22:05 Nika ýüzügi. Düwün | |
"Kökler"
Edebi makalalar
NIKA ÝÜZÜGI. DÜWÜN Türkmenler ýigit bilen gelniň barmagyna nika ýüzügini geýdirmek däbini, megerem, ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda kabul etdiler. Bu däbiň aňyrsynda nähili many bar? Iki juwanyň bilelikdäki durmuşynyň simwolyny aňlatmakda dünýäniň siwilizlenen ýurtlrynda barmaga ýüzük geýdirmek umumy däp boldy galaýdy. Simwoly döreden ynançdan türkmenler baryp-ha Oguz han döwründe-de habarly ekeniler diýsek, geň galynmagda ähtimaldyr. Meniň okan kitaplarymdaky pikirler geň galyp oturmaly däldigini aýdyň edýär. Öňünçä Ahmet Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary” diýen kitabyndan bir parça hödürlemekçi: “Gadymy Hytaý çeşmelerinde ýa- zylyşyna görä, Mode-Oguz han ertir turup, dogup gelýän Güne, agşam hem Aýa çokunypdyr. Ol öz söweş tutumlaryna ýyldyzlaryň ýerleşişine görä başlapdyr. Onuň asmandan gök şöhle bilen düşen aýalyndan bolan çagalaryna Kün, Aý, Ýyldyz diýip at dakylmagy hem şonuň üçin. Şol bir wagtyň özünde Oguz hanyň ogullarynyň atlary arkaly şu gadym döwürleriň adamlarynyň asman Günden, Aýdan hem ýyldyzlardan ybarat diýen ynançlary-da beýan edilipdir. Biz Ogyz hanyň “Ýer gözelliginden” bolan çagalaryna Kök, Tag, Teňiz diýip dakylandygyny belläpdik. Olaryň atlary edil eposda ýazylyşy ýaly almagymyzyň öz sebäbi bar. Köp barlagçylar Oguz hanyň dördünji ogly Kögi rus dilinde “asman” diýip terjime edýär. Ýöne onuň ady asman ýa-da gök reňk bilen bagly däl. Ol “ot” diýmegi aňladýar. Iň gadymy ata-babalarymyz ody şu sözüň üsti bilen beripdir. Häzirki dilimizde ol “gök ýalyn” aňlatmasynda saklanyp galypdyr. Dilde işjeň ulanylýan “köýmek” işligi hem, “köz” sözi-de şol gadymy “kök” sözi bilen bagly. Biziň gadymy ejdatlarymyz “tag”, häzirki aýdylyşy boýunça “dag” sözi arkaly topragy hem aňladypdyrlar. Şeýlelikde, biziň pikirimizçe, Oguz hanyň “Ýer gözelliginden” bolan çagalarynyň ady arkaly Ýer “otdan”, “toprakdan”, “suwdan” ybarat diýlen düşünje berlipdir. Gadymy döwür adamlary Ýer, ine şu üç sany ele- mentden ybarat bolmaly diýen düşünjä uýupdyrlar. Eýsem Oguz ha- nyň Asman hem Ýer bilen bagly çagalarynyň bir maşgala birikdirilmegi näme üçin? Gadymy mifologik düşünjä görä, Asman bilen Ýeriň söýgüsinden, nikasyndan dünýäde ýaşaýyş emele gelipdir. Oguz hanyň çagalarynyň hem-de olaryň atlarynyň Asman hem Ýer bilen baglanşygy şu ynançdan gelip çykýar”. Alymyň “gadymy mifologik düşünjä görä” diýen sözleriniň anygyna ýetmekden ötri, A. Golanyň “Mif we simwol” diýen kitabyna salgylanalyň. Ol gadymy müsürde, şumerlerde halkanyň asbstrakt kult simwolyny aňladandygyny aýtmak bilen, onuň Güne degişli edilip görkezilmegini esassyz hasap edýär. Günüň halka görnüşinde şekillendirilmeginde düşnüksizlik bar diýýär. Halkany Asmanyň simwoly hökmünde görmek has ygtybarly, aňyrdan gelýän ynanja has laýyk boljak. Munuň şeýledigini Hindistanda asmanyň aýlanyşyny aňlatmak üçin barmaga geýdirilen halkany aýlamak ritualynynyň bolandygyny hem görkezýär. Asman jisimleriniň Demirgazyk (polýar) ýyldyzynyň töwereginde aýlanýandygy gadymy adamlaryň ünsünden sypyp biljek däldi, sebäbi olar asmany hudaýlaryň mesgeni hem hudaýlaryň gudratynyň baş simwoly hökmünde görýärdiler. Halkanyň barmaga geýdirilmegi-de tötänlik däl. Barmak fallanyň (ujydyň) aňlatmasy. Fallany Aýal hudaýyň äriniň atributy hökmünde görkezmek gadymy kult düşünjelerine häsiýetli alamat bolupdyr. Şu ynanç zerarly-da nikada barmaga halka geýdirmek däbi ýüze çykypdyr. Asmanyň Beýik Aýal hudaýyň erkine baglydygyny, onuň nyşany hökmünde tegelegiň alnandygyny biz eýýäm telim gezek nygtap geçdik. Diýmek, ýüzügiň halkasy Aýal hudaýyň belgisi, simwoly. Ýüzügiň barmaga geýdirilmegi olaryň birleşmegini aňladýar. Ýokarda “Asman bilen Ýeriň söýgüsinden, nikasyndan dünýäde ýaşaýyş emele gelipdir” diýip, bu mifiň Oguz hanyň nesil daragtyna çatylmagynyň asyl köki şundan ybarat. Gündogarda nika bilen bagly göçme manyny aňladýan täsin metaforalara duş gelse bolýar. Şolaryň biri-de şäherleriň basyp alynmagyna ýöňkelenen manydyr. Gadymda şähere aýallyk manyny bermek ýörgünli bolupdyr. Babulonda ony ahlaksyz, ýoldan çykan aýala deňäpdirler. Şäheriň basyp alnyp, weýran edilmegini iki mana ýazdyrypdyrlar. Weýran bolany bilen onuň aýallyk durky, häsiýeti ýok bolmaýar, ol diňe ärini çalyşýar. Öňki äri öldürildi, şäheri basyp alan täze patyşany onuň täze äri diýip simwolik taýdan ykrar edipdirler, ýagny öňki patyşany öldürip, onuň aýalyna öýlenmek manyda. *** Nika bilen bagly türkmenlerdäki garaýyşlar, dessurlar tarp ýerden dörändir öýdäýmäň, onuň internasional baglanyşygy giňdir. Şu hakda özara pikir alşyp otyrkak Angliýada gelen alym ildeşimiz Ýu- sup Azmun “Nikanyň” arap sözi bolup, türkçe tüwün (düwün) manysynyň bardygyny, “Gorkut atada” “düwün dernek” (düwünleriň üýşmegi) görnüşinde berlendigini, türklerde nika toýuna “düwün toýy” diýilýändigini, many taýdan iki adamyň birleşmegini aňladýandygyny aýtdy. Türkmenler muňa iki adamy çatmak, çatynja diýýärler. “Çytmak” sözüniň-de asly çatmakdan. “Gaşlaryny çytdy” diýilýär, ýagny, “gaşlaryny birleşdirdi” diýen manyda. Arazbaý Öräýew “Adat” diýen kitabynda şeýle ýazýar: “Gelin gaýyn öýüne getirlen güni giçlik öýlenişýän ýaşlara nika gyýylypdyr. Nikany adatça gün ýaşandan soň bir sagat töweregi wagt geçirip gyýypdyrlar. Çünki yryma görä, ikindinara jynlaryň örüp, hereketi güýjeýän wagty diýip hasaplanypdyr... Kazynyň ýanynda nika güwä- lik etjek pyýadakazylar hem taýýar bolup durupdyr. Kazy nika gyýmaga girişipdir. Şu pursatdan başlap, eli gaýçyly aýallar gaýçyny şyrkyldadyp, howany gyýyp ugrapdyrlar. Beýle edilmeginiň sebäbi-de, “öýde şeýtan bar bolup, ol ýaşlaryň arasyna göze görünmeýän düwün salmasyn, salsa-da şol düwüni gaýçylar kesip aýyrsyn” diýip yrym edipdirler”. Bu ýerde-de düwünli mesele ýüze çykdy. Bu ynanjyň ýaýrawy- na göz ýetirjek bolsak “Altyn şaha” kitabyna ýüzlenmegimiz gerek. Mekgä haja baranlaryň yhrama dolanýandyklaryndan habarlysyňyz. Esasy şertleriň biri, üst-başyňda ýekeje-de düwün bolmaly däl, ne ýüzük, ne halka- bary gadagan. Düwün meselesini alsak, dünýäde ýaşaýan halklaryň aglabasynda pajygaly pursatda, aýratynam çaga doglanda, nika gyýlanda, merhum jaýlananda düwünden ägä bol- maly diýen ynanç dowam edip gelýär. Saksonlar çaga ýeňil dogsun diýip, enäniň geýmindäki düwünleri çözýärler, gapylardaky, sandyklardaky gulplary açyp goýýarlar. Käbir halatda dogjak çaganyň kakasyna-da düwün düwmek, hat-da aýalynyň burgusy tutup başlandan aýbogdaşyny gurup oturmagam bolanok. Düwün dogmaly çagany ýatga daňyp goýýar diýip düşünipdirler. Çaga dogurmak bilen bagly ýokarky yrymlaryň türkmenlere-de degişlidigini etnograf A.Söýünowa halkyň arasyndan ýygnan materi- allaryna salgylanyp aýdýar. Göwreli aýalyň burgusy başlanmazdan öňünçä onuň geýmindäki bagjyklar çözülýär, saçynyň örümi çöşlenýär, gapylaryň, sandyklaryň gulpy ýazdyrylýar. On sekizinji asyra çenli Ýewropada-da nika gyýylýarka düwün düwmegi, ýa-da gulp gurmagy betbagtlygy döretmäge çagyryş hökmünde görüpdirler. Ýaman pişä baş urýanlaryň ölüm jezasyna hö- küm edilen wagtlary-da bolupdyr. Aziýada, Afrikada nika mahaly ýüp düwülse ýigit baglanýar, erkeklik borjuny berjaý etmegine şikes ýetýär diýen gorky henize bu güne çenli dowam edip gelýär. Biz muny türkmenleriň mysalynda-da tassyklap biljek “Pylanyny baglap dyrlar” diýip, nika gününiň ertesi basga galynyp ýörlenini, işan-mollalardan doga almaga gidilýänini çagakak özümizem görüpdik. J. Frezer Günbatar Afrikada duşmanyny näletlejek bolup, jadygöýüň edýän yrymyny mysal getirýär. Jadygöý otuň baldagyny düwüp, ters doganyň sözlerini gaýtalaýar: “Şu düwün bilen men pylanyny betbagtlyga baglap goýýan. Goý, ähli bela onuň başyndan insin! Goý, meýdana çykanda ony ýylan soksun! Awa gidende ýyrtyjynyň penjesine düşsün! Goý, derýada gark bolsun! Goý, gijeler basyrganyp çyksyn!”. Düwüne çüflenip, dem berlip, ters doga okama- gyň günä işdigi hakynda Gurhanda-da aýdylýar diýlip, “Altyn şaha” kitabynda ýazylýar. Araplar tarapyndan berlen düşündirişlerde bu gabahat iş bilen jadygöý aýallaryň meşgul bolýandygy aýdylypdyr. Şol ýerde bir melgun iudeýliniň Muhammet pygamberi jadylaýyşy beýan edilýär. Melgun ýüpe dokuz düwün salyp guýa zyňýar. Pygam ber näsaglaýar. Eger Jebraýyl perişde ýüpüň nirede ýatandygyny aýny wagtynda aýtmadyk bolsa, juda pajygaly ýagdaýyň döremegi-de ähtimal ekeni. Pygamberiň wepaly şägirdi Aly derrew guýudan ýü- pi çykarýar, Muhammet ýokardan kalbyna guýlan dogany okaýar. Doganyň her jümlesini aýdanda ýüpüň bir düwüni çözülipdir, gitdigiçe pygamber süňňünde ýeňillik duýupdyr. Düwüne başga hili garaýyş-da bolupdyr, muny gadymy rim ýazyjysy, alymy Plininiň maglumatlary subut edýär. Biz özümize has ýa kyn bolan fakta ýüzleneliň. Irland taryhçysy Jon Donowan on doku- zynjy asyrda türkmenleriň arasynda bolanda olaryň gyzzyrma keselinden saplanjak boluşlaryny synlaýar. Tebip doga okap oturyşyna düýe ýüňünden berk ýüp işýär, soňra onuň ýedi ýerinden düwün edýär, düwünleri çekmezinden öň hersine dem salýar. Syrkaw ýüpi goşaryna daňmaly. Tebip her gün bir düwüni çözýär, ýedisini-de çö- zenden soň ýüpi düýrläp ýapdan akýan suwa zyňýar, ýüp bilen näsaglanyň derdi-de akyp gitmeli. Belki, bu em Muhammet pygamber bilen bagly wakadan, gudratdan soň ýaýrandyr diýersiňiz? Pygamberden alty ýyz ýyl öň ýaşap öten rimli Plininiň döwründe-de düwüni ýazdyryp, näsagy dertden dyndaryp bolýar diýen ynanç ýewropalylaryň arasynda dowam edýär ekeni. Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |