13:34 Şygyryñ düşündirip bolmaýan mygyry... | |
ŞYGYRYÑ DÜŞÜNDIRIP BOLMAÝAN MYGYRY
Edebi tankyt
1). Şygyr - bu biziñ aýamyza alanda sabyn köpürjiginiñ bulduraşýan ýukajyk gabygynda dünýäniñ hyýaly görnüşine syn edýän zadymyzdyr, o hyýaly dünýä sanlyja salymdan soñ uçup gitse-de, gözümize we köñlümize çaýyp giden reñkleri bilen bizi kän wagtlap oýa batyrýar. 2). Eger älemgoşaryñ reñklerinden birini aýyrsañ ondan nam-nyşan galmaýandygyna görä, hakyky şygyrdan ýeke säginme belgisi beýlede dursun, ýeke nokat, ýeke sorag belgisini aýyrmak bolmaz, ýa-da daşyndan sokulmaz. Şoña görä hem hakyky şygyr matematiki ýa-da himiki formulanyñ üýtgewsiz kesgitlemesini ýada salýar. 3). Şygyr öz döredilýän wagtynyñ dowamynda üýtgän we her pursatda akyp giden durmuşy togtadyp bir pursata sygdyrma synanşygydyr. Onuñ dözümliligi barlygynyñ üýtgewsiz häsiýetidir, tersine bolan howada göze görünmeýän al-arwahyñ sesiniñ eşdilişi ýalydyr. Şygyryñ şolar ýaly sypata ätiýaçlygy bar, bu onuñ plastiki häsiýetidir. Nemes şahyry Klopştokda bu kemçilikli kartina duýulýar, onuñ şygyrlarynda estetikanyñ özeni üýtgeşmä uçrap kartinalaşmandyr. Gýotäniñ belleýşi ýaly, Klopştok nemes şygryýetini aýratyn gradasiýa (sepgide) ýetirdi, ýöne onuñ ýetiren sepgidi bilen çäklenip oñaýmaly däl. Şeýlelikde şygyryñ serişdesi bäş duýgy (пять чувств) ýagny, ellemek, görmek, eşitmek, ysgamak we datmak duýgylaryndan ybarat diýýäris, çünki añymyzy-da oña degişli edýäris. Şular ýaly kartinalaşmak türk şygryýetinde Abdylhak Hamydyñ şygyrlarynda kem-käsleýin ýüze çykyp başlady. Şeýle şygyrlaryñ dünýä inmegi "Sähra" bilen başlasa-da, käbir üýtgeşik kysymlaryna garamazdan, ol diýseñ gowşak eserdir. "Makberiñ" käbir ýerlerinde bu kartinalar lagly-jowahyr mysaly lowurdaýar. Şygyrda kartinalaşma özenden jisimleşmä geçişdir. Şahyr öz menligini dürli ýollardan, dünýäni öz plazmasyndan ýañzydyp, şahyrana fantaziýanyñ ýüz keşplerinde suratlandyrmak arkaly şygyrda hyýaly dünýäsini döredýär. 4). Şygyry şygyr eden iki prinsip bar: Erjellik (döredijilik tutanýerliligi) we ukyp, yagny ýazmaga ukyply bolan şahyrana tebigat. Erjellik ukypdan soñ gelmelidir, ýogsa şygyryñ döreýşine böwet bolýan bilkastlaýyn päsgelçilik onuñ tebigy döreýşiniñ öñüni baglaýar. 5). Şygyry iñ gowy düşündirenleriñ biri-de Artur Şopengauerdir. Ol Kanty tankyt eden makalasynda şygyryñ birsydyrgyn geçip barýan durmuşyñ aýratyn pursatlaryny emele getiren reñbe-reñ älemgoşardygyny ýazypdy. Şygyr - geçip barýan wagtda öz mugjyzasyny orta goýan älemgoşardyr, asmanyñ reñkli ýaýjygydyr. Barokko stilinde ýazýan şahyrlaryñ biri "Älemgoşar" atly şygrynda Hudaýyñ barlygyna nädip ynanandygyny älemgoşara syn edende şeýle pikirlere çümendigini beýan edipdir. 6). Şygyra öñ açyp bolmadyk we gizlin bir düwmesine tötänlik bilen barmagymyz basylanda açylyp giden guty diýip düşünmeli. Şeýtmek bilen biz şygyryñ orta çykyşyndaky tötänlikleri şygyryñ döreýşindäki roluna yşarat etmek isleýäris. Ol çetin gutyny açjak bolup näçe çytraşdygymyzça, ýa-ha ony döweris, ýa-da netijesiz zähmet sarp etdigimiz bolar. Iñ arzyly sagatlarda şygyr şahyra gujak açýar. Ýogsa-da ylham diýýänimiz içimizdäki şygyr ýazma küýsewiniñ döreden topbagynyñ yş tapyp sözlere sary akmagymyka? Megerem, şygyr gussaly durmuşyñ süýji çökündisi bolsa gerek. 7). Şygyryñ nämedigine düşünmek mümkin däl, biz bu babatda diñe syzyjylyk ukybymyza bil baglap bileris. Esasanam şygyr içki duýujylygymyzyñ önümidir, çünki intuisiýa şahyryñ artykmaçlygydyr, latynçalasak "ingeniumydyr". 8). Hakyky şygyra iñ köp golaýlaşanlar simwolistlerdir, çünki olar şygyr ýazanlarynda žiwopisden we sazdan peýdalanypdyrlar, onsoñam tebigat syrlaryny şygyrlaryndaky düşnüksizlige siñdirmek bilen görkezip başarypdyrlar, köpöwüşginlilikden we werlibr arkaly täzeligiñ berýän mümkinçiliklerinden peýdalanypdyrlar. Simwolizm şahyryñ temperamentini emele getirýändigi üçin häzirem öz güýjüni gaçyrman gelýär. Gýotäniñ "Faustynda" realizm, romantizm, klassisizm, simwolizm - hemmesi garşymyza çykýar. Faustyñ ruhubelentligi döwrebap adamyñ hakykaty agtarmagyndan, öwrenmeginden islegi we eden günälerinden saplanmaga ýönelmeginden hem-de zowky-sapanyñ içinde sussupeslige düşmezden hatalaryndan peýdalanyp ruhy dünýäsini güýçlendirmeginden peýda bolupdyr. Gýote täzeçe işlän grek miflerindenem peýdalanyp giñ gözýetimli (созерцание) meýdanda at dabradypdyr. Gýote öwrenmekden ýadamaýan Faustyñ obrazynda özüniñ öwrenmek, düşünmek erjelligini beýan edipdir. Ol bu babatda danalygyñ çürbaşyna çykan adamdyr, onuñ "Guwlar" şygyrynda orta goýan kartinasy Rilkäniñ "Guwlar" şygyry bilen deñeşdirilende has kämildigi göze dürtülýär. Gýote adatdan daşary genidir. Şilleriñ balladalaryny hasaba almasak, onuñ şygyrlary idealizmiñ güýjüni gaçyrmagy bilen ähli özüne çekijiligini ýitirdi, emma Gýotäniñ şygyrlary hemişeki terligini her döwürde öz barlygy bilen görkeze-görkeze gelýär... 9). Iñ kämil şygyrlar - ýazasymyz gelip, ýöne heniz kagyza geçirmediklerimizdir. 10). Şygyrda sözleri biri-biriniñ yzyna tirkeýän zat durmuşyñ dürüşdesidir. Şahyr - bu dürüşdäni gussalarynyñ sokusynda döwe-döwe taýýarlap, ony ýalñyzlygyñ tokmagy bilen külkä öwrüp bulaýan we ondanam zehinini ulanyp her tüýsli şekiller ýasaýan kişidir. Şonuñ üçin şygyr wagtyñy geçirmek däl-de, gaýrat işidir. Şahyr öz üstüne abanýan aşa ruhy ejirlerinden şeýdip halas bolýar, oña şahyryñ içki baýlygynyñ bimaza ediji agyrlygy hökmünde garalýar. Hut şoña görä hem hakyky şahyr üçin şygyr ölüm bilen ýaşaýyşyñ arasyndaky aldym-berdimli söweşden başga zat däldir. # Alynan çeşme: Sedat Umran "Şygyrda metafiziki hakykat", "Timaş" neşirýaty, Stambul-1997, Sahypa: 13-15. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |