09:38 Soñky ýyllaryñ taryhy prozasy | |
SOŇKY ÝYLLARYŇ TARYHY PROZASY
Edebiýaty öwreniş
(1956 – 1970-nji ýyllar) SSKP-niň XX gurultaýy sowet halklarynyň durmuşynda görlüp-eşidilmedik täze öwrülişik etaby bolupdy. Sosializm gurluşygynyň öňki ýyllarynda halk birgalyplylyk, birkysymlylyk bilen öwrenişdi. Durmuşyň ugurlarynyň ählisinde, şol sanda sungatyň, edebiýatyň işine, medeniýetine, şol sanda çeper eserlere stalinçilik nazar bilen garalýardy. Hatda her bir şygryň ahyrynda Stalin baradaky öwgi bolmasa, ol şygry gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň kabul etmeýän halatlary hem seýrek bolanokdy. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň her biriniň süňňünde otuz ýedinji ýylyň, ellinji ýyllaryň başlarynyň salan awusy syzlap durdy. Ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet işgärleriniň millionlarçasy heniz stalinçilik türmelerde, sürgünlerde jebir-jepa çekip ýördi. Şol zyndanlarda janyna kast edilen millionlarça ak ýürek adam bolsa henize çenli aklananokdy. Adamlar henizem gorky, wehim bilen ýaşaýardylar. N.S.Hruşewiň döwlet başyna geçmegi, onuň Staliniň şahsyýet kultyny batyrgaýlyk bilen paş etmegi, türmelerde jeza çekip ýatan bigünä adamlaryň boşadylmagy, adamlara sözde, işde erkinligiň berilmegi durmuşyň ruhuny täzeleýärdi. Adamlarda geljege bolan tizden-tiz umytlary oýarýardy. Ozalky partiýanyň XX gurultaýy halkyň şol umytlaryny berkitdi. Onda täze durmuş ugrundaky täze planlar öňde bitirilmeli wezipe edilip goýulýardy. Mundan başga-da Staliniň şahsyýet kultynyň emele gelişi, onuň durmuşyň köküne ornaýşy analiz edildi. «Kommunistik partiýanyň we sowet halkynyň gazanan üstünlikleri, I.W.Staliniň taryplanmagy onuň başyny aýlady. Ol özüniň roluna we hyzmatyna juda öte baha berip, Stalin özüni asla ýalňyşmaýan adamdyr öýdýärdi we özüni mahabatlandyrylmagyna gylaw berip ugrady. Onuň sözi işinden barha beter aýry gidýärdi. Staliniň şahsyýet kulty aýratyn hem onuň ömrüniň soňky ýyllarynda partiýa we döwlete ýolbaşçylyk etmek işine düýpli zyýan ýetirdi»1 diýip bellenilipdi. Stalinçilik birgalyplylyk hakynda hem gürrüň barýardy. 1957-nji ýylyň maý hem-de iýul aýlarynda partiýa we hökümet ýolbaşçylary medeniýet, edebiýat we sungat işgärleri bilen duşuşyp, edebiýat, sungat, medeniýet işini öňe sürmegiň ýollary barada uly maslahat edipdiler. Dogry, heniz Stalinçilik şahsyýet kulty paş edilen-de bolsa, heniz ol döwrüň ruhy adamlaryň aňyndan, ganyndan aýrylanokdy. Döwletiň, partiýanyň ýolbaşçylary heniz Stalin bilen döwlet apparatynda işleşişen-de, şol döwrüniň esgeri bolup formirlenen, kemala gelen, şol döwürde ýetişen kadrlardy. Şonuň üçin-de edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň ruhuny esasan öňki çygryň çäklerinde ölçemek dowam edýärdi. «Edebiýaty we sungaty halkyň durmuşy bilen pugta baglanyşdyrmak ugrunda» diýen partiýa dokumentinde esasan: a) edebiýaty we sungaty halk bilen baglanyşdyrmak; b) partiýanyň syýasatyny durmuşa geçirmäge aktiw gatnaşmak; w) sosialistik hakykaty dogruçyllyk bilen teswir etmek; g) halkyň ymtylyşlarynyň asyllylygyny, onuň belent moral sypatlaryny görkezmek esasy wezipe edilip öňde goýulýardy. Diňe şu ýagdaýlar hem, türmelerde ejir çekip ýatan ýazyjy-şahyrlaryň gaýdyp gelmegi, stalinçilik jezalandyrmalaryň indi hiç haçan gaýtalanmajakdygy baradaky ynanç türkmen ýazyjy-şahyrlaryny täze döredijilik üstünliklerine iteripdi. Baryp, 1937-nji ýylda «Ganly penjeden» atly ilkinji türkmen romanyňy çap etdirip, halka ýetirip bilmän, 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Hydyr Derýaýew hem gaýdyp gelip, özüniň romanyňyň üstünde işläp başlapdy. Eýýäm ellinji ýyllaryň aýaklarynda türkmen sowet taryhy we taryhy-rewolýusion romanyňyň täze tapgyry hakynda gürrüň edilip başlanypdy. Türkmenistan sowet ýazyjylarynyň IV gurultaýynda bu roman Beki Seýtäkowyň täze romany – «Doganlar» romany barada, ondaky kemter hem-de artykmaç taraplar barada aýdylýardy. Şonuň yz ýanyndan bolsa tankytçy Abdylla Myradowyň bu roman baradaky «Gaýda dörän doganlyk baradaky roman» makalasy «Sowet Türkmenistany» gazetinde çap edilýär. Bu makala belli derejede ýazyjylaryň gurultaýynda roman barada aýdylan tankydy bellikleri derňemäge, netijede romanyň esasy gahrymany Ýefimowyň kimdigini seljermäge bagyşlanypdyr. Çünki gurultaýda Ýefimowyň hereketiniň azdygy, emma gahrymanlar tarapyndan çenden aşa öwülýändigi tankyt edilipdi. «Romanda ähli wakalarda Ýefimowyň tagallalary duýulýar. Eýsem, Saparmyrady, Kasymy, Ýagmyry, Çerkezi we ýene-ýeneleri göreşiň dogry ýoluna ugrukdyran Ýefimow dälmi? Eýsem Kasym bilen Saparmyradyň arasynda garyndaşlyk açan Ýefimow dälmi? Eýsem hanyň sütemi bilen geçene-gidene göz bolup ýatan, synasy siňekleriň öri meýdany bolan Ýagmyry arkasyna alyp, howply-hatarly ýollardan geçiren Ýefimow dälmi? Hut şu sebäplere görä, päk ýürekli, belent ruhly, gujurly Ýefimow awtor üçin-de, okyjy üçin-de eziz adam»2. Şeýle makalalardan3 soň, 1960-njy ýyllaryň başynda bu romanyň 1-nji, 2-nji kitaplary okyjylara gowuşdy hem-de bada-bat halkyň söýgüsine mynasyp boldy. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda ýazyjy Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany hem okyjylara gowuşdy. «...Roman 1962-nji ýylyň ýazynda önümçilige berlip, şol ýylyň tomsunda 50 müň ekzemplýar çap edilip çykarylypdy»4. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyňyň birinji we ikinji kitaplaryny hem okyjylar köpçüligi höwes bilen kabul etdi. Şondan sähel wagt geçmänkä, Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar romanyňyň birinji kitaby çapdan çykdy. Ine, şeýlelikde türkmen edebiýatynyň taryhynda we taryhy-rewolýusion prozanyň boşap duran döwri täze monumental eserler bilen baýady. Altmyşynjy ýyllarda döredilen taryhy we taryhy-rewolýusion proza eserleriňiň örüsi indi has giňedi. Bu ugurda diňe bir ýörelge däl-de, tutuş tematiki ýeri emele geldi. Şol döwürde döredilen eserleri ine, şeýleräk tematika bölmek bolar. 1. Taryhy-rewolýusion eserler: a) B.Seýtäkowyň «Doganlar» romany; b) H.Derýaýewiň «Ykbal» romany; w) B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romany; g) B.Seýtäkowyň «Gyz salgydy» powesti; 2. Anyk taryhy eserler: a) T.Taganowyň «Dürler hazynasy» powesti; b) N.Pommanyň «Seýdi hakynda söhbet» powesti; w) B.Seýtäkowyň «Tylla, seniň yşkyňda». 3. Umumy taryhy eserler: a) G.Gurbansähedowyň «Çakylyk» powesti; b) G.Gurbansähedowyň «Kyrk teňňe» powesti... Ine, şeýle temalarda döredilen şu we beýleki eserler taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň altmyşynjy ýyllardaky galereýasynyň üstüni doldurýardy. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda taryhy temada dörän bu eserlerde ilki bilen taryhylygyň, onda-da anyk taryhy-rewolýusion faktlaryň anyklygy has aýdyň duýulýardy. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romany esasan Horezmde, ýagny Daşhowuz topar raýonlarynda rewolýusion galkynyşyň döreýşi we ösüşi, bu ugurda esasy garşylyklaryň ýüze çykyşy barada çeper detallaryň üsti bilen gyzykly gürrüň berilýärdi. Romanyň baş ideýasy adalat ugrundaky gazapdy göreşe bagyşlanypdyr. «1916-njy ýylyň fewralynda Jüneýit hanyň söbükbasarlary bularyň aldawyna düşen on müň adamdan ybarat türkmen we özbek daýhanlarynyň kömegi bilen, elleri ýaragly ýaňadan çykyş edip, Jüneýidi han diýip yglan etdiler. Hywany eýelediler, hanyň üç sany ministrini öldürip, hanyň özünden 60.000 manat töleg aldylar we parahat oturan ilata talaň salmak bilen meşgullandylar. Emma Ispendiýar hana kömege patyşa goşunlary olary tiz wagtdan soň Hywadan kowup çykardy...»5. Ine, roman özüniň gözbaşyny şular ýaly taryhy wakalardan alyp gaýdýardy. Jüneýit han Horezmde özüni han saýýan bolsa, ol ýerde özünden bidin çöp başynyň gymyldamagyna ýol bermeýän bolsa, romanda onuň garşysyna tutuş halk aýaga galdyrylýar. Netijede, şol göreş rewolýusion göreşe öwrülip, Horezm halkynyň azatlyga çykmagy ugrundaky adalatly göreşiň ojagy bolup çykyş edýär. Şeýle taryhylyk Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyňyň hem özeninde ýatyr. Oktýabr rewolýusiýasynyň öňüsyrasynda we şondan has öňräkki ýyllarda Mary şäheri rewolýusion pikirli adamlaryň köpüsiniň jemlenen ýeri bolupdy. Ýazyjy şol taryhy hakykat barada göni tymsallar getirmese-de, rewolýusion galkynyş barada anyk taryhy faktlara ýüzlenmese-de şol döwrüň ruhy bilen öz romanyňyň gahrymanlarynyň maksadyny baglanyşdyrmagy başarýar. Ine, şonuň üçin-de biz romanda rewolýusion galkynyşy, adamlaryň umytly hyjuwlaryny, olaryň rewolýusion tolkuna uly höwes bilen goşulyp gidişini görüp bilýäris. Rewolýusion hakykatyň taryhy çeperçilik bilen utgaşdyrylyşyny B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanyňyň birinji, ikinji kitabynyň özeninde hem görmek bolýar. Bu romanyň baş gahrymany Alymuhammet garrygalaly belli partizan, halk durmuşyndaky adalatsyzlyklary görüp, özi ýaly obadaş ýigitleri bilen ata çykan, ýurtda rewolýusion galkynyşy uly dabara bilen garşylan, haçan-da şol rewolýusiýanyň üstüne ölüm howpy abanan çagy özüniň atlylary bilen onuň goragyna çykan Allaýar Gurbanowyň gös-göni prototipidir. Bu barada Türkmenistan SSR-niň taryhynda şeýle ýazylypdy: «Garrygala sebtinde Allaýar Gurbanowyň baştutanlygynda türkmen daýhanlaryndan we rus daýhanlaryndan ybarat hem-de sany boýunça ep-esli partizan otrýady uzak wagtlap üstünlikli hereket edýärdi. Şol otrýad ak gwardiýaçy hökümetiň ilaty goşuna mobilizasiýalamak üçin, azyk önümlerini taýýarlamak, paçlary, salgytlary ýygnamak üçin iberýän wekillerini ýerli obalara goýbermeýärdi we aýgytly hereketler bilen ilaty okkupantlaryň hem-de olaryň hakynatutma hyzmatkärleriniň edep-etdiliginden goraýardy6. Allaýar Gurbanowyň bu otrýady Gyzyl Goşun günbatara tarap hüjüme geçen wagty, Garrygala sebitlerini gelmişeklerden azat edip, soň Gyzylarbadyň töwereklerinde oňa goşulýar we tä duşman deňze gapgarylýança, gyzyl goşunyň hasabynda durýar. Romanyň fabulasy, ine, şu wakalardan hem-de taryhda bolup geçen anyk rewolýusion hem-de taryhy faktlardan düzülipdir. Şonuň üçin bu roman çapdan çykyp, halka ýaýran wagtynda halk: «Allaýar Gurbanow barada roman ýazylypdyr» diýip, bu eseri uly höwes bilen kabul edipdi. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda türkmen edebiýatynyň taryhy we taryhy-rewolýusion eserler bilen baýlaşmagy edebiýatymyzyň çeper obrazlar galereýesiniň has giňelmegine getirdi. B.Seýtokowyň «Doganlar» romany bu ugurda «Aýgytly ädim» romanyňyň edebi dolanyşyga beren çeper obrazlarynyň, çeper häsiýetleriniň örüsini has giňeltdi. Mysal üçin, «Doganlar» romanyňa çenli türkmen sowet prozasynda Ýefimowyň obrazyna meňzeş obraz ýokdy. Dogry, «Aýgytly ädim» romanynda Iwan Çernyşowyň obrazy bilen Ýefimowyň obrazynyň arasynda belli derejede utgaşyklyk ýok däl. Meselem, Iwan Çernyşow hem rus işçisi, Ýefimow hem rus, özem inžener. «Aýgytly ädim» romanyňyň ilkinji kitaplarynda-da Iwan «kitdi bar», «geldi ýok» diýen ýaly äheňde söz urup, türkmenler bilen gürleşýär. «Doganlardaky» Ýefimow hem «keldi bar», «kitdi bar» diýip, eseriň ahyryna çenli şol bir äheň- de gürleýär. Asyl, «Doganlar» romanynda okyjylar Ýefimowy şeýle gepleýiş äheňsiz göz öňüne getiribem biljek däller. «Aýgytly ädim» romanynda Iwan romanyň baş gahrymany Artyk Babaly, Aşyr, Mawy, Durdy dagy bilen aragatnaşyk saklap, olaryň asynda rewolýusion paýhasyň, rewolýusion hyjuwyň emele gelmegine täsirini ýetirýär. Ylaýta-da Artygyň aňynda rewolýusion özgerişligiň emele gelmegi üçin, onuň öz ýalňyşlaryna düşünip, halk göreşine gatyşmagyna yzygiderli täsir edýär. Eseriň soňunda bolsa Tejen etraplarynda rewolýusion galkynyşyň ýokary göterilmegine ýolbaşçylyk edýär we rewolýusiýanyň gazananlaryny goramaga Gyzyl Goşuna kömek berýär. «Doganlar» romanyndaky Ýefimow hem edil şeýle edebi ykbaly başdan geçirýär. Ol hem ilki Horezmde elektrik stansiýasyny gurmaga gelen «gara geýim» adyny alýar. Kem-kemden bolsa Saparmyrat, Kasym, Akjagül, Ýagmyr, Salaý jerçi ýaly ak ýürekli adamlara täsirini ýetirýär. Ylaýta-da Saparmyrat ýaly yňdarma, ýekesözli, öz ynanjyndan däneninden janyny berenini ýagşy görýän adamyň hem rewolýusion ýola düşmegine, Horezmde rewolýusion işiň dabaralanmagyna uly ýardam etmegine täsir edip bilýär. Eseriň ahyrynda Ýefimow hem halky rewolýusion göreşe galkyndyrýar. Rewolýusiýa ýeňip üstün çykandan soň bolsa, ol rewolýusiýanyň gazananlaryny goramaga aýaga galýar. Ol halk häkimiýetini, rewolýusiýany goraýjy gyzyl komandirleriň biri bolup ýetişýär. Jüneýit hana garşy göreşde taplanmagy Saparmyradyň, Kasymyň uly serkerde bolmagyna hemaýat edýär. Şeýle utgaşmalar, elbetde, bu iki romanda az däl. Emma bu iki romanyň iki gahrymanyny deňeşdireniňde B.Seýtäkowyň Ýefimowyň häsiýetini açmaga, onuň obrazyny töwerekleýin işlemäge has köp üns berendigini duýmak bolýar. «Aýgytly ädim» romanynda Iwan Çernyşýewiň eli işden sypynmaýar. Ol Artyk bilenem esasan, ýa Aşyryň, ýa Durdynyň, ýa-da başga biriniň üsti bilen aragatnaşyk saklaýar. Emma Ýefimow halkyň içinde ýaşaýar. Onuň ilkinji gelip düşen ýerem Saparmyratlaryň heniz del milletden bolan adamyň gadamynyň düşmedik öýi. Ýefimow gele-gelmäne Saparmyradyň özündenem beter bir-gepli, indi telim ýyldyr ebgar bolup ýatan kakasy – Baýrammyrat aganyň göwnüni awlaýar. Ony doktora görkezýär. Bu perişde ýaly ýaşulynyň ak patasyny alýar. Ol munuň bilenem çäklenmeýär. Romanda Kasym atly ýigit, özem süňňi pes, gul hasaplanylýan ýigit Saparmyradyň, süňňi belent, iç urugynyň Akjagül atly gyzyny alyp gaçýar. Bu işden ganyň ysy gelýär. Çünki asyrlarboýy tire-taýpa dawasynyň tutaşmagyna «sen gul, men ig» diýen ýaly düşünje hem baş sebäpleriň biri bolup gelipdir. Ine, şu ýerde-de şeýle gyrgynçylygyň gözi görnüp dur. Saparmyrat öljek-galjak, emma öz aryny köýdürjek däl. Ine, şu ýerde-de Ýefimow onuň ýoluny kesýär. Saparmyradyň ýüzi çym gyzyl boldy: – Sen heniz-de meniň näme diýjek bolýanyma düşüneňokmy? Hany meniň gyzym? Hany meniň perzendim? Sen näme üçin ony gul oglunyň syrtyna berip goýberdiň? Sen şu maksat üçin meniň bilen dost bolduňmy? Eger-de sen meniň gyzymy sag-aman tapyp bermeseň, men seniň ýakaňdan elimi aýyrmaryn! Ol barha gyzýardy. Onuň gahary güýjeýärdi. – Eý, tüweleme, menem jan ýaly dogan tapdym diýip begenipdim-ä... Beterem dogan tapan ekeniň. Hawa, seniň ýaly agzyny öweldip ýöreniň geregi-de şol – diýip, Saparmyrat öz maňlaýyny taýly gezek ýumruklady. Saparmyradyň şeýle ýagdaýa gelip ýetenine Ýefimowyň ýüregi awady. Ony häzir diňe Kasymyň nämälim ýagdaýy, onuň zym-zyýat bolmagy ynjalyksyzlandyrýardy, gorkuzýardy. Ýefimow Akjagülden arkaýyndy. Onuň örän berk ýerdedigine Ýefimow ynanýardy. «Kasym onuň ýanyna gaçandyr. Ol tiz bir ýerden çykar. Bolmasa-da Arjanow işçileriň üsti bilen tapar» diýen pikir kellesine gelip, ol köşeşdi. Sowukganlylyk bilen Saparmyradyň ýüzüne seretdi: – Senki meni öldümäge geldi? Pyçak getirdi? Şu sowukganlylyk hem Saparmyrady guduzlatdy. – Ýok, senden ýüz döndermäge geldim! Gul ogly bilen ol ýer çekeni öldürmäge geldim. Olary derrew tapyp ber. Men edil seniň gözüniň alynda ikisiniň-de läşini sereýin! Bir çemçe ganlaryny içip, yzyma dolanaýyn... – Seniňki ganhor... – Özüňde oturan gyzyňy biri alyp gaçaýsa, senem ganhor bolarsyň. Onda-da niredäki gullardan biri... – Ýok, gul alyp gaçdy, sen alyp gaçdy, meniňki ganhor boldy ýok... Meniňki olary gutlady bar... Olara ýagşy durmuş isledi bar. Saparmyrat ilki bilen öz gulagyna ynanmady. Soňra Ýefimowyň sözlerine düşünmedimmikäm diýip, göwnüni böldi. Ýefimow hem onuň ýagdaýyny aňan ýaly: – Hawa, ýagşy durmuş isledi bar – diýip, öňki pikirini gaýtalady. ...Şu wagt gul ogly gelip, munuň ýetişen gyzyny alyp ötägitse bilýän, bütin älemi ot bilen ýalyn ederdi...» diýen pikirler Saparmyrady aldym-berdime salýardy. Ol şu arada janyny barlamakçy bolup: – Gullardan biri äkitse-de ýagşy durmuş islärmidiň? – diýip sorady. – Hawa, hökman isledi bar... Ýagşy adam gul diýdi ýok. – Seniň aryň-namysyň ýokmy? Perzendiňi ýigrenýärmiň? – Meniňki ar-namys uly. Köp bar. Seniňki ar-namys ine, şunuň ýalyjak boldy bar – diýip, külbikesiniň dyrnajygyny görkezdi. Soňra dowam etdi: – Gyz boldy, äre çykdy, ogul boldy aýal aldy. Söýüşdi çykdy, söýüşdi aldy bar. Seniňki ar-namys gorady bar. Olara kömek berdi bar. Ýagşy durmuş isledi bar. Olar bagtly boldy bar. Meniňki saňa ýene bir gezek aýtdy bar. Kasym gul, sen gul, men ogul. Häzir şeýle boldy gerek... Bizde gul ýok... Soňra Ýefimow güldi-de: – Seniňki gan gerekmi? Meniňki saňa tapdy bar. Seniňki hanyň ganyny içdi bar, onuň gany köp boldy. Onuň gany ganlardan emele geldi... Ýefimow özüniň sada, täsin gepleýşi bilen Saparmyradyň telpegini ters geýdirdi. Saparmyrat indi gara batyp, näme diýjegini bilmän Ýefimowyň mylaýym ýüzüne seredip otyrdy...»7. Bu uzyn dialogy epizody getirmegimiz ýöne ýere däl. Bu ýerde yňdarma, dar düşünjeli, arym köýenden imanym köýsün diýip ýören sada daýhan Saparmyradyň aňyna zarba urulýar. Dogrusy, Saparmyrat juda yňdarma adam. Ýöne ol Ýefimowyň owadan gepine ynanyp, ýa-da ondan çekinip, ýa onuň iliň öňüne düşýändigi üçin bu zabun niýetinden el çekenok. Ýefimow onuň öýüne baryp, duz-çöregini iýen adam. Ol birinjiden, Ýefimowyň özüniň beren duz-çöregine kast etmejegine ýagşy gözi ýetik. Ikinjiden, Ýefimowyň onuň özüne-de, çagalaryna-da ýamanlygynyň ýoklugyna düşünýär. Üçünjiden, Ýefimow onuň baslygyp galan ynsabyny yralaýar. Ol bu ýerde Kasym ýaly asylly, sypaýy, batyr ýigitleriň gul däl-de, şolary gul diýip kemsiden adamlaryň guldugyny oňa düşündirýär. Saparmyrat bu adama düşünýär, oňa ynanýar. Çünki bu adam onuň kakasy Baýrammyrat aga bilen duz-çörek iýişip, şonuň hormatyny gazanan adam. Ol bu adamy ynjytsa, kakasynyň mukaddes ýadygärligini ynjytjakdygyna düşünýär. Bularyň barynyň üstüne, ol Ýefimowyň hereketinde-de, gepinde-sözünde-de, ikilik-hä däl, çiglik hem görnenok. Ine, şu ýagdanlar Saparmyrady pälinden gaýtarýar. Ýefimowyň ynsançylyk, graždanlyk batyrgaýlygyny biz onuň Ýagmyra bolan gatnaşygynda hem görýäris. Saran gurluşykda işleýän Kasymy masgaralap ýenjende Ýagmyr bu süteme çydaman, baryp ony pyçaklap öldürýär. Bu habar Jüneýit hanyň gulagyna ýetýär. Onuň atlylary Ýagmyry hanyň zyndanyna atýarlar. Han bolsa oňa heniz ynsan balasyna edilmedik jeza ulanýar. Tüp yssyda depesinden ilki bir käse suw, soňam bal guýýar. Jöwza, bala üýşen siňek, eli-aýagy daňylan Ýagmyryň huşuny başyndan uçuryp, dälilik hetdine ýetirýär. Emma bu zalym hanyň gazabyndan gorkýan adamlaryň birem onuň ýanyna baryp bilenok. Diňe Ýefimow bu işe batyrlyk edýär. Ol ýalaňaç Ýagmyry ilki arkasyna alyp, soňra ýabysyna mündürip, Mätşerip ekäniňkä getiýär. Mätşerip ekäniň dilini tapyp, ondan Ýagmyr üçin geýim, azyk alýar. Soňra bolsa öz öýüne alyp gelip, Ýagmyr gutulýança ony şol ýerde saklaýar. Ine, şu ýagdaý hem Saparmyradyň we beýleki oba adamlarynyň gözüniň alynda bolup geçýär. Olar Ýefnmowyň adamkärçilik sypatlaryny görmek bilenem çäklenmän, onuň mertligine haýran galýarlar. Olarda «täze döwrüň adamsy seýle bolmal-ow, Ýefim bizi şeýle durmuş gurmaga çagyrýar-ow» diýen ýaly düşünje emele gelýär. Ine, Saparmyrat oňa şonuň üçin ynanýar. Saparmyrat şeýle ynanç bilen Ýefimowyň egindeşine öwrülýär. Onuň bilen birlikde Kasym, Çerkez, Ýagmyr, Akjagül, Salaý jerçi ýaly onlarça adam rewolýusiýanyň ýoluna düşýär. Emma biz «Aýgytly ädim» romanynda Iwan Çernyşýewiň şeýle göreldesini duýup bilmeýäris. Başda Iwan, esasan akyl berip ýören maslahatçy adam hökmünde orta çykýar. Soň, romanyň ahyrlarynda ol Artyk bilen ine-gana sözleşip bilýär. Bu ýerde «rewolýusion adam diňe paýhasly bolmaly, rus rewolýusionerleri diňe ýol görkezmeli, maslahat bermeli» diýen ýaly shematiklik bar. Şonuň üçin B.Kerbabaýewiň Iwany birneme passiwräk hereket edýär. Ýogsa, Artygyň durmuşynda-da, oba adamlarynyň durmuşynda-da Tejenli waka meselesinde-de, Eziz hanly meselede-de Iwan aktiw hereket edip, halka, Artyga köp kömek edip biljek. Emma beýle ýagdaýy eserde görüp bolanok. Artyk Anany alyp gaçýar, baýlar bilen ýekelikde göreşýär, ýekelikde şarpyk dadýar... Oňa Aşyr söz bilen hemaýat edäýmese, golaýyna gelýän ýok. Emma Ýefimow Iwan ýaly obany, oba adamlarynyň psihologiýasyny bilmän oturan adam däl. Ol adamlar bilen okaraly-tabakly gatnaşýar. Olaryň toýuny-ýasyny sowuşýar. Ol şeýdibem adamlaryň ýüreginden orun alýar. Şonuň üçin Saparmyrat oňa ynanýar. Şonuň üçin eserde diňe bir Saparmyrat däl, beýleki ýigitler hem Ýefimow öl diýse ölmäge taýýar. Ine, şu nukdaý nazardan garanyňda «B.Seýtäkowyň obrazyna has köp agram salapdygyny görmek bolýar. Nähili-de bolsa: «Rewolýusion ideýanyň dabaralanmagy ugrunda görülmedik batyrlyk, başarjaňlyk bilen hereket edýän wlasowlar, diňe bir Russiýanyň özünde däl, onuň sostawyna girýän beýleki halklaryň rewolýusion göreşiniň guramaçylary boldular. Olar Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň taýýarlanýan we amala aşyrylýan döwründe türkmen zähmetkeşleriniň hem synpy taýdan birleşip hereket etmeklerini guramakda örän uly rol oýmadylar. Ine, şonuň ýaly wlasowlar SSSR halklarynyň şol sanda türkmen halkynyň hem çeper edebiýatynda ilkinji bolup, giň zähmetkeş köpçüligi bilen berk baglanyşykda hereket edýän gahrymanlar hökmünde suratlandyrylýardy»8. Türkmen sowet edebiýatyna hadysa hökmündä giren taryhy we taryhy-rewolýusion romanlaryň esasy gahrymanlary bolan Iwan Çernyşýew («Aýgytly ädim»), Ýefimow («Doganlarda»), Mihail Solodownikow («Gyz salgydynda»), Sergeý («Ykbalda»), Andreý Andreýewiç («Sumbar akýarda») şeýle obrazlardyr. Bu obrazlar barada edebiýatçy Öde Abdyllaýew ýokarda getiren pikirini ösdürip: «Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyndaky Iwan Çernyşýew düşünjeli ugurtapyjy, öwüt-nesihat beriji, sowuk ganly, guramaçy rewolýusioner. Taryhy-rewolýusion temada ýazylan beýleki eserlerdäki rus rewolýusionerleriniň – Beki Seýtokowyň «Doganlar» romanyndaky Ýefimowyň, Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyndaky Sergeýiň, Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanyndaky Andreý Andreýewiçiň obrazlarynda-da Iwan Çernyşýewiňki ýaly sypatlar jemlenýär. Dogry, olaryň gatnaşýan aýry-aýry wakalarynda tapawut hem bar. Emma şol wakalarda olaryň ýüze çykýan gylyk-häsiýeti, düşünjesi bilen biri-birine gaty ýakyn»9 diýen sözleri bilen ylalaşmazlyk asla mümkin däl. Şeýle-de bolsa, Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanyndaky Ýefimowyň obrazynyň beýleki obrazlar bilen bir hatarda goýulmagy bilen ylalaşasyň gelenok. Çünki «Doganlar» romanynda Ýefimow diňe bir rewolýusioner gahryman däl-de, ençeme gahrymanyň durmuşa, biri-birine bolan gatnaşygyny janlandyrýan, sazlaşdyrýan obraz hökmünde-de orta çykýar. Dogry, «Aýgytly ädim» romanynda Iwan Çernyşýew käte Artyga duşup, «sen Eziz handan arany üz», ýa-da ol türmä äkidilip barýarka: «Artyk, gaýrat et!» diýip gygyrýar. Ol Artyga şunuň ýaly dil kömegini edip durýar, maslahatlar berýär. Emma Ýefimow welin maslahat bermek bilen çäklenmeýär. Durmuş garşylyklaryna boýdan-başa onuň özi gatnaşýar. Mundan başga-da romanyň gaty köp gahrymanynyň häsiýeti hut Ýefimowa bolan gatnaşykda, ýa-da şonuň pikir-paýhasy bilen baglylykda açylýar. Biz ýokarda garap geçen meselelerimizde-de bu ýagdany belläpdik. Baýrammyrat aganyň durmuşa bolan garaýşyndaky özgerişde-de, Ýagmyryň Kasymyň arkasyny tutup Ýarany öldürmeginde-de, Ýagmyryň ölümden halas bolup, rewolýusiýanyň tarapyna belli-külli geçmeginde-de, Kasymyň ölmän, gaýta rewolýusiýanyň esgeri bolmagynda-da, Saparmyradyň aňyndaky, ýüregindäki uly özgerişde-de, zähmetkeş halkyň wekilleriniň Jüneýit hanyň galtamançylykly çozuşlaryna garşy durmagynda-da, ahyr soňunda Horezmde rewolýusiýanyň dabaralanmagynda-da, rewolýusiýanyň gazananlarynyň goralmagynda-da Ýefimowyň täsiri bar. Ýazyjy, Ýefimow obrazyny diňe bir häsiýeti köp taraply açylýan gahryman hökmünde orta çykarman, ony romanyň merkezi figurasy edip görkezmegi başarypdyr. Türkmen edebiýatynda hiç bir taryhy we taryhy-rewolýusion eserde-de Ýefimow ýaly töwerekleýin işlenilen obraz heniz ýok diýip batyrgaý aýdyp bolar. Muny professor Jora Allakow hem: «Ýefimow gumanizme hem söweşjeň häsiýete eýe. Awtor ony dürli wakalaryň, anyk durmuş detallarynyň üsti bilen ýüze çykaryp görkezýär. Muňa onuň Jüneýit hanyň nökerleriniň garşysyna aýgytly çykyş edýän «gul ogly» Kasymyň adamçylyk mertebesini goraýşynda-da, garyp ýigit Ýagmyry tussaglykdan boşatmak üçin edýän aladalarynda-da, Daşhowuzda rewolýusiýanyň giň gerim almagy üçin edýän hereketlerinde-de görmek bolýar. Aýratyn-da romanyň III kitabynda Ýefimowyň Bedirkende gelşi, Jüneýit hanyň salgyt ýygnaýjylarynyň garşysyna halky aýaga galdyryşy şowly görkezilipdir. Şu waka bilen baglylykda Ýefimowyň obrazy gowy aýdyňlaşypdyr. Hut Ýefimowyň aýgytly we paýhasly edýän hereketleriniň netijesinde hanyň halkdan uruş üçin ýygnajak uly salgydy başa barmaýar. Jüneýit hanyň garşysyna halkda dörän gahar-gazaby, stihiýalaýyn hereketi Ýefimow aňly-düşünjeli ugra gönükdirýär. Hanyň salgydyna garşy köpçüligiň agzybirlikli hereket etmegini gazanýar. Ýefimow bedirkentli daýhanlaryň zalym Jüneýit hanyň garşysyna eden bu çykyşyny beýleki obalarda-da propagandirlemegi gazanýar... Ýefimowyň obrazy türkmen sowet edebiýatynda döredilen rus rewolýusioner işçileriniň obrazlarynyň iň şowlularyndan biridir»10. Professor Jora Allakow Ýefimowyň obrazy barada, onuň artykmaç taraplary barada, öz obrazyň türkmen edebiýatydaky orny barada juda dogry pikir aýtmak bilen, köp derejede bu obrazy öz wagtynda dürli garaýyşlardan hem gorady. Çünki bu obraz barada şol bir awtorlaryň dürli pikirleri hem bolupdy. Tankytçy A.Myradow «Sowet Türkmenistany» gazetinde çap etdiren makalasynda Ýefimowyň obrazyny öwüp arşa çykaran bolsa, «Тyркменская искра» gazetindäki makalasynda: «Hiç bolmanda romanda esasy gahrymanlaryň biri Ýefimowy alyp göreliň. Awtor onuň ruhy taýdan gujurlanyp, ýokary ahlaklylyk taýdan prosesini açyp bilmändir, ony hereketde görkezmän, diňe dabaraly häsiýetlendirmeler bilen çäklenipdir»11 diýip ýazýar. Professor bu ýagdaýy bellemek bilen, özüniň bu obraz baradaky öňki pikirinde galýar. Umuman, türkmen taryhy we taryhy-rewolýusion prozasynda bolşewikleriň obrazyny döretmäge edilen synanyşyk az däl. Şeýle-de bolsa B.Seýtäkowyň «Doganlar» romanyndaky ýaly derejä ýetirmek,ony halkyň arasyna çuňňur ornaşdyrylan, janly, ygtybarly obraz ýagdaýyna ýetirmek beýleki ýazyjylara garanda B.Seýtäkowa has oňat başardypdyr. Muny «Ykbal» romanyňyň hem-de «Doganlar» romanyňyň deňeşdirme esasynda türkmen edebiýatynda roman döretmekdäki ussatlyk barada uzak wagtlap derňew geçiren edebiýatçy Kaka Salyh hem «...Doganlaryň» awtory Beki Seýtäkow bolşewikleriň halk köpçüliginiň içinde geçirýän işlerini, olaryň halkyň aň-düşünjesine edýän täsirini, «Ykbalyň» awtory Hydyr Derýaýewe garanda, has giň, has köptaraply görkezýär. Hydyr Derýaýew bolşewikleriň halk köpçüligine edýän partiýa ýolbaşçylygyny, esasan, diňe Sergeý Ýaroşenkonyň obrazynda jemläp görkezýär...»12 diýip, dogry belleýär. Munuň üstesine, Sergeýiň obrazy bilen Ýefimowyň obrazyny alyp göreniňde, olaryň durmuşdaky hereketi, halka ýetirýän täsiri, rewolýusion işe ýolbaşçylyk edişi, graždanlyk hem-de rewolýusion göreşi we aktiwligi ýer bilen gök ýalydyr. Mysal üçin, «Ykbal» romanyňa Sergeý taýýar obraz hökmünde girýär. Ol bu romanyň «Diwalda» diýen bölüminde okyjy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Diwalda Uzugyň ykbaly orta atylanda onuň adalatsyz çözülýän pursady Orazsoltan ejelerde gaty gynançly gürrüň gidip durka, ol Orazsoltan ejeniň uly ogly Gylyçly bilen duýdansyz gelýär. Ol gelmänkä Orazsoltan eje ony öwüp arşa çykarýar. – Ol Sergeý diýilýän adamlary tüýs garyp üçin dörän adam. Men ony kakasy aradan çykaly bäri, arza ýazdyrmak üçin, maslahatlaşmak üçin onuň ýanyna köp barýan, onuň aýalam gowy adam. Barsaň – içeri gir – diýip, çaý-çörek goýup, gara gadyr, ýöne türkmen dilini oňat bilenok. Ärini çagyryp – aýt – diýýä. Ärem maňa aýdyp berýä. Ol maňa bir göwünlik berýä, bir göwünlik berýä... Ärem bolsa süýdüň öňünde näme aýtmalydygyny maňa birin-birin aýdyp berýä. Şondan soň bozuk göwnüm biraz aram tapýa»13. Ine, awtor şu ýerde Sergeý barada ähli aýtmaly zady aýdyp, soňam, edil şol gürrüňiň yz ýanyndan ony bu ýere getirýär. Sergeý gelenden soň awtor ýene-de umumy gürrüňe geçýär. Sergeý köp wagtlap gürrüň berip oturdy. Sergeý özüniň gürrüňi bilen oturanlaryň aňynda adalatsyzlyga garşy näletli pikirler döredendigini aňlady. Adamlaryň agzyndan otly-ýalynly sözler çykyp, çabyramaga başlady...» 14. Ine, onsoň awtor sözi Sergeýiň özüne berýär: – Sergeý. – Şeýle, adamlar – diýende, bary köşeşip, Sergeýe gulak saldylar. Meniň şu ýerde aýtjak zatlarymy menden öňürti size durmuş aýdypdyr. Birazajyk aňy-paýhasy bar adam şu durmuşa düşünmeli. «Pristewiň, diwallaryň ýanyna barjak bolsaň, ugran ýeriňden kagyz manatdan ýol salyp, şonuň üsti bilen ýöräp barmaly. Bolmasa pristewiň ýolam tapylanok, barsaň gapysam açylanok. Garyplarda bolsa pul ýok. Indi nätmek gerek? Erte däl, birigün diwallaryň bary pristewiňkä diwala ýygnanýarlar. Men muny açyk eşitdim. Şol diwala Bekmyrat baý hem çagyrylýa... munam eşitdim. Belki, Bekmyrat baý şu iş üçin çagyrylandyr. Orazsoltan daýzama-da şu günde-ertede çakylyk haty geler ýa-da poşçy gelip çagyryp gider. Indi, eger-de Orazsoltan daýzamy çagyraýsalar, onuň ýeke özüni ibermän, obaň daýhanlary bolup, hemmäňiz bilen gidiň. Adam näçe köp gitse, şonça gowy»15. Bu ýerde okyjy Sergeýiň sözünden, onuň pikirleriniň oturanlara edýän täsirinden awtoryň oňa berýän bahasyny köpräk duýup, köpräk okap bilýärler. Çünki bu ýerde Sergeý şol bir belli zatlar barada gürrüň bermekden, baýlaryň adalatsyzlygyny köteklemekden özge zady eşidip bilenoklar. Ýöne, awtor onuň bilen hem kanagatlanmaýar: «Sergeý özüniň gürrüňi bilen oturanlaryň aňynda adalatsyzlyga garşy näletli pikirleri döredendigini aňlady» diýmek bilenem çäklenmän, onuň uzyndan-uzyn manologlaryny okyjynyň üstünden guýup başlaýar. – Ýene-de bir söz aýtjak: eger-de Bekmyrat baýyň işini suda geçirmeli diýen karary diwalda çykarmasalar, siz şeýle kararyň çykarylmagyny talap etmelisiňiz. Tä şeýle karary okap berýänçäler siz talabyňyzy güýçlendirmelisiňiz. Olar beýle karar çykaryp bilmezler, sebäbi Bekmyrat baý eýýäm olaryň barysynyň garagyny pul bilen gapandyr. Şeýle-de bolsa, edýän talabyňyzy gitdigiçe güýçlendirersiňiz. – Pula satylyp, puluň aşagynda boglup galan diwallar bize gerek däl. Bu diwallaryň birem bize gerek däl, diwallar täzelensin, halkyň agysyny etjek, adalatly diwallar bolsun – diýersiňiz. – Kazy hem başga bolsun – diýersiňiz. Ynha, şu talabyňyzy güýçlendirersiňiz, size hiç zat edip bilmezler, gorkman – diýip, Sergeý sözüni soňlady». Şondan soň Sergeý öz programmasyny ýerine ýetirip, yzyna gidýär. Soňra ol «Aý, Sergeý bu zatlary bizden gowy bilýä, şonuň bilen maslahatlaşmaly» diýen ýaly jümleler bolaýmasa, birinji kitabyň dowamynda okyjy onuň bilen duşuşmaýar. Ikinji kitabyň «Ak tam» diýen bölüminde indi Sergeý halkyň arasyna däl-de, halk, ýagny Ogulnyýaz eje bilen Orazsoltan eje onuň öýüne barýar. Onsoň awtor Sergeýiň terjimehalyny, onuň iş aladalaryny gürrüň berip başlaýar. Dünýäniň gürrüňini edenden soň, ol bu aýallaryň habaryny alýar. Ol aýallaryň ýanynda birgiden zeýrenýär. Sergeý soň Aşgabada gaýdýar. Ol ýerde Boris Petrowiç Nataşa bilen duşuşýar, Berdini gazamatdan çykarmagyň ýollary barada maslahatlaşýar, ýene-de bir topar zeýrenýär. Awtor, ony her sapar agyr çaknyşykdan ýa-da kimdir bir emeldar bilen çaknyşmakdan aňsatlyk bilen halas edýär. Ol Boris Petrowiç duşuşanda-da nähili işlemeli, nähili söweşmeli, nähili propaganda geçmeli ýa-da nähili işler alyp barmak bilen rewolýusion göreşe näme goşant goşupdyr, şony aýtmaga derek: «Siz özüňiz bilýäňiz. Mary işçiler guramasy maňa obada iş alyp barmaly – diýip, tabşyryk berdi»16 diýip, söze başlaýar-da, zeýrenip keýpden çykýar. Ol «Gazyçylar ak tamyň ýanynda» diýen bölümde-de zähmetkeş adamlaryň arasynda bolýar. Olara Samaradan gelen haty okap berýär. Zeýrenişýän gazyçylar bilen deň zeýrenişýär. Olara öwüt-nesihat berýär, adamlary öýüne çagyryp naharlaýar. Ol gazyda maýrylan adamlaryň çäginiň hakyny almaga-da, suw nobatynda adalatlylygyň saklanmagynda-da, Berdi bilen Allagyň Suhan gatydan aryny almagyna-da hemaýat edýär. Jigisi bilen ýetim galan Maýa atly gyzjagaza-da hossar çykýar. Ýöne bu ýagdaýlar Sergeýiň merdana, rewolýusion obrazyny güberçekledip orta çykaryp bilenok. Munuň üstesine awtoryň Sergeýe berýän bahasy, adamlaryň ony öwüşi, bu obrazy has solaksy edip görkezýär. Sebäbi Sergeýiň obrazynda «Aýgytly ädimdäki» Iwan Çernyşýewiň salykatly täsiri «Doganlardaky» Ýefimonyň batyrgaýlygy, işjeňligi görnenok. Awtor ony şeýle passiw hereket etdirmek bilen, ilki bilen-ä onuň çekmeli ýüküni öz sözleriniň gerşine alýar, ikinjiden hem Sergeý obanyň zähmetkeşinden beter zeýrenjeň görkezilýär. Ol patyşa zulmuny, patyşa düzgüniniň adalatsyzlygy barada gürrüňi halys zeýrenmä öwüräýär. Şol zeýrenme zerur ýerinde, halkyň ynamyna giriljek bolnanda, ýa-da adamlara bir ýowuz zady düşündirjek bolanynda zerur bolsa bolýandyr. Emma onuň zol-zol gaýtalanyp durmagy gahrymanyň obrazyny solgunlaşdyrýar. Bu ýagdaýlar Sergeýiň obrazynda-da şeýleräk bolmagy mümkin. Mundan başga-da, awtor Sergeýi durmuşdaky köp meselelere gatnaşdyrýar. Emma şol meselelere bolan gatnaşykda Sergeýiň rewolýusionerlik, batyrlyk häsiýetiniň açylyşyny görüp bilmeýäris. Onda, esasan, awtoryň täsiri agdygrak duýulýar. Emma biz «Doganlar» romanyndaky Ýefimowyň obrazynda başgarak ýagdaýy görýäris. Ýefimowyň her bir hereketi ynandyryjy, onuň üstesine-de bu romanyň položitel gahrymanlarynyň köpüsiniň häsiýetiniň açylmagynda Ýefimowyň täsiri ýa-da oýnaýan roly bar. Olar ýa-ha köplenç Ýefimow bilen gatnaşyk edýärler ýa-da şonuň tabşyrygy boýunça haýsydyr bir işi etmekde kynçylyga gabat gelýärler. Emma Sergeýiň tabşyrygyny ýerine ýetirende kynçylyga duşýan adam ýok. Munuň tersine, köplenç Sergeý ýa-ha gahrymanlar bilen tötanleýin tanyşýar, ýa-da ol gahrymanlaryň tötänleýin kynçylykdan sypmagyny guraýar. Bu bolsa gahrymanlaryň ykbalynyň häsiýetinde yz galdyrmagyna ýaramaz täsir edýär. Romanda Sergeý oba aýallarynyň haýyşy boýunça Aşgabada gelip, şol ýerde öz rewolýusion ýoldaşlary bilen Berdini gazamatdan çykarmagyň maslahatyny edýärler. Bu ýagdaý şeýle ýönekeý çözülýär. Netijede, Berdini şeýle bir täsin ýol bilen gazamatdan ýeňiljek çykarýarlar. Şeýle ýagdaýlar Sergeýiň-de, Berdiniň-de häsiýetiniň töwerekleýin açylmagyna täsir etmeýär. Tersine, okyjy şol durmuşyň ýasamadygyny, ynandyryjy däldigini bada-bat duýýar. Bu ýagdaý romanyň üçünji kitabynda hem dowam edýär. Mysal üçin: – Yzdan ýene birnäçe adam sözledi. Soňra Sergeý geplemäge başlady. – Ýoldaşlar, häzir biz bazara baryp, jarçynyň gygyrmasyny goýdursak, ertirem ýygnaklaryny çagyrsak, menşewikler, es-erler türkmen baýlaryna täzeden ot berip goýberýärler. Belki, olaryň üçüsiniňem bileleşip, biziň garşymyza has uly hem gorkuly iş alyp barmaklary ähtimaldyr. Şeýle bolýan bolsa, geliň, şu meselä biz ýuwaşlyk bilen baralyň. Dogry, häzir bizem türkmen zähmetkeşlerini öz tarapymyza çekmekde şeýle bir öwnerlik iş alyp baryp bilemizok. Şol derejede Mary menşewikleriniňem, es-erleriňem türkmen baýlaryny öz tarapyna çekmekde eden işleri öwerlikli däl. Geliň, häzir olaryň garşysyna başga bir syýasat bilen çykalyň. Birden Kolesow ýaly ýalňyşyp, bizem türkmen baýlaryny garşymyza çykaraýmalyň. Arynyň öýjügini gorjasaň öjüger. Ýöne siz şu işi Gylyçly, Atabaýew, işan Noý – Garagöz dördümize tabşyryň. Biz şunuň hötdesinden geljek bolup göreli – diýip, Sergeý sözüni soňlady»17. Awtor birinji, ikinji kitabynda has güberçekledip orta çykaryp bilmedik obrazyny indi has aktiwleşdirmegi ýüregine düwýär. Şonuň üçin-de bu ýygnakda Sergeýiň özi söz alyp, özi ýumşy sorap alýar. Emma okyjy Sergeýiň türkmen baýlary bilen alyp barýan işini, bu işde Sergeýiň ruhy we fiziki azaplarymy görüp bilmeýär. Gaýta, Sergeý ol işi birýaňalyk etmezden täze bir ýumşy sorap alýar. «Tejeniň Agalaň diýen ýerinde Eziz han mesgen tutup, jigitleriniň sanyny birnäçe ýüze ýetirdi. Tersine gaýdan adamlary atyp başlady. Köp adamlar janlaryny gutarjak bolup, Tejenden gaçyp Mara geldiler. Tejen Soweti ýaman gorky astynda galdy. Eziz han haýsy gün güpbasdy etse edäýmäge gezek geldi. Tejen Sowetini dagadaýsa-da, yz ýanyndan Mary Sowetine erjeşjekdigine şübhe galmady. Şonuň üçin-de Mary Soweti aýylganç gorkuly duşmana biperwaý garap bilmedi. Özüniň ýapyk ýygnagynda neneňsi ýol bilen Tejen Sowetini aýylganç gorkuly duşmandan halas etmeli diýen meseläni goýdy. Bu hakda dürli pikirler boldy. Emma Eziz hanyň özüniň çäresini görmeseň, başga hili görüljek çäreleriň hiç biriniň-de netije bermejekdigi äşgärdi. Ýöne häzirki ýagdaýda beýle duşmanyň hötdesinden gelmek örän kyndy. Şeýle-de bolsa, Sergeý bu işi boýnuna aldy»18. Ine, Eziz hanyň öňüni almak barada-da Sergeýiň üstüne juda uly wezipe ýüklenýär. Dogrusy, bu wezipäni hem onuň özi sorap alýar. Öňem, türkmen baýlarynyň garşysyna göreşmek wezipesini hem onuň özi saýlap alypdy. Emma awtor öz gahrymanlaryňy durmuş garşylyklarynyň jümmüşine çykaryp bilmäni üçin, nähilidir ýeňilräk bahana tapyp goýberýärdi. Meselem, Han saýlawynda awtor: «Öň Gylyçly, Sergeý dagy özara maslahat edenlerinde, Gaýgysyz şu ýygnakda bolşewikleriň tarapyndan geplemelidi. Emma bu ýerde sözlemegiň çigit ýaly netije bermejegine olar derrew düşündiler, sebäbi bu ýerik ýygnanan adamlaryň arasynda garyplardan bir adam hem ýokdy. Ol sebäpden Gaýgysyz söz sözlemedi. Emma Gylyçly, Sergeý, işan Noý – üçüsi adamlaryň arasynda, öň belleşişleri ýaly, wagyz-nesihat işini üstünlikli alyp bardy»19 diýip, olary duşman bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan, her dürli azaplardan boşadyp goýberiberýär. Şeýdibem, olaryň rewolýusion häsiýeti açyljak, aýdyňlaşjak pursatlary elden giderilýär. «Jadyly güýç» bölüminde-de Sergeýiň gatyşmaýan meselesi-de, bitirýän işi-de ýok. Mysal üçin, ol Berdiniň dagynyň Eziz hana goşulmak, şeýdibem, onuň nökerleriniň aňyna täsir etmek meselesine garşy bolýar. Berdi öz sözünde duranda-da oňa aýgyt edip, bir zat diýip bilmeýär. Soň olar gelýärkäler adamlaryň: «Bolşewikler: «Seniň heleýiň, meniň heleýim diýen zat bolmaly däl»20 diýýär diýen sözlerini eşidýärler. Emma Sergeý ýene sesini çykaryn bilenok. Şonda Gylyçly: – Beýle-de bir haýynçylyk bor oguşýan. Men häzir ýalan sözleýändiklerini gygyryp, halka aýan etjek – diýende, Sergeý: – Gygyr, ýöne töweregiň içalydyr, ýaragyňa berk ýapyş, diri ele düşmeli däldir» diýip maslahat berýär. Emma bu ýerde Gylyçly hem gygyrybam, söz sözläbem bilmeýär. Awtor, «aý, ok bir atylman galmasyn» diýýän ýaly, soňra Sergeýi gygyrdan bolýar. Emma onam hiç kim eşitmeýär. «Ukusyz gije» bölüminde bolsa Sergeý bilen Gylyçly Ogulnyýaz ejäniň tüýnükli kepbesinde, pelteli çyranyň öçügsi yşygynda bütin gijäni maslahat edip geçirýär. Ýöne olaryň maslahaty hem «mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar ujy» diýen ýaly bir zada mezeýär. Sergeý dünýäniň gürrüňini edenden soň, Gyzylarbatda Frolowyň atylandygyny ýatladýar. Soňam olar Poltaraskiý baradaky gürrüňe geçýärler. Guraksy, çeper esere gelişmeýän ýagdaýda, informasion häsiýetde bu beýik şahsyýetiň gürrüňini edýärler. Onuň ele düşendigini aýdýarlar. Şol arada-da Berdi ör-gökden gelýär: – Ol häzir nirede? Gutarmak, çäresi bolmazmy? – diýip sorady. Sergeý ep-esli pikirlenenden soňra: – Poltaraskiniň ýeke özem däl, onuň ýanynda başga ýoldaşlaram bar. Şu gije ataýmasalar, ertir olary gutarmak çäresini görmeli – diýip, ýene agyr pikire gitdi»21 diýip, awtor ýene-de Sergeýi halas edýär. Öz-ä Mary şäheri bolsa, Poltaraskiý hem şonda tussag edilen bolsa, Sergeýiň özem professional rewolýusioner bolýan bolsa, ol çola ýerde näme edip otyr? Hany, onuň rewolýusionerlik ynsaby, hany, onuň adamlary göreşe galkyndyrmak, hakyky rewolýusionerleri goramak, olary halas etmek ugrundaky göreşi? Ol neme üçin şu gije ýa-da gündiz däl-de, atylmadyk bolsa Poltaraskini ertir halas etjek bolmaly? Näme üçin ol bu işe ýüregi hyjuwdan, umyt-arzuwdan doly, göreşe galkynmagyň, adalat ugrunda göreşiň ýoluny gözläp ýören Berdini, Durdyny goşanok? Olary göreşiň çyn ýoluna gönükdirenok? Dogry, ýazyja: «Eseri pylan hili ýaz, pylan gahrymanyňy pylan hili ýol bilen alyp bar» diýip, öwretmek bolanok. Gahrymany ýola salmak, onuň eseriň tutuş süňňi bilen, ideýanyň aýdyňlaşmagy, obrazlaryň ählisi bilen sepleşmegi üçin ýazyjynyň özi azap çekýär. Emma şu ýerde welin, bir möhüm ýagdaýy belläp geçesiň gelýär. Bir adam seniň halkyňy bagtly etmek üçin nirelerden gelip, janyny orta goýup hereket edip, ahyrynda-da duşmanyň azysyna düşýär. Ýerli rewolýusionerler hem «ol şu gije atylmasa, ertir ona kömek etjek bolaryň» diýip, derýanyň boýunda çolaja ýerde, asuda asmanyň astynda maslahat edişen bolup otyr. Eger awtor Sergeýiň, Berdiniň, Gylyçlymyň egnine Poltaraskini halas etmek ugrundaky azaplary, ýüki uran bolsady, bu rewolýusionerleriň häsiýetini şol kyn maksat ugrunda açan bolsady, onda öňde sanap geçen gürrüňlerimiziň ählisine degýän iş ederdi. Nämüçindir, awtor şeýle ýagdany elden gideripdir. Şeýdibem, Sergeý, Gylyçly, Berdi obrazlarynyň kämilleşmegine, hakyky gahryman bolup, okyjynyň aňynda galaýjak ýagdaýlardan olary halas edipdir. Awtor Sergeýi rewolýusioner derejesine ýetirmek üçin ony «Alty dogan» bölüminde söweşe salýar. Şol ýerde hem Sergeý, edil Berdiniň «Baýramgylyç pälwany öz tarapymyza çekmäge iberdiler» diýip gelşi ýaly, ýa-da Gylyçlynyň edil Sergeý şony görmek barada pikir edip durka gelşi ýaly, taýýar gahryman bolup orta çykýar. «Üç sany duşman Allagyň yzyndan duz meýdanda at goýdy. Sergeý dagy olaryn üçüsinem atyp, atdan agdardy. Noburyň gyrasy bilen basmarlap gelnen hüjümiň garşysynda dört merdan berk durup, ýaradar ýoldaşy ýagşy arany açýança, gaýduwsyz, söweşdi. San taýdan birnäçe esse artyk duşman dört doganyň daşyna aýlanyp başlady. Sagadyň her sekundy «gorky, gorky» diýip durmaga başlady. Doganlar atlanyp, şähere tarap basdylar, emma duşman sypdyrmady. Atyşyk at üstünde dowam edýärdi. Şol gaç-ha-kowlukda dört dogan bendiň gabadyna baranda, noburyň gündogaryna geçmek maksady bilen köprä dyrmaşdylaram welin, Sergeýiň aty tüwdürilip gitdi. Özem agyr ýaradar bolup, nobura agdarylyşyna suwuň içinde görünmez boldy. Durdyny şeýle agyr ýagdaý-da hopukdyrmady. – Berdi jan, duşmany ýekeje minut sakla – diýip, Sergeýiň yzyndan suwa urdy»22. Bu ýerde-de awtor Sergeýiň söweşjeň, edermen, gaýduwsyz, serkerdelik sypatyny açyp görkezerden ejiz epizodlary saýlap alyp, esasan, Sergeýiň başdan geçirmelerini öz adyndan gürrüň berýär. «Uçuksyz sowulmaz bela» bölüminde-de Sergeý ýene şeýle taýýar durmuşy başdan geçirýär. Durdy Sergeýi suwdan çykaryp, agyr halda Ogulnyýaz ejäniň öýüne getirýär. Ine, şu ýerde-de Durdy bilen Gylyçly ymyzganýar. Awtor bolsa Bekmyrat baýyň atlylarynyň oba aralaşanyny aýdýar. Şondan soň Sergeý hem edil düýş gören ýaly: – Ogulnyýaz eje, gapyny ýap-da maňa kiçi ýaragy äber. Durdy bilen Gylyçly tamda ýatan bolsa, tizräk oýaryň. Olar gapyllykda tutulaýmasyn»23 diýip aýdýar. Şondan soňam Bekmyrat baýyň atlylary gelip, Ogulnyýaz ejäniň işigini depip başlaýarlar. Şol pursat Sergeý hem sesini çykaryp bilenok. Onuň üstesine, «Durdy dagy Ogulnyýaz eje herki işiň hötdesinden başarnykly gelýän, pähim-paýhasly aýal bolansoň, bu işi hem ýeňil-ýelpaý sowar öýdüp garaşypdy»24. Şeýlelikde, içeri doly rewolýusioner, men diýen mert esgerkä Ogulnyýaz ejäniň bir özi Bekmyrat baýyň atlylary bilen söweş alyp barmaly bolýar. Şeýdibem, Ogulnyýaz eje olaryň okundan wepat bolýar. Şu ýerde, sähelçe-de bolsa duşmana gaýtawul bereni, mertlerçe durany üçin, okyjynyň ýadynda Sergeýden, Berdiden, Durdudan bu aýalyň obrazy köp saklanýar. Bu merdana türkmen aýalynyň namysjaňlyk, merdanalyk, lebzine, adalatlylyga wepalylyk häsiýeti ýüze çykýar. Munuň tersine, Sergeý, Berdi, Durdy dagy okyjynyň öňünde romanyň birinji, ikinji kitabynda eýe bolan mertebesinden hem pese düşýär. Romanyň üçünji kitabynyň «Görogly babam şaýat bolsun», «Jaňsyz kerwen», «Hüjüm ýolunda», «Hüjüm başlandy», «Frontuň öňünde» ýaly bölümlerinde-de awtor Sergeýiň ýüküni agraldyp bilmeýär. Bu bölümlerde-de Sergeý dagy ýaňy söweşe girjek bolanda olaryň duşman tarapy kimdir biriniň tanşy ýa-da daýysy bolup çykýar. Şeýdibem, olaryňky şowuna bolup, söweşsiz-zatsyz sypýarlar, aldanyp haýsydyr bir galtaman hanyň yzyna düşüp ýören atlylar bolsa Sergeý iki agyz söz sözledigi, derrew şonuň tarapyna geçmek bilen bolýar. Ahyrsonuňda Sergeý bilen Berdi duşman otlusynyň üstündäki bedäni otlamakçy bolýarlar. Emma bu ýerde-de awtor bada-bat kömege ýetişýär. Otludan düşjek bolanda Sergeýiň aýagy dyzyndan çykýar. Onsoň ol duşmana garşy söweşme däl, ony oba aşyrmak görgi bolýar. Şeýl-de bolsa awtor Sergeýi sypdyrmak islemeýär. Bekmyrat han saýlanjak bolanda «Emma bu günki ýygnaga Sergeý, Gylyçly, Çerkez işan hem gatnaşdy»25 diýip goýberýär. Bu ýerde-de biz Sergeýiň ruhy we fiziki azaplaryny, onuň duşman bedesini otlany gowumy, erbetmi, onuň aýagynyň çykmagy Sergeýde nähili puşman döredipdir. Aýagy çykmadyk bolsa ol nähili işleri alyp barjak eken, onuň duşmanyň häzirki ýagdaýyna garaýşy nähili ony bilmän galýarys. Şeýdibem, romanyň üçünji kitaby tamam bolýar. Dördünji kitabyň «Palak ýumurtgadan jüýje çykmaz» bölüminde bolsa, eýýäm Sergeý rewkomyň başlygy26 bolup, adamlara akyl öwredip, hemme zady bilýän adam bolup ýör. Bu kitabyň soňky bölümlerinde awtor Sergeý obrazyny düýbünden işledip bilenok. Ol bu obrazy ünsden düşürmeýändigini ýaňzytjak bolýan ýaly, her ýerde: «Gylyçly, Sergeý, Çerkez işan dagy, ýene-ýeneler: – Toýuňy şäherde täze düzgün bilen geçireli, kemini goýmarys, obadanam kimi çagyrjak bolsaň çagyryber diýip, her tarapdan gelip gördüler»27 diýen ýaly jümleler bilen bu obrazlary başdansowma ýatlap goýberýär. Kitabyň «Kirpi düýrülse, tikenleri syh-syh bolýar», «Birinji ýazylan kim?» atly bölümlerinde-de Sergeýiň akyl bermekden, şeýle hem Berdi bilen Uzugy Moskwa okuwa iberýänliginden başga bir işde janyny gynap ýa-da zehinini ýakyp, Sowet häkimiýetiniň işi ugrunda nähilidir bir çuňňur alada edip oturanyny görüp bolanok. Ol öň bolşy ýaly, diňe awtoryň öz agza salyp berýän sözlerini aýtmak bilen çäklenýär. Ýa-da bolan-geçenleri jemläp habar berýär. Okyjy ony romanyň başraklarynda-da şeýle ýagdaýda görüpdi, ol romanyň ahyrynda-da: Berdi bilen gürrüňinde Amanmyradyň gaty erbet adamdygyny, onuň öten agşam Uzugy öldürjek bolanda ele düşenini, Torlynyň gaty gowy adamdygyny, onuň hemişe rewolýusiýanyň tarapyndan bolandygyny, öten agşam Amanmyrady tutup getireniň hem, onuň günälerini boýnuna goýanyň hem şoldugyny, şol iki arada Berdiniň öýüne tirek taşlanyň tapylandygyny hem, onuň Bekmyrat baý bilen onuň adamsydygyny, Uzugyň hem Moskwa okuwa gidýändigini habar berýär. Bir söz bilen aýdanynda, Sergeýiň obrazy «Ykbal» romanyňyň başynda nähili adam bolup okyjynyň aňyna giren bolsa, ol romanyň ahyrynda-da şonuň ýaly adam bolup romandan çykýar. Onuň durkundaky, ähenindäki, häsiýetindäki, durmuşa bolan gatnaşygyndaky, garaýşyndaky özgerişlikleri, onuň jepa çekip, hasrat dartyp, derdinip, ýa-da içini gepledip, agyr oýa batyp oturanyny görüp bolmaýar. Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanymda bu mesele has hem öz ugruna goýberilipdir. Awtor romanyň birinji kitabynyň başynda Alymuhammet bileň Andreý Andreýewiçiň rewolýusion ruhy, olaryň Sumbar etraplarynda rewolýusiýanyn amala aşmagyna goşan goşandy barada aýtsa-da, biz tutuş romanyň birinji kitabyny okap çykanymyzda-da, onda rewolýusion ruhuny duýup bilemizok. Bu romana Andreý Andreýewiç hem taýýar obraz bolup girýär. Okyjy atyny satyp, pyýadalap gelýärkä, Ýusuby yzarlap, ilki bilen Andreý Andreýewiçlere gelýär. Ol ýerde onuň aýaly Anna Aleksandrowna, Walýa bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ine, şol ýerde, ilkinji duşuşykda-da awtor Andreý Andreýewiçi rewolýusion pikirli görkezmäge howlugýar. Ol: – Ýeri, Ýurik, obalar niçik? Näme iş görýäň?28 – diýip, söze başlaýar. Ýusubyň güzeranyny dolap bilmeýäni üçin atyny bazara salyp satandygyny eşidenden bolsa: – Hawa, Ýurik, dogry aýdýaň, halkyň ýagdaýy peselýär. Ýöne bu ýagdaýyň hem basym soňy geler – diýip, Andreý Andreýewiç ýene öňki gürrüňine dolandy. – Biziňem günümiz siziňkiden gowy däl. Bu ýerdekäň bakyp ulaldan göleleriň baryndan dyndyk. Salgyt, açlyk bar zatdan çykardy. Burjuýlar bolsa biziň hasabymyza keýp çekýärler. Oba baýlaram şeýledir»29 – diýip, ýeri gelse-gelmese-de kynçylykdan, ýeter-ýetmezlikden zeýrenmäge başlaýar. Soň bolsa oba gaýdýan Ýusuba «Tuşy mergene bolýar diýdi» diýip sargyt edýär. Ine, şeýlelik bilenem, onuň rewolýusion işiniň möhüm bölegi gutarýar. Soň telim wagt geçenden soň bolsa, ol romanyň ortalarynda Alymuhammediňkä barýar. Ol ýerde-de onuňky şol bir gürrüňler. Şondan soň ol Ýusuba Gyzylarbadyň töwereklerinde duşýar. Ýusup şol ýerde Andreý Andreýewiçiň razwedkaçylar otrýadyna goşulyp, baryp şatyr-şutur bir duşman podpolkownigini ýesir alýarlar hem-de «sag bolsuna» mynasyp bolýarlar. Bu ýerde-de, birinji kitapdaky beýleki iki duşuşykda-da okyjy Andreý Andreýewiçiň rewolýusionlyk, ýa-da serdarlyk häsiýetini onuň hereketinden duýup bilmeýär. Dogry, awtor bolsa-bolmasa-da Andreý Andreýewiçi rewolýusioner etjek bolýar. Diňe bu hem däl, romanyň birinji kitabyda Alymuhammediň özem ol diýen serkerdä meňzäp baranok. Ony hem awtor «Alymuhammet» diýen bölümde baýlar onuň telpegini aldy, soň atyny aljak boldy, bermedi, soň öýüni elinden aldy, ol çydady, diýen ýaly sözler bilen gürrüň edip, bu adamyň baýlaryň elinden juda köp horluk çekendigini görkezjek bolýar. Ýöne awtor näçe azara galsa-da, Alymuhammet romanda serkerde derejesine ýetip bilmeýär. Ol taryhyň ýodasyny yzarlap, Gyzylarbada barýar. Emma ol ýerde-de awtor Alymuhammediň hereketinden köp gürrüň edýär. «Sumbar akýar» romanyňyň ikinji, üçünji kitaplarynda hem ne bir Ýusubyň, ne-de bir Andreý Andreýewiçiň häsiýeti açylýar. Olar biri-birini öwüp, arşa göterip geçirýärler. Ikinji kitapda wakalaryň köpüsine gatnaşmasa-da, Kuýbyşýew barada köp gürrüň edilýär. Kuýbyşýew Andreý Andreýewiç, Ýusup, Alymuhammet bilen duşuşýar, gürrüň edişýär. Emma şol gürrüňlerde bu adamlaryň taryhy-rewolýusion ruhy, häsiýetleri açylmaýar. Olaryň söweşe giräýmeli, duşman bilen gurt oýnuny guraýmaly ýerlerinde-de edil käbir ertekidäki ýaly, duşman-a gowşak, nalajedeýin bolýar, Alymuhammetdir beýleki gyzyl esgerler hem arslana öwrülip, olary ýeke ok bilen gorkuzyp, toparlandyryp ýesir alyp gaýdýarlar. Ine, şu ýagdaýy synlanyňda: «Duşman beýle lellim, nalajedeýin, gorkak bolýan bolsa, onda Kuýbyşýewiň şeýle uzak ýoly beýle köp goşun bilen geçip gelmegi bir zerurmyka?» diýeniňi duýman galýarsyň. Umuman, türkmen taryhy we taryhy-rewolýusion prozasynda rewolýusioner işçileriň obrazynyň işlenişi dürli-dürli bolup çykypdyr. Professor Öde Abdyllaýewiň belleýşi ýaly, awtorlar dürli-dürli bolsa-da, köplenç olaryň ählisinde şol birräk häsiýetler: doga rewolýusionerlik, maslahat berijilik, hemme zady öňünden bilijilik, olaryň aýdan sözüniň dogry bolup çykmagy, olaryň hemişe özüni salykatly, öňdebaryjy alyp barmak, kimdir bir batyr, özem eseriň baş gahrymany bilen tanşyp, soňra ony rewolýusioner edip ýetişdirmek, rewolýusiýa döwründe, soň graždanlyk urşy döwründe eline ýarag alyp, ýerli we basybalyjy duşmanlara garşy söweşmek, rewolýusiýanyň ýeňşine ýetip, obalarda ýa-da raýonlarda sowet häkimiýetini gurmaga gatnaşmak, özem hökman komandir bolmak, soňra rewkomyň işinde işlemek ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Şeýle-de bolsa, türkmen sowet edebiýatynyň iň uly we iň möhüm taryhy we taryhy-rewolýusion romanlary bolan «Aýgytly ädimde», «Doganlarda», «Ykbalda», «Sumbar akýarda» bu ýagdaýlar has hem aýyl-saýyl bolup görünýär. Emma şu ýerde «Aýgytly ädim» romanyndaky Iwan Çernyşýewiň hem-de «Doganlar» romanyndaky Ýefimowyň obrazlarynyň türkmen sowet edebiýatynyň rewolýusioner obrazlar galereýasynyň üstüni mynasyp doldurandygyny bellemek gerek. Emma «Ykbal» romanyndaky, Sergeýiň obrazynyň, «Sumbar akýardaky» Andreý Andreýewiçiň obrazynyň heniz ýugrumynyň ýetmändigini hem hakykatyň hatyrasyna bellemek zerur. «Aýgytly ädim» romanyndaky Iwan Çernyşýew Artygyň rewolýusioner bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Ony okyjynyň özi hem duýýar, şeýle hem «Doganlardaky» Ýefimow Saparmyradyň, Kasymyň, Ýagmyryň we beýleki adamlaryň rewolýusioner bolup ýetişmegine gönüden-göni täsir edýär. Mysal üçin, Saparmyrat öň bir öz gününi zordan dolap ýören daýhan. Ol güzeranyny dolamak üçin, ýarawsyz kakasyny, aýalyny, çagalaryny hor etmejek bolup, diňe öz güzeranynyň aladasyny edip ýören bir sada daýhan. Onuň halkyňkydan özge maksadam, niýetem, üýtgeşik güzeranam ýok. Ol hem edil türkmenleriň bolşy ýaly oýlanýar, her bir meselä şolaryň garaýşy ýaly garaýar. Eger iller Kasymyň toparyna gullar diýýän bolsa, Saparmyrat hem olara edil il ýaly garaýar. Eger il Jüneýit hany zalym, ile talaň salyp ýören ganojak diýip, garaýan bolsa, Saparmyrat hem şeýle hasap edýär. Saparmyrat hem il ýaly musulmançylyga, dine ynanýar, ol dini başga adamy kän bir halap, onuň bilen gatnaşyk açjak bolup ýören adam hem däl. Emma Ýefimowyň obalaryna gelmegi bilen ol bu meselelere düýbünden başgaça garap başlaýar. Dogry, onuň özem bu adamy oba getirende halys aljyraýar. Romanyň başynda: «Obalaryna golaýlaşyberende Saparmyrat birden uly aladanyň aşagynda galdy: bu ussany näme etmeli? Nirede ýerleşdirmeli? Kimiň öýüne eltmeli? Hanyň galasynyň golaýyna baryp bolmaz. Bu wagtlar başyna gidenleriň, kellaňi hyzlawyk kädi ýaly kakyp goýbermegi mümkin. Hanyň özüniň bolsa bu ussany görjek bolup gözi-gaşy çekip oturan däldir. Ýüzbaşynyňka eltmelimi? Ol hem haramzadanyň baryp ýatanydyr, yzyňy tapmaz ýaly sögüp, kowup goýberjegi ikuçly däl. Bu nätanyş rusy yzyna tirkäp barsa keselli kakasy nähili görerkä? Gaharlanyp, onuň keseli erbetleşäýmezmikä?»30 diýip oýlanýan Saparmyrat romanyň ahyrynda düýbünden başga zat barada, «nädip Ýefimowa köpräk peýda, goldaw berip bolarka, Jüneýit hanyň talaňçylaryndan nädip dynyp, halkyň erkinligini nädip gazanyp bolarka?» diýip oýlanýar. Ýa-da romanyň başynda aýalyna: «Eger gyzyň mundan buýana gullardan biri bilen gepleşse, ýa-da gülüşse, ikiňizi-de diriligiňize ýere gömerin»31 diýen bolsa, soňra ol Kasyma ogryn-dogryn alada bilen çemeleşýär32. Ine, şeýle ýagdaýlar, eger Ýefimowa duşmadyk bolsa, onuň pähim-paýhasly sözlerini diňlemedik bolsa, bu keltejik rus adamsynyň öz kakasy Baýrammyrat aga barada aga-inisinden artygrak alada edip, onuň gözlerini öz elleri bilen ýumanyny görmedik bolsa, bu adamyň juda ynsaply, namysly-arly, lebzi halal, il-gün üçin ölmäge taýýar adamdygyny durmuşda kän sapar synlamadyk bolsa, Saparmyratda hiç haçan bolup bilmezdi. Eseriň başynda «gyzyň gullardan birine ýylgyryp bakaýsa, ýa-da şolar bilen gürleşäýse, ikiňizem ýere gömerin» diýen adamyň soň Kasym bilen äbe-de-jüýje bolşy hem diýseň täsin. Dogrusy, Saparmyrat Ýefimowyň maslahatly käýemesini eşitmedik bolsa, onuň aýdan akylly sözlerini saldarlap görüp, olaryň dogrudygyny ýüregi bilen duýmadyk bolsa, ol beýle ýagdaýda hiç haçan hem bolup biljek däl. Umuman, Ýefimowyň obrazy Saparmyradyň häsiýetiniň rewolýusion ruhda terbiýelenmegine juda uly mümkinçilik döredýär. Türkmen edebiýatynda şeýle täsir juda köp hem däl. Dogry, «Aýgytly ädim» romanyndaky Artygyň Gyzyl Goşuna goşulmagyna, Eziz handan arany açmagyna Iwan Çernyşýewiň juda uly täsiri bar. Dogry, Iwan Çernyşýew iş-aladasy bolany üçin, Artyk bilen ýygy we göni gatnaşykda bolup bilmändigi üçin, Artyk köplenç ýekeräk hereket etmeli bolýar. Köp meselelerde aýgytly çözgüde bir özi gelmeli bolýar. Şonuň üçin-de ol köp ýalňyşýar. Ilki Eziz hanyň ýygynçagyna özi baryp goşulan bolsa, ikinji sapar Eziz hanyň hajyk-hujuk sözlerine, boş wadalaryna aldanýar. Diňe romanyň ahyrynda ol doly bahaly esger hökmünde aňly-düşünjeli komandir hökmünde Gyzyl Goşunyň hataryna gaýdyp gelýär. Emma «Doganlar» romanynda Ýefimow Saparmyrady sypdyrmak-da däl, ony sähel salym gözünden hem salmaýar, ony möhüm ýumuşsyz hem galdyrmaýar. Özem şol buýran ýumuşlaryny sypdyrman derňäp, ýalňyşsa düzedip durýar. Saparmyradyň şeýle berk tutulmagy beýleki adamlara hem täsir edýär. Olar hem Saparmyradyň töweregine barha jebis birleşýärler. Şeýlelikde, Ýefimow diňe bir Saparmyradyň däl, Kasymyň we beýlekileriň hem gahryman hökmünde formirlenmegine, olaryň mertlik, durnuklylyk häsiýetleriniň açylmagyna, aýdyňlaşmagyna öz täsirini ýetirýär. Kasym eseriň başynda egnini gysyp ýören, göreniň gepini çekip ýören hossarsyz, iterinji ýigit bolan bolsa, ol romanyň ahyrynda hakyky rewolýusioner, mert ýigit bolup ýetişýär. Ol diňe bir öz aladasyny etmän, Akjagülüň hem bagtly bolmagyna, onuň deň hukukly, mertebeli graždanin bolup ýetişmegine öz täsirini ýetirýär. «Aýgytly ädim» romanynda Artyk bilen Aşyr başda aralaryndan gyl geçmez dost. Olar öz syrlaryny-da, dertlerini-de biri-birinden gizlemän, biri-birlerini goldaşyp, biri-biriniň derdine ýarap ýören obadaşlar. Emma romanda olar soňabaka biri-birlerinden sowaşýarlar. Emma «Doganlar», romanynda Ýefimow Saparmyrat, Ýagmyr, Kasymyň, Şaýdakowyň we beýlekileriň diňe bir çuňňur dostlaşmagyna däl, olaryň mukaddes dostluk gatnaşyklarynyň rewolýusion göreşe hemaýat etmegini hem gazanýar. Dogry, biz şeýle ýagdaýy Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanynda-da görüp bilýäris. Bu romanda edil «Doganlar» romanyndaky Ýefimow ýaly, Sergeý hem hemişe Gylyçlynyň, Berdiniň, Durdynyň ýanynda. Eseriň başynda bu gahrymanlaryň hersi bir pişe bilen meşgul bolup, hersiniň öz niýeti, maksady bolan bolsa, romanyň dowamynda Sergeý olaryň maksadyny bir ýere jemleýär. Romanyň başynda Berdi ýönekeý çoluk bolan bolsa, eseriň ahyrynda belli rewolýusioner hökmünde okyjynyň aňynda galýar. Dogry, awtor Berdiniň ykbalyny romanyň birinji, ikinji kitaplarynda, esasan, Uzugyň ykbaly bilen baglanyşdyrýar. Berdi öz söýgülisini görmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Soň bolsa biriniň nikaly aýalyny alyp gaçýar. Bekmyrat baýyň adamlary ony ele salandan soň, ol barada türme wakalary romanyň ep-esli bölegini tutýar. Sergeý Berdiniň türmeden boşamagy barada alada edenden soň hem ol durmuşda öz ornuny tapyp bilmeýär. Dogry, awtor Berdini romanyň esasy gahrymany etmek maksady bilen, köp wakalaryň içinden geçirýär. Berdi galtamançylyk hem edýär. Bekmyrat baýyň gyzyny alyp gaçmaga hem gatnaşýar. Emma ol diňe romanyň üçünji kitabynda akgwardiýaçylara, şeýle hem es-erlerdir Eziz hanyň nökerleriniň garşysyna göreşe çykýar. Emma romandaky şol epizodlarda Artygyň, Aşyryň, Saparmyradyň, Kasymyň bolşy ýaly, Berdiniň häsiýeti uly garşylyklarda açylmaýar. Ol köplenç epizodik rollary oýnaýan gahrymanlar ýaly, umumy sahnalarda gabat gelýär. Ýa-da awtor «şol ýerde Gylyçly, Sergeý, Berdi... hem bardy» diýmek bilen çäklenýär. Ýogsa, awtor bu möhüm obrazyň häsiýetini açmak üçin detaly ýa-da fakty uzakdan gözlemeli däl. Romanyň dördünji kitabynda hem awtor Berdini bir dilmaçlykdan çykarsa, birem töhmetiň astyndan çykyp bilmän ýören gahrymana öwürýär. Iň soňunda bolsa ony duýdansyz ýerden Moskwa okuwa ibermek barada netije çykarýar. Bu ýagdaý Durdy, Gylyçly barada aýdanyňda-da şeýledir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |