23:46 Oguzlar rowaýaty / poema | |
OGUZLAR ROWAÝATY
Poemalar
Dädem Musaguly Atanyň ruhuna bagyşlaýaryn Seýrekleşip barýar solgun dumanlar, Iň ýowuz ajalyň çuň eňreginde, Hem ýene-de durlar meniň öňümde, Asyrlardan aman çykan pälwanlar. M.Ý.Lermontow. Tolkun derýasynyň bäri ýüzünden, Uç-gyraksyz ýatan oguz düzünden, San-sajaksyz goşun gelip ýetişdi, Derýa kenaryna top bolup düşdi. Gurup çadyr-çemen, gerdeklerini, Dikip gyzyl-ýaşyl baýdaklaryny, Ýere sanjyp ýiti naýzalaryny, Gün bilen bäsleşýän tagmalaryny, Şaman odun ýakyp, janly kesdiler, Akyp ýatan derýa suwun susdular. Aňyrsyna göz ýetmeýän ak ýaýla, Derýa bolsa akyp ýatan gök aýna. Torgaýlar saýraşýan daň-säher wagty, Giň dünýä güneşli, bolanda ýagty, Ady meşhur her ülkede her kende, Ýalkymly Ýazyr han, batyr serkerde, Alp erenler bilen kenara çykdy, Argamak bedewiň jylawyn çekdi. Atdan düşdi, assa gadam ýöredi. Sessiz-üýnsüz akýan suwa garady. Çöke düşüp, hiňlenjiräp heň bilen, Akar suwy alkyşlady daň bilen: -Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw! Gämileri aýlandyryp akan suw! Şabaz-şabaz atlar içdigi sen, suw! Al düýeler gelip, geçdigi sen suw! Şabaz atlar içdi, dişinden syzyp, Luw-balyklar geçdi içiňden ýüzüp, Gaýalardan saçyn silkip çykan suw! Kenarlaryn köwüp-köwüp akan suw! Degmedige degmän ýatan gök derýam, Uwnyp-çydap bilmen, degilen degnam. Ýakaňdan gysymlap, tutup bolmaýar, Çuňňur güzeriňden ötüp bolmaýar, Suwlaryňa şarpa-şarpa tyg öter, Öten öten ýerde, ýarasy biter, Meniň alplaryma keramatyň ber! Saglygym, begligim, salamatym, heý! Sen meniň senahym eýleme yrýa, Gök üňüzim, soltan suwum, ak derýa! Ýazyr han söýledi, bir nagra çekdi, Joş alyp, gaňrylyp yzyna bakdy, Synlap simap kibi süýşýän suwlary, Diňläp durdy ony batyr begleri. Al asmanda bolsa gaýýar bürgütler, Çar ýanda hem bürgüt göwün ýigitler, Tolkun derýaň kenaryna indiler, Bal suwuna eňek basyp gandylar. Göge göterilýär şagalaň-şowhun, Tolkun derýa täsin atýardy tolkun. *** Bir dessur başlandy dabara, toý dek. Belent ýerde dokuz guýrukly baýdak, Porhan bolup pasyrdaýar, parlaýar, Haýdara ýalbaryp, ýeňiş sargaýar. Dikilen çadyrlaň gyzyl-alasy, Misli alaňlaryň elwan-lälesi, Güllän keýgokara meňzeş gül gyza, Teşneler noş eden ter suwly küýze. Bulutlar hem meňzeş babam Burkuda, Al gülleriň ysy gelýär burnuňa. Lemmer-lemmer bulutlaryň süýşüşi, Seňňer-seňňer gaýalaryň düýşüdir. Daglarynyň kölgesinde gar ýatar, Serçemenli jülgesinde nar biter. Derýalary güwlär ýaganda ýagmyr, Dereleri derlär inende ümür. Kert gaýarda keýikler bar, aýrak bar, Suwunda luw, sährasynda saýgak bar. Ak garlaň astynda gögerip güli, Ýüzün ýalap geçer hulumyň ýeli, Oguz ile bahar geldi, oýandy, Ýazyr hanyň yzy bilen gozgandy. Külli Oguz galkyndylar, galdylar, Tolkun derýaň kenaryna geldiler. Gelseler, görseler kenara garap, Oguzyň bagtyna gök buzlar eräp, Geçip bilmän ýatyr sansyz bir ýagy, Başarsa deň ikä bölüp gök suwy, Oguzlaryň ýaýlasyna döküljek, Aç böri dek çar tarapdan topuljak. Derýaň ol ýüzünde ýatyrdy ýygyn, Şuwlaýan şemala parladyp tugun. Gäwür diýen halkdy derýaň aňrysy, But bilen ot bolar onuň taňrysy. Oda uýar, daş heýkele çokunar, Mydam oguz topragyna tokunar. Jeňden haýyr gözläp jeň odun ýakan, Hanlarnyň ady bar han Ýekegapan. Duzagyn aýlaýar ýakyndan-daşdan, Ýazyr hanyň süňk duşmany ol başdan. Näçe maglup bolup gussa-gam çeken, Ýekegapan tekepbir bir han eken. Oguz illerinde otuz bäş ýaşan, Laçyn gözli, arslan agyzly ýaş han, Ýazyr han hem geldi goşunyn çekip, Belent gorganlarda ak çadyr dikip, Tolkun derýaň kenarynda daýanyp, Saklandy ol naýzasyna söýenip. Bir laý göz gezdirip derýa boýuna, Serdarlary bilen girdi öýüne. Serkerdäň gözünden suw içen goşun, Biş-düş bilen bolup, çarap ýör başyn. Ak öýüň agzynda dört sany saklaw, Döşleri galkan deý, kamaty ok deý, Gorap durlar Ýazyr hanyň çadyryn, Gök Taňrydan diläp keýpi çaglygyn. Bu çadyrda batyr hanyň bir özi, Bardy gapdalynda Törehan kazy. Ýazyr hanyň ýaşlykdan duz-emegi, Pähimdary, akyldary, ynagy. Han Ýazyr goýmaýar ony ýanyndan, Pähim alýar onuň gepi-üýnünden. Agşam çagy, oguzlaryň goşuny, Misli göge uçuran deý guşuny, Gäwür taýdan häzirdiler, sakdylar, Her birisi arslandylar, alpdylar. Derýanyň boýlary bogun-bogundy, Toply-tophanaly batyr ýygyndy. Otlaryň ýalyny derýa düşýärdi. Gazanlarda dürli owkat bişýärdi. Alp ýigitleriň şagalaňly sesleri, Doldurýardy belentleri-pesleri. Iňrik garaldy-da garaňky düşdi, Ýyldyzlar asmandan ak nurun saçdy. Derýa ýakalary gök gamyş-hyşa, Çalpawlardan galýar kän çirkeý-peşe. Gyzyl ganyň sorsa besse-bessedi, Şoň üçin tütedip, ajy tüsse edip, Alp ýigitler ürküzýärler peşäni, Ýene gaty gorkuzýarlar duşmany. Göterilýär ajy tüsse kenara, Çar-töwerek gaplanýardy dumana. Penalanyp tüssesini peşäniň, Nökerleri inäýmesin duşmanyň, Diýip gäwür ähli edýärkä dowul, Belent gorganlarda goýup ýasawul, Arkaýyn ýatyrdy oguz begleri. “Agşamyň haýryndan ertiriň şeri”. Ot başynda egeledi nökerler, Taganlarda owkatlary atarlan. Oduň şuglasyna bakyp otyrlar, Aýdym aýdyp, şöwür çekip otyrlar. Begleriň içinde has-da şadyýan, Joşup aýlanyp ýör kiçi Ýazyr han. Ýazyr hanyň ýeke-ýalňyz zürýady, Ýaş ýüregi misli Tolkun derýasy. Oýnaýardy, degişýärdi, gülýärdi. Çasly sesi parlap howa galýardy. Şu baharda dolup barýar on dördi, Kalbynda söweşmek telwasy bardy. Şu jeňde görkezip synmajak bady, Gazanmak isleýär mynasyp ady. Boýnunda Gökböri kümüş tumary, Bilinde hanjarly zerrin kemeri, Egnine düşüp dur towlama saçy, Durşuna dogumdyr bolsada kiçi. Ýazyr hanyň göz guwanjy, zürýady, Asly-pesli Oguz hanyň öwlady. Ynha gelýär bütin orda aýlanyp, Alp erenleň ählisinden saýlanyp. Soňam derhal bir zat düşüp ýadyna, Ugrady ol dädesiniň ýanyna. *** Dädesiniň belent ak öýne garap, Ýazyr hanyň ogly barýardy ýöräp. Merdem basyp daşly gorgan çykyp, Bir salym sägindi yzyna bakyp. Ak öýüň serigin bir gyra syrdy, Edep bilen giňiş otaga girdi, Ortadaky mňňallarda alawlar, Oduň şuglasynda otyrdy begler. Oguzlar birleşip edýärdi geňeş, Niçik başlanmaly ertirki söweş?! -Ýalkymly soltanym, eý Ýazyr hanym, Sözüm diňle, aňla sen meniň üýnüm. Bir söze başlady Hantöre kazy, -Ilçi göndermese gäwüriň özi, Bizem ýollamaly bir däne ilçi, Paýhasly ädimiň bardyr pil güýji. Alp ýigitleň biri başyn galdyrdy, Ardynjyrap sözlejegin bildirdi. -Senden sorap gelipmidi bu ýere, Ilçi ýollap uruş yglan edere. Ilçisiz-sawçysyz üstüňe çozar, Sesini çykarman deňizde ýüzer. Şundan soň märekäň gowury artdy, Ýene biri ondan beterin tapdy: -Begler, bir serediň meýdana çykyp, Otyr diýmäň maňa boş dowul tapyp. Alp erenler tapypdyrlar ýaman zat, Şatyrdadyp ýakypdyrlar ýalyn ot Derýa üste, köpri bolup çal tüsse, Ondanam gäwürler duýdurman ötse... -Bu ak tüsse aýt niçik köpri bolar? -Gäwür bu tüssäniň astyndan geler! Begler akyl satyp oturjakdy kän, Ýöne “Duruň!” diýdi kiçi Ýazyr han. -Sizlere aýdaýyn-diýdi.-Bir zady, Tüssäniň yzynda bolýandyr ody. Çal tüssä bukulyp çozaýsa duşman, Yzyna dolanmaz dowzaha düşmän. Alplarymy derýa boýunda goýdum, Gizledim şu gije sak duruň diýdim. Gäwür gelse alplaryma sataşar, Tüsseden ataşa ýanar tutaşar. Buýsançly sözledi kiçi Ýazyr han, Serdarlary haýran etdi bir meýdan. -Oguz ýaýlalary owadan, ýöne, Onuň her düwüri eýlenen gana. Şor gözýaşa ýugrulypdyr bir eýýäm, Bulut däldir hol asmanda garalýan, Ol oguz türkmeniň nury-yhlasy, Baky erkin bolsun türkmen sährasy! Oguzlaryň serhedinde sak durup, Sähramyza gäwürleri sekdirip, Alp ýigit arkaýyn, dek ýatyp bilmez, Gäwür bu derýadan hiç ötüp bilmez *** Ýedigenim ýere ýetip gelýärdi, Aý-da batyp, daň hem atyp gelýärdi. Sabalyja ak süýt kibi ak säher, Kiijik ölümi üstüňe seper. Şu säherde hemmeden öň oýanyp, Süňňiýeňil, tirsegine daýanyp, Ýalkymly Ýazyr han ýerinden turdy, Kaftanyny geýip kenara bardy. Daňdan derýa suwy bolsada sowuk, Agzyn çaýkap, elin-ýüzüni ýuwup, Akar suwy alkyşlady daň bilen, Hiňlenjiräp bir mylaýym heň bilen: -Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw, Degirmenler aýlandyryp akan suw. Hasan bilen Husaýnyň jepasy suw, Äşe býilen Patmanyň nikasy suw. Şabaz-şabaz atlaryň geçdigi suw, Gyzyl düýeleriň gelip içdigi suw. Behişt bossanynyň gül zynaty suw, Gök asmanyň, Taňryň keramaty suw, Ýazyr soltan ýuwa-ýuwa el ýüzün, Sena edip aýtdy suwa hoş sözün. Güzer boýda birje salym oturdy, Öz oglunam göz öňüne getirdi. Ýaýratjak bolanda begler bir dowly, Degerli jogaby beripdi ogly. Är dek oturypdy, är dek turupdy, Magrur söz söýläpdi, hem mert durupdy. Şol mahal çar ýandan surnaýlaň sesi, Tisgindirip gitdi belendi-pesi Esgerleň baryna buýruk berildi, Hatar-hatar berk nyzama duruldy. Naýzalaň tokaýy göterlip göge Gözler gamaşýardy syh-syh tyga. Uz polat gylyjy billerden asyp, Buýnuz galkanlary kükrege gysyp, Alp erenler Aýa-Güne bakyp dur, Her göreniň nazaryny çekip dur. Derýa boýdan ýöräp gelen Ýazyr han, Alplaryna garap duran Ýazyr an, Baka-baka begleriniň boýuna Ugran wagty ak ganatly öýüne, Derýanyň üstünde gämi göründi, Ak ýelkenne şemal dolup gerindi. Giň derýanyň o ýüzünden bu ýüze, Gelýär gämi ýuwaşja ýüze-ýüze. Kenara eňregin berdi ol gämi, Düşenler gäwüriň ilçisi dälmi?! Gäminiň üstünden altysy düşdi, Altysyndan bäri ugrany üçdi. Gelýänleriň ortasynda bir gedem, Batly-batly ýöräp, urýardy gadam. Ýazyr han otyrdy ala meýdanda, Alp ýigitler hatar-hatar her ýanda. Alabeder bolup hiç zady görmän, Gedem-gedem ädip, tekepbir barýan, Ilçiler ugranda Ak öýe tarap, Ýazyr hana tarap gaýtmaga derek. Han bolsa otyrdy üstünde daşyň, Alplaryna bakyp, galdyrdy gaşyn, Olara düşnükli sähel yşarat, Deprekçiler taýýar boldy şo halat. Üç ýüz altmyş dowul birden kakyldy, Ilçileriň gulaklary gapyldy. Pil ýüregniň perdesinden çekilen Deprekleň sesinden zenzele bilen. Tasdan ýarylypdy gäwür zähresi, Lal-jim bolup, doňup galdy ählisi. -Görmeli ekenik başda bir garap. -Masgara bolduga iki ýan ýöräp. -Han diýeniň çadyrynda ýatmazmy, Gyz oýnadyp, keýpi-sapa etmezmi?! Bi giden goşunyň içine bakyp, Birbada nireden bilersiň tapyp. Ýazyr hana tarap gelýär baş ilçi, Men bir weli hem däl, däl ýa bir palçy. Gäwür tarapyndan ilçi wekiller, Ahyr hany tapyp, geldi ýakynna, Hormat bilen huzuryna geldiler, Baş egdiler, egildiler galdylar, Bu öňdenem ilçiligiň dessury, Sukut saklap, sözlänokdy hiç biri. Ilki söze başlan maňlaýy sakar, Mis telpekli, göm-gök gözli aksakal, Doňýüz hanyň baş weziri Keşşapdy, Ýedi derýaň suwun içen peşşapdy. Duýýardy Ýazyr han duşmany mekir, Oýlandy oturdy, eýledi pikir. Keşşap ilçi oguz hanyna gözläp, Sokmasy ýanyndan ugrady sözläp. -Gözel hanym, geçiň bir çemçe ganym, Kabul eýläň bu amanat kelamym. Ap ärleriň arasyndan arylsaň, Alaň-alaň sähralara aýlansaň, Gum-gukluk ýerlerde gelip bolar duş, Gadymlardan galan ençe harsaň daş. Olar daşa dönen gaýduwsyz pälwan, Daşa öwrülipdir gör haýsy eýýam. Belent depelerde otyrlar daşdan, Dyzyňa çökýärsiň olara duşsaň. Togsan müň ýyl alplar bilen tirkeşip, Garşylaşyp, duşman bilen darkaşyp, Soňam şu sährada galdylar doňup, Biz ýaşaýas indi şolardan bolup. Oguz sährasyna çyksaň aýlanyp, Depelerde daş pälwanlar saýlanyp, Oýlanyp otyrlar gözlerin ýumup, Näçe heňňamlaryň pähmine çümüp. Keşşap ilçi bir üsgürdi, kaşlady, Ýene demin dürsäp, söze başlady: -Bolmaly zatlaryň barysy boldy, Ýekegapan kagan kenara geldi. Dökülmesin diýseň nähan gyzyl gan, Sözlerimi diňle merhemetli han. Şol daglardan şu derýanyň arasy, Bizki bolsun daş pälwanlar ýaýlasy. Biziň islegmiziň barysy bolsun, Şu ýerler kaganyň ýaýlasy bolsun. Gözlerinden gaýnap, çogup gyzyl gan, Galkyban ýerinden galdy Ýazyr han. Syh-syh bolup çykdy tende tüýleri, Ilçileriň ruhun ýere çüýledi. Bir bakyşy bilen, nazary bilen, Sessiz-üýnsüz gahar-gazaby bilen. -Dur!-diýdi, Ýazyr han.-Bir salym sägin, Bereýin men başky gepiň jogabyn. Ilçi seniň aýdýan pälwan daşlaryň, Ýonup ýasan heýkeli nakgaşlaryň. Ne sedasy, ne sory, ne ady bar, Ýatyr bular müň ýyl bäri ýadygär. Sähramyza göz degmezlik goýulan, Owal-ahyr saňsar daşy diýilen, Şu daşlar gerekmi Ýekegapana? Owradyp baryny salyp sapana, Ýagdyraýyn derýanyň o ýüzüne, Neşder edip garagyňa-gözüňe. Üstüňe dökeýin saňsar daşyňy, Maslykçy guşlaram tapmaz läşiňi. Ýazyr han sözledi, sözleri ajy, Tillerinde bardy tir-keman güýji. Gäwürleriň tas çözlüpdi göbegi, Sandyrady gorky bilen söbügi. Sözlände Ýazyr han gylyç dek kesip, Ilçiler haýykdy yzyna tesip. Keşşap ilçi daşy gabalan tilki, Özüni ýitiren bolsa-da ilki, Derýa tarap garap dürsedi demin, Bir zat diýmek üçin çekmänkä gümün. -Ýalka meň ýazygym, eý Ýazyr hanym! Iki goşun ýakasynda derýanyň. Sizler bu kenarda, bizler o boýda, Sözle hanym, söweş kylynar kaýda? Düşäýmesek bu derýanyň düýbüne, Men gäwür bolsamam gulak goý şuňa. Iki boýy bentläp ýatybermesek, Ýa ikiýan keman atybermesek, Beýik han, oňlasaň bir iş edeli, Biz bir menzil yzymyza gideli. Siz derýadan geçip tophana guruň, Teble kakyp, bize garaşyp duruň. Teklibini beýan eýledi uzyn, Soň Keşşap säginip eýledi tagzym: -Ýok, biz bu kanarda galjak diýseňiz, Ýene bir sözüm bar, gulak goýsaňyz. Ýa bolmasa siz bir menzil gitseňiz... -Sizem biziň sähramyza ötseňiz, Hä, şeýlemi?-diýdi oňa Ýazyr han, Ilçi maňa seniň aýtjagyň aýan Ýazyr han aňan soň onuň pikirin, Bölüp soňlatmady onuň gepini. -Meniň goşunlarym yzyna gitmez, Seniň gäwürleňem derýadan ötmez. Menem seniň ýaýlalarňa geçmerin, Gämä münüp, ýelkenimi açmaryn. Eger geçer bolsam goşunym alyp, Sen ýowuz oýnarsyň ahmala salyp. Ýatarsyň kenarda gitmän uzaga, Tutarsyň ahmallap salyp duzaga. Biz mydama bir-biregiň kasdynda, Söweş bolar gök suwlaryň üstünde. Diňle duşman, taňla jeň bolan günde, Hak nazary siňen suwlar üstünde, Başlaryňy salaryn men oýuna, Gidäýmeseň ýagşy derýa teýine. Derýanyň giň ýeri, suwuň saý ýeri, Biziň üçin bedew atyň eýeri. Siz aňyrdan geliň, biz bolsa bärden, Söweşe başlarys daň-säher irden. Çagnam-çagnam suw içine çykarys, Darkaşmga goşun başyn çekeris. Suwuň üsti bilen geliber ýagy, Gyrmyzy ganyňa boýarys suwy. Görmedigni görer keremli suwlar, Taňla gäwür bilen jeň bolar begler. *** Gäwüriň goşuny ala wagyrdy, Daş-töwerek galmagaldy, gowurdy. Uzakdan synlasaň gowur-gykylyk, El çarpyşma, çasly-çasly sykylyk. Uwlaýarlar meňzäp misli şagala, Tegelenşip, bolupdyrlar egele, Aýlanyşyp, hatar-hattar oturyp, Bir jüp köpek iti orta getirip, Gäwür begler görmek üçin tomaşa, Köpekleri çykardylar söweşe. It urşuny synlaýarlar oturyp, Itler gaýtdy bir-birsine topulyp, Batly gelip, artky aýaga galyp, Bokurdagyn çeýnäp, boýnundan alyp, Etin serpip, parça-parça ýarýarlar, Hyňranyşyp, gyzyl ganyn sorýarlar. Iýäýjekler bir-birsiniň etlerin, Öjükdirip guduz açan itlerin, It urşun gyzdyrýar gäwür ör turup, Gygyrşyp, köpekleň golaýna baryp. Atarman-çaparman gaýduwsyz ýowlar, Gäwüriň guwanjy iň batyr begler, It-guş uruşdyryp, gününi güýmäp, Orta teňňe goýup, ýa peçiz oýnap, Günlerini geçirýärler biderek, Häzir gam-gussany mat etmek gerek. Şat eýlemek gerek jeňbaz begleri, Olaň öz ýakasy hem öz elleri. Gün guşluga sanyp, göge galypdy, It urşy hem gyzza-gyzza gelipdi. *** Ýurtlary ýagmalan, illeri çapan, Çadyrynda ýatan, han Ýekegapan. Hem ýarym-ýalaňaç gül kamat jenan, Mar kibi towlanyp raks oýnaýan. Şirin sazyň owazyna meýmiräp, Gözlerini süzüp, jenana garap, Sag elinde meýden doly pyýala Serini sämedip, çümüp hyýala, Otyr başy oý-hyýala oraşyp, Ilçilerniň gelerine garaşyp. Ýekegapan hanyň oýuny bozup, Eýjejik dabanyn zeminden üzüp, Misli bir perwana, akja kebelek, Pyrlanýar, oýnaýar melike-melek, Synlap rakkasanyň oýun-bazyny, Diňläp sazandanyň mukam-sazyny, Ýekegapan otyr öňünde saçak, Saçaga äňedip goýberýär her çak. Desterhana ýaýyp naz ile nygmat, Gul-gyrnak epilip edýärdi hyzmat. Şol mahal sakçylar rugsat sorady, Girmäge dem salym pursat sorady, Çadyryň perdesin bir ýana syryp, Wezir tagzym etdi içeri girip. Ýüzi salyk, başyn egip hanyna, Egnin sallap çökdi onuň ýanyna. -Wezir halyň niçik? Gurtmusyň, tilki? Köýnegiň sykylan, uçguryň selki. Ýazyr hana şertlerimi aýtdyňmy? Ondan bir hoş habar alyp gaýtdyňmy? Keşşap öz hanyna bakdy nägile: -Öldürmedi, zordan mündüm gämime. Tagzym edýän, hudaýlara çokunýan, Ilçi bolup gidenime ökünýän. Size bolsa hanym ine, hoş habar, Ertir seniň dik depäňden daş ýagar. Görmändim beýle han men öňde-soňda, Söweş etjekmişin suwuň üstünde. Meniň aýdan tekliplerim ret etdi, Wah, näme diýeýin bagrym tütetdi. Gaýduwsyz oguzlaň gaýratly hany, Tas gazaba münüp, alypdy jany. Sylamady sakgalymy, ýaşymy, Suwlarda sererin diýdi läşiňi. Ýazyr han eý diýdi, beý diýdi diýip, Keşşäp kän sarnady, üstüne goýup. Pylança müň diýdi leşger-goşuny, Özi sözläp bela goýup başyny. Otyrdy ol geň-enaýy gep tapyp, Birdenem ol beýik kagana bakyp, Saňňyldadyp sary çokga sakgalny, Sözlemesin kesdi, sakga saklandy. Ýekegapan hana gözi düşende, Gazaply nazarlar bagryn deşen deý, Ýere ýüzün berip, göwresin taşlap, Aman-aman diýip ýalbardy Keşşap. Ýekegapan bogaz ýyrtyp gaharly: -Tur ýeriňden-diýdi.-Gurrumsak garry. Alty müçe zamanyňdan utanman, Bu sakgaly näme üçin göterýäň? Onyň sakalmy ýa geçiň guýrugy, Syrtdan çykan ýelmi meniň buýrugym? Ýekegapan göm-gök boldy dergazap, Keşşabyň ýüzüne gygyrdy uzak. Agzyndan ak köpük saçyp gygyrýar, Burny irlen bugaç ýaly bögürýär. Maňlaýyna düşüp durdy depeli, Arwahyňky ýaly mordy sakaly. Bokur boýunlydy misli bir gotan, Mekir oýunlydy han Ýekegapan. Her kimiň gözüniň oduny alýar, Haýkyryp diliniň badyny alýar. Ol öz wezirini görýärdi synap, Keşşap sandyraýar misli bir simap. Han jabjynýar: -Eý sen näkes, eý namart. Indi dogmaz seniň deýin bigaýrat. Namys-ara galyp gaýdyp gelýärsiň, Masgara bolanyň aýdyp berýärsiň. Nämä dursuň, göz öňümden sumat bol, Serkerdeleň ählisini jemläp gel! Biri galman bary gelsin geňeşe, Olara hem görkezeýin tomaşa. “Häzirlikçe garyp başdan sowuldy” Keşşap wezir tagzym edip egildi. Içini gepledýär, şonda-da gorkýar, “Näme üçin maňa ajyňy pürkýäň? Men diňe seň aýdanyňy ýetirdim, Hemem onuň jogabyny getirdim. Bar-da Ýazyr hana ýapyş başarsaň. Şol mahalam goh eşdildi daşardan. Ýekegapan Keşşap wezire bakdy, Keşşap derrew ylgap çadyrdan çykdy. Elin kölgeledip dört ýana bakan, Birdenem ýüregi ýerinden gopan, Keşşabyň gözleri näler görýärdi, Depäniň üstünde tozan turýardy. Ýaňy iki iti salyp söweşe, Itleriň urşundan tapyp tomaşa, Gany gyzan begleň päli azypdy, It urşunyň soňy jeňe ýazypdy. Jedelden jetleşip jeňe girdiler, Gylyçlaşyp, naýzalaşyp ýördüler. Ýakalaşyp-çekeleşip, salyşyp, Gara polat uz gylyçly ölüşip, Kimsi ýatyr gol aýagyn çapdyryp, Kimsi otyr gyzyl ganyn akdyryp, Haýsy biri ýüzün tutýar jowranyp, Sakgalyndan gyzylja gan jorlanyp. Gör, gäwürler bir-birsiniň kastynda, Uruş başlanypdy itleň üstünde. Kim kimi ýaralap, kimi öldürdi, Diňe Keşşap wezir gözün güldürdi. *** -Sähralaryň aňrysyndan-bärsine, Serhoş bolup gyzyl gülleň ysyna, Ýeller taýyp gelýär eňip bu taýa, Jennet mekanyndan jeň boljak jaýa. Oguz ýaýlasyndan deňiz deý ösýän, Gülleriň boz ysyn getirip öwüsýän, Tolkunlara meňzeş sähra şemaly, Akpamygyň mymyk elleri ýaly, Ýaňagyňdan, ýüz-gözüňden sypalap, Soňam gaçýan ýaly senden öýkeläp. -Gülälegiň, garyň, derlän topragyň, Pyntygyň, pudagyň, ýaşyl ýapragyň, Hem tüssäniň ysy burnuma urýar, Olaň ezizligi beýniňe barýar. Damarda gan çapyp, ýüregim myjap, Wah, arman saklaýar bu oglan ejap. Şu ýerleri bagra basasym gelýär, Gumlaryn penjäme gysasym gelýär. Köňle gaýrat salýar däli hyýallar, Maňa çawuş çakýan ýaly şemallar. Iki atly ýuwaşjadan gürleşip, Kenar bilen söhbetleşip, syrlaşyp. Bir-birege ýürek duýgusyn aýdyp, Gelýärdiler bedew atlaryn iýdip. Gözlerini aýlap ýakyn-uzaga, Ynha gelýär olar ýasga-güzere. -Seret, dostum biz dek goşa çynara, Geýimlermiz tabşyraly kenara. Ýör, Kaý Polat Suwa düşüp, ýüzeli! Şabyrdadyp gorkuzaly güzeri. Kiçi Ýazyr hanyň bakyp ýüzüne, Bir bahana gözläp onuň sözüne, -Agşam suw düşmek däldir göwnejaý, Gaýdaly, ýör-diýdi oňa dosty Kaý. -Ýaňy dälmi hon-ha Günüň ýaşany, Şapagam bar, hany suwa düşeli! -Bu derýalar garaňkynyň ajdary, Agşamara suwa düşýär suwperi. Gark eder-de suw teýine äkider, Suw teýine-öz öýüne äkider. -Ýyldyzlar jakraşýar, hon-ha dogdy Aý, Ýör gideli-diýdi oňa dosty Kaý. Meniň Ýazyr hanym, gel atyňa mün. Ertir suwa düşeris biz uzak gün. Gäwür bilen suw içinde söweşip, Essiňden gidersiň suwlara düşüp. Biri atyn münüp, biri hem iýdip, Gelýärdi iki dost ýuwaşja ädip. -Ýola düşüp, baraly tiz ýetişip, Ýazyr hanyň geňeşine gatyşyp, Maslahatda oturaly bir ýerde, Ýarajak bolaly bizem bir derde. Diýýärdiu Kaý Polat, berýärdi öwüt: -Sözüm diňle, at gazanjak goç ýigit. Heniz gan akdyryp, kelle kesmediň, Ne peýda biliňe gylyç asmadan. Kuwwat bolsun biliňdäki kemeriň, Gylyç bolsun bagtyň açjak tumaryň. Meniň bu sözlerim ýadyňda sakla, Ýaragyňy daýym ýanyňda sakla. *** Ak ýyldyzlar suwa düşüp derýada, Oguz beglerine guruldy oda. Ol ýalkymly Ýazyr hanyň odasy, Geldi oňa oguz begleň ordasy. Külli oguz gül ýüzüniň tuwagy, Bürgüt höwürtgesi, arslan gowagy. Ýazyr hanyň altmyş başly ak öýi, Gurýardy geňeşi, berýärdi toýy. Ak öýüň içini ala-ýaz edip, Gopuzyny çalyp aýdym-saz edip. Ýagmyrlar ýagdyryp sährada gezen, Boý boýlap otyrdy ol Burkut ozan. Otyrdy ol ýerde serkerde goja, Köp darkaşlar gören Kaňlyhan hoja. Onuň gapdalynda bir egin pesde, Otyr jöwher gözli Aýdemir ussa. Kän gonak ýygnanan ýakyn-daşlardan, Ýüzärlik tütedýär anha Goç porhan. Boz tüsse ýaýradyp maňňalyň közi, Otyr oýa batyr Baýyndyr kazy. Ýazyr hanam otyr sagy hem soly, Alp erenler bilen beglerden doly. Hatar-hatar ak öýlere sygmadyk, Beglerini bir ojaga ýygnadyp, Söwüş çekdi arkadaşa-syrdaşa, Serpaý ýapdy ynaklara, gardaşa. Şeýdip hem başlady ulug geňeşe, -Alp erenler, taňla turjak söweşe, Seýisläýin sizi, taýyn goýaýyn, Kemis ýerin söýläp-aýdyp diýeýin. Ak öýünde arslan kibi oturan, Talap sözün ulus ile ýetiren, Ýazyr han giň köňül, belent başlydy, Ruhun sergin tutup, sözläp başlady: -Howp nirede bolsa, şonda hatarym, Mähriban ýerleri gorap ýataryn. Ganym ýerden ýöräp, ýa suwdan gelsin, Taňry tanyg bolsun, ol belli bilsin. Heniz akyp durka damarymda gan, Watany gorarys-diýdi Ýazyr han. -Mere, galyň begler, ne üýnsüz-ümsüm! Porhanlar aýagyn otlara gömsün. Şatlyk çalyp, oýnap-gülüp oturyň, Iýip-içiň, ýene üstün ýetiriň. Siz üçin soýduran koýlarym semiz, Siz üçin sagdyran süýtlerim gymyz. Emma beg alplarym çykarmaň ýatdan, Bu gün geňeş wajyp bize her zatdan. Ertir bolsa döwüş başlanar birden, Şonda başyňyzy gözlemäň ýerden. Onda Ezraýylyň gelip gahary, Depäňizde ajal parlan mahaly, Gäwürlere siz kyýamat gopduryň, Läşlerini gök derýada akdyryň. Şan-şöwkede besläp derýanyň boýun, Gäwüriň başyna salyň bir oýun. Beýik taňry bersin bize bir amat, Tolkun derýasynda gördüm keramat. Subhanyň syryna şärikli suwlar, Ýardam berse amal tapar arzuwlar. Jennet ýaly bu derýanyň ýakasy, Siz söweşe giriň durlap nepesi. Ýazyr han säginip alplara bakdy, Şol wagt iki gerçek ýerinden galkdy. Olaryň birisi Baýrak synmazdy, Beýlekisi ýowuz däli Dönmezdi. Ikisi hem gözsüz batyr, erdemli, Sözlän sözi batman ýaly saldamly. Böri deýin batyr olar ozaldan, Ol alplara bakyp diýdi Ýazyr han: -Iki sany ekiz deýin deň-deňdeş, Merdana, töwekgel arslana meňzeş. Set müň jeň-darkaşy, sag-esen sowan, Ýowuz günde maňa iň ýakyn dogan. Biriňiz çepimden, biriňiz sagdan, Maňa daýanç boluň geçende suwdan. Suwa girsin alplar öňden hem yzdan, Girjek ýerlermiziň çuň ýeri dyzdan. Jeň ediljek ýerler, bir gowy ýerler, Ol ýerlere “Gaz topugy” diýerler. Jeň meýdany suwuň orruk-ortasy, Ine, begler uzyn sözüň keltesi. Gäwürler oýlanar, ederler pikir, Diýerler oguzlar niçiksi mekir. Olar biziň ýaly bolup bilmezler, Ýöne biziň oýny bilip bilmezler. Mekirlige müň tarapdan garaşar, Şeýdip mert söweşiň oduna düşer. Hany bir girsinler derýa içine, Gaçan deý bolarlar umman içine. Bir ýürege, bir jan-tene öwrülip, Ýazyr hanyň töweregne egrilip Begler hatar bolup otyrlar diňläp, Her teklibi goldap, her sözi oňlap. -Namart oýun däldir, hile-al däldir, Bu söweş taglymy, ýagşy amaldyr. Belent kenarlardan inende ýagy, Söweşmeli bolar içinde suwuň. Biz hem munda geýip arslan donuny, Syrtlan bolup seçeläris ganyny. Mekir söweş eden bolmak oýnumdyr, Mert darkaşmak mertebämdir, şanymdyr. Serdarlar oýlandy kime düşer paý, Derrew Ýazyr hana golaý geldi Kaý. Eginleri ýumry-ýumry berdaşly, Çaraýnaly, demir-donly, zer döşli. -Kaý Polat pälwanym, erdemli alpym, Seniň edeniňi başarmaz herkim. Buýsanyp Ýazyr han Kaýa eretdi, Soňra öz ogluna golun uzatdy: -Gel-eý bäri ilki gözmüň göreni, Kadyr Ýaradanyň ýalňyz bereni. Bar git, gäwüri ur, a’t getir, Il-watan öňünde borjuňy bitir. Ulug Ýazyr hanyň ýüregi joşdy, Zürýady hem onuň golaýna süýşdi. -Gäwür goýunlarnyň örüsi giňdir, Oguz ogullarynyň börüsi kändir. Börülere baş bol, baryny ýygna, Hanjar bolup sanjyl gärwür ýüregne. Eserdeň, ägä bol, çar ýana seret, Bir ýanyňda bolsun, agaň Kaý Polat. Baryň indi, ugraň Alla ýaryňyz, Ýürekden öçmesin namys-aryňyz. Ýazyr han ör turup, golun galdyrdy, Beglerin ugradyp ak pata berdi. *** Ýekegapan çadyrynda çarp urup, Permanlar ýazdyryp, buýruklar berip, Dişin çarhlap, gazap donna sygmady, Serkerde hem wezirlerin ýygnady. Maňňalyň içinde gyzyl ot ýanýar, Ýekegapan kagan gazaba münýär. Iki ýana ýöräp, çar ýana garap, Bir zatlary samraýardy sandyrap. Gahar-gazap bardy, ýokdy parasat. Sözleýän sözünden gopýar harasat: -Ýarymasyn, ýarjamasyn Ýazyr han Saňa nälet, gargyşlarym sözüm kän. Ömür taryň kertilsedi, Ýazyr han, Ýürejigiň ýyrtylsady, Ýazyr han. Gowrulsaýdy ömrüň güli, Ýazyr han, Sowrulsady ajal küli, Ýazyr han. Ýekegapan ýanyp gargyş okady, Geplemekden dodaklary kepedi. Soňam diýdi: -Näme üçin her gezek, Oguz ili bize gurýarlar duzak? Her gezek oguzdan asgyn gelýäris, Ýeňilýäris, ite ryswa bolýarys? Geliň indi dogry sözi sözläli, Ýa heheh deý agzymyzdan guzlaly. Atam-babam ary ýatyr oguzda, Ogul-olja bary ýatyr oguzda. Şol ýüz ýyldan bäri ýatyr güýlünip, Gorkup ýörüs pişik kibi düýrügip. Geliň indi alalyň-a arymyz, Ýuwunda dönmänkä porsy ganymyz. Soň ýerine geçdi, oturdy aşak, Bilmedi bir salym sözüni başlap. Serdarlar, wezirler, geňeşdar, gulam, Barysy dur, näme etjegin bilmän. Göýä doňan ýaly çadyryň içi, Hiç kişi bilenok agzyny açyp. Uly-kiçi durdy aýak üstünde, Galan ýaly agyr ýüküň astynda. Ahyr müň bir pikir aýlap serinden, Ýekegapan kagan galdy ýerinden. -Men uzak oýlandym, geldim karara, Seretdi ol uzyn boýly serdara: -Hyzmaty ýük görme, eýle sen berjaý, Sen goşunyň başyny çek Günhudaý! Günhudaý baş egdi hökümdaryna, Iki ädim süýşdi golaý ýanyna. -Emriňize taýyn-diýdi.-Kaganym, Siziň ýoluňyzda gurbandyr janym. Ýekegapan serdaryndan hoş boldy. Tagtynyň üstüne özün taşlady. Goluny uzadyp etdi yşarat, Günhudaý hem dyzyn epdi şo halat. -Men bilýän oguzlar hilegär, mekir, Sen ýöne oýlanyp, köp eýläp pikir. Töwekgellik eýle başla bat bilen, Goý, oguzlar oýun etmesin ot bilen. Aýbogdaşyn gurup, oturyp ýerde, Bir salym başyny batyryp derde, Serdarlyk ýüküni boýnuna alan, Günhudaý baş atdy kaýyllyk bilen: -Ýeňiş hudaýynyň ýelkeni bilen, Uruş hudaýynyň galkany bilen, Gädik-gädik egri gylyjy bilen, Ganlar döküp janlar alyjy bilen, Men Günhudaý jeň jaýyna giderin, Duşmanlary derbi-dagygn ederin. Ýazyr han boýnuna zynjyrlar salyp, Siziň gaşyňyza gelerin alyp. Ogluny oljalap, ata süýredip, Gyzyny getirin başyn aýladyp. Eneleri eňrär, atasy aglar, Biziň mertler ol gün keýpini çaglar. Ýoknasyz gürledi Günhudaý ýaňrap, Ýekegapan kagan mes boldy diňläp *** Derýa akyp ýatyr, sesi-üýni ýok. Düýnki güne aýlananok, dönenok. Ümmülmez asmanyň aýnasy derýa, Onda ak bulutlar özüni görýär. Suwa düşüp ýüzüp gelýär bulutlar, Ýola düşüp ozup gelýär ýigitler. Sap-sap tutup gelýär gaýratly goşun, Bir belent mukama aýagyn goşup, Oguzlar okgunly söweşe barýar, Olary diňleýär paýhasly derýa: -Ýene-de ýörişe çykdy Oguz han, Gapdalynda Gün han, Aý han, Deňiz han. Gök han, Dag han, ýyldyz gözli Ýyldyz han, Habardar gol gäwür ogly Doňuz han! Goç buýnuzdan gaty ýaýy, kemany, Sagdagynda segsen oky çenani. Tolkun atýar baýdaklary, tuglary, Ýalkym atýar gök polatdan tyglary. Ýene-de ýörişe çykdy, Oguz han. Alplaryň başyny çekdi, Oguz han. Bütin goşun şu aýdyma gygyryp, Öten batyr erenleri çagyryp, Jeň ýoluna düşüp gijäň ýaryndan, Gaýtdylar derýanyň sag kenaryndan. Asmana gezelen naýzalaň bary, Tokaý ýaly aýlaýardy hyýaly. Süýşüp gelýär goşun ýeriň pesinden, Zemin sarsyp barýar aýak sesinden. Dogup gelýär täze günüň ertiri, Gör-bak niçik bolar söweş takdyry. Alplar arasyndan şat ýöräp barýan, Gaýduwsyz gerçekleň göwnün göterýän, Onki müçe ýaşan, aksakal adam, Aýdyjy ozanym, ol Burkut dädem, Atalaryn görýän ýaly hamana, Çöňňelen gözlerin dikip asmana, Hemem ak saçlaryn oýnan şemala Ýüzün tutup, sygman bu söweş ýola, Pessaýja ses bilen gopuzyn çalýar, Oguz alplaryny taryplap gelýär: -Gadamyna synmaz gaýrat gatlanan, Ýörüň meniň oguzlarym, alplarym! Bedewine gazap bilen atlanan, Ýörüň meniň oguzlarym, alplarym! Merdi-merdana siz, hakyň ýary siz, Ýakaly oguzyň namys-ary siz, Dagda arslan, sähralarda böri siz, Ýörüň meniň oguzlarym, alplarym! Gylyç urup, galkan tutup, ok atyp, Gürzi inse syparsyňyz sap atyp. Gäwürleriň gözlerine çöp atyp, Ýörüň meniň oguzlarym, alplarym! At üstüne agyp aga-ýana siz, Döwüşseňiz dönüp, bir merdana siz, Gäwüri salmaga ýer-ýegsana siz, Ýörüň meniň oguzlarym, alplarym! Boý boýlaýyp, söý söýleýip ýom beren, Gopuzynyň owazyna gam beren. Burkut baba tamamlady sözüni, Gäwür kenaryna aýlap gözüni: -He-eý, gäwür, kim ýetişer dadyňa? Näçün geldi mert oguzlaň ýurduna. Görkli akar suwun susjak bolduňmy? Ala meýdanyny basjak bolduňmy? Suwa derek ganyň susaýma-diýdi. Soňky demde ganlar gusaýma-diýdi. Söweş meýdanyna bat bilen barýan, Alplaryň içinden şat gadam urýan, Başy silkme börüklije bir ýigit, Gülälekli adyrlardan gül ýygyp, Torbadan çogduryp, eýerden asyp, Käte ysgap doýup, bagryna basyp, Şahandaz kalbyny joşa salýardy, At üstünde oýnaýardy-gülýärdi. Çagalygy düşýän ýaly ýadyna, Burna salyp hiňlenýärdi aýdyma. -Atymy säpjedip alys-daşlardan, Men salam ýollaýyn saýrak guşlardan. Bady sabalardan, sergin ýellerden, Nowruzda açylýan gyzyl güllerden. Ýörsem-de jeň meýdanynda, alysda, Bir habar bileýin ilden-ulusdan. Kowçum-kowçum bu ýakaly illerden, Arasy daş, egrem-egrem ýollardan. Ýaýlamyz ýatladar ýaşyl palasy, Daglary-gaýasy synmaz galasy. Tekiz seleň sähralarym seleňdir, Şaglap akan derýalary tereňdir. Salkyn-salkyn saba ýeller ösendir, Salamatdyr, ulus-iller esendir. Ak sakgally babam otyr törümde, Ak gyňaçly enem otyr ýanynda. Görmekli gyz uýam läle kakýandyr, Gelnim intizardyr, ýola bakýandyr. Toýnak sesin tanar bedew atymyň, Çeçegim, tüwlegim, näzli hatynym.. Alp ýigidiň aýdymyna ses goşup, Bat bilen okdurlyp, jeň ýolna düşüp, Okgunly oguzlar çapyp barýarlar, Peslerden belende çykyp barýarlar. Toýnak sesi täsin bedew atlaryň, Barýar olar ýol-ýodany çatladyp. Misli bir at demi howany ýakýar, “Ýene-de Oguz han ýörişe çykýar”. Hon-ha, kazylyk at çarpaýa galýar, Goşun başyn çekip Ýazyr han gelýär. Ýuwaşja tolkunýar saý suwly güzer, Ýazyr han bu ýere saldy bir nazar. Gäwür kenarlary köteldi-kertdi, Ondan aşak inmek güzapdy-dertdi. Ynha şol kenardan gäwürler iner, A bu derýa bolsa ajdarha döner. Heniz görünenok peläket duşman, Barýardy oguzlar ýeňişe bakan., Ýazyr han buýsançly bakýar alplara, Göýä nur inen dek boldy kalplara. Pyýada leşgerem geldi kenara Meňzäp durdy olar sarsmaz diwara. Uludan dem aldy bulutly asman, Şemal pyşyrdady: golaýda duşman. Gön ädikli aýaklaryň sesleri, Tisgindirdi belentleri-pesleri. Soň çala göründi belent kenardan, Asman agaransoň daň-säher, irden, Görnüp başlan ýaly Günüň täçleri, Gäwürleriň naýzalarnyň uçlary. Soňam misden sopbçlary göründi, Gelýär olar batly, basyp dogumly. Gelsede gäwürler dogumly basyp, Durdy alp oguzlar howuny basyp. Emma gäwürbaşy serdar Günhudaý, Arkasynda goşa gylyç, goşa ýaý. Galkyp gelýä gara atyn gorduryp, Her tarapdan deprek-dowul urduryp. Eýeripdir gäwürleriň däbine, Eşikleri meňzeş itiň gäbine. Myrdar görünýärdi Günhudaý serdar, Ine-de, jeň boljak derýaýy meýdan. Ot deýin tutaşdy, başlandy söweş. Bulutlar kükredi, tutuldy güneş. Derýa kenaryndan indi gäwürler, Çekirtge sürsi deý kändi gäwürler. Alp oguzlar gök taňryny çagyryp, Urha-urly owaz edip, gygyryp, Göm-gök sowuk suwa aýak urdular, Gäwürleriň garşysynda durdular. Sagdaklardan kakyp alyp ok-ýaýy, Peýkam atdy her kim duşmany taýa. Gäwürlere tarap tir-keman atyp, Şuwlaýan oklara galkanyn tutup, Suwuň içi bilen öňe barýarlar, Gäwürleri nyşanalap urýarlar. Peýkamlar şuwlaýar, misli jyn gülýär. Galkanyň ýüzüne şarpa sanjylýar. Elinde egri ýaý, şol gaty keman, Saý suwlary böwüsp barýar Ýazyr han. Gorkusyz-hedersiz şat bolýar, gülýär, Gaýta öz galkanyn taryplap gelýär: -Duşman gelse döşüni gerýän galkan! Uz poladyň işini görýän galkan! Darkaşanda dadyma ýeten galkan, Keýmir okuň badyna çydan galkan! Gyryşan pursatym geregim galkan, Gylyjym deý zerur ýaragym galkan! Kükregi persala ýaraly galkan, Herdaýym golaşyp ýöreli galkan! Zer ýüzüne başym egenim galkan, Gyzyl ýüzli gardaş-doganym galkan! Şol mahal gäwürler dowul urdular, Surnaý çalyp, bir yşarat berdiler. Iki tarapdana hem ok atmak galdy, Onsaň orta çykdy bir gyzyl donly. Gäwürlere tarap golun bulady, Başa-baş söweşe bir är diledi. Göreninde küňre boýly oguzy, Bir tolkunypp gitdi derýaň o ýüzi. Ýöne gäwürleňem tapyldy äri, Suwy şalpyldadyp gaýtdy ol bäri. Är dilän alp oguz sarsanok, bek dur, Gözünde gaýrat bar, ýüzünde hem nur. Gäwür ýetip geldi, gylyjyn saldy, Oguz galkan tutdy, goranyp bildi. Arslan balasy deý çalasyn-çakgan, Alp ýigit bir gaýrat diledi hakdan. Mata deý ýyrtlydy döşünde sowut, Döşün tutdy gäwür ýigit, är ýigit. Emma gäwür mekir hereket etdi, Oguz pälwan suwuň astyna gitdi. Mekir gäwür “Ah” diýip döşün tutupdy, Howany sermeläp, gaşyn tutupdy. Hem oguzyň ünsün sowup bilipdi, Soň gylyjyn süýr depeden salypdy. Suw astyna çökdi oguz pälwany, Döşüden syrygyýar gäwüriň gany. Şonda-da özüni ýitirmän du:rdy, Gözlerinde elhenç alamat ba:rdy. Emma alplar, bakyň bu bolýan zady, Gäwüriň gülküsi agzynda galdy. Böwsüp ganly suwy, misli bir balyk, Suw astyndan çykyp ýyldyrym ýaly, Hem satandan salyp gylyjyny tä, Böldi ol gäwüri gelýänçä kellä. Suwy böwsüp çykdy suwuň astyndan, Gyzyl ganlar çogup çykýar üstünden. Hon-ha zordan dur:dy, maňlaýy çapyk, Soňra ýylgyrdy-da gäwüre bakyp: -Mere, herze-merze eý gotur gäwür, Geliň-geliň-diýdi.-Şu mahal, häzir. Gel, ýene-de başla namart oýnuňa, Uz polady uzadaýyn boýnuňa. Şagallar hiç mert söweşip başarmaz, Tilki deý tozanlar, kakyp heşelle. Gel-eý gäwür, ýene niçik oýnuň bar, Meň elimde öçüp gitjek ömrüň bar. Gäwür goşunyndan ses-seda çykman, Tutuş dymyp durdy sussupes duşman. Kenarlar titredi, tolkundy toprak, Bu gezek oguzlar kakdylar deprek. Sygyrtdylar uzyn boýly surnaýy, Ýuwaş-ýuwaş tolkundyryp suwlary, Naýzalaryn gezäp uzyn döwredip, Alp oguzlar ynha ýöräp ugrady. Iki ýana serpip derýanyň suwun, Bir-birine garşy ýöredi ýygyn. Düýrme gylyçlary öňlerne gezäp, Naýzalaryn dikläp, barýarlar dyzap. Urha-ur seslerden tapyp goldawy, Barýar olar parladyp gök baýdagy. -Sag tarapdan ýetiş, Baýrak synmazym! Soldan baryp tutuş, däli Dönmezim! Ur ýekedabany Aýdemir ussa, Gygyrýar Ýazyr han, joşgunl sesde. -Gylyjyňy ýagşy işlet Goç porhan! Burkut babam ýetiş, gökden hem ýerden. Suw içinde üçden-dörtden başa-baş, Goh-galmagal bilen darkaş hem söweş. Doňuz deý topulyp, gaçyp, basylyp, Käte-käte aýy kimin asylyp. Gäwürlerem gylyçlaşýar deňme-deň. Ne bir tüsse bardy, ne-de tozan-çaň. Oguz-gäwür bir-biriniň kastynda, Gan akýardy akar suwlar üstünde. Gäwür Günhudaý hem ugrady derýa, Her ýanynda bäş-on perraç janpena. Görseň egne geýen demir donuny, Ýada salyp dur:dy syrtlan hamyny. Destinde gylyç bar, hemde mis galkan, Bilinden asylgy dört gulaç arkan. Oguzlary bir pursatda ýeňmekçi, Ýazyr hany arkan bilen daňmakçy. Şol sypatda baryp ol jeňe gir:di. Bilde arkan, golda gylyjy bar:dy. Derýanyň üstünden gyzgyn ýel ösýär, Misli akyp ýatan suwlar gan gusýar. Ýokardan synlasaň derýa hanasyn, Salyp bolar suwa däl-de gana syn. Iki goşun birek-biregi çapýar, Nadanlyk ynsanyň garagyn gapýar. Söweş uzak dowam ederdi belkem, Emma gözýetimde göründi ýelken. Ýazyr han gylyjyn tutdy-da öňe, Gelýän ak ýelkene seretdi siňe. Jeň bolýan saý suwly akar meýdana Ýelkenne bat berip gelýärdi gämi. Laçyn guşa meňzäp, gyrytlap suwy, Gämi ýeti gelýär, gorkuzyp ýowy. Seredi Ýazyr han, siňe seretdi, Gämidäki duran-a Kaý Polatdy. Ýnynda duranlar alp ýigitleri, Awa göterilen dag bürgütleri. Misli ol alplaryň gaýa dek döşi, Gämi ýeti gelýär suw bilen süýşüp. Iki ýana serpip tolkuny-gomy, Gamak deýin süýşüp gelýärkä gämi, Özlerinden biizin gaýdanyn görüp, Bir gäwür beýlekiň ýüzüne urup, Çöwüp depdi bir gäwür bir gäwüri: -Neçüýn pugta baglamadyň labyry. Şol agyr labyryň urganyn üzüp, Gämi yzymyzdan gaýdypdyr ýüzüp. Birdenem gäwüriň ysgyny gaçdy, Oguzlary görüp agzyny açdy. Deň ikä böldü-de Tolkun derýany, Söweş meýdanyna golaýlan gämi, Geldi-de saý suwa burnuny berdi, Garny çägä degip saklanyp durdy. Ondan böküp düşdi oguz alplary, Her birisi ýada salýar arslany. Uz polat gylyjy gynyndan syryp, Çalasynlyk bilen söweşe girip, Aljyradyp gäwürleri birbada, Ganly söweş gyzyşýardy derýada. Suw içinde meňzäp arslan-babyra, Özi hötde gelip bäş-üç gäwüre, Bir gylyçda üç gylyjy gaýtarýan, Gözi bilen öz ogluny agtarýan Ýazyr han tapmady gözlerin aýlap, Soramakçy Kaý Polada golaýlap. Başda ony ugradypdy Kaý bilen, Polat başly alp ärlere taý bolan, -Batyrlaryň arasynda şire deň, Eý Kaý Polat, meniň oglum nirede? -Essalam aleýkum, ýalkymly hanym! Gäwür kenarynda Tolkun derýanyň, Tä Güneş galýança bile bolduk biz, Şol gäminem bile basyp aldyk biz. Ine, şondan soňam bizden saýlanyp, Gäwürleriň arkasyndan aýlanyp, Ýalaw tygy ýagyrnydan urjak diýp, Alplaryny alyp bizi hem goýup, Gäwürleriň sährasyna gitdi ol. Kazylyk at münüp gözden ýitdi ol. Kaý Polatdan eşdip beýle habary, Tirsildei onuň ýürek damary. Bedeni gowşady, gaçdy ynjalyk, Ýaralaram başlady oň ganjaryp. Gylyç tutup göni gelýän gylyja, Yza tesip başlady ol çalaja. Depesinden indi tukatlyk-gussa, Şol wagt al-asmanda göründi tüsse. Gara tüsse gabsap gäwür kenary, -Aýdyň, bu nämäniň gara dumany? Ýagty gündiz gije, agşama döndi, Bu tüsseden gökde Güneşem söndi. Hon-ha ol kenarda at çapyp ýören, Aýdyň mapňa kim ol Güneş söndüren? -Sen sorma, ýalkymly eý Ýazyr hanym, Ol seň alp zürýadyň jigeriň-janyň. Jahan şalygynda ýeke zürýadyň, At çapdyryp ol ýüzünde derýanyň, Kyýamat gopduryp gäwür başyna, Geçdi Ýekegapan hanyuň daşyna. Agzyn açyp galdy gäwür goşuny, Bu derýada daşa urup başyny. Iki jahan owarrasy, gözli kör, Ýekegapan saňsar bolup gaçyp ýör. Gäwürler ähliniň öýüniň ugy, Şatyrdap ýanýardy tagmasy-tugy. Dört tarapa at çapdyryp özi hem, Bir ýaş böri düşenden soň yzyna. Gaçyp ýördi etek alty ýeň ýedi, Kä ýerlerde durun zaryn eňredi. Ýazyr hanyň ogly kiçi Ýazyr han, Oň ýanynda oýun bilen hezil kän. Kellesine ap-ak ýaglygyn daňyp, Gara atyn çapyp, çar ýana eňip, Halyn harap etdi Ýekegapanyň, Ylgar edip kowdy yzyndan onuň. Şol gidip barşyna çakmagyn çakyp, Gurap ýatan sähraň otlaryn ýakyp, Burugsatdy gögi tutan tüssäni, Şu boldy oguzlaň ýeňiş dessany. Edermen hem erjel kiçi Ýazyr han, Gäwürleriň aman-zamanyn bermän, Ony onda, muny munda oljalap, Gözi ganly perraçlaryn parçalap, Janpena nökerleň janyny aldy, Özi ot ýalyn deý, bedewem ýeldi. Alajyn ýitirip Ýekegapan han, Iki ýan urunyp, çykalga tapman, Tüssäniň içinde ýolun ýitirip, Gorky bilen gaçýar özün ýitirip. -Indi gynamaýyn, bar gitseň-diýip- Emma eň teniňde bir tagma goýup, Goýbereýin diýip Ýazyr han güldi, Eýerdekä eglip ýerden daş aldy. Hem alan daşyny salyp sapana, Pyrlap-pyrlap atdy Ýekegapana. Göden ot çykaryp degdi ýeňseden, Ýekegapan kagan gitdi seňseläp. Tagma boldy ýeňsesinde owrandy, Jany ýanyp, jibrinipler jowrandy: -Sähralary oda ýakan Ýazyr han! Turuwbaşdan tuga depen Ýazyr han! Aý kiçi Ýazyr han, kiçi Ýazyr han! Ahyrzaman derýaň içi, Ýazyr han! Gana ýuwlup Tolkun derýa akyp dur, Külli gäwür indi dyza çöküpdir. Gorkudan uçuklap agzylary hem, -Jeň etmeli däldik oguzlar bilen. Diýip puşman edýär her bir esger-de, Hem her bir serkerde galýardy derde. Akar suwuň ortasynda kürtdürip, Dur:dy olar ýüzlerini sortduryp. Ýüzün salyp aşak bakýar gözleri, Görkezmejek bolup gara ýüzlerin, Ýüzlerine gara şalyn örtdüler, Ýaraglaryn suw ýüzüne dürtdüler. Ne Günhudaý galdy, ne başga biri, Teslim bolup dyza çökdüler bary. Gäwür sähralary tüssemi-duman, Aman dilänlere berildi aman. Ynanyp bilenok muňa Ýazyr han, Töwerek-daşyna bakýardy haýran. Ogly gelýär gara atyny çapyp, Gitdi gäwür duşman gümüni çekip. Seretdi Ýazyr han saý suwly derýa, Soňra şükür aýdyp ýüzlendi taňra: Çydam berdiň, sabyr berdiň kalplara, Şükür onsoň ýeňiş berdiň alplara Perişde deý peýda ýoldy ýok ýerden, Ýene alp-erenler, şamanlar geldi. Oguzyň ozany, Burkut babasy, Ýazyr hana golaý gelen halaty: -Görkli hanym-diýdi.-Çagyr zürýadyň. Oňa bagyş edeli mynasyp adyn. Eşdip pederiniň çagyrýanyny, Ogly salykatly geldi ýanyna. Ýazyr hanyň ogly edep eýesi. Geldi-de baş egdi, çykanok sesi. Burkut baba diýdi: -Aý berekella! Adyňy men berdim ýaşyňy Alla. Sen taňry göklerden ýeňiş inderen, Goý, seň adyň bolsun Güneş söndüren. Gäwürleriň Güneşini söndüren, Ýazyrhanyň ogly batyr Güneş sen! Şol wagtam gübürdäp ýyldyrym çakdy, Bulutlar gozganypýagmyryn dökdi. Burkut babam bolsa şatdy, gülýärdi, Ol gülende mydam şeýle bolýardy. Torgaý guşly, gyzyl gülli düzleriň, Ajap ýaýlasynda han oguzlaryň. Gopuzyň owazy asmana galýar, Atlaryn säpjedip oguzlar gelýär. Göýä ýada salyp süýşýän daglary, Şemala oýnadyp sanjak-tuglary, Kenaryndan çagnam-çagnam suwlaryň, At çapdyryp gelýär batyr beglerim. Alplar gelýär gadym oguz düzünden, Tolkun derýasynyň bäri ýüzünden. Sylapberdi MUHAMOW, 2001. | |
|
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |