12:22 Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy | |
* * * Ogulbike uýasy Akjagül bilen içerden çykman, ejeleriniň: «Daşa çykmaň, göze ilmäň!» diýen ýerinde oturyp, maşgalanyň keç ykbalyna ýanyşyp, gözenekden ogryn jyklaşyp, gidýänleri gözleri bilen ugradyp, dünýäniň bu wagt gazan bolup öz öýleriniň depesine düňderilenligini gyýlyp-gynanyp ýatlap, gözýaşa ýuwlan ýüzlerini öýüň tärimine berşip, sessiz oturdylar. Ertekilerdäki ýaly kyn günüňde kömege ýetişýän edermen ýigidiň kömegi ýada düşýärdi. Ýa-da beýle halas edijiler diňe ertekilerde, onda-da döwli ertekilerde bolýarmykan!? Ýogsam şu döwrüňem-ä demi degirmen ýöredýän zabun-zabun döwler-ä gytam däl. Ilçilikdir, olaryň arasynda Hudaýberdi gorkagyňam bolmagy mümkin, ýöne ol döwleri pähim-paýhasa gerňäp, öýüne gaýdanda olaryň biriniň üstüne altyn-kümüş ýükläp münüp gaýdamda bardyr. Araba gidensoň, öýüň töwereginiňem mähellesi saýpal tapdy. Akjagül henizem tahýasyny dişläp, gidenleriň yzyndan seredip, köşeşip bilmän, silkinip sessiz aglap otyrdy. Bu ýagdaýy ýüregine sygdyryp bilmedik Ogulbike birsalymdan başaçyk-aýakýalaň tasap öýden çykanyny hem duýman galdy. Onuň gözüniň gyýtagy bilenem bolsa ýene bir gezek öz mähribanlaryny görüp galasy gelýärdi. Ogulbike jaryň boýuna inensoň, gidenleriň öňüni dolap çykmak üçin gamyş-gajrawyň içi bilen elem-tas bolup, gysga ýol bilen ylgap gitdi. Ol tasap, obanyň sesýetimligindäki baýryň eteginde suwuň ýaýylyp ösdüren gamyşlaryň bykyn bolup duran ýerine gelen wagty, onuň ýüzünden garader syrygyp, ýüregi kimdir biri takyr ýerde aýakýalaňaç ylgap ýören ýaly, göwre kapasasyny dar görüp, «düňk-düňk» edip urýardy. Ol gamyşlarynyň arasynda ýoly synlamaga amatly, özüniň bolsa görünmäýjek buky ýerini saýlap ornaşdy. Arabalar indi «hä» diýmän aňyrdan gelip, şu bykyn bolup duran jeňňelçäniň etegi bilen ilerligine öwrüm edip ötmelidiler. Ol şol ýerde ýol gözläp, deminden düşüşip oturyşyna, ýeňsede bir ýerde ýabany ördekleriň «gak-da, ýak-ýak» boluşýan kejeleşikli seslerini eşitdi. Ogulbike olaryňam Akjagül bilen özi ýaly, biri-birine basdaşlyk edişip, bir zadyň üstünde çit-de-mit bolşup alýanlaryny pikir etdi. Arabalar indi hol beýleden düýejiniň gapdaly bilen birnäçe atly OGPU işgärleriniň ugratmagynda hatar tutup, üstündäki adamlaryň geýim-gejimleri bilen al-elwan bolup ýakynlaşyp gelýärdiler. Bu ýerde hem oba adamlary häli-şindi gapdaldan çykyp, alnyp barylýanlar bilen baş atyşyp, birki oýnam gep alşyp, ýolboýy gysgaça hoşlaşýardylar. Ejeleri, atalary bilen ýolboýuna çykan çagalar araba münüp barýan öz deň-duşlaryny görüp, olaryň näme üçin alnyp gidilip barylýanyndan habarsyz, olara gaýtam çagalara mahsus gözleri gitmek bilen seredişip: –Eje, hal-ha Tylla-da, Akgam, Ýammam, Allajanam... barýa, bizem gidäýeli şolar bilen — diýşip, öz ýanlaryndan olaryň göýä bir hezillige barýanlygyny pikir edişip, ululara iňezelenýänlerem bardy. Olaryň käbiri bolsa: «Heý, munuň diýýänini! Şolar, nä, toýa barýandyr öýdýäňmi?» diýip, silterlenilmäge sebäp bolýardylar. Käbirleri bolsa, aňyrdan harsa sokulyp gelip, arabada barýanlara janköýerlik edip, olara içi iýer-içerli düwünçek, gawundyr ýene bir zat gowşuryp, soňam haýpygelijilik bilen olaryň yzlaryndan seredişip galýardylar... ...Hyşalygyň içi kapasdy. Üstesine-de, şemal öwsenokdy. Howa welin eýýäm gyzyp ugrapdy, bu günüňem yssy günleriň biri boljagy belli. Ogulbike oturan ýerinde tot-tozanyň agzyna-burnuna düşüp, arabalar golaý gelende asgyrdyp-üsgürdip, syryny paş edäýmezlik üçin, töweregindäki gamyşlary eli bilen özünden aňyrrak-aňyrrak itekleşdirdi. Töwereginiň giňişligini aldy, etegi bilen ýüz-gözlerini süpürişdirdi. Ol mähribanlaryny görüp, birden serden çykaýmazlygy özüne nygtap ýatlatdy. Biraz salymdan obadan saýlanyp, hatar bolup gelýän sürgün arabalarynyň öňi golaýlaşdy. Ogulbikäniň nazary özüniňkileri yzrakdan gelýän bäşinji arabadan tapdy. Orazgylyç arabanyň gapdaly bilen onuň ýantagtasynyň erňeginden tutup, öňe bir ýerlere seredip dogumly-dogumly ätläp gelýärdi. Onuň ýakasy açyk ak köýneginiň ýagyrnysy eýýäm kölçerip, garalyp derläpdir. Ol bir eli bilen häli-şindi maňlaýyna inýän burçak-burçak derini sylyp goýberýär. Arabanyň üstündäki düňreýşip ýatan ýorgan düşekden ybarat goşlaryň üstünde, öýüň iki keýwanysy öz çagalary bilen juguldaşyp ýerleşipdiler. Arabanyň öňräginde Amangül gaýraky Garabil baýyrlygyna uzyndan gelen ýaraşykly boýnuny süýndürip seredip, oýurganyp otyrdy. Göwresine tow beribräk beýleligine seredip oturanlygy üçin, häzir onuň ýüzi Ogulbikä doly görünmeýärdi. Şonuň üçinem ol bolup oturyşyndan çen tutup, gelnejesiniň perişan bolup aglaýanlygyny pikir etdi. Oguljuma bolsa, hamala, öňde özüni Ogulbike gyzynyň gapdaldan çykyp, duýdurman synlajagyny aňan ýaly, arabanyň barýan tarapyna gönügip, Pendi baýyrlaryna tarap öwrüm beribräk oturypdyr. Ogulbike ýüregini ezip, ejesini synlady... Oguljuma häzir dünýäden bihabar memme talap bolan Rahmangulujygy kükregine ýaplap, eglibräk ony emdirip, bir eli bilen onuň galpajygyny sypalap, mähir-yhlasa öwrülip otyrdy. Şu pursatda Ogulbikäniň göwnüne ýene birazdan Rahmanguly emip bolansoň, ejesi hemişekisi ýaly, ýene ony özüne uzadyp: "Al, gyzym, senem bir salym göterip gel jigiňi!" diýerli göründi. Ine, ol birdenem sähelçe başyny göterdi-de, Ogulbikäniň gizlenip oturan gamyşlaryna tarap nazar aýlap goýberdi. Görmese-de, ene ýüreginiň nämedir bir zady duýanlygy belli boldy... Belki, ol syzandyr? Hamala, ejesi özüni göräýene meňzäp, Ogulbikäniň ýüregi heserli gürsüldedi. Oguljuma soňam başyny ýene biraz göterip, gamyşlaryň depesinden ymtylyp, oba tarap seretdi. Şu pursatda onuň ýüzüne bulut kölegesi düşene meňzedi. Ogulbike onuň intizar bakyşyndan: «Onda iki sany balam galdy» diýip, pikirinde özi bilen Akjagüli ýatlanlygyna düşündi. Çagasyndan mejbury aýrylan mahalynda enäniň gara bagry egsilip eräp ugrarmyş. Ol soňundanam tä balasyna duşýança öz eremegini goýmazmyş... Arabanyň üstündäki ýükleriň biraz boşrak ýerinde Aganazar, Allanazardyr Rahmannazar bilen höwürtgede oturyp, eneleriniň iýmit getirerine garaşýan bürgüt çagalaryna meňzeşip, töwerekden habarsyz nämedir bir zadyň gürrüňine berlişip otyrdylar. Iň ahyrda Ogulbikäniň gapdalyndan arabalarynyň yzyny jemläp iki adam bilen mesawy gürleşip gelýän kakasy geçdi. Ýeňsedäki ördekleriň dawasy häzir ula sapyp, sesini gataldanam bolsalar, Ogulbike ol tarapa barmysyň diýip gaňrylybam seretmedi. Ogulbike çöp-çalamyň arasy bilen, jaryň ýakasyny syryp, aglamakdan ýaňa çişen gabaklaryny ýellendirip, günortanyň öň ýanlarynda öýlerine dolanyp geldi. * * * Jemal mama ir ertir agtyklary Akjagül bilen Ogulbikäni turzup, olary agşamky galan-gaçan biş-düş bilen naharlansoň, olary eşege artlaşdyryp, gawun başyna – Kymyş duzçynyň ýanyna ugratmakçy boldy. Endigine görä, samyrdap, biraz gapdala agan börügini düzedip, başyna laýyklap durşuna olara etmeli işlerini hem ýüzugra gep arasy bilen ýatladyşdyrdy: «Baryň, ol maňlaýygaradan (Ol öýi sürgüne düşeli bäri Kymyş duzçynyň adyny haýpygelijilik bilen şeýle diýip tutýardy) bir habar alyň, agtyklarym gitdi, jany gitd-ä onuň, ýene-de gaýgy edip, ölüp galan bolmasyn?! Hemem gawunyň otagyna-beýlekisine-de kömek edersiňiz, agşamlygam geleniňizde gara sygra bir eşek ýüki otam getiriň! Wah-eý, ýeri, indi, aslynda, ony iýäýmeli adamlar gidensoň, gawunyň kime gerek diýsene?..» diýip, öz-özüne käýindi. Soňam süýt basyraýyn diýip oturan halyna ony huşundan çykaryp, ýene bir ýadyna düşen aladasynyň ugruna çykdy. Suwkädidir bir jürdek küýzäni alyp, öz howly ýerleriniň ileri eteginden akyp ýatan jara suwa gitdi. Tomus günleri jar üstüne bürelip duran gamyşlaryň asty bilen ukuda ýatan gaplaňyň duşundan geçýän ýaly bukuljyrap, sulhup keýpsiz akýardy. Onuň depesinde häzir hemişeki bir-birlerini itekleşip, çagalar ýaly hürsekleşip uly şowhun bilen bökjekleşýän guduman tolkunlar ýokdy. Çagalaryň hemişe günortanlar gelip, ala-şowhun bolşup, hezil edip, suwa düşýän güzeri oňa bu güzerden gygyryp-çagyryp, aňsat öýe ýygnap bolmaýan agtyklary Aganazar bilen Allanazary ýatlatdy. Gözüni gubar baglap, lakga damagy doldy. «Wah, bolan bolsalar häzir olaram suwa düşerdiler» diýip, hesret bilen oýlandy. Soňra ol elini-ýüzüni ýuwup, gaýgy-hesretden biraz sabap oturyşyna Hudaýa şükür edip, iň bolmanda Akjagül bilen Ogulbikäniň göwne teselli öz ýanlarynda barlygyny özüne göwünlik berýän hörpde ýatlap: «Hälem, şolar bar, ýogsam Kymyş bilen hesret çekip, şol günüň ertesi ölerdik, belki, entek görjek günümiz bardyr-da?» diýip pikir ýöretdi. Jemal mama suw gaplaryny suwdan dolduryp, ýapy inişden ýokary göterilip –yzyna dolanyp gelýärkä, bir gelniň öz öýleri tarapyndan peýda bolup, derweze ýerine goýlan kese germew agaçdan köýneginiň etegini çekip ätläp geçibem bärligine, özüne tarap öwrülenini gördi. Gelin suwa gelmeýän borly, onuň elinde ne suw kädisi, ne-de ýeneki suw gaby bardy. Ol aňyrdan gelşine: –Ogulbikäň mamasy, alyň salamy! – diýip, özüni tanadyp, syrylyp eňegine düşen ýaşmagyny ýokary, öz ýerine göterip mylakat bilen baş egdi. Bu gelin ýakyn garyndaşlygy bolmasa-da, Jemal mamanyň gelinleri bilen golaý gatnaşykda bolup, toýa-ýasa bile görnüp, keçe-ýorgan edilende bir-birlerini goldaşyp, gazanyp Kymyş duzçynyň maşgalasynyň rysgal-döwletini öz ojagyna-da arzuw edip ýören, gowa golaý bolmak höwesindäki gelinleriň biridi. Jemal mama ýerine ýetirilip, gadyr bilen berlen salamy minnetdarlyk bilen aldy. Ýogsam, maşgala sürgüne düşeli, bir hepde-on günden juda golaý garyndaşlaryň käbiri bolaýmasa, öňki gelýänleriň köpüsi indi onuň gapysyndan garamaýardylar. Göýä hemmeler täze hökümetiň: «Şular gara adamlar» diýenine ynanyp, “golaýlaşsak, bize-de zyýany ýeter» diýen pikir bilen olaryň öýlerini oýtarlap geçýäne meňzeýärdi. Hemişe bolsa: «Enesi, sähet belläp berseňiz», «Pylan janyň göbegini burup berseňiz», «Başýuwluk almaga geldim», «Ýorgan köpejek, şoňa bir bismilla edip, el salyp berseňiz!» diýen ýaly aladalar bilen tutuş syrgynyň aýallary gelip-gidip, häli-şindi Jemal mamany, onuň gelinlerini gerekläp durardylar. Hatda indi her gün irden gelip bizar edýän, süýt içip gidýän kirlije köýnekli Aýbölejik hem garasyny salmaýardy. Bir ýola Jemal mama oňa duşup: «Gyzym, indi näme biziňkä süýt içmäge geleňok?» diýende ol, egnini gysyp: «Indi Rahmaýaýaý ýog-a, ony oruslaý tüýmä äkidipdiý-ä» diýip, çekinjeklik bilen peltekläp, ululardan eşiden gürrüňini gaýtalapdy... Gelin: «Getiriň, men öýüňize eltişeýin!» diýip, Jemal mamanyň suw gaplaryny elinden alansoň, öz habaryny berdi: –Mamasy, oňräk biz keçe etmäge hyýallanyp, gamyşda onuň bir ýüň düşegini jemläp goýupdyk. Soňam sizem başagaý bolduňyz. Derdiňizem ýetik boldy. Hemişe siz işli bolsaňyzam, şunuň ýaly zady ýola salmaga Oguljuma eltimiz bolardy, olaram, nätjek, şeýdip gitmeli boldular. Indem başlanan zat ýarpy ýolunda galmasyn diýýäris. Baryp, özüňiz şoňa bir bismilla edip, ugrukdyryp berseňiz! Gelniň hormat edip: «Öz ornuňyzy eýeläň!» diýmegi garryda täzeden hasaba girizilen ýaly, ýakymly duýgy döretdi. Jemal mama oňa göwünjeňlik bilen, süýdüni basyrdygy barjagyny aýtdy... Tuduň kölegesinde keçe güllejek aýallar güllenmeli keçäniň ýerligini, saçak ýazan ýaly öňlerine alşyp, adaty edilişi ýaly, ony bir mynasybetli zenanyň işi başlap bererine garaşyp, gapdallaryna boýalan akly-gyzylly ýüň depejiklerini üýşürip, garrynyň maşgalasynyň talaňa düşen ýaly bolanlygyny ýatlaşyp otyrdylar. –Orus olary harasat bolup, bir göteren bolsa, indi bäri-bärde goýmaz... Sibirden çykarsa gerek – diýse, ýene birleri: – Sibiri bolanda, onsoň, nirekän ol? – diýýärdi. –Ýeriň tükenen ýeri, şolam, onsoň, Sibir bolýandyr-da... –Onsoň olar soň yzlaryny nädip taparlarkan? –Eý-ý, yzlaryny tapdyrjak bolsalar, beýdip äkidilermi diýsene?! –Gümgidene gidirdiler diýsene onda! Aýallar Jemal mama görnendenem gep eýesiniň ýetip gelýänini görüp, edip oturan gürrüňlerini tapba goýdular. Başga-başga zatlaryň gürrüňini edenden boluşdylar. Özleriniň ýaňky edip oturan gybatlarynyň bir çeti garrynyň hem gulagyna degendir öýden gelinleriň käbiriniň ýüzüne şu pursatda duýlar-duýulmaz, uýatly al reňk çaýylyp giden ýaly boldy... Öý eýesi gelin Jemal mamanyň özlerine golaýlap gelýänini görüp, mylaýym ýylgyryp: «Geleweriň, mamasy!» diýip, onuň öňünden çykyp, gadyr bilen garşy aldy, soňam eltip, ozaldan taýyn edilip goýlan ýumşak körpeçäniň üstünde oturtdy. Aýallar ýerli-ýerden ör turşup, dakynan siňsiledir ýeneki börük şaýlaryny şaňňyrdadyşyp, hormat bilen eglişip, garra salam berdiler. Jemal mama berlen salamy alansoň, keçe ýerliginiň töwereginde halka gurap oturan aýallara tarap ýeňiljek nazar aýlap goýberdi. Onuň ornaşanyna mähetdel göni garşyda, aradaky keçe ýerliginiň gyrasyndan daraklygy bilen sähelçe basyp oturan, başy sary esgili oral aýal duýgudaşlyk bilen ýüzlendi: –Mamasy, gidenlerden näme habar bar? –“Gideniň habary özi bilen” diýleni, şol gidişleri, häzir-ä olardan habar ýok. Otyrys Allany çagyryp. –Nirede bolsalaram, sag-aman bolsunlar-da, hernä! –Dilegiňi Hudaý eşitsin, gelin? – diýip, Jemal mama ýagşy pälli aýaldan minnetdar boldy. Şundan soň Jemal mamanyň sürgünler bilen bagly kalbynda köl bolup, dyňzap duran gürrüňleriň, sähel tirseklenip goýberenligi hem belli boldy. Ol: –Tagtabazardan gitmelileriň ählisini toplansoňlar, bir magun edip, iki-üç günlükde Mary tarapa ugradylanlygy barada bir habar-a düşdi. Şäheriň özünde-de olary pagta saraýda üç-dört gün syňsyradyp saklanlar ýaly. Biz-ä soň eşidip galdyk. Biziň Ballam şähere baranda, olardan habar tutupdyr. Iniligini ýanaşdyrypdyr. Bize-de gelip: «Orazgeldi akgam dagyny gördüm, birki sany gawun-garpyzam ertdim, olaryň saklawynda duran öz tanyş oruslarymyň biri eken» diýdi. Agtyklaryňam goşlaryň gapdalynda günlerine kaýyl bolşup oýnap oturanlaryny aýtdy... Agtyklaryny ýatlan mahaly ýene-de Jemal mama alaçsyzlygyny ýatlap hamsykdy. Töwerekde oturanlar hem garra düşünip, birsalym suslanyp, oňa raýdaşlyk bildirdiler. Indi telim günden bäri sürgüne gidenler obanyň esasy gürrüňine öwrülen hem bolsalar, olar baradaky maglumatlaryňam köpüsi toslamalardyr çaklamalardan ybaratdy. Jemal mama tiz bozulyşy ýaly hem ýene-de gözýaşyny sylyp, parhlydygyny bildirip tiz özüni ele aldy. Soňra hem bu ýere näme üçin gelenligini özüne ýatladyp oturyşyna şükürli gepledi: –Hudaýyň halanydyr, gelinler. Gorasy gelenini kyrk ýyl gyrgyn gelende-de goraýandyr Özi... Jemal mama haçanda gapdalynda üýşüp, depe bolup duran gyzyl, gara, sary reňklere boýalan ýüňleriň birinden birazragyny bölüp alyp, ony ram eden elleri bilen sozup-ýygnap: «Bismylla, ana, başladyk! Üstünde bala-çaga oýnap-örňäp oturan, toýly keçe bolsun!» diýip, ondan öz öňünde keçäniň ilkinji gülüni ýasady. Keçäniň ilkinji güli onuň ýerliginiň üstünde peýda bolansoň, kömekçi aýallar hem hamala otyrýerleri bilen bir zady oýpaçlaýana meňzeşip oýkanyşyp, Jemal mamanyň işiniň yzyny ýetirip ugradylar. Işler ýola düşüp alşyp ugransoň, onuň gapdaly bilenem ýene-de sähelçe şemal öwsüp ugrana meňzäp, özara mesawy gürrüňem başlandy. Keçe edinýän gelin, soňra özüne kömek berýänleri naharlap-hezzetlemek üçin gazan atarypdy. Ol indi häli-şindi ornundan turup gidip aşagy otly gazanyndan habar alyp, onuň bir-de duzyny görüp ýene bir-de gaýnaýşyna gözegçilik edip gaýdýardy. Gelibem, ýene-de Jemal mama bilen tüňňümaňlaý gelin aralygyndaky öz ornunda oturyp, gül ýasaýanlara goşulýardy. Oturanlar Jemal mamanyň hem öz gapdallarynda oturanlygyny hasaba alyp, sürgünler bilen bagly ony örtäýjek gürrüňleri ýatlamazlyga çalşyp hasaply sözleşýärdiler. Ýöne häzirki wagtda iki adamyň başy çatylsa, esasy edýän uly iliň gürrüň sürgünler baradady. Gully eminlerdir Kymyşlary täze häkimiýetiň ediberişini görüp, olaryň halyna gynanýanlar, ýüreklerini bükgüldedip: «Indi nobat meniňki bolmasyn?» diýip haýygýanlaram, Hardat ýaly, "aryny alanyna" öz ýanyndan monça bolup içini güldürip ýörenlerem bardy. Garaz, indi gürrüň nämeden başlansa-da, ol ýene-de aýlanyp-dolanyp, şol sürgünleriň üstünden inýärdi. Keçe gülledýän, Kymyş duzçynyň ojagyna hormaty bolan gelin bu oduň arasynda galan Jemal mama kyn düşýänligini bilýärdi. Onuň halyna gynanýardy. Häzir-ä ol mamany bahana bilen köpçülige gelse, hesretini biraz hem bolsa unudar diýip janköýerlik edip getiripdi. Şonuň üçinem ol çagyran aýallarynyň hamala dünýäni düzetmek özlerine galan ýaly dotdaryşyp, agramly-agyrly gürrüňler etmän, Jemal mama hem goşulyşar ýaly, degşip-gülşüp oturmaklaryny isleýärdi. Yssy soňra barha dünýä eýemsirendi. Ýerden boý ýasanyp, howur göterilip ugrady. Keçe gülleýän aýallaryň köljerip ýagyrnylary derledi. Keýpi depesine depen tomsuň bu gün ýene-de ýakyp-ýandyryp, bolmajysy boljagy anyk boldy. Keçe edýän gelin töwerekdäki keçe güllemäni öwrenmäge höwesek bolup gelen ýaş gyzlaryň birki sanysyny turzup, töweregi şalpy-şaraň etdirip suwlatdy. Şundan soň yssynyň ýiti ýüzi birýana syrylyp, biraz salkynlyk aralaşan ýaly boldy. Güllemek işem indi birýanýüzli bolup barýardy. Keçäniň ak düşeginiň üsti indi göz guwandyryp oturan lälezar meýdana öwrülipdi. Keçäniň gaýra eteginde gül salyp oturan, ýüzi iki barmak, burunlak, häliden bäri gepe goşulman oturan Gülsoňy elindäki ýüňüni halka ýasap, oňaryp oturan gölüni boldum edip goýdy-da, mygyrraýlyp oturyşyna mölerilibräk töweregine gözüni aýlansoň, gürrüňe goşuldy: –Sizler muny eşitmänsiňizem öýdýän? – diýip, ol töweregiň ünsüni çekip, sözüni dowam etdirdi. – Hi, ol kepretilçi Hardad-a şol sürgünler ugradylanda bolmajysy bolanmyş. Soldatlar-a sürgünleri ýeňsesinden itiberip, maguna salyp, gümgidene ýollap durmuş. Olam olaryň beýle ýanynda gara atyny keserdip: «Gully eminiň tohumyny tüketdim...» diýip, göwnihoş bolup samranmyş... Ýerliksiz aýdylan morta gep çygjaryşyp, edýän işinden lezzet alşyp, gül basyşyp oturan aýallaryň köpüsini üýşendirdi. Birnäçeler bu gepiň Jemal mamanyň oduny ölçeren ýaly boljagyny pikir edip, gözastyndan nebsagyryjylyk bilen Jemal mamanyň oturan tarapyna seredip goýberdiler. Öý eýesi gelin bu gürrüňiň garra ýaramajagyny bildi. Özüniň bolsa ýöýä ony şu gepi eşitdirmek üçin ýörite çagyran ýaly gelşiksiz bolanyny pikir edip, ony halamadygyny mälim edip, gaňrylyp nägilelik bilen gep eýesi gelniň al petinden aldy: –Kim aýdýar, gyz, aslynda beýle bolgusyz zatlary?! Onýança-da Gully eminiň daşkyrak garyndaşy, atýüzli, akmapraç gelin hemleli gepledi: –Gully eminler, Kymyşlar Hardat ýalylaň, nä, heleýleriniň ýorganyna giripmi? Bu çaka çenli-hä ile Gully emin, Kymyş baý gerekdi. Indi bu günki gün olara it degäýdimi? Bu gepden soň ýakasyndan tutulan ýaly bolan alagöz, garaýagyz gelin ýeňsä çekilip, öýkeli gürledi: –Weý, gyz, men-ä, näme, eşiden zadymy aýdýan. Düýn Kelhatardaky Akgülden eşitdim, olam Şämit akgalaryna baranda şolardan eşidipdir. Bu gepleri eşiden mahaly Jemal mamanyň göz öňüne sowetiň milleti zyr-zowran edip, otla ýükläp durşy, olar bilen gatylyp, özüniňkileriňem südürlenip gidip barşy geldi... Gapdalda bolsa indi bireýýämdan bäri diýeni biten Hardat gara atyny dyzyndyryp, ýaňky gelniň diýşi ýaly, hökmürowan bolup durdy... Alagöz gelin Hardadyň bolşuny halamadyksyrap aýtsa-da, onuň gepleýiş hörpünde dabara äheňi hem duýulýardy. Gelinleriň ýerli-ýerden aslyşyp, onuň badyny almaklary hem şonuň üçindi. Jemal mama ol gelin barada: «Özüni, öýüni oňarmaýan bir kirli heleýdir welin, adamyň aty agsan ýerinde şu-da indi jyňňyldap, hondan bärisi...» diýip, oýlananam bolsa, onuň özüne hiç zat diýmedi. Kemteresinden onuň oturan taraapyna öwrülibem bakmady. Sebäbi ol ile belet bolansoň, bu gelniň gepiniň aňyrsyndaky dabaranyň hem nireden turýandyna-da, sebäbine-de beletdi. Gelin şura Ýagdynyň agasynyň gyzy bolup, onuň derejelenip gazanan zatlaryndan ýetdik hakyny alyp, baýnap ugranlaryň biridi. Täze hökümet diýibem, ol täze gurluşa däl-de, öz agasynyň baýnamagyna düşünýärdi. Şonuň üçinem ol iliň täze hökümetden närazy bolmagyny, gönüden-göni öz agasyndan bolunýan närazylyk diýip bilýärdi. Bu bolsa, oňa ýaramaýardy. Hälden bärem, aýallar Jemal mama göwündeşlik edip otyrkalaram ol bu zatlary edeniň şura hasap edilýänini ýatlap, çeti gyzyp otyrdy. Häzirem onuň Hardady ýatlamagy: «Siz ähli zatda meniň agamy günertlejek bolşup dursuňyz. Aslynda, gör, kim eken siziň adamlaryňyzyň kastyna çykan!» diýip, goýry tüssäni öz agasynyň üstünden kowjak bolup, janköýerlik edip oturyşydy. Ýüregi ýelli gelniň gepinden soň ýene-de ara susluk aralaşdy. Soňundanam söhbet wagty bilen gepler alşyp, öňki ýaly, aýallaryň diliň keýpi görýän göwnühoş gürrüňçilige öwrülip gidibermedi. Jemal mama özi üçin ýörite demlenen çaýyň soňuny käsesine syrkyryp içensoň, onuň ysmyk agrap duran kellesiniň agyrysyny syryp aýran ýaly edenini sypaýyçylyk bilen ýatlap turmak bilen boldy. Ol öý eýesi gelne: –Indi, gelin, galanyny gelinler bile özüňiz birzat edersiňiz! – diýip turmakçydygyny mälim etdi. –Mamasy, men nahar taýynlap otyrdym-a – diýip, öý eýesi gelin onuň entek oturmagyny isläp elewredi. Gidenleriniň pikirine berlen Jemal mamanyň, barybir, indi ol ýerde uzak eglenesi gelmedi. Ol: –Baraýyn, gyzlaram otdan gaýdyp gelendirler. Siz gelinler bolup, arkaýyn nesip etdiginden naharyňyzy iýiň, hezil ediň! Töweregi bolsa indi çakyr kapas yssy gaplap alypdy. Göýä ähli yssy asmandan ýere düşäýene meňzäpdi. Ýöne aýallar gyzyşyp, özara hezil gürrüňleri hem orta alyp, gollaryny çyzgaşyp, keçe güllänlerinde, ony bişirip basanlarynda buça-buça yssyňy dagy duýmaýardylar. Myhmanlar üçin atarylan nahar taýyn bolansoň, öý eýesi gelin ony oturanlaryň öňüne alyp bermänkä, bir okara salyp Jemal mamanyň yzyndan eltip berdi. * * * Kulakçylyga çekilenleriň salnan wagonlary Tagtabazardan saýlanyp Guşgy–Mary ýolagçy otlusyna tirkelensoň, ol şol günüň ertesi günortanyň öň ýanlarynda Mara gelip ýetdi. Otlynyň gelip duraryna mähetdel öňden wokzalda taýyn bolup, garaşyp duran esgerler halka gurap, ol wagonlaryň daşyny gabawa aldylar. Wagonlardan welin olary düşürmäge howlukmadylar. Otludan düşjek düşüp, goýjak goýup bolansoň, töwerekde märekäniň saýpal tapanyny görüp, diňe şondan soň olara düşmäge rugsat etdiler. Esgerler sürgünlere etmişleri üçin hakyky ýyl alyp bendilikde oturan adamlara seredişleri deýin, hamala, olaryň içinden amat peýläp, gaçyp-sypmagy ýüregine düweniň barlygyny aňaýan ýaly şübheli garaýardylar. Sürgünlere soňra goş-golamlaryny göterip, demir ýol boýy bilen ýöredip, wokzaldan uzak bolmadyk, Murgabyň etegindäki boşluk meýdana sürläp getirdiler. Bu ýer Ýolbarsly çaýhanasyna golaý bir ýer bolup, ol derýasynyň üstünden otly geçýän demir ýol köpri bilen onuň biraz demirgazyk-gündogaryndaky “Pyýada köpri” adyny alan ýene bir köpri aralygyndaky giňişden gelen atgaýtarym boş meýdandy. Murgap bu boşlugyň daşyndan oýtarlap, ýazylyp, ýaý berip akýardy. Pendiden getirilen maşgalalar özleriniň suw bähbitlerini arasyp, kenarda derýanyň alkymyndaky gum depejiginiň biriniň töwereginde halka guraşyp ýerleşdiler. Telim günden soň ýene-de aýallara ot ýakyp, ýanlaryna göteren gowurmalaryndan nahar-şor taýynlap, maşgalany yssy-gyzgyn bir zat bilen naharlamaga mümkinçilik döredi. Oguljuma gowurmadan goşunda göteren gazança salyp "çopan çorba" taýynlap, boldugyndan maşgalasyny naharlansoň, ýas-ýaňyja otdan alyp demlän tüňçesini, adamsynyň nahardan soň çaýy hiçneneň görmeýänini ýatlap, ýanynyň käsesi bilen uzatdy: –Çaý-a demini alandyr, akgasy! Orazgeldi goşuň çözülmedik bölegine ýaplanyp, tirsekläp, derýanyň aňry kenaryna göz aýlap, haýsydyr bir zada diň salýan ýaly bolup, oýurganyp otyrdy. Ol aýalynyň bir eli bilen uzadan çaýly tüňçesini göwünjeňlik bilen öňüne çekdi: –Saňa-da düýbünde bir käse galdyryn-da... –Içiber özüň. Men şularyň alaadasy bilen içirjek bolup, şu gezip ýören ýerimde suw-sölem içip ýörün. Sürgün adamlaryny azapdanam has beter edilýän zatlaryň düşnüksizligi, aňyrsynyň garaňkylygy darykdyrýardy. Adamlar özlerini gorpuň gyrasynda duran ýaly oňaýsyz duýýardylar. Aýallar şol bir ene-mamalaryndan bäri özlerine mahsus bolan kaýyllyk häsiýetlerine berlip, daş-töwerekde çagalary bilen bagly aladalaryna güýmenişip ýörüşlerine, öz adamlarynyň ýüzlerine aşaklyk bilen göz aýlaşyp, hal-ýagdaýlaryň neneň-niçikdigini özleri üçin anyklap alýardylar. Garynlary doýup, biraz dem-dynç alansoňlar, çagalaryň ýene-de nazary durlanyp, arzuw-höwese öwrülip, öz hezilliklerine dolananlygy belli boldy. Allanazar dagy eýýäm täze getirilenleriň deň-duş çagalary bilen dil tapyşyp, suwa düşüşip, kenarda "kowdum-gaç" oýnaşyp, Maryny göçüreýin diýip, gygyryşyp, gaçyşyp-kowşup, oýnaşyp, bazar gurşup, hezil tapyşyp ýördüler. Uzakly gün endiräp duran yssynyň içi bilen ýaltalaç süýnüp-sarkyp akýan derýanyň suwy diýseň ýakymlydy. Gün gijigip, howa biraz serginläp ugraýan-da bolsa, onuň gujagy sowamaga derek munuň tersine has mylaýym, has ýakymly bolýardy. Häzir derýanyň boýunda "taýçanak bolup", okkessirme çapyp, dünýäni unudyp ýörenleriňem biri-de Allanazardy. Oguljuma iki kiçisi bilen hymyrdanyp, gapdalyndaky Gully eminiň edinen gelni bilen pessaýja gürleşip oturyşyna, Allanazaryň ýüzüp, kellesiniň gyzgynyna birden kenardan daşlaşmagyndan howatyrlanyp, ony hem gözden salmaýardy. Töwerekde OGPU-nyň esgerleri gezmeleşip, gözegçilik çekişip ýördüler. Olar sürgünlerden ululara suwa girip, uzaga ýüzmegi gadagan eden hem bolsalar, obalarynda hezil edip suwa düşüp ýören çagalara bu gadaganlygy girizip bilmändiler. Olaryň kowan ýerinden çekilen çagalar ýene bir salymdan başga bir ýerden suwa girip, öz hezilliklerini täzeden dowam etdirip ugraýardylar. Ulurak çinlileriniň biri şonda: «Çagalar düşseler, goý, düşübersinler!» diýdimi-nämemi, soňra olaram çagalara azar bermelerini goýdular. Çagalara geregem şoldy. Onsoňam yssyda, gapdalyňdan hem beýdip derýa owsunyp akyp ýatyrka, daňaýmasaň, olary suwa düşürmän saklap bolarmy!? Orazgeldi daňdanlar özlerine tarap golaýlap gelýän adam hümürdilerini, aýak seslerini eşidip oýandy. Gijäniň etegi göterilip ugran hem bolsa, töwerek entek alagaraňkydy. Ol hümürdi eşiden tarapyna sereden wagty, bir ýerlerden ýene-de birtopar adam gelip, öz gapdallaryna goş düşürişip ugradylar. Agşam erkek adamlar ortada ýakylan uly oduň başynda gürrüňleşip, öz ýagdaýlary barada pikir alşyp oturypdylar. Orazgeldi ot başyndan gelende, çagalary hatar bolup, süýji ukuda ýatyrdylar. Asman gümmeziniň astynda birgowy bolup sallanyp ýüzüp ýören Aý häzir hut pendilileriň sürlüp barylýanyny eşidip, bilesigeljilik bilen olary synlap, hallaryndan habar almaga gelen hossara meňzäp seredýärdi. Orazgeldi eneli-ogul bolup, iki kiçini ara alyp ýatan Allanazaryň gapdalyndaky özi üçin goýlan bir bölejik ýerde süýndi. Dessine-de uka gitdi. Inisi Orazgylyjyň maşgalasynyň ýene-de iki-üç maşgala bilen özlerinden bölünip, Tagtabazarda alnyp galynmagy, onuň ýene-de yzyna, garrylaryň ýanyna gaýdyp barjagy bolsa Orazgeldide tama döredipdi. Ol öz ýanyndan Bally bolşewik bolup, olaryň arakhor adamlary bilen içişip, dost bolup, tirkeşip ýörensoň, «Bularyň birden-birini bir galdyraýyn» diýip alada edendir öýdüp, ondan gaýybana minnetdar boldy. Orazgylyjyň yza baryp garrylara, gyzlara eýe boljagyny ýatlap begenipdi. Uzak günem ol Orazgylyjyň oba barşyny, onuň gelmegine öýüň iki bolup bilmän begenişini göz öňüne getirip, oýlap, hoşhyýal bolup ümürläp gezipdi. Şonuň üçinem ol gelip, goş düşürip duranlary synlap: «Ýene Orazgylyç dagynam yzymyzdan getiren bolmasynlar? Şolarmyka?» diýip üýşendi. Eger şeýle bolsa, bu onuň köňül depesinde döreden islegli çarbagyny depeläp dargatjakdy. Ol alagaraňkyda bu gelenleriň ýüzlerini öňly görmese-de, gepleýiş kakuwlaryndan çen tutup, olaryň öň gören adamlary däldigine göz ýetirdi. Orazgeldi ýassyk edinip ýatan silkme telpegini eline alyp, silkeläp başyna geýensoň, ýüz-gözüni ýuwup, ukudan açylmak üçin, donuna çolaşarly bolup, eglibräk derýa boýuna indi. Ukudan doýmadyk gözleriň awusyny syzyp durşuna, aýasynyň ýeňsesini agzyna goýup, äňini ýazdyra getirip uludan pallady. Howada ýanyk ysyna meňzeş ajymtyk tüsse ysy bardy. Bu, elbetde, ozalagşamky çybyna edilen telim bir tüssäniň galan-gaçanynyň ysydy. Şeýdilmese, her gün garaňky gatlyşansoň, çybynlaryň derdinden bu töwerekde asla durar ýaly bolmazdy. Çagalar dagy ondan goranyp, bir gorsanmak gorsanypdylar welin, onsoň ulular mundan dynmagyň bir alajyny etmeseler bolmazdy. Töwerekden gowy tüsseläýjek alagury odunlar tapylyp, gallanyp, otlar ýakylypdy. Diňe şundan soň çybynlar biraz saýpal tapan ýaly bolup, ajy tüsse ýuwudýan bolsalar-da, adamlaryň janlary aram tapypdy. Orazgeldi derýa boýunda el-ýüzüni ýuwup ukudan açylyp otyrka, ýaňky aňyrdan gelenleriň birnäçesi derýany görüp, goşlaryny goýanlaryna mähetdel tebsireşip gelendiklerini mälim edip, goýun-guzy ýaly bolşup suwa indiler. Derýanyň boýunda çommalyp oturyp, goşawuçlap suw içýäni haýsy, ýüzin düşüp ýatyp ondan içýäni haýsy. Aňyrdan yraň-daraň howlukman ýöräp gelýän goja Orazgeldiniň gapdalyndaky boş ýerde çökdi. Köýneginiň ýeňlerini çyzgap oturyşyna: –Saglykmy, ýagşy ýigit?! – diýip, argyn ses bilen onuň beren salamyny aldy. Soňundanam sähel ýeňsesine öwrülip, ol ýerdäki gol dolduryp, goş basyp ýatan millete seredip, uludan hossaly dem aldy: –Ykbaldaşlar diýsene? –Şeýle bolýa-da... –Biz-ä, inim, Tejenden topladylar – diýip, goja elini ýuwup oturyşyna «Siz nireden?» diýen äheňde sözläp, ýuwaşja dillendi. –Bizem, aga, Tagtabazardan. –Hä, bu saryk garyndaşlardan bolýaňyz onda. –Murgabyň türkmen ýerine gelip girýän ýerindäki obalaryň birisinden. Bäş-alty günden derýa boýy her gün kowçum-kowçum edilip, sürlüp getirilýän sürgünlerden ýaňa hyň berdi. Atgaýtarym meýdan dar göründi. Gijelerine bölek-bölek bölünip ýakylýan otlaryň şöhlesi derýa ýüzüne düşüp, onuň etegi telim bir ýerden ot alyp tutaşyp barýan ýaly alawlap göründi. Sürgün etmek üçin ýelden-ykdan adam getirmek bolsa henizem dowam edýärdi. Hamala diýersiň, ähli türkmeni şu ýere toplap, soňundanam ýurtda adam goýman, tutuş millet başga bir ýerlere otlulara doldurylyp-doldurylyp göçürilip goýberiljege meňzeýärdi. Soň görlüp oturylsa, bu pikir ugrunda ýogam däl eken. Mara gelnenine bir hepde diýlende esgerler mähelläniň içine aýlanyp, ellerindäki kagyza seredip, at okap, bileräk ýola gitmeli adamlaryň her toplumyny bir ýerräkde aýratyn-aýratyn jemläp, soňam olary wagonlara ýükläp, ugratmaga äkidip başladylar. Sürgüne ataryjylar Orazgeldiniň adyny ýene-de Gully eminiň maşgalasy ýaly başga-da birnäçe tagtabazarly ildeşleriniň ýany bilen bile okady. Asmandan gün howur saçýardy, ýene-de onuň başy kölegesiz, girere sümelgesiz sürgün adamlaryny hezil edip ezjegi belli bolupdy. Heniz etegini doly ýygnap ýetişmedik ertir şemaly derýanyň üstüni balyk jyglymyny ýada salýan ownujak tolkunlardan doldurypdy. Ýola gitmeli edilselerem, Orazgeldi dagyny şol günem, şol günüň ertesem derekläp, sürgünleriň öz pikir edişleri ýaly, öňlerine salyp ugran bolmady. Ýogsam olar ýol şaýlaryny tutup, haçan diýseler göterilip ugraberer ýaly bolşup otyrdylar. Iki köpri aralygyndaky durmuş bolsa, ýene-de şol öňki hörpünde, adamlaryň ýykma-ýykylma ýarym ýabany ýagdaýy bilen dowam edýärdi. Töweregiň märekesi bolsa her gün getirilýän toparlaryň hasabyna hasam köpelýärdi. Adam bary daralan dünýäde hyň berýärdi. Orazgeldiniň maşgalasam şol günler ýanlaryna alynjak suw gaplaryny öňünden dolduryşyp, «ýör» diýlende, irikge etmän, turup gidibermäge taýyn bolşup oturýardylar. Oguljuma yssa näzijek teni tenip barýan Rahmangulujyk bilen Rahmannazary her gün derýa başyna eltip, suwa düşürerdi. Ol bu günem suw birneme mylaýymlaşandyr öýdensoň, ýene iki kiçisini alyp, suwa indi. Donuny çykaryp, Rahmangulyny gapdalragynda şonuň üstünde ýatyryp goýansoň, Rahmannazaryň elinden tutup, suwuň golaýyna getirdi. Soňundanam onuň ýuwulmagy islemän, «hyk-çok» edenine seretmän, geýimlerini çykaryp, bir eli bilen onuň elinden tutup durşuna, beýleki eli bilen suw alyp sypalap ýuwdy: –Ine, indi akja oglan bolduň. Meniň oglum indi hemmelerdenem ak bolandyr. Durdy dagy bolsa ýüzünem ýuwanok, onsoň ähli çybyn, siňeklerem onuň daşynda – diýip, ony söýünç bilen taryplady. Özüniň akja oglan bolanyna eselen Rahmannazar hem soňra begençli jedirdedi: –Ene, indi Ýahmanam ýuw, akja oýlan bolsun! – diýip, begençli peltekledi. Oguljuma Rahmangulynyň ilki biraz tenip gyzaryp ugran, agşamlaryna mahal-mahal ýag çalyp sypalaýan butlarynyň aralaryny onuň çarbaýlyk edip aglaýanyna seretmän ýuwuşdyryp päkizeledi, soňundan ol elleri bilen onuň saçyny, ýüz-gözlerini sypalaşdyryp serginlik etdi: –Haý, bezzat çaga diýsänim, näme aglaýaň? Il-ä saňa sergin bolar ýaly edýär, sen bolsaň... Gör, ana, Rahmannazary ap-akja oglan bolandyr görseň – diýip, buýsanyp durşuna onuň bilen uly adam bilen gepleşýän ýaly gürleşýärdi. Allanazar täze tapynan dostlary bilen derýanyň etegindäki bir boşlagrak ýerde çapyşyp, kowşup, alagoh bolşup oýun oýnap, hezil edip ýördi. Şol barmana-da birden onuň nazary, OGPU-nyň esgerleriniň ugratmak üçin beýleräkden turzup, toparlap, öňüne salyp, wokzala alyp barýan adamlarynyň arasyndaky bir oglanda saklandy. Daýanykly, goşuny münderläp daňyp, egnine atan bir adam dogumly-dogumly ädimläp, ak köýnekli, garaja balakly oglanjygaňam bir elinden tutup, gapdaly bilen ýöredip alyp barýardy. Allanazaryň ýüregi jigläp gitdi. Tanady. Ara esli baram bolsa, ýa şu pursatda kalby çawuş çakdymy-nämemi, zaluwat öz Kymyşlar tagmasyny tanady. Ol başga biri däl-de, on bäş günüň aýralygyndan soň, onuň eýýäm juda göresi gelen dosty Aganazardy. Bu ýowuz aýraçylyga Allanazaryň çaga ýürejigi kaýylam däldi, ýöne alajy ýokdy. Ol dostuny ýatlap, oňa mätäçdi. Haçanda ol: –Akgy jan! – diýip, dostunyň adyny tutup zowwam gygyryp goýberen mahaly onuň çaga sesi zarynlaýanyny mälim edip, howada endiräp gitdi. Soňundanam ol atylyp, adamlaryň arasy bilen şol sürlenip barýan adamlaryň yzyndan eňdi. Daýanykly pyýadanyň gapdaly bilen boýnundan torbasyny asyp barýan ak köýneklije oglan ýeňseden, bir ýerden öz adynyň tutulanyny eşidip, ol sesi tanap, aýak çekip, yzyna-yzyna gözledi. Bu Allanazaryň sesidi. Ondan başga kim onuň “Akgy jan!” diýip, öýde tutulýan gysga adyny tutup biljekdi?! Dostunyň gygyryp, özüne tarap gujak açyp, aňyrdan ylgap gelýänini görüp, Aganazar hem duran ýerinde dünýäni unudyp, birden ganat biten taýçanaga meňzäp gygyryp, oňa tarap topuldy: –Alla jan! –Akgy jan! Birsalymdan iki sany birmeňzeşje ak köýnek, ýany sary-gyzyl parawuzly garaja balak geýnip, bir-birlerine doganlarça çalym berşip duran oglanlar märekäniň ortasynda aglaşyp, bir-birleri bilen gujaklaşdylar. Bu ahwalat, iki sany aýrylyşmaz doganlaryň, hemişelik bir-birlerinden aýrylyşyp baryşlary bilen bagly ajy hakykat şol pursatda töwerekden görenleriňem kemsidilen göwünlerini lerzana getirdi. Boldy bir bozulyşyp aglaşmak. Aganazardyr Allanazaryň özleri bilen şolbir ykbala çolaşan adamlara hem häzirki pursatda aýra düşen öz dözmez mähribanlaryny ýatladany belli boldy . Oglunyň howsalaly sesini eşidip, oturan ýerinden oňa bir zat bolanlygyny pikir edip howlugyp laňňa turup gaýdan Orazgeldi adamlaryň hümerlenişip, bozulyşyp duran ýerine gelen wagty inisi Orazgylyjyň begençli ýylgyryp, Allanazardan bir zatlar sorap, ony gujagyna alyp duranyny görüp, öz gözlerine ynanmady. Orazgeldi özlerinden Tagtabazarda bölünip alnyp galynan inisini bu ýerde görenine ilki birhilirägem bolsa, soňundan onuň bilen bu ýerde duşanyna begendi. Ol geldigi tanap, harsa öz gujagyna dolan inisiniň ogly Aganazaryň başyny sypap durşuna, inisiniň kakasyny ýatladyp duran syratly keşbine, atýüzüne, syryma gelen saçyna seredip, onuň saçlarynyň etegine çal sepip ugranlygyny ilkinji gezek görüp, öz ýanyndan «Otuz ýedi ýaşda saçyň agarmagy irräk dälmi?» diýip, aladaly oýlandy. Ol näçe ýylgyran bolup, syr bermezlige çalyşsa-da, «kulakçylyga çekilip», göwnüne degleli bäri, sürgün bilen bagly aladalaryň inisinem juda siltänligini ýatlap, oňa nebsi agyrdy. Näbelli ykbal hakykatdanam hopukdyryjydy. Durmuş howsalaly hem garaňky, syrlylyk ýagdaýa geçipdi. Müňlerçe ynsanyň kalbynda ot döräp, onuň köräp duranlygy bolsa hakykatdy. Aga-ini duýdansyz duşuşyga biraz tolgunyşyp duruşlaryna saglyk-amanlyk soraşdylar: –Orazgylyç, saglykmy, başyňyz bitinmi? –Şükür, akga! –Sizem bu ýerde ekeniňiz-le? –Bizem birki günlükde getirdiler. Siz gaýdanyňyzdan soň bir otly arasy saklap, üstümizi ýetirip, bizem Tagtabazardan göterdiler. –Bä, men seni goýsalar, galaýdyňmykaň diýip bir begenipdim. Bally eýdip-beýdip bir ugruny tapandyr öýdüpdim. –Bu gezek, akga, Sowetiň çalyp tutuşy Bally-Sallyňa hezil berjege meňzemeýär. – Soň ol uludan demini alyp, haýsydyr bir edäýmeli hereketini etmänligine ökünýän ýaly: – Hä-ä, akga, yhlasymyza görä ykbal bolmady-da – diýip, bir pursat çytylyp, ahmyrly gürledi. Mähelläniň arasyny böltäp, bir ogluny elinde saklap, birisini gapdalynda ýöredip howlugyp gelýän Oguljuma göründi. Beýleräkde gaýynagasyndan ýaşynyp, mertebe saklap, golaý gelmän duran Amangül eltisini görüp, hamsygyp onuň öňünden çykdy: –Sizem bu ýerdemisiňiz, Rahman janyň enesi! – diýip, ony çagalary bilen bile gujaklady. Soňundanam Rahmannazary gujagyna göterip, aglap durşuna ony öwran-öwran mähremläp ogşady. Orazgeldi saglyk-amanlyk soraşylansoň, olaryň ugur-haly bilen gyzyklandy: –Sizi nirik alyp barýarkalar, onsoň, bular, Orazgylyç? – diýip, ýuwaş sorady. –Aý, Alla bilsin, akga. Bular-a islän ýerlerine sürüp ýörler, bizem gidip ýörüs. –Sibir diýlen, Syrderýa diýlen ýaly bir ýere äkidiljekmişin diýenem-ä bir gürrüň bar. –Belli zat ýok. Bileräk bolunaýsa-ha kem bolmazdy. Ýöne, hany, bular biziň diýenimizi etjekmi!? –Bular biziň bile bolanymyzdan bolmadygymyzy gowy görýäne meňzeýär. Aga-ini şindi saglyk-amanlyk soraşyp bolup-bolmankalar, aňyrdan eşidişip gelen obadaşlar, tanyşlar sundan soň olary öz gep-gürrüňlerine goýmadylar. OGPU-nyň esgerleri «Hany, ýöräň! Hany, goşlaryňyzy göteriň!» diýşip ugransoňlar, Kymyş duzçynyň ýat ýerde bir pursatlygam bolsa belli bir derejede öýdäkä meňzäp jemlenen maşgalasy ýene-de Watana gaýdyp gelmegi umyt edişip: «Bähbit bolsun! "Il bilen gelen – toý-da-baýram» diýşip, kalplary yzaly hoşlaşdylar. Töweregi dolduryp duran agyr märeke, gözleri girýan, bagyrlary birýan, Watandan aýrylmak bilen bagly pikire gark bolşup duran ýerinde leňňer atdy. * * * Orazgeldi daga sürgüne ugramak nobaty «Mara getirilenimize şu gün on gün» diýşip otyrkalar ýetdi. Gün öýläne ýagşy sanan hem bolsa onuň gyzgyny entek oňly gaýdyşmandy. Ýerden howur göterilýärdi. OGPU-nyň indi telim günden bäri daşynyň süri esgeri bilen sürgünleriň töwereginde beýemçilik edip ýören gaýyň ýaly gezelip duran uzyn boýly, ýanbaşy mauzerli ýolbaşçysy bir belendräk ýere çykyp, nobatdaky sürgüne atarylýan maşgalalaryň adyny okap durdy. Soňundanam, aňňal burnunyň aşagyndaky çekize çalnan ýaly bolup duran murtuny el ugruna sypap goýberdi-de: «Şu ady okalanlar goş-kötelini alyp, meniň yzyma düşmeli!» diýip, özi öňe düşdi. Agyr göç leňňer aldy. Orazgeldi keçe-ýorganlaryň arasyna ýanlary bilen eline alan geýim-gejimlerdenem dolap, goşuny münder edip, arkasyna aldy. Oguljuma azyk-külçeli haltany hopba edip arkasyna berkidip, bir eline Rahmangulujygy göterdi. Allanazaryň bir elinde ýaňyrak derýadan doldurylyp alnan suw gaby, beýleki eli bilen bolsa, tabşyrylyşy ýaly, Rahmannazaryň golundan berk tutup, ony gapdaly bilen ynjytmajak bolup, idirdedip ugrady. Rahmannazar şol gelşine-de çaga bilesigelijiligi bilen töweregi synlap, özüniň näzijek dili bilen sorag berip jedirdeýärdi: –Akga, öýümize gidýäsmi indi? –Hüm-m... –Agaýanaý akgam mamamyň ýanyna baýandyýmy? Otda münmän gidäýeli-dä öýümiýe... Onuň içi yss-a! Ululardan anyk bir jogap eşitmeýän-de bolsa, ol töweregine geňgalyjylyk bilen garanjaklap, oba gaýdyp barýandyrys öýdüp göwün çaglaýardy. OGPU-nyň hatyrjem adamlary sürgüne ugraýanlary wokzalyň sesýetimligindäki giňişlikde kerwen gurap duran ýük wagonlarynyň gapdalyna getirdiler. Adamlar ýola taýyn edilip goýlan wagonlary görenlerinden indi özleriniň bäri-bärde goýulmajaklaryna düşündiler. Töweregiň bolsa, märekesi barha köpelýärdi. Mary töwereginiň adamlary bu habary eşidişip, ikibir-üçbir bolşup, sürgüne ýollanýan öz dogan-garyndaşlaryny ýene bir gezegem bolsa görüp galmak üçin ýürek ezişip, aňyrdan howlugyşyp gelýärdiler. Gidýänler bilen hoşlaşmaga gelenleriň arasynda diwar bolup duran esgerleriň ýeňsesinden gelip, boýunlaryny süýndürişip, gözleri bilen sürgünleriň arasyndan öz mähribanlaryny gözleýärdiler. At tutup, ikiýana elewreýänlerem bardy. Gijöýlänler at okalyp, maşgalalar wagonlara mündürilip ugraldy. Elleri ýaş çagaly çyrlaşyp otla münüp barýan aýallary, näme-näme bolýanlygyna heniz oňly aň edip bilmeýän çagalaryň boýunjyklaryny uzadyşyp, töweregine delmirip, haraý isläp seredişini gören adamlar öz ýanlaryndan gyýlyp-gynanýardylar. OGPU-nyň esgerleri mahal-mahal sürgünler golaýa gelinmegini halamadyk, şatyladyp toýnak salarly görünýän atlara meňzeşip, çytylyşyp, abaý-syýasat bilen leňňer atyp, ýeňseden sokulyşyp gelýänleriň gahar bilen badyny alýardylar: –Eý, hany, dolan yzyňa! Nirä gelýäň süssenekläp? –Dogan gidip barýar, dogan... –Çekil, kulakdan proletariata dogan bolmaz. Çekil, ýogsam, tüpeň gundagy ýeňsäňe gütüleýär! –Bulary nirik sürgüne äkidýäňiz aslynda? –Ýeriň tükenen ýerine. –Ýeriň tükenen ýeri bolanda nire bolýarka? Wagonyň içi giňiş ýaly bolsa-da adamlar münşüp-gonşup, goşlary bilen ýerleşensoňlar, ol hamala kiçelip, daralyp barýana meňzedi. Onuň içi öň boşdy hem hamala at daşalan ýaly, onda ajy at tezeginiň ysy bardy. Orazgeldi aýalydyr goş-kötelini öz pendilileri bilen bir sylgymrakda ýerleşdirensoň, Allanazar bilen ýene gapynyň agzynda hüwmek bolup duran adamlaryň arasyna geldi. Ol ýerde Mary töwereginden dogan-garyndaşlaryny ugratmaga gelenler sürgünleri bilen hol beýlede duran ýerlerinden gygyryşyp hoşlaşýardylar. Hamala, öz sesleri özüniňkilere aýratyn, göni, ähli sesleriň içinden saýlanyp barýanyna ynanýan ýaly birek-birege ses berşip, gözi girýan bagry birýan bolup duruşlaryna gykylyklaşyp, üstaşyr gepleşýärdiler. Sazanaklaşyp bir ýerde durup bilmän, gaçyp barýan şagal ýaly, bir onda-bir munda gygyryşyp, elewreşip ýörenlerem bardy. Adamlaryň nämälim ykbala gidýän dogan-garydaşlaryny, olaryň çagalaryny ýene az salymlygam bolsa, göterilip gitmänkäler bagyrlaryna basasy gelýärdi. Allanazar gapynyň öňüne gelende, öňräkde özüniň ýaňyrak tanşan dosty, başy jambörükli Çolugyň kimdir biri bilen boýnuny süýndürip gepleşip duran kakasynyň donunyň synyndan ýapyşyp duranyny gördi. Gysylyşybrak ýöräp, adamlaryň arasy bilen onuň golaýyna bardy. Çoluk dostuny görüp, ýylgyryp, gobsunyp, oňa-da öz gapdalyndan orun berdi. Çolugyň kakasy gönüde duran başy çöwürmeli, tegelek ýüzli aksakgal goja bilen gürleşýän eken. Onuňam ýaňyrak geleni duýlup, ýüzünden burçak-burçak der syrygýardy. Ol tolgunyp hem gyýlyp gepleýärdi: –Ana, gitseňiz, sag-aman gidip, sag-amanam yzyňyza gaýdyp geliň! –Diýeniňiz bolsun-da hernä, Mergen däde. –Şeýle-de bor, enşalla! Çolugyň kakasy mahal-mahal kimdir birine garaşýan ýaly, gürleşýän adamyň ýeňsesindenem ýene-de bir ýerlere hyrydar seredibem goýberýärdi. Allanazar dostunyň ýanynda jaýlaşansoň, olar bir-birleriniň ellerinden tutuşdylar. Şu "jynalyşma" diýen zat barmy-ýokmy Allanazar bilen Çoluk duşuşanlaryndan birhili gepleri alşyp, höwrügip gidiberipdiler. Çoluk oňa derýanyň boýunda otyrkalar: «Allanazar, biziň öýümiz bu ýerden kän uzagam däl. Derýanyň pyýada köprüsinden geçip, bazara barýan ýol bilen gidiberseň, gidiberseň ikinji Gökjä ýetýäň, ondanam Abdylla işanyň metjidinden geçenje ýeriňem biziň öýümiz-dä» diýip, oňa öz öýleriniň aňsatja tapylýanlygyny aýdypdy. Haçanda Allanazar özüniň nireden gelenligini aýdan mahaly bolsa ol: «Baý-ba, daş eken-ow öýüňiz!» diýipdi. –Mergen däde, onsoň, hany, biziň Berdi gelmedimi? –Siziň gidýäniňizi menem ýaňy eşitdim. Eşidibem duran ýerimden atlanyp, basdym eşegiň gerşine temlemyhy. Baryň aýdyň, «agasyny Marydan göterýämişler» diýip, onuň işleýän ýerine-de oglan ugratdym. Belki, geler. –Ol düýnem gije derýadan urup geçip, esgerleriň gözüne güýdüşip, bir horjun gök-ak getirip, birsalym ýanymyzda oturyp gidipdi. –Eşitse-hä, iki daşyň arasynda bolsa-da, gelmeli ol. –Hym-m... – diýip, Çolugyň kakasy ýene töweregine ynjalyksyz nazar aýlady. Marynyň depesinde niredendir bir ýerden çaňjaryp duran goýry tozan buludy peýda bolupdy. Tebigat haýsydyr bir ýakymsyzz hyýala münene meňzeýärdi. Aýralyk bilen bagly ýakymsyz pursady başdan geçirýän adamlaryň sözlerinde argynlyk bu zatlara maňzynyň oturmaýanlygyny mälim edip, näumyt eşidilýärdi. Wokzal jaňy kakylandan soň, otly silkinip, jygyldap, özüniň basyksy sesi bilen az-küç ýük äkitmeýänligini mälim edip, duran ýerinde çaýkandy. Otlynyň parowozy allowarada bir ýerlerde güňlenç hokrandy. Adamlar henizem wagonlaryň agzynda çogşup, hamala «hä» diýmän, kimdir biri aňyrdan ýetişip, otlyny saklap: «Hany, düşüň!» diýip, özlerini alyp galaýjak ýaly, töweregkden haraý gözleşip durdular. Şolarada birdenem kakasyna söýenip duran Çoluk bir tarapa goluny uzadyp, aňyrdan ylgap gelýän adamy tanap, şatlykly gygyryp goýberdi: – Kaka, ana, Berdi kaka, Berdi kaka... Aňyrdan indi adamlaryň arasyny böltäp, hamala ellerini kürekledip, ýüzýän ýaly bolup gelýän daýaw, süňkbaşy iri adam göründi. Ol inisiniň tanyş sesini eşidensoň, hasam öňe dyzap, öňündäki adamlary depeläp geçerli göründi. Şol gelşine-de: –Çoluk, Çoluk jan, inim! – diýip gygyrdy. –Berdi kaka, hoş galyň! – Çolugyň sesi gozganyp ugran otlynyň gapdaly bilen agy gatyşykly eşidildi. –Kümüş gelneje, agam... Çoluk jan!.. Onuň bolşy elden çagasyny aldyran, indem ony bir ýol bilen alyp barýanlaryň ellerinden almaga synanyşyp, ha eýleden, ha beýleden çyrpynyp, hüjüme geçýän ahmyrly ene möjege meňzeýärdi. –Berdi kaka! Biz Marymyza ýene-de gaýdyp geleris... Çolugyň agy gatyşykly sesi indi barha batlanyp ugran otlynyň tekerleriniň güňlenç sesiniň arasyndan eşidildi. Otlynyň gapdaly bilen ylgap gelýän Berdiniň soňky sözüni barha batlanýan otlynyň şakyrdysy soňra eşitdirmedi. Müňlerçe adamyň öz mähriban Watanlaryndan aýaklaryny üzenligi belli boldy. Wagonyň içinde aýallaryň ykbala kaýyllyk bilen aglaýan birsydyrgyn pessaý agysy peýda boldy. Arman bilen ýaşmaklar dişlenildi, ýumruklar düwüldi. Şol arada hesretini kalbyna sygdyryp bilmeýän adamlaryň biri duýdansyz aýdyma zowlatdy: – Maru şahu-jahan, eý, asly mekanym. Köp döwranlar sürdüm-ow seniň üstüňde... Adamlar bir pursat böwürlerini diňleşip, ünse öwrülişip, soňra ýetişen-ýetişen ýerlerinden bu aýdymy alyp göterjege meňzediler. Aýdym diýseň ýürekdendi. Bu aýdymy mundan ýüz ýyla golaý ozal Gara şahyryň öz neberesi bilen Marydan çekilip gitmäge mejbur bolanda aýdan bagyr paralaýjy hoşlaşyk aýdymydy. Bu aýdym şondan bärem her gezek onuň halkynyň Mary bilen hoşlaşmaly bolanda, onuň kalbyndan harasat bolup göterilýän beýik aýdymdy. Ol gadymy şäheriň ölmez-ýitmez Gimnine öwrülipdi. Özi-de henizem şol öňküsi ýaly juwan hem kuwwatly ýaňlanýardy. Ömürbaky başy gowgaly Marynyň depesini bu gün ýene-de töweregiň gijä sanyp ugran garaňkynyň hesretli ümri gaplady... | |
|
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |