03:40 Oral jynsy gatnaşyk harammy? | |
ORAL JYNSY GATNAŞYK HARAMMY?
Jemgyýetçilik tankydy
Dünýä jemgyýetleriniñ köpüsinde anal ýa-da oral jynsy gatnaşykda bolmak adaty ýagdaýa öwrülip barýar. Gynansak-da, şeýle jemgyýetleriñ arasynda musulman jemgyýetlerini hem görmek bolýar. Mysal üçin, partnýorlar tarapyndan ikitaraplaýyn amala aşyrylýan oral jynsy gatnaşyk türk jemgyýetinde giñden ýaýran. Hatda bu, oral gatnaşyk arkaly geçýän weneriki keselleriñ bejerip bolmaýan keselleriñ hataryna girýändigi medisina tarapyndan bireýýäm subut edilendigine garamazdan, olarda geñem görlenok. Käbir ýagdaýlarda muña dini ulamalardan ýazgaryjy bellikler edilmegiñ deregine, gaýtam "anyk dini gadagançylygy ýok" diýip, oñlanylýar hem. Şeýle-de bolsa, ylymly ylahyýetçileriñ arasynda bu ýaramaz endiklere garşy tankydy bellikleri edýänlerem bar. Şolaryñ biri hem tanymal ylahyýetçi ýazyjy Aly Ryza Demirjandyr. Aly Ryza Demirjan ýurdumyzda hem söýlüp tomaşa edilýän "Direliş Ärtogrul" teleserialy gutarandan soñ her çarşenbe agşamynda bolýan "Pelin Çift ile Gündem Ötesi" telegepleşiginde çykyş edende "oral jynsy gatnaşyk düýbünden haramdyr!" diýeninde, gepleşigi alyp baryjy Pelin Çift biygtyýar gaty ses bilen gülmäge başlady we "Halypa, size näme bolýar?" ("Hocam sizin derdiniz ne?") diýip geñirgendi. Alypbaryjy zenanyñ bu bolşy Şweýsariýanyñ abraýly gazetlerinden bolan "Blick" gazetiniñ žurnalistleriniñ ünsünden sypmady. Gazetde är-aýal gatnaşyklarynyñ arasynda bolsun, ýa bolmasa binika jynsy gatnaşyklarynda bolsun, tapawudy ýok, oral jynsy gatnaşygy gadagan edilen azgynçylykly jynsy gatnaşyk görnüşlerine degişlidigini ýañzydanda, ylahyýetçi ýazyjy Demirjanyñ sözlerine gülen Pelin Çiftiñ bolşy "geñ" görüldi. Aly Ryza Demirjanyñ Türkiýäniñ TRT-1 döwlet teleýaýlymynda eden tankydy bellikleri jogapsyz galdyrylmady. Hatda bu bellik käbir gatlaklary biynjalyk etdi. "Jüpbeli Ahmet hoja" ady bilen tanalýan Ahmet Mahmut Ünlü: "Halkyñ arasynda şular ýaly giñden ýaýran zat barka, sen muña nämä arkalanyp haram diýip bildiñ? Diwara arkalanan bolaýmasañ. Nädip oña haram diýip bilýäñ? Haram diýmek başga, jaýyz däl diýmek başga" diýip gazaply çykyş etdi. Şeýle-de bolsa, Aly Ryza Demirjan eden dogry belliginden dänmedi. Ol Jüpbelä beren ýazmaça jogabynda: "Gomoseksualistleriñ, lezbiýankalaryñ, erotiki saýtlary ýöredýänleriñ näme üçin ynjalykdan gaçýanlaryna düşünmän duramok, ýöne käbir gözli kör musulmanlara düşünemok. Eýsem, olaram bu haram işleri edýälermikä?" diýip jogap berdi. Dogry pikiri öñe sürendigini we mundan beýlägem öñe sürmäge dowam etjekdigini aýdan Aly Ryza Demirjan Jüpbeli hojanyñ oral jynsy gatnaşyga bolan garaýşyñ mezheplere görä tapawutlylyk görkezýändigi baradaky aýdan sözüne beren garşylyklaýyn jogabynda: "Çykyşlarym arkaly birnäçe haram işiñ bilinmegine sebäp bolandyryn diýip umyt edýärin" diýdi. Ylahyýetçi Aly Ryza sözüne şeýle dowam etdi: "TRT-1-de eden çykyşymda aýdan sözlerim birnäçe haram işiñ bilinmegine getirdi diýip umyt edýärin. Şol sebäplem özümi bagtly duýýaryn. Derwaýys meseläni gozgandygym üçin köpsanly minnetdarlyk hatlary gelip gowuşdy. Telegepleşigiñ dowamynda partnýorlaryñ arasynda haram edilen jynsy gadagançylyklar barada aýdan wagtymda, alypbaryjynyñ ýerliksiz gülmegi aýdan sözlerimiñ belli bir bölegi internet sahypalarynda ýoýulyp köpçülige ýetirildi. Dinimiz partnýorlara zenanyñ aýbaşy döwründe jynsy gatnaşygy haram edişi ýaly anal we oral jynsy gatnaşygy-da haram edipdir. Din we medisina taýdan tutarygy bolmazdan partnýorlaryñ jynsy gatnaşykda öz ýerine ýetirmeli borjundan gaçmagy-da dinimizde haram hasap edilen işlere girýär. Millionlarça maşgalanyñ bu haramlaryñ birini ýa-da birnäçesini etmeli däldigini bilmän ýa-da bilibem edýändigini maña gelip gowşan on müñlerçe sowallardan ýola çykyp partnýorlaryñ arasynda nämäniñ haram edilendigi baradaky soraga gutarnykly jogap berdim. Men öz etmeli işimi etdim, mundan beýlägem ederin. Çünki bu haramlaryñ edilmegi partnýorlary başga-başga günälere itermek bilen bir hatarda, garşysyndaka äsgermezçilikli çemeleşmäge, zorluga we hatda nika bozulmalaryna çenli alyp barýar. Köpsanly telewizion gepleşikler we metbugat serişdeleri halkymyzy bu haramlary etmäge gönükdirýär. Haramlardan söz açylanda inkär edijileriñ, zynahorlaryñ, gomoseksualistleriñ, lezbiýankalaryñ, erotiki saýtlary ýöredýänleriñ we şony mazamlaýjylaryñ näme üçin ynjalykdan gaçýanlaryna düşünmän duramok, ýöne käbir gözli kör musulmanlara düşünemok. Eýsem, olaram bu haram işleri edýändigi we munuñ etmeli däldigi ýatladylýandygy üçin ynjalykdan gaçýarlarmyka?" Allanyñ haram eden işini öwretmek haçandan bäri ahlaksyzlyk boldy? Megerem, tertipsizlik we utançsyzlyk şu bolsa gerek. "Blick" ýaly abraýly şweýsar gazetiniñ görkezen obýektiw düşünjesiçe-de düşünjesi ýok nadanlardan Allaha sygynýarys". # cnnturk | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||