06:44 Müsüre satylan Ýusup hakynda | |
MÜSÜRE SATYLAN ÝUSUP HAKYNDA
Edebi makalalar
Gurhanyň taryhy halk döredijiligini öwrenmekde düýpsiz çeşme. Onuň aýatlarynyň, süreleriniň manysyna ýetip, çeşmelerini kesgitläp otursaň Töwratyň, Injiliň, umumun Gündogaryň taryhynyň jümmüşine aralaşmaly bolýar. Siz Jemşidiň jamy diýip eşidensiňiz. Magtymguly: "Isgender, Jemşit saldyran, Beýik binalar görüner - diýýär. Isgender-Aleksandr Makedonskiý, taryhy şahs. Jemşit-mifologik obraz. A.Meredowyň, S.Ahallynyň sözlügne seredýäris: “Jemşit-Tahmurasyň ogly. Firdöwsiniň “Şanama” eserinde duş gelýän gadymy pişdadlar dinastiýasynyň dördünji patyşasy (edebiýatda gysgaldylyp Jem şekilinde hem ulanylýar). Jemşit Eýran mifiniň gadymy, esasy obrazlarynyň biri. Ol adamlara demirden uruş ýaraglaryny, hat-da gämi ýasamagy öwredenmiş. Jemşit tagt ýasap, şoňa çykýar, şol güni “Nowruz” atlandyrýarlar we baýram edýärler. Jemşit 300 ýyl adalatly patyşalyk edýär, emma soňabaka ulumsylyk edip, özüni hudaý- -dünýäniň eýesi diýip bilýär... Mife görä, Jemşidiň bir ajaýyp jamy bolupdyr, şol jamyň içinde göýä dünýäniň hemme ýeri görünýämiş”. Eýran döwletini bina eden hem Jemşit diýýärler. Adamlara lybas geýmegi-de Jemşit öwredipdir. Ilkinji gezek gyzyl hem kümüş magdanyny tapyp alan, ilkinji gezek barmagyna gymmatbaha ýüzük dakynan hem Jemşitdir, şonuň üçinem barmagy ýüzüksiz häkimler baýdaksyz goşuna meňzeýändirler diýlip, Omar Haýýamyň meşhur “Nowruznamasynda” aýdylýar. Gurhanyň “Ýusup” süresinde, Ýusubyň jamy hakynda söz açylýar. Ýedi ýyl dowam eden açlyk-gahatçylykda Ýusubyň doganlary Müsüre galla sorap gelýärler. Ýusup Müsürde patyşanyň baş emeldary bolup ýurdy dolandyrýar. Ol jigisini ýanynda galdyrmak üçin onuň däne çuwalynda jamyny gizledýär. Ýusubyň jamy bolsa, ol ýönekeý bir jam bolmaly däldir diýen pikir döredýär, sebäbi Jemşidiň jamyndan mysal tutýarys. N.Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessanyna seredýäris. Ol: “Patyşanyň (Ýusubyň) bir jamy bar erdi. Oşol jam birle ölçäp galla berdi- ler. Ýükleri tamam tapgandan soň, jamny Ibni Eminiň ýükünde jaý kyldylar” diýýär. Altyndan ýasalan jam diňe galla ölçemek üçin-ä ulanylan däldir? Töwratdan Musanyň birinji kitabynyň kyrk dördünji babyna seredýärin. Weniamynyň haltasyndan jamy tapan emeldar: “Bu jam meniň hojaýynymyň içýän jam-a däldir? Ol bu jama garap, ähli zady bilip bilýär. Siz ýaman iş edipsiňiz” diýýär. Ä-hä, Ýusubyň jamy Jemşidiň jamyna golaýlaşyp barýar! Bularyň bir galtaşýan ýer-ä bolmalydyr? Meşhur alym Jeýms Frezeriň “Töwratdaky folklor” kitabynynyň on sekizinji baby “Iosifiň jamy” diýip atlandyrylýar. Awtor öňürti Ýusubyň doganlary bilen bolan wakany ýatlaýar, soňra ähli ünsüni jadyly jamyň häsiýetine, dünýä halklarynyň arasynda onuň gadymdan meşhurlygna jemleýär. Suwly jama garap bilgiçlik etmek gadymy greklere-de mälim ekeni. Emma ökde palçylar hökmünde parslar parhlanypdyr. Suwa garap pal atmak däbi Günbatara-da Eýrandan ýaýrapdyr diýip çaklanýandygyny Frezer nygtap geçýär. Diýmek, jadyly jama garap dünýäni görüp bilýän bilgiçleriň sakasynda Jemşit duran ekeni diýsek bolarmy? Belki, ol Ýusupdan gözbaş alyp gaýdýandyr? Bu sowala takyk jogap bermäge çakym ýok, sebäbi Jemşit mifologik obraz, onuň ýaşan döwrüni takyklamak kyn. Emma Ýakup pygamberiň ogly Ýusubyň nirede, haçan ýaşandygyny takyklamak başartdy diýse-de bolar. * * * Rowaýata görä, Muhammet pygamberden bir hekaýat aýdyp bermegini sorapdyrlar. Pygamber Gurhandan iň gyzykly taryhy beýan edipdir. Bu taryh Töwratdan gaýdýar. Oňa Ýusubyň taryhy diýýärler. Ýakubyň ogly Ýusup diňe görmegi bilen däl, paýhasynyň ýitiligi bilen hem tapawutlanýar. Paýhasy ony patyşanyň zyndanyndan çykarýar, Müsürde faraondan soň ikinji adam hökmünde häkimligiň basgançagyna göterýär. Patyşa düýş görýär: derýadan ýedi sany semiz sygyr çykyp, ýaýladaky ter oty ýalmap ugraýar. Soňra derýadan ýene ýedi sany sygyr çykýar, olar çakyr süňk hor ekeni. Hor sygyrlar semiz sygyrlary iýýär. Ýedi sany dok däne bugdaý hoşasy toprakdan göterilýär, soňra olaryň gapdalyndan çykan ýedi hoşanyň içi boş ekeni. Boş hoşalar dok däneli hoşalary ýalmap goýberýärler. Bu aýylganç düýşler nämäniň alamaty? Muny diňe Ýusup ýorup bilýär. Ýedi ýyl dokçulykdan soň ýedi ýyl açlyk, gahatçylyk dowam eder. Kim öňünden najatyny görse heläkçilikden aman sypar. Faraon döwletiň agyr ýüküni Ýusubyň gerdenine atýar. Ýusup ýegşerenok. Ýurtda boş ýer goýman däne ekdirýär, ambarlary doldurýar. Häkimlige, faraona onuň yhlasy zor çykýar. Halk ähli emlägini uru- lardaky galla çalyşýar, açlygyň başa salan belasyndan sypýar. Tutuş ýurduň emlägi patyşanyň eline geçýär, jemagat uçdantutma oňa el- garama bolup galýar. Ýusubyň ýurdy dolandyrşyndan, başarnygyn- dan görelde alaýmaly! Ol başarnygy ilki Müsüre gelende uly emel- daryň öýünde görkezipdi, ýöne hojaýynyň mes aýaly görmegeý gu- ly özüne ograş tutunjak bolup dert-azara galýar. Guluň özüne imrikmejegine gözi ýetende haýýarlyga baş urýar, egin başyny ýyrtyp, ärine nalyş bilen ýüzlenýär, seniň guluň meniň namysyma tokundy diýýär. Agyr töhmet Ýusuby zyndana eltýär. Zyndandan soň mes he- leý Ýusupdan el çekýär. Elbetde, bu taryhy N.Andalyp başgarak işläpdir. Züleýha töhmet edip, Ýusuby zyndana taşlatsa-da, ondan el çekenok, görmegeý guluň söýgüsini gazanýar. Andalyp agyr durmuş meselelerini gündogaryň dessançylyk däbine görä, juda ýeňil çözýär Meselem, ýedi ýyla çeken açlygyň soňky ýyllarynda halaýyga iýmäge hiç zat galmaýar, Ýusubyň owadan jemalyna syn eden batlaryna açlaryň garny doýýar. 1978-nji ýylda Moskwada rus dilinde gadymy müsür kyssasynyň bir tomlugy çykaryldy. Täsin edebi ýadygärlikleriň arasynda “Iki dogan” atly erteki aýratynam meniň ünsümi çekipdi. Iki doganyň ulusy öýlenen. Kiçisi ertirden agşama hojalygyň keşigi bilen gümra. Inisi agasyny, agasy inisini sylaýar. Olar meýdanda işläp ýörkäler, agasy inisine öýe gidip, eker ýaly tohum getirmegi buýurýar. Öýde gelnejesi özüne timar berip oturan ekeni. Ol birden ýüwürjisini gujaklap, ony zyna işe yrjak bolýar. Ýüwürjisi edenok. Gelnejesi agşamlyk saçyny ýaýyp, ýüzüni, eşiklerini ýyrtyp äriniň öňünden çykýar, doganyň meniň namysyma degjek boldy diýip, töhmete ýüz urýar. Äri ynanýar. Inisini öldürmäge häzirlenip durýar, emma onuň bet pyglyny aňan inisi öýden gaçýar. Dogan arasyna duşmançylyk düşýär. Bu ertekiniň dörän wagtyny gadymy müsür taryhynyň üçünji döwrüne ýagny, biziň eýýämimizden öňki XVI-IX asyr aralykdaky Täze patyşalyk döwrüne degişli diýýärler. Ýusubyň Müsüre düşüp, uly emeldar Potifaryň öýünde bolanyny, emeldaryň mes aýalynyň ony ograş tutunmaga çalyşanyny ýatlaň. Gadymy müsür ertekisi bilen meňzeşlik bardyr. Andalybyň Züleýhasynda-da söýmedigi zorluk bilen söýdürmek islegi başa barmadyk halatynda şerraýlyga ýüz urmak meýliniň bolandygyny bylýäris. Ýusup hakyndaky gyzykly taryh Müsürde dörän bolmasyn diýen sowal ýüze çykýar. Biz bu sowalyň jogabyny polýak alymy Zenon Kosidowskiniň “Bibleýskiýe skazaniýa” atly kitabyndan tapdyk. * * * Zenon Kosidowskiý Töwrada giren pygamberler bilen bagly rowaýatlaryň, hekaýalaryň taryhy köklerini gözlände esasan taryhçylaryň açyşlaryna, halk döredijiliginiň çeşmelerine salgylanýar. Alymlaryň uzak gözleglerinden soňky takyklamalara görä, Ýusubyň taryhy takmyn biziň eýýämimizden öňki 1730-1630-njy ýyllar aralygyna gabat gelýär. Şu senäniň öňüsyrasynda Müsüriň durmuşynda uly sarsgyn bolup geçýär. Daýhanlaryň, senetçileriň, gullaryň gozgala- ňy bolýar, ýurtda häkimlik gowşaýar, ykdysady ýagdaý pese düşýär. Kuwwatdan gaçan ýurduň üstüne bela inýär. Gündogardan çozup giren goşun ýyldyrym çaltlygynda hereket edip, Müsüri eýeleýär. Ýyndam atlar goşulan harby arabaly, demir donly, uzyn gylyçly nökerlere oňly garşylyk görkezenem bolmaýar. Basybalyjylara giksoslar diýýärler. Olar ýüz elli ýyl Müsürde agalyk sürdüler. Giksos sözüne dürli düşündirişler berýärler: “çölüň serdarlary”, “çölüň patyşalary”, has soňky düşündirişe görä, “keseki ýurt patyşalary” diýen manyny aňladýar. Olar semitlere degişli, gadymy ýewreý diliniň irki görnüşinde gepläpdirler. Biziň eýýamymyzdan öňki iki müňünji ýyllarda aziýaly taýpalaryň Mesopotamiýa aralaşmagy, ol ýerde ýaşap ýören semit halklarynyň Siriýa, Palestina, ondanam Müsüre tarap süýşmeklerine sebäp bolýar. Giksoslaram şolaryň bir bölegi. Alymlaryň netijesine görä, Ýakubyň ýetmiş adamdan ybarat neberesi bilen Müsüre baran wagty giksoslaryň ol ýerde agalyk eden döwrüne gabat gelýär. Şonuň üçin hem Ýakuby, onuň uly maşgalasyny gujak gerip garşylaýarlar. Görnükli ýewreý taryhçysy Iosif Flawiý giksoslary özüniň ata-babalary hasaplaýar. Gadymy Müsür ýazgylarynda Müsürde mekan tutunan kenganly (hanaan) çarwalar hakynda ýatlanyp geçilýär. Ýakubyň kenganlydygyny, çarwadardygyny biz bilýäris. Töwradyň birinji kitabynyň kyrk altynjy babynda müsürlileriň ýewreýlere garaýyşlary hakynda: “..islendik dowar çopan müsürliniň gözüne ýigrenji görünýär” diýlip ýazylan. Beýle ýakymsyz gatnaşygy bilip durka, giksoslardan bolan faraonyň ýerli halka ynanmajagy, diňe öz ildeşlerine gol ýapjagy belli zat. Bu syýasat zerarly gelmişek Ýusup hudaý saýylýan faraondan soň ikinji adamyň derejesine göterlip biliner. Ýusup faraonyň razylygy bilen kakasy Ýakubyň maşgalasyny Nil derýasynyň aýak ujunda, mes toprakly Gesemde ýerleşdirýär. Häli- şindi olaryň ýanyna görme-görşe baryp durýar. Şu ýagdaýa üns berip, paýtagtyň olardan uzak bolmandygyny aýtsa bolar. Müsürlileriň ýüreginde giksoslara bolan ýigrenjiň çägi bolmandyr. Soňra olar bilen bagly ýadygärlikler, taryhy ýazgylar ýok edilipdir. Müsüriň taryhynda ýüz elli ýylyň boşlugy emele gelipdir. Giksoslaryň agalygynyň soňuna çykylýar. Müsür faraonlary göçüp baran ýewreýleriň garşysyna gazaply syýasat ýöredýärler. Ýewreýleriň başyna düşen kemsitmeler hakynda-da Töwratda-da jikme-jik ýazylýar. Agyr hala düşen halkyny gulçulykdan alyp çykmak Musa (Moiseý) pygamberiň paýyna düşdi. Görüň, Gurhanda beýan edilýän her bir taryhyň düýbünde nähili wakalar ýatan ekeni. Eger olary aňly-başly öwrensek, öz halkymyzyň geçmişi bilen bagly täsin sahypalaryň, faktlaryň üstüni açardyk. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |