18:14 Owadan | |
OWADAN
Men saňa hüýr, melek diýib-ä bilmen, Ol-a däl sen, emma, dünýäň owadan. Gözleriň ummama meňzedip bilmen, Keşbim galan gara didäň owadan. Ak gara-da çalymdaş däl bilegiň, Ak ýürekli gara teniň owadan. Ýaňagyňda halyň ýok hem bolsa-da, Gabakdaky gara meňiň owadan. Mahmal kimin owsun atmaz saçlaryň, Ykbalym deý buýra saçlaň owadan. Timarlanyp, ýaýa meňzäp durmadyk, Boýalmadyk gara gaşlaň owadan. Aýlanyp- öwrülip barjak menzilim, Ýakynlamdan hemme delden owadan. Ýüregimde orun alan şol gülüm, Dag bägüli şäher däl-de obadan. Owadan, hemme gülden owadan. ■ BELKI, GELERIN "Ýaşadykça göwnüm zenandan sowap, Saňa göwün beren bolsa bildiňmi..." Baýram AKATOW. Islegim köplük däl, ýekelik, çola, Örän köp gussalam bakyp dur güle, Dünýede söýgiden geçip şoň bile, Belik, ölerin. Gör, seni oýlasam, ýatlasam meger, Bir güýj-ä mydama başymy eger, Ýok bolsa bir minut gaýgy-gam eger, Belik, gülerin. Meň bilen bir bolup alaýsaň demi, Garaşsaň, göreşseň, etmeseň jeňi, Hem-de şondan artyk sorasaň meni, Belki, gelerin. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 13 | |||||||||||
| |||||||||||