18:30 Orta Aziýanyñ ilkinji türkmen çapçylary: Gurbanberdi Gürgeni | |
ORTA AZIÝANYÑ ILKINJI TÜRKMEN ÇAPÇYLARY
Taryhy makalalar
● Gurbanberdi Hojageldi ogly Gürgeni we onuň neşir eden kitaplary Gurbanberdi Hojageldi ogly Gürgeni 1864-nji ýylda Eýranyň Mazendaran welaýatynyň obalarynyň birinde doglupdyr, şonuň üçin hem ol Gürgeni lakamyny göteripdir. G.Gürgeni 1929-njy ýylda 65 ýaşynda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Giñjaý obasynda ýogalypdyr we Aktokaý gonamçylygynda jaýlanypdyr. Ol oba mekdebinde okapdyr, soň Gürgeniň hem Buharanyň medreselerinde okuwyny dowam edip, ýokary bilim alypdyr we öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Ol arap, pars dillerini bilipdir. Onuň XX asyryň başynda türkmen mekdebinde mugallym bolup işländigi barada maglumatlar bar. Türkmen edebiýatynyň muşdagy G.Gürgeni 1914-nji ýylda Buharada öz serişdesiniň hasabyna «Diwan-e hezret-e Magtymguly» ady bilen beýik şahyryň goşgular ýygyndysyny we Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama» poemasyny her haýsyny 2000 nusgada çap etdirip, olary Türkmenistana getirip, ilat ara- synda ýaýradypdyr. Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama» atly öwüt-nesihat beriji filosofik eseri uzak döwrüň dowamynda ýitirilen hasap edilýärdi, çünki onuň golýazmasy hiç ýerde saklanyp galmandyr. 1966-njy ýylda Günbatar Türkmenistandan (Esenguly etrabyndan) bu eseriň G.Gürgeni tarapyndan daşbasma usulynda neşir edilen bir nusgasy ilkinji gezek ele salnan mahaly, ol XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde uly waka boldy. Bahasyna ýetip bolmajak bu tapyndy barada metbugatda öz döwründe gi- ňişleýin habar berlipdir. Şeýlelikde, G.Gürgeni, az hem bolsa, ajaýyp iş- leri berjaý edipdir. Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama» poemasynyň tapylmagy Magtymgulynyň Buharada 1914-nji ýylda goýberilen «Diwanynyň» neşir edilişi bilen bagly meseleleri hem anyklady. Meşhur edebiýatşynas we «Behiştnama» poemasyny ilkinji öwrenijileriň biri A.Meredow bu barada şeýle belläpdir: «Azadynyň «Behiştnama» poemasynyň tapylmagy başga bir nämälim zadyň üstüni açmaga-da kömek etdi. Ol Magtymgulynyň Buhara daşbasma diwanynyň kim tarapyndan çap edilendigidir. Deňeşdirilip görlende, Magtymgulynyň bu diwanynyň haty we kagyzy Azadynyň «Behiştnama» poemasynyň haty we kagyzy bilen birmeňzeş bolup çykdy. Şeýlelikde, bu iki eseri bir adamyň, ýagny Gurbanberdi Gürgeniniň çap etdirendigi aýdyň boldy». Şeýle-de, A.Meredow «Behiştnamanyň» mysalynda 1917-nji ýyldan öňki döwürde şahyrlarymyzyň eserleriniň daşbasma neşirlerine adalatly baha berip, şeýle nygtapdyr: «Mälim bolşy ýaly, şu wagta çenli... daşbasma usulynda çap edilen hemme neşirler biraýak- dan ylmy ähmiýeti bolmadyk, diňe gazanç çeşmesi hökmünde tötänden amala aşyrylan iş hasaplanýardy. Hakykatda bolsa, şeýle netijäniň şol neşirleriň hemmesine degişli däldigini faktlar subut edýär». Alym anyk mysallar arkaly, Gürgeniniň neşir eden diwanynda şahyryň goşgulary- nyň has anyk görnüşleriniň ulanylan- dygyny açyp görkezipdir. Şeýlelikde, 1874—1916-njy ýyllarda türkmenleriň özleri nusgawy şahyrla- rymyzyň eserlerini neşir edip, halkyň arasynda ýaýradyp gelipdirler. Almaz ÝAZBERDIÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |