09:35 Orta Aziýanyñ ilkinji türkmen çapçylary: Atajan Abdal ogly | |
Orta Aziýanyň ilkinji türkmen çapçylary
Taryhy makalalar
● Atajan Abdal ogly we onuň neşir eden kitaplary XIX asyryň dowamynda Orta Aziýanyň çäklerinden daşarda we şol asyryň soňky çärýeginde onuň öz içinde kitap neşir edijileriň we kitap söwdagärleriniň tagallalary bilen arap elipbiýinde öz asyl nusgalarynda ýerli halklaryň nusgawy şahyrlarynyň eserleri yzygiderli neşir edilip gelnipdir. Häzirki döwürde olar dürli ýurtlaryň Gündogarşynaslyk institutlarynyň golýazmahanalarynda we Milli kitaphanalarynyň gaznalarynda seýrek duş gelýän gymmatly neşirler hökmünde saklanýar. Türkmenistanda olaryň iň köp toplanan ýeri TYA-nyň Milli golýazmalar institutydyr. Taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýew türkmen kitabynyň taryhyny ýarym asyra golaý wagt bäri öwrenip gelýär. Onuň «Arap grafikasynda neşir edilen türkmençe kitaplar» (1981) we «Köne türkmen basma kitaplary» (2004) atly monografiýalary seýrek duş gelýän eserlere öwrülip gitdi. A.Ýazberdiýew 1917-nji ýyldan öňki döwürde türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerini neşir edip, halk arasynda ýaýradyp, sözüň doly manysynda magaryfçylyk işini berjaý edip, medeniýetimiziň taryhynda çuňňur yz galdyran türkmen edebiýatyny öwrenijilere bagyşlap ygtybarly çeşmelere esaslanyp ýazan gysgaça makalalaryny gazetimize hödürledi. Olar Orta Aziýada ilkinji bolup, 1874-nji ýyldan başlap arap elipbiýinde öz asyl nusgalarynda ýerli halklaryň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini neşir eden türkmen Atajan Abdal ogluna, 1908—1916-njy ýyllarda diňe türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerini we awtorlary belli bolmadyk dessanlarymyzy neşir edip gelen Mirzahyt Mirsyddyh ogluna, 1912-nji ýylda türkmen edebiýaty boýunça «Edebiýat kitaphanasyndan» atly tapgyrlaýyn neşiri başlan Abdyrahman Nurmuhammet ogly Nyýaza, 1914-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň «Diwanyny» we Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama» poemasyny neşir edip, ilat arasynda ýaýradan Gurbanberdi Hojageldi ogly Gürgenä we Zakaspi welaýatynyň medeni durmuşyna bagyşlan makalalarydyr. Bu şahsyýetleriň durmuş we döredijilik ýollarynyň heniz okyjylar köpçüligine ýeterlik derejede mälim däldigini nazara alyp, alymyň olar baradaky makalalaryny okyjylarymyza hödürleýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi bilen türkmen halkynyň meşhur şahsyýetleriniň ömrüni we döredijiligini öwrenmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmeniň beýik şahsyýetleriniň biri-de Atajan Abdal ogludyr. Hywa daşbasmasy bilen bagly heniz öwrenilmedik meseleleriň biri onuň ilkinji çapçysy, türkmen Atajan Abdal oglunyň (1856—1927) ömri we döredijiligi bilen baglydyr. Dünýäniň ähli ýurtlarynda metbeçilik işini ilkinji bolup başlan adamlara iň meşhur taryhy şahsyýetleriň hatarynda uly hormat goýulýar. Atajan Abdal ogly hem Türkmenistan we Orta Aziýa üçin şeýle hormata mynasyp şahsyýetleriň biridir. Häzirlikçe Atajan Abdal ogly we onuň terjimehaly barada diňe aşakdaky maglumatlar bellidir: ol 1856-njy ýylda doglup, 1927-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Başlangyç bilimi ýerli musulman mekdebinde alypdyr, medresede okapdyr. Amyderýanyň aşak akymynyň sag kenarynda rus harbylary tarapyndan esaslandyrylan Petro-Aleksandrowsk (häzirki Dörtgül şäheri) diýlip atlandyrylan berkitme galasynda 1873-nji ýylda açylan rus we ýerli halklaryň çagalary okadylýan mekdepde-de öz bilimini, gysga wagtlaýyn hem bolsa dowam edipdir. Ilkibada ussady — eýranly Ybraýym Soltan diýen adam bilen (olaryň näçe wagt bilelikde işländigi belli däl), soň bolsa özbaşdak Hywa daşbasmasynda ýarym asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda işläp, köp kitaplary neşir edipdir. Magaryfçy hem çapçy A.Abdal oglunyň ýolbaşçylyk etmeginde 1920—1924-nji ýyllarda Horezm Halk Respublikasynda (HHR) türkmen we özbek dillerinde kitaplar we döwürleýin neşirler çap edilipdir. HHR-iň kagyz puluny hem neşir edipdir, bu ýaş döwlet üçin köp metbeçi hünärmenleri taýýarlapdyr. Hywa medeniýetiniň taryhçysy G.M.Bilýalowyň belleýşine görä, A.Abdal ogly ömrüniň ahyrynda il arasynda giňden belli, uly hormatdan peýdalanýan adam bolupdyr. Özüniň kämil hem arassa zähmeti we halk köpçüligini bilimli-sowatly etmekde bitiren hyzmatlary üçin ol 1924-nji ýylda HHR-iň «Gyzyl zähmet» ordeni bilen sylaglanypdyr. Elbetde, Atajan Abdal ogly ýaly tutuş Orta Aziýanyň medeni ösüşinde öçmejek yz galdyran uly taryhy şahsyýetiň durmuşy we döredijiligi barada bu ujypsyz maglumatlary bilmek ýeterlik däldir. Biz heniz onuň doglan ýerini, maşgala durmuşyny, manyly ömrüniň wajyp wakalaryny hem-de ýarym asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda metbeçilik bilen meşgul bolan döwründe (1874—1927) jemi näçe sany we nähili mazmunly kitaplary çap edendigini doly we anyk bilmeýäris. Häzirlikçe biz Atajan Abdal ogly barada anyk çeşmeleriň ýeterlik derejede agtarylmanlygy, ele salynmanlygy we ylmy dolanyşyga girizilmänligi sebäpli, onuň bilen bagly käbir meseleler boýunça çaklama pikirleri öňe sürmek bilen çäklenmeli bolýarys. Eger-de biz Atajan Abdal oglunyň 1873-nji ýylda Petro-Aleksandrowsk (Dörtgül) şäherinde açylan rus we ýerli halklaryň çagalary okadylýan mekdepde bilim alandygyny göz öňünde tutsak, onda bu çapçynyň doglan we önüp-ösen ýeriniň hem bu sebit bolandygyny çak etmek mümkin. Şunuň bilen bagly ýene-de bir meseläni orta atmakçy bolýarys. Hywa çaphanasy barada birnäçe makalalar ýazan professor G.N.Çabrow (1904—1984) biziň bilen 1974-nji ýylda bolan söhbetdeşlikde «Men Hywada bolanymda, ýerli ýaşulular Atajan Abdal oglunyň türkmen adam bolandygyny tassykladylar» diýipdi. Bu maglumaty «Издательское дело в дореволюционном Туркменистане» atly kitabymyzda hem belläp geçipdik. Almaz ÝAZBERDIÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |