11:33 Muña durmuş diýerler: Ödenen ynam | |
2. ÖDENEN YNAM
Hekaýalar
Biziň obamyzda köp çagaly bir zenan ýaşaýardy. Ýanýoldaşy bir kärhanada ep-esli wagtdan bri biregne işläp, oňat hak alýan bolsada soňky ýyllarda öýüne aýlyk getiren adamlaryň hilinden däldi. Bar gazanjyny araga, çilime onda-mundaaky “Şagal mesligine” sowurýardy. Onuň bu ýaramaz durmuş endigi hamrak zenanyň gül ömrüni soldurýardy. Biçäre aýalynyň haly palas dokap gazanýan gazanjy hojalygy dolandyrardan ejiz gelýärdi. Ýagdaý şeýlle bolansoň, onuň bir topar çülpe çagasynyň hor homsy ýaşamagy geň däldi. Bir gezek öýüň hojaýyny Berdigylyç aga bilen duşanda, Kethuda ony ýanyna çagyryp: -Inim seni görjek bolup ýördüm. Gel, açyk gürleşeli! – diýipdir – ýaşyň kyrkdan bir eýýäm geçdi haram pişelerden, ýaramaz endiklerden saplanmagyň wagty geldi. Saç sakgalyňa çal giripdir. Özüňe rehim etmeseň, çagalaryňa haýpyň gelsin. Maşgalaň gün-güzerany bilen bolmasaň çagalaryň barha hor düşer, inim. Ýaulular saňa öňem bir iki gezek duýduran bolmaly. Indi gürrüň nagt: Bir aý möhletde tertip-düzgüne gelip, dogry ýola düşmeseň, ýaşulularyň kejine gaýdyp çagalaryňy indemäni ýörjek bolsaň , degişli edaralarda seniň işiň bilen gyzyklanarlar. Aýlygyňdan hossar hakyňy tutup galyp maşgalaňa bererler. Ýaşulynyň ýürekden syzdyryp eden nesihaty gaýtam özüne ýamanlyk ýa-da haýbat hökmünde kabul eden Amantagan: -Meniň maşgalam bilenem, çagalarym bilenem işiň bolmasyn, ýaşuly, arabaňy daşda tigirle! – diýip heňkirip goýberipdir. -Zährimardan içmedik bolanlygynda aslynda amantaganyň öz işiniň “Gözüne gül salýan sowatly we başarjaň hünärmendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Diňe bir öz işini birkemsiz ýerine ýetirmäni, beýlekilerede hemaýatynyň degýandigi üçin owanlar kärdeşleri hem başlyklary hem ony örän sylardylar. Emma indi arak zerarly geleňsizligi, tertipsizligi gitdigiçe artansoň, ýolbaşçylardan kän duýduryş alsada, Amantagan hünärmen hökmünde özüne gaty göwni ýetensoň hiç zada pitiwa etmeýärdi. Arak başynda öwüner oturardy. Kethuda bilen şol gürrüňden sähelçe gün geçensoň, Amantagan iş ýerine serhoş gelip, o hakda başyga maglumatnama beril;ýär. Ertesi gün ýygnakda başlyk ony ör turzup. -Amantagan, bi seniň aýbyňy ýapyp ýörmekden bizar bolduk. Ýaşlarymyzada ters görelde bolýarsyň. Bu hakda öňem kän duýdurdyk. Üç günden zähmet şertnamaň möhleti dolýar, onsoň sen boş - diýip, çöp döwlen ýaly edýär. Aslynda işini gowy görýän, ony ýitirmekden gorkýan Amantagan işden kowuljakdygyna indi magat göz ýetirip düzeljekdigini başlyga söz berýär. -Men saňa nädip ynanmaly diýip başlyk egnini gysýar: --ol sözi kän eşitdik. Şu oturan köpçüligiň arasynda saňa ynanyp, kepil geçjegi bar bolsa, men onuň towakgasyny kabul edeýin. Ýeri kim Amantagana kepil geçip göz görsele özüni aldawa saljak? “Gazana ýanaşsaň garasy ýokar” diýilýär-ä! Hiç kimden ses çykmaýar Özüne jinnik ýaly ynam galmandygyna il halkyň özünden bizardygyna düşünen Amantagan ýegşerlip, mejlis otagyndan çykyp gaýdýar. Şondan soň agyr puşmana galan Amantagan üçünji gün işden çykmak üçin zatlaryny ýygnaşdyryp durka, başlygyň çagyrýandgyny habar berýärler. Barsa, başlygyň ýanynda Berdigylyç aga oturan eken. -Amantagan! Berdigylyç aga meniň ýanyma seniň meseläň boýunça gelipdir - diýip, başlyk ýagdaýy mälim edýär – ol seniň gaýdyp işe serhoş gelmejekdigine, tertibi bozmajakdygyna kepil geçýär. Şu ýaşula ynanyp men saňa ýenede bir mümkinçilik berýärin. Bar işläwer! Ýöne ýaşulyny ýüňsakgal edäýmegin... -Amantagan tolgunmakdan ýaňa ýaşulyny tas gujaklan eken. Maňa gürrüň berşine görä Berdigylyç aga şol ýygnakda bolan gürrüň hakda onuň edarasynda işleýän garyndaşyndan eşidipdir. Ertir başlygyň ýanyna baryp, Amantagan ýene biraz sylag möhletini bermegi haýyş edipdir. -Oýlanyşykly hereket edilmese, maşgala dargar, çagalaryň halys howp astynda galar. Onuň çyndan puşman edilýändigine, pursat ýerilse, toba gelip düzeljekdigine meniňä göwnüm ynanyp dur. Erbet ýeriň çagasy däl, atasy pahyry gowy tanaýaryn. Täzeden ýola gelermikän-ä diýýarin, belki Alla gowusuny eder... “Häý, näbileýin-dä” diýen başlyk, bolsada Berdigylyç aganyň ýüzünden geçip bilmeýär. Berdigylyç aga şonda perişde ýaly ýetişäýipdir. Şondan soň ýanýoldaşymyň hüý- häsiýeti gowulyga tarap özgerdi diýip, onuň keýwanysy soň soňlar guwanç bilen gürrüň bererdi. Amantagan içgini goýmagy berk ýüregine düwdi. Gaty çyny bolansoň bejeriş geçirmegimizem gerek bolmady. Uly oglumyz Permanjan gullukdan gelende dabara guradyk. Şonda onuň seri sag tans edip ýörendigini görüp begenjmiň çägi bolmady. Indi maşgalamyzda agzybirlik höküm sürýär. Amanatagan bir wagtkysy ýaly maşgalasynyň üstünde kökenek uzagyndan bersin-dä... | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |