowulyklary babatynda oýa batmak ýaly süýji zat barmyka?! Ýadymda, atam her säher irden oýarardy. Turmajak bolsagam, «Günüň iň lezzetli pursatyny duşuňyzdan geçirjek bolýaňyzmy?» diýip igenerdi. Atam häzir hem oýanan bolsa gerek. Jigilerimem oýarandyr. Megerem, edil şu wagt olaryň ählisi täze dogup gelýän Güne salam berýändirler. Bu biziň öýümizde adatdy. Şonuň üçinem her gün gyzaryp dogup gelýän Güne salam berenimde garry atamdyr eneme, kakam bilen ejeme salam berene dönýän. «Salam, Günüm!..»
Men serhetçi. Bir döwletden başga bir döwlete dostlukly salamlaryň gatnaýan ýerinde gulluk edýärin. Dünýäde iň gowy käri gözleýän adam üçin şundan gowy kär tapylmasa gerek.
Men serhetçi. Watan söýgüsi, ene toprak mukaddesligi hüwdi bilen ganyma hem aňyma guýlan ogul men. Ýöne Watanyň beýikligine harby gulluga gelip, has çuňňur göz ýetirdim. Çagalykda eljirän, ýetginjeklikde ýeljirän ruhumy we bedenimi Watan gullugy taplady, serhet taplady. Esger lybasyny egnime atan günümden bäri ýene bir zada göz ýetirdim: ene topragyň goragy iki ýyl bilen tamamlanmaýar eken. Jigerbentlerini ata-ene bolup goraýan toprak, olardan hem hemişe şol goragy, söýgini isleýän eken. Diýmek, biz mähriban topragy bütin ömrümize goramaly. Bütin ömrümize esger bolmaly. Esger bolmak üçin hökman harby lybasa geçmelimi näme? Ýok, esgerlik biziň hemişe ruhumyzda ýaşamaly...
Men serhetçi. Serhet galasyna gelen günümden bäri ýene bir zada – Watan diýmegiň ata-ene, öý-ojak diýmekdigine düşündim. Ata-enem meni ulaltdy, şu ýaşyma getirdi. Mähriban ojagymyz bolsa meniň şatlygymam, hasratymam bölüşen iň gowy dostumdyr. Diýmek, ine, meniň üçin edilen aladalaryň öwezini dolmaga, ene süýdüni, ata yhlasyny, ojak duzuny haklamaga pursat. Eger «Şolar senden razy bolýar» diýseler, bütin ömrümi serhetde geçirmäge razy men.
Men serhetçi. Oýlandygymça dünýäde serhediň kändigine göz ýetirýärin. Obadaş gyzyň kalbyna çekilen serhedi «böwsüp geçjek» bolan günlerimi ýatlap ýylgyrýaryn. «Kalp serhedini» böwüsmek aňsat däl eken. Göwnüniň serhediniň goragynda sak duran obadaşym meni ep-esli wagtlap sepillik bilen galdyrypdy. Soň bolsa... Soň biz ol serhedi iki bolup goradyk.
Men serhetçi. Berkarar döwletiň bagtyýar döwrüniň serhetçisi. Dilimde, gursagymda eziz Watan. Dilimde, gursagymda merdana halkym. Dilimde, gursagymda Gahryman Arkadagym. Şu beýikliklere gulluk edýänligim üçin, berkararlygyň, bagtyýarlygyň mizemezligine ogullyk borjumy goşýanlygym, şu beýikliklere sary uzaýan ýollaryň hut meniň ýanymdan – serhetden başlanýanlygy üçin... Men – serhetçi – bagtly ogul men!
Agageldi Italmazow.
Oýlanmalar