Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Nusaý medeniýeti, diňe bir şäher derejesinde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, obalarda ýaşaýan ilatyň hem aňyna doly ornaşypdyr. Täze Nusaý uly we kiçi göwrümli şäherçeleri, obalary öz içine alypdyr, ýagny Täze Nusaýyň töwereginde oturymly obalaryň onlarçasy bolupdyr. Şonuň ýaly-da, Ýakut al-Hamawynyň: «Taftazan Nusaýyň obalaryndan biridir» diýmegi Nusaý şäheriniň birnäçe şäherçeleri, uly we kiçi göwrümli obalary öz içine alandygy bilen baglanyşyklydyr. Nusaýyň çägine giren şeýle obalaryň biri Taftazan obasydyr.
Taftazan barada orta asyrlarda ýaşap geçen käbir ygtybarly taryhçylar ähmiýetli maglumatlary beripdirler. «Kitabul-Ensab» («Şejereler kitaby») atly eseri bilen meşhurlyk gazanan we nesil daragtlary hakynda maglumatlar berýän ady belli alym Abu Sad (Said) Abdulkerim ibn Muhammet as-Samany (526/1166) Taftazan barada: «Taftazan Nusaýyň töwereginde ýerleşýän uly obadyr. Ol ýerde ençeme alym ýetişipdir» diýip belläpdir.
Döwrümizde ýazylýan gollanmalardyr uly göwrümli eserlerde Taftazan bilen baglanyşykda takyk bir ýer görkezilmeýär. Häzirki döwrümizde döredilýän eserleriň aglaba bölegi Taftazanyň Nusaýa bagly biroba bolandygyndan başga maglumat bermeýär. Munuň özi Taftazanyň örän az öwrenilendigini görkezýär.
Aly Ekber Dehhodonyň pars dilinde ýazan «Lugatnamaýy Dehhodo» atly ensiklopediýasyna salgylanyp, Taftazanyň Nusaýyň günorta-gündogarynda, hatda Bajgyran tarapynda ýerleşen bir şäherçe bolandygyny aýtmak bolar.
Taftazan obasynda jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi gurlupdyr. Çünki ylmyň kemala gelmegi Taftazan şäherçesinde amala aşyrylan jemgyýetçilik özgerişlikler bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Diýmek, Taftazanyň mongol basybalyşlaryndan soňra hem öz ähmiýetini ýitirmedik ylmy-medeni merkez bolandygyny ynamly aýtmak bolar. Sebäbi Taftazan mongol çozuşlaryndan soňra dünýä medeniýetine, ylmyna ägirt uly goşant goşan beýik alymlaryň merkezi hökmünde kabul edilipdir.