17:43 Gadymy Gürgenjiñ medeni durmuşy | |
GADYMY GÜRGENJIÑ MEDENI DURMUŞY
Taryhy makalalar
Gojaman hem mukaddes Horezm! Gözbaşyny göz ýetirip bolmaýan gadymyýetden alyp gaýdýan bu keramatly ýurduň we onuň paýtagty Gürgenjiň adyny agzanyňda, beýik hökümdarlaryň we serkerdebaşylaryň, genial alymlaryň, meşhur filosoflaryň we şahyrlaryň, yslam dinini goňşy halklaryň arasynda ýaýratmakda çäksiz hyzmatlary bitiren birgiden ymamlaryň hatary biygtyýar hakydaňa gelýär. Häzirki döwürde olaryň saklanyp galan aramgählerine, zyýarat etmek üçin ýurdumyzdan we tutuş Merkezi Aziýadan adamlar gelýärler. Häzirki döwrüň ylmy işlerinde Horezmiň paýtagtyny iki hili atlandyrýarlar: Ürgenç we Gürgenç. Olaryň birinjisi gözbaşyny juda gadym döwürden alyp gaýdýar. Hytaý çeşmeleriniň m.ö. II asyra degişli Ýuegýan şäheri barada berýän maglumatlarynyň Ürgenç şäheri baradadygy ylmy nukdaýnazardan tassyklanypdyr. Käbir alymlaryň pikirine görä, «Ürgenç Urwa (ýa-da Urga) diýip transkripsiýalaşdyrylan görnüşinde Awestada ýatlanylýar». Eger bu dogry bolsa, onda bu şäheriň esaslandyrylan döwri has hem gadymyýetiň jümmüşine aralaşyp, ol Merw bilen bir döwre degişli bolýar. Orta Aziýany araplar basyp alanlaryndan soň, Ürgenjiň adyny Gürgenç (arapça Jürjaniýa ) diýip atlandyryp ugrapdyrlar. Mongol çozuşlarynyň öňýanynda bu şäherde ep-esli wagt ýaşan we onuň ajaýyp kitaphanalarynda işlän meşhur arap alymy Ýakut Hamawynyň (1179-1229) şaýatlyk etmegine görä, ýerli halkyň arasynda onuň diňe Gürgenç ady ulanylyp gelipdir. Häzirki döwürde ol Daşoguz welaýatynyň düzüminde Köneürgenç ady bilen bellidir. W.W.Bartold Horezmi «gadymy medeniýetli ýurt» diýip atlandyryp, bu döwlet we onuň paýtagty «iň irki döwürlerden başlap, Orta Aziýanyň medeni durmuşy üçin ähmiýetli bolmaly bolupdyr» diýip nygtapdyr. Öz nobatlarynda, akademikler I.Ý.Kraçkowskiý (1883-1951) Horezmi «medeniýetiň özboluşly welaýat höwürtgesi», N.I.Wawilon (1887-1943) we S.P.Tolstow (1907-1976) «Orta Aziýanyň Müsüri», «guz (oguz-A.Ý.) we gypjak düzlüginde Alynky Aziýanyň musulman medeniýetiniň sarsmaz galasy» diýip atlandyrypdyrlar. Şeýle-de dünýäniň köp sanly meşhur gündogarşynaslary zoroastrizm dininiň ýüze çykan ýeri hökmünde-de Horezme häli-bu güne çenli uly ähmiýet berip gelýärler. Iň gadymy döwürlerde öz goňşy halklarynyň arasynda medeni we durmuşу nukdaýnazarlardan Horezmiň oýnan möhüm roly barada W.W.Bartold ýene-de şeýle nygtapdyr: «Orta Aziýanyň eýran dilli halklarynyň arasynda olaryň medeni durmuşynyň başlangyç döwründe horezmileriň görkezen göreldesi örän ähmiýetli bolupdyr; soňky döwürlerde zoroastrizmiň ýa-da mazdeizmiň Horezmden gelip çykandygy barada deliller getirilýär. Soň, ol Eýranyň milli dinine öwrülipdir». Şu mynasybetli W.W.Bartold dünýäniň uly derýalarynyň aşak akymlaryndaky mes toprakly ýerleriniň adamzat nesliniň medeniýetiniň deslap ýüze çykan ojaklary bolandygyny nygtamak bilen, Amyderýanyň aşak akymynyň hem edil Nil, Ýewfrat we Tigr derýalarynyň aşak akymyndaky medeni zolaklaryna kybapdaş bolmagynyň mümkindigine alymlaryň ünsüni çekipdir. Şeýle-de W.W.Bartold bu mesele boýunça Ýewropanyň XVIII-XIX asyrlarda ýaşap geçen meşhur alymlarynyň pikirleri bilen ylalaşyp, özüniň döwürdeşi hem kärdeşi, görnükli nemes gündogarşynasy I.Markwartyň (1864-1930) «köp jedelleri orta çykaran Arianam-Waeja, Awestanyň watany, Horezm bilen bir ýurtdur» diýen sözlerine salgylanypdyr. Meşhur alym nemes dilinde ýazan we «Enzyklopaedie des Islam»-da ýerleşdiren «Horezm» atly makalasynda bu meselä ýene-de dolanyp gelip, «Markwartyň Arianam-Waeja - Horezmdir diýen çaklamasynda köp zatlar onuň peýdasyna syrygýar» diýip nygtapdyr. Awestanyň 21 sany kitabyndan biziň döwrümize çenli gelip ýeten ýeke-täk 19-njy kitabynyň 1-nji fragardynda (babynda) bellenilişine görä, ýer ýüzünde adamzat nesli ýüze çykandan soň, bu diniň ýokary hudaýy Ahura-Mazda 16 sany döwleti döredipdir. Olaryň ählisi geografik nukdaýnazardan Orta Aziýanyň we Owganystanyň çäklerinde ýerleşýär. Ol döwletleriň birinjisi Arianam-Waejany Horezm hasap edýärler. Awestada (1,1-3) bu barada şeýle diýilýär: «Men, Ahura-Mazda ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerleriň birinjisini - Wahwi Datiýa atly ajaýyp derýaly Arianam-Waejany döredendirin. Şol mahal, bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu, sarymtyl ýylany we döwleriň gazaply gyşyny döredendir. Bu ýurtda on aý gyş, iki aý tomus bolýar. (Gyş aýlary) suwlar sowuk, ýerler doňak bolýar, ösümlikleri gyşyň ortasynda sowuk alýar. Iň gazaply gyş bu ýerdedir. Gyş paslynyň ahyrynda buzlar eräp, ýerleri suw alýar». Awestada ýatlanylýan bu ýurduň ýokarda bellenip geçilen «Uly Horezm» bilen bir döwletdigini ykrar edýän alymlar juda köp. Onuň başyny başlan m.ö. V asyryň awtory Gerodot (111,117) bolupdyr. Taryhyň atasynyň Ak (Akes) atly derýanyň döreden jülgesiniň dünýä derejeli Ahemeni imperiýasynyň döremezinden öň, horezmilere degişli bolandygy baradaky tassyklamasyndan netije çykaryp, alymlar Horezmiň şol gadymy döwürde Orta Aziýanyň syýasy durmuşy üçin ähmiýetli bolandygyny belleýärler. Gerodotdan ýarym asyrdan hem gowrak öň ýaşap geçen Gekateý Miletskiý (Fragm., 172,173) Horezm döwletiniň Parfiýanyň gündogarynda ýerleşendigini anyk görkezip, onuň paýtagtyny Horasmiýa diýip atlandyrypdyr. Megerem, şol gadymy döwürde onuň Kät atly paýtagty heniz döredilmedik bolsa gerek. # Almaz Ýazberdiýewiň «Gürgenç – gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi» atly kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |