08:05 Namyrat / hekaýa | |
NAMYRAT
Hekaýalar
Hekaýa Gyşdy. Çille döwrüdi. Daşarda şatlama aýaz hojaýynlyk satýardy. Bulutlar sähra guşlaryny, süri-süri gargalary goýnunda gizläp biljek derejede ýere juda golaý gelipdiler. Ýüzüni garaňka tutup, gyýalap, tozgalap, uşaklap, gyşyň ilkinji ak gary ýagyp başlapdy. Aňzakda gulagy-burny çym-gyzyl bolan Nedir iki elini owkalap, hababaýlap işden geldi. Daş işikde durup, aýagyny tarpyldatdy, köwşüniň, üst-başynyň garyny kakyşdyrdy. Howlukmaç içeri girip: – Öwhe-eý, gyş-a gazabyna tutup ugrandyr, Bagtym! – diýdi. Haşlap, kesege dönen ellerini demi bilen ýylatjak boldy. – Üşäpsiň. Artyp, birden sowaýdy-la, gyz! Öten tomusdan bäri Nedir bilen bir düşekden bile örýän Bagty gelin kynlyk bilen ör turup, pejiň ýanyndan ärine ýer berdi. Ol toýlydy, aýagy agralyp başlapdy, ilkinji perzendini dünýä getirmek üçin gün-günden gabarýardy. Nedir daşky eşiklerini çykaryp, asawaçdan ildirdi. – Geçen ýyllaram şular ýaly sowuk bolýamydy? – Adam pahyryň janyna ýaranma barmy nä? Gyşa sowuk diýýä, tomsa yssy diýýä, tenekar diýýän-ä ýok – diýip, Bagty gelin çäýnek bilen käsäni äriniň öňünde goýdy. Nedir pejiň alkymyna dykylyp oturyşyna: – Bagtym, tenekar näm-aý? Kän gaýtalaýaň şu sözi – diýip, düýbünden başga zadyň gürrüňini etdi. Bagty gelin garaşylmadyk sowala jogap tapyp bilmän, bir pursat oýurgandy. Ol tenekaryň nämedigini anyk bilmeýärdi. Onsoň sowaly jogapsyz galdyrmazlyk üçin: – Tenekarmy? Janyňa ýaramly zat-da. Gowy zat. Tenekar diýilýä-dä şoňa – diýip, çaklap urdy. – Ejem pahyrdan geçipdir. Şo kän gaýtalardy. Süňňüne biraz ýyly ornansoň, Nedir dyzyna galyp, äpişgeden daşaryny synlady. – Bah, gaty uşaklaýar-ow biý-ä. Ertire çenli ýagaýsa gerek. Ýaganam doňar. Ertir iş bir bolarmyka? – Ertir nan bişirmeli. Nan gutaryp barýar. Artyp, odunam çyg çekendir... Onsoň ikisem az salymlyk dymyp, ünjä gitdiler. Hersi bir zadyň pikirini etdi. – Naharymdan habar tutaýyn men. Süňk asdym bu gün – diýip, birazdan Bagty gelin turup gitdi. Derrew dolanyp geldi-de, oturyp uly jama gatap ugran çörek dograp başlady. – Nahar-a taýyn bolýar häzir... Neme, bir zad-a aýdaýyn diýip durdym, gyz. Artyp, eýýäm şu ikarada Şeýtan kakyp aldy-da dilimden. “Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de diýen ýaly, Şeýtanam bir gara ýakyn bedibagt. Näme bolsa şoň boýnuna ýüklenäýýär” diýip, Nedir oýlandy. Daşyndan başga zat diýdi: – Şeýtana gerek bolsa, bize zerurlygy ýok. Jähenneme gitsin! Hany, ýassyk okla maňa. Pej-ä meýmiredip ugrady. Bagty gelin ýassyk oklady. Unudan zady güpbe ýadyna düşüp, gyssanmaç gürledi: – Wiý, wiý, ana ýadyma düşdi. Häli ho-ol Akym diýilýän adam geldi. Öňräk türmeden boşap gelen Akym bar-a... – Hä-ä, Akym kel. Kelte kel. Geler ol... Gelmeli-dä. – Nämüçin gelmeli ol? – Geler ýaly etdim-dä. – Hm, karz pul sorandyr. Senem ýüzünden geçip bilmän ýüzlekligiňi edensiň. Şeýlemi? Bildimmi? Nediriň gaşy çytyldy. Ýüzüne solgun reňk çaýyldy. Ol ýasama ýylgyryş bilen: – Bagtym, ýüregiň ýaman gara seň – diýdi. – Derrew müňkür gidýäň. Akym kele karz bererlik puluň ýokdugyny bilýäň-ä sen. – Onda nädip geler ýaly etdiň? – Birki günlükde gabat gelip zeýrendi ol. Menem, näme, özüň bilýäň, ýürek ýuka, nebsim agyryp, seni öýerjek diýdim. Edarada başy boş ýaş gelin bar, şony alyp berjek diýdim. Üsti gyzyl el, kileň heleýi ölenler ýa heleýi bilen aýrylyşanlar yzyny üzmän ideşip ýörler. Heleýini kowup, aljak bolýanam bar. Ýöne o gelniň özi göwnänok diýdim. Telpegi agana özüni rowa görenok. Öýlenmedik boý ýigit bolsa barjak diýýä. Ine, sen tüýs şoň diýýäni, ýöne göwnärsiň öýdemok diýdim. Bagty gelin agzyny açyp, ilkinji gezek görýän ýaly, ärine aňalyp seretdi. – Gyýw, masgara, heleýleň etmeli işlerine-de garyşyp ugradyňmy indi? – Ýa-heý, Bagtym, seňem tüýs köprüden idip geçiräýmeli türk janyň bar-ow. Güpür-tapyr ynanýaň oturyberýäň. Bagty gelin çalarak ýylgyryp: – Ýa aldadyňmy ony? Ynandymy onsoň? – diýdi. – Ilki ynanmajak boldy. Ýöne ynandyrdym men. – Işini tükeden diýerler saňa... Oň ýanynda-da Nedir şa bilen atdaşdyryn diýip gomaldyňmy onsoň? Nedir oýa çümdi. Kellesini silkeledi. – Be-eý, bilmedim-dä, ýadyma düşenok... Diýsem, diýendirin. Kim bilýä? Diýenem bolsam, ýalan däl. – Indi näme jogap berjek oňa? Nedir ýene oýa batdy. Birazdan çykalga tapdy. – Jogap berip-bermän, näme... Seni pukara görýä, ene-atasy göwnänok diýäýmeli. Ýa-da gijä galdyň. Sen gozganýançaň, ana biri eýýäm aparypdyr ony diýsemem bolup dur. Bagty gelin bir eli bilen ýakasyny, beýleki eli bilen agzyny tutup: – Gyýw, o görgüsiýamany beýdip oýnap ýörşüňe bir zadyň üstünden baraýma. Birden edaraňa baryp, sorap-idese nätjek? Onsoň o gelin halar öýdýärmiň? – diýdi. – He-eý, Bagtym, seňem şol tüntligiň-ow... A-how, oňňaly gelin ýog-a edarada. Asla uzyn etekliden hiç kim ýok. Men ony ýöne asmandan alyp, diýip goýberdim. Äý, Kel hanyň biraz göwni göterilsin diýdim-dä. Azajygam bolsa, birki günlügem bolsa, özüni dul gelniň ýyly gujagynda ýaly duýsun diýdim. Ýa oňarmandyrynmy? Bagty gelin bir agyz: – Oňarmansyň! – diýdi. Dograp oturan çöregini taşlap, bir meýdan gözüni süzüp oturdy. – Şu sowukda kellesi ýalaňaç, saçam syrylgy, egninde-de köne gök penjek, pahyr digdenekläp... Sen beýdip oň üstünden gülüp ýörme. Oýnalýanyny bilip, gaharyna seni bir zat edäýmesin. Öňem adam öldürip, türmä gitdi dämi? Men-ä gorkýanam... – Adam öldürip, ol ganhor däl-ä. Sähet agalaň köne haýatyny ýykanda düýbünde bir çaga oýnap otyr ekeni, o-da görmändir. Iş wagty tötänden bolan zat ol. Bagty gelin pikirlenmän-zat etmän: – Eger göwnese, Akyma laýyk biri bar. Äri ölen... – diýdi. Nediriň gözleri uçganaklady. Höwesli dillendi. – Kim ol? – Gelnejemleň atasy öýi tarapda. Ýöne biraz ýaşy giden-dä. Akymdan ulumyka diýýän. Iki sany çagasam bar. Göwnärmikä? – Göwnär. Gitjek ýeri ýok göwnemän. Bu ýetimligi, bu pukaralygy bilen pylança ýyl türmede oturyp gelensoň, kaýyl bolman nirä gitsin. Endamynyň ýylysy gitmedik uzyn etekli bolsa, Akym gözüne sürme etmeýämi?! – Görgüliň jaýam bir meňki bolsun diýer ýaly däl. O ýykylmyş tünekde düşek-beýlekem bardyr öýdemok – diýip, Bagty gelin halys ýürekden gyýyldy. Akymyň ýeke otagly garyp tünegi göz öňüne gelip, Nedir şo bada pikirini üýtgetdi, ýaýdanmaç gürrüň etdi: – Ä-äý, Bagtym, gowusy goşulma. Özüňe hossa bolar. Erteki gün diliňi gysga etmesin! Öý şekilli öýi bolsa käşgä. Bagty gelin zenan dözmezligi bilen Akymyň şum täleýine, waý halyna çyndan gyýyldy, ýüreginiň bir ýerlerinde ejir çekdi. Nediriň wada eden başy boş gelni, ähtimal, şu pille Akymyň bagtyna öwrülendir. Aýagy ýere degýän däldir. Uçandyr. Ganat kakyp, güw gidendir. Ýedi gat asmana çykyp, pel-pelleýändir. Ganat ýaýyp, gaýýandyr. Bir çümmük bagt! O-da waglaýyn. Ojagaz bagtynyň ogurlanjagy ikuçsyz. Ynha, Nedir sypaýy sözler bilen ol gelniň nesibesiniň başga ojaga çekenini aýdar welin, Akym neresse şo bada ganat-perden aýrylar, ýokardan kelemenläp gaýdar-da, patlap ýere gaçar. Mahaly bilen özüne gelmez. Ýene öňküsi ýaly sust gezer. Akymyň bagtyny uzaldyp boljak gümany ýok. Çöregini dograp bolup, Bagty gelin başyny galdyrdy. – Bilse, Akym entek howlukmaly däl. Sen oňa neme diý... – Bagtym, bar guýaý-how indi naharyňy. Gyzyl aç men. Akymam gününi görer. Bagty gelin jamyny göterip, aşhana gitdi. Nahar getirdi-de, özem äriniň çat maňlaýynda oturdy. Edil şol wagt daşarda it üýrdi. “Jy-ýy-yk” edip, daşky gapy açyldy. Eýwana otuz çemesi ýaşlaryndaky bir erkek kişi gelip girdi. Ol başgapsyzdy. Täzelikde syrylan kellesi ýaňy garalyp ugrapdyr. Egninde sary giden köne, gögümtil reňkli penjegi bardy. Gysga boýly bu kişiniň ýüzi garaýagyz bolup, özi çenden arrykdy, küýküräkdi. Çekinjeňligi, ebeteýsizligi kesesinden mälim bolup durdy. Gözleri öçügsidi, nursuzdy, olarda düşnüksiz gam bilen mysapyrlyk bardy. Ýüzi agyr, aladaly, tutukdy. Onuň serini agyr-agyr oý-pikirleriň basandygy şübhesiz. Adatça şeýle adamlar içgussa bolýar. Zoraýakdan ýylgyrýar. Dymmalyk olaryň keseline öwrülýär. Ir ýadaýar. Onsoň şular ýaly göwresi sykyma gelen argyn adamlary gören wagtyň: “Beh, munuň ýürek diýilýän zadynda gaýgy-hesretden ýaňa arzuwa, umyda ýer bir galdymyka?” diýýärsiň, ýylgyryşy ajy bolansoň, gülküsiniň çyndygyna güman edýärsiň... ...Ol eýwanda, gapydan giräýen ýeriňde bir sekunt diňşirgenip duransoň, ysgynsyz, gyryljak ses bilen: – Nedir! Öýdemiň? – diýip gygyrdy. Jogaba-da garaşman, köwşüni çykaryp, Nedir bilen Bagty gelniň oturan otagyna ýöneldi. Indi gapyny açyp, otaga giräýmelisi galypdy. Şol wagt içeriden: – Bir gaýynenesi söýen-ä geldi. Ýagşy ýigit aş üstüne diýen ýaly... Kimkä?.. Geliber, how, kimem bolsaň – diýen ses eşidildi. Bu Nediriň sesidi. Ol gapynyň tutawajyna ýetip barýan elini çekip aldy. Hyrra yzyna döndi. Ýasawyna gelişmeýän çalasynlyk bilen köwşüni aýagyna gowaldaň ildirip, wawwasy bar ýaly daşky gapyny açdy, wawwasy bar ýaly edibem daşyndan ýapdy. Gapy açylanda-da, ýapylanda-da barybir öňki edýän jygyldawuk sesini gaýtalady. Otaga wagty bilen hiç kim girmänsoň, Nedir: – Bagtym, ikigat bolsaňam, men ýaly ýadaw dälsiň sen, bar gör, kim geldikä? – diýdi. Başgapsyz, köne, gök penjekli kişi it üýrüzip, köçä garşy ýöredi. Daşarda bolsa, bu kişiniň aýak yzlaryny tizräk ýitirmek üçin gyşyň ilkinji ak gary gyýalap, bol ýagýardy. Syraýardy, tozgalaýardy. Şeýlelikde, ýegşerilip barýan ol kişini hiç kim görmedi. Fewral, 2013. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |