BIRINJI KITAP
BIRINJI BÖLÜM
1.
– Bismilla – diýip, Garry molla düýe ýüňünden edilen namazlygyň üstüne geçdi.
Azan aýtmaga başlamazdan ozal, Samarkant bizinden tikilen köýneginiň ýenlerini hor, uzyn barmaklary bilen endigine görä çekişdirdi. Başyndaky gatlary gowşap, az-kem çöşlenen sellesini düzedişdirdi. Soň gytyk murtlaryny, ýukadan gelşikli dodaklaryny, seýrek sakgalyny iki eliniň aýasy bilen sylyp, onuň uzyn uçlaryny üç mertebe darap goýberdi.
Soň ýuwaşdan mylaýym owaz içerini doldurdy.
– Allow akber! Allow akber!.. – Ol ertir namazynyň azanyny endigine görä okasa-da, sesinden bu gün onuň aýratyn yhlas bilen okaýandygy duýulýardy. Ol azanyň sözlerini sanan oturyşyna, gijesi bilen açyk galan tekjeli penjirejige gaýta-gaýta göz aýlaýardy. Heniz ümüş-tamyş bolup çalaryp duran daşaryk höwes bilen garap goýberýärdi.
Garry molla namazyň birinji regadyna ýaňy başlanda otagyň dagdan agajyndan edilen agyr gapysy jygyldady. Ol tekjäniň gapdalyna gözüni aýlady, hiç kim ýokdy. «Kimkä?» diýen pikir onuň kellesinde kölegeleýärdi. Soň onuň ýüregindäki senalar bilen birigip diline geçäýjek bolýardy. Tasdan ol «Kimsiň?» diýipdi. Emma saklandy.
Ýöne namazyň birinji regadyna eglip-galandan soň, ýerinden turmady. Ol sol egnine salam berende, Gulalynyň burça gysmyljyrap duranyny gördi. Soň nämedir bir yşarat bilen elini endikli salgady. Soňdan soň gapynyň jygyldanyny ýene-de eşitdi.
Garry mollanyň göwni ýene-de turmak, namazyny dik duran ýerinde okamak isleýärdi. Emma syzlap duran biliniň, ysgynsyz dyzlarynyň özüniň saljak ýüküni bu gün götermejegini duýansoň, ol ýerinden galjagam bolmady.
Şol wagtam medresäniň münberinden Nyýazsalyh mollanyň gyrygrak sesi ýaňlanyp gitdi. Ol Hajygowşanyň ukuda ýatan kürenlerine «Alla akberdir!» diýip, ynam bilen tekrarlaýardy. Indi on-on bäş ýyl bäri özünden başga adamyň aýagy sekmeýän medrese münberinden onuň sesi diýseň ynamly çykýardy.
Garry molla namazlyga siňip barýan ýaly bolup syzlap duran aýaklarynyň üstüne hop-hor gollaryny bir goýýardy, birem namazlygyň gazak keçeleriniň goçaklary çekilen burçlaryna ýetirýärdi.
Onuň dodaklary näçe çalt pyşyrdadygyça, uzyn hor barmaklaram şonçarak titreýärdi. Onuň kirpiksiz diýen ýaly gabaklarynyň astyndan süzlüp duran goýun gözleri iki ýana agyp, hüjre görnüşinde emelsizrägede edilip, pagsadan salnan jaýyň içiňi gaýta-gaýta aýlansa-da, hiç zat görmeýär diýen ýalydy. Onuň nazary tördäki üstüne ýüň galdyrylan, nagşy bulaşan sandykda-da, üsti Gurhanly haçjada-da, Astrabat küýzegärleri tarapyňdan taraşlanman ýasalan nepýagdanda-da, onuň üstünde göwünsizlik bilen yranyp duran alawjykda-da eglenmeýärdi.
Ol namazlygyň burçuny dyzlarynyň üstüne ýapyp, ellerini oňa emaý bilen goýup, endik edip giden türki sözlerini ýene-de daşyndan hoşamaý owaz bilen gaýtalady.
– Hak, özüň külli musurmany, içinde biziň maksat-myradymyzy yhtyram kyl. Gallugaşdan, kibru-habysdan halas kyl. Her kime öz köňlüne görä päl miýesser kyl. Gidenleri geltir, ýatgandary tuldur. Duşman serini paý astyna miýesser kyl. Ähli bendäniň göz garasyny, içinde biziň beçeleri hem didara maýyl kyl...
Gapy ýene-de jygyldady. Garry molla bu gezek ony eşitmedi diýen ýalydy. Ol häzir hoş arzuwlara pikiri, ýüregi bilen berlipdi. Misli häzir onuň ylham derýasynyň bulaklary bendinden ýazyp, onuň umyt-arzuwlaryny, ýürek senasyny, Allatagalanyň huzuryna ýetirip, ähli senasy kabul bolaýjak ýalydy.
Ýarawsyzlyk, ýarym sökellilik ony halys lagar edipdi. Indi baryp, bir ýyla golaý wagt bäri onuň göwnüniň ylham çeşmeleriniň gözi kör bolup, hyjuw körüginiň alawhanasy petiklenene dönüpdi. Gaýgy-hasrat gojanyň ýüreginiň näzik diwarlaryna çenli ornapdy.
Garry molla namazyny okap boldy. Ýöne ol namazlygyň üstünden turmady. Bu säher birhili üýtgeşikdi. Ol özüniň süňňüne gowşajyk gurp gelendigini duýdy. Göwni birhili daşaryny küýsedi. Emma indi gör, näçe wagt bäri, megerem geçen güýzüň ilkinji ýagşyndan bäri daşaryny göwni küýsemändi. Ol täret kylman üçin mejbury diýen ýaly daş çykmaly bolýardy. Nalaçlyk onuň elini-aýagyny baglapdy.
Kürt tebipleri onuň derdini ýüregi suwalma, damarlama diýýärdiler. Şonuň üçin ona daş çykmagy düýbünden diýen ýaly gadagan edipdiler.
Gapy ýene-de jygyldady. Içerde pyşyrdy eşidildi.
Garry molla dyzanaklap diýen ýaly gapdala öwrüldi. Namazlygy eli bilen itip, endigine görä gürledi.
– Eý, ezel hak, edenine şükür! – Ol dereje bilen işigiň aralygyndaky burçda töwir etmäge taýýar bolup, ellerini kürekledişip oturan zenanlary gördi.
– Hä amanmysynyz, gurgunmysyňyz?
Depesi ak oramaçly, ýaňaklary börtülip gözleri gyýlyp duran ýaş maşgala ýerinden turup, namazlygy çalasyn dolaşdyryp, haçja bilen ýüküň arasynda goýdy. Soň synja gylynýan buhar kündügini öz oturan burçunda goýup, daş çykdy.
– Aý, agam ogly, Döwletmämmet molla, atam ogly, Döwletmämmet molla, seniň şirin janyňa men goturyň gany derman olsun. Män sana gürwan geçip, seniň derdiň açym...
Haýrynsa tebibiň hoşamaýsyramasyna ýaşuly ýylgyrdy. Soň düýe ýüňi dykylyp, tikilen agyr ýassygy ysgynsyz eli bilen özüne dartdy. Ony ilki goltugynyň aşagyna dykdy. Soň uzyn göwresini uzadyp ynjalyksyz gyşardy.
Işine jür, beýle-beýle sökelleri ellemegi endik eden aýal eplem-eplem bolup tutuş bir keçäniň üstüni tutup duran örtüsiniň aralaryny sermeleşdirip, kirli düwünçegi çykardy. Soňam ýaşulynyň uzyn biz köýneginiň etegini galdyryp, ony gojanyň hor kükregine çenli çermedi.
Gaty, sowuk, kirli ellerini körüge tutan ýaly edip üfledi. Onuň haşyldysy, porsy demi nähilidir bir otuň ýiti ysy bilen garyşyp, içeriniň arassa howasyny agraldýardy.
Bu aýalyň güýmenip oturyşy Garry molla ýaramasa-da, ol sesini çykarmady.
Haýrynsa bolsa indi ellerini ussatlyk bilen biri-birine çaldy. Soň bükülip duran barmaklaryny Garry mollanyň göbeginiň gapdalyna degirdi.
– Ýa, gurbany olmuşam Ali, Ýa gurbany olmuşam Bibi Märýem, Lukman häkim mänim elim deýldir, manim päl-niýetim däýldir, Lukman häkimiň elidir, Bibi Märýemiň älidir. Jan allam, Jan huda, özüňdän medet olsun...
Kempir solgun bürenjegini arkasyna taşlady. Boldumly göwresi gaýta-gaýta çaýkanyp, aşak-ýokary eglip duransoň, bürenjegiň burçy syrylyp, onuň öňüne düşýärdi. Onuň köne, kirli seçegi ýaşulynyň garnyny gyjyklaýardy. Şonuň üçin kempir başyndaky bürenjegi eliniň tersi bilen burça taşlap goýberdi.
– Haý, surha dön! Haý, kepene dön!
Ýaşuly kellesini az-kem galdyrdy. Onuň gözi kempiriň hüjjük, çal saçyna, başyndaky tüýdülip başlan pyrsýan ýaglyga düşdi. Ol gözlerini süzgekledip, kellesini ýüke tarap öwürdi.
Haýrynsa samrap oturyşyna, düwünçegini sermeleşdirýärdi.
– Hä, bibi, bolmadyňyzmy? – Garry molla üşäp, jümşüldeýän garnyny sypalady.
– Wah, agam ogly, atam ogly, bir Bibi Märýemiň adyna duga ohaýyn. Meniň älim däldi, Lukman häkimiň älide. Atam gyzy, agam gyzy Bibi Märýem, jan alla, maňa yssylyh wer.
Ol dyrnaklarynyň ujy kirden gatlak baglap giden barmaklaryny gojanyň garnyna çümdürip-çümdürip aldy. Soňra dözümli owkalap başlady.
Garry molla ynjyly hyklady. Onuň açylan dodaklaryndan gysylan sary dişleri görünýärdi.
Kempir welin misli alan hamyry keýp edip ýugurýan ýaly, barha gyzyşýardy. Ýaşuly üsgünjiräp, galjak ýaly etdi. Bu onuň henizem bolanokmy?» diýdigidi. Kempir welin derçiräp başlan maňlaýyny eginlerine çalyp, äwenokdy. Gaýta, ellerini has batyrgaýlyk bilen daradýardy. Ol keselliniň biynjalyk bolşuny gördi-de, diline nobat berdi.
– Wah atam ogly, Garry mollam, sawah wirlen ahşamyň arasynda bir ýahşy düýş görmüşem. Sizleriň ahli myratyň hasyl olar, inşallam. Gidenleriň geler, inşallam. Seniň ürehiň içine batan dertler düw-dagyn olar, inşallam. Kiçjik molla bir ýahşy dohtar alyr, seniň göwnüň, göwsüň açilib, misli, juwan beçe kibi ýaş olarsyň. Män sana aýtdym, bary bolar, inşallam...
Gojanyň gaşlary bürşere geldi. Ol damarlak gollaryny uzadyp, keçäniň gyrasyndan ýapyşdy. Der çykyp, süňňi ýeňlän kempir etjegini eýläp keýpden çykandan soň, uzalyp burçda duran kündügi aldy. Ondan bir owuç suw alyp hassanyň üstüne sepip goýberdi. Beýle ýagdaýa garaşmadyk goja tisgindi. Soň dik oturyp, köýneginiň etegini çekişdirdi.
– Wah, atam ogly, wabam ogly... Derdiň daglara, daşlara gitsin. Duşmanyň derde ulaşsyn. Göwnündäki gamlary dag börüleri iýsin...
Garry molla agras gabaklaryny çalaja galdyrypdy.
– Eliňiz, gözüňiz dert görmesin, bibi. Ömrüňiz uzak bolsun...
Haýrynsa ýaşulynyň sözüni agzyndan kakyp aldy.
– Aýdanyň gälsin, atam ogly. Dilegiň kabul olsun. Ähli musurmana, içinde bize-de hudaýym pansy düşsün.
– Omyn.
Döwletmämmet molla Haýrynsanyň sözlerine gulak asmaýan, onuň hereketini synlamaýan ýalydy. Emma ol baryny eşidýärdi, baryny görýärdi. Saçy çalaran bu zenanyň tutuş ömri barada gürrüň edip ber diýseňem ol höwes bilen başarjakdy. Sebäbi bu maşgalanyň şu ojaga yhlasyny bu gün ýa-da şu ýyl, geçen ýyl duýmandy.
Asyl onuň öz bagynda biten miweleriniň hemmesiniň göbegenesem, ýerden göterenem şu zenandy.
Çaga «Ýedi pyşdyma çekmen, ýerden göterenime çekerin» diýermiş diýen nakyl onuň ýadyna düşdi. Belki Soňdandyr, onuň aýaly Orazgül pahyr çagalaryna käýände: «Wah, sizi ýerden göteren gurap geçsin!» diýerdi.
Ylaýta-da onuň ortanjy ogly dünýä inende bu aýal Hydyr ata bolup sataşypdy. Aýalynyň soňky ömri hem-de ekabyrja oglanjygy üçin bu kempire minnetdar bolup, namazynyň ahyrynda okaýan mynajatynyň içinde bu aýalyň adyna aýdylýan alkyşam bardy.
Indem, ine gyşyň örküjindäki tapynan derdine däri eýleýän bu mähriban adama Garry mollanyň ýüreginde birhili süýjülik oýanypdy.
– Bibim, sen bizi sylasaň, seni hudaýyň özi sylasyn. Enşalla, bizem bir bu horluklardan silkinsek, seniň eden ýagşylyklaryňy jaýyna salaryn.
Kempir söwütden ýasalan okarajykda dagdan çemçesi bilen narpyz ezip durşuna gussalyrak gürledi.
– Ah, wah, atam ogly, seniň döwletiň seniň bagtyň üregimiň bagyduý. Gözlerimiň çyragyduý. Ah, wah, nädiýem, nä aýdam, ählisine huda keremdir. Ondan idinsiz çöp başy kymyldaýmaz. Elbetde, gowy görendir. Hammesi tüzeler, elbetde... Inha, oglum, öz oglum gälir. Öýererih. Wah, ah, göresim gelib, agam ogly, ürehim üzüm-üzüm olur, gözde ýaşym düzüm-düzüm olur, göwsüme süýt ineýin diir menim. Ah, Mahsimgulyjan, üregimin söýesideý.
Kempiriň sözi ähli süýjüligi bilen Garry mollanyň ýüregine guýlup, onuň edil awap duran ýerine ýetip, melhem bolýardy. Onuň süňňüne ysgyn bolup guýulýardy. Şonuň üçin ol söwüt tabajygy başyna çekende gaşlaryny hem çytmady. Onuň endamyna şobada der indi. Misli, derdi dep bolana döndi.
Haýrynsa düwünçeklerini alyp, hyk-çok diýip turup gitdi. Emma Garry molla ony duýmady. Onuň göwni eýýäm geçen günleriň dury, şypaly kölünde guwwas bolup ýüzýärdi. Orazgülüň juwanlyk didary, Abdyllanyň, Mämmetsapanyň, Zübeýdanyň, Magtymgulynyň çagalyk keşbi, dolup duran döwlet, bazara dönen içeri – ählisi onuň näzik duýgularyny elleýärdi.
Orazgül hemişe diýen ýaly çagalardan zeýrenerdi. Biri-biriniň yzbassyry dünýä inip, iýmekde-de, geýmekde-de biri-birinden kem galmajak bolup, käkilik türpesi ýaly bolup saýraşýan çagalar öýde uly goh salýardylar.
– Wah, dillije düwmäm, käkiligim-eý – diýip, aýalynyň çagalaryny bagryna basyp oturanam şoldur, ine, özem şol çagalar ýaly bolup, käýinjiräp oturanam şoldur. «Ol ylaýta-da Abdylla bilen oňuşmazdy, görgüli» diýip, ol pikirini çugdamlady. Abdyllanyň ýygra, mylaýym keşbi göz öňüne geldi.
Ejesi oňa: «Marly elekde elenen, saryýaga ýugrulan oglum...» diýerdi. Emma ikisi welin hiç oňuşmazdy. Haçan görseň biri-birinden nadyl. Olaryň ikisem Döwletmämmediň ýanyna arza geler.
«Dede, emmem meni urýa!», «Dede, emmeme aýt, ony bişirip bersin, ony eýdip bersin, beýdip bersin» diýerdi. Orazgül welin ogluna käýinjek bolup, Döwletmämmede-de igenerdi. «Wah, dere agajy, senem ata bolup, girip-çykyp ýörsüň, bu gara doňňuzyňa bir haý-küş diýewoýsaň boljak ahyrym!»
Döwletmämmet ýene ýylgyraýardy. Çünki olaryň arasyna düşmeli däldigini ol gowy bilýärdi. Sähel Abdyllany gözi görmese Orazgülüň ýüregi üzülip barýardy. «Hany, Abdylla, waý, Abdylla ýokla?» diýip byzbydyklabererdi. Abdylla-da enesini bir pursat görmedigi «Emme jan, emme jan!» diýip, onuň daşynda pyrlanyp ýörendir. Emma gözleri biri-biriniň gözüne düşdügi welin, hiç onuşmazlar. Äl, beýle-de boljak eken-ow...
Işik jygyldady. Garry molla edip oturan oýunda üsti basylan ýaly tisgindi. Dik oturdy.
– Mollam, jaksymysiz? – Gazak gelniň aladaçyl keşbi, mähriban äheňi ýaşulyny özüne getirdi.
– Şükür, özüňizem ýagşymysyňyz, mal-gara, oglan-uşak sag-aman ördümi?
– Bary jaksy, bary kowy. Wöz jagdaýyňyz jaksymy?!
Döwletmämmet «gowy» diýen manyda başyny atdy. Ol gözüniň gytagy bilen aýalynyň sagdyn, juwanlyk hyjuwy gizlenip duran bedenine garady.
– Siz dalaga şygyp kelesiňizbe? Taň ertirke kamagyňyzy äkeleýinbe?
Molla ikigöwünlilik bilen gürledi.
– Häzir, neme, men däri owurtladym, şol birneme siňişsin, az-kem tagapyl etseň...
Gazak gelin çyrany öçürip, çalasyn çykyp gitdi. Indi howa mazaly ýagtylypdy. Garry molla ýene-de başyny ýassyga goýdy. Ol geçen günleriň süýji ýatlamalaryna gark bolmak isledi. Emma bolmady. Onuň pikiri azal salnan meýdan ýaly bulam-bujar bolupdy.
Döwletmämmet molla iki eliňi dyzyna goýup, garysyna daýandy. Säher içilen süýji hyýallar onuň bedenine birhili höwes guýan ýaly bolupdy. Onuň göwni ýene-de daşaryny küýsedi. Indi näçe wagt bäri öýe örklenen göwün, bahar howasyna telwas etdi.
Ýaşuly usullyk bilen ýerinden turup, ýüküň burçunda çöwreligine duran donuňy aldy. Ony emaý bilen egnine ýapdy. Ýatyş sellesini çykaryp, soňra hywa kamysyndan ýörite edilen sellesini başyna geýdi. Egin-başyny birlaý gözden geçirdi. Mesisiniň lowurdap duran gonjuny çekişdirdi.
Dagdandan ýasalan işik çalaja jygyldady. Goja daş işigiň söýesine iki elini urdy. Bu onuň adatydy. Oňa berlen terbiýä görä, «hiç haçan işigi depelemeli däldi. Iç gireniňde, daş çykanyňda işikden idin soramalydy. Öý öwlüýädi. Işik bolsa öwlüýäniň müjewüridi. Işigi äsgermezlik etmeli däldi». Ol özüni dürsedi.
Işikde girip-çykyp ýören Gazak gelin adamsynyň işikde beýdip durşuna birhili boldy. Ol işige bakan ýöredi. Onuň göreçleri ýaşulynyň solgun ýaňagyna, çöküşen owurtlaryna, garyşan mäşbürünç sakgalyna düşdi. Dert ýaşulyny horlapdy.
Gazak gelniň göwni galkdy. Adamsy aýak üstüne galypdy. Bu onuň üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdy. Ol ölümi öňem köp görüpdi. Atasy Adaý gazak, enesi Toguş bir günde diýen ýaly ýogalypdy. Adamsam bir uly toýda göreşe çykanda bili oňrulyp, ejir baryny çekipdi. Ýekeje perzendini gyzamyk alypdy. Ykbal ony Müňgyşlakdan Gürgen boýuna taşlady. Döwletmämmet molla Orazgül ýogalansoň «Äý, bir täret suwumy ýylydan gerek» diýip çala duýduranda, Jaýlaw han tapyp bermäge razy bolupdy. Geçen güýzden bäri ýaşaşyp ýörse-de, gelin adamsynyň süýjüligini dadanokly. Gaýta dert ony has basmarlapdy. Gazak gelniň hudaýa eden mynajatlary, ýalbarmalary ýerine düşdi. Hudaý oňa adamsyny gaýdyp berdi,
Gazak gelin ylgaşlap teletin hokgany alyp adamsynyň aýagyna geýdirdi. Onuň uzyn donunyň ýenlerini düzedişdirdi.
Döwletmämmet molla daşary gadam goýdy. Günüň tylla tyglary Hajygowşanyň başyna geýdirilen täç ýaly bolup lowurdaýardy. Meýdanlar ir esrän baharyň söýgüsinden hasyl bolan dürli-dümen maýsalardan ýana gök parç bolup ýatyrdy. Lemmer-lemmer bulutlar deňiz taýdan öwüsýän şemalyň ugruna kerwen gurap barýardylar.
Garry molla medresäniň gapdalyndaky beýige çykyp, garagaç töňnesiniň üstüne özüni emaý bilen goýberdi.
...Hanha, Soňudagy. Ol çala düwlen ýumruk ýaly bolup, Hajygowşana tarap egrelip otyr. Baharyň demi oňa kär hem etmedik ýalydy. Töweregiň göklüginden onuň ýaşylymtyl syrçasy has açyk görünýärdi. Oňa ýaplanyp, soň Hajygowşana garşy geriş-geriş bolup uzalyp gaýdýan depeleriň, baýyrlaryň üstüne suwugrak syýa batyrylyp galam ýöredilen ýalydy.
Şol baýyrlar bilen oba arasyndaky tekizlikde mal-gara, goýun-guzy agaýana otlaşyp ýördi.
Gerkezleň syrgyny diýseň çola, içgysgynç görünýärdi. Adynageldi onbeginiň syrgynynyň adamlary gaýraky baýryň üstüne çykyp, bir hezillige tomaşa edýärdiler.
Çowdur hanyň syrgynyndan ojaklaryň, tamdyrlaryň tüssesi belent galýardy. Syrgynlarda çagalaryň jagyl-juguly, göleleriň gysgajyk molaşmasy, taýçanaklaryň näzik kişňemesi eşidilýärdi.
Döwletmämmet mollanyň medrese minarasynyň gapdalyndaky belendiň üstünde hyýala batyp oturanyny gören Nyýazsalyh molla oňa tarap ýöneldi. Ol birhili keýpsiz görünýärdi. Ýüzüni sallap gelşine uzyn donuňyň ýeňinden akjaryp çykyp duran köýneginiň ýeňlerini gaýta-gaýta çekişdirýärdi.
– Essalowmaleýkim, molla aga, aýak üstüne galypsyňyz, dertden dynypsyňyz, müberek olsun. Allatagala ähli bela-beterlerden sizleriň mübärek jemallaryňyzy aman saklasyn!
Döwletmämmet molla ýeriýadeg turup, medrese mollasynyň salamyny uly hormat bilen aldy. Örän edeplilik bilen onuň sözlerini diňläp, birhili mähribanlyk bilen jogap berdi.
– Aleýk essalam, molla, mal-baş, bala-çaga amanlykmy? Özleriňiz neneň? Saglygyňyz ýagşymy?
Nyýazsalyh molla Adynageldi onbegi gökleňiň syrgynyndaky depäniň üstünde şowhunlap oturan märekä göz dikip, ynjyly gürledi.
– Wah, molla aga, saglyk näme işlesin. Kyrk boldy, pyrk boldy diýipdirler. Bizler ellini ellän ýörýorys. Onuň üstesine-de günler gün-günden aladaly boldy.
Döwletmämmet molla yslamyň bu wepaly gulunyň arassa ýüreginde heniz gatlanmadyk kanagatsyzlygy dargatmak isledi.
– Sabyrly boluň, molla. Bu zatlaryň hemmesi gudraty güýçlüniň özüne baglydyr. Siziň ýaly lebzi, päli arassa, asylzada adamlar näşükür bolsalar, bendeýi-biçäreler ne günde galar. «Sabyrly gul dura-bara şat olar»...
Nyýazsalyh mollanyň derdi gozgaldy.
– Wah, molla aga, siz maňa sabyrly bol diýýorsyňyz. Men ömrümi huda diýip ötürdim. Allanyň ýoluna aýdylan halal sadaka bilen gödekleri ekledim. Indem ýaňy boýuna guwanyp ýöremde «il bilen gelen toýda baýram» diýip, Dürranynyň huzuryna iberdim. Gitdi, ýagşy etdi. Hany indi, ondan ne derek bar, ne gördüm-bildim. Gijeler gözüme uky gelenýok. Her hili düýşler göwnüme was-wasy salýor. Indem onuň derdine ýanyp ýörkäm Dürrany ýene-de kelamnama iberenmiş diýip eşidip, ýüregime gor guýlan ýaly bolýor. Wah, ýany murty taban ortanjy oglumam gaýgy etýoryn, indi.
Döwletmämmet mollanyň ýüregi dilim-dilim boldy. Gulaklary erbet şaňlady. Ol sag eli bilen gursagyny tutup, ysgynsyz gürledi.
– Gaýrat et, molla, mert bol. Dargursaklyk edip taňryňa näşükürlik sözüni diýme. Biz öz ogullarymyzyň atasy bolsak, hudaýtagala biziň hemmämiziň atamyzdyr. Onuň göwni biziňkiden köp mertebe awaýandyr. Sen hudaýy ýadyndan çykaryp, küpür gepleme. Şükürli bol!
Nyýazsalyh molla özüni aklamaga delil gözledi. Ýöne özüniň sylagly adamsynyň mähribanlyk bilen aýdan sözüne garşy delil çöpläp oturmaga ejap etdi. Şol wagt Adynageldi gökleňiň syrgynyndan göçgünli şadyýanlyk-şagalaňlyk eşidildi. Nyýazsalyh molla onbeginiň oglanlarynyň biriniňem Owgana gitmänini diline aljak boldy. Beýle adalatsyzlygy ajy-ajy sözler bilen näletlemegi ýüregine düwdi. Garry molla Soňy aňan ýaly, bir mylaýym owaz bilen gürledi.
– Oglanlary dersden azat etdiňizmi?
Nyýazsalyh molla näalaç pikirini bölmeli boldy. Ol birhili aljyraňňy mydyrdady.
– Oraza geldi, aý, onsoňam, neme, özümem diwana ýaly bolup ýöremsoň azat etdim. Aý, onsoňam...
Ol «Aý, onsoňam okuwyň beýlekiň mazasy gaçdy...» diýjek boldy. Emma Garry molla ýerinden turdy. Gulaly haýdap baýra dyrmaşyp gelýärdi. Ol gele-gelmäge iki goluny uzadyp, edep bilen salam berdi.
– Aleýkim essalam! – Döwletmämmet molla sagdyn bedenli, garaýagyz ýigidi höwes bilen garşylady. Nyýazsalyh molla göwünsiz salamlaşdy.
– Ýöri, oglum, aman-esenmisiň?
Oglan:
– Saglygyň nähili, dede?! – diýen manyda yşarat etdi.
– Şükür, allaha şükür, bir mydar-a bar. Gel, ýanymdajyk otur, birsalym.
Gulaly özüniň endigine görä täsinje ýylgyrdy.
Oglan elini «owkat taýýar, garbansynlar diýen» diýen manyda yşarat etdi.
Döwletmemmet molla Nyýazsalyhyň ýüzüne garady.
– Molla, ýörüň, mürehet görmäň, bir zerre duz dadalyň.
Nyýazsalyh molla sussy pes gürledi.
– Wah, molla aga, bokurdakdan zat ötýon bolsa, men şeýder ýörermidim. Öýde oglanlaryň enesi gözlerinden ganly ýaş döküp, gam laýyna batyp otyr, men bolsam munda lukma symyşlaýynmy? Wah...
Döwletmämmet molla sesini çykarmady. Ýöne baýyrdan düşensoň, birhili mylaýym ýüzlendi.
– Siz gitmäň, meniň siziň bilen bir gürrüňim bar – diýdi.
Nyýazsalyh molla göwünsizlik bilen Garry mollanyň yzyna düşdi.
Olar gara öýe ýanaşyk duran üsti hüjre şekilli bir gat tama girdiler.
Döwletmämmet molla iki ellini gowşuryp, mürehet etdi. Emma Nyýazsalyh ojakbaşydan ýokary geçmedi.
Gulaly eline buhara synjalygyny hem-de mis legeni alyp, edeplilik bilen el ýuwdurmaga häzir boldy.
Bu öýüň adatyna diýseň ýetik ýigdekçe myhmanyň eline ilki bilen suw akytdy, soňra Garry mollanyň ýanynda çöküne düşüp, suw akytmaga häzir bolup durdy.
Garry molla «Bismialla» diýip başlasa-da, elini haýal ýuwýardy. Onuň agyr gabaklaryna garan Gulaly molla dedesiniň agyr oýa çümenligini aňdy.
Garry molla hakykatdanam agyr oýa batypdy. «Bu bendäni göwnühapalygyna, göwni ýykyklygyna goýbersem, öz göwnümi ykdygym bolar. «Käbe ýykmakdan müň mertebe günä iş etdigim bolar...»
Garry molla soňam edip oturan oýundan çykyp bilmän oturdy. Gulaly tamdyrdan ýaňy çykan nan, iki şakäsäni dolduryp galyň gaýmakly süýt getirip, saçagyň üstünde goýup, edep bilen çykyp gitdi.
– Sen, molla, meniň sana aýtjak habarymy her babata ýormaň. Ony pähim eleginden ötüriň. Ol siziň ýüregiňize sowuklyk dogasy deý teselli berer.
Ol hoşroý ys kükäp duran tegelek çöregi maňlaýyna degirdi, soňra hurmanyň garasy ýaly döwüp alyp, galanyny iki eli bilen Nyýazsalyh molla uzatdy.
– Alyň, molla, käseleriň birini çekin öňüňize.
Ol bir käsäni öňüne çekip, elindäki çöregini galyň gaýmaga batyryp agzyna saldy. Hurşuny ýuwdandan soň, elini düýe ýüňünden dokalan saçagyň gyrasyna çaldy. Tegelek nandan ep-esli döwüp alyp, öňünde goýdy.
– Eşider bolsaňyz, dede, hemme işde sabyrlylyk, çydamlylyk gerekdir. Sen zenanyny gaýga batyrsaň, zenanyň seniň derdini agraltsa, ikiňiz birigip tutuş maşgalaňyzy gam-gussa goýsaňyz, onda il-günüň ýüregine hesret goýarsyňyz. Bu barada geçen akyldarlar, şeýle bir tymsaly gürrüň beripdirler...
Garry molla döwüp goýan nanyny usullyk bilen käsedäki gaýmaga batyrdy. Soň ony agzyna ýetirmän käsede goýdy...
– Öten babadaryň zamanynda seniň deýin bir pähimli kişi bolupdyr. Ol özüniň zagpyrany1 bilen şeýle bir bagtly ýaşapdyr. Olara älem hökümdarynyň perişdeleriniňem gözi gidipdir.
Allatagala olaryň bossanynda seniňki kimin üç enary düwünçek edipdir. Ol beçeler2 şeýle bir hoşsyrat bolup, diňe anasy birle dedesiniň däl, tutuş oba ilatynyň ömrüne çyrag kimin ýagty paýlapdyr.
Çagalaryň anasy şeýle akylly, asylly, pähim-paýhasdan paýyny alan jenan bolan. Ol edim-gylymy bilen syrdaşynyň göwnünde-de asyllylyk röwşenini ýakypdyr.
Ine, onsoň bütin kendiň garyp-gasary bu iki ynsanyň ömrüne alkyş aýdyp ýaşaberipdir.
Günleriň birinde bu iki ynsany synlap, gözleri gidip ýören Ezraýyl hem-de Jebraýyl perişde özara dawagär bolanmyşyn...
Rowaýat Nyýazsalyh molla diýseň ýaraýan bora çemeli. Ol çörekden, hörekden geçip, kyssanyň soňunyň manysyny açmaga ähli pikir-oýuny berip diňleýärdi.
Döwletmämmet molla dowam etdi:
– Onsoň olaryň biri aýdanmyşyn: «Bu maşgalany yzanda-çuwanlyga salyp bolar. Beýlekisi diýenmişin: «Bu maşgalany gam-hasrata salyp bolmaz». Şeýlelikde günler geçip duranmyşyn. Bir gün hälki öýün merdi kärhana gidenmişin. Onuň zagpyrany ony güler ýüz, süýji söz bilen ugradanmyşyn.
Çagalaryn anasy beçelerini bakyp-bejerip, hersiniň eline Mazendaran leýmunyny berip, oýnamaga iberenmişin. Özi bolsa içerini-daşaryny päkizeläp, tagam taýýarlap ýanýoldaşynyň ýoluna göz dikip oturyberipdir...
Döwletmämmet molla Nyýazsalyhyň iýmän-içmän bir gulaga öwrülip oturyşyny gördi. Ol käsäniň içinde duran döwülgi nany bilen gaýmagy bulady.
– Iýip oturyň, molla! – Ol ýene-de gürrüňine başlady. – Ine, onsoň, şol wagt onuň gulagyna perişdeler aýtdylar: «Seniň uly ogluň guýa gaçyp öldi!» Zenanyň ýüregine tyg çekilen deý boldy. Ol ylgap guýyga bardy. Gördi ki çuň eken. Ol gözüniň röwşenini guýygdan alyp çykyp öýüne getirdi. Emma ne gözünden, ne tilinden bir agyz ahyr-zar çykdy. Ony görgen perişde aýtdy: «Eý, kelin, ortanjy ogluňy ýylan çakyp öltürdi». Onsoň, kelniň bagryna tyg çekildi. Ol dogram-dogram bolan bagryny tutup, jigerbendini öýüne getirdi. Emma onuň ne çeşmesi joşdy, ne owazy eňşedi. Muny görgen perişde tiýti: «Aý, kelin, seniň iň körpe beçäňi çawup gelen peýkam öltürdi». Muny eşiden kelniň garnyna tyg çekildi. Ol balalaryny hasyl eden garnyny pugta guşanyp, iň körpe beçesini öýüne getirdi.
Gelin gördi, depesiniň täji, rözleriniň röwşeni, ýüreginiň umydy sönüpdir. Onuň ýüregine bir zerre pähim guýuldy. Diýdi: «Bulary maňa beren allam, özüne gerek bolupdyr, indem aldy. Ilki ol meni begendirdi. Indi özi begendi. Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haramdyr. Ol biziň hemmämiziň eýämizdir».
Garry molla gaýmagyň içinde mäjum bolan nany agzyna saldy. Ony uzak wagtlap çeýnäp ýuwutdy. Soň elini saçaga süpürdi.
– Hekaýatyň ahyryny diňlär bolsaň: Kelin beçelerini törde, aşagyna düşek ýazyp ýatyrdy. Üstüne täzeje pürenji ýapdy. Ýüzlerine gülap suwuny sepdi. Özüniň eşiklerini tämizläp, orta saçak ýazdy ki, çünki, onuň merdi kärhanadan dolanmaly erdi.
Merd kärhanadan gelgen pursady ony hemişe beçeleri şowhun bilen garşy alar erdiler. Emma bu gün olaryň birem alnyndan çykmady. Gökde perişdeler garap, bu hekaýatyň soňuna intepis kylyp durar erdiler.
Merd beçeleriniň ismini birme-bir dile salyp gygyrdy: «Eý, depämiň täji, gözümiň röwşeni, ýüregimiň örki, balalar, siz meni neçün garşy alaňzok?»
Şol pursat zagpyran ylgaşlap taş çykdy. Diýdi: «Eý, balalaryň diregi, sen sesiňi gataltma. Beçeler köp-köp garaşdylar. Ahyry halys ýadap, süýji uka batdylar. Gel, süýji tagam häzir boldy. Duz-tagam tolkunmasyn. Iýip-içeli, oňa çenli balalar hem ukudan çün doýarlar».
Zenan özüniň merdine bu sözleri diýdi ki «Çünki, zähmet çekip, azap tartyp gelen kişi kaýiş çekmesin. Aglamaga, gaýgy-hasrat çekmäge howlukmak gerek däldir. Çünki, ynsan balasynyň ählisiniň ahyry soň görjegi gaýgy bilen hasratdyr».
Şol pursat perişdeler bu zenanyň sabyr-takadyna haýran bolup turdular. Olar bu synagy gudraty güýçlüniň hut özüne gürrüň bermegi müwessa bildiler.
Ondan soň ählisiniň beýik eýesi, huda eşitdi, gördi we päli-pygly arassa anany sylaglamagy, onuň beçelerine ömrüni gaýdyp bermegi makul gördi.
Indi habary zenandan eşidiň. Merdi tagam iýdi, onuň ýadawlygy gitdi. Keýpi çag boldy. Zenany pikir etdi: «Indi bu şum habary aýtsam bolar» we şol erbet habaryň başky sözüni zybana getirende beçeleri asgyryp-asgyryp oýandylar we atasynyň boýnuna düzüldiler we ki öýi ala-ýaz etdiler. Bu görnüşe haýran bolan zenanyň gözünden iki mertebe begenç ýaşy gaýtdy.
Allatagala diýdi: «Kimde-kim sabyrly bolsa, bu şatlyk meniň oňa niýetlän çyn sowgadymdyr!»
Nyýazsalyh ýüzüni birhili eňşedip otyrdy. Ol birden öz bolşuňa uýaldy. «Haý, adam çig süýt emen-ow. Men öz derdimi diýip, bu mähriban adamyň jigerine tyg sançdym. Meniň bir oglum giden bolsa, onuň iki ogly gitdi ahyry. Bir ogly bolsa ýedi derýanyň aňyrsynda. Oňa-da näme bolany belli däl.
Perzentleriniň derdi, başdaşynyň ýurduny täzelemegi dälmi onuň bilini büken. Emma Hajygowşanda, Gürgen, Etrek etrabynda heý onuň agzyndan bu barada zerre hesret eşiden barmy? Men welin...»
Nyýazsalyh mollanyň gatyşyp giden gaşlarynyň ortasyndaky çukur düýrüldi. Bu onuň içki tolgunmasynyň alamatydy.
– Sen gam çekme, molla. Başarsaň göwnüňi giň tut. Ýürek bir guşdur, gahar-gazap bolsa dagyň läheň marydyr. Ol sähelçejik müddet tapsa, ýüregi ýuwutjak bolup durandyr. Sen başaryp bilseň maşgalaňa-da göwünlik ber...
Nyýazsalyh sesini çykarmady. Ýöne ol göwnüniň çäkmen bilen syrylana dönenini aňdy. Ol heniz el degmedik gaýmakly käsä işdämenlik bilen ýapyşdy.
* * *
Nyýazsalyh molla Döwletmämmet mollanyň özüne-de, içersine-de diýseň beletdi. Çünki, ol Döwletmämmet bilen Hywada bileje okapdy. Soň ol Halaçda Idris baba medresesinde ders berip başlapdy. Özüniň medresedeş dostuna geçenden-gelenden kelam iberip durardy.
Onuň juwan ömründe bolan bir waka bolsa Etrek boýuna düşüp galmagyna sebäp bolupdy.
Ol Idris baba medresesinde sapak berip ýörkä, medresäniň ketde ahuny Mämmetnazar işanyň gyzyna aşyk bolupdy. Ol her mümkinçilikden bahana gözläp, ketde ahunyň öýüne barýardy. Gyzy Agabeg bilen hiç bolmanda göz astyndan habarlaşyp gaýdýardy.
Şol günleriň birinde nahara başlamak barada medresedäki ulamalaryň arasynda uly jedel gitdi. Soňda ýaňy medresäni tamamlap gelen Nyýazsalyh edebi saklamady. Ol medresäniň ähli müfti-müderrislerini diýen ýaly messepsizlikde, körzehinlikde aýyplady. Nahary haçan we nirede, kimiň ilki almalydygy baradaky jedeliň diňe bihaýaçylykdan gelip çykýandygyny aýtdy. Idris baba medresesiniň molla-müftüleri, sapak berýän ähli damullasy, hatda talyplary hem Nyýazsalyhyň bu edepsizligine örän öýkelediler. Bu waka tutuş Jeýhun etrabyna pylança wagtlap şowhun boldy. Ahyry gepiň soňy ketde ahuna ýetipdi.
Ketde ahun mollalaryň tarapyny tutup, Nyýazsalyhy medresede ders bermekden kesdi. Şondan soň Nyýazsalyhyň güni kynaldy. Ol bu etrapdan başyny alyp gidip biljekdi. Emma ahunyň gyzy Agabeg aglap galjakdy. Ahyry çykalga tapylypdy.
Nyýazsalyh Idris babany tamamlan ahally oglanlara goşulyp, ýat illere gaýtdy. Özem ýeke däl-de, Agabegi hem-de ketde ahunyň Hywadan ýörite getirden atyny hem alyp gaýtdy. Ol Ahalda Hywadan gelýän kerwene goşulybam Hajygowşana geldi. Ondan bäri bir är ömri wagt ötüpdi.
Döwletmämmet molla Nyýazsalyhy sylady. Oňa öz obalaryndaky medreseden ders alyp berdi. Ony toýunyň, çakylygynyň hormatly myhmany etdi. Eliniň, diliniň ýetdiginden goldady.
Emma watan, watan bolýan eken. Nyýazsalyh köp wagtlap ýerläp bilmedi. Heniz-henizlerem onuň bitine gahar etmesi bardy. Onuň aýaly Agabegiň ýüreginiň çişgini heniz gaýdyşanokdy. Sähel bahana tapsa, sähel edeni ugur almasa içersini ýasa öwürýärdi. Onuň hesretiniň kem-käs taraplary Nyýazsalyh molla-da geçipdi. Şonuň üçin Garry molla oňa düşünýärdi. Hemişe seresaplylyk, ýürekdeşlik etmek bilen onuň garyp göwnüni awlamaga çalyşýardy.
– Siziň aladaňyz bilen gözi açylan, siziň hormatyňyza mynasyp bolan oglumyz hem bu gün-erte Hywadan dolanmaly. Sizleriň edebiňize ýagşy uýansoň, onuň hem ýüreginiň ýelini, diliniň owazynyň badyny artygrak görýärdim onuň. Hywa oňa näme berdikän diýip häli-şindi oýa batýaryn...
Nyýazsalyh birhili syrly ýylgyrdy.
– Hä, Magtymguly janmy? Bizleriň bu dünýede goýup gitjek ýagşy ýatlamalarymyz hem-de iň gowy ýadygärligimiz oňa beren ylmymyzdyr...
Mollanyň bu sözüniň yrýasy ýokdy. Ol Halaç, Kerki etrabynda birnäçe mekdepde okapdy. Soňra Idris baba medresesinde, soň Hywanyň Hojamberdi han medresesinde bilim aldy. Özi ençeme ýyllap Idris babada, Hajygowşanda ders berdi. Emma Garry mollanyň ogly ýaly erjel, zehinli oglan görmedi.
Käte-käte ol gören horluklarynyň ýerine şonuň ýaly ýekeje ogul ber diýip allatagaladan köp-köp mynajat etdi. Emma ogullary onuň göwnünden turmadylar. Biri «gitme» diýse-de Gandagar diýdi, owgan diýdi, budyr gitdi. Beýlekisem, özi Hajygowşanda bolsa-da, hyýaly, göwni Hindistanyň ýolunda gezip ýör.
Içeri, mal-baş, güzeran, hemmesi Nyýazsalyh bilen biçäre Agabegiň gerdenine düşdi. «Wah, iliň-günüň olar ýaly çagasy ýer gemrip, Maşada gidip olja getirýär» diýip, molla öz içinden zeýrenýärdi. Dogry, ol oljanyňam, gul-gyrnagyňam tarapdary däldi. Ýöne ogullarynyň kemally ýigitler bolmagyny welin isleýärdi.
– Magtymguly jan medresäni doly tamamlap gelmelimi, indi? – Nyýazsalyh Garry mollanyň ýüzüne garady. – Gidenine näçe ýyl boldy?
Döwletmämmet molla megerem, çuňňur oýa batan bora çemeli. Sowalyň manysyna düşünse-de, uzak wagtlap jogap bermedi. Ahyry gynanç gatyşykly ses bilen bokurdagyny gaýta-gaýta arçap gürledi.
– Heý, molla, ýagdaýy özüňiz görüp dursuňyz. Zamana okuwyň, bilimiň zamanasy boldumy? Maňa galsa gözümiň alnynda girip-çykyp ýörseler boljak. Oglan göwnüniň näma telwas edýändigini bolsa sen nireden biljek...
Nyýazsalyh Garry mollanyň nämeleri nazarda tutýandygyny oňly aňlap bilmedi. Ol öz içinden: «Men molla agany ýadatdym. Turaýyn!» diýip, daşyndan bolsa donunyň synyny ýygnaşdyrdy. Gulaly el ýuwmaga suw aldy.
– Molla aga, bir töwir galdyryň.
Döwletmämmet molla keçäniň üstüne gaçan nan ownuklaryny aýasyna howlukman ýygnady. Soň ony nas atan ýaly edip agzyna atdy. Haýaljak çeýnäp oturyşyna gürledi:
– Myhman töwiriniň güýji artyk bormuş. Del töwir bolsun, sizdendir, molla...
Nyýazsalyh özüne goýulýan hormatyň gabarasyny ölçedi. Soň aýalaryny gursagyna ýetirdi.
Omyn edip oturan mollanyň gözi törde namazlyklaryň gapdalynda desse-desse bolup, rejeli basylan düwünçeklerdedi. Ol bir wagtdan bäri isläp ýören zadyny huşundan indi beri uçurmazlyk üçin gözüni şol düwünçeklerden aýranokdy. Şonuň üçin onuň owazy adatdakylardan has gowşak çykdy.
Omyndan soň Nyýazsalyh molla ýaýdanjyrap, göwünsiz gozganjyrady.
– Molla aga, bizleriň göwnümiz indi köp pursatdan bäri «Kasasyl enbiýa» depterini okymak isteýor. Eger el ýüzünde bolsa şony üç-tört gijelik berseňiz...
Döwletmämmet molla gaňrylyp düwünçeklere garady. Şol düwünçeklerde onuň ömürboýy diýen ýaly apalap, aýap ýören kitaplary bardy. Onuň öz eli bilen göçüren «Muhteserem» şol düwünçeklerdedi.
Ol düwünçekleriň birine elini ýetirdi. Düwünçegi howlukman çözdi. Ondan guzy derisi bilen gaplanan, gyrasy Töwriz gaýşy bilen jäheklenen agyr kitaby göterdi. Onuň ilkinji gatlaryny açyp, gyzyl reňk bilen keşde kimin çekilen hatlara gözüni aýlady. Onuň ruhy göterildi.
– «Muhteser», şuny ýazmak üçin Aktokaýyň ähli gamşyny galam edipdik.
Ol kitabyň beýle ýüzüni açdy.
– Bu müň bir ýüz elli dokuzynjy ýyl. Gurban aýynyň penşenbe güni. Görüň, molla, aý-gün keýigiň kölegesi ýaly bolupdyr. Bu kitabyň ýazylanyna bu ýyl dogry sekiz ýyl dolýar...
Garry molla kitaplary gözden geçirip, ýene-de bir düwünçegi açdy. Emma birden daýandy. Ol mollanyň ýüzüne garady.
– Häk, molla, huş galmandyr mende. «Kasasyl enbiýany» şol ýagy çozuşlykda elden gideripdim. Şondan bärem tapman ýörün. Şol Şatyr begiň ile ulukjyn salan ýyly başga-da ençe depderimi aldyrdym...
Mollanyň ýüzi birhili tukatlandy. Onuň şol kitaby juda okasynyň gelýändigini Garry molla onsuzam bilýärdi. Eýsem, nätjek? «Enbiýanyň taryhy» barada gürrüň berýän bu kitaby okasa onuň ýüregi açyljakdy. Göwni galkjakdy. Ömürboýy gulluk edip ýören, her namazyň yzyndan adyny telim mertebe zybana getiren pygamberlerem, olaryň enbiýalaram ömrüni gülala-güllükde geçirmändirler ahyryn. Olar hem köp görgüden, jebir-sütemden, agyr horluklardaň soň myradyna ýetipdirler.
– Sen, eger isleseň «Muhteserimi» al, soň görersiň, asyl ýatdan çykan zat az däl eken. Bu-da bir tekrarlamakdyr. Tekrarlamak bilimiň anasy bolmaly.
Nyýazsalyh «Muhteseri» uly hormat bilen kabul etdi. Ol özbek biçimindäki donunyň goltugyndan köneräk ýaglyk çykaryp, ony dolap ýagşy düwdi. Soň ýerinden turdy.
– Molla aga, sylagyňyz-hormatyňyz üçin size allanyň özi ýalkaw bersin.
– Omyn işalla!
Garry molla Nyýazsalyh bilen boýdaş bolup tamdan çykdy. Soňra mollany ep-esli ýere çenli ugratdy.
Ol yzyna dolananda onuň syrgynynda adam-gara ýokdy. Döwletmämmet molla öz jaýynyň agzyna baryp birki gezek ardynjyrady. Hiç kim daş çykmady. Ol howlukman tama girip, «Kuranly» haçjanyň öňüne baryp oturdy.
Ol kitabyň ýüzünde keşde ýaly owadan, ýaýylyp ýatan hatlara gözüni dikdi. Emma onuň ýüregine hatyn suraty däl-de, oglanlarynyň mähriban didary geldi. Olary görüp Garry mollanyň gany direlip, misli ähli dert-belalary öz bada bilen nirädir bir ýerlere äkiden ýaly bolýardy. Emma häzir onuň özüni ham-hyýallarynyň ummanyna atasy gelmeýärdi. Şonuň üçinem ýene-de daş çykdy.
Garry mollanyň öýi Hajygowşanyň günbatar ganatydy. Ol onuň dädesi Magsymguly ýonaçydan galypdy. Ol şol ýerde doglupdy. Şol ýerde onuň dädesiniň hemaýat bermeginde alty hüjreden ybarat mekdep salypdy. Garry molla şol mekdepde sowat öwrendi. Ganaty ýaýyldy. Soň şol syrgyndan öz garyndaşlarynyň gyzy Orazgüle öýlendi. Soň onuň perzentleri Abdylla, Zübeýda, Mämmetsapa, Gaýryguly doguldy. Ol bäşinji perzendine dädesi Magtymgulynyň adyny dakdy. Çünki şondan bir ýyldan öň ol pahyr bu dünýäden ötüpdi. Ony şu syrgyndan soňky ýoluna ugradypdylar.
«Il-gün bir gowy zat» – diýip, ol çalaja pyşyrdady. Körpejesi Gulçanyň didary onuň gözüne görnen ýaly bolupdy. Ol bu ogluny Nyýazsalyhyň etegine atdyrypdy. Şonuň hormatyna-da Nyýazguly diýip at dakypdy. Ýöne aýaly körpejesini halys läliksiredip «Guljam, Gulçam» diýensoň, onuň ady Gulça bolup galypdy.
«Eý, ömri uzak bolsa bolýar. Onsoň Gulça boldy näme, Nyýazguly boldy näme?»
Garry molla öýden daşlaşdygyça, tutuş syrgyn onuň gözüne kiçelip, onuň durmuşynyň iň süýji, iň ajy günleri bolsa göwün aýnasyna düşüp, diýseň dury görünýärdi
Ol bu hatarda nowbahar ogluny öýerdi. Etegine agtyk siýdigi damar öýtdi. Aýaly bilen garagözje çagalaryň ýagşy güni barada gör, näçe süýji gürrüňler ederdiler. Iň ahyrynda bolsa...
Onuň agyr döwleti dargady.
«Heý, Arazwül, Arazwül! Seniň diriligiň özem meniň üçin uly döwlet boljakdy ahyry sen oňarmadyň...»
Garry mollanyň göwnüne gubar çökdi. Onuň ýüreginiň başy ýene-de agyryp, syzlap başlady.
Ol ädimini gataltdy. Ir gelen baharyň güýjünden mesrän topragyň üsti göm-gök maýsadan, gülden-gunçadan ýazylyp ýatyrdy.
Ýaşuly edil Giňjaýyň başlanýan ýerine baryp aýak çekdi.
Giňjaý obanyň deňindäki tekizlikden üç-dört depim belent bolup, özem tä Aktokaýa çenli ýazylyp gidýärdi. Bahar gelende onuň üsti ýazlagçylardan dolýardy Bu ýyl welin Giňjaýyň üsti çolalykdy. «Munuň esasy sebäbi baharyň has ir gelmegi bolsa gerek» diýip, ol oýlandy.
Garry molla Giňjaýyň başlanýan ýerindäki ýabyň raýşyna çykdy. Soň oba tarap uzak wagtlap garap oturdy. Ol ýadapdy. Şonuň üçin onuň göwni ýatlama küýsänokdy.
Ol yzyna gaýtmak üçin dikeldi. Ýöne oba tarap däl-de, tersine Aktokaýyň etegine bakan aýlandy. Şol ýerde onuň ak ekini bardy.
Güýz ekilen bugdaýyň maýsasy atyň satanyna ýetjekdi. Giň giden meýdan deňizden öwüsýän bahar ýeliniň badyna endigan daranýardy. «Häk, ýene-de bir gowy ygal bolsa, azabymyz jaýyna düşjek».
Bu ýerler öň giden daşlyk meýdandy. Garry molla mundan iki-üç ýyl öň bu ýere göçüp geldi. Oglanlary bilen ilki bu meýdanyň daşyny çöpläp aýyrdy. Soňra kä ýerde gögerip oturan çetini, garatikeni köwläp, ýerini tekizlediler. Etregiň obanyň gaýrasyndan geçýän golundan bu ýere ýap çekdiler.
Iň kyny ýap çekmek boldy. Bäş-alty depimden soň toýunly gök çagyl çykyp, teşä, külüne öňdüm bermändi. Ýöne güýze çenli yhlas bilen çekilen zähmet netije berdi,
Ýabyň düşüşi ýanowrak bolsa-da, suw kynçylyksyz çykdy. Garry mollanyň hut özi iş üstünde boldy. Oglanlaram güýç gaýgyrmadylar. Bu meýdany olar iki gezek ýagşy suwardylar. Tagta gelensoň sürüp, däne sepdiler. Emma ýaz gaty gurak geldi, soňam Etregiň Hajygowşana gaýdýan goluna-da suw çykmady. Ähli çekilen azap reýgan boldy. Şol ýyl hiç kimde diýen ýaly ugurly däne bolmady. Soň bu ýeri taşlap, Soňudagyň etegindäki Töreýit diýen källige düme bugdaý ekildi. Onuňam ugry bolmady. Ýöne, ölmez-ödi gün dolamaga ýetipdi.
Geçen ýyl Etregiň suwy bol boldy. Şonuň üçin Gökýanow ýaba-da suw emgenmän çykdy. Garry mollanyň köp azap eden ýeri bolsa tomsy bilen suwdan gandy. Döwletmämmet molla kän oýlanman ýagşy taba gelen ýeri sürdi. Soňam bugdaý ekdi. Ogly Gaýryguly, Janesen, Gulaly, Çowdur, onuň inisi Atanazar oňa zor kömek berdiler.
Edilen iş az däldi. Edilen azap, geljek ýyla gowy umyt baglatdy. Emma Garry mollanyň özi ýykyldy. Ol geçen aýlarda bu ýere ýeke gezegem gelip görmändi.
Maýsa bolup ýazylyp ýatan meýdan onuň süňňündäki ýadawlygy aýyrdy.
«Alla ýol berse, tutuş Hajygowşana bolar. Il-gün bilen agzybirlikde, ýurt dynçlygynda iýmek nesip etsin-dä».
Döwletmämmet mollanyň ýeke-täk güzerany ekinden gelýän gallady. Orazgülüň ölümi onuň uşak malynyň Şonuňa çykypdy. Bir göleli sygry, iki düýesi, bir ýabysy bilen eşegi bardy. Müngi mallaryny ogullary Gaýryguly bilen Janesen Gyzylbaýra, ejesiniň ýogalanyny eşidip gelen Zübeýdany alyp gidipdiler.
Mundan birküç ýyl öň Garry molla-da ortahalrak gurpludy. Emma Haýrynsanyň aýdyşy ýaly: «Hudaýtagala ony köp gördümi, nämemi, döwletine şeýtel düşdi». Abdylla bilen Mämmetsapa, hersi bir aty münüp Kandagara gitdi. Yzynda zar aglap, Orazgül beýle boldy. Onuň ortanjy ogly, dädesiniň at dakylany Magtymguly Buhara, Hywa etrabyna gitdi. Bularyň hemmesine az-küş çykdajy gitmändi. Emma onuň öwezini näme bilen doljak. Zamana bolsa güýçlüniňkidi.
Döwletmämmet molla edip oturan pikiriniň täsirinden çykmadyk görnüşde oba bakan garady. Oba ho-ol aşakda galypdy. Ol häzir öz öýüni görenokdy. Diňe metjdiň belent diwarlary seleňläp görünýärdi.
Onuň ýüreginde metjide baryp görmek höwesi oýandy. Medrese bilen metjit bir ýerräkdedi. Häzirki wagtda onuň kähudasy Seýit owşar işandy. Ýöne ol adam şerigatyň ýoluny Döwletmämmet mollanyň ýüregindäki ýaly tutup baranokdy. Şonuň üçin Garry molla ona kiçijik igenç bilen garaýardy. Ol bir gezek Seýit owşar işana: «Sen ýa-ha şerigat ýoluny ýöret, ýa-da ony harlaman ýöretjege ber. Şerigaty gökleň hany ýazan deldir. Sen ony Adynageldi hanyň bähbidini arap ýöretme-de, il-günüň bähbidine, baýyň, garybyň uyumy bähbidine görä ýöret» diýipdi.
Metjidi ýöretmegiň üstündäki oňuşyksyzlygyň öz sebäbi bardy. Bu metjitde Garry mollanyň dädesiniň elleriniň yzlary galypdy. Onuň häzirki duran ýeri obanyň ortasynda duran baýyrdy. Magtymguly ýonaçy onuň üstüni iş edinip tekizläpdir. Soňra Soňudagdan mähnet-mähnet arçalaryň on-on bäş sanysyny kesip getiripdir. Munuň üçin ylaýyk bir ýyl gerek bolupdyr. Çowduryň dädesi Atajyk bilen ýene-de bir ýyllap toýunsow ýerden kerpiç guýupdyr. Ýene bir ýyl şol kerpiji örüp, arçalar bilen üstüni basyrypdyr. Metjidiň ortasynam gupba görnüşindäki sütünem kerpiçden örüp çykarypdyrlar. Arçalaryň galanyndan sütünli eýwan ýasapdyrlar. Bu işler üçin jemi bäş ýyl gidipdir. Soňda obanyň şol wagtky kähudasy Nedirguly şanyň dolanany Atanyýaz owşar oňa: «Bir ýap suw bilen elli tanap ýer bermeli» diýipdir, Emma ýonaçy ol ýeri-suwy almandyr. Gaýta «Siz ol ýeri metjide bagş ediň. Maňa bolsa ölmez-ödi gün görmek üçin islän ýerimden az-owlak ekmäge rada beriň!» diýipdir. Ine, şol ýyl Hajygowşan hem metjitli bolupdyr, hem ýerli-suwly bolupdyr.
Döwletmämmet mollanyň pikiriçe, metjit ili agzybir saklamagyň, duşmana syýasatyň hem-de hudaýtagala sygynmagyň, onuň bilen ýakyn bolmagyň mukaddes öýüdi. Şonuň üçinem ähli adalatlylyklar metjitden başlamalydy. Emma Seýit owşar işanyň şerigaty ýöredişi Garry mollanyň göwnüne ýaramaýardy.
Dogry, oňa häzir metjidiň ulamalygyny al diýseler razy bolmazdy. Çünki bu işe gaty çyn, synasy sagat, hem dili bilen, hem eli bilen, hem göwni, hem maly bilen halky goldap biljek adam gerekdi. Garry mollada bolsa beýle baýlygyň, beýle güýjüň düşnügem ýokdy.
Eli ýukalyk onuň göwnüne gussa, gözüne gaýgy getirýärdi. Gün-güzeran gün-günden kynalýardy. Ol bu ýyl oglan okatmasyndan hem galdy. Ähli agyz bir gazak gelniň goluna garaýardy. Eýsem, näme etmeli? Kime ýüz tutmaly?
«Eý, dede, sen gama batma, müň kerem şükür et, agzy açyk aç galmaz, bokurdagyňy deşen soňunam ýetirer.
Garry molla özüni köşeşdirip, oba bakan ýöneldi. Onuň mesisi, hokgasy heniz çygy gitmedik maýsalykda mazaly ezilipdi.
Garry mollanyň gözi özüne garşy ylgaşlap gelýän garany kesdi. Onuň Gulalydygyny ol saýgardy. Şonuň, üçin ol ýanyna gelýänçä saklandy. Gulaly derçirän ýüzüni ýeňi bilen syryp, ýüzüni, ellerini yşarat edip, kimdir biriniň gelendigini habar berýärdi.
– Bolýar, oglum, gelen döwlet diýipdirler, häzir bararyk, köşek.
Garry molla henizem ýöremän, hormat bilen garaşyp duran ýigidiň deňine bardy. Onuň ylganda bir gapdala gyşaran guşagyny düzetdi.
Ol gelen myhmanyň kimdigi, nireden gelendigi barada oýlandy. Soň Gulalynyň ýetişen bedenine, berdaşly eginlerine garady.
Ol Gulalyny diýseň oňat görýärdi. Ol Haýrynsanyň ýalňyz ogludy. Mundan ýigrimi-ýigrimi bäş ýyl öň ýaňy ýaşyna ýeten çagalary ejesi bilen gyrnak edip getiripdiler. Garry molla bu naçary Adynageldi onbegiden diläp alypdy. Haýrynsa kepbejik gurup beripdi. Soň bir gün oňa rugsat berip, iline ugratjak bolanynda Haýrynsa Astrabada gaýtmaga göwünsiz bolupdy.
«O ilde maňa siz ýalah gardaş çyhjahym, daşyma gala oljagym ýoh» diýip köp zarynlapdy. Onsoň Magtymguly ussa-da ogluna köp nesihatlar berip, bu naçary penalamaga alypdy.
Gulaly ner ýaly daýawdy. Ol Döwletmämmet mollanyň dädesiniň at dakylanyny şeýle gowy görüpdi. Ony arkasyndan düşürmezdi. Soň ol ulalansoň ikisi biçak dost bolupdylar. Häli-şindem ol, Garry mollanyň synyndan ýapyşardy-da, «Hany, Magtymguly, haçan geler?» diýen manyda yşarat edip, gözlerine ýaş aýlabererdi.
Döwletmämmet mollanyň özem ogluny küýseýärdi. Ýöne dadyňy kime ýetirip, derdiňi kime aýtjak? Eger onuň elinde bolsa, bu gün upbat bolan, düýünki yranmaz döwletini gaýdyp getirmejekmi näme?
Taryhy proza