ŞOR JÜMLELER
- Adamlar siziň deriňizi düşek edinýärler, biziňkiden bolsa telpek tikinýärler – diýip, goýun-a öwünýärmiş, geçi hem bu gyjyda kemsinýärmiş.
***
Gaplaňyň suratyny ilkiji gezek gören pişik:
-- Göwräm kiçi diýäýmeseň, gaplaňa gaty meňzeşdirin, hemmämiz bir kowumdan-da – diýip, mähnet ýuwaş köpegiň ýanynda öwünmäni çykardy.
***
- Näme üçin şahyrlar biz hakynda goşgy ýazanokkalar? - diýip, eşegiň meýdana zyňlan läşini çekeläp oturan garga dazzarkelden sorady.
***
Gargalaryň söhbetinde owaz eden bilbiliň çykyşy ol ýerde şowsuz hasaplanyp, saýramagy öwrenmegi üçin bir gargany oňa halypa belläpdirler.
***
Towukhana çal tilki müdir bellenensoň, ol hojalygyň tabşyrýan ýelegi-hä gaty köpelenmiş.
***
“Ýylanyň ýigreneni-gaçgyny men boldum” diýip, başga şepe gözlemäge başlan narpyz näçe jan etse-de, kirpi bilenem, ýylan bilenem ysnyşyp bilmän, öňki ýalňyzlygyna galdy.
***
Täjir ýigit söýen gülüne, gyz bolsa onuň puluna aşykdy.
***
Syrdam we owadan mahabat gurjaklarynyň egnindäki ýaraşykly eşikler özüne-de gelşer öýdüp ýörenler gaty kändir.
***
Zenan halky akylly diýleninden owadandiýleniňi gowy görýändir.
***
Kürsi ýetse nadana, azar berer adama.
***
“Häzirkizaman” terbiýesini alan ýigide ilkinji perzendiniň dünýä inendigini buşlanlarynda, ol uly ili bilen “Ur-ra!” diýip gygyrdy-da, aňk-taňk bolan buşlukça aklyk bermelidirem öýtmän boş gaýtardy.
***
Başlyk täze işe alan bagbanynyň meýdançany gülzarlyga dönderenine hoşal boldy. Edaranyň meýdançasyna kelem, käşir, şibit... eken bagban bolsa olary azyklyk üçin ulanmagy maksat edinipdi.
***
Goňşusynyň gölesini Maýa diýip atlandyrmagy oňa ýokuş degdi. Ol hem täze edinen güjügine Gyzylgül diýip goňşysynyň adyny dakdy.
***
Çalpaw laýda ýaşaýan ýaşyl gurbaga öz batgasynyň özgeleriňkiden gowydygyny aýdyp, myhmançylyga gelen kowumdaşlarynyň ýanynda öwündi.
***
“Başymyň agyrysyny aýagym duýanok” diýip ol öz synasyndan zeýrendi.
***
Paýhassyz aýdan ýekeje sözi onuň başyna tükenmez bela getirdi.
***
Bidöwlete wezipe ýetende ilki bilen dost-ýaryny horlady.
***
Bir telpegi gelşikli tiken ussanyň bir aýlap müşderisi egsilmedi.
***
Eýesine üýren garry köpek suwasalma ýenjildi.
***
Birentek adam ony akylly diýip, öz ýüzüne öwýärdiler. Ýogsam bolmanda ol uly aklyň däl-de, kiçiräk hazynanyň eýesidi.
***
Ol gurtdan gorkýardy. Şonuň üçinem dowar bakmakdan ýüz öwürdi.
***
Akyly özgelere köp satansoň, özüne onçakly zat galmady.
***
Mahal-mahal özi ýaly gargalara owaz edip berýän garga muşdaklarynyň beren bahasyna hoşal bolýardy.
***
Dostuna karz pul berensoň başyna ol dert gazandy.
***
Gözüni goramansoň ol tasdanam sokur galypdy.
***
Seri dumanlydan akyl sorap, ol aklyny ýitirdi.
***
Köpriden köp ýagçy geçip onuň tarypyny etirse-de binagäri ýatlamadylar.
***
Ol tokaýy otlanda diňe başgalar ýanar öýtse-de olaryň arasynda özü-de ýandy.
***
Geliniň ata münenine ynansa-da, ol öýe gelmedi.
***
Miweli daragtyň saýasynda uklan adamyň üst-başyny guşlar hapalapdylar.
***
Ol goňşusynyň bagynyň mellegine kölege salýandygyndan zeýrendi.
***
Ýalkym saçýan zatlaryň ählisine altyn diýip bolmaz.
***
Gulak adamyň kellesinde ýerleşmedik bolsa äýnegi dakmaga başga bir çäre gözlemeli bolardy.
***
Tilki: “Toba etdim” diýip, näçe ant içse-de, oňa towuk ynanyp bolmaz.
***
Suw haýsy tarapa akanda-da, gurbaganyň näparhyna!
***
Duman – dagyň üstünden, suw bolsa samanyň astyndan geçýändir.
***
Mejalsyz laçyn serçeden utanar.
***
Däneli duzaga guş gonar, etli gapana gurt geler.
***
Amanat ata münen tiz düşer.
***
Ezraýyl ilki gorkaklaryň janyny alarmyş.
***
Toýa baran köpegiň “It” diýip, adyny tutmansoňlar öýkeläpdir.
Şahymerdan SARY OGLY.
# “Edebiýat we sungat” gazeti, 2012-nji iýyl.
Sözler