10:47 Ogluma | |
OGLUMA
Goşgular
Bolsun saçagyňda halal çöregiň, Halallyk üçindir dünýä ineniň. Mydam alyp durmaz ýanyňy ataň, Mydam alyp durmaz ýanyňy eneň. Kalbyňa guý gynanmagy ýürekden, Gussa inse özgeleriň başyna. Beýle diýsem, juda lellim bolmagyn, Awy gatdyrmajak bolgun aşyňa. Nädeýin men ýaş başyňy agyrdyp, Onsuzam dumandan dolar seň seriň. Ulularyň dünýäsine howlukma, Ulularyň tiz ýetersiň, inerim?! • OBAMYZYŇ LUKMANY Obamyzyň eli ýeňil lukmany, Ilki bilen sorar: "Halyňyz niçik?" Ol öz obasynyň professory, Seri belent, mährem, ýüregi açyk. Keýplidir saglyk bolsa her öýde, Diýer ol: "Bar zadyň sakasy saglyk!" Gijäniň, gündiziň parhy ýok oňa, Gerek bolsa, goýmaz olara çäklik. Ýüzün garaldypdyr dagyň howasy, Aladalar agardypdyr saçlaryn. "Aý, bu zatlar hiç-e!" diýer ýylgyryp, Birdenkä-de bürüşdirer gaşlaryn. Mahal-mahal bardyr ýürek azary, (Özüň lukman, et bu derdiň bellisin). ...Bedeninde göterip ýör henizem, geçen urşuň "peşgeş beren" güllesin. • BAGTYM BILEN SÖHBET Gujagyma dolan çagyň, Gülüň ysy ýaýrap gitdi. Duýdurmadym, bir düwme ýaş, ýaňagymdan paýrap gitdi. Bagtymy basyp bagryma, Ysgadym kän ýaňagyňdan. Sensiň, sensiň penäkärim, Gora meni tupan-gaýdan, Gora gyşyň doňagyndan. Şamçyrag bol, Uzak ýola ugrasam, Göwne teselli bol, gussaly wagtym. Eger menden kyn günümde gaçmasaň, Bes maňa bagtym! Allaýar ÇÜRIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.12.1982 ý. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |