21:01 Ogluma ýazan hatlarym / 21-nji hat | |
21. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Sen gyzda zenan mylaýymlygyny hormatlamagy öwretmegimi haýyş edýärsiň, zenan mylaýymlygynyň nämedigini düşündirmegimi soraýarsyň. Munuň seni tolgundyrýandygyna men örän şat. Ýadyňda bolsun, aýal maşgala bolan garaýyş ahlaklylyk ölçegidir. «Bu gatnaşyk esasynda hem adamyň umumy medeniýetiniň ýeten derejesi barada pikir etse bolar». diýip, K.Marks ýazypdy. Aýal babatda özüni bihaýa alyp barýan adam hemme zat babatda bihaýadyr. Zenan näzikligi ynsan gözelliginiň iň beýik beýanydyr, şol gözellikde bolsa täze durmuş döreýär, ösýär, gülleýär. Ýaşaýşy öz göwresinde göterip, ony dünýä inderýän aýal adamzadyň geljegine ýokary ahlaklylyk gatnaşygyny bar zatdan çuň ornaşdyrýar. Aýaly hormatlamak durmuşy hormatlamakdyr. Ýürekdir göwräniň gözelliginiň utgaşmasy hökmünde hakyky zenan näzikligi zähmetkeş halkyň arasynda dörändir. Zähmetkeş halk zenan näzikligi diýen düşünjä gözellikden başga erkek adam tarapyndan hormatlanylmagyna we alada edilmegine moral hukuk hökmünde zenan ejizligini hem goşupdyr. Zenan gözelligi gitdigiçe ynsan gözelliginiň hökümdaryna öwrülip barýar. Eger aýal täze ömrüň emele gelmegindäki roluna düşünip, onuň gadyryny bilýän bolsa, ol gözel bolman bolmaz. Daşky owadanlygy, göze ilip durmasa-da, mylaýymlyklary bilen hut näziklikleri üçin maýyl edýän ençeme-ençeme gyzlar bar. Sen, ilki bilen, şu zenan gözelligini görmegi we oňa guwanmagy başar. Zenan näzikligi – munuň özi ahlak päkliginiň we asyllylygynyň belent ynsan mertebesiniň jemlenmesidir. Bu sypatlar onuň erkek kişä bolan ahlak-estetiki gatnaşyklary bilen baglanyşykly ähli zada asylly garamagynda ýüze çykýar. Bu gatnaşyklaryň pynhan tarapyny emele getirýän zatlary erkek kişiniň hormatlamazlygy belent ahlakly aýaly juda ynjydýar. Eneligiň peýda bolmagy bilen zenan näzikligi bütin güýji hem gözelligi bilen gülleýär. Erkek kişi näçe ahlakly bolsa, aýal maşgalanyň onuň bilen gatnaşygynda özüni ynamly duýýandygyny, öz zenan näzikligini maşgaladaky ahlak abraýyny güýçlendirmek üçin paýhasly ulanýandygyny bilip goý. Umuman, agzybir maşgalada ene ahlak ýolbaşçydyr we diýen etdirijidir, ata bolan erkek onuň diýenini näçe gowy etse, bu çagalary terbiýelemek üçin şonça gowudyr. Sen muny berk belläp goýgun. Zenan näzikligi aýalyň ruhy güýjüdir, diňe çagalary däl, eýsem, erkekler bolan bizi hem – adamsyny, ogluny hem terbiýeleýän güýçdür. Sen muny öz maşgalamyzyň mysalynda hem gowy görýänsiň we düşünýänsiň. Eger ejeňiz bolmadyk bolsa, çagalar bolan siz ýagşylyk bilen ýamanlyga beýle duýgur bolmazdyňyz, adamkärçilikli, eserdeň bolmazdyňyz. Tebigat bilen adamzat ösüşiniň taryhy prosesi erkeklere göre, aýallara has inçe, has nepis işleri ýükläpdir. Şonuň üçin biziň aýal maşgaladaky fiziki ejizligi halamagymyzda hiç hili geň zat ýokdur. Ýöne bu sypat diňe uly ruhy güýç bilen utgaşanynda položitel öwüşgine eýe bolýandyr. Bu utgaşmada bolsa zenan näzikliginiň ýakymy duýulýandyr. Erk-ygtyýarlylyk, yzygiderlilik, maşgalany dolandyrmakdaky, çagalarydyr adamsyny terbiýelemekdäki söz bilen işiniň birligi – bularyň bary maşgalanyň atly-abraýly bolmagynda enäniň roluny esasy rola öwürýär. Birentek erkek adamyň kalbynyň bir ýerinde feodalyň galyndylary gizlenip ýatyr, bu ýaşlarda-da bar, muňa garşy göreşmek gerek. Ýaş ýigit öýlenýär, aýlygy gowy, şeýle bolansoň, ol derrew aýalynyň işini taşlamagyny talap edýär. Beýtmek bilen, ol aýalyna ullakan ýagşylyk edendirin öýdýär. Aýaly kuhnýadaky maýdajyk, zehiniňi küteldýän işler, W.I.Leniniň sözleri bilen aýtsaň, aýaly gyrnaga öwürýän işler gurşap alýar. Ruhy belent, erk-ygtyýarly aýallar muňa ýol bermeýärler. Aýry-aýry aýallaryň lellimligi ruhy taýdan durnuksyzlygy olaryň ärleriniň intellektual öňdeligine meýletinlik bilen razy bolýandyklarynda ýüze çykýar: ärleri-hä bilimlerini artdyrýarlar, özleri bolsa olaryň hyzmatlaryny edýär. Bu diňe aýallar üçin däl, eýsem, erkekler üçin hem howpludyr. Geljekki aýalyň seniň rüstemligiňi duýup, ony goldamagyndan otdan-da beter gorkgun... Zenan näzikliginiň emele gelmegi, gülläp ösmegi ep-esli derejede aýalyň paýhasynyň ösüşine, şol paýhasyň maşgalanyň gündelik durmuşynyň çäginden nä derejede daş çykyşyna baglydyr. Akylly-başly är aýalynyň baý intellektual ýaşaýyş bilen ýaşamagyna, onuň maşgalanyň intellektual durmuşynda deň, hatda artyk bolmagyna çalyşýar. Eger aýal öz artykmaçlygyny maşgalada ahlak abraýyny emele getirmek üçin peýdalanyp bilse, onda zenan näzikligi artýar, ol äriniň öňünde aýratyn mylaýym görünýär, onuň gözleriniň we ýüzüniň owadanlygy hiç haçan öz gözelligini we nuranalygyny ýitirenok... Ol öz akyl-paýhasyny, intellektual taýdan ösüşini adamsyna hem-de çagalaryna ahlak jähtden täsir etmegiň şu möhüm serişdeleriniň biri hökmünde peýdalanýar. Men başlangyç bilimi bolup, agronoma – ýokary bilimli adama durmuşa çykan akylly, özdiýenli aýaly tanaýaryn. Ol adamsyndan galmag-a beýlede dursun, gaýtam, özüniň tutanýerliligi bilen maşgalada intellektual artykmaçlyk hem gazandy. Durmuşa çykan ilkinji gününden başlap, ol agrotehnika, topragy öwreniş, himiýa boýunça ylmy-populýar edebiýaty, şeýle hem çeper edebiýaty ürç edip okap başlady. Ol adamsy bilen ruhy gatnaşyk saklamagyň adamsyna nähili kömek berip bilşine, onuň gyzyklanýan zatlaryna düşünmegine, üstesine onuň intellektual ýaşaýşyna täsir edişine bagly boljakdygyna düşündi. Tebigy akyl oňa diňe bir okan zatlaryndan baş çykarmaga, adamsynyň pikirlerine we kynçylyk çekýän ýerlerine düşünmeg-ä däl, eýsem ekerançylyga döredijilikli çemeleşmäge hem kömek etdi. Onuň käbir maslahatlary iňňän paýhaslylygy, işe beletligi bilen adamsyny aňk edýärdi, onuň akylly-başly, pikir edýän işgärligi muňa köp derejede ýardam berýärdi. Şugundyrçylar zwenosynda işlemek bilen ol boş wagtlaryny kitaba sarp edýärdi. Onuň intellektual islegleriniň çägi barha giňeýärdi. Onuň yzly-yzyna iki çagasy mekdebe gatnap ugrady. Olara başlangyç klaslarda kömek bermek enä kyn bolmady. Ýöne çagalar algebrany, himiýany, geometriýany öwrenip başlanlarynda, ene kömek berip bilmezliginiň özüniň ahlak täsirini gowşadaýmagynyň mümkindigini duýdy – sebäbi çagalar ejeleriniň hemme zady bilýänligine, başarýanlygyna öwrenişip gidipdiler ahyryn. Ol çagalardan ýeke ädim hem yza galmazlygy ýüregine düwdi. Özem ol muny şeýle bir ökdelik bilen etdi welin, çagalar ejeleriniň özlerinden däl-de, özleriniň ejelerinden öwrenýändiklerine birjik-de şübhelenmediler. Ol orta mekdebiň ähli predmetlerini ykjam öwrendi. Onuň maşgalanyň intellektual baştutany bolmak ýagdaýy has pugtalandy. Bularyñ bary üçin aýal maşgala uly tagalla etmeli boldy. Aýratynam, oňa daşary ýurt dilini öwrenmek kyn düşdi. Ol sözleri dogry aýtmaga endik edil bilmeýärdi. Mugallymyň kömegine ýüz tutmagy-da islemeýärdi. Ol elektrik bilen işleýän proigrywatel we sapaklar ýazylan plastinkalaryň toplumyny satyn aldy. Çagalar bu gezek hem ejeleriniň edil özleri ýaly, öwrenýänligini, ýöne has köp kynçylyk bilen öwrenýändigini duýmadylar. Aýallaryň käbiri onuň bilimleri öwrenjek bolup çalyşmasyna özleriçe düşündiler: Mariýa D. ärini ýitirmejek bolup, ondan galmazlyga çalyşýar. Diýseň çylşyrymly hadysany şeýle obywatelçilik bilen düşündirmegiň azda-köpde jany hem ýok däl, ýöne ol diýilýän manyda däldi. Adam mertebesine örän çunňur düşünmeklik netijesinde Mariýa D. maşgala durmuşynyň ruhy baýlygy, gözelligi, abraýy üçin özüniň, meşançylyk manyda, äriniň we çagalarynyň hyzmatyny edýän aýala öwrülmezden, hormata mynasyp, mylakatly aýal bolmalydygyma düşünýärdi. Ol ýürekden nur almaýan owadanlygyň basym adamsynyň gözünden düşjekdigine düşünýärdi. Mariýa D. bu sferany şol sferada ösmegiň özüni maşgalanyň ruhy ýaşaýyşlarynyň merkezinde goýjakdygyny, intellektual islegleriň sferasyny dogry kesgitläpdi. Şoňa görä, zenan näzikligi onuň bütin ömrüne saklanyp galdy. Eger sen geljekki aýalyň bütin ömrüne ýeke-täk söýýän adamyň bolmagyny isleseň, durmuşyňy aýalyň ruhy baýlygy birsyhly artar ýaly edip gur. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |