02:04 Özbegistanda üýtgän zat barmy? | |
ÖZBEGISTANDA ÜÝTGÄN ZAT BARMY?
Publisistika
37 million ilaty bilen Orta Aziýanyň iň köp adamly respublikasy bolan Özbegistan Prezident Şewket Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda öu günlerde özüniň ikinji baharyny başdan geçirýär. Karimow hökümetiniň çärýek asyrlyk izolýasion we totalitar syýasatyndan el çekildi, ilki goňşular, soňra sebit ýurtlary, yzyndanam Günbatar bilen uzak wagtdan bäri arasy kesilen gatnaşyklar janlandy. Ýurda daşary ýurt maýasyny çekmek üçin birgiden gadagançylyklar ýatyryldy we telekeçileri höweslendirjek birnäçe kararlar kabul edildi. Häzirki ýagdaýynda Özbegistan Gazagystandanam öňe geçip, Orta Aziýanyň daşary açylan iň liberal ýurdy ýaly bolup görünýär. Türkiýeden birnäçe telekeçi ýurduň paýtagty Daşkentde kafe, restoran, market açýan bolsa, hytaý, koreý, türk firmalary gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýarlar. Daşardan gelýänler üçin Özbegistan hezilligiň merkezi ýaly. Eýsem ýagdaý daşyndan görnüşi ýalymy? Gynansak-da, bu sowala oňyn jogap bermek kyn. Sebäbi Karimow döwründen galan köp sanly gadagançylyklar we çäklendirmeler iş ýüzünde häzirem dowam edip gelýär. Parhly düşünýändigi üçin azatlykdan mahrum edilen birnäçe syýasy tussag başga-başga bahanalar bilen türmede saklanýar. Habar beriş serişdelerinde hökümeti tankyt etmäge hiç kimiň bogny ysmaýanam bolsa, sosilal mediýada muňa het edenleriň gapysyny şobada polisiýa işgärleri kakýar. Geçen iýun aýynda jemgyýetçilik tertip-düzgünini bozmakda aýyplanyp tussag astyna alynan daşkentli internet bloggeri Fazylhoja Arifhojaýew häzirem azatlyga goýberilmedi. Hökümeti tankyt edýän çykyşlary bilen tanalan 41 ýaşly Arifhojaýew aslynda sosial mediýada hökümeti tankyt edendigi üçin başyna bela alan ýüzlerçe kişiden diňe biri. Karimow döwründen galan sakgal goýberme gadagançylygy-da dowam edýär. Sakgal goýberýänler radikal toparlara meýilli diýip, tussag astyna alynýar, dürli fiziki müçükdirmelere sezewar edilýär we her taraplaýyn gysylýar. Meselem, 24-nji noýabrda Daşkende 20 kilometr golaýlykdaky Ýangiýol posýologynda polisiýa işgärleri 22 raýaty sakgallaryny syrmaga mejbur etdi. Posýologyň bir ýaşaýjysy “Polisiýa sakgal ösdürsek, biziň terrorçylara meňzeýändigimizi aýdýarlar, ýogsam bolmasa biz dinimiziň bir emri we pygamberimiziň sünneti bolandygy üçin sakgal goýberýäris” diýip zeýrenýär. Bärde düşünmez ýaly züat ýok. Gazagystan ýaly özbegistanam ykdysady liberallaşmadan we syýasy awtoritarizmden emele gelen hytaý modeklini özüne nusgalyk edip aldy. Şonuň üçinem daşyndan gelen biri Özbegistandaky basyşy aňsat-aňsat duýmaýar. Göräýmäge hemme zat gülala-güllük ýaly bolup görünýär. • Karimow döwri: Özbegistanyň ýitirim edilen çärýek asyry Teýmirleň döwründen XIX asyryň ahyryna çenli Orta Aziýa hem magnawy, hem maddy taýdan öňbaşçylyk eden Özbegistan sowet döwründe-de sebit hernäçe dürli respublikalara bölünenem bolsa, bu öňbaşçy roluny doam etdirdi. 1991-nji ýylyň garaşsyzlygyndan soňky söwürde-de sebitiň iň gür ilatly ýurdy bolan Özbegistanyň bu öňbaşçy rolunyň dowam etdirmegine garaşypdylar. Emma ýagdaýlar başga tarapa üýtgedi. Garaşsyzlykdan soň birküç ýyl tutuş Orta Aziýada uly ýazylganlyk we erkinlik şwemaly öwsenem bolsa, sebit kem-kemden öz içine düýrügip başlady. Gazagystanda we Gyrgyzystanda bu ýazylganlyk şemaly soňky ýyllarda-da öwüsmegini dowam etdi, beýleki iki respublika - Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa çaltlyk bilen içine ýapyldy. Gapylary birinji bolup ýapanam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan boldy. Karimowyň birinji eden işi Sowet Soýuzynyň dargamaga başlan döwründe öwsen demokratiýa we adam hukuklary şemalyndan bat alyp ýurtda gurulan syýasy partiýalary ýapmak boldy. Işi gadagan edilen “Agzybirlik” we “Erk” partiýalarynyň ýolbaşçylary gaçyp ýetişenem bolsa, beýleki birnäçe ýokary düzümdäki partiýa ýolbaşçysy tussag edildi. “Erk” partiýasynyň lideri Muhammet Salyh Türkiýä gaçyp geldi welin, Karimow bu gezek Ankara bilen gatnaşyklaryny kesmäge niýetlendi. Türkiýe Karimow hökümetiniň göwnüni awlamak üçin Muhammet Salyhy we beýleki özbek syýasatçylaryny sessiz-üýnsüz Ýewropa ugradanam bolsa, özbek lideri ýumşamady, gaýtam ýurtda işleýän türk mekdeplerini we beýleki türk edara-kärhanalaryny-da ýapdy. Munuň bilenem çäklänmän, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan özbek talyplaryny yzyna getirdi. Türkiýä ymykly gahary gelen Yslam Karimow 2016-njy ýylda aradan çykýança Türk Geňeşi guramasyndan we trüki respublikalaryň ýygnaşyklaryndanam daşda durdy. 2005-nji ýylyň maý aýynda Andijan şäherinde ýüze çykan gozgalaň Özbegistanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny üzeňkirletdi. Fergana jülgesiniň iň uly şäherlerinden bolan Andijanda syýasy režimiň basyşyndan we ykdysady sepillikden bizar-peteňi çykan ýerli halk aýaga galdy welin, özbek howpsuzlyk güýçleri köpçüligiň üstüne ok ýagdyryp, 700-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy. Angliýanyň Özbegistandaky öňki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kreýg Murraý munuň Tianenmen ploşadyndaky gandöküşlikden soň Aziýada bolup geçen ikinji nuly gandöküşlikdigini aýdýar. ABŞ, Ýewropa bileleşigi we adam hukuklary boýunça halkara guramalary özbek hökümetini agyr sözler bilen tankyt etdi. Muňa jogap edip Karimow ýurtdaky ähli günbatarly guramalardyr firmalary ýurtdan çykardy, Termeziň 270 kilometr demirgazyk-günbataryndaky Hanabat şäherinde ýerleşen amerikan harby bazasyny-da ýapdy. Öz gezeginde muňa jogap hökmünde ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi-de Özbegistan üçin niýetlän 21 million dollarlyk kömegini kesdi, Ýewropa bileleşigi-de bu ýurda ýarag embargosyny goýdy we ýokary wezipeli özbek ygtyýarlylarynyň Ýewropa bileleşigine girýän ýurtlara gadagan etdi. Özbek lideri Karimow Andijandaky demonstrasiýaçylaryň hökümeti agdaryp, ýurtda “yslam halyflygyny” gurmagy meýilleşdirýändigini we Günbataryň-da olary maliýeleşdirýändigini öňe sürenem bolsa, onuň bu aýdanlaryna ynanan bolmady. Aslynda bolsa Andijan wakalary halkyň işsizlige garşy görkezen nägileliginden başgta zat däldi. Ýurtda hakykatdanam işsizlik we ykdysady çöküşlik ýetjek derejesine ýetipdi. Özbegistanda gaz-nebit ýataklarynyň bardygyna garamazdan, olary daşyna eksport etmek beýlede dursun, ýurduň barha artýan ilatyny üpjün etmek üçin-de ýeterlik däl. Özbegistanyň iki goňşusy Türkmenistan bilen Gazagystan gaz-nebit satyp gazanýan girdejisiniň hasabyna gara ýollary, köprüleri, stadionlary we täze şäherleri gurýar, Karimow hökümetiniň bolsa bular ýaly uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin gerekli çeşmeleri ýok. Özbegistanyň iň uly girdeji çeşmesi, esasan, pagta bolup, bu şol bir wagtyň özünde ýurduň uly betbagtçylygy bolup durýar. Çünki Karimow hökümeti pagta möwsüminde orta mekdepleriň okuwçylaryny zor bilen pagta meýdanlaryna sürýärdi, muňa garşy çykan mugallymlar türmä salynýardy, pagta ýygymyna gitmekden ýüz dönderen okuwçylara bolsa mekdep adminstrasiýasy tarapyndan dürli temmi çäreleri berilýärdi. Okuwçylary sowet döwründe bolşy ýaly, zor bilen pagta meýdanlaryna süren Karimow hökümeti oppozisiýa-da gün bermedi 90-njy ýyllaryň başynda gurlan “Erk” we “Agzybirlik” atly oppozisioner partiýalaryň liderleri Türkiýä we Ýewropa gaçdy, ýurtda galanlar bolsa akla-huşa sygmajak gynamalara sezewar boldy. Oppozisionerleriň gaýnap duran suwa atylmagy, dyrnaklarynyň goparylmagy we goltuklaryna gyzgyn ýumurtga gysdyrylyp goýulmagy ýaly gynama metodlarynyň bolandygy aýdylýar. Ýurtda diýdimzor diktarura režimini guran Karimow hökümeti alyp barýan syýasaty bilen Özbegistany daşarky dünýäden doly üzňeleşdiripdi. 30.12.2021 ý. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |