MUÑA DURMUŞ DIÝERLER...
Durmuş.
Ykbal.
Döwür.
Şeyle gözel sen!
Ykbalyna yaman diyen köpeldi
Ýykylan durmuşa "sen yaman" diyip
Sorap bolsa, sorañ döwrüñ gadryny
Sorañ yatanlardan kepenin geýip...
Kopeldi!
Şeylebir "ussat" kopeldi.
Bu döwür aydymdan manylar gaçdy
Şek yetirip Babagammar sazyna
It deý uwlap bilbil diydi özüne
Çyn bagşynyñ indi gadry peseldi.
Şahyrlyk gökde men bolsa yerde
El uzatsam elim kakan tapyldy
Tilki turşy diydi yetmän üzüme
Menem Şahyrlyga ymtylyan bende
Asla tilki deýin bolmak islämok
Ýetmesemem süýji diýjek sözüne.
Yazyp bu gun iki setir goşgyny
Şahyrlyga yetdim diyen köpeldi.
Iki günlük söygi,
Üç günlük dostluk
Üstün geldi indi dogan, çagadan
Ata-enelere hormat peseldi.
Köpeldi!
Şeylebir sypat kopeldi!
Özgäñ şöhratyndan gazaba münip
Ýasynda ýyrşaran bahyl köpeldi.
Pul üçin bir demde "Tebärek" çykyp
"Gündiz molla gije yolda" köpeldi.
"Işim bitdi"- diýip urdy şapbady
Lalam bolsa baýyñ ogly gepledi
Gözli, dilli hiç köprüden geçmedi
Kalby köri idip gecdi parahor.
Ýaranjañ it deýin guýrugyn bulap
Wezipäñ yzyndan ylgan köpeldi.
Gybatçylañ sany gün-günden artyp
Erkeklerem aýallardan ötürdi.
Göterilseñ
Ýok!
Ýok!
Göterilmekçi bolsañ
Aýagyndan çekdi tanyş, nätanyş.
Pukara bendäni çybynça görmän
Janyna howp salan ganhor tapyldy.
Eý meniñ owadan dünýäm!
Gözel durmuşym!
Ähli günä señ boýnuña ýüklendi
Günäliñ oduna günäsiz ýanyp
Çarhy pelek öz çarhyny aýlady...
■ SATLYK DÜNÝÄ
Dükanlar.
Bazarlar.
Üýtgeşik dünýä...
Durmuşyñ bazardan parhy nämede,
Bazarlar durmuşyñ sahnasymy ýa?!.
"Hany, gel, munam al, munam al!" diýip
Gözün-gaşyn kakyp, "Gel-de dur" diýip
Naskädisin tyrkyldadyp agzyna
Ellerin owkalap gelen-geçene
Ýalmawuzlyk bilen seredip duran
Açgöz satyjylar, ownuk täjirler...
Aljagyn arzandan arzan dileşip
Boýunganşyp duran müşderi ýygny...
Köp zatlar barada aýtmagam kyn zat
Durmuşda kän, akyl ýetmeýän geñ zat
Öñ müşgil işlerem bolupdur añsat
Bu zatlar satlyk!
Kimlere ýat boldy ata Watany,
Terk etdiler bir yassykda ýatany
Taşlap gitdi ogul ene-atany
Ýalan boldy bu gun söygüleñ bary
Pul görse baş egdi erkekleñ äri
Gyz terezä goýdy namysy-ary
Ar-namys satlyk!
Köpler çaga diýip nalyş etdiler
Käbiri ýetmedi, käsi ýetdiler
Çagany-da zir-zibile atdylar
Soñra başa çekip meýli bulgurlar
Ýaşaýyş hakynda akyl satdylar
Diýdiler baryna döwür günäkär
Döwürmi ýa adamzatmy sebäpkär
Bu zatlara tapyp bilmän jogapkär
Deger-degmez bahasyna satdylar
Biçäre döwrüñ özünem...
Pul gapypdyr Karunlaryñ gözüni,
Jerçileriñ galplyk tutmuş yüzüni
Satlyga çykarmyş ymam wagzyny
Din-iman satlyk!
Heýhat, pany dünýä şumy bazaryñ?!
Bir satmadyk zadyñ ynsan mazary.
Sen-ä müñ gowgany başdan geçiren
Ýa ömrüñ paýawlap aklyñ çaşdymy
Şumy kyýamatyñ?!
Şumy azaryñ?!
Az galypdyr saña berlen puryja
Ynan, müñ gepimden ýekejesine
Pursat a:rap seniñ goragsyz wagtyñ
Goýun ýaly güýlüp seniñ özüñem
Kap dagynyñ gerşin byçgylap duran
Näletsiñmiş äjit-mäjit ordaly
Şeriñ baýdagyny galdyryp göge
Günbatardan eşegini jyrtladyp
Ýaşaýşyñ soñuna sogan ekmäge
Geljek bolýan ýekegözli Deçjala
Satarlar!
22.07.2017 ý.
Ogulsuraý ALLABAÝEWA.
Goşgular