04:15 Owadan gyzyñ mañlaýy / hekaýa | |
OWADAN GYZYŇ MAŇLAÝY
Hekaýalar
1. Humaýy “satdylar”. Şäher içine. Sähet bellenen güni ýeňňesi Nurtäç oňa pitjiň atdy: - Şäherlä äre çykyp dişiň-ä ýyrşarmaz. Şon-a öňünden aýdyp goýaýyn. Obaň gara işinden gaçan bolýansyň welin, gör-de duruber. Ýene oba gowy bolup çykar. Obaň oglanlaram gaýratlydyr. Gara zähmeti gören-dä. Şäherlini är edinýänçäňem äňiň ýazyp gider. Iş görmedik oglany nädip är edinjek?! - Beý diým-ä, gelneje! Nä meň bagtymy baglajak bolýaňmy?! “Maňlaýyň açyk bolsun” diýmel-ä sen. Şeý diýip Humaý aglady. Ses edip aglady. Eginlerini silkip-silkip aglady. Nurtäç ýakasyny tutdy: - Goýaweri, gyz! Kim seň bagtyňy baglajak bolýa Ýamanlygymyz ýog-a saňa. Bagtyňy şäherden tapybilseň biz sendenem beter begenjek. Men-ä ýöne göwnümdäkini diýäýdim. Humaý azgyryldy: - Diýme şony! - Bi nä ýöne heňkirip duran boldu-la, gyz. Biz-ä muňa gowsuny etjek bolup... Bulara pylan zat diýerligem ýog-eý, Hudaýym. Ýeňňesi hababaýlap çykyp gitdi. Aglap durka Humaý öz-özüne göwünlik berdi: “Meň şäherli boljakdygyma gözi gidýä. Içini it ýyrtýandyr şumat. Köp bilýä bi heleý”. Toýdan soňky ilkinji gijäniň Humaýyň gyz bolup ýaşan ömrüniň hakykatdan-da iň soňky günüdigine Kyýas şaýatlyk etdi. Kyýas onuň äri. Indi onuň galan ömri Kyýas bilen. Bilip bolmaz, birden ikisiniň arasynda soňsuz dawa tursa nä? Nika bozuşmaga çenli baryp ýetseler näme? Kyýas kowsa nätmeli? Ataň öýüňe gitmelimi? Soňy nähili bolar? Humaý goşlaryň paýlaşygyny göz öňüne getirip bilmedi. Ilkinji gijäniň gyz bilen aýalyň aralygynda ýatan bir ejizje paýapyldygyna, ol paýapyldan bolsa bir ömürde bary-ýogy ýekeje gezek geçip bolýandygyna, garamatynyňam indiden beýläk gapdalynda ýatan hol kişiniň boýnundalygyna onuň akyly ýetmedi, düşünmedi. Düşünen bolsa, şol gije gözlerini gyrpman, bir burçda çugtduryp oturardy. Bir zatlaryň pikirini ederdi. Ähtimal, aglardam. Humaý aglamady. Humaý çaga dogurmaga howlukdy. Sallançakda ýatan akja bäbegi ýanap emdirmäge höwes etdi. Eýse, hiç kesden ejap etmedi. Gyz wagty şu zatlary oýuna getirmäge-de utanardy, gyzarardy. Häzir dogurmak oňa adaty bir hadysajyk bolup duýuldy. Çagany dünýä indirmekde hiç hili agyry görmedi. Humaý gijelerine ýatmady. Ärini söýdi, ezizledi. Onuň üçin Kyýas iň ýakyn adama öwrüldi. Ýürekdeş adama. Ol Kyýasy mähriban saýdy. Erkek adamy şeýle söýüp bolýandygyna, ony şu wagta çenli aňşyrman gelendigine oturyp-oturyp geň galdy. “Hakyky är şunuň ýaly bolmalydyr, özüni söýdürmelidir. Şeýledir” diýip pikir etdi. Humaýyň atasy öýünde gaýtarma bolup gezesi-de gelmedi. Ony welin gaýtardylar. “Gaýdyp gitjekmi” diýip soramadylaram. Baran güni Nurtäç: - A gyz, sen-ä tanar ýaly bolmansyň – diýdi. – Näme bilen bakdylar? Bu sowal Humaýyň süňňüne ýakyn çaýdy. Ýüzüne ýagty saçdy. Köňlündäki gussasyny gowzatdy. Ýüregini gürsüldetdi. Ol içki dabarasyny daşyna çykarmady. Uýat hasaplady. - Göwnüňedir - diýdi. Nurtäç gyjyt bermäge gepbaşy gözledi. - Şäherlileň ýaşaýşy nähili eken, gyz? Obaça bamy ýa şunça-da ýokmy? - Obadan-a müň esse gowy. - Hm... şeý diýýä. Gündeki iýjek nanyňyz-a magazinden satyn alýansyňyz, şeýlemi? Humaý ýeňňesine düşündi. Ýöne azm urmady. Dişini gysdy. “Her zat-da bolsa gelnejemdir” diýdi. Giňlige saldy. - Goýup otyr, gyz! Satyn alarysmy? Daýzamyň gül ýaljak tamdyry bar. Günaşadan nan ýapýa özi. Iliň ýanynda bir agzaýma! Nurtäç iki elini bykynyna urdy. Otagyň ortarasynda abşarylyp durşuna-da, tumşugyny diň-göge tutup: - Biz-ä tamdyr görmedik çagyrja baramyzda – diýdi. – Beýle tamdyrlary bar eken-ow. Gizlejek bolýa-da şonam. Bilmeýändir öýdýär. Humaýyň çydamyna iňňe sanjyldy. - Garagyň gapylandyr onda seň şony görmedik bolsaň. - Beterem tamdyryňyz ýok. Hakykaty aýtsaň, janyňa batmaz, hä-ä. - Garagym gapylarmy?! Magaziniň nanyny iýýäniziň hakykat-da sebäbi. Geple ýalan bolsa! Humaý dilini dişledi. Nurtäç çylkasyz gülüp başlady. Gülküsi tutmasa-da, güldi. Güle-güle çym-gyzyl boldy. Arasynda gözlerini süpürişdirip: - Daýzam günaşadan nan ýapýa diýip göz-görtele edýä-de özem. Ýok tamdyrda nädip nan bişirilýänini bize-de öwretsene, gyz – diýip ýene güldi. Humaý ýuwaşdan aýgytly gepledi: - Bir zar diýdirmejek bolsaň, git, indi, gelneje, şu taýdan. Nurtäç ýürekgysdyryjy ümsümlik bilen Humaýy ýeke goýup çykyp gitdi. Humaýyň içi gysdy. Kyýasy küýsedi. “Torsuk ýaly oglanjyk dogursam” diýip arzuw etdi. Humaý sabryna suw sepdi. Gaýtarma bolup gezilen ýiigrimi alty gün welin asyl wagty bilen ötmänjik geçäýdi. Ýüregi ýarylaýmanka ol Kyýasa gowuşdy. Göwresinde çaga galmanlygyna-da kän bir gyýylyp durmady. Onuň ýanynda Kyýas bolsa bolýar. Çagadyr-da. Gyssap duran barmy nä?! Humaý gaýynenesinden ýaşmagyny syrdy welin, olaryň rysgyny aýrylamak bilen boldular. Gaýnatasy bu işiň ugruna atly-ýaragly çykdy. Eýtdi-beýtdi, üçünji gatdan iki otagly jaý alyp berdi. Täze jaý Humaýa aýratyn ýarady. Bu ýerde ýaşynmak aladaň ýok. Sopbaş özüň. Her näçe ýüregi gyssa-da, ol gaýynlaryndan aýra ýaşanlaryny kem görmedi. Bu ýürekgysdyryjy ýekelik hemişe onuň başyny alyp durmaz. Basym çagalary bolar. Onsoň olaryň diýeni geler. Täze jaýda ýedi aý töweregi ýaşanlaryndan soň, Humaýy ünji astynda alyp, göwrede bir düwünçejik emele geldi. Çaga galdy. Ýöne munuň özi birdenkä şeýle bolaýmady. Muňa çenli Humaýyň takaty agram baryny çekdi. Ahyram ýegşerildi. 2. Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny etdi. Sekiz aý! Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň, çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt geçd-ä. Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem däldir şu häli görseň”. Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsadysy bitmese Humaý-a şu dünýeden gidibilmez. Gidäýse-de, gözüni açyp gider. Humaý: “Göwnüme getirmäýin-le şuňňaly zady” diýdi. Tersine boldy. Şol mojuk pikire assa-ýuwaş ynamy artdy. Artyp-artyp, mizemez bir zada öwrüldi. Humaý ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Diýjekdi. Ynamyna müňkürlik etmäge delil tapmady. Humaý Kyýasy ýigrenip-de bilmedi. Aslyýetinde ol ärini nämüçin ýigrenmeli? Onuň etmişi näme? Kyýasy Hudaý näletländir. Zürýatsyz ötmegi oňa Hudaýyň özi buýrandyr. Adama şundan çökder jeza berip nätjek?! Başga birine äre barsa, Humaýyň çagasy bolar. Hökman! Şuňa däl diýip biljek ýok. Kyýasdan welin çaga önmez. Çaga erkek adamdan önýär-ä. Kyýas erkek däl. Kyýas betbagt adam. Humaýyň ärine nebsi agyrdy. * * * Belanyň başlangyjy şu: Bir oglanjyk oňa aşyk boldy. Magazine baryp gelýärkä. Oglanjyk bolup, oglanjygam däl, Kyýasdan uly bolmasa, kiçi däldigi göz-görtele. Oglan Humaýyň çörekli sumkasyny ýük gördi. “Getir göterşeýin” diýdi. Ýük görmedik bolsa beý diýmezdi. Humaý ýüz bermedi. Öz-özüne: “Bi ýerçeken nirden çykdy, gyz” diýdi. Dagy näderini bilmän, haýsydyr bir düşnüksiz hiňlenmä maýyl boldy. - Ýaman gowy sesiň bar, aýdymçy bolmaly ekeniň sen. Humaý dilini dişinden aňyrda saklady. Ýogsa, onuň jogaby taýyndy. “Seň ejeň aýdymçy bolmaly ekeni” diýýämelidi. Diýmedi. Haçana çenli onuň ýaly köçede gezip ýören işsiz bilen darkaş gurup ýörjek?! Ol öýüne ýetmäge howlukdy. Ikinji gezek Humaý oglan bilen bir hepdeden soň gabatlaşdy. Zibil döküp gelýärkä. Oglan hapa atylýan bedräni ýük görmedi. Ýük gören bolsa, getir, göterşeýin diýerdi. Diýmedi. Diýäýende-de Humaý oňa bedre götertmezdi. Oglan adyny aýtdy. “Mergen” diýdi. - Kim seň adyňy soraýa şumat?! Oglan sarsmadam. - Men seň adyňam bilýän. Aýdaýynmy? ...Humaý. Ýaman gowy adyň bar. Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni” diýdi. Ol oglanyň yhlasyny zor gördi. Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan, ne ýamandan. Ol Mergeni halamady. Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi. - Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem. Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy öýde? Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi. - Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp barýan. Humaý pyşyrdap gepledi: - Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap durmaga... Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim ýatyr öýde. - Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde gelmeýä. Bilýän-ä men. Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada öňünden pikir edip goýmandygyna ökündi. Iki sekuntlyk dymyşlykdan soňam: - Bar, çyk, gyýw, meni biabraý etmejek bolsaň. Ilgün näme diýer – diýdi. Kesä bakyp durşuna Mergeniň birjik-de sarsmandygynam edil gözi bilen gören ýaly duýdy. - Ärim biläýse öldir seni. Şeý diýibem göni oglanyň gözlerine seretdi. Ol onçakly görmeksiz hem däl ekeni. Gözleri ýanyp dur. Humaý onuň garaklarynda yşkyň açlykdan surnugan keşbini gördi. Onuň didelerinden özüniň naýynjar keşbini hem tapdy. - Gitjek, häzir gitjek. Mergen hatda gözlerini-de gyrpmady. Örän parahat gepledi. Onuň ýüreginiň gürsüldisi Humaýyň alkymynyň aşagyndan eşdilip ugrady. Häzir Humaýyň bir-ä gözi gördi, birem gulagy eşitdi. Galan zatlar togtady. Şu pursat ýüregi-de urmasyny kesäýdi öýdýän. Burun-a öz wezipesini unutdy. Aşhanadan gelýän köýen etiň ysyny alybilmese öz wezipesini unutdygy bolýa-da. Başga näm bolsun?! Soňky wakalara-da düşüner ýaly bolmady. Ýa-ha Mergen ony gujagyna gysdy, ýa-da ol Mergeniň gujagyna gysyldy. Bir zad-a belli, Humaýyň huşy başyndan uçdy. Huşy bar bolsa, Mergeniň boýnundan aslyşmazdy. Humaý soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam bolmady. Wagt bolaýanda-da ol akylly-başly pikir edip biljek däldi. Beýnisi işlemeýän adam nädip pikir etsin?! Onuň huşy beýnisini terk etdi. Humaý öldi. Ýaňyja-da Mergene: “Bar, git, oglan, iliň heleýi bilen näme işiň ba” diýip duran Humaý onuň gujagyna özüni oklady-da, öläýdi. Sojap-sojap dem alyp ýatyşyna hakyt öldi oturyberdi. Gutardy... ...Humaý ýedi minutdan soň direldi. Gözüni açmady. Ýöne direldi. Direlen badyna-da iňledi. Nämeleriň näderejede nähili bolup geçendigini bilesi geldi. Bilip bilmedi. “Nepesimi bir durlaýyn-la” diýdi. Süýndi. Barybir anyk aňşyryp bilen zady bolmady. Kösendi. Çak urdy. Humaý göwresinde galan çaganyň Mergendendigine şübhe etmedi. 3. Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy: - Kyýas! - Hm? - Çaga galypdyr... - Ä? Näme diýdiň? Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden. Görmese-de Humaý şuny duýdy. Kyýas: - Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin... Bir gatyja zat ba welin, şumy? Şudur. Bilýädim-ä men. Oglanjykmyka? - Bilmedim men-ä. - Oglandyr, men-ä oglan bolsa gowy görjek. Sen? - Menem. Kyýas Humaýy gujagyna gysdy. “Oglanjykdyr. Öňünden bilýän-ä men. Çaga galjakdygynam öňünden bildim. Mynam bilýän. Oglanjykdyr. Ine, gör-de duruber, meň diýenim dogry bolar” diýip, düşnüksiz hümürdi bilen aýtdy. Humaý oýkanjyrady: - Gysmasana gaty. Demim gysýa. Göwrede çaga galany hak. Sag-salamat ýaşalyp ýörülse, ol Humaýa çeker. Humaýa çekse-de, oglan bolar. Olaryň tohumynda gyz dogurýany seýrek. Şujagaz pikir onuň kalbyna umyt saldy, beýnisine ynjalyk berdi. - Birden gyzjagaz bolaýsa.. Bu-uw, ejem bilen kakamyň-a gözüne görnübilmen. Birhili görülýä-dä birinji çagaň gyz bolsa. Utanylýamy, nämemi? Señ üçinem şeýlemi?.. Zyýany ýok, gyz bolsa-da. Bir zat bolup dursa boldu-da. Bu gezek gyz bolar, ikinji gezek ogul. Dogry dämi?.. Senem ýöne-e gyz dogrup ýörmersiň-ä. Arasynda... hany entek şuny bir göreli. Belki, Hudaý, ogul bolaýady-da. Süýşsene bärik! Humaý gyz dogranda-da, oglan dogranda-da tapawudy ýok, onuň kakasy Mergen. Ýöne çaga dil açansoň, Mergene kaka diýmez, Kyýasa diýer. Ähtimal, ol Mergeni tanamazam. Kyýas bu zatlary bilmez. Humaý bu barada hiç kime hiç zat aýtmaz. Içinde saklar. Bu syry günä göteren kimin göterip ýörmek oňa biçak gymmat düşer. Ölýänçä ini müňk-müňkde bolar. Bu syry diňe mähek daşy gizligin saklap biler. Humaý özüni mähek daşyna deňemäge gaýrat tapmady. Ýaýdandy. Bir syry, ýekeje syry içine sygdyryp bilmese, Humaýyň ojagy ýykylar. Maňlaýgara bolar. Oňa gargarlar. Humaýa hiç kim düşünmez. Humaý bu syry o dünýä alyp gider. Aýtsa-da, şo taýda aýdar. Magşar gününde. Şondan bärde aýtmaz. Ol äht etdi. “Aýdan günüm taklap janym çykaýsyn” diýdi. - Humaý! - Hä? - Oglan bolsa adyna näme dakarys? - Waý, bilmedim men-ä. Pikirem etmändirin şony. - Onda näme dakaly diýsene?! Neme dakaly. Şöhrat dakaýaly, hä? Gowy ad-a şo?! - Hawa. - Wiý, ýa-da Daýanç dakaly. Men-ä gowy görýän şony. Erbet däl-ä. Sen nähili görýäň? Ejem dagam gowy görer şol ady. Ýa bolanokmy? - Bolýa-la... - Wi-iý, Humaý, birden ekiz oglumyz bolaýsa, hä! Hany elläp göreýin... Ep-eslije bar, how, şü. Ekiz bolaýmasyn?! Bir aýlyk diýdiňmi? Bir aýda şuňňaly bolsa, tüweleme, ganymat, bolubilýä. Kyýas begenýär. Humaýyň garnyny gaýta-gaýta sypaýar. Häzir onuň gözleri gülýär. Gözedürtme garaňkylygam bolsa, onuň gözleriniň gülýändigini Humaý bilipjik ýatyr. Kyýasyň begenji ýürekden. Ol şu gije uklabam bilmez. Ol kesekiniň çagasyna guwanýar. Özüniňkidir öýdýär. Ol özüni erkek sanyna goşýar. Aýbyny bilmeýär. Humaý ärini gözli kör saýdy. Onuň betbagtlygyna agysy tutdy. Asyl agladam. Özem ses etmän aglady. Aglan halatyň ses etmek hökmanmy diýsene?! Ýassykdaşy aglar-da, Kyýas bilmezmi? Bildi. Eginlerini silkip-silkip ýatyşyndan çen tutup bildi. "Samsyjak” diýdi. - Goý, how, aglabermeli bomy çagam bolýa diýip. Gaýtam begenmeli sen. Men-ä begenip ýatyryn şumat. Bi bolsa... Goý, how! - Begenjimden aglaýan-da men. Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan. 4. Bäş günden soň Nurtäç geldi. “Baldyzjygymyň içi gysýandyr, bir göreýin-le diýip gaýdyberdim” diýdi. Humaý begenmedem, gynanmadam. - Gowy edipsiň – diýdi. Nurtäç jibrinip gepledi: - Nähili edenim-ä özüm gowy bilýän-le. Öň bilmändirin. Bilen bolsam gaýtmazdym. Atam direlip gelýänem bolsa gaýtmazdym. - Näm boldy, gyz, beýle? - Wah, bilmedik bolan bolýa-da. Öldüm-ä men seň tünegiňi tapjak bolup. Hakyt masgara bolaýdym-da, gyw. Görmedigim görde galandyr-la... Özüňiz bir kösenmän tapýaňyzmy, gyz? Ýa daşarygam çykaňzokmy? Çykýanam dälsiňiz siz. Ýaýdanyp duransyňyz. Bir çyksaň münmek işdir. Münseňem düşmek. Ýaňy özüm itiň günini gördüm-ä. Humaý ýeňňesine çaý berdi. Nurtäç täzeden tükezzibana tutduryp ugrady: - Goňşularyňyzy bir tanaýaňyzmy, gyz? Tanaýan dälsiňiz-le. Siz-ä tanaýan ýok ekeni şu töwerekde. Ýaňy gelýäkäm öňümden çykandan soraýan. Soraýan welin birem bilenok-da. “Kyýas bilen Humaýdyr. Göçüp gelenlerine bir ýylam bolanok. Ýaş maşgaladyr” diýip, näler düşündirip aýdýan welin, gyran degenleň birem bilenok. “Göçüp gelen eriň gursun” diýip, arasynda saňa-da gargynýan. “Aýnadan dagyň kellesini çykarmazmyka” diýip, aýagaldygyna äpişgelere-de seredişdirýän. Eger-eger... Ýeňňesi Humaýyň ýüregine dagyn düşdi. Onuň içini it ýyrtdy. Çydamady. - Onsoň nätdiň – diýdi. - Wiý, nätmekden Hudaýjanyň özi saklasyn. Gapjygymda allanäme adres ba. Seň ýazyp beren adresiň. Şo ýadyma düşäýdi. Bir gyzjagazyň eline tutdyrdym welin, şart-murt, derrew getiräýdi. Men, aňkasy aşan aýlanyp ýörüpdirin-dä şu jaýyň daşynda. Biläýmändirin-dä... Ynansaň bar-a, gyz, şu kösenşime tapmadyk bolsam, göni gaýtjakdym yzyma. Ikiňizem ýüzüňizi Babaly görsün diýjekdim. Kyýasyňam, seňem... Nurtäç dymyp oturyp bilmez. Obadan ýöriteläp gelensoň, burny deşilen ýaly sesini çykarman otursa niçik bor?! Onda gep kändir. Ol entek geplär. Näçe ýokuş görse-de, ýeňňesini diňlemäge Humaý boýun boldy. “Mugt gürrüň. Diňläýin oturaýyn” diýdi. Kalba giňlik salmagyň iň arzan emeli şu. - “Etaž jaýyň tuwaledem içinde bormuş” diýip kän eşidipdim. Heýç ynanamokdym-da şonda. Ine, gözüm bilenem görüp otyryn ind-ä. Bolsa-da, gyz, mynyňyzdan ys-a gelenok. Ýa gireňzogammy?.. Aý, ýok, tuwalede girmän-ä onuň bilmersiňiz, ä? Ýöne ys gelmez ýaly bir zat edensiňiz siz... Ýeňňesi gürrüňden gürrüň ýasaýar. Asyl sepinem bildirenok. Bildirmezem. Nurtäjiň şondan başga işi bamy nä?! Bar işi – gaýynlary bilen äriniň, onsoňam çagalarynyň nanyny, naharyny bişirmek, kirini ýuwmak. Galan işi – gybat. Gybat bolmasa dünýe onuň gözüne türmeden enaýy görünmez. Ýanynda adam bolmasa bi aýdyp oturan gürrüňleri onuň gursagyna sygmaz, içini byjyklar. Nurtäç çydamaz, öler. Şu gutulgysyz hakykat. - Astyňyz-üstüňiz, dört tarapyňyz biton-la, gyz, siziň. Ölmän nädip ýaşaýaňyz?! Sadagasy gitdigim, adam pahyryň jany gaty berkden-ow. Hiý, gör, myny, bitonyň içinde-de ýaşap ýör-dä, gyz, birenaýy bolup. Nurtäç aladasyz aýal. Näme diýse-de ondan geň däl, gelşip dur. Ondan kine saklamak aňy ýukalygyň alamaty. Şuňa akly çatyp durka, Humaý ýeňňesinden göwün etmez. Humaý aňynyň ýuka bolanyny islänok. - Hakyt pilite-dä, gyz! Bir seret myňa... Hökümet diýýän-ä, şuň dagyn alajyny tapyp bilenokmyka?! Adamlara ýamanlyk diýib-ä edýän däldir ýogsa şuny. Çig kerpiçden salmal-a şuňňaly jaýy dagyn. Ana, obada gül ýaly jaýlary dikeldip ýörler-ä çig kerpiçden. Ýa arzan düşýämikä şu hazan almyş beton-piliteler. Aý, ýok, arzana düşmeli däl. Düýn dälmidi Magtym çekimçiň: “Simunt gymmatlaýa, simunt” diýip, ulukjyn alyp ýöreni. Simuntdan ýasalýandyr-da şu pilitelerem. Gyran degen höküwmediňem ugry gaçyp ýör öýdýän. Nurtäç biriniň körpe oglunyň keýwanysy. Äri iýjegini-iýjegini getirip dur. Dört çagasy bar, dördüsem ogul. Gaýynlary bilen agzyny alartman ýaşaşyp bilýär. Äri bilen harçaňlaşyp duranyny gören ýok. Emma ärinden nadylsyran bolýar. Oňam sebäbi belli. Ile öýkünýär. Hemme erkekler şeýledir öýdýär. Onuň gyzyl ýaly äri bar. Tapylgysyz. Humaý: “Dünýede şundan mes ýaşaýan ýok – diýdi. – Kem zady ýok, bi heleýiň”. Eýse, onuň ýeňňesi ýaly bolasy gelmedi. Nurtäjiň gününi arzuw etmedi. - Sagat näçe bolduka, gyz? Bir seret-le... Bu-uw, eýýämmi? Turdum onda men-ä. Üçdäki awtobusa ýetişjek bolaýyn. Salgy bir ber, gyz! Nirden nädip gitmeli? Yzyňy tapmagam gara görgüdir, ýene soraşdyryp ýörmelidir. Humaý salgy berdi. - Öýe aýtjak-goýjak zadyň bamy, gyz? Men-ä gitdim. - Salam aýtsaň bolany. Sag-aman bar, gyz, gitseň. Özüňem gelip dur. Indiki gelende Röwşen janam alyp gel. Nurtäç yzyna öwrülip hekgerdi. - Asyl geläýmen. Kim gelse şo gelsin. Men-ä gelmen. Oba göçýänçäňiz Nurtäj-ä gapyňyzy açmajak bolar. Şuny bek bilip goýaý. Humaý ýeňňesiniň oýnudygyna-da, çynydygyna-da düşünmedi. Düşünjegem bolmady. Näme etsin düşünip?! Çaky, ýeňňesiniň jaýa pisindi oturmandyr. Ol şuňa düşündi. Ýeterlik dälmi şunuň özi?! Humaý göwresinde çaga galandygyny Nurtäje aýtmady. Aýtsa, kän oturyp, kän ýaňrar öýtdi. “Onsuzam az geplänok” diýdi. 5. Ertesi günortanlar gapy kakyldy. Kimkä bu? Kyýas-a däldir. Şol-a belli. Nurtäjem düýn gelip gitdi. Onuň-a indi “Humaý öýünden gyzyl paýlap otyr. Gapysyny kakana bir penje berýämiş” diýiläýende-de geljegine kepil geçip biljek ýok. Düýnki bolup oturyşy şeý diýmäge doly esas berýär. Onda kim bu? Humaý çak urdy: “Mergendir”. Humaý ýaýdandy: “Açmalymy, açmaly dä?..” Gapy gaýtadan kakyldy: tyrk, tyrk, tyrk.. Bu tyrkyldylarda dözüm ýok. Olarda ümsümligi bozmaga het edýän asudalyk bar. Humaý muňa üns bermedi. Dözümli kakylsyn, dözümsiz kakylsyn, tapawudy ýok, hemmesiniň soňy bir netijä syrygýar: Gapynyň aňyrsynda biri garaşyp dur. Humaý şuňa pisint etdi. Gapy üçünji gezek kakyldy: - Kimsiň? - Açsana, Humaý, men! Şol! Humaý: “Aýtdym-a – diýdi. – Bildim-ä şodugny”. Onuň süňňi düşnüksiz galpylda duwlandy. Ol muňa pitiwa etmedikden boldy. Heşelle kakdy: “Ýüregi gürsüldäp durandyr şumat. Agzyndan çykaýsam-çykaýsam diýýändir”. Şeýdip galagoplygy ýeňmegiň emelini tapandyryn öýtdi. - Sen kim? - Mergen – men. Eýýäm ýadyňdan çykaýdyňmy? Açsana gapyny. - Açjakgä! Nämüçin geldiň? - Açaýsana! Bir zat aýtjak. Gorkma! - Aýdyber näme aýtjak bolsaň. Şo taýdanam eşdilýä. - By taýda beýdip durmak birhili-dä, Humaý! - Bar, gyýw, git, ärim gelmeli häzir. - Ol-a bäşden bärde gelenok. Bilýän-ä men. - Gelmese-de açjakgä. - Açaýsana, Humaý! Derrew gitjeg-ä Gorkma... Elimi degirsem bar-a, söz bereýinmi, elimi degirsem, heleý boldugym.. Erkek adamyň sözüni berýän, Humaý, ynanaý! ... Humaý ynandy. Ine-de, Mergen! Humaýy öldüren Mergen! Kyýasyň betbagtlygyny ölçeren Mergen! Ol öňküsinden görmegeýleşen ýaly. Onuň görkünde kemlik ýok ýaly. Humaýyň ýigreneni – jüýkburun. Mergen jüýkburun däl. Humaýyň halamaýany – gür biten gaş. Mergeniň gaşlary gür däl. Humaýyň ýek görýäni süýrikelle. Mergeniň kellesi süýrem däl. Ähtimal, şu tetelli zatlar onuň üçin Mergene sataşanyndan soň şeýledir. Humaýyň muňa hä diýesi gelmedi. Mergen iki elini arkasyna tutyp, gapa söýendi. Boýnuny burdy. Oýurgandy. Humaýyň gözlerine göni garap: - Meň gelmek niýetim ýokdy – diýdi. Garşysynda durup, bedenindäki üznüksiz saňňyldyny bir ritme düzen Humaýyň: “Onda nämä geldiň?” diýip, heniz bermedik sowalyna-da ugrybir jogap berdi: - Düýn palça gitdim. Neme diýdi, heniz öýlenmänsiň diýdi, basym bir Aý ýaly gelne öýlenersiň diýdi. Göni seň salgyňy berýä. Begenip gaýtdym... Humaý: “Çypdyrýa – diýdi. – Çaklap urýa. Göwni islänsoň diýen bolaýýa. Palçam ýokdur häli görseň, beýlekem”. - Men-ä entek oňňaly palçy görmändim. Eşidipdim, ýöne görmändim. Meň beren pulum-a halallap aldy şo. Palçy diýeniň şoňňaly bolaýsa... - Halallap alanny näbilýäň? - Wi-iý, bilmän näme?! Aýdýan zatlary hakykat. - Waý, bar, git gyýw! Men seni tanamogam, bilemogam. - Dur, dur, häzir gitdim, ine, gitdim... Wi-iý, neme, Humaý? ... Humaý onuň gözlerinde nälaçlyk gördi. Ýöne nebsi agyrmady. Asla nämüçin ol nebsini agyrtmaly?! - Palçy heleý maňa ýene bir zat diýdi, aýdaýynmy? Humaý: “Oňly zat aýtmaz bi” diýdi. Mergen onuň: “Aýtma” diýerine garaşyp durmady: - Näme diýdi, ikiňiz bir-biriňize mynasyp gaty bagtly ýaşarsyňyz diýdi. Goç-goç ogluňyz bolar diýdi. Humaý arzuw etdi: “Kyýas geläýbilsedir şumat”. Şol bir wagtyň özünde-de: “Toba etdim, toba etdim, gelmäwersin, gelmäwersin” diýdi. "Geläýesi ýok-la entek” diýip, diwaryň ýüzünde arabaň tigirçegi kysmy sallanyp duran sagada seretdi. Sagadyň peýkamlary onuň göwnüne teselli berdi. Mergen hut palçynyň özüne öwrüldi. Humaýyň nämeleriň pikirini edýändigine çenli bilip duran boldy. - Bäşden bärde gelmeýä ol. Sagat ýaňy on iki bold-a. Mergen Kyýasa ol diýýär. Ony Humaýyň äri saýmaýar. Onuňça Kyýas Humaýyň ýanynda ýaşap ýören bir biweç keseki. Belki, Mergen özüni Humaýyň äriniň ornunda goýandyr... Goýsa goýubersin. Onuň islegi şol. Ýöne ol isleg bitmez. Haýsy bir islän zadyň bolup dur?! - Bar, gyýw, git, indi. - Humaý, men ýene gelerin. - Waý-eý, adamda utanç-haýa bolmasa... - Gitdim, häzir gitdim, ine gitdim... Mergen ynama kast etmedi. Gitdi. 6. Kyýas düýş görüpdir. Bir ýerlerde uly köl, kölüň orruk-ortasynda çaklaňja adajyk, adajygyň üstünde-de aýaklayny suwa salyp Kyýas otyr diýýä. Kyýasyň elinde çeňňek bolup, ol balyk tutmakçy bolýamyş. Çeňňege ilki bir balyk düşüpdir. Asyl ol balygam däl diýýä. Balyk sypatyna giren adamyň hut özümiş. Edil ertekidäki ýaly adam dilinde gürläp ýatyrmyş. Onuň näme diýip gepleýändigi Kyýasyň hakydasynda galmasa-da, adam dilinde sözleýändigi çyn diýýä. Kyýas: “Ertekidäki tylla balygy tutdum” diýip begenipdir. Çeňňege ikinji balyk düşüpdir. O-da adam dilinde gürleýär diýýä. Kyýas: “Onda bu näme?” diýip geň galypdyr. Geňem galmandyrda, birhili gorkjak bolupdyr. Soňam: “Hä-ä, bildim, bi tylla balygyň dogany bolmaly” diýip, öz ýanyndan çak urupdyr, rahatlanypdyr. Onsoň üçünji balygy tutypdyr. Olam ýaňkylar ýaly adam dilinde gepläp başlapdyr welin, Kyýas: “Bu-da bir dogany” diýipdir. Soň başga-başga düýşler başlanypdyr... Humaý düýşi gowulyga ýordy. - Balyk gören bolsaň ogluň boljakdyr – diýdi. - Men üç balyk dagyn gördüm, how. Göremogam, asyl tutdum. Näçe balyk görseň. Şonça ogluň bolýamyka ýa? Ä? Kyýas muny howsala bilen aýtdy. Ýöne onuň äheňinde ahmyr duýulmady. Humaý: - Şeýle bolaýmasa – diýdi. - Mysal üçin, men on sany balyk tutsam, on sany oglum bolarmy?.. Aý, ýok, oňňaly bolmaga haky ýok... - Bilmedim onda men-ä. - Be-eý, walla!.. Aý, ýok, bolýa... Humaý: “Şu zatlar gowulyk bilen gutarmaz” diýdi. Ol Mergeni halys ýürekden ýigrendi. 7. Kyýas işe gitdi. Humaý penjiräniň öňünde söýenip kän durdy. Näme etmeli? Oýlandy, ölçerdi-de, ol ahyry öýüne gidermen boldy. Ýöne näme üçin? Näçe günlük? Humaý öz-özüne jogap bermäge gyssanmady. Bu şäherden – bu namutlykdan çykmaga howlukdy. Ol girelgäniň agzynda Mergene sataşmady. Sataşmandygyna-da begendi. Muny ajaldan gutulan adamyň soňky ömrüne barabar gördi. Ýoluň iki gyrasy durşuna bagdy. Tomsuna bu baglaryň kölgesi örän goýry bolýardy. Howur ýerden asmana göterilýärkä bu agaçlar gözüňe dürtüler durardy. Häzir welin olarda gözilginçlik ýok. Neşelendirilip geýdirilen mahmal donlar ütüm-ütüm edilipdir. Şahalardaky apbasy ýapraklar selçeňleşipdir. Ýalaňaç çybyklaram bar ýaly... Hawa, gyşam ýetip gelýä-dä. 8. Atasy öýünde ony ýeňňesi garşy aldy. Nurtäç saglyk-amanlyk soraşmady. - Hä-ä, gördüňmi? Bildim-ä men. Ol hazan almyş bitonyň içinde içiň gysjagyny. Şo gün aýtmadymmy? Dowzah-a siziň onyňyz barypýatan. Şäherde köşgüň bolanda-da, ataň öýüňden enaýy däldir. Oba ýeri-dä. Senem şeýdip geliberseň asyl gidesiňem gelmez. Geple ýalanam bolsa!.. Humaýyň ýeňňesine hä diýesi geldi. Diýmedi. - Ejem dagy ýokmy – diýdi. - Ejeň bilen kakaň-a Kemman agsaklaň hudaýýolusyna gitdi. Soňurrak gelerler. Jigileňem okuwda. Resulam işe gitdi. Oň-a bu gün isminidirem. Ertir günortandan bäri... Humaýyň ýüzi asyl-asyl. Gaşlary bürjeşip dur. Gözleri öçügsi. Nurtäç welin muny duýarly däl. Ýeňňesiniň kütekligine Humaý begenmedi, geň galdy. ...Humaýyň: “Şu zatlar oňlulyk bilen gutarmaz” diýen pikiri ýene bir gezek tassyklasy geldi. Ýöne gaýrat tapmady. ...Adamlar ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýärler. Kyýasam bu zatlary biler. Ir-u-giç biler. Onsoň näm bolar?.. Humaý: “Hemmesi düz bor” diýdi. Umyt etdi. Ýöne eýýämden ol ähli zada kaýyl gelipdi. Ol öz günäsini bimöçber saýdy. Özüni ölüme rowa gördi. Ol indi ölmäge-de taýyndy. • Sözsoňy ýerine Ýöne birwagtlar-a Humaý çaksyz owadan gyzdy. Gujak gerip duran ýyldyzly garaklarynda egsilmez dogum bardy. Gözleriniň ýokarsynda garlawajyň ganatlary allanäme ýazylyp ýatyrdy. Maňlaýyna çyzyk çekmäge aýlar-a däl, ýyllaram milt edip bilmändi. Humaýyň dodaklaram ýukady, ýumşakdy, ykjamdy, bal ýalydy. Ýüzünde halka gurap, Aý ýalkym atardy. Alkymynda, bileklerinde gögerçiniň höwesi bardy... Ol şeýle gyzdy. “Gurjakdan-da görmegeý” diýip, adamlar onuň owadanlygyna baha keserdiler. “Tüweleme, göz degmesin” diýmek hiç kesiň huşunda ýokdy. Olaryň huşunda başga bir zat bardy: “Şuňa öýlenen-ä gönener, bagtly bolar”. Älhepus, owadan gyzdy. Noýabr, 1992. Aşgabat. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |