ORTA AZIÝA HALKLARYNYÑ GYMMATLY KITABY
Awestanyň tekstiniň ýazmaça taryhyny öwrenmäge nemes alymlary F.Altheim we R.Ştil birnäçe işlerini bagyşlapdyrlar. Olarda awtorlar zoroastrizmiň watanynyň Horezmdigini nygtapdyrlar.
Biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda gadymy Baktriýada arameý elipbiýinde ýazylan Awestanyň golýazmasynyň bolandygyny ykrar etmek bilen, F.Altheim we R.Ştil X asyr awtory, belli dilşynas we taryhçy Hamza Yspyhanynyň bu mesele boýunça getiren maglumatlaryna üns beripdirler. Hamza «Hwadaý namakda» (pehlewi dilindäki «Şanamadan») we irki arap awtorlarynyň eserlerinde berilýän maglumatlardan peýdalanyp, grek-makedon goşunlarynyň Eýrana we Orta Aziýa ýörişi döwründe Aleksandr Makedonskiniň buýrugy boýunça, bu ýurtlaryň dini we dünýewi kitaplarynyň bir ýere ýygnadylandygyny, soňra olaryň pelsepä, älemşynaslyga, lukmançylyga we oba hojalygyna degişlileriniň ählisini grek we kopt dillerine terjime etdirip, Müsüriň Aleksandriýa şäherine ugradylandygy barada ýazypdyr. Hamza öz maglumatlaryny orta asyr pehlewi çeşmelerinden alan hem bolsa, iş ýüzünde, olaryň öz gözbaşlaryny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýandygy hem-de ep-esli derejede Zaratuştranyň eserleri bilen Germippiň tanyşdygy barada Plininiň berýän maglumatlary bilen gabatlaşýandygyny F.Altheim we R.Ştil belläpdir. Eger-de Germippiň biziň eýýamymyzdan öňki asyrda ýaşandygyny göz öňünde tutsaň, onda seljerilýän maglumatlar öz seneleri boýunça Aleksandryň döwrüne golaýlaşýarlar.
Awestanyň gadymy golýazmalarynyň Aleksandriýa şäheriniň kitaphanasynda saklanandygyna we olar bilen bu ýerde Germippiň tanyş bolmaga mümkinçilik alandygyna F.Altheim we R.Ştil şübhelenmändir. Ýöne bu meselede ýene-de goşmaça soraglar ýüze çykypdyr. Hususan-da, Germippiň Awesta bilen tanyşlygy nähili häsiýetde bolupdyr? Hiç mahal Gündogarda bolup görmedik antik döwrüň grek alymy arameý hatynda ýazylan bu eseri nähili derejede okap we düşünip bilipdir?
F.Altheim we R.Ştil bu soraglara hem jogap berip, Germippiň arameý haty bilen tanyşlygyna güwä geçip biljek delilleri getiripdirler. Olaryň çaklamalaryna görä, şeýle tanyşlyk üçin grek filosofynyň ýaşan döwründe doly mümkinçilik bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 300-nji ýyldan başlap we ondan öň hem papirusyň ýüzüne ýazylan arameý dilindäki tekstler Müsüre ýaýrapdyr. Zerurlyk ýüze çyksa, ol tekstleri okamak üçin gerek bolan bilimi we sapagy Aleksandriýada ýaşaýan ýewreýlerden almak mümkinçiligi bolupdyr. F.Altheim we R.Ştil öz pikirleriniň tassyklamasyny Plininiň latyn dilinde ýazylan «Tebigy taryh» atly eserinde duş gelýän explanare sözüniň pehlewi dilinde ýazylan «Denkartdaky» vicartan sözi bilen manylarynyň biri-birine gabat gelmeklerinde görüpdirler. Olaryň pikirlerine görä, dürli döwürlere degişli bu çeşmelerdäki bu sözleriň ikisini hem Orta Aziýanyň we Eýranyň gadymy halklarynyň keramatly kitabynyň taryhy bilen baglylykda ulanypdyr.
Aleksandriýa kitaphanasynda daşary ýurt dillerindäki gadymy çeşmeleriň üstünde geçirilýän işlerde F. Altheim we R. Ştil Awestanyň tekstleri bilen bagly alnyp barylmaly işleriň logik yzygiderliligini görüpdirler. Olara laýyklykda, gadymyýetiň bu meşhur kitaphanasynda saklanmaga hukuk gazanan her bir eseriň üstünde geçirilmeli işler aşakdakylardan ybarat bolupdyr: ilkinji nobatda, gelip gowşan çeşmäniň tekstini grek harplary bilen transkribirlemek, soň ony grek diline terjime etmek we mazmunyny teswirlemek. Bu meselelerde esasy zat eseriň asyl nusgasyny ele salmak bolupdyr. Onuň üstünde amala aşyrylmaly ähli beýleki işler kitaphananyň filologlarynyň aladasy bolupdyr.
F. Altheimiň we R. Ştiliň pikirlerine görä, biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda Aleksandriýa kitaphanasyna getirilen Awestanyň tekstleriniň üstünde hem ýokarda bellenilen işler geçirilip başlanypdyr. Ýöne Awestanyň tekstleri bilen işiň diňe birinji bölegi — olary grek harplary bilen transkribirlemek berjaý edilipdir.
F. Altheim we R. Ştil bu mesele boýunça ahyrky netijelerini aşakdaky görnüşde jemläpdirler: Zoroastrizm dininiň mukaddes kitaplaryny transkribirlemek boýunça «Denkartda» berilýän maglumatlar, Aleksandryň biçak uly meýilnamalarynyň düýp özenini tutupdyr. Bu iş daşary ýurt dillerini öwrenmekçi bolan makedoniýalylara we greklere gadymy eýran halklarynyň dini kitaplaryny elýeter etmäge mümkinçilik bermeli bolupdyr. Ýöne bu meýilnamalar Aleksandryň aradan çykmagy bilen bes edilipdir.
Awestanyň tekstiniň ýazuwa geçiriliş taryhy barada ýene-de iki sany häzirki zaman meşhur iňlis gündogarşynasynyň gelen netijeleriniň üstünde durup geçmeli bolýarys. Olaryň birinjisi «XX asyryň iň beýik gündogarşynasy» adyna mynasyp bolan H. W. Beýlidir (1899—1996). Ol ilkinji gezek Awestanyň tekstologik meselesi barada 1936-njy ýylda çykyş edipdir. Özüniň derňewleriniň netijelerini 1943-nji ýylda neşir edilen «Zoroastrizm dininiň meseleleriniň IX asyryň kitaplarynda beýan edilişi» atly monografiýasynyň V—VI baplarynda giňişleýin beýan edipdir. Bu kitap 1971-nji ýyldaş ikinji gezek neşir edilipdir. H. W. Beýli öz gelen netijelerini tassyklamak üçin — zoroastrizm dininiň kitaplarynyň («Arda Wiraf namak» «Şahrha-i Eran», «Uly Bundahişn» we beýlekileriň) berýän maglumatlaryna salgylanypdyr. Şeýle hem, H. W. Beýli grek-makedon basyp alyşlaryndan soň, imperiýanyň dürli künjeklerinde bölek-büçek saklanyp galan «Uly ahemeni Awestasynyň» iki sany ýazmaça nusgasy barada «Denkartda» (VI, VIII baplarda) berilýän maglumatlaryna hem salgylanypdyr, mukaddes kitaby doly görnüşde dikeltmek boýunça Parfiýa patyşasy Wologez I (51-78) we Sasany döwletiniň hökümdarlarynyň we ruhanylarynyň eden tagallalaryny jikme-jik beýan edipdir. Ýöne, H.W.Beýliniň "Awestanyň" tekstiniň iň bärkisi iki müň ýylyň dowamynda dil üsti bilen nesilden-nesle geçip gelendigi we sasany eýýamynyň ahyrynda ilkinji gezek ýazuwa geçirilendigi baradaky netijesini alymlar kabul etmändirler.
Almaz ÝAZBERDIÝEW,
taryh ylymlarynyň doktory.
Taryhy makalalar