22:30 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selahaddin Nureddiniň Müsür naýyby | |
SALAHADDIN NUREDDINIŇ MÜSÜR NAÝYBY
Taryhy makalalar
SALAHADDINIŇ AGASY ŞIRKUHYŇ ÝERINE GEÇMEGI WE MÜSÜRDÄKI AMALA AŞYRAN IŞLERI Şirkuh wepat bolansoň, Nureddiniň Müsürdäki esgerleri onuň ýerine kimiň bellenilmelidigi barada belli bir karara gelip bilmediler. Şirkuhyň maslahatçylaryndan Fakyh Zyýaýeddin Isanyň we esetlileriň ýolbaşçysy Bahaweddin Garaguşyň syýasy bähbitleri göz öňünde tutup, iň soňunda goşunyň baş serkerdeligine Salahaddini bellediler. Fatymy halypasy Azyda Salahaddini wezir diýip yglan etmegi üçin gysdylar. Netijede, 1169-njy ýylyň 26-njy martynda, sişenbe güni Salahaddin Fatymy wezirligine bellenildi. Ol esasy görkezmeleri Nureddinden alýardy. Hutbada öňürti Azydyň, soňra Nureddiniň, soňra hem Salahaddiniň ady agzalýardy. Salahaddin oňşukly, işewür adamlara hemaýat ediji adamdy. Ol Müsür ýörişleri başlanany bäri Müsürde köp sanly tarapdar gazanypdy. Bularyň başynda ilki «diwa-nyl-inşa» ýolbaşçysy Kazy Fadyl durýardy. Emma Nureddiniň goşunynda hem-de Müsür goşunynda oňa garşy bolan birnäçe serkerdeler bardy. Bularyň başynda Kutbeddin Ýynal bin Hassan, Aýneddöwle Ýaruky we Fatymylaryň saraýagasy (ussatdary) Sany-gatyl-mülk Jöwher durdy. Ýerli garşydaş-lar Salahaddin bilen bile birnäçe oguz esgerleriniň Müsürde galyp, galan esgerle-riň hem Şama gitmegini isleýärdiler. Hatda Halypa Azydyň bu meselede Nureddine bir hat ýazandygy, Nureddiniň hem jogabynda: «Oguz-türkmenleri yslamyň gahrymanla-rydyr. Olaryň oklary bolmasa haçlylaryň naýzalarynyň öňünde kim durup biler!?» diýendigi hem rowaýat edilýär. Müsürde Fatymy wezirlerine «Soltan» diýilýärdi. Şonuň üçin mundan soň Salahaddine hem «Soltan» diýlip başlandy. Nureddin tarapyndan iberilýän hatlarda bolsa «Emir sypahsalar Salahaddin, ýagny goşun serkerdesi Emir Salahaddin» diýlip ýüzlenilýärdi. Bu aýdylanlardan belli bolşuna görä, Salahaddin bu kyn şertler içinde goşun serkerdesi hem wezir boldy. Ol bir tarapdan Nureddine, beýleki tarapdan hem Fatymy halypasy Azyda tabyndy. Onuň goşun içinde köp garşydaşlary bardy. Heniz esgerleriň ýanynda agasynyňky ýaly abraý gazanyp bilmändi. Şeýle hem ülkede oguzlara garşy gizlin garşylyk görkeziş dowam edýärdi. Ülkede 50 000-den köpräk pyýada zenji, 30 000 töweregi hem okçy ermeni esgerleri bardy. Ysmaýylylar sünnileriň ülkede häkimýeti ele almaklaryny islemeýärdiler. Döwlet dolandyry-lyşynyň birnäçe pudaklarynda ýerli hris-tian kyptylardan ep-esli işgär bardy. Ülkedäki ýehudylar bolsa bitarap syýasat ýöredýärdiler. Bu agzalan ähli garşydaş-lara garşy Salahaddiniň açyk iş alyp barmagy mümkin däldi. Onuň öz sözleri bilen aýtsak: «Olara garşy gizlin hileler açyk kararlardan has täsirlidi». Şonuň üçin Salahaddin şeýle bir syýasat alyp bardy welin, garşydaşlarynyň häkimýet-leri töweregindäkilere boş sözden ybarat bolup galdy. Ol özüniň we tarapdarlarynyň häkimýetini gowy ornaşdyransoň, Fatymy halypalygyny syndyrdy. Ol jomartlygy, pespälligi, dindarlygy we adalatlylygy bilen gysga wagtyň içinde tarapdarlarynyň söýgüsini, duşmanlarynyň hormatyny gazandy. Onuň bu üstünliklerine bahyl bolan goşundaky garşydaşlaryndan Aýned-döwle Ýaruky, Kutbeddin Ýynal bin Hassan, Nasyheddin Humartegin, Yzzeddin Jurdik, Şerefeddin Bozguş golastyndaky bölüm-leri bilen Müsüri terk edip, Şama gitdiler. Nureddin hem onuň ýanyna kakasy-nyň dogany Turan şanyň, inisi Takyýed-diniň we Abul-Heýja Seminiň serkerde-liginde täze bölümler iberip, hal-ýagdaýyny güýçlendirdi. Çünki, Nureddin haçlylar bilen wizantiýalylaryň bileleşip Müsüriň üstüne ýöriş etmek üçin gepleşikleri geçirýän-diginden habarlydy. Şeýle hem onuň içerdäki garşydaşlaryny hem bilýärdi. Nureddin Salahaddini ýalňyz taşlamady. Kairde ussatdar Sanygatyl-mülk Jöwheriň daşyna jemlenen garşydaşlar, gizlin-likde haçlylar bilen bilelikde iş alyp barýardylar. Olar haçlylary Bilbis we Dimýat şäherlerine çozmaga meýillendirýärdiler. Olar eger haçlylar Bilbis we Dimýata çozsalar, onda Salahaddin Kairde az sanly güýç goýup, haçlylara garşy çykar öýdýärdiler. Soň bolsa gozgalaňçylar şäherde baş göterip Salahaddiniň goşunyny täsirsiz ýagdaýa getirjekdi we yzyndan hem oguzlaryň arkasyndan hüjüm ediljekdi. Olaryň bu pirimlerinden habarly bolan Salahaddin öz adamlaryna hüşgär bolmaklaryny tabşyrýardy. Şol aralykda bir türkmen Bilbis şäheriniň töwereginde eli iki sany täze aýakgaply bir adamy gördi. Ol aýakgaplaryň täzedigini görüp geň galdy. Ol adamy tutup, Salahaddiniň ýanyna getirdi. Salahaddin aýakgaplary sökdürensoň, onuň içinden haçlylaryň koroly Amaura ýazylan bir hat çykdy. Salahaddin hatyň kim tarapyndan ýazylandygyny sorady. Ol hem bir ýehudy kätibi salgy berdi. Ol ýehudy kätibini getirdiler. Şol hem esasy ussatdar Jöwheriň ýazdyrandygyny aýtdy. Soltan Salahaddin pitnäniň öýjügini bilenden soňra, ýagdaýyň töwerege ýaýradylman, gizlin saklanmagyny tabşyrdy. Hatyň Soltanyň eline düşendigini eşiden Jöwher köşkden hiç ýere çykmady. Ýagdaý ýatyşandyr öýdensoň, 1169-njy ýylyň 20-nji awgus-tynda, çarşenbe güni Kairiň bir gyrasyna gidip, ol ýerde ýerleşdi. Salahaddin hem birnäçe esger iberip, ony tussag etdi we kellesini kesdirdi. ZENJILERIŇ (SUDANLYLARYŇ) WE ERMENLERIŇ GOZGALAŇY Baştutanlarynyň öldürilendigini eşiden zenji we ermeni esgerler şol günüň ertesi 21-nji awgustda, irden, baş göterip Salahaddiniň köşgüne hüjüm etdiler. Sebäbi olar şu wagta çenli öz islän işlerini edýärdiler, öz halan kişilerini wezir belleýärdiler, ylalaşmadyklaryny wezirlikden aýyrýardylar. Abul Heýja Semin we Turan şanyň serkerdeligindäki Salahaddi-niň goşuny bilen gozgalaňçylaryň arasynda wezirlik köşgi bilen halypalyk köşginiň aralygynda iki günläp uly çaknyşyk boldy. Halypa Azyt çaknyşygy köşgünden synlaýardy. Ol gozgalaňçylaryň yza çekil-ýändigini görensoň, köşkdäki esgerlere, oguzlaryň olaryň yzyndan kowalamagyna böwet bolmak üçin, oguzlara garşy ok atmaklaryna buýruk berdi. Muny gören Soltanyň agasy Turan şa halypanyň köşgüniň ýakylmagyna buýruk berdi. Halypanyň goldawyndan mahrum galan zenjiler we ermeniler dyr-pytrak boldular. Turan şa olaryň öýlerini we leşgergählerini ýakdy. 23-nji awgustda, şenbe güni Kairden çykmak şerti bilen diri galan gozgalançylara aman berildi. Soň, bular ýokary Müsüre sürgün edildiler. Bu söweşden soňra halypanyň abraýy has hem peseldi. Sudanlylaryň ýerine köşge oguzlar ýerleş-dirildi. Soltanyň ussatdary (saraýagasy), iň ynamdar adamsy we esetlileriň ýolbaş-çysy bolan Bahaweddin Garaja Türkmeni belledi. Mundan soň ondan bihabar köşkde hiç hili iş edilmeýär. Taryhçy Makryzy: «Fatymylar Müsüri Jöwher Kaýydyň araçylygy bilen eýelediler. Döwletleriniň ýykylmagyna bolsa Sanygatyl-Mülk Jöwher sebäp boldy» diýipdir. HAÇLY WIZANTIÝA BIRLEŞEN GÜÝÇLERI TARPYNDAN DIMÝATYŇ GAbALMAGY WE BU BIRLEŞEN GOŞUNYŇ ÝEŇLIŞE SEZEWAR BOLMAGY Amaury Müsüri Nureddine aldyransoň boş durmady. Ýokarda haçlylar bilen wizantiýalylaryň arasynda Müsüre täze ýöriş üçin gepleşikler geçirilendigini agzapdyk. Şeýle hem Amaury 1169-njy ýylyň ýaz paslynda poplardan ybarat bir topary kömek soramak üçin Günbatar Ýewropa iberipdi. Bu gatnaşyklar netijesinde haçlylar bilen wizantiýalylar ylalaşdylar. Wizantiýa imperatory Manuýeliň buýrugy bilen 1169-njy ýylyň 10-njy iýulynda 60 bölümden ybarat Wizantiýa harby floty Andronikos Kontostephanosyň serkerdeli-ginde Ortaýer deňzine girdi. Salahaddiniň gözegçilik üçin Ortaýer deňzine iberen kiçi harby floty Kipr giňişliklerinde Wizantiýa harby flotuna duşdy we yza gaýdyp ýagdaýy Salahaddine habar berdi. Soltan Salahaddin hem Ortaýer deňziniň portlaryn-da gerekli goranyş taýýarlyklaryny gördi. Haçlylar hem taýýarlyklaryny tamamlansoň-lar, 1169-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Amauryň serkerdeliginde Askalandan Müsü-re hereket etdiler. Şol wagta çenli Soltan içerdäki zenjileri we ermenileri derbi-dagyn edip, ülkäniň dolandyrylyşyny doly ele alyp-dy. Dimýata Şemsil-hawass Mengubarsyň serkerdeliginde uly goşun ýerleşdiripdi. 1169-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Wizantiýa we haçly güýçleri Dimýata golaý geldiler. Birnäçe gün gijä galyp gelen haçly floty hem Wizantiýa flotuna goşuldy. Salahaddin hatlarynyň birinde bu flotuň dürli gämilerden ybarat 1000 bölümlik flotdugyny aýdýar. Wizantiýa we haçly güýçleriniň niýetleri öňürti Dimýaty almak, soň bolsa ýerden we Niliň üstünden Kaire ýöriş etmekdi. Haçly goşuny we floty Dimýata golaý gelensoňlar, goragçylar çapar iberip, Soltandan kömek soradylar. Salahaddin täze gozgalaň turaýmasyn diýen ätiýaç bilen, Kairden çykmady. Takyýeddin Omaryň we Şyhabeddin Mahmyt Harymynyň (Ibn Haldunyň ýazmagyna görä, Garaguş hem bar eken) serkerdeliginde Dimýata täze bölümler iberdi. Nil derýasyndan harby flot we ýük gämileri bilen esger, ýarag we azyk iberildi. Nureddinden hem howlukmaçlyk bilen kömek sorady. Fatymy halypasy Azyt hem gol-astyndaky ähli mümkinçilikleri berdi. Haçlylar gabaw üçin taýýarlyklaryny tamamlanlaryndan soňra, manjanyklar we arradalar bilen Dimýat galasyna hüjüm etdiler. Içerdäki goragçylar hem şeýle ýarag-esbaplary we nebit zyňyjy gurallary bilen olara jogap berdiler. Käwagtlar dimýatlylar galanyň daşyna çykyp, duşman bilen başa-baş söweşýärdiler. Ymadeddin galadaky goragçylary wasp edip, şygyrla-rynyň birinde şeýle diýipdir: «Türkmenler küprüň berk diwarlaryny ýykdylar. Onlarça, müňlerçe (kapyry) heläk etdiler». Galadaky goragçylaryň gahrymançylygynyň öňünde duşmanyň güýç-gaýraty gaçdy. Haçlylar we wizantiýalylar şowsuzlyklarynyň sebäbini biri-biriniň üstüne atmaga başladylar. Bu söweşde musulmanlar nebit atyjy gurallary gowy ulandylar. Duşmanyň gämileriniň birnäçesini nebit bilen ýakdy-lar. Makryzy birleşen duşmanyň Dimýatyň öňünde 300 gämini ýitirendiklerini aýdýar. Nureddin hem Kutbeddin Hysrow bin Telil Hezbanynyň serkerdeliginde harby bölümini Salahaddine kömek üçin iberdi. Özi bolsa beýleki esgerleriniň başynda durup, Kudus korollygynyň mülklerine girip, ülkäni talady. Bu ýagdaý duşmany ruhdan gaçyrdy. Ahyrsoňy özleriniň hiç-hili netije gazanyp bilmejekdiklerine gözi ýeten Andronikos we Amaury Salahad-diniň serkerdelerinden Çawly Esediniň araçylygynda gepleşik geçirmegi teklip etdi. Geçirilen gepleşiklerden soňra, 1169-njy ýylyň 13-nji dekabrynda iki tarapyň arasynda ýesirleriň ikitaraplaýyn alyş-çalşygy şerti bilen şertnama gol çekildi. Iki günden soňra hem birleşen güýçler Dimýatyň golaýyndan çekilip, öz ülkelerine tarap gitdiler. Bu ýeňişden soň Nureddin bilen Sala-haddiniň Müsürdäki häkimýetlerine indi hiç kimiň zyýan ýetirip bilmejekdigi äşgär boldy. Salahaddin bir ýyl hem geçmänkä diňe içerki duşmanlary bilen däl, eýsem daşarky iň güýçli duşmanlaryndan hem üstün çykypdy. Şeýle hem bu ýörişiň garşydaş tarap üçin ýeňliş bilen gutarmagy haçlylar bilen wizantiýalylaryň arasyny açdy. Mundan soň olar Müsüriň üstüne haýsydyr bir ýöriş etmäge milt hem edip bilmediler. Wizantiýalylar bolsa Salahad-din bilen aragatnaşygyny sazlady. Amaury bolsa hüjüm etmekden geçen, gaýta öz ülkesini Salahaddinden goramagyň çärele-rini gözledi. Aýdylyşyna görä, bu ýeňişden soňra, Fatymy halypasy Azyt Nureddine ýazan bir hatynda indi ýurtdaky oguz esgerlerine mätäçlik çekilmeýändigini, Salahaddiniň ýanynda biraz sanly esger goýup, galanyny yza çagyrmagyny isläpdir. Nureddin bolsa oňa şeýle jogap beripdir: «Haçlylar diňe türkmenlerden gorkýarlar. Olar bolmasady, haçlylar Müsüre tamakin-çiliklerini artdyrardylar we ülkedäki mak-satlaryny amala aşyrardylar» diýip, Azy-dyň haýyşyny kabul etmändir. FATYMY HALYPALYGYNYŇ AGDARYLMAGY Müsüri eýelemegiň asyl maksady Şam bilen Müsür güýçleriniň haçlylara garşy birleşdirilmegidi. Bu hem diňe pikir deňligi bilen amala aşyp bilerdi. Fatymy halypalygy özüniň barlygyny dowam etdir-digiçe bu pikiriň amala aşyrylmagy mümkin däldi. Şonuň üçin Fatymy halypa-lygynyň agdarylmagy güýçleriň birleşmegi üçin ýeke-täk şertdi. Baryp Şirkuhyň birinji Müsür ýörişiniň yz ýanynda apbasly halypasy Mustenjidiň weziri Ibn Hubeýra Müsürde, apbaslylaryň adyna hutba okalmagy üçin Nureddine birnäçe hatlary ýazypdy. Zenjileriň we ermenileriň baş götermesiniň basylyp ýatyrylmagyndan soň-ra, Müsürde iş ýüzünde Fatymy döwleti güýjüni ýitiripdi. Wizantiýa we haçly güýçleriniň Dimýatyň etegindäki ýeňlişin-den peýdalanan Salahaddin 1170-nji ýylyň başlaryndan başlap, Müsürde tizlik bilen sünnilik özgertmelerine başlady. Ol öňürti özüne degişli bolmadyk ýerli baş bermeýän esgerleriň ellerinde bolan maddy mümkinçiliklerini aldy. Şaýy mezhebine görä azan çekmegi gadagan etdi. Fatymy kazylaryny wezipeden boşadyp, ýerine sünni kazylary belledi. Jamygyl-Azhar medrese-sindäki fatymylaryň wagyzçylyk merkezlerini ýapyp, sünni ynanjyny ýaýratmak üçin täze medreseleri açdy. Medreseleriň açlymagy ysmaýylly mezhebiniň başyna urlan uly zarba boldy. Bularyň yzyndan hem şol ýylyň aýaklarynda Azydyň jemagat bilen juma we baýram namazlaryna çykma-gyny gadagan etdi. Şol wagtlar apbasly halypasy Mustenjit Nureddine ýene-de bir hat ýazyp Müsürde apbaslylaryň adyna hutba okamagy gijä galdyrandygy üçin tankytlady. Bu hatdan soňra Nureddin Salahaddiniň kakasy Nejmeddin Eýýuby Müsüre iberdi. Ol Salahaddine bir hat iberip, apbaslylaryň adyna hutba okatmagy gijä goýmazlygyny tabşyrdy. Ibn Esir Salahad-diniň Fatymy halypalygyny agdarmak niýetiniň bolmandygyny we Azydy Nured-dine garşy emel hökmünde ulanmak islän-digini öňe sürýär. Emma Salahaddiniň hatlarynyň birinde bu pikiriň nädogry-dygy we Fatymy halypalygynyň agda-rylmagy üçin edilen işler we ýollar beýan edilýär. 1170-nji ýylyň dekabrynda apbasly halypasy Mustagzy hem kakasynyň ýoluny tutup Müsürde apbaslylaryň adyna hutba okalmagy üçin Nureddine ýene bir hat iberdi. Bu mesele boýunça Müsürde halk bilen alymlaryň arasynda uly dawa-jenjel bolup geçýärdi. Garaz, umumy sünniligi ornaşdyrmak üçin pikir taýýarlanypdy. Umumy ýagdaýy amatly hasaplan Nureddin 1171-nji ýylyň iýun aýynda Salahaddine hat ýazyp Müsürde Apbaslylaryň adyna hutba okalmagyna buýruk berdi. Ymadeddin bu mesele barada şeýle diýýär: «Salahaddin Nureddiniň diýeninden çykmaýardy. Ähli meselelerde onuň garaýyşlaryna ýüzlenerdi. Nureddin ... oňa hat ýazansoň, bu buýrugy hökman ýerine ýetirmeli diýip hasaplady ... Bu iş doly gutarmanka halk we ýolbaşçylar hem bu meselede öz sözlerini aýtdylar». Mundan soň Salahaddin we onuň tarapdarlary Fatymy halypalygyny ilkin-ji amatly pursatda agdarmagy ýüreklerine düwdüler. 1171-nji ýylyň awgustynda halypa Azyt ýowuz kesele duçar boldy. 1171-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda juma güni Müsürde apbaslylaryň adyna hutba okaldy. 13-nji sentýabrda duşenbe güni bolsa Azyt ýogaldy. Onuň ölüminden soňra onuň köşgüniň mallarynyň köpüsi alyndy we fatymy halypalygy gutardy. Örän berk çäreler görülendigi üçin şol wagt hiç hili hadysa ýüze çykmady. Apbaslylaryň adyna hutba okalan günüň ertesi 11-nji sentýabrda, şenbe güni Salahaddin tarapyndan haçly we Wizantiýa ilçileriniň hem gatnaşmagynda uly harby nyzam geçirildi. Ertirden agşama çenli çeken bu harby nyzamda Müsüriň 147 bölüm gury ýer goşunlarynyň 127-si geçdi. Soltan içerki we daşarky duşmanlaryna özüniň güýjüni görkezdi. Şeýle hem Fatymy halypalygy mese-lesi bütinleý ýapylmady. Salahaddin bu nebereden diri bolanlara köşklerinde ýaşamaklaryna rugsat berdi. 1171-nji we şondan soňky ýyllarda Fatymylar tara-pyndan birnäçe gozgalaňlar bolup geçdi. Bulardan 1172-nji ýylyň başlarynda Ýokary Müsürde Nuba ülkesiniň korolynyň goldamagy bilen zenjileriň turzan harby gozgalaňlaryny Salahaddiniň agasy Turan şa basyp ýatyrdy. Salahaddin mundan soň Nuba ülkesine ýöriş etdi. Fatymy halypalygynyň agdarylmagyna garşy iň uly gozgalaň 1174-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda bolup geçen Umarat Ýemeniniň we onuň tarapdarlarynyň dildüwşügidir. Salahaddiniň Nureddine iberen iň soňky hatynyň mazmunyndan belli bolşuna görä, bu dildüwşük Sanygatyl-Mülk Jöwheriň 1169-njy ýyldaky dildüwşügi ýaly howp-ludy. Dildüwşijiler köşkdäki fatymylar bilen, Kudus haçly korollygy bilen, Sisiliýa normanlary bilen we haşhaşylar bilen bile hereket edýärdiler. Salahaddin haçly ülkesindäki içalylarynyň üsti bilen gurnalan bu dildüwşiginiň habaryny alansoň, dildüwşijileriň arasyna öz adamlaryny sokdy. Meselä gowy göz ýetirensoň, dildüwşijileriň baştutanla-ryny tussag etdirdi. Alymlaryň çykarýan pitwalaryna esaslanyp bu pitneçileri dara çekdirdi. Köşkdäki fatymylary hem tussag edip, hemmesini başga bir ýerde jemledi. Nesilleri kesilsin diýip erkekleri bilen aýallaryny aýry saklady. Bu neberä degişli erkekler aýaklary käwagt zynjyrly, käwagt hem zynjyrsyz 1212-nji ýylyň 27-nji fewral aýyna çenli zyndanda ýatdylar. Bu ady agzalan wagtda Kairdäki Kalat Jebeliň gurluşygy gutaransoň, ol ýerde özleri üçin ýörite taýýarlanan jaýlara göçürildiler. Salahaddin Fatymy halypalygynyň agdarylandygyny bir hat bilen Nureddine habar berdi. Muňa örän şat bolan Nureddin Apbasly halypasy Mustagza ilçi iberip, bu uly wakany habar berdi. Bagdatda birnäçe günläp toý tutuldy. Halypa Nureddine Şamyň we Müsüriň mülkiýetnamasyny (mülkiýet permanyny) iberdi, şeýle hem Nureddine we Salahaddine halatlar we hökümdarlyk nyşanlaryny ýollady. NUREDDIN BILEN SALAHADDINIŇ HAÇLYLARA GARŞY HARBY ÝÖRIŞI 1170-nji ýylyň aýaklarynda Nureddiniň dogany Mosul atabegi Mewdut ýogaldy. Nureddin bu ýagdaýdan peýdalanyp Mosuly öz ülkesiniň hataryna goşdy. Beýleki tarapdan 1170-nji ýylyň dekabrynyň başlarynda Salahaddin goşunynyň bir bölegini Aryşda goýup, Kudus korolly-gynyň topraklaryna hüjüm etdi. Dekabr aýynyň 8-13-i aralygynda Darumy we Gazzany gabady. Birnäçe musulman ýesir-lerini halas edenden we duşmanyň ülkesini talandan soňra, tizlik bilen yza çekildi. Ol bu hüjümi duşmanyň ünsüni başga tarapa çekmek üçin geçiripdi. Onuň esasy maksady bolsa Şam-Müsür ýolunda möhüm nokatda ýerleşen we haçlylaryň gyzyl deňze çykyp bilýän ýeke-täk derwezesi bolan Eýle galasyny eýelemekdi. Şol maksat bilen gerekli taýýarlyklary görensoň, şäheriň öňündäki bir adada bolan galany deňizden gabamak üçin Fustatyň deňiz fabriginde sökülip-düzülýän gämileri gurdurypdy. Ol Gazza we Darym ýörişinden dört günden soň dekabr aýynyň aýaklarynda Eýle ýörişine çykdy. Kairde ýasadan sökülip-düzülýän gämilerini ulaglara ýükläp çekdirensoň we olary Gyzyldeňizde ýygnandan soň gury ýerden we deňizden Eýlä hüjüm etdi. Ol Darum we Gazza şäherlerinde zarba iýen haçlylaryň jemlenip kömege gelmekle-rinden öňürti 1171-nji ýylyň başlarynda, Eýle galasyny basyp aldy. Soňra bolsa galanyň ýykylan ýerlerini bejerdip, bu ýere bir harby bölümi ýerleşdirdi. Şamdan gelýän we içinde öz maşgalasyndan hem käbir kişileri bolan bir topara garaşdy. Olar hem gelensoň Eýleden alan ýesirleri bilen 1171-nji ýylyň 6-njy martynda Kaire gitdi. Şeýlelikde, Nureddinden gorkan haçlylar, ondan hem has beter gorkuly bolan bu naýyby (wekili) bilen ýüzbe-ýüz bolupdylar. Bu ýörişden soňra Nureddin bilen Salahaddin Müsür-Şam ýolunda möhüm nokat-da ýerleşen, Kudus korollygyna degişli Araba depesindäki Kerek-Şewbek patrikli-gine bilelikde ýöriş etmegi kararlaşdyr-dylar. 1171-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Kairden çykan Salahaddin Müsüre has ýakyn ýer bolan Şewbek galasyny gabady. Tomus möwsüminiň has yssylygy sebäpli, bu ýöriş örän agyr bolupdy we Salahaddin köp möçberde ýük mallaryny ýitiripdi. Beýleki tarapdan Nureddin hem Damaskdan gelip, Kerek şäherini gabady. Şol mahallar Salahaddin Şewbek gabawyny goýbolsun edip Müsüre gaýtdy we 16-njy noýabrda Kaire bardy. Ibn Esir onuň bu birdenkä gaýtmagyny Nureddin bilen duşuşmak islemändigine baglanyşdyrýar. Emma onuň Kaire gaýtmagynyň esasy sebäbi bolsa Amaurynyň Aryşyň üsti bilen Müsüre ýöriş etmegidir. Käbir taryhçylar Nureddiniň Salahaddiniň Müsürde häkimýet başynda durmagyna garşy bolandygyny aýdyp, aşa gidýärler. Emma Nureddiniň şu wagta çenli amala aşyran işleri bolsa bu pikiriň ters tarapyny görkezýär. Ýöne şu mesele welin hakykatdyr, ýagny Nureddin jyhat çykdaýjylarynyň bir bölegini tölemek üçin Salahaddiniň altyn ibermegine garaşýardy. Salahaddiniň bolsa öz işleri başyndan agdykdy. Özi hem pul meselesinde käwagt kynçylyk çekýärdi. Fatymy halypalygyndan alnan altynlary we gymmatbaha zatlary Nureddine iberipdi, Nureddin hem bu pullary az görüpdi. Şonuň üçinem 1173-nji ýylyň başlarynda mustawfysy Halyt Kaýsaranyny Salahaddi-niň işlerini barlag etmek üçin Müsüre iberdi. Salahaddiniň ülkäniň girdejile-rini we çykdajylaryny Halyt Kaýsarana görkezip: «Munuň ýaly ägirt uly ülke az pul bilen goralyp bilinmez» diýdi. Makryzynyň aýtmagyna görä Salahaddin: «Aramyzda-ky gatnaşyk şeýle derejä bardymy?» diýip, Nureddiniň bu hereketine nägilelik bildiripdi. Aýdylan gepler nähili bolsa bolubersin Nureddin bilen Salahaddiniň aralary käbir taryhçylaryň ulaldyp aýdyşy ýaly möçber-de hiç wagt açylan däldir. Salahaddin 1173-1174-nji ýyllarda Nuba, Liwiýa we Ýemen ýörişlerine Nureddinden rugsat alyp baş-landyr. Nureddiniň özüniň hatlarynda aýdyň beýan edişi ýaly, onuň amala aşyrýan işlerini öz işleri hökmünde Apbasly halypasyna habar berýärdi. Hatda Nureddiniň wepat bolan güni Damaska gelen Salahaddiniň iň soňky hatynda Fatymylar-dan diri galanlary näme etmelidigi barada maslahat soraýardy. Nureddin hem Ibn Esiriň aýdyşy ýaly: «Müsüriň goragy hemme zatdan ähmiýetlidir» diýýärdi. Şeýle hem Salahaddin has soň-soňlar Nureddinden gürrüň gozgaýarka, ony ýagşylykda ýatlaýardy we ol barada «hojaýynym Nureddin» diýip gürrüň berer eken. Nureddiniň ölüminden soň oňa tabyn bolan hökümdarlaryň hemmesi özleriniň garaşsyzlyklaryny yglan etdi-ler. Emma Salahaddin onuň kiçi ýaşly ogly Mälik Salyha tabyn bolup, onuň adyna zikge kakdyrypdy we hutba okadypdy. Salahaddin 1173-nji ýylyň 1-nji aprelinde Nureddine alnyp gidilmeli sowgatlary hem ýanyna alyp, Kerek-Şewbek patrikligine garşy ikinji ýörişe çykdy. Bu galalaryň daş-töweregini talady. Bu ýerde haçlylara ýol görkezýän oturymly çarwa araplary talady. Bulardan beni apbat taýpasyna degişli 200 atlyny öz islegleri boýunça Şama gidýän we Nureddine sowgat alyp barýan kerwen bilen Damaska iberdi. Özi hem kakasy Nejmeddin Eýýubyň ölendigine we Fatymy tarapdarlarynyň dildüwşik gurmakçy bolýandyklaryna degiş-li habarlary alansoň Kaire gaýtdy. Ibn Esir bu gezek hem yzyna gaýtmagyny onuň Nureddin bilen duşuşmakdan çekinendi-gini bilen baglanyşdyrýar. Hakykatda bolsa, Nureddin şol wagtlar demirgazykda Anadoly Seljuklylary bilen meşguldy. Salahaddiniň iberen sowgatlary Nureddin Halapda gezip ýörkä gelip gowşupdy. 1173-nji ýylyň aýaklarynda Nureddin Araban we Maraş galalarynyň eýelemek üçin meşgul-lanýardy. Nureddin bu ýöriş mahaly danyş-mentlilerden Zunnunyň Rum Seljuklyla-rynyň Soltany Gylyç Arslan II garşy kömek soramagy netijesinde Siwasa bir harby bölüm iberipdir. Bu harby bölüm Zunnunyň ölüminden soň yzyna gaýdyp gelendir. MÜSÜRDÄKI GÜÝÇLERIŇ GOŇŞY YSLAM ÜLKELERINE ÝÖRIŞLERI Şol mahallar demirgazyk Sudanda mer-kez şäheri Dunkula bolan Nuba atly hristian korollygy bardy. Olar ýokary Müsürdäki Salahaddiniň garşydaşlary bilen ylalaşykly hereket edýärdiler. Şonuň üçinem Salahaddiniň agasy Turan şa 1173-nji ýylyň başlarynda Nuba ýörişine çykdy. Ol ýokary Müsürdäki duşmanlaryny dyr-pytrak edensoň, günorta tarap rowana bolup, Nuba korollygynyň paýtagty Dunkula şäherine bardy. Ülkäniň garyp we yzagalakdygyny görüp yzyna Müsüre gaýtdy. ÝEMENIŇ EÝELENMEGI Gadymy döwürlerden bäri Ýemen Müsür üçin ýaşaýyş-möhüm sebitleriň biri bolupdyr. Fatymylar hem muňa gowy düşünýärdiler. Hatda biraz wagtlap sebitiň häkimýetini hem ele alypdylar. Şol wagtlar Ýemende haryçlylardan Abdylnebi atly biri çykyp, uly güýç toplapdy. Şeýle hem Fatymy tarapdarlary bu ülkede uly iş alyp barýardylar we Ýemen halkyndan arza-şikaýatlar gelýärdi. Olar Salahaddinden harby kömek ibermegini soraýardylar. Şonuň üçin hem Turan şa Nuba ýörişinden gaýdyp gelensoň, 1174-nji ýylyň başlarynda 1500 kişilik harby bölümiň serkerdeligine Nureddiniň rugsat bermegi bilen gury ýerden we deňizden gämiler bilen Ýemen ýörişine çykdy. Ol öňürti Hyjazy gözegçiligine aldy. Soňra ýoluna dowam edip 11-nji maýda Zebide şäherine bardy. Ol ýerde Abdylnebiniň garşydaşlary oňa goşuldylar. Turan şanyň golastyndaky oguzlaryň sanynynyň azdygyny gören Abdynnebi galanyň daşyna çykyp meýdan söweşine girdi. Ol örän aňsatlyk bilen ýeňildi. Turan şa Zebidi eýelänsoň, Aden şäheriniň üstüne çozdy. 1174-nji ýylyň 1-nji iýulynda Adeni eýeledi. Soň Sana ýaly Ýemeniň beýleki uly şäherlerini eýeledi. Käbir daglyk ýerler bolaýmasa, ülkäniň hemme ýerini gözegçiligine aldy. Netije-de, Hyjaz we Hind okeanynyň söwda ýoly bilen harby we ykdysady taýdan möhüm nokatda ýerleşen Ýemen Nureddiniň döwletine goşuldy. Çeşmeler bu ýörişi «Oguz-türk-menleriniň ýörişi» diýip atlandyrýarlar. Turan şa 1176-njy ýylyň başlaryna çenli, bu ülkede bolup, ülkäniň käbir möhüm ýerlerine naýyplar bellänsoň Şama gaýtdy. Türkmenler bu ýerde tä birinji jahan urşuna çenli ülkäniň syýasy we harby durmuşynda uly orun tutupdyrlar. TRABLUSGALPYŇ EÝELENMEGI Bu döwürde Müsürdäki güýçleriň ýörişleriniň biri hem 1172-1173-nji ýyllarda Takyýeddiniň memluklaryndan Şerefeddin Garaguş tarapyndan demirgazyk Afrika edilen ýörişidir. Has öňler tolunogullary bilen seljuklylaryň ilkinji döwürlerinde birnäçe kiçi topardan ybarat türkmenler demirgazyk Afrika giripdiler. Ýöne bular örän çäkli hereket hökmünde galypdy. Garaguşyň bu ýörişleri netijesinde, Liwiýa bilen Tunisiň uly bölegi birnäçe ýyllap eýýuplylaryň elinde galypdyr we biziň günlerimize çenli yz goýup giden ýatlamalary galdyrypdyrlar. Şu wagt Trablusgalpyň (Tripoli, Liwiýa respublikasy) günbatarynda bolan uly bir mähellä Karkarş (Garaguş) diýilýär. Bu ýörişlerden soňra oguzlar muwahhytlylaryň goşunynyň esasy hökmünde ýüze çykypdyrlar we Andalus (Ispaniýa) bilen demirgazyk Afrikada Osmanlylardan has ilki harby taýdan uly ähmiýet oýnandyrlar. 1172-nji ýylda Müsürde guraklyk bolýar. Netijede esgerleriň çykdajylaryny azaltmak, sebitiň ýagdaýyny doly seljermek maksady bilen günbatara ýörişe çykyl-magyna karar berildi. 1173-nji ýylda Şerefeddin Garaguşyň serkerdeliginde kiçiräk goşun bölümi günbatara iberildi. Bu bölüm gysga wagtyň içinde Liwiýanyň uly bölegini eýeledi. Has soňraky ýyllardy bu bölüme täze bölümler gelip goşulansoň, muwahhytlylar döwletine howp abandyryp biljek güýje öwrülipdirler. Nureddin 1174-nji ýylyň başlarynda Apbasly halypalygyna iberen bir hatynda goşunlarynyň Ýemeni we Hyjazy eýeländiklerini, Afrikada Sudanyň içlerine we Trablusgalpa çenli gelip ýetendiklerini, Stambulyň we Kudusyň ýeňişleriniň hem ýakynlaşandygy-ny beýan edýärdi. NUREDDINIŇ WEPATY WE ONDAN SOŇRA ÝÜZE ÇYKAN WAKALAR Nureddin 1171-nji ýylyň 5-nji maýynda on bir ýaşly ýeke-täk ogly Mälik Salyh Ysmaýylyň sünnet toýuny geçirdi. 6-njy maýda bolsa keselledi we 15-nji maýda, çarşenbe güni Damask galasyndaky öýünde öýken çişme keselinden ýogaldy. Ol ýogalan wagty 54 ýaşyndady, ol Trablusgalpdan Hemedana, Ýemenden Siwasa çenli giň yslam topraklarynyň häkimidi. Kilikiýadaky ermeni korollygy onuň penasyndady. Kakasyndan diňe Halap we onuň töwere-gindäki azajyk ýer miras galypdy we ülkesini şeýle derejede giňeldipdi. Onuň derdinden ýaňa haçlylaryň ähli-gaýgy alada-lary öz ülkelerini goramakdy. Töweregin-däki yslam döwletlerinden hem oňa garşy durup biljek güýç ýokdy. Ol diňe gahry-mançylygy we syýasaty bilen saýlanýardy. Şeýle hem ol uly guramaçy, adyl, alymla-ryň we ylmyň goragçysy, biçäreleriň hemaýatkäri, beýik dikeldiji, ýürekden dindardy. Ol türkmen taryhynyň ýetişdiren seýrek kişileriniň biridi. Ibn Esir: «Sansyz kitap okadym. Hulafaýy Raşydyndan (dört çaryýarlardan) we Omar bin Abdylezizden soňra onuň derejesine ýeten hiç bir hökümdary görmedim» diýýär. Onuň şahsyýetini we aýratynlyklaryny Ymaded-diniň şu setirleri nähili ajaýyp beýan edýär: «Mälik Adyl Nureddin Abulkasym Mahmyt bin Zeňňi Hökümdarlaryň iň namyslysy, iň dindary, iň meşhury, iň arassasy, Eden işleri iň peýdaly bolan, arzuw-niýetine iň köp gowuşan, Iň dogry garaýyşlysy, Esgerleri söweş meýdanynda iň köp bolandyr. Ol Şam ülkesine yslamyň nuruny täzeden getiren, Onuň galalaryny duşmandan yzyna alan we mukaddes topraklaryny halas edendir. Ondan ozalky hökümdarlaryň döwründe haçlylar. Şam ülkesinde arkaýyn gezýärdiler. Ol haçlylaryň arkaýynçylygyny aradan aýryp, Olaryň yzlaryny syryp-süpürdi we olary kowdy. Alla ony haçlylardan birnäçe gezek ýeňiji etdi. Hatda olaryň hökümdarlaryny hem ýesir aldy, Tertip-düzgünlerini bozdy, serhetleri olardan gorady. Öçüp giden ylymlary täzeden direltdi. Ähli-sünnet mezhepleri üçin medreseler gurdurdy. Sopular üçin hanakalar gurdurdy. Bulary ülkäniň hemme ýerinde köpeltdi. Uly wakyflar döretdi. Şäherleriň galalaryny we garymlaryny täzeledi. Ýollarda düşelgeler we kerwensaraýlar gurdurdy. Ol taýýarlan goşunlary bilen Müsüriň ýeňşine kömek etdi. Nejmeddin Eýýubyň ogly Salahaddin Ýusup onuň iň ýakyn adamlaryndandy we iň uly emirlerindendi. Salahaddin meýdanda ata münýärkä, eýwanda öýde otyrka Nureddiniň ýanyndan aýrylmazdy. Salahaddin kakasy Nejmeddin Eýýup Nureddiniň mejlislerinde oturan wagty özi dik durardy. Salahaddin dindarlyk, namyslylyk, paýhaslylyk, akyllylyk, Hökümdarlyk usuly we Soltanlyk hukugy ýaly meselerde, Ähli ýagşy gylyk-häsiýetlerinde Nureddi-niň ýoluny tutdy, Ýagşylyklaryň esaslaryny ondan öwrendi. Salahaddin öz Soltanlyk döwürlerinde bu sanalan ähli meselelerde iň belent derejä ýetdi». Ymadeddiniň aýdyşy ýaly, Nureddiniň başlan işlerini Salahaddin dowam etdiripdir. Nureddin özüniň yzynda Salahaddin ýaly beýik şahsyýet goýup gidendigi üçin örän bagtlydyr. Nureddiniň ölüminden soň onuň ýerine ogly Mälik Salyh geçdi. Bu çaga döwleti dolandyryp biljek ýaşda däldi. Şonuň üçin oňa atabeg bolmak üçin Nureddiniň Damaskdaky we Halapdaky emirleri biri-birlerine garşy mekirlikleri ulanmaga başladylar. Mosuldaky Seýfeddin Gazy özbaşdaklygyny yglan edip, Jeziräni eýeledi. Damask we Halapdaky emirleriň arasyndaky göreş Seýfeddin Gazy tarapyndan goldanan we Salahaddine garşy bolan Sagdeddin Kümüştegin bilen wezir Adyl bin Ajamynyň ýolbaşçylyk eden tarapynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bular garşydaşlaryna garşy dildüwşükler gurmaga başladylar. Olar Nureddiniň iň esasy kömekçilerden biri Daýaogullaryny tussag edip, zyndana saldylar. Olaryň indiki maksatlary Şemseddin bin Mukad-dem bilen Nasyreddin Muhammet bin Şirkuhy tussag etmekdi. Nureddiniň döwletiniň Şamdaky bölegi Halap, Damask we Mosul ýaly etraplara bölünýärdi. Emirler duşman bilen söweşmeli halyna, biri-birleri bilen söweşýärdiler. Bu ýagdaýdan peýdalanan Kudus koroly Amaury Banýasy gabady. Damasklylar salgyt tölemäge razy bolansoňlar, Amaury yza çekildi. Sala-haddin Amaurynyň Banýasy gabandygyny eşidip, kömek üçin ýörişe çykdy. Ol Sadra gelen wagtlary iki tarapyň öz aralarynda ylalaşandygyny eşidip, yzyna gaýtdy. Bu wakalardan soňra Amaury ýogaldy. SISILIÝA FLOTUNYŇ ISGENDERIÝEDE DÜŞÜRILMEGI WE ÝEŇLIŞE SEZEWAR EDILMEGI Ýokarda aýdyşymyz ýaly, fatymylaryň tarapdary Umarat Ýemeni we onuň tarapdarlary Kudus koroly Amaury we Sisiliýa normanlary bilen Salahaddine garşy içer-den we daşardan dildüwşik gurnamak bilen meşgullanýardylar. Salahaddin 1174-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda (569-570-nji hijri ýyllary) bu dildüwşügi äşgär edip, doly derbi-dagyn edipdi. Yz ýanyndan hem Nureddin ýogaldy. Nureddiniň ölüminden hem peýdalanmak isleýän haçlylar Salahaddine garşy bile ýöriş taýýarlyklaryny dowam etdirdiler. Sisiliýa koroly Guillama II Wizantiýa garşy özüniň abraýyny görkezmek üçin 1174-nji ýylyň ýaz paslynda uzak wagtlap taýýarlanansoň, Ortaýer deňzinden demirgazyk Afrikada ägirt uly harby flotuny Lejje şäheriniň grafy Tankrediň serkerdeliginde gündogara iberdi. Salahad-din agzalan dildüwşüklerden Wizantiýanyň üsti bilen habarlydy. Bu flot ýolda gelýärkä, Amaury ýogaldy. Emma muňa garamazdan flotlaryna buýsanan normanlar ýollaryny dowam etdirip, 1174-nji ýylyň 26-njy iýulynda Isgenderiýäniň etegine geldiler. Salahaddin tarapyndan Şama iberilen uly ähmiýetli bir hatda ýagdaýyň gidişi barada şeýle diýilýär: «Bu hat zülhüjje aýynyň 26-syna, ýekşenbe güni, öýlän Sisiliýa flotunyň Isgenderiýe frontuna düşürilmeginden soň-ra ýazyldy. Flotuň Isgenderiýä gelişi öýleden ikindä çenli dowam etdi. Flotuň geljekdigini öňünden bilsek-de, gözegçile-rimiziň gapyllyklaryndan peýdalanyp, wagtynda geçmegi başarypdyrlar. Bu flotuň habarlary we birnäçe ülkelerde eden işleri hemmä bellidir. Olar demirgazyk Afrikada Ibn Abdylmömine, Ortaýer deňzinde bolsa Wizantiýa imperatorlygyna howp salýar. Olar gelen wagtlary Isgenderiýe häkimliginiň esgerleri öz yktalaryna gidipdiler. Onuň ýanynda örän az kişi bardy. Sisiliýa esgerleri ertesi gün irden çykdylar. Türkmenlerden akylly bir topar duşman bilen kenardan uzakda, gala ýakynrak bir ýerde söweşmegi maslahat berdiler. Kenar boşadyldy. Sisiliýa flotunyň düşürilme-gine mümkinçilik peýda boldy. Gämileriň tardalaryndan (ýörite ulag üçin bolan gämi) atlaryny we galereýalardan pyýada goşunla-ryny düşürdiler. Ýesir alnanlaryň aýtma-gyna görä, duşman atlylarynyň sany 1500 kişi eken. Olaryň 1000-si naýzaly rysar, 500-si bolsa türkopoldy. Her galereýada 150 pyýada esger bardy, 200 sany hem galereýa bardy. Bularyň jemi sany hem 30 000 pyýada goşundy. At çekýän tardalar hem 36 sanydy. Gurluşyk esbaplaryny we gabaw gurallaryny çekýän gämileriň sany hem 6-dy. Söwe-şijiler üçin azyk we ätiýaçlyk şaýlaryny çekýän 50 gämi bardy. Beýleki pyýadalar, atlar, gämilerdäki hüjüm gözenekleri, debba-ba we manjanyk ussalary bilen birlikde ähli düzüm 50 000 kişä ýetýärdi. Duşman gury ýere çykansoň musulmanlar olaryň üstüne hüjüm etdiler. Bu hüjümde serkerdelerden Mahmytaly Sary bardy. Ol serkerde çaknyşykda wepat boldy. Duşman-lar musulmanlary şäheriň diwarlaryna çenli serpikdirdiler. Soň duşman gämileri porta girmäge başlady. Şol wagt portda birnäçe harby we söwda gämileri bardy. Biziň adamlarymyz duşmandan önürti here-ket edip, portda duran gämileri suwa batyrdylar we ýakdylar. Söweş agşama çenli dowam etdi. Sisiliýalylar agşam çadyrla-ryny gury ýere çykaryp, çadyrlarda gije-lerini geçirdiler. Çadyrlarynyň sany 300-ýe ýetýärdi. Duşman gijäni gabaw gurallaryny taýýarlamak bilen geçirdi. Sisiliýalylar duşenbe güni irden hüjüme geçdiler. Üç sany debbaba, üç sany hem uly manjanyk gurdular. Bu manjanyklardan özleri bilen getiren gara daşlaryny atýardylar. Debba-balar daşlar ýaly beýikdi. Bular bilen hüjüm edip diwarlara ýakynladylar. Çakny-şyk uzak gün dowam etdi. Biz Fanusdaky düşelgämizde gezip ýörkäk, duşmanyň gelendiginiň habary üçünji gün sişenbe güni hat gatnadyjy kepderi arkaly bize ýetdi. Biz hem derrew Isgenderiýe we Dimýat frontlaryna esger iberdik. Ýanymyzdaky Bedreddin Eýýup bi-len Faryseddin Temirek esgerleri bilen Isgenderiýä gitdiler. Isgenderiýe töweregin-de we Buheýrada bolan bölümler we beýleki esgerler sişenbe we çarşenbe günleri ola-ryň hatarlaryna goşuldylar. Berkadaky araplara garşy iberilen Takyýeddiniň esgerleriniň bir bölegi yzyna gaýdyp geldi. Duşman manjanyklary we debbaba-lary diwaryň bir ok atymlyk ýakynyna geldiler. Şol wagt şäherde jemlenen güýçler duýdansyz manjanyklaryň we debbabalary-nyň öňündäki duran diwarlaryň gapysyny açyp hüjüme geçdiler. Taýýar duran emirler we atly goşun atlaryna münüp, gapylardan çykyp, duşmanyň üstüne okduryldylar. Şäher halky çar tarapdan çozup, duşmanyň top atýan minaralaryny ýakdylar. Ähli güýçleri bilen söweşdiler. Ahy-lerzana gopup, söweş çarşenbe gününiň agşamyna çenli dowam etdi. Duşman perişan ýagdaýa düşüpdi, olaryň gabaw gurallary ýakylypdy. Musulmanlar käbir işleri üçin şähere giripdiler. Biz hem özümiziň kömege gelýändigimizi habar bermegimiz üçin memluklardan Akguş atly birini öňden iberdik. Akguş ätiýaç üçin ýanyna iki sany at alyp ýola düşdi. Ol ýolda özüne sataşanlaryň biziň ýanymyzdan Magaddiýede gaýdandygyny habar berip, çarşenbe güni ikindiden soň Isgenderiýa geldi. Ol biziň gelýändigimizi buşlady. Bu buşlygy eşden halk örän şatlandy. Çar tarapdan şatlyk sesleri ýaňlandy. Namaz okamak we azyk üçin şähere gelen halk diwarlaryň derwezelerinden çykdylar. Isgenderiýe halky we töweregindäki kaby-lalar biri-birlerini duşman bilen söweşmäge çagyrdylar. Men hem aralarynda bolanym üçin Allatagala musulmanlaryň ýüreklerine batyrgaýlyk berdi. Öýünden çykan her kim duşman bilen söweşmäge howlugýardy, göýä olaryň gahrymançylyklaryny görüp, biziň berekella diýmeklerimizi isleýän ýalydy. Ahyrsoňy ýeňiş musulmanlara nesip etdi. Çadyrlarynda oturan haçlylaryň üstüne hüjüm etdiler. Iňrik garalyberende şäher halky duşmanyň çadyrlaryny içlerindäki gymmatbaha zatlary bilen taladylar. Duşmanyň pyýada goşunyny agyr ýitgä sezewar etdiler. Duşmanyň atly goşunlaryny ýesir aldylar. Olardan diňe geýip ýören sowutlaryny çykaryp, özüni deňize oklanlar halas boldular. Esgerlerimiz deňizdäki duşman gämilerine hüjüm edip, käbirlerini suwa batyrdylar. Emma käbir gämileri alyp gaçdylar. Iň soňunda 300 atly bir depede galdy we olaryň atlary ellerinden alyndy. Köpüsi öldürildi, köpüsi ýesir edildi. Ýesir alnanlaryň arasynda 50 ýaşly bir ýaşuly adam bardy. Olja hökmünde alynan mallaryň, goýunlaryň, gurallaryň we ýaraglaryň hetdi-hasaby ýokdy. Şam haçlylarynyň hem mundan köp zatlary ýokdur. Olja alnan atlaryň hemmesi igdiş we erkekdi. Duşman ýanyna ýeke at hem alyp gidip bilmedi. Bu flot muharrem aýynyň 1-ine (30-njy iýul), penşenbe güni Isgenderiýe eteginden gaçyp gitdi. Olaryň söweşmäge güýji galmady. Olar uly we howply duşmandy. Ýöne aýtmaklaryna görä, olar söweş hilelerini bilmeýärdiler. Ýesir alnan rysarlaryň biri ýöriş barada maglumat öwrenmegi üçin soraga çagyryldy. Onuň dogry sözlemegi emr edildi. Onuň aýtmagyna görä, flotda 1000 atly rysar bardy. Her rysara 5 aýlyk haky berlipdir. Bu 1000 rysaryň 700-siniň aýlygy 15 bilen 30 dinar arasynda üýtgeýärdi. Aralarynda 50 dinar aýlyk alanlar hem bardy. Hatda meşhurlaryň arasynda 100 dinar aýlyk alanlar hem bardy. Yktaly rysarlaryň sany 300-di. Türkopollar 500 kişidi. Atlarynyň sag galmak şerti bilen bularyň çykdajy-lary korola degişlidi. Bularyň her haýsynyň aýlygy 5 dinardy. Aralarynda 10 dinar alanlar hem bardy. Serkerdeleriň aýlygy 20 dinardy. 500 kişi bolan gämidäki mehaniklerden galan söweşijileriň sany 40 müňe ýetýärdi. Flotuň üç sany serkerdesi bardy. Bularyň biri Sisiliýa korolynyň agasynyň ogludy ». Salahaddiniň hatynda aýdylyşy ýaly, şeýle ägirt we töwerege gorky salan floty ýeňmek örän uly ýeňişdi. Salahaddin bu wakadan soň sentýabr aýynda ýokary Müsürde baş göteren we zenjiler bilen fatymylaryň tarapdarlary tarapyndan goldadan, Asunyň häkimi Kenzeddöwläniň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin dogany Mälik Adyl Seýfed-dini iberdi. Mälik Adyl gozgalaňy aňsatlyk bilen basyp ýatyrdy. Bu wakalardan soňra Müsürde Salahaddine garşy uly gozgalaň bolmady. NUREDDINIŇ WEPATYNDAN SOŇ ŞAMDA WE ELJEZIREDE AGZYBIRLIGI DIKELTMEK ÜÇIN SALAHADDINIŇ TÄZEDEN ALYP BARAN IŞLERI Salahaddin Nureddiniň ölüminden soň Şamda we Eljezirede bolup geçýän hady-salar bilen ýakyndan gyzyklanýardy. Salahad-diniň Nureddiniň saglygynda döwletde ikinji adam bolmagy we onuň ölüminden soň golastyndaky topraklarda haýsydyr bir bulam-bujarlyga pursat bermän, berkarar-lygy gorap saklamagy sebäpli, Nureddiniň ogly Mälik Salyhyň atabegine hemmeden has laýykdygy gürrüňsiz bir hakykatdy. Onuň Isgenderiýede hiç kimden kömek alman nor-manlary ýeňmegi bilen özüniň uly ýolbaşçy-dygyny ýene bir gezek subut edipdi. Ol yslam dünýäsiniň ünsüni özüne çekipdi. Nureddiniň goşunynyň alyp baran söweş-lerini gören emirler, döwletiň başyna düşen bu bulam-bujarlygy diňe Salahaddiniň halas edip biljekdigine ynanýar-dylar. Salahaddin Sisiliýa flotuny ýeňenden we Kenzeddöwle gozgalaňyny basyp ýatyrandan soňra Wizantiýanyň we Italiýanyň şäher döwletleri bilen söwda şertnamalaryny baglaşdy. Ülkedäki berkararlygy doly üpjün etdi. Şol wagtlar hem Halapdaky Mälik Salyhyň atabegi Kümüşteginiň we onuň tarapdarlarynyň alyp barýan syýasatyny halamadyk Damask güýçleriniň serkerdesi Şemseddin bin Mukaddem, baş kazy Kemaleddin Şährizury, Busra häkimi Syddyk bin Çawly we Şamdaky dogan-garyndaşlary ony Damaska çagyrdylar. Salahaddin dogany Mälik Adyly Müsürde naýyp belledi. Ony öz ýerine goýandan soňra, 1174-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda dogany Togtegin we weziri Kazy Fadyl bilen birlikde 700 saýlama atly goşunyň başynda durup, Kairden Şama tarap ýola rowana boldy. 20-nji oktýabrda Busra bardy. Ony şäheriň häkimi Syddyk bin Çawly garşylady. Töwerekdäki esgerler gelip onuň goşuna goşuldylar. Soltan 23-nji oktýabrda bu ýerden Damaska gitdi. Şähere ýakynlaşanda agasynyň ogly Nasyreddin Muhammet bin Şirkuh we Sagdeddin Mesgut bin Uner tarapyndan garşy alyndy. Ýekşenbe güni Damaskyň ýanynda karargäh guruldy. Damaskyň emeldarlary we emirleri onuň ýanyna gelip oňa wepalydyklaryny bildirdiler. Ol 28-nji oktýabrda, duşenbe güni şähere girdi. Galanyň serkerdesi Reýhanyň esgerlerinden başga nägilelik bildiren bolmady. Salahaddin kakasynyň öýi Daryl-Akykada ýerleşdi. Şäheriň emeldarlaryna we halka gowy gatnaşyk etdi. Nureddiniň ogly Mälik Salyhyň adyna hutba okady we zikge kakdyrdy. Salahaddin Damaskda ýerleşenden soňra derrew Halapda bolan Mälik Salyha hat iberdi. Bu hatda oňa «Hojaýynymyz we hojaýynymyzyň ogly» diýip ýüzlendi we «Müsürden diňe saňa hyzmat etmek üçin geldim. Daş-töwerekdäkileriň sözlerine gulak asma, işleriň dargar. Meniň maksadym diňe haçlylara garşy birleşmekdir» diýýärdi. Mälik Salyh bu hata berilmeli jogap hakda töweregindäkiler bilen maslahatlaşdy. Olar mosullylaryň öjükdirmegi bilen Salahad-dine ýowuz äheňde jogap ýazyp, onuň ganym garşydaşy Kutbeddin Ýynal bin Hassandan iberdiler. Damaska gelen Kutbeddin Ýynal Soltanyň huzuryna çykyp, oňa ýowuz sözler bilen ýüzlenip: «Seni Müsüriň hökümdary eden bu gylyçlar, seni bu niýetiňden dändirer. Seniň maksadyň Soltanlygy öz golastyňa geçirmek» diýdi. Soltan onuň haýbatlaryny gülümjiräp garşylady. Ola-ryň ylalaşygyň tarapdary däldiklerine göz ýetirdi. Netijede Salahaddine garşy Halap-Mosul arasynda ylalaşylan bu ýaranlyk haçlylaryň we haşhaşlylaryň hem olara kömegi bilen Salahaddini 10 ýyllap güýmedi. Soltan Halapda bulary derbi-dagyn edip, Nureddiniň döwletiniň berkararlygy-ny doly esaslandyrandan soňra, ähli güýçlerini haçly basybalyşlara garşy ýöneltmek mümkinçiligini gazandy. Mundan soňra 1174-nji ýylyň 28-nji noýabryndan 30-njy dekabr aralygynda Salahaddin öňürti Hums, soň bolsa Hama şäherlerini eýeledi we Halap şäherini gabady. Bu gabaw wagtynda onuň üstüne haşhaşylar hüjüm etdiler. Onuň özüne hiç hili zyýan ýetmedi. Halaplylaryň öjükdir-megi bilen haçlylaryň Humsa çozmagy sebäp-li, ol gabawy goýbolsun edip, haçlylaryň üstüne çozdy. Onuň gelýändigini eşiden haçlylar yza çekildiler. Soltan hem mundan peýdalanyp Baalbege garşy duran Humsuň galalaryny eýeledi we Halabyň günorta-syndaky Siriýa mülklerindäki häkimýetini berkleşdirdi. Täze goşulan esgerler neti-jesinde onuň goşunynyň sany ýedi müňden geçdi. SALAHADDINIŇ HALAP-MOSULYŇ BIRLEŞEN GÜÝÇLERINI ÝeŇMEGI Salahaddin örän pespäl kişidi. Onuň bu pespälligi garşydaşlaryna güýç berýärdi. Onuň pespälligini gowşaklyga ýoran Mosuldaky we Halapdaky ýolbaşçylar ony aňsatlyk bilen ýeňeris öýdýärdiler. Şonuň üçin Mosul atabegi Seýfeddin Gazy uly goşun ýygnap, dogany Mesgut bilen Zülfendaryň serkerdeliginde Halaba iberdi. Halap güýçleri bilen birleşen bu goşun Hamany gabady. Soltan goşuny bilen ýaranlaryň üstüne çozup, 1175-nji ýylyň 1-nji aprelinde olary Hamanyň töweregin-däki Kuruny-Hama diýen ýerde derbi-dagyn etdi. Alnan ýesirlere hiç zat degmän, azat edip goýberdi. Soň Halap şäheriniň etegine geldi. Halaplylar hem onuň bilen yla-laşyga razy boldular. Onuň Siriýadaky eýelän ähli ýerlerinde onuň häkimýetini ykrar etdiler. Soltan hem Halabyň we töwereginiň Mälik Salyhyň häkimýetinde galmagyna, Kümüşteginiň hem onuň atabegi hökmünde öňki ýerinde galmagyna razylyk berdi. Bu wakadan öň Soltan halaplylar bilen gysga wagtda ylalaşyp bolmaz öýdüp, Apbasly halypasyna bir ilçi iberipdi we özüniň Siriýa we Eljezirä häkimligini ykrar etmegini isläpdi. Soltan 1175-nji ýylyň 6-njy martynda Halapdan Hama gaýdyp gelýärkä Apbasly halypasy Mustagzy tarapyndan iberilen mülkiýetnama we halat-serpaý geldi. Soltan özüniň garaşsyzly-gyny yglan edip, adyny hutba goşup, zikgelerde öz adyny goýdurdy. Hama, Humsa we Baalbege emirleri belläp, eýýuplylaryň Hama, Hums we Baalbek bölümlerini gurdy. Emma onda-da Mosul-Halap ýaranlygy boş durmaýardy, aralaryndaky ylalaşyga garamazdan, gizlinlikde Soltana garşy ikinji ýörişe taýýarlyk görýärdiler. Hatda mosullylar has hem güýçlenmek maksady bilen, Artykly begliklerinden kömek alypdylar. 6000 atly goşundan ybarat bu goşun atabeg Seýfeddin Gazynyň serkerde-liginde Halaba gelip, Halap güýçleri bilen birleşdi. Seýfeddin Gazy Soltana ilçi iberip, ylalaşyk hödürläpdi we bu ylalaşygyň şertlerini iberipdi. Bu ilçi Salahaddiniň huzuryna gelende, ýalňyşlyk bilen halaplylar bilen baglaşylan şertna-manyň metinini hödürledi. Soltan bu metini okap: «Bu ýerde bir ýalňyşlyk bar» diýdi we derrew taýýarlyk görmäge buýruk berdi. Halaba gelen mosullylar Nureddin döwründen bäri ýesir hökmünde saklanýan haçly serkerdelerinden Reno de Şatillony, Joskelin II we beýleki haçly ýesirlerini azat edip, haçlylardan Damaska hüjüm edip, özlerine kömek etmeklerini islediler. Soňra ýaranlar 20000 töweregi atly we pyýada goşun bilen Soltanyň üstüne çozdular. Iki tarap 1176-njy ýylyň 22-nji aprelinde Hamanyň töwereginde bolan Tell Soltan diýlen ýerde söweşdiler. Ferruh şanyň serkerdeliginde Müsürden biraz goşmaça güýç alan Soltan ýaranlaryň goşunyny ýene-de derbi-dagyn etdi we olaryň karargäh-lerini eýeledi. Mundan soňra soltan Halabyň üstüne ýöredi we Halap bilen Mosulyň arabaglanyşygyny kesmek üçin Halabyň gündogaryndaky we demirgazygyndaky Buzuga, Menbiç we Azaz ýaly iň mäkäm galalary eýeledi. Şeýle hem ol 1176-nji ýylyň 22-nji maýynda Azaz galasyny gabalan mahaly, özüniň karargählerine çenli girmegi başa-ran harby eşikdäki haşhaşy pidakärleriň hüjümine sezewar boldy we eşiginiň aşagyndaky ätiýaçlyk sowudy zerarly ölümden halas boldy. Çala ýaralandy. Onuň ýanyndaky emirler pidakärleriň hemmesini ýekän-ýekän tutup öldürdiler. Ymadeddin şeýle diýýär: «Soltan bu wakadan soň kast ätiýaçly boldy. Nätanyşlary golaýyna getirmeýärdi. Ol otagynyň daşyny agaç diwar bilen berkitdi. Halkyň ýanyna çykanda seresaply boldy». Soltan 1176-njy ýylyň 21-nji iýulynda 38-günlük gabawdan soň Azaz galasyny eýeledi. Soň 25-nji iýunda Halaby gabady. Indi mosullylaryň kömek etmäge mümkinçiligini ýokdy. Halaplylar birnäçe günlük gabawdan soňra iýulyň aýaklarynda iki tarapyň golastynda bolan ýerleriň her haýsynyň öz häkimýetinde galmak şerti bilen ylalaşyk gazandylar. Çeşmeler şertnamanyň şertleriniň arasynda haçly-lara garşy ediljek ýörişlerde halap-lylaryň Soltana harby kömek bermegini kabul edendiklerini nygtasalar-da, bu madda hiç haçan ýerine ýetirilen däldir. Şertnama-nyň iň möhüm maddalarynyň biri hem mosullylaryň, Artykly beglikleriniň we Anadoly Seljuklylarynyň bu şertnamany ykrar etmekleri we şertnamanyň şertle-rini ýerine ýetirmedik tarapa beýlekileriň hem garşy çykyp, bilelikde hereket alyp barjakdyklary hakda söz bermekleridir. Bu şertnama görä Halap, Harym we birnäçe kiçi galadan galan ähli Şam mülkleri Soltanyň häkimýetinde bolýardy. Ýöne şertnama gol çekilenden soňra, Nureddiniň kiçi gyzy gelip Soltandan Azaz galasyny sorady. Salahaddin hem kakasynyň hormaty üçin galany Mälik Salyha berdi. Şertnamadan soňra Soltan ilçisi Sagdeddin Abu Hamyt Ajamyny Mosula we Artykly begliklerine iberip, olardan wepadarlyk kasamyny aldy we bu wakadan soňra Seýfeddin Gazynyň we Mälik Saly-hyň ölümine çenli, iki tarapyň arasynda hiç hili düşünişsizlik ýüze çykmady. ÜSTÜNE ÝÖRIŞI Soltan halaplylar bilen ylalaşyk gazanandan soň, öz janyna kast eden, Kusaýry daglarynda ýaşaýan haşhaşylaryň üstüne ýöredi. Olaryň golastyndaky ýerleri ýykyp-ýumrup 1176-njy ýylyň 1-nji awgustynda haşhaşylaryň ýolbaşçylary Şyhyl-jebel Reşideddin Sinanyň ýerleşen Misýap galasyny gabady. Uly manjanyklar gurup, hüjüme başladylar. Esgerleriň käbiri töwerekdäki ysmaýylylary jezalandyrmaga synanyşdylar. Haşhaşylaryň köpüsini bolsa öldürdiler, köpüsini ýesir aldylar. Olaryň ýolbaşçysy Sinan bolsa goňşusy Hamanyň hökümdary we Soltanyň daýysy Şyhabeddin Harymydan gaçybatalga sorap, özüni gora-magyny haýyş etdi. Şol wagtlar haçlylar ýörişe geçip, Baalbek we Damask mülklerine hüjüme başladylar. Soltan daýysynyň Sinana rehim-şepagat haýyşyny kabul etdi. Haşhaşylardan indi hiç wagt özüne garşy kast etmejekdikleri barada söz alandan soň, gabawy aýyrdy. Salahaddin Hama gaýdyp gelensoň, haç-lylar talaň işlerini goýbolsun etdiler. Şol wagt Soltanyň agasy Turan şa Ýemenden geldi. Soltan Damask naýyplygyny Takyýed-dinden alyp, Turan şa berdi. Hums öňden bäri Nasyreddin Muhammet bin Şirkuhyň elindedi. Baalbekde Harymy bardy. Soltan 1176-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Nur-ýeddinden soň dul galan aýaly Ysmeteddin Emine binti Unere öýlenenden soňra 10-njy sentýabrda Müsüre gitdi. Ol 10-njy noýabrda Kaire bardy. Ülkäniň dolandyry-lyşynyň tertip-düzgüni we gurluşygy bilen meşgullandy. 1177-nji ýylyň 14-nji noýabryndan 9-njy dekabr aralygynda ýene-de Kudus korollygyna garşy ýörişe çykdy. Kän taýýarlanmansoň bu ýöriş Remle ýeňlişi bilen gutardy. Bu ýeňişden ruhlanan haçlylar gelip ýeten täze goşmaça güýçleri bilen Şam mülklerine täze ýöriş etmek üçin taýýarlyga başladylar. Salahaddiniň Damask naýyby Turan şa bolsa oýundyr-güýmenje bilen meşguldy we ülkäni ýeterlik derejede gorap bilmeýärdi. Haçlylar Halaba degişli bolan Harym galasyny gabawa alypdylar. Bu wakalardan soňra Soltan derrew goşunyny jemläp, 1178-nji ýylyň 23-nji martynda (573-nji hijri ýylynyň şowwal aýynyň 1-i) Kairden Şama tarap sapara çykdy. Şamda guraklygyň höküm sürendigi üçin az mukdarda esger alypdy. SALAHADDINIŇ ŞAMDAKY WEZIPELERE TÄZEDEN BELLENMEGI WE ANADOLY SELJUKLYLARYNA WE ERMENILERE GARŞY ÝÖRIŞI Soltan çaltlyk bilen hereket edip, 15-nji aprelde Damaska bardy. Halypanyň iberen ilçi topary bilen duşuşdy. Ülkäni ýatdan çykaryp, oýun-güýmenje bilen meşgul bolup ýören naýyby Turan şa käýinç berdi. Ondan Damask naýyplylygyny alyp, dogan-oglany Ferruh şa berdi. Kakasynyň dogany Turan şa bolsa Şemseddin bin Mukaddemiň golastyndaky Baalbege göz dikdi. Ibn Mukaddem bolsa Soltany Şama çagyran we şol ýerde häkimýetiniň esaslandyrylmagyna kömek eden abraýly emirleriniň biridi. Soltan onuň göwnüne degmejek bolup, meseläni öz aralarynda çözmeklerini we gan dökülmezligini isledi. Emma mesele çözülmänsoň Soltan Ibn Mukaddemi Damaska çagyrdy. Ibn Mukaddem onuň çagyryşyna gitmedi. Soltan onuň daşary gatnaşyk-laryny kesip, ýola çykmagyna garaşdy. Oňa Baalbekiň ýerine Barini we onuň daş-töweregini, Kefertaby we Magarranyň bir bölegini teklip etdi. Bir ýyla çeken möhletden soňra, 1179-nji ýylyň mart aýynda Ibn Mukaddem ady agzalan ýerleriň öwezine Baalbeki we daş-töwereklerini Turan şa berdi. Turan şa bu şäherde köp galmady. Birki aýdan soňra Isgenderiýä ykta berilenden soň ol ýere gitdi we 1180-nji ýylyň ortalarynda ýogaldy. Soltan Turan şadan galan Baalbeki Damask häkimi Ferruh şa ykta berdi. 1178-nji ýylda Müsürden gelen wagtlary bolsa, daýysy Şyhabeddin Harymynyň ölüminden soň, Hamany Takyýeddine berdi. Şeýdip, Şamdaky möhüm eýýuply şäherlerinden Hums, Hama we Baalbek emirlikleri täze eýelerine gowşuryldy. Bu emirlikleriň dolandyrylyşy netijesinde, Şamdaky harby hem dolandyryş edarasy tertip-düzgüne getirildi. Her bir emirlik öz sebitiniň düzgün-tertibi, gurluşygy we goragy bilen meşguldy. Trablus grafly-gynyň garşysynda Nasyreddin, Kudus graflygynyň garşysynda Damask we Baalbek häkimi Ferruh şa, Antakyýa patrikliginiň garşysynda Takyýeddin, Ibn Mukaddem, Seýfeddin Aly bin Meştup dagylar bardy. Şeýdip, häkimi Sabykeddin Osman bin Daýa bolsa ätiýaçda durdy. ______________________________ Rawzateýn, I, 181 s. Hytat, II, 3 s. Rawzateýn, I, 242 s.; Muferrij, II, 488-499 s. Senal-bark, I, 68-69 s. Hytat, I, 215 s.; Ittihazul-hunefa, warak, 163 a. Haçly çeşmeleriniň nygtamaklaryna görä, musulmanlar suwuň ýerine pelteleri ýakylyp goýberilip, nebit çeleklerini taşlaýardylar, bu çelekler hem duşman gämilerine çaknyşansoň ýarylýar eken. Rawzateýn, I, 181 s.; Ittihazul-hunefa, warak 163 a.; Uýunet-tewarih, XVII, 126 a-b. Rawzateýn, I, 196-197 s. Ibn Esir, XI, 368-369 s. Teresul, warak 70 a.; Rawzateýn, I, 242 s.; Muferrij, II, 489 s.; Şeýle hem seret. Hytat, II, 233 s. Senal-bark, I, 144 s. Apbaslylaryň adyna ilkinji hutba okanyň kimlidigi hakda biri-birine çapraz birnäçe maglumat bar. Salahaddiniň döwründe Eýýuplylaryєňdöwleti, 41-42 s. : Salahaddin Eýýuby döwründe Liwiýada türkler we Garaguş meselesi. Taryh jurnaly, XXXIII, 169-198 s. Senal-bark, I, 136-137 s. : Rawzateýn, I, 215 s. Bahyr, 163 s. Senal-bark, I, 55-56 s. : Bahyr, 174-175 s. Senal-bark, I, 170-175 s. : Teressul Kazy Fadyl, (Pariž nusgasy) warak 136-137 a. Senal-bark, I, 211-212 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |