12:17 Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy | |
Gully emin bu soragyň beriljekdigini pikir eden hem bolsa, özüniň oňa näme jogap berjekligini heniz aýgyt edip bilmändi. Sebäbi hanyň geçiren gepleşiginden soň Bürgüdiň yrsaramasy hasam artypdy. Şol: «Oglum ýerine siýýär» diýip, molladan doga alanyň oglunyň ertesi has ulujasyny edişi ýaly, Bürgüdiňem edýän hyýanaty artmasa, azalanokdy. Bu meselede Jüneýit hanyň özem Gully emin birde bolmasa, ýene bir amaty gelende: «Han aga, goňşular bilen arany sazlap berdiňiz, Taňry ýalkasyn!» diýerem diýip otyrdy. Ýöne Gully emin, hamala, eden haýyşy ýadyna düşmeýän ýaly, wagty bilen hana minnetdarlyk aýtmaga howlukmandy. Gully eminiň özi, gaýta, onsuz-da aladasy, agyrysy az bolmadyk hanyň üstüne öz aladasyny hem gatanyny ýatlap, ony kyn güne goýany üçin öz ýanyndan müýn çekip: «Indi azar bolmaýyn. Başa gelenini görübermeli borus-da» diýip ýördi. Hanyň özi bu barada dillenensoň, oňa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýtmak gerekdi. Onuň başga hili däl-de, öz soragynyň anyk jogabyny eşitmegi hökmandy. Gully emin: –Han aga, onuň alyhezretleri entek Bürgüt bilen gepleşik geçirmäge ýetişmändir öýdýän – diýip, sypaýçylykly geplemäge çalyşdy. Hany Gully eminiň gürrüňiniň oýlandyranlygy belli boldy. Ol gözüni süzüp, sakgalyny sypap oturyşyna: «Agzybirlik bolmasa-ha, ynjalyk bolmaz» diýip, näme hakda pikir edýänligini aňdyrman, tapmaçaly gepledi. Haçanda ol ala säher bilen atlanyp durka, özüni ýola salyp ugradyp duran Gully emine: –Sen ýanyňa özüňe gerek üç-dört adamyňam al-da, indiki jumada, guşluk töweregi gala bar! – diýip, “galanynam şol ýerde görüberýäs, ol ýerde menem bolaryn” diýen äheňde biraz çetine deglenligini hem mälim edip, hanlarça talaply gepledi. Şundan soň owgan Bürgüdi bilen alnyp barylýan ylalaşyk baradaky gepleşigiň täzeden ýeneki bir öwrüm alyp ugranlygy belli boldy. Onsuzam Gully emin Jüneýit hanyň boýun aldym eden işini orta ýolda goýmajagyna hem ynanýardy. Wagt bolsa atly ýaly geçip durdy. Eýýäm gala barmaly günem gelip ýetdi. Gully emin ol ýere özi bilen gepleşige alyp gitjek adamlarynyň hersi barada, olaryň gylyk-häsiýet¬lerinden, hal-ýagdaýlaryndan çen tutup, mertebeli gepleşige möhüm, gerek bolanda bir gädigi saklap biläýjek, degerli adamlary ildeşleriniň arasyndan saýlamaga çalyşdy. Onuň ilkinji ýanyna ýoldaş edinesi gelen adamsy Şirek hajy boldy. Şirek hajy Mekgä gidip, ol ýerden hajy bolup gelen mertebeli adamdy. Derýanyň iki tarapynda hem onuň uly sarpasy bardy. Il içinde ol musulman dininiň ylym-paýhas derýasynda ýüzüp, onuň suwuny ine-gana içip ganan adamlaryň biri hasap edilýärdi. Halk arasynda onuň ylahydaan berlen keramaty bilen bagly oýlandyryp, böwrüňi diňledýän gürrüňler hem bardy. Bir gezek bir owgan adamsy töweregi çopansyz sürüden bir işşegi ogurlap alaýmazmy. Ol goýnuň etini iýensoň, kem-kem çişip ugrapdyr, onuň bir belanyň üstünden barany belli bolupdyr. Ogry bolsa çişip, barha deprek bolup gidip barýamyş. Onuň gep salgyndan, kimiň goýnundan alnandygyny bilen adamlar şonda oňa: –Häzir tiz git-de, hajy agadan ötünç sora! Töweregi eýesiz ýaly-da bolsa, ol gurbany gitdiklerimiň halal malyna el urup bilýän ýokdur. El uraýsa-da, seniň ýaly, şeýdip, bir bela tapýandyr. Örän tiz git-de, etegine ýykyl, ýogsam ýarylyp ölersiň – diýipdirler. Owgan adamsy elem-tas bolup ýanyna gelen mahaly, Şirek hajy «Hä, nädäýdiňkäň?» diýen manyda sähelçe bir ýylgyrypdyr. Soňam ony bagyşlap, haýsydyr bir güýçli dogany Taňra berlip okapdyr welin, ogrynyň garnynyň çişi şundan soň gaýtmak bilen bolupdyr. Şondan bäräm goýun ogurlap, göz gören owganyň «Atam» diýip, hajy aga bilen maşgalaly gatnaşyp ýörenini il görüp ýördi. Ol halys Alla, dini taglymatlara berlip: «Allanyň halanydyr, ondan bidin çöp başy gymyldamaz» diýip hasap edýänligi üçin, beýle zatlara asla-da aňsat baş götermezdi. Ýöne Gully emin il bähbidini goramagyň pygamberleriň öz ymmatlaryna wesýet edip giden agzybirligidigini ýurt bähbidi bilen baglap, ony özüne ýoldaş edinip biljegine ynanýardy. Onuň Owgan Bürgüdi bilen ylalaşyk gazanyljagyna bolan ynamy şeýdibem barha berkärdi. Şeýle-de Jüneýit han ýaly gaýratly serkerdäni, Şirek hajy ýaly Taňrynyň pygamberler zybanyna beren paýhasyny öňe tutunyp baraňsoň, onuň asla başgaça bolmaga-da haky ýokdy. Bu aladanyň bir ýanynda dawa-şer bolansoň, her hili ýagdaýyň bolaýmagy mümkindi. Onda-da garşydaşyň öz güýjüne baýrynýan, seni-de şeýlebir äsgerip, alga alyp-da barmaýan mahalynda. Şeýtan ara düşüp, taraplaryň sözleri azaşyp, Bürgüt adamlarynyň dyzanyşyp, garaşylmadyk ýagdaýda ýaraga ýapyşyp, toparyň ahmallygyny almagy-da daşda däldi. Gully emin şeýle desbi-dähel gerek bolanda özüne derkar adam hökmünde Sary batyry saýlady. Ol taýpalar çaknyşyp, gaçylyp-kowlan döwürde, derýa üstünde gurlan ýylgyn köpriniň öňüni bir özüniň gorap, aýal, oglan-uşagyň geçmegine mümkinçilik döredenini ýatlady. Özüne-de şeýle gerek wagty edermenligini ýene bir gezek görkezip biljegine ynanyp, ony hem özüne gerek adamlaryň hasabyna goşdy. Gully eminiň kalbyna diň salyp, pikir edişine görä, bu gürrüň taraplaryň hiç birisi üçinem ýeňil-ýelpaý mesele bolmaly däldi. Şonuň üçinem, onuň nähili öwrüm alaryna garaşsaň garaşybermelidi. Gully eminiň özüne ýoldaş edinesi gelen üçünji obadaşy Ýalkap sypaýydy. Oňa il içinde Ýalkap mylaýym hem diýýärdiler. Ol her halda sowukganlylygy saklamagy oňarýan adamdy, onuň taraplaryň gepleri alyşman, hersiniň gürrüňi bir ýerden çykyp ugran mahaly, sypaýyçylyk bilen ol gepleri dolap, bir ýere jemläp, ýene-de parahat akaba salmak üçin gerek boljagyny pikir edýärdi. Käte ýerinde aýdylan mylaýym hoş sözüň, tutuş gepleşige täsiriniň ýetýändigini Gully emin il öňüne düşüp ýöreli bäri göre-göre gelýärdi. Galyberse-de, owgan adamlaryna çalym berip duran Ýalkap mylaýymyň gepleşik geçiriljek tarap bilen gan garyndaşlygy hem bardy. Onuň enesi belli owgan şasy Ahmet şa Dürranynyň degişli bolan abdal taýpasynyň gyzydy. Ol Hyratdaky daýylary bilen ýakyn garyndaşlyk gatnawyny edip ýören, enesinden öwrenen owgan dilinde türgen gepläp bilýän abraýly adamdy. Gully eminiň ýene bir göwni Kymyş duzçyny hem özüne ýoldaş edinip, galada boljak maslahata alyp gitmekdedi. Onuň gerek ýerinde hiç kimden ýüz görmän-gapyrga syrman aýdyp bilýän soňuny saýmaz gönümel gepi bardy. Ol ýerde şeýle gepiň hem gerek bolaýmagy gaty mümkindi. Ony bolsa Söýünalyda başga kişi däl-de, diňe Kymyş duzçy aýdyp biljekdi. Emma bu gönümelligiň işi has bulaşdyraýmagy hem juda ahmaldy. Onsoň äsgermezlik bilen kükreginden itilen ýaly bolan garşydaşlaryň şundan soň öz bähbitlerini araşyp, has öjügmekleri hem daşda däldi. Bu pursat gepiň ýerini bilip, seresaply geplemegi talap edýärdi. Hany, onsoň, sen tap-da tapyp bilseň, öňküje halyňam?! Şonuň üçinem Gully emin Kymyş duzçyny ýoldaş edinip gala gitmek meselesinde birbadaa ikigöwünli boldy. Emma Gully emin soňra telim bir ölçäp-döküp, maslahata Kymyş duzçynam alyp gitmeli diýen netijä gelipdi. Onsoňam näme üçin ony topara goşmaly dälmişin!? Gönümel gepiň kesdi çekip, onuňam gerek ýeri bolar. Onsoňam şunuň ýaly il-ýurt bähbidi orta düşen geňeşe Söýünalydan Kymyş duzçyny goýup, kimi äkitjek? Ol ýerde näme boljagyny aslynda Alladan başga öňünden bilýän barmy näme? Gully emin dagy birnäçe günden, il içinden öz ýanyna ýoldaş edip alan adamlary bilen Jüneýit hanyň: «Gala bar» diýip, belläp beren güni ir ertir bir kowçum adam bolşup ýola düşdüler. Ertiriň säheri asudady, howasy tereňdi. Atlylar derýanyň ýalpagrak ýerlerinden atlaryny salyp, gaýraky kenara özlerini atansoňlar, ikibir, üçbir özara gürleşip baryşlaryna alysdan seleňläp görünýän Bürgüt galasyna tarap ýöriş etdiler. Derýanyň gapdaly bilen töweregi gamyş-gajrawly jeňňel ýoly uzalyp, birde derýa ýakyn gelip süýkenip, ýene birde ürken at ýaly oýtarlap daşlaşyp gidýärdi. Gala seleňläp görünýän-de bolsa, ol görnüşi ýaly ýakynda däldi. Oňa ýetmek üçin eşekli eşegini, atly atyny birmeýdan ýagşy debsilemeli bolýardy. Özi-de ulaglary gyssap sürüp, tizräk oňa ýetjek boldugyňça-da, gala hemişe diýen ýaly depesinde irkilip duran gara tugy bilen, barha aňry çekilýäne meňzeýärdi. Söýünalylaryň gelenine mähetdel derwezäniň öňünde garşylamaga goýlan adamlar ýerli-ýerden myhmanlaryň atlaryny tutuşyp, soňra olary özleriniň yzlaryna düşürip, Bürgüdiň huzuryna alyp gitdiler. Bürgüt bu ýerde biraz mundan öň gelip düşen Jüneýit han bilen özara mesawy gürrüň edişip otyrdy. Jüneýit han bärden baran ildeşleriniň salamyny alansoň, olaryň hersi bilen elleşip görüşdi. Gelenlere, näme üçindir, beýle sarpanyň han tarapyndan goýulmagyna düşünmedik, aýbogda¬şyny gurup, öýüň törüni eýemsirenip oturan Bürgüt hem içinden bu gelenleriň arasynda musulman bolsaň, togap etmeli adamyň barlygyny pikir edip, Jüneýit hana meňzäp, ol hem gelenler bilen biraz üýşenme bilen mertebeli görüşdi. Gelenler özlerine goýlan ýerde, garşyda ýaý berşip ornaşansoňlar, kyn gürrüňi “alaman öňüni serdary başlar” edip, ýeňiljek ardynyp, serdaryň özi Jüneýit han başlady. Ol ilki häzir döwür-döwranyň çaýkanyp, hanasyndan daşyp çykarly bolan ýagdaýdygyny, aýagyň baş, başyň aýak bolup, dünýä hasabynyň bulaşanlygyny nygtady. Onuň möwjüniň musulman milletlerini hasam kyn güne düşürip, gün-güzeranyň juda pese düşenligini hem ýatlady. Musulmanlaryňam häzirki ýowuz döwürde «Ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görer» edişip, bir-birleri bilen erşip, özleriniň ozalky agyr ykballarynyň ýüküni hasam ýetirýändiklerini, bizem häzir muňa meňzeş bir alada bilen şu ýere ýygnanyşdyk diýen manyda öz gürrüňine öwrüm berip, töwerekden aýlady. Ol geplände töwerek sähelçe baş atyp, onuň sözüniň manysyny özleriçe tirişip, makullap otyrdy. Jüneýit hanyň gep saluwy häzir diňe bir söýünalylaryň meselesini hem däl-de, tutuş dünýä meselesini şu oturan ýeri bolan Bürgüdiň galasynda çözäýjege meňzeýärdi. Bu, elbetde, tapmaça gatylan, entek aňyrsynyň nireden urup çykjagy häzir-ä belli bolmadyk, şol bir wagtda hem böwrüňi diňledýän ýerlikli gürrüňdi. Jüneýit han gürrüň arasynda elleriniň biri bilen käte sakgalyny gysymlan ýaly edip, sypalap goýberýärdi. Gürrüňiniň bir ýanyndan oturanlaryň hemmesine degişli bolan musulman dinini hem goýman, ol parahat gürleýärdi: –Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle agyr günlerde musulman ymmatyna öňküdenem bäşbeter bir-birleri bilen dostlukly-agzybirlikli bolmagy, musulmanlara birek-biregi goldap ýaşamagy maslahat beripdir. Şeýle bolanda ähli agyrlyklaryň ýeňil geçjekdigini, ondan aman-esen galyp boljakdygyny ýatladyp, paýhas edipdir. Bu sypaýyçylykly gürrüňler, häzir, söhbedi sepleşdirmän, gaýtam-a näme üçindir, aýdylaýmaly gep aýdylman, ätiýaç bilen onuň töwereginde aýlany¬lyp durlana meňzeýärdi. Häzirki wagtda Bürgüd-ä edip bilen garagollugyny edip ýörkä günäsiniň üstünde ele düşen oglana, gepleşige gelenlerem, elinden tutup, oňa beýtmegiň gowulyk däldigini duýdurýana meňzeýärdiler. Şol bir wagtda-da onuň soňra has eýmenç işler etmeginiden çekinip, ona ýalbar-ýakar edýän adamlara öwrülipdiler. Bürgüt geplemän, oturan adamlaryň depesinden seredýän deý, her gepiň manysyny tirýänden bolup: «Hany siz bir gepläp boluň, onsoň meniňem bir etjegim bardyr» diýýän ýaly düňrelip otyrdy. Adamlar soňra onuňam gürrüň arasynda bir zat diýerine garaşdylar. Bürgüt bolsa hamala muny bilýän ýaly, erjel dymýardy. Gully eminiň soňra biragyzam bolsa Bürgüdi gürrüňe gatmak üçin Söýünaly obasynda iki sany, daşlary göwnejaý dişelen, beren dänäňi ýüpek ýaly una öwrüp duran harazyň barlygyny aýtdy. Gerek bolsa, onuň owgan obalaryna-da hyzmat etjegini, özüniňem bu meselede ýakyndan oňa ýardamçy bolup biljekligini ýatladyp, Bürgüdi hoş söz bilen gürrüňe goşmaga eden synanyşygy-da ony imrindirmedi. Bürgüt diňe öz gapdalynda oturan Jüneýit han geplän mahaly ýarylyp-ýyrtylyp, oňa zordan «hä» berýärdi. Gelenler Bürgüdiň bu garalyp-bürelip oturyşyndan çen tutup, Bürgüt bilen özleriniň ylalaşyk gazanyp bilmejeklerine, hatda Jüneýit han ýaly mertebeli adamyň hem bu meselede özlerine kömek edip bilmejegini pikir edişip, lapykeç bolşup ugradylar. Gürrüňiň niresinden goşuljagyny bilmän, aramyjan bolup oturan Ýalkap mylaýym: –Mertebeläp, ýanyna gelip, gaýtam, bu zaňňary özümize öjükdiräýdigem öýdýän? — diýen wagty, onuň mylaýym pessaý sesi aladaly eşidildi. Jüneýit han tapa salyp, aýlawly geplese-de, öz aralarynda öň bu mesele bilen bagly ikiçäk gürrüň bolanyndan soň, Bürgüt hanyň gönüläp diýmese-de, näme diýjek bolýanyna aňryýany bilen düşünip otyrdy. Bu onuň: «Gowulyk bilen ýakadan eliňi aýyr, Bürgüt, halky öz gününe goý, yrsarama!» diýdigidi. Han bolup il öňüne düşüp gelenligi üçin, onuň gep saluwynda haýyşam bardy, talabam. Jüneýit han sözüni tamamlansoň, Gully emin pursatdan peýdalanyp, Bürgüde öz ýany bilen peşgeş bermek üçin getiren düýp halysydyr bir düwünçek kümüş pullaryny merte¬beläp oňa gowşurdy. Bürgüt sowgady biraz geňirgenip, hamala etmeýän işini edýäne meňzäp, düýrügibräk agras kabul etdi. Gully eminiň pikiriçe, bu peşgeş, sergin suw bolup, Bürgüdiň gyzyp, çişip ugran ýüregini köşeşdirmelidi. Oýmur-oýmur bolup kalpda dörän çukur-näsazlyklary öz hümmeti bilen sypalap ýumşadyp bitirmelidi hem bu gürrüňçiligiň bütin dowamynda gönençligiň ýakymly tolkunlary bolup, häli-şindi onuň göwün kenarlaryna mylaýym tolkun bolup çaýylyp, ýuwup durmalydy. Bürgüt ýumşaşmalydy. Şirek hajy geplemekçi bolan wagty, ygtyýarsyzlyk bilen agzyny tutup üsgürinjiredi. Töwerekdäki oturanlaryň hemmesiniň ýadyna olaryň musulman ymmatynyň bendeleridiginii ýatlaryna salyp, sözi ýer alar ýaly täsirli geplemäge çalyşdy. –Gudraty güýçli Taňry agyz-dil birligini bersin, ähli musulman ymmatlarynyň kalbyna gowulygy guýsun-da hernä özi. Allatagala rysgal-döwlet berende hem ilki ony özgelere däl-de, goňşulary, il-güni bilen agzybirlikde ýaşaýan öz ymmatlaryna: «Al, gulum!» diýip eçilermişin. Pygamberimiz hezreti Muhammet aýdar, ki hadysdyr bu, musulman musulmanyň doganydyr. Ýene-de aýdar, ki goňşusy aç bolan musulman öýünde dok bolup bilmez. Musulmanlar tä bir-birlerini söýýänçäler, hakyky musulman bolup bilmezler, hakyky, hadysdyr bu... Emma Şirek hajynyň düşünişilmegini isläp musulmançylygyň aňrybaş mukaddesliklerine tutunyp aýdan gepiniňem Bürgüdiň toparynda şundan soň gaýta "Bu zatlary eýsem biziň özümiz bilmeýäsmi?" diýýän ýaly ýüzlerinde badyhowadan, tekepbir ýaňsyly ýylgyrma peýda boldy. Gully emin hem şundan soň netse-de öz edýän tagallalarynyň ýerine düşüp barmaýanlygyna düşünip ugrady. Emma ýöne welin näme edeňde gowy boljagy barada pýlansa-da, wagty bilen muňa aýgyt edip bilmedi. Bürgüdiň toparynyň ylygyp, gep-gürrüňe gatylybermän hondan bärsiräp, diňländen bolup oturmalary soňa baka söýünalylylaryň hem äsgermezlik hökmünde çetlerine degip ugranlygy duýlup ugrady. "Nedende nä borkan?" diýip oturan Sary batyr soňabakan ugrugyp barmaýaan gepleşigiň öwzaýyny halaman, oturan ýerinde ynjalyksyzz oýkanjyrady. Onuň bu ýagdaýa äjennesiniiň atlanyp ugranlygy belli boldy. Mylaýymyň özi gepe gatylsa, henizem bu ýagdaýa hoş söz bilen täsir edip boljagyna ynamy bbardy. Ol häli-şindi sakgalyny sypalap, edilýän gürrüňleri diňläp oturyşyna, oňa öz sözi bilen gatylmak üçin derýa at salmak islegi bilen kenaardaa onuň ýalpagrak güzerinii, amatlyrak ýerini gözleýän atly deý, amadyny alyp, gapdalyndan gürrüňe goşulmaga çemelenýärdi. Söýünalylylar Jüneýit han ýaly adamy arka tutunyp, öňlerine salyp gelensoňlar dagy Bürggüt özlerini beýle gaarşylar öýütmändiler. Kymyş duzçy toparyň bir çetinde, Gully emindir jüneýit hannyň sysat edişlerini oňly göwnüne jaý edip bilmän, küýlenip düýrügip otyrdy. –Gully emin, käşgä, sen bu Bürgüdi tanaamaýan bolsaň!? Gözi gyzaran Bürgüt siziň gepiňizi aňsat alga alarmy!? Parahat syýasata ol aňsat düşünýän, düşünesi gelýänem däldir. Onuň bilen düşünişmek üçin ýa zor gerek, ýa-da zer. Ýogsam bolsa ol aňsat saňa-maňa düşünişjek adammy!? Burnuny talawladyp, gör, hondan bärsi bolup uturyşyny!.. Gully emin iliň öňüne düşen adam hökmünde häzir özüniň ýol kesmelidigine düşünýärdi. Ýöne köp halatda gyssagarada bolşy ýaly, häzirki pursatda başga-da bir göwnejaý pikirem kellä gelibem barmaýardy. Onuň häzir ähli tamasy Jüneýit handady. Ýene birde bolsa ol Jüneýit han ýaly uly adamy özüniň bähbidine edilmeli işe goşup, ahyrynda-da iş bitmän, ony hana gelişmeýän uýada goýanyny hem müýn bilen pikir edýärdi. Bürgüt tekepbirlik, äsgermezlik edip, dartgy-çekgä gelmedik ýagdaýynda ikarada öňde-soňda çözülmän goýulmaljak mümkin bolmadyk bu meseläniň ýene bir ýol bilen orsuň ýagdaýyny tapyp, şonuň ýowuz ýaraglarynyň üsti bilen gan dökülip çözülmeli bolunjakdygyny hem oý edýärdi. Ikitaraplaýyn gepleşik şundan soň oturanlaryň pikir edişlerindenem has tiz gutardy. Geplemän oturan adamyň näme pikir edýänini bilip bolmaýşy ýaly, ony gürrüňe goşmagam kyn bolar eken. Bürgüdiň gapdalynda başy seleň selleli, pes boýly, tyňkyja adam otyrdy. Olam adamlaryň ýüzünden gözlerini aýyrman seredýän hem bolsa, edil Bürgüt ýaly ol hem dymyp geplemeýärdi. Ähli aýdylanlary bir-bir diňlänsoň, soňundan hemmelere «hä» diýdirjek bir sözi aýtmaga peýlenip oturana meňzeýärdi. Tizden ýagdaýa Jüneýit hanyň hem aň edenligi anyk boldy. Ol gapdalynda oturan Bürgüde tarap sähelçe öwrülip, alyşmadyk gürrüňçiligi jemlärmen boldy. Han özüne tarap öwrülen mahaly Bürgüt egnine ýelbegeý alan donunyň ýakasyny ebşitläp tutup, sähelçe ýylgyryp, oňa tarap öwrüldi. Han parahat gürledi: –Bürgüt, ikimiz bu meseläni öňem maslahat edipdik. Onuň alyhezretleri emir Nedir han-da biziň bilen bu meselede doganlarça pikirdeş bolupdy. Türkmen obalary bilen hyzmat¬daşlykly bolsaňyz gowy. Sen gaýrat et. Şu ýerde köp zat seniň bilenem bagly bolup dur! Jüneýit hanyň gep saluwy talaply han gepine däl-de, sözüniň gögermejegine güman edip, ony ýalbar-ýakar bilen «hä» diýdirmäge synanyşyk edýäne meňzedi. Han gepleýän wagty Bürgüdiň ýüzünde tekepbirlikdir ýaňsyly ýylgyrma meňzeş äsgermezlik alamat peýda boldy. Mese-mälim tüýsi üýtgedi, onuň han sözüniň niresinedir bir ýerine seňrik ýygryp, halamanlygy äşgär boldy. Indi ol öňünden çykan ähli zady şahyna ildirip, derbi-dagyn edip taşlaýjak, gan görüp, aňy üýtgäp, dälirän öküze öwrülip, seňňer atyp düňderilibräk, ala gözlerini otlukly ýalpyldatdy. Han gapdalrak, ýanyn oturany üçin, häzir Bürgüdiň ýüzüni görmeýärdi. Onuň ýüzünde akly-garaly şeýtanlaryň omman atyşyp, keýp edişip oýnaýandyklaryndan hem habarsyzdy. Häzir Bürgüdiň gapdalynda oturan tyňkyjanyň hem gözleri söýünalylaryň hersiniň aýratynlykda kükreginden itäýene meňzäp, jel-jel edýärdi. Onýança-da bu ýagdaýa uzak çydap bilmedik Kymyş duzçy garaşylamadyk ýagdaýda donunyň synyny kakyp, pasyrra ýerinden turdy. Özüniň niredeligini unudyp, Gully emine seredip, talaply gepledi: –Tur, Gully emin, gitdik! Seniňem bir “han” diýip, öňe tutup gelen adamyňy diýsene. Kesmeli ýerinde kesmän, höreläp-köşeläp, ýalbaryp oturandanam han bolýarmy onsoň!? Kymyş duzçy bu gepi özüniň häsiýetine mahsus soňunysaýmazlyk bilen şeýlebir öwrüm berip aýtdy welin, töwerekdäki adamlar hem mundan soň hiç hili gep-gürrüňiň bolmajagyna göz ýetirişip, duran-duran ýerlerinden söm-saýak bolşup turmak bilen boldular. Märekäniň depesinden otly gamçy indirilene döndi. Ara başagaýlyk düşdi. Ukuda ýatyrka garnyna depilen ýekegapan alas-gopas turup, ümdüzüne tutduryp gidiberene döndi. Kymyş duzçynyň gönümel aýdyp goýberen bu ýarym ýaňsyly-ýarym göwnüýetmezçilikli gepi heniz-henizler töwerekden beýle açyk gürrüňi eşidip görmedik Jüneýit hana şeýlebir täsir etdi welin, onuň özi hem Kymyş duzçy ýaly birden göçenini hem duýman galdy: –Häh, seniň bir!.. – diýip, ol kimdir birine at tutman, «hyň» baglap sögündi-de, ýer depip, garaşylmadyk bir tizlik bilen öwrüm berip, ornundan gopdy. Soňam sen-men ýok, gapdalyndaky mauzerini sogrup alyp, ony gazap bilen Bürgüdiň maňlaýyna tutdy. Han turan dessine, häliden bäri ondan biraz ýeňse-de ýaraglaryny öňlerine kese basyşyp oturan, başlary gowaldaň telpekli, eginleri hywa donly iki adam hem şondan soň, «Ih-de, ih!» bolşup, ýerleriden syçrap göterildiler. Häzir olaryň ýaraglaryna ok sürşüp garalyşyp-bürelişip duruşlary han haýsydyr bir yşarat etdigi içerde oturanlary bir başyndan paýhynlap, maslyk depeläp çykyp gidiberjege döndiler. Kymyş duzçynyň aýdan bu sözi häzirki ýagdaýda diňebir onuň özüniňem däl, onuň ýoldaşlarynyňam köpüsiniň diýäýesi gelen gepidi. Gepiň ýerine düşenligi hasam Jüneýit hanyň gazaby depesine uranlygy belli bolup, ol dabanyna ot basylan ýaly atylyp, ýerinden turan mahaly belli bolupdy. Hanyň gepi talaply eşidildi: –Meni ýene bir gezek şu meselä dolanyp gelmeli edäýseň, onsoň özüňden gör, Bürgüt! Gaçaryny aldyranyna, rejäniňem geň däldigine gözi ýeten Bürgüt indi reňkini agdaryp, harasada galyp oturyşyna, başga sözleri unudan ýaly basyksy sesi bilen häli-şindi şolbir gepi gaýtalaýardy: –Han aga, siziň diýeniňiz bolar! Han aga, köşeşiň! Gurhan kerimden ant içýändirin. Düşünişendiris. Häzir Bürgüdiň ýüzünde mundan biraz ozalky, türkmenlere göwnüýetmezçilikli, buýsançly, hondanbärsilikli, ýaňsyly pisindi oturmazlykdan nam-nyşan ýokdy. Derçigip, janhowluna dolup, gününe kaýyl adama meňzäp, mese-mälim kiçelip, pikirini bir ýere jemläp bilmän, murtuny sallap saňňyldap otyrdy... Maslahatdan soň türkmen atlylary atlanyşyp, derýa boýuna indiler. Handan göwni biten Gully emin hezzet-hormat etmek üçin ýene ony mertebeläp öýüne myhmançylyga çagyrypdy. Ýöne han oňa ertiriň özünde Hyratda bolmalydygyny, ol ýerde wajyp gepleşiginiň barlygyny aýdyp, myhmançylyga bolsa ýene bir nesibeli günde aýlanjaklygyny aýdyp, hoşlaşyp durupdy. Şonda onuň syny hol beýleräkde atyny suwa ýakyp duran Kymyş duzça düşüp, Gully emine: –Gully emin, sen ederini bilýän adam ekeniň. Biziň ilde bolan bolsaň, sen han ýa-da han gadamynda gezýän pylankes bolardyň – diýipdir. Soňundanam ol öwrülip, Kymyş duzça ýüzlenip: – Sen bu yňdarmalygyň bilen biziň ilde bolan bolsaň, kellesiz galardyň! – diýipdir. Kymyş duzçy muny gaty görmändir, gaýta, ol hem şonda göwnühoş ýylgyryp: –Han aga, özümi götermejek ilde men bolmanam. Besdir maňa öz ilim. Gördüňiz-ä özüňizem, meniň öz ilimiň deregine ýarap duranlygymy! – diýip, o-da ýüzugra hanyň jogabyny nagt edipdir. Kymyş duzçynyň beren bu jogaby hanyň göwnüne jüňk bolan bolmaga çemeli ol: «Elhepus, biziň türkmenlerimizde-de herhili adamlar bar-ow...» diýen manyda myssa ýylgyrypdyr-da, gönençlik bilen sakgalyny sypalap goýberipdir. Şondan soň Jüneýit han Gully emin, onuň töweregindäki adamlar bilen hoşlaşyp, töwereginiň bir bölek atlysy bilen ýokarlygyna –Balamurgap tarapa ugrapdyr. Handan göwni biten söýünalylaram derýanyň akym ugruny syryp, öz obalaryna dolanypdyrlar. Bürgüdiň haýbatly galasy olaryň yzyndan ümürläp, tutuksy, düşnüksiz seredip galypdyr... ...Sorag edýänler ilki Kymyş duzçynyň öz beren soraglaryna gojalarça gepiň töweregine halka öwrüp, uzak gürlemegini asla islemändiler. Ondan her berlen soraga pert-pert jogap bermegi talap edipdiler. Ol bolsa her özüne berlen soraga «hawa» ýa-da» «ýok» diýip jogap bermegiň ýerine, hamala, agtyklaryna erteki otaryp berýän ýaly, tebigatyna laýyklap howlukman, mahal-mahal ýokardan sorag-tapmaça sallap, oňa wakadyr hadysalary goşup gyzyklandyryp gürleýärdi. Dogrusy, goja öňünde oturanlar babatda il içinden eşidýäni şum habarlar bolansoň, olardan biraz çekinmänem durmaýardy. Ýöne, özünden soraljak zadyň Jüneýit han bilen baglydygyny bilensoň, olaryň soragyny öňde-de bir awçynyň öňünden çykandan: «Asmandaky gazy gördüňmi?» diýip soraýşyna meňzedip arkaýynlanypdy. Aman OGPU dagy ilki gojany öz isleýişleri ýaly gysga jogap bermäge mejbur etmäge synanyşanam bolsalar, barybir olaryň diýeni bitmän galypdy. Oturanlar her gezek urdurylyp, gapdaldan onuň sözüni böltänlerinde ol biraz sözüne dyngy berip, haýallan ýaly bolýardy-da, soňra külterläp oturan gürrüňiniň ýene-de şol goýan ýerinden öňki hörpünde dowam etdirip ugraýardy. Az mahaldan erteki häsiýetli gyzykly gürrüňe imrinen OGPU Amanowam, onuň ýanyndaky adamlaram, gojanyň başga hili gürläp bilmejegine göz ýetirensoňlar, ony öz gününe goýdular. Onsuzam Kymyş duzçynyň berýän gürrüňinde olaryň Jüneýit han barada eşidesi gelýän gepleri az däldi. Şuňa meňzeş gürrüňi OGPU-sy Amanow ozalam Jüneýit han bilen bagly sorag eden mahaly başgalardanam eşidipdi. Goja öz gatnaşan wakasyny howlukman ýadyna düşürip, Jüneýit han bilen bagly sözlere özüçe biraz leňňer berip, anyk gürleýärdi. Aman OGPU soragdan soň Kymyş duzçyny biraz zyndanda saklansoň, gijöýlänler ony bendilikden gutaryp: «Ýaşuly, sen anyk gep aýdan ekeniň!» diýip, öýüne gaýtmaga rugsat edipdi. Şeýdip OGPU-laryň talabyna görä Kymyş duzçy wagtyň geçmegi bilen indi birneme aňynda könelişip ugran ýatlamasyny ýene-de bir gezek ýatlamaga mejbur bolupdy. * * * Ýagdydyr Nurjuma şäherde öz çagyrylan ýygnaklaryna wagtynda ýetişmek üçin, şuradyryn-da başlyk bolşup, aladaň bilen Nurjumanyň alaşasyny Ýagdynyň arabasyna goşup, şähere tarap ýola düşdüler. Tomus-da bolsa bu wagt howa sergindi. Jeňňel tarapdan gurbaga kerep ysly öwüsgin öwsüp, ýüz-gözleri serginlik öýmesi bolup ýakymly sypalaýardy. Olar arabanyň üstünde töwereklerini synlaşan bolşup, şindi ukudan oňly açylyp bilmändiklerini mälim edişip, ümezlenişip otyrdylar. Töwerekde pagta ekilen bölek-bölek meýdanlar garalyşyp, ümrüň içinden çykyp gelýäne meňzeşip, seleňleşip-serginleşip görünýär. Araba obadan ýagşy saýlanansoň, Nurjuma öýkeleşen ýaly hütgürişip oturman, haýsy-da bolsa bir ýol gürrüňçiligine öwürmekçi boldy: –Bu gezek bizi näme üçin çagyrdylarka? – diýip, gapdalynda arabanyň öňüni özi bilen bölüşip oturan Ýagda ýüzlendi. –Bilemok — diýip, Ýagdy gysgaça göwünsiz jogap gaýtardy. –Eşek toýa çagyrylýan bolsa, ýa odun gutarandyr, ýa suw... Barybir Ýagdy ýene-de dil ýarmady. Uludan pallap, elini serip gerindi, jogap ýerine bolsa Nurjuma tarap sähelçe öwrülip, makullaýjy baş atdy. Ýagdynyň bu bolşy Nurjumanyň garagollugyny oýardy, ol gamçy tutup oturan sag eliniň tirsegi bilen oýun arap, Ýagdyny sähelçe hürsekläp goýberdi. Öz turbadan çykan ýaly ýogyn sesi bilen wagyrdap, oňa degip gepledi. –Oýan-how indi senem. Henizem hyýalyňda gelinleriň ýorganyndan çykyp bilmän otyrsyň. Uzakly gije iki gelniň hyzmatynda bolaňsoň, onsoň gündiz magaýda sen, güň bolup ýörsüň! Ýagdy Nurjuma tarap başyny öwrüp, hamala höwes eden gepini ondan eşiden ýaly, göhi gelip, göwnühoş ýylgyrdy, soňam: –Hä, gözüň gidýärmi, ýoldaş başlyk? Bolmasa, saňa-da şäherden Marfa diýen ýaly birini tapaýaly? –Goýber ýakany? – diýip, Nurjuma garşy bolandan boldy. Ýöne, bu gepiň oňa-da kem ýaramanlygy gep saluwyndan mälim boldy, onuň sesi öňküsinden has mylaýym hem uýatly eşidildi – Hä, näme, öň obaňda iki heleýli, üç heleýli azmydy? Indi ýoldaşyna birneme öjügip, Ýagdy ýene-de onuň üstüne sürnüp gepledi; – Aý, goýsana, Ýagdy. Jähenneme giden ýoldaş agtar edip, senem diýseň-diýäýýäň bir zat. Ol heleýiniň üstüne heleý edinen adamlar biz ýalymy, olar barjamly, il öňüne düşen begligi bolan pylankesler... –Onda biz kim? – Ýagdy Nurjumanyň ýüzüne ýaňsyly sorag berip, onuň sözüni dolap böltedi. –Bizmi, biz Ýagdy kemsit bilen Nurjuma! –Biler bolsaň, dost, bizem öz döwrümiziň döwlet arkasy bolan şol begzadalary. –Aý, bizdenem bir begzada bolarmy? – diýende, Nurjumanyň göwnüýetmezçilikli sözi gowuşgynsyz eşidildi. Nurjumanyň başky zenanly gürrüňe imrindirenine barybir hoş bolan Ýagdy oturan ýerinde göçgünlilik bilen ýoldaşynyň egnine kakdy: –Sür gatyrak, ýoldaş Nurjuma! Seniň pikiriň eýýäm Marfaň töwereginde köwejekläp ýör-ä. Tüýs türkmen-dä. Türkmene bolsa, aýal-gyz diýseň ýalmanyp, gulagyny göteriberermişin, aslynda-da ol bu millete gyzamykdan galan keselmişem diýýäler. Ýagdy soňundan: –Eşidensiň-ä? – diýip, gürrüňe gyzyşyp barşyna, öňräkki bir döwürde segsen ýaşly, il içinde mertebeli, belli işanyň alamana gidýänlere pata berende: «Oglanlar, agaňyz üçinem bir dabany ýaglyja gyrnajyk bolsa, gözüňizde bolsun!» diýen sargydyny ýatlap, göwünjeňlik bilen öz sözüniň üstüni ýetirdi. Nurjuma bilen Ýagdy şähere gelensoňlar münüp gelen atdyr arabalaryny bazarjaýda ýerleşdirip, ikisi iki ýerden ýygnak geçirilýän ýere howlukdylar. Bu günki ýygnak soňky döwürde barha giň gerim alyp ugran kulakçylyga çekmek we bu işde edilýän birnäçe haýal-ýagallyklaryň öňüni almak bilen baglydy. Ýer eýelerine garşy göreşi bolşewik mundan has irräk döwürde, Oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňip, agalygy öz eline geçiren wagtynyň yzysüre başlapdy. Onuň şol wagtky maksady ýurduň ähli ýerini özüne garaşly edip, soňra ony daýhanlara olaryň täze hökümete, onuň ýol-ýörelgesine garaýşyny göz öňüne tutubam täzeden paýlamakdy. Telim ýyllara çeken raýatlyk urşy ara düşüpdi we bu ýyllarda bolşewigiň ýer-suw meselesine eli ýetmändi. Bu meselä soňra elini boşadan mahaly gaýdyp gelmek üçin ony Sowet döwletiniň gurluşygy bilen bagly meselelere goşman, ýörite hasap tutup, gapdalda goýupdy. Daýhanlar bolsa şol döwürlerde bu ýagdaýdan çen tutup: «Bolşewik bizi öz günümize goýaýjagam ýaly-la» diýip tama edipdiler. Biraz arkaýynlanypdylaram. Raýatlyk urşy gutaryp-gutarmanka, bolşewikler ýene-de täze güýç bilen özleriniň amatly pursat arap gapdala goýan ýer dawasy bilen bagly meselä dolanyp gelipdiler. Ýerli-suwly hojalyklar tirseklenip, ýersiz-suwsuz adamlar häkimiýet tarapyndan ilerlenip, ýurtda kolhoz gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýardy. Köp ýerlerde ýekebara daýhan hojalyklary kolhoza alynman, olaryň täze durmuşa goşulmagy islenilmeýärdi, haçanda kolhoza alnaýan ýagdaýynda hem olaryň ýolbaşçy wezipelerde dagy bolmagy asla islenilmeýärdi. Moskwa 1930-njy ýylda öz geçiren uly ýygnaklarynyň birinde Staliniň «paýhasynyň perzendi» bolan kolhoz gurluşygynyň haýal barýanlygy tankyt edilipdi. Şu meselede hallyň-sallyňlyga ýol berýän ýerleriň arasynda Türkmenistan respublikasynyň adam ýörite agzalyp geçilipdi. Yzysüre bolsa Moskwa bu ýere öz ynamdar emissary hökmünde Ýakow Popogy ýollapdy. Ýakow Popok bu mahala çenli Brýanskide Sowet döwletini halamaýanlary kulakçylyga çekmekde görelde görkezip, ýakasyny tanatmaga ýetişipdi. Ýakow Popok Türkmenistanyň Kompartiýasynyň birinji sekretary wezipesini eýelemek bilen öňki Brýanskide alyp baran gazaply işini indi Türkmenistanda aýratyn hyýanat hem hyjuw bilen giňden ýaýbaňlandyrýardy. Şonuň üçinem Ýagdydyr Nurjumanyň çagyrylan ýygnagy ýaly ýygnaklar indi ýerlerde häli-şindi geçirilip durulýardy. Ilki-ilkiler raýonda geçýän ýygnaklary raýispolkomyň başlygy açýan hem bolsa, Popok Türkmenistana partiýa ýolbaşçylyk etmäge gelensoň, bu kada öz-özünden üýtgäp, raýispolkomyň başlygydyr raýon partiýa komitetiniň birinji sekretary öz derejelik orunlaryny çalyşmaly bolupdylar. Indi raýonda ýygnaklary hemişe Tagtabazara geleni bäri etigip, eginleri çykyp, duluklary mese-mälim pökgeren Ata Hymlyýew giriş sözi bilen açyp berýärdi. Ol her gezek ýurtda bolýan ähli üstünlikleri partiýanyň paýhasy bilen gazanýandygyny aýdýardy. Şeýle-de, siz pikir etmäň diýýän manyda, onuň ähli ýerlerdäki kemçilikleri hem ýitigözlülik bilen görýänligini aýdyp, öz wezipesini mertebelendirip, sözüni tamamlaýardy. Bu gezegem Ata Hymlyýewden soň, ady has ýörgünli raýon OGPU-synyň başlygy Syzran ýerlerde kulakçylyga garşy alnyp barylýan göreşiň ýagdaýy hakda, ýeňsä gaýtarylan owadan melemtil-sary saçlaryny sypalap-sypalap gürledi. Onuň sözünden soň ýerlerden gelenler nobatma-nobat söz alyp gürlediler. Olaryň köpüsi ýolbaşçy hökmünde il ugruna gürlemeli bolansoň gürleýärdiler. Baýraç Oba sowetiniň başlygy Atageldi wirreý ýaly gözlerini otlukly ýaldyradyp, tumşugyny göklän kürräniňki deý badyhowalyk bilen howada gezdirýän, öz obalaryndan kulakçylyga çekiläýmeli belli-belli maşgalalaryň adyny tutup: «Şulary synp hökmünde ýok etmeli!» diýip, gepine bat berip çykyş edýänlerem bardy. Ýygnakda Söýünaly obasynyň adyndan Ýagdy Narly çykyp gepledi. Gepläp durka, onuň sözüni nähili kabul edilýändigini bilmek üçin, göz gytagyny OGPU-nyň başlygyna, ýüzüne agraslyk berip oturan Ata Hymlynyň barmagyny beýleki elindäki kagyzyň ýüzüne dürtüp oturyşyna seredip gürledi. Ýagdynyň elinde galgadýan kagyzynyň nireden nähili peýda bolanyna Nurjuma birbada düşünip bilmedi. Hemişe şura şeýle ýygnakda aýtmakçy bolýan gepiniň bolmanda bir tarapyny Nurjuma duýdurardy, maslahatla¬şardy. Ýöne bu kagyzyň Ýagdynyň elinde nireden peýda bolanlygy hakynda ol uzak pikir etmeli bolmady. Şol barmana-da onuň ýaňy ýygnakdan öň adamlar daşarda naslaşyp durkalar bir adamyň gelip, Ýagdy bilen ýene bir şurany çagyryp, OGPU-nyň başlygynyň orunbasary Amanowyň ýanyna alyp gidenligini ýatlady. Nurjuma şundan soň bu kagyzyň başga ýerden däl-de, şol ýerden çykanlygyny çen etdi. Haçanda Ýagdy elindäki kagyzdan yzly-yzyna adamlaryň adyny kulakçylyga çekilmeli adamlar hökmünde okan mahaly, şahyna urlan sygyr ýaly, ol öz süňňüniň sowuklyk bilen galpyldap gidenini duýdy. Olar Söýünalydan alty-ýedi adamdy. 1. Gully emin baý 2. Abdyrahman baý – Gully emin ogly. 3. Juma baý – Gully emin ogly. 4. Kämiran baý – Gully eminiň ogly. 5. Tylla baý – Gully emin inisi. 6. Orazgeldi baý – Kymyş baý ogly. 7. Orazgylyç baý – Kymyş baý ogly. Nurjuma ýene-de Ýagdynyň elindäki kulakçylyga çekilmek göz öňüne tutulýan adamlaryň sanaw-hasaby baradaky hatyň döreýşi barada oýlandy. «Sanawa obadan adam gerek bolanlygynda näme üçin başga barjamly adamlar bolmaly dälmiş-de, aýratyn şu iki maşgala bolmalymyşyn? Olary sanawa Ýagdy goşdurandyr diýseň, olam-a bu adamlary aşa ýigrenip barýan bolmaly däldi. Onsoňam, nä, adamyň içini bilip bolýarmy, hymlasa içinden hymlabam ýörendir? Onsoňam wezipe, diýeni bitip, göwün çykma bu zatlar adamy bir akylynda goýýarmy näme?...» diýip, öz ýanyndan pikir ýöretdi. Nurjumanyň bilesigelijiligi barha artdy. Onuň kimiň bu maşgalalary ýeňsesinden itip, öňe çykarmakçy, aždarhanyň agzyna bermekçy bolýanlygyny bilesi geldi. Sanawy okanam bolsa, olary saýlap tutan Ýagdy bolmaly däldi. Şura hökmünde çykyş edenem bolsa, ol ozaldan taýyn edilip goýlup, eline berlen sanawy okapdy. Eger sanawy onuň özi düzen bolsa, onda Nurjumanyň pikiriçe, bu sanawda düýbünden başga-başga adamlaryň atlary bolmalydy. Obada Ýagdynyňam yrsarasy gelip ýören adamlary az däldi. Emma bu maşgalalar gönüden-göni olara degişli däldi. Muny Nurjuma gowy bilýärdi. Olary sanawa ýazdyran kimem bolsa, ol bu iki maşgalany halamaýan, Amanow bilenem ýakyndan gatnaşykly, ozaldan bulara: «Bir atyma geläýseňiz bolýar» diýip, öjügli ýören adam bolmalydy. Şeýle adamam ol oba, ýagdaýa belet bolansoň, öňde-soňda bolan-goýany aň edip, dessine ýaka tutup aldy. Eger bir kes bolsa, ol bu meselede başga biri däl-de, elbetde, Hardat kepretil bolmalydy. Gully eminden-ä onuň bireýýämden bäri köýüp ýatan ary bardy. Bu waka Hardadyň agasynyň öz ýaş aýaly bilen güzeran üçin Gully eminiň harazynda günlükçilik edip, onuň golaýynda çöpkepbe tutup hyzmat edýän günleri bilen bagly. Pasyrdap ýören gelne Gully eminiň şonda gözi gidäýmezmi? Gelnem bir öz ärine göwni ýetmän, ahmyr-arman içinde şory depesine urup ýören bolsa näme!? "Gully emin çolalygyny alyp, ýaňky gelin bilen harazyň içinde bir una bulaşyp alypdyr" diýen il içinde indi bireýýämden bäri şeýle ýarym gizlin gürrüň bardy. Şondan soň dogurmaýan gelniň ogly bolupdy. Oňa hem ol öz ýanyndan: «Gully emine meňzäp, ot ýaly gaýratly adam bolsun» diýen pikir bilen, Narly diýip at goýdurypdy. Narlam indi aý-gün geçip, ulaldygyça ejesiniň syryny açyp, barha Gully eminiň ogullaryna meňzäp barýan ýigdekçe bolup ýetişipdi... Kymyşlardan bolsa ol öz bäşbelasyna aga bolup, gepini ýöredip ýören maşgalanyň uly ogly Orazgeldiden kitüwlidi. Orazgeldi haçanda doganoglanynyň gyzy Hardadyň ýene bir agasyna gaçyp baranda namysa galyp, bäşbelanyň ýigitlerine buýrup: «Masgara boluşmaly bolsa, sizem onda çetde galmaň» diýip, onuň aýalydyr gyzynyň göz edip, saçyny sypdyrypdy... Nurjuma soňra Hardadyň düýnde-öňňinde dosty Amanowyň ýanyna gelip-gidip, onuň bilen meseläni bişirenini bildi. Gelen pikiri ony doly kanagatlandyrdy. Ýumakdan uç çykaraňda bu şeýledi, başgaça bolmagy mümkin hem däldi. Ýygnak “Saryçöp” kolhozynyň başlygy, il içinde Amangül nazzat atly geň lakamy bilen tanalýan, häzir bolsa raýispolkomyň başlygynyň orunbasary, saryýagyz tatar aýaly Roza apa bilen ýanaşyk oturan zenan söz alyp gepleýänçä parahat gidip durdy. Çünki ýygnakdakylar hamala, hemmeleriň bir pikirde bolmalydygyna, başga bir pikiriň bolup-da bilmejegine aňryýany bilen düşünip oturana meňzeýärdi. Eýsem-de Hymlyýew, Syzran adam ykbaly barada geplände, pagtadyr maldarçylyk barada gepleýän ýaly, parhsyz gürlänsoň, nähili başgaça bolsun? Amangül ýerinden turansoň, mundan biraz öň çykyş edip, häzir bolsa burnuny talawladyp, oturyşy bilen öz gepiniň mynasybetini nygtap oturan Atageldi obaşura tarap bir egin öwrülip gürledi: –Atageldi agasy, nädäýipsiňiz-ä bi gulaklaryň sanawyny? –Hä, nädipdirin? – diýip, Atageldi oturan ýerinde aýdylan sözüň äheňini halaman, nägile boldy. –Muňa ähli öz halamaýan adamlaryňyzyň atlaryny goşuşdyraýypsyň-a... Mana, bir ýerde Agajan murt diýipsiňiz. Olar näme uly baýmy? Bir wagt ikiňiz suwuň üstünde it masgarasy bolşup urşanmyşyňyz-a, indem şony... – Gelniň gapdaldan duýdansyz çykan ýaly bolup aýdan gepiniň Atageldi şura şeýlebir ýaramandygy belli boldy, ol oturan ýerinde töweregine buruljyrap seredip, nägile hüňürdedi: –Aý, Amangülem «nazzatlygyny» edip, ýöne diýer otyr-da... Ol gelniň sözüni ýaňsylabrak, badalga alan ýaly, kükräbräk geplese-de, öz aýdanyna özi hem juda bir ynanyp barmaýan ýaly, ýöwsel gepledi. Bu bolsa töwerekde oturan adamlaryň ýüzlerinde duýlar-duýulmaz myssyjak ýylgyrmanyň peýda bolmagyna sebäp boldy. Amangül atly bu akmapraç gelniň öňem ýygnaklarda käte şeýdip, garaşylmadyk bir ýagdaýlarda gürrüňe goşulaýmasy bardy. Ol ýaşmagyny biraz aşak çekibräk, hiç kimiň ýüzüne göni seretmän diýen ýaly, suňşuryp aýlawsyz gepleýärdi. Özüniň Amangül nazzat adyny ýöne ýerden almanlygyny oturanlaryň ýadyna salýardy. ...Amangülleriň «Saryçöplüler» diýilýän obalarynyň adamlary ozal Guşgy ýolunyň boýundaky Çemenebit diýen ýerde oturýarlar. Töwereginiň amatly tekiz hem seleň bolany üçin, hökümet ol ýeri uçarlar toparynyň gonýan hem saklanylýan ýerine öwrüpdi. Bu döwürde uçarlar bilen bagly dürli milletleriň maşgalalary hem saryçöplüler bilen bile oturýardylar. Saryçöplüler kolhoz gurluşygy başlanandan soň birnäçe adamlary özlerine şura saýlanan hem bolsalar, olardan hökümetiň tamasy çykmandy. Ahyrynda-da, aňyrsy molla gyzy bolup, biraz hat-petekdenem başy çykýan dogumly gelin Amangüli bu wezipä göteripdiler. Amangül wezipä geçirilensoň, «Kişä beglik ber, onuň kimligini şonda gör» diýleni bolupdy. Hökümetem bir tarapdan arkasyny alyp: «Sen-sen» edensoň, ol ýanbaşdan sapança asyp, goňşy orus çagalaryndan öwrenen «patdyk-putduk» orusçasynam gepiniň arasynda ulanyp, hasam merdemsilenipdi. 1930-njy ýylda hökümet Mor galada ýarym çarwa ýaşaýan saryçöplüleri, oturan ýerleriniň töwereginde ekerançylyk bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolmansoň, daýhançylyga çekmek üçin olary Saryýaza – suwdur ýeriň bol ýerine göçürmegi karar edýär. Ine, bir günem adamlaryň islegine, garşylygyna seretmän, olary paty-putulary bilen iki-üç wagona gapgarýarlar. Saryçöplüler oturan ýerlerini goýup göçmegi kyn görüşleri ýaly bir ýerden baryp, başa bir oba bilen goşulmagy hem juda kyn görüpdirler. Olar hem suw ýakasynda oturmalam bolsa ilen-çalan bolşup, aýry bir ýerde özbaşdak oba bolup oturmak isläpdirler. Otluda barýan mahallary adamlar munuň şeýle bolsa hemmeler üçin gowy boljagyna halka baş bolup barýan şura gelin Amangülem ynandyrypdyrlar. Şonda ol otly sürüjiniň ýanyna baryp, ondan Saryýaza ýetip barýan otlyny saklamagy talap edipdir. Ilki başgaça görkezme alan otlynyň sürüjisi Amangül şuranyň dur diýen ýerinde durmadyk wagty sözi alga alynmadyk gelin gazaba münüpdir-de, dyzanyp baryp, sürüjiniň kellesine sapança tutupdyr. «Nazzat!» diýip, öz bilýän orusçasyny gepläp, ýene-de talap bildiripdir. Sapançany görüp haýýady göçen sürüji şundan soň onuň diýenini edip, otlyny ençeme kilometr yza sürmeli bolupdyr. Saryçöplüler şeýdibem Saryýaza ýetmän, Baýraç obasy bilen onuň arasynda derýa boýundaky boşluk ýeri özlerine ýurt ýer edinipdiler... Amangül söz dümerläp gepläp durka, hiç kimiň ýüzüne gönüläp seretmeýän hem bolsa, zenan duýgurlygy bilen, gözüniň gytagy bilen töwereginde oturan birnäçe adamyň öz gep saluwyny halaman, ýüzlerini köneldişip, reňklerine solgunlyk aralaşyp barýanlygyny gördi. Has beteri-de köp ýerde: «Tüýs partiýa berlen maşgala bu!» diýip, öz arkasyny alýan Ata Hymlyýewiň hem ol häzir öz gep saluwynyň judabir ýarap barmaýanlygyny aňdy. Ol ýüzüne ajy tüsse uran ýaly, gaşlaryny çytyşdyryp: «Haý, bu gelin-ä “öwlen oglan öňüni hapalar” edäýdi-ow» diýip, nägile bolaýana meňzeýärdi. Amangül şu pursatda meýdanda bir towşany kowalap, alarladyp barýan şagalyň özünden güýçli möjege duşanlygyndaky ýaly alasarmyk, ýakymsyz duýgyny başdan geçirdi. Ýogsam gep özge birine däl-de, Atageldi şura ýanalyp aýdylýan hem bolsa onuň: «Kör halamaz görer gözi» diýleni boldy. Indi gara başy duýdansyz gelen çabga astyndan alyp çykmak gerekdi. Aslynda özüniň yňdyrma häsiýetini Amangülüň özi-de halap barmaýardy. Bu häsiýet öňem ençe ýerde onuň müýn çekip, soňra ýüzüniň gyzarmagyna sebäp bolupdy. Adamlaryň köpüsi bolsa ýygnaklarda, hamala haýsydyr bir göni ganyňa goşulýan suwuklygy içip, indem onuň täsirini özünde barlap görýäne meňzeşip, öwenlerini öküze, syndyranlaryny sygra öwrüp, ýygnagyň talap edýän, geplemeli geplerini gepleýärdiler. Hakykatda hem, umumy akymyň garşysyna gitmäge kimiň haky bardy? Galyberse-de, täze hökümetiň gaýygynda otyrkaň, onuň gämiçisiniň garşysyna gaýdan ýaly bolmaýarmy näme, eýsem? Gaşyna ýakmasaň, suwuň ortasynda: «Düş gämiden!» diýip, üstüňe kükräberse näme edersiň? Ýöne özüne näçe igense-de, Amangül nazzat göwnüne ýakymsyz bir zat aýdylan mahaly, urdurylyp ara girenligini onuň özem duýman galýardy. Amangül pikirinde Atageldi bilen ýygnakdan soň arabada oba gaýdyp barýan pursatlaryny göz öňüne getirip ýatlady... "Sen, Amangül, bir aýal adam. Uly bir ýygnakda birini gorajak bolup, meniň aýbymy aýdyp durmazlar ahyryn. Ähli raýon ýolbaşçylarynyň öňünde biz iki obadaş bolşup, ryswa bolsak gowy däl. Görseň, ýoldaş Hymlyýewem meni mamla hasap edendir. Onsoňam kimiň arkasyny almakçy bolsaň, soňundan maňa aýdaýmal-a sen. Abraýa leňňer bersek, birini-ikini dagy özümiz otla ýüklenjek mahalam alyp galyp bilýän adam-a biz – diýip, gomalyp burnuny talawladyp kese bakyp, igenjegini öňa mälim etdi..." –Elbetde, ýoldaşlar, Atageldi agasy, siziňem maňa dogry düşünmegiňiz gerek. Bul meniň biziň täze durmuşymyzy görüp bilmeýänlere, oňa kast edýän adamlara garşy göreşmeli däl diýdigim däldir! Aslynda men beýle diýjeklerdenem däldirin, ony özüňizem gowy bilýänsiňiz! – Amangül osalrak gürleýşi ýaly hem duýdansyz sözüne öwrüm berdi: – Ýöne, ýoldaşlar, kulakçylyga çekilmeli diýmek, hemmeleri bir aýakdan sürmek diýmek hem däldir. Şu ýerde meniň öňräk Aşgabatdan maslahatdan gaýdyp gelende, ýoldaş Ata Hymlyýewiň ýoldaş Atabaýewiň ýolbaşçylara aýtdy diýip, aýdyp beren sargydy ýadyma düşýär. Ýoldaş Atabaýew şonda wezipä baýrynyp ili bilen kaş bolýan käbir ýolbaşçylara: «Hemmeleri tersçil etjek bolup, ýene-de halkyň soňuna çykaýmaň, ýer ekýän, goýun bakýanam gerekdir. Tersçili tanap ýakasyndan alyň!» diýenini aýdypdy. Bizem, onsoň, ýoldaşlar, ýoldaş Atabaýewiň – mertebeli döwlet ýolbaşçymyzyň maslahatlaryny hökman sapak edinmelimikäk diýýärin – diýip, sözüni tamamlady. Amangülüň halka-duzaga aýagyny sokup, ony ýene-de usul bilen yzyna ýygnap alanlygy belli boldy. Gürrüň arasynda Gaýgysyz Atabaýewiň adynyň ýanynda öz adynyň hem mertebelenip tutulyp geçilmegi Ata Hymlyýewe hem täsir etdi. Ol oturan ýerinden baş atyp, Amangülüň soňrak aýdan gürrüňini özüçe makullady. Soňra «Sowet» obasynyň hortap, şonuň üçinem boýy bolaýmalysyndanam uzyn görünýän şura başlygy gezek alyp gepläp ugransoň, ýene-de gürrüňçilik öňki hörpüne — oba adamlaryny kulakçylyga çekmek meselesine gaýdyp geldi, täze maşgala atlary okaldy. Ýene-de gürrüňi edilýänler-ä dag çeşme suwundan teşneligini gandyrmaga gelýän keýikler toplumyna, onlap maşgalanyň köpenini biçip oturanlar bolsa, daşy uçut kemer-gaýaly çeşmäniň ýeke girelgesiniň agzyny alyp, tüpeň gundagyny ýassanyşyp ýatan mergen-awçylara meňzeýärdiler... Ýygnak gutaransoňam Ýagdy bilen Nurjuma oba dolanmaga howlukmadylar. Şähere gelnensoň ýene-de ýüzugra ugruna çykaýmaly, oba işleri bilen bagly aladalar bardy. Bu örç alýan yssam onýança birneme kiparlajakdy. Olar tirkeşip, ýüň-deri kabul ediş edarasyna öz hasaplaryny ol ýerdäki umumy maglumat bilen deňäp-anyklamaga geldiler. Obadaşlary edaranyň başlygy pil ýaly äpet Wartan, kawkaz milletlerine mahsus şelaýynlyk bilen garşylady: –Eý-ho, söýünalylar ata çykan ýaly-la! –Şähere geldik-de, gel, şu Wartan doganymyzdanam bir habar tutaly diýdik – diýip, Ýagdy onuň özüne meňzäp, göwnühoş dillendi. –Sag boluň! Gowy edipsiňiz. Eşitdim, siz ýygnaga gelensiňiz! –Ýygnaga-da gatnaşdyk. Görşüp durkalar Wartan hamala gelenleriň çaý neşesiniň ýetmeýänini aňan ýaly, eli bilen öz stoluny görkezip, çaýa çagyrmak bilen boldy: –Geçiň, ýoldaşlar, demini alyp duran gowy çaýym-da bar! –Onuň ýaly bolsa, çaýyňy içmeli bor, Wartan, seniň! – diýip, Ýagdy saglyk-amanlyk soraşyp durşuna onuň mürehedini göwünjeň kabul etdi. Çaý, dogrudanam durup, demini alyp, hakyt içimine gelen eken. Obadaşlar ony eşrepi ýaly edip, maza tapyp, höwes bilen içdiler. Anyk işleri soňa goýup, Wartan bilen mesawy gürrüň edişip oturdylar. Wartany tagtabazarlylar şu ýerde doglup, önüp-ösen, türkmençe gepleýän öz türkmenleriniň biri hasap edýärdiler. Onuň kakasy orus gelenden biraz soň bu ýere göçüp gelen ilkinji ermenileriň biri bolupdy. Sowet döwleti geleni bäri olaryň köpüsi döwlet, partiýa işlerine geçipdiler. Birnäçeler bolsa, öňküleri ýaly, henizem ezberlik bilen söwda işlerini alyp barýardylar. Arada, Guljaş Gara raýispolkomyň başlygy bolmazyndan ozal, bular raýonda hasam köpelipdiler. Ýöne Guljaş zabuna bularyň raýonda ähli emelleri öz-özleri bolup eýelemekleri ýaramandy. Ol muny gizläbem durmandy: «Biziň iliň biri bolýan bolsaňyz, size ýer bereli, kolhozam işläň!» diýip, dawa tutupdy. Ermeniler onuň talabyna razy bolmandylar. Eli gelen Guljaş: – Döwletiň haýsy kanunynda: «Söwda bilen ýolbaşçy wezipelerde hökman ermeni milletiniň adamlary işlemeli» diýlip ýazylan bolsa, görkeziň şony maňa, onsoň size «hä» diýeýin – diýip, ýokardan haý-küş edilende hem ýene-de erjellik bilen öz diýenini tutupdy. Şonda soň birnäçe maşgala “goňşyny gozgasaň göçer” edip, Mara göçüşip gidipdiler. Tagtabazarda Wartan ýaly ony öz dogduk depesi hasap edýänleriň maşgalalary galypdylar. Ýöne gidenlerem Guljaşdan kem galmandylar. Ýazar ýaly ýerlere ýazyp, barar ýaly ýerlerine baryşdyryp, ony milletçilik ýanamalarynda aýyplap, bir ýyla ýetirmän wezipesinden alyp düşüpdiler. Wartan mazardatlygy ýalam juda tüýlekdi, endamynyň tüýleri çogum-çogum bolşup onuň kükreginden, gulaklarydyr burunlarynyň içlerindenem çykyşyp durdular. Nurjuma çaý içip oturyşyna: «Gözüňe söweýiniň adamsy gowakdan tutulyp getirilen ýaly eken-ow bi. Muny şu ýüň taýynlaýan edaranyň başlygy goýup, dogry edipdirler. Sähel-mähel ýüň ýetmese dagy şunuň özüni tutup gyrkaýanlarynda hem telim kilo basar, ýetmezini dolar» diýip, onuň juda tüýlekligine geň galyp, bilesigelijilikli oýlanýardy. Ýagdy bilen Nurjuma barmaly ýerlerine baryp, görmeli adamlaryny görüp, şäherlik aladalaryny birýanýüzli edensoňlar, güni ak öýläne sandyryp: «Agşama oba ýeteris» diýen tama bilen ýola düşdüler. Yssy-petiş howa salgym atyp sowlup barýardy. Kä ýerde egrelip, kä ýerde dogralyp barýan gumak ýol güýzüne ýaltalaç, höwessiz akýan derýany ýada salýardy. Arabany indi Ýagdy sürüp gelýärdi. Onuň gapdalynda Nurjuma bu günki ýygnakda kulakçylyga çekilmeli edilenleriň, olaryň näbelli keç ykbaly barada eşiden zatlaryny göwnüne jaý edip bilmän, aladaly oýlanyp otyrdy. Ildeşdir-de-garyndaş bolşup ýaşaşyp ýören adamlaryňa bu habary, ýeri, sen nädip aýtjak? Olaram zir-zöwran bolşup sürgüne gidenden Owgana aşmakçy bolsalar? Serhetden geçmegem-ä indi bu günler aňsat däldir. Esgerleriň pulemýot gurup, bukuda oturan ýerlerine gabat gelseler-ä, olary gaýgyrmazlar, baryny paýhynlarlar. Aý, türkmen bir ozalda, ahyrda maňlaýygara halk eken... Nurjuma baryp aýtsa, bu işde onuň hem eliniň barlygynyň-a pikir ediljekdiginiň-ä gümany ýokdur. Bu adam gatnaşyklarynda, elbetde, hemişe şeýle. Garyndaş arasynda bu işleriň hökümet talabygyny, öýke-kine etmezler ýaly, sen oňa nähili düşündirersiň? A, ýeri, düşünende näme!?...» diýip oýlanyp, öz ýanyndan müýn çekýärdi. Elbetde, bu zatlar Ýagda hem bagly däldi. Şonda-da häzir onuň bu zatlaryň sebäbini, nädip beýle bolup bilýänligini ondan sorasy, bu ýagdaý barada gürleşesi gelýärdi. Onuň göwnüne bu işleriň aňyrsynda belli bir döwletiňem däl-de, ýerli adamlaryň hem hile-hasaby gizlenip ýatan ýalydy. Esasanam, häzir oňa ynjalyk bermeýän şu pikirlerdi. Şeýle pikirler etmek bolsa barha onuň bilesigelijiligini artdyrdy. Araba indi baýyr etegindäki seleň ýoldan aşak inip, jeňňel içi bilen barýardy. Öwüsgin ýokdy. Şonuň üçinem töwerek susdy, petişdi. Henizem gyzyp, bugaryp barýanlary üçin olar agşamyň sergin howasy barada oýlananlaryny hem duýman galýardylar. Häzir öýlän şemaly ösäýsedi, indi onuňam-a garaňkynyň örtügini ýapynyp, ösmeli wagty golaýlap ýördi. Ýoluň iki gapdalyny eýeleşip, egele bolşup oturan hyşadyr gamyşlaryň ýokarsynda hem häzir hereket ýok. Hatda olaryň arasynda jüýpüldeşip, bökjekleşip, pysyrdaşyp, hezil edişip oýnamagy gowy görýän bedenedir ýabantowugyň jüýjeleriniňem häzir sesleri eşidilenok. Hemmeler çöken-çoman ýerlerinde ýagşy salkyn araryna garaşyp ýatan borly busuşyp. Şeýle bolansoň ýolam tükeniksiz uzak bolup görünýär. Nurjumanyň bu günki ýygnak barada Ýagdy bilen pikir alşasy, bu zatlaryň näme üçin beýle bolup barýanlygy baradaky onuňam pikirini bilesi gelýärdi. Ýagdy bolsa nas atan ýaly geplemän, jylawy deňläp, küýkeribräk, arabany öz maýdalyna sürüp otyrdy. –Eý, Ýekegapan, sen, näme, diliňi ýuwudan ýaly, ýolboýy dymyp gelýäň? – diýip, Nurjuma Ýagdynyň oglanlyk lakamyny tutup, ýeserlik edişesi gelýäne meňzäp, sähel tirsekläp, oňa söz gatdy. –Näme diýeýin, Şallak han? – diýip, o-da Nurjumanyň oglanlyk lakamyny tutup deň gopdy. –Aý, diý-dä bir zat. Bu bolýan zatlara nähili düşünmeli onsoň? –Hä, sen, asyl, düşünmedim diýsene – Ýagdy öwrülip, Nurjuma tarap ýaňsyly seretdi. –“Ýok” diýdim-ä. –Düşünmedik bolsaň ýaňy OGPU başlygyndan soraýmaly ekeniň-dä, olar saňa muny şeýlebir gowy edip düşündirdiler welin, soň gaýdyp, ikilenç islemeziň ýaly bolardyň. Ýagdynyň içýakgyç gepi Nurjumanyň çetine degdi. Şundan soň olam, kem galmazlyk üçin, oňa oglanlykdaky osalyny ýatladyp gepledi: –Eý, Ýekegapan, senem ýöne: «Merjeniňem memmesi bar eken» diýen ýaly bir zat diýip goýberýäň-ow – diýip, nägile bolandan boldy. Nurjumanyň oglanlykda bir gezek bilmän aýdan osal gepini ýatlatmagy Ýagdyny, göýä, ýüzin salyp barýan aty birden jylawyndan çekilen ýaly edenligi belli boldy. Ol böwregini bökdürip: «Munuňam ýatlap ýören zadyny?!» diýýän äheňde biygtyýar gülümsiräp goýberdi. Ýagdy bilen Nurjuma obadaş boluşlary ýaly hem bile basalaşyp ösen deň-duşdularam. Olaryňam ähli deň-duşlukda bolýan, eden garagolluklaram bardy, bimesrepliklerem. Ýagdynyň: «Merjeniňem memmesi bar eken!» diýip, geň galyp aýdan gepi hem olaryň şol döwürler bile eden garagolluklarynyň biri bilen baglydy. Muňa-da olaryň çaga bilesigelijiligi sebäp bolupdy. Şol gezek olar üçdüler. Nurjuma, Ýagdy, ýanlarynda Agamyrat diýenem ýene birleri bardy. Obanyň çetinde oba gyzlarynyň bir gizlin güzerde suwa düşüp, hezil oýunlar oýnaýandyklary şol günlerde olaryňam gulagyna degip, ünsüni çekipdi. Beýle hezilligiň barlygyny eşideňsoň, özüňem 10-12 ýaşly it aýagyny iýen ýaly, ähli ýerlerde selpäp ýören oglan mahalyň, dur-da onsoň durup bilseň... Gyzlaryň güzeri gamyşlaryň arasynda aýmança bolup, ýaý atyp otyr. Öz-özleri bolşup, çola özlerini atansoňlar gyzjagazlar bu ýerde özlerini arkaýyn duýýardylar, ýalaňaçlanybam gypynçsyzam suwa düşüniberýärdiler. Gapdaldaky depäniň üstünde hem del adam görnen mahaly habar bermek üçin hemişe özleriniň birini gözegçi goýardylar. Şonuň üçinem olaryň golaýyna diňe suw içi bilen akym ugruna ýüzüp, balyk bolup barmak mümkindi. Oglanlar ol ýere gitmegi dilleşensoňlar, garaşylmadyk ýagdaýda, garaşylmadyk halda özlerini gören deň-duş gyzlaryň juda oňaýsyz ýagdaýa düşjekdiklerini aýdyşyp, özleriçe göz öňüne getirişip, şonda hezil boljagyna ynanypdylar. Suw içi bilen gamyş-gajrawa çolaşyp, ýüz-gözüňi çyzdyryp ýüzmegem, elbetde, aňsat däldi. Üstesine-de, ömür adam garasyny salmaýan ýerlerde suwýylanlarynyňam köp bolmagy gaty mümkindi. Ýöne, garagollugyň keýpine düşen oglanlaryň bu wagt ýadyna zat düşmeýärdi. Jaryň içi bilen ýüzüşip gelýän oglanlar güzeri alkymlap gelen wagtlary, bu ýerde gyzlaryň özlerini, öz çak edişlerindenem has arkaýyn duýýandyklaryny gördüler. Henize-bu güne çenli ýalaňaç zenan tenini görmedik, onda-da birbada munça ýalaňaç gyzlary gören oglanlar ýöne aňk-taňk bolaýdylar. Şonda gamyşlaryň arasyndan jyklap gyzlara seredip duran Ýagdy: «Eý, Merjeniňem memmesi bar eken!» diýip, bir deň-duş gyzyň adyny tutanyny hem duýman galypdy. Garaşylmadyk ýerden eşidilen ses gyzlary şonda uýaldyryp, oňaýsyz ýagdaýa salypdy. Olaryň birnäçesi gykylyklaşyp özlerini suwa oklapdylar, birnäçeler uýat ýerlerini elleri bilen boldugyna görä örtüşip, geýim-gejimlerine ýetmäge howlugyşdylar. Bolupdy bir başagaýlyk, endamyny çöp-çalama çyzdyryp, gamyşlykda gizlenişip ýörenleri haýsy. Oglanlaryň duýdansyz gelip, duýdansyzam ýene yzlaryna gitmek pikirleri başa barmandy. Gyzlar olary tanadylar. Oba munuň ýaly bimesrepligi halamaýar, hasam ol onuň gyz-gelinleri bilen bagly bolanlygynda. Şol wakadan iki-üç gün geçensoň, uýada galan gyzlaryň birki sanysynyň özlerinden uly agalary Nurjuma bilen Ýagdyny oýun oýnap ýören ýerlerinden çagyryp alyp, sen-men ýok ýenjip gidipdiler... Ýagdy Nurjumanyň ýüzüne seredip, köpmanyly ýylgyryp bir zat diýerli görünse-de, ýöne ýene-de onuň has göterilip geplemegine garaşýan ýaly, hiç zadam diýmedi. Onuň: «Bu sorag nämä gerekdi?» diýen manyda özüne seredip, hondan- bärsi bolup dymmagy, dogrudanam, Nurjumany göçürdi: –Görýän weli, Ýekegapan, seni obadaşlaryň ykbaly aladalandyrmaýan bora çemli! Ençeme adamlar ýene-de kertiň öňüne bardy ahyryn... –Nurjuma, bu meselede, elbetde, men saňa düşünýän. Onsoňam men saňa bir akyl gürrüň aýdaýyn, hökümetiň halamaýan adamlaryna ezmaýyşlyk edeniňi bilseler, bilip goýaý, senem halamazlar. –Näme ederler öýdäň? –Baý guýrugy bolarsyň. Sürgün edip, çaňyňy kakyp goýbermeklerem mümkin... –Ýok, dur! – diýip, Nurjuma onuň sözüni böltedi – Sen üns berýämiň bir zada! Baý diýlip, basmaçy diýlip, işan-molla diýlip, gör, nijem bir adamlar paýhyn boldy, Mämmet hanlar gitdi, Zaýyr çöpçi, Taýyr çöpçi, Guwandyk baýlar, Ärsary baýlaram topar bolup gitdiler... Ýeri, sen olardan näme ýamanlyk görüpdiň aslynda? Barha janygyp gürleýän Nurjuma öz aýdýanlarynyň häzir ýoldaşynda garyşyk duýgy döredýäninden habarsyzdy. –Hümm! – edip, Ýagdy Nürjuma tarap dikanlap seredip, nägileligini aňdyryp dillendi. – Eý, Nurjuma, men senden bir zat soraýyn, ýöne gönülenip aýt! – diýip talaply aýtdy. –Sora hany! –Sorasam, jora, seni-meni dagy ile beg edip goýan kim? Elbetde, şuralar döwleti. Eger şol bolmadyk bolanda sen kimdiň? Menem, ikimizem aty bolman, güzeranyny eşek bilen kowalap ýören adamlardyk. Maňa dagy: «Pylankesiň alagöz guly» diýýärdiler. Ol soňky sözi aýdanda ahmyrly, aplygybrak aýtdy. Elbetde, Ýagdynyň kalbynda özüni bu derejä ýetirenligi üçin, bir oba han-tarhan edip goýany üçin, täze häkimiýete bolan minnetdarlyk bardy. Ol özüniň ähli alyp barýan işlerini hem: «Şeýtsem-ä täze hökümetiň göwnüne jaý bolar» diýip ölçäp edýärdi. Ol täze hökümetiň tabşyryklarynyň näme gopdurýanlygy barada pikir etmän ýerine ýetirýärdi we şeýdip özüniň dogry edýänligine hem ynanýardy, ondan lezzet alýardy. Ol özüniň «gullar» lakamyny göterýän toparynyň arasynda öz-özleri bolup otyrka: «Bolşewik bize-hä düşdi, ol bizi deňlikdenem ötürip, beglige göterdi. Indi döwran sürmek nobaty biziňki. Ozalky «gul» diýip, bize gyzyny bermedikler, indi gyzlaryny bize berip bilseler hoş bolar. Beglikdir barlylyk gullary ig edýän gudratdyr» diýip, bu döwrüň gadyryny biliň diýen manyda baýrynyp, olaryň gulaklaryndan geçirýärdi. Ýolbaşçy wezipelere yhlas bilen öz toparynyň adamlaryndan goýuşdyrýardy. –Menem köp zatlardan nägile-hä däl – diýip, Nurjuma barha alyşýan gürrüňe berlip, onuň öz hörpünde geplemäge çalyşdy. –Esasy – öz öýümiz abatmy, abat. Hemmäni oňarma islesegem başartmaýar bizlere. Onsoňam, «Özbek özüne bek!» diýlenidir. Şura soňky aýdan sözleriniň «öz» sesini süýndürip, ol sözleriň üstüne agram salyp, özbek diliniň gep saluwyna meňzedip gepledi. Nurjuma dikanlap, gürrüňdeşiniň ýüzüne biraz geň galmak bilen seretdi, odukdy: –Bä, «Öweýiň ödi bolmaz» diýleni çyn eken-ow – diýip, ýaňsy gatyşykly gyjalatly gepledi. Ýagdy Nurjumanyň özüni türkmen hasabyndan aýryp, ýanjap geplän gepini halamady. Oňa tarap ýaltyldap, öçli seretdi. Magatlygy bilen aýdylan gepiň «Ige-gul” diýseň, gülesi geler, gula “gul-diýseň, ölesi geler» diýleni boldy. Gözlerine gan guýlan ýaly bolup, syh-syh tüýler çykyp duran talawly burnuň ýel düşüp, deşikleri giňäne döndi. Ol soň duýdansyz harsa jylawy gapdala taşlady-da, it ýaly dişlerini syrtardyp, öjügibem Nurjumanyň üstüne hyruçly topuldy: –Kimiň öweýligini men seniň gözüňe görkezerin! Ol göwresiniň badyna, juda beýle garşylyga garaşmadyk Nurjumanam arabadan agdaryp, özi bilen ýere alyp düşdi. Daş-töwerek bolsa çola. Adamlar yssyda bu ýoldan ýöremeýär diýen ýalydy. Galyberse-de, obadanam ep-esli çet, ýaş ýigdekçe dagy bolsaň, tüýs keýpine sarmanaklaşyp, ýakalaşyp hezil edip ýörmeli ýer. Dünýä bolsa enteklerem serginlik ymykly aralaşarly däl. Diňe öýlän şemalynyň assa-ýuwaş ösüp ugrany belli bolup, töwerekdäki hyşalaryň depesine täç edinip göteren tilkiguýruk hyşa gulpaklarynda sähelçe hereket bar. Ýere olaryň ikisem şol bir wagtda diýen ýaly aşyrym atyşyp düşdüler. Ýöne gaty ýere urulsalar-da, bu pursatda olaryň hiçisi-de agyryny duýmadylar. Nurjuma Ýagdynyň agyr göwresiniň aşagynda galmazlyk üçin, çakganlyk bilen gapdala togarlandy. Ol oglanlykda onuň bilen ýakalaşa-ýakalaşa ösenem bolsa, indi ýetilip, pälwan güýjüni alan garşydaşynyň bir aşagyna düşüp bilse, onuň özüne hezil bermejegini bil-ýärdi. Olar ýene-de ýerli-ýerden hasanaklaşyp turup, bir-birlerine tarap öçli topuldylar, hamala, sygyr sürüsiniň öňünde hersi öz artykmaçlygyny nygtap, şarka-da-şarka iki tarapdan şah talawladyşyp, dyzanyşýan, uruşýan däli öküzlere öwrüldiler. Güýçler deňeçerräk bardy. Şol arada bir emel etmegiň küýüne düşen Ýagdy dartyşyp-çekişip ýörşüne Nurjumany atyma getirip, sähelçe ýan atyp, üstüne çeken ýaly edip, ýanbaşa alyp pylçap urasy geldi. Ýöne ozaldan bir-birleriniň emel-güýjüne belet bolansoňlar, Nurjuma hem muny wagtynda aňdy, garşydaşynyň emelinden özüni çekeräk tutmaga çalyşdy. Olar ýene birsalym gaýry çekilişip, gol baglaşyp, südenekleşip, käte ýere ýykylyşyp, soň ýene turup, ýamaşgandan birek-biregiň üstüne dübleşip gidişdiler. | |
|
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |