09:46 Taryhy prozamyzyñ poetikasy: Netije / soñy | |
NETIJE
Edebiýaty öwreniş
Jemläp aýdanyňda, garalyp geçilen döwür türkmen sowet edebiýatynda diňe bir poeziýa, dramaturgiýa žanrynda däl, proza žanrynda-da iň bir hasylly ýyllar bolupdy. Başgasyny hasap etmäniňde-de şol ýyllar taryhy we taryhy-rewolýusion temadaky proza eserleriniň ençemesi döredildi. Olardan B.Seýtäkowyň «Doganlar», H.Derýaýewiň «Ykbal», B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanlary bu ugurdaky ençeme powestler biziň edebiýatymyzy täze-täze obrazlar, özboluşly häsiýeti bolan gahrymanlar bilen baýlaşdyrdy. Ylaýta-da türkmen halkynyň rewolýusion ymtylyşy, respublikamyzyň dürli regionynda azatlyga, sosial adalatlylyga galkynyş hakynda täzeden-täze eserler döredildi. Bu ýyllarda Magtymguly obrazlar galereýasyna täze obrazlar goşuldy. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň obrazyny döretmegiň hyllallaly işine goşantdyr. Keminäniň, Seýdiniň obrazyny döretmäge bagyşlanan eserler hem bellemäge mynasypdyr. Ol eserlerde käbir bärden gaýtmalar bar bolsa-da, bu powestler türkmen edebiýatynyň boşap ýatan duluny nähilidir bir derejede baýlaşdyrmaga edilen yhlasyň netijesi boldy. Iň esasy zat bolsa, türkmen edebiýatynyň bu etapy edebiýatymyzy ösdürmäge, indiki täze eserleriň döremegine täze itergi berdi. Garalan döwürde döredilen taryhy we taryhy-rewolýusion eserler barada gürrüň edilende ýene-de bir möhüm eser ýadyňa düşýär. Ol hem B.Kerbabaýewiň «Gaýgysyz Atabaý» romanydyr. Bu romanyň taryh-rewolýusion roman hasaplanmazlygy, onuň köplenç sosializm gurluşygy döwri barada gürrüň edýänligidir. Şeýle-de bolsa romanyň esasy bölegini taryh tutýar. Bu romanyň döredilmegi bilen edebiýatymyz ajaýyp obrazlar bilen baýlaşdyrypdy. Romandaky obrazlar ýönekeý bir, edebi-çeper obrazlar bolman, eýsem respublikamyzyň ýaşlygynyň, onuň pajygaly geçmişiniň obrazlarydy. Berdi Kerbabaýewiň «Gaýgysyz Atabaý» romanyndaky hereket edýän gahrymanlaryň köpüsi taryhy şahslar. Şol gahrymanlary olaryň alyp barýan işlerini, halkyň, hökümetiň, partiýanyň öňünde bitiren hyzmatlaryny köpler bilýärler. Şonuň üçin-de ýazyjy şu romanda hem her hili çeperçilik serişdelerinden, durmuşy köptaraply görkezmegiň we sýužet, kompozisiýa gurmagyň dürli tärlerinden başarjaňlyk bilen peýdalanypdyr. Okyjy bu romany okap başlan badyna ilki ýaşajyk, soň ýigit, ahyrynda bolsa pähim-paýhasdan paýyny alan Gaýgysyzyň yzyna düşýär. Onuň rewolýusiýadan öňki gören sütem-horluklaryny, rewolýusiýa döwründäki ýadawsyz aladalaryny, rewolýusiýa ýeňip üstün çykandan soň, onuň beýik gazananlaryny goramakdaky, kolhoz guramakdaky, milli respublika gurmakdaky, maşgala durmuşyndaky her bir işini synlaýar. Şol işler, ýagny gahrymanyň başyndan geçirýän wakalary, onuň ruhy dünýäsiniň gözelligi, işine çäksiz yhlasy, ozalky sowet döwletiniň, Kommunistik partiýanyň her bir ýumşuna ruhubelentlik bilen, başarjaňlyk bilen ýapyşyşy okyjyny ynandyrýar. Okyjy eseriň birinji babyndan iň soňky sahypasyna çenli Gaýgysyzyň dem alýan howasy bilen dem alýar. Onuň yhlasy bilen ruhlanýar. Gaýgysyzyň dostlary, egindeşleri, ýoldaşlary hem okyjynyň söýgüsine mynasyp bolsa, Gaýgysyzyň duşmanlary okyjynyň ýigrenjine öwrülýärler. Sebäbi, okyjy bir zada, ýagny Gaýgysyzyň dostlarynyň, zähmetkeş halkyň, Sowet häkimiýetiniň dostudygyna, onuň duşmanlarynyň bolsa, sosialistik rewolýusiýanyň, Sowet häkimiýetiniň zähmetkeş halkyň duşmanydygyna oňat düşünýär, Ine, şeýle usul, okyjynyň ünsüni eseriň baş gahrymanynyň alyp barýan işinden başga meseleleri çekmezlik, baş gahryman bilen bilelikde görüşip, biri-birine düşünip bilmekleri obrazynyň hem oňat obraz bolmagyňa getiripdir. Bu roman öz öňünde goýan wezipesini doly ödäpdir. Romany okap çykanyňda, bir zada göz ýetirýärsiň. Ýagny bu eserde sýužet-kompozisiýa gurmakda öňde dowam edip gelýän formadan ýa-da ştamplylykdan çykylypdyr. Eseriň başyndan, tä ahyryna çenli dowam edýän ýiti garşylygyň bu romanda ýokdugy muňa mysal bolup biler. Sebäbi türkmen edebiýatynda «Gaýgysyz Atabaýew» romanyna çenli döredilen romanlaryň ählisinde-de şeýle garşylyk bardy. Ýazyjynyň beýle batyrgaýlygy, sýužet-kompozisiýa gurmakdaky täzeçe çözgüdi onuň ussatlygyna güwä geçýän bolsa, ikinji tarapdan onuň obraz döretmege özboluşly çemeleşendigini subut edýärdi. Eger şeýle özboluşly çemeleşmeseň Atabaýewiň we onuň egindeşleriniň hakykata ýakyn bolan obrazyny döretmek megerem, mümkin bolmazdy. Eýsem munuň sebäbi näme? Birinjiden, Gaýgysyz Atabaýew ýurdumyzda «sosializm doly ýeňdi» diýilen döwre çenli ýaşapdy. Şeýle bolansoň romanda rewolýusiýadan öň dörän garşylygy otuzynjy ýyllaryň ortalaryna çenli dartgynly ýagdaýda saklap getirmek mümkin däldi. Ikinjiden, G.Atabaýewiň obrazyny diňe bir düýpli garşylygyň çözülişinde däl-de, köp meselede açmak gerekdi. Sebäbi ol respublikanyň köp meselelerini çözmekde, gaty köp garşylyklara duçar bolupdy. Onuň häsiýetini hem köp taraply açmak zerurdy. Üçünjiden, G.Atabaýewiň häsiýetleri aýry-aýry wakalarda has gowy açylýardy. Şol wakalar bolsa halkyň ýadynda oňat saklanypdy. Ol wakalar gaty köp dürlüdi. Olar ýeke-täk garşylygy açmaga gönükdirip boljak däldi. Eger şol wakalary obrazy açmakda ulanmasaň, obraz göwnejaý boljak däldi. Dördünjiden, Atabaýewiň ýaşap geçen durmuşynyň belli bir etapyny däl-de, eýsem onuň bütin ömrüni okyja açyp görkezmek gerekdi. Ine, şu we beýleki zerurlyklar awtory sýužet-kompozisiýa gurmakda dowam edip gelýän usuldan çykmaga mejbur edipdi. Awtor täze usul saýlap alyply. Bu usul bolsa ýazyjynyň öz öňünde goýan maksadyna ýetmegine, okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolmagyna, şeýlelikde birnäçe real obrazlar döretmegine getiripdir. Eýsem, awtoryň bu romanda sýužet-kompozisiýa guramakdaky täzeligi nämeden ybarat? «Gaýgysyz Atabaý» romanynda 52 sany kiçiräk bölüm bar. Şol bölümleriň her birinde diýen ýaly durmuşyň bir meselesi saýlanyp alnyp, şonda Gaýgysyzyň bu meselä garaýşyny, häsiýetiniň açylyşyny görkezmäge synanyşyk edilipdir. Şol häsiýetler, garaýyşlar bolsa umumy romanyň süňňüni düzýär. Mundan başga-da, şol häsiýetler okyja özboluşly täsir arkaly ýetip, onda Gaýgysyzyň monalit, monumental obrazyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik döredýär. Eserdäki garşylygyň gurluşy-da täsin. Eseriň her bölümi bir başdan geçirme bolansoň, ondaky garşylyk hem her bölümde özboluşly gurlupdyr. Ýagny, her bölümde ekspozisiýa, baglanyşyk, garşylygyň ösüşi, çözülişi bar. Mysal hökmünde islendik bir bölümi alyp göreliň. Romanyň on ýedinji babyndaky «Partizan» diýen sözbaşyly bölüme garap geçeliň. Ekspozisiýa: Goňur obasynda şura saýlawynyň başa barmaýandygyny Atabaýewe habar berýärler. Bu oba Atabaýewiň özi barýar. Oba adamlarynyň hemmesi ýygnaga çagyrylýar. Baglanyşyk: Ýygnak başlanýar. Ýöne oba adamlary iki topara bölünýär. Her topar bir adamy şura başlygy saýlajak. Şol saýlanjak adamlaryň ikisi-de oba baýlary. Atabaýew Allamyradyň hem-de Narlynyň üsti bilen märekäni bir topbaga jemleýär. Saýlaw başlanýar. Bir topar Narlyny, beýleki bir topar bolsa Allamyrady oba şurasy saýlaýar. Saýlaw ýene-de başa baranok. Garşylyk. Atabaýew: « – Men gaýtalaýan: saýlaw komissiýasy şu iki kandidatyň ikisini-de sese goýjak däl. – Sebäbinem gaýtala. Komissiýanyň anyklamagyna görä, obany bulaýan, daýhanlaryň agzyny alardan şu iki adam... Narly bir ädim ileri süýşüp, gyşyk telpegini hekgerdip geýdi. – Gaýgysyz sen aýtjak gepiňi bilip aýt! – Men seniň ýeňsänden gürrüňiňi edemok! – Men eýsem, seniň ýaly komissiýany tanamok!» Külminasiýa. «Atabaýew birdenkä bolmajyny boldy: – Halkyň agzyny alardan baý adamlary bolanlary üçin, uýezd ispolkomynyň saýlaw komissiýasy Narlyny, Allamyrady saýlaw hukugyndan mahrum edýär! Oňa görä, ikiňiziň hem märekäni terk etmegiňizi talap edýär! Narly has aýylganç gygyrdy. – Meniň şu märekeden diňe maslygymy çykararsyň. – Men saýlaw komissiýasynyň adyndan gaýtalap, size üç minut möhlet berýän, şol üç minutda ýeňsäňi görkezmeseňiz, rewolýusiýanyň adyndan ikiňizi hem atyp taşlaryn. Gaýgysyz sapançasyna ýapyşdy». Çözüliş. Narly we Allamyrat ýygnakdan gidensoň, beýleki başbozarlar hem köşeşýär. Şeýlelikde oba baýlary däl-de, garyplaryň wekili bolan Tokar Tahyr ogly Goňur obasyna biragyzdan başlyk saýlanýar. Şunuň ýaly bölümleriň ýene-de onlarçasyny mysal getirmek bolýar. Ýöne eseriň birinji bölüminde başga bir garşylyk göze ilýär. Ol durmuş bilen Gaýgysyzyň arasyndaky umumy garşylykdyr. Rewolýusiýanyň ýeňip üstün çykmagy bilen bu garşylyk oňyn çözülýär. Şeýle-de bolsa Gaýgysyzyň duş bolýan beýleki garşylyklary başga-da köp. Ýagny, Bäherden arçyny bilen, Daşkendiň seminariýasynyň naçalnikleri bilen, Jepbar Horaz bilen, Agajan arçyn bilen, rewolýusiýa ýeňip üstün çykandan soň Ryskulow, Faýzy Hojaýew, Orta Aziýa demir ýolunyň naçalnigi we beýlekiler bilen baglanyşykly, düýpli, başga-da ownukly-irili garşylyklary mysal getirmek bolar. Bu garşylyklar eserde öz çözülişini tapýan bolsa, şol çözlüşde Atabaýewiň hem obrazy, onuň düýpli meselelere bolan garaýşy, özboluşly häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň sýužet we kompozisiýa gurmakdaky bu özboluşly usuly tarp ýerden alnan usul deldir. Halk döredijiliginiň žanrlarynda şeýle usul bilen sýužet we kompozisiýanyň gurlandygyny başda belläp geçipdik. Ýagny, «Görogly» eposynda hem bir kompozision gurluşda ençeme sýužet bolup, şol sýužetleriň her biri özbaşdak eser hökmünde-de, tutuş alnan bitewi eser hökmünde-de ýadynda galýar. Şeýle eserler başga-da bar. Garagalpak halk döredijiligindäki «Kyrk gyz» eposy, Şoto Rustaweliniň «Gaplaň derisine giren pälwan» eseri we beýleki şuna meňzeş eserler muňa mysal bolup biler. Şu ýerde ýene bir möhüm zady bellemeli. Berdi Kerbabaýew sýužet we kompozisiýa gurmagyň öňden dowam edip gelýän bu usulyny gönüden-göni almady. Ol bu usula täzeçe äheň berdi. Halk döredijiliginiň eserleriňde gahrymanyň häsiýeti diňe iki meselede, söýgi we gahrymançylyk meselelerinde açylýan bolsa, «Gaýgysyz Atabaý» romanynda gahrymanyň häsiýeti kyrka golaý durmuş meselesinde açylýardy. Okyjy romany okanyňda Gaýgysyzyň sosial deňsizlige, söýgä, Watana, il-güne, rewolýusion situasiýa, maşgala durmuşyna, dostluga, doganlyga, ylma, sowatlylyga, kolhoz gurluşygyna, sosializm gurmagyň möhüm meselelerine, milli deň-hukuklylyga, tebigat meselelerine, ýurdy suwlulandyrmak meselelerine, ynsan duýgularyna we beýleki meselelerine bolan garaýyşlaryny görüp bilýär. Mundan başga-da gahryman real durmuşa laýyk suratlandyrylýar. Tersine çeper dil, peýzaž içgepletme, janly portret, yza çekilme arkaly gahrymanyň durmuşyň köptaraply bolan garaýyşy aýdyňlaşdyrýar. Sýužet we kompozisiýa guramakdaky bu özboluşly usul romanyň okyjylar köpçüligine has köp düşünikli, has akyn bolmagynda, durmuşy sada we çuňňur, köptaraply görkezmekde, gahrymanyň obrazyny has oňat bermekde onuň häsiýetlerini köptaraply açmakda uly ähmiýeti bar. Bu bolsa romanyň gymmatyny artdyrýar. ■ Girişde peýdalanan edebiýatlaryň sanawy: 1 K.Marks we F.Engels. Edebiýat hakynda. A., «Türkmenistan», 1969. 34 sah. 2 Şol ýerde, 116 sah. 3 Фаиз Ахмед Фаиз. Рол художника в развивающейся стране. См: Судбы романа. Изд-во «Прогрес» М., 1975, 170 стр. 4 K.Marks we F.Engels. Edebiýat hakynda. A., «Türkmenistan», 1969. 156 sah. 5 Г.Ленобль, История и литература. М., «Художественная литература». 1977г. 259-260 стр. 6 Тимофеев Л.И.Основы теории литературы, М., «Просвещенне» 1971г. стрю 357. 7 Пауткии А.И.Советский исторический ромак в русской литсрапрг М. «Знаиис», 1970г. стр. 4. 8 «Вопросы литературы». 1965г. № 9. 105 стр. 9 Залигин С. Иитервью у самого себя. «Вопросы литературы». 1973. № 4 стр. 167. 10 Фадеев А. O литературном труде. М., 1961г. 236. 11 Оскоцкий В.Д. Роман история М. Худ-ая лит-ра, 1980й. 264 с. 12 Белинский В.Г. Собрю соч., в трех томах. т. 2. Гослитиздат. 1948г. стр. 4. 13 Alолстой. Собр. Соч. в 10-ти томах, т. 10. стр. 240-241. 14 С.М.Петров. Советский историчесский роман. Мю, Правда, 1948, 2 с, 15 Г.Ломидзе. Ленинизм и судьбы нацищналных литератур. М.б «Современник». 1974г. стр. 192. 16 H.Taňryberdiýew. Berdi Kerbabaýew – söz ussady. A. «Türkmenistan», 1966ý.; Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972ý.; M.Gurbansähedow. Türkmen romanlarynda Oktýabr epopeýasy. A., «Ylym». 1972ý.; J.Allakow. Durmuş hakykaty we çeper hakykat. A., «Türkmenistan», 1975ý.; D.Nuralyýew. Şahsyýet we edebi proses. Aşgabat, 1982ý. 17 R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi A., 1966. 210 s. 18 K.Salyh. Türkmen romanlarynda ussatlyk problemasy. A., 1976ý. 10 s. 19 S.Myradow. Taryh edebiýatyň taryhylygy. A., Türkmen., 1977ý, 79 s. 20 Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972. 107 s. 21 Şol ýerde, 112 sah. 22 Шамурадов Б.Ш., Каррысв К.М. Туркменская литература.: Исюрия советской многонациональной литературы. Том I. М., Наука. 1970. стр 391. 23 Kerbabaýew B. Eserler toplumy. 6-njy tom. TDN. Aşg., 1960ý. 586-njy sah. 24 «Daýhan gazeti», 1925ý. 11-nji dekabr. 25 A.Duryýew. Taňrygulynyň emir zulmy astynda horlanyşy. Hekaýa. «Daýhan gazeti», 1925ý. 25-nji dekabr. 26 B.Şamyradow. «20-nji ýyllaryň türkmen edebiýaty», Aşgabat 1971ý. 143 sah. 27 H.Taňryberdiýew. Berdi Kerbabaýew – söz ussady. Aşgabat, 1966ý. 11-12-nji sah. 28 H.Taňryberdiýew. Berdi Kerbabaýew – söz ussady. Aşgabat, 1966ý. 12-nji sah. 29 H.Derýaýew. Ykbal. Aşgabat. 1962, 7-nji sah. 30 H.Taňryberdiýew. Berdi Kerbabaýew – söz ussady. Aşgabat, 1966ý. 16-njy sah. ■ «Taryhy prozanyň hem-de onuň poetikasynyň öwrenilişi» bölüminde peýdalanan edebiýatlaryň sanawy: 1 «Türkmenistan» gazeti, 1928ý. №20, 22, 23. 2 «Türkmenistan» gazeti, 1928ý. №267, 271, 272. 3 «Türkmen medeniýeti» žurnaly, 1931ý. №3-4, №5-6. 4 «Medeni ynkylap» žurnaly, 1932ý. №1. 5 «Medeni ynkylap» žurnaly, 1932ý. №2-3. 6 «Türkmenistanda şuralar edebiýaty» žurnaly, 1935-nji ýyl. №1-2-nji nomerleri. 7 K.Salyh. Sözbaşy. Hydyr Derýaýew. Ykbal. 1-2 kitap, Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýaty. 1962ý. 7-nji sah. 8 H.Taňryberdiýew. Berdi Kerbabaýew – söz ussady. Aşgabat, «Türkmenistan», 1966ý. 16-njy sah. 9 M.Annagurdow. Çeper eserler nähili döreýär? Aşgabat, «Türkmenistan», 1989ý. 27-nji sah. 10 M.Annagurdow. Çeper eserler nähili döreýär? Aşgabat, «Türkmenistan», 1989ý. 30-njy sah. 11 M.Annagurdow. Çeper eserler nähili döreýär? Aşgabat, «Türkmenistan», 1989ý. 32-nji sah. 12 M.Annagurdow. Çeper eserler nähili döreýär? Aşgabat, «Türkmenistan», 1989ý. 33-nji sah. 13 «Туркменская искра» gazeti, 1944-nji ýyl, 20-nji aprel. 14 M.Annagurdow. «Aýgytly ädim» hakynda. Sowet edebiýaty. 1951ý. 4-nji nomer. 15 «Туркменская искра» gazeti, 1948-nji ýyl, 10-njy aprel. 16 «Туркменская искра» gazeti, 1949-njy ýyl, 23-nji maý. 17 «Туркменская искра» gazeti, 1948-nji ýyl, 14-nji mart. 18 «Литературная газета», 1955ý. 11-nji oktýabr. 19 «Литературная газета», 1955ý. 11-nji oktýabr. 20 «Литературная газета», 1955ý. 11-nji oktýabr. 21 «Дружба народов», 1957. №11. 22 Rejebow R. Urşuň öňisyrasyndaky türkmen edebiýaty. A., 1960. s. 83-84. 23 Taýmyrow A. «B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany» dis iş. 24 А.Сокосырев П. «Листья и цветы», Сов писатель, 1957. 25 Myradow A. Gaýda örän doganlyk hakda roman. Sowet Türkmenistany. 1959ý. 26-njy aprel. 26 «Дружба народов», 1960. №9. 27 Aşgabat. 1960. №9 28 Sowet edebiýaty, 1961ý. №2. 29 Taňryberdiýew H. Edebiýatymyzyň gül-gunçalary, A., TDN, 1963. 30 Sowet edebiýaty, 1962ý. №3. 31 Sowet edebiýaty, 1962ý. №8. 32 Sowet edebiýaty, 1963ý. №7. 33 Edebiýat we sungat, 1962ý. 11-22-25 mart. 34 Edebiýat we sungat, 1965ý. 14 iýul. 35 Sowet edebiýaty, 1966ý. №8. 36 Edebiýat we sungat, 1968ý. 14-21-25 sentýabr. 37 H.Taňryberdiýew. Berdi Kerbabaýew – söz ussady. Aşgabat, «Türkmenistan», 1966ý. 38 Allakow J. Türkmen romanlarynda işçiniň obrazy. A., 1962ý. 39 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972ý. 40 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972ý. s. 95. 41 Sowet edebiýaty, 1971ý. №5. 42 Allakow J. Momumental prozanyň görnükli eseri. Seret: Beki Seýtäkow. Bedirkent. Türkmenistan, A., 1972ý. s. 419. 43 Edebiýat we sungat, 1963ý. 23 ýanwar. 44 Ýaş komunist, 7 aprel. 45 Gurbansähedow M. Türkmen romanlarynda Oktýabr epopeýasy. A., Ylym, 1972ý. 46 Gurbansähedow M. Hydyr Derýaýew, A., Ylym, 1972ý. 47 Кор-Оглы Х. Туркменская литeратура. М., Высшая школа. 1972. с. 274. 48 Aşgabat, Türkmenistan, 1975ý. 49 Aşgabat, 1972ý. 50 Edebiýat we sungat, 1972ý. 9 aprel. 51 Taňryberdiýew H. Prozamyzyň käbir problemalary, A.,1975ý. 52 Salyh K. Türkmen romanynda ussatlyk problemasy. A., 1976ý. 53 Sowet edebiýaty, 1976ý. №4. 54 Sowet edebiýaty, 1979ý. №1. 55 Sowet edebiýaty, 1976ý. №12. 56 Türkmenistan komunisti, 1965ý. №12. 57 Edebiýat we sungat, 1966ý. 27 iýul. 58 Sowet edebiýaty, 1981ý. №3. 59 Gylyçdurdyýew A, Roman we ussatlyk. A., 1981ý. 60 Şol ýerde, s. 9-10. 61 Nuralyýew D. Şahsyýet we edebi proses. A., 1982ý. 62 Nuralyýew D. Şahsyýet we edebi proses. A., 1982ý. s. 134. 63 Jumaýew K. Türkmen sowet prozasynyň döreýşi we ösüşi. A., 1986ý. 64 Baýmyradow K. Söweşjeň edebiýat ugrunda. A., 1970ý. 65 Hojageldiýew Nargylyç. Ömür kitaby. Sözsoňy. Sowet edebiýaty, 1987ý, №12. 66 Hojageldiýew Nargylyç. Ömür kitaby. Sözsoňy. Seret: Gowşudow A. Perman. A., Türkmenistan 1989ý, s. 593-594. 67 Şol ýerde, s. 610. 68 Şol ýerde, s. 615. ■ «Taryhy prozanyň folklor hem-de edebi gözbaşy» bölüminde peýdalanan edebiýatlaryň sanawy: 1 Rejebow R. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. A., 1966. s. 55. 2 Abdyllaýew Ö. Edebiýat ösüşine göz aýlap. A., 1968. s. 235. 3 Hüýrlukga-Hemra, A., 1950. s. 9-10. 4 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 10. 5 Кoр-Оглы. Тyркменская литература. М, Высшая школа, 1972, с. 44-45. 6 Кoр-Оглы. Тyркменская литература. М, Высшая школа, 1972, с. 48. 7 Gorkut ata. A., 1990. s. 8. 8 Гoр-Оглы X. Тyркменская литература. с. 64-68. 9 Garrýew B.A. Türkmen eposy, dessanlary we gündogar halklarynyň epiki döredijiligi. A., Ylym, 1982, s. 62-82. 10 Görogly. A., 1941, s. 8. 11 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 31. 12 Gorkut ata. A., 1990. s. 34-35. 13 Görogly. A., 1958, s. 401-402. 14 Şol ýerde. 15 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 58. 16 Görogly. A., TDN, 1954, s. 51. 17 Görogly. A., TDN, 1954, s. 51-52. 18 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 97. 19 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 58. 20 Görogly. A., TDN, 1954, s. 86-87. 21 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 31. 22 Şol ýerde. s. 91. 23 Görogly. A., TDN, 1954, s. 89. 24 Görogly. A., TDN, 1954, s. 91-92. 25 Şol ýerde. s. 93. 26 Gorkut ata. A., Türkmenistan, 1990. s. 105. 27 Şol ýerde. s. 145. ■ «Taryhy prozanyň döreýiş etaplary» bölüminde peýdalanan edebiýatlaryň sanawy: 1 Daýhan gazeti. 1925, 11 dekabr, №24. 2 Daýhan gazeti. 1925, 25 dekabr, №36. 3 Şamyradow B. Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty. A., 1971ý. s. 153. 4 Rejebow R. Ýigriminji ýyllaryň türkmen sowet edebiýaty. Ylym. 1980ý. s. 21. 5 Kerbabaýew B. Garşa guda. Hekaýa. Türkmen medeniýeti, 1928, №1. 1929, № 2, 3, 4, 5, 6. 6 Şol ýerde. 7 Ahunow A. Gul ogly Myrat, Aşgabat – Baku, 1934. 8 Ahunow A. Gul ogly Myrat, Aşgabat – Baku, 1934. s. 21. 9 Ahunow A. Gul ogly Myrat, Aşgabat – Baku, 1934. s. 24. 10 Ahunow A. Gul ogly Myrat, Aşgabat – Baku, 1934. s. 56. 11 Ahunow A. Gul ogly Myrat, Aşgabat – Baku, 1934. s. 54. 12 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, t. 4, A., 1972. s. 42. 13 Тачназаров О. Лицо врага, Туркменоведение 1931, № 5-6, №7-9. 14 Тачназаров О. На переломе, Туркменоведение 1931, № 10-12. 15 Täçnazarow O. Türkmen edebiýatynda synpy göreş. 16 Baýmyradow K. Söweşjeň edebiýat ugrunda. A., 1970ý. s. 234-235. 17 Seret: Şamyradow B. Oraz Täçnazarow, A., 1952ý. Şamyradow B. Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty. A., 1972ý. Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň tarhy, A., 1988. 18 Kerimow A. Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda. A., 1957ý. s. 117. 19 Rejebow R. Urşuň öňüsyrasynda türkmen edebiýaty. 1960ý. s. 84. 20 Jumaýew K. Türkmen sowet prozasynyň döreýşi we ösüşi. A., 1986ý. s. 250. 21 Rejebow R. Urşuň öňüsyrasynda türkmen edebiýaty. 1960ý. s. 84. 22 Şol ýerde, s. 84. 23 Jumaýew K. Türkmen sowet prozasynyň döreýşi we ösüşi. A., Ylym, 1986ý. s. 250. 24 Аборский А. Душа брата, А., Тyркменистан, 1983, с. 131. 25 Durdyýew A. Han küýli, A., Türkmenistan 1982, s. 45. 26 Durdyýew A. Han küýli, A., Türkmenistan 1982, s. 46. 27 Şol ýerde, s. 47. 28 Şol ýerde, s. 47. 29 Durdyýew A. Han küýli, A., Türkmenistan 1982, s. 47-48. 30 Işanow K. Watan üçin. TDN. A., 1954, s. 60-61. 31 Şol ýerde, s. 60-61. 32 Işanow K. Watan üçin. TDN. A., 1954, s. 61. 33 Salyh K .Sözbaşy. Seret. H. Derýaýew. Ykbal. TDN. A., 1962, s. 7-8. 34 K.Salyh. Türkmen romanlarynda ussatlyk problemasy. A., 1976ý. 22 s. 35 K.Salyh. Türkmen romanlarynda ussatlyk problemasy. A., 1976ý. 22 s. 36 Türkmen edebiýatynyň tarhy. Ylym. 1979, t. 4. s. 204. 37 Türkmen edebiýatynyň tarhy. Ylym. t. 5. 1980, s. 204. 38 Hojageldiýew N. Ömür kitaby. Sözsoňy. A.Gowşudow. Perman. A., 1990ý, s. 584. 39 Hojageldiýew N. Ömür kitaby. Sözsoňy. A.Gowşudow. Perman. Aşg., 1990ý, s. 67. 40 Sowet edebiýaty, 1940ý. №1. s. 92. ■ «Kyrkynjy ýyllaryň türkmen prozasy: Taryhy epopeýa bilen ýüzbe-ýüz» bölüminde peýdalanan edebiýatlaryň sanawy: 1 Горький А.М. О литаратуре, М., 1955, с. 499. 2 Кузнецов М. Пути развития советского романа. М., «Знание», 1971, с. 7. 3 Горький А.М. О литаратуре, Статьи и речи. 1928-1936, М., 1937, с. 56. 4 Петров С.М. Советский исторический роман. 1948. Петров С.М. Советский исторический роман в послевоенные годы. «Знание», 1953г. Петров С.М. Русский советский исторический роман.. М., Современник. 1980. Александрова Л.П. Советский исторический роман и вопросы историзма. Из-во Киевского университета. 1971. Оскоцкий. В.Д. Роман и история. М., Художественная литература. 1980. 5 Петров С.М. Русский советский исторический роман.. М., Современник. 1980. с. 386. 6 Фадеев. А.А. Литературе и искусство, 1943. 16 октябрь. 7 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972. s.112. 8 Türkmenistan SSR-niň taryhy. t 1. Kitap 2, 1960, s. 412. 9 Şol ýerde, s. 413. 10 Türkmenistan SSR-niň taryhy. 1 tom. 2-nji kitap, Aşgabat, 1960ý., s. 416. 11 Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär? A., Türkmenistan, 1989, s. 19. 12 Şol ýerde, s. 28-29. 13 Kerbabaýew B. Eserler tomlugy. t. 6. A., 1960, s. 583. 14 Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär? A., 1989, s. 56. 15 Rejebow R. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. A., 1966. s. 56. 16 Abdyllaýew Ö. Edebiýatyň ösüşine göz aýlap. A., 1968. s. 231-232. 17 Mollanepes. Eserleriniň bir tomlugy. 1961, s. 157. 18 Mollanepes. Eserleriniň bir tomlugy. 1961, s. 244. 19 Hüýrukga-Hemra, A., 1950, s. 23. 20 Şol ýerde, s. 24. 21 Hüýrukga-Hemra, A., 1950, s. 24. 22 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972. s.132. 23 Красная Татария (Казань) 5 августа 1928, Seret. Овчаренко А.Н. Социалическая литература в современном спорах. М., 1972, с. 84. 24 Şamyradow B. Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty. A., 1971ý. s. 169. 25 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler. t. 4. A., 1972, s. 42. 26 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler. t. 4. A., s. 47, 48, 49, 50. 27 Saryhanow. N. Ýagtylyga çykanlar. A., Türkmenistan, 1979. s. 11. 28 Saryhanow. N. Ýagtylyga çykanlar. A., 1979. s. 11. 29 Şol ýerde, s. 18-19. 30 Saryhanow. N. Ýagtylyga çykanlar. A., 1979. s. 27-28. 31 Seret: Allakow J. Momumental prozanyň görnükli eseri. Beki Seýtäkow. Bedirkent. Türkmenistan, A., 1972ý. s. 425-426. 32 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, t. 1. A., 1969, s. 238. 33 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., t. 1. 1969, s. 24-25. 34 Kerbabaýew B. Zehin, ýürek, ukyp hem zähmet zerur. Eserler toplumy, t. 3. S. 691. 35 Kerbabaýew B. Ýoly ýörän ýeňer. Eserler toplumy, A., 1960, t. 6. s. 586. 36 Gorkiý M. Ene. A., 1953, s. 11. 37 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., 1971, t. 2. s. 11-12. 38 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 1. s. 157. 39 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 1. s. 280-281. 40 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., 1971, t. 2. s. 435-436. 41 Толстой А.Н. Собр. Соч., б 10 томах, т. 10. С. 241-242. 42 Карасев Чу. Рашающий шаг. См: Декада Туркменской литературы и искусства в Москве, А., 1957, с. 116. 43 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972. s. 243. 44 Belinskiý W.G. Saýlanan eserler, Türkmenöwletneşir, 1948, s. 130. 45 Abdyllaýew Ö. Edebiýatyň ösüşine göz aýlap. A., 1958. s. 239. 46 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 1. s. 16. 47 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 1. s. 16. 48 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 1. s. 16. 49 Şol ýerde. s. 16. 50 Şol ýerde. s. 19. 51 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, A., 1971, t. 2. s. 28-29. 52 Taňryberdiýew H. Berdi Kerbabaýew – söz ussad. A., 1966, s. 97. 53 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 1. s. 305. 54 Şol ýerde. s. 312. 55 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., 1971, t. 2. s. 335. 56 Kerbabaýew B. Aýgytly ädim. Saýlanan eserler, A., 1971, t. 2. s. 404. 57 Şol ýerde. s. 405. 58 Şol ýerde. s. 405. 59 Kerbabaýew B. Eserler toplumy, A., 1960, t. 6. s. 590. 60 Mollanepes. Eserleriniň bir tomlugy. 1961, s. 165-170. 61 Mollanepes. Eserleriniň bir tomlugy. 1961, s. 172. 62 Görogly. A., 1958, s. 261. 63 Görogly. A., 1958, s. 191. 64 Görogly. A., 1958, s. 192. 65 Şol ýerde. s. 514. 66 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972ý. s. 361. 67 Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär? A., 1989ý. s. 29. 68 Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär? A., 1989ý. s. 28-29. 69 Şol ýerde. s. 56. 70 Русские писатели о языке, Л., 1954, с. 367. 71 Kerbabaýew B. 1 tom. A., 1969, s. 42. 72 Kerbabaýew B. Saýlanan eserler, A., 1969, t. 2. s. 383-384. 73 Kerbabaýew B. A., 1971, t. 1. s. 11-12. 74 Türkmenistan SSR-niň taryhy. A., 1959, t. II. s. 567. 75 Sowet edebiýaty, 1940ý. №1, s. 92. 76 Русская советская литература. М., Просвещение, 1969, с. 293. 77 Şyhmyradow O. Türkmen halkyna ýat bolan Gorkuta ata eposy. Sowet edebiýaty, 1951, №9. 78 Annanurow A. Ideologiýa taýdan zyýanly edebi eserler. Sowet edebiýaty, 1951, №9. ■ «Soňky ýyllaryň taryhy prozasy (1956 – 1970-nji ýyllar)» bölüminde peýdalanan edebiýatlaryň sanawy: 1 Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň taryhy. Türkmendöwletneşir, A., 1963, s. 769. 2 Sowet Türkmenistany gazeti. 1959, 26 aprel. 3 Мырадов А. Некоторые проблем современного прозы Тyркменская искра. 1959, 18 сентября. Никитин М. Роман о богатстве народов. Дружба народов. 1960, №9, Сергеев Б. Братя, Ашхабат 1960, №9. 4 Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär? A., 1989ý. s. 187. 5 Türkmenistan SSR-niň taryhy. T. 1. Ikinji kitap. A., 1960, s. 409. 6 Türkmenistan SSR-niň taryhy. A., 1959, t. II. s. 156-157. 7 Seýtäkow B. Doganlar. A., 1961, Türkmendöwletneşir, s. 304-305. 8 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972. s. 218. 9 Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. A., 1972. s. 95. 10 Allakow J. Momumental prozanyň görnükli eseri. Beki Seýtäkow. Bedirkent. A., 1972ý. s. 430-431. 11 Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň tarhy, A., 1988. S. 110. 12 Salyh K. Türkmen romanlarynda ussatlyk problemasy. A., 1976ý. s.63. 13 Derýaýew H. Ykbal. 1-2-nji kitap., 1962, s. 251. 14 Derýaýew H. Ykbal. 1-2-nji kitap., 1962, s. 251. 15 Şol ýerde. s. 253. 16 Derýaýew H. Ykbal. 1-2-nji kitap., 1962, s. 360. 17 Derýaýew H. Ykbal. Üçünji kitap. A., 1966, s. 36-37. 18 Derýaýew H. Ykbal. A., 1966, s. 46. 19 Derýaýew H. Ykbal. 3-nji kitap., 1966, s. 40. 20 Şol ýerde. s. 66. 21 Derýaýew H. Ykbal. A., 1966, s. 106. 22 Derýaýew H. Ykbal. 3-nji kitap., 1966, s. 205. 23 Şol ýerde. s. 210. 24 Şol ýerde. s. 212. 25 Derýaýew H. Ykbal. A., 1966, s. 308. 26 Derýaýew H. Ykbal. 4-nji kitap., 1970, s. 26. 27 Şol ýerde. s. 252. 28 Soltannyýazow B. Sumbar akýar. A., 1-nji kitap. 1962, s. 19. 29 Şol ýerde. s. 21. 30 Seýtäkow B. Doganlar. 1-nji kitap. A., 1961, s. 36. 31 Seýtäkow B. Doganlar. 1-nji kitap. A., 1961, s. 32. 32 Şol ýerde. s. 28. 33 Gylyçdurdyýew A. Roman we ussatlyk. A., Türkmenistan. 1981, s. 10. 34 Gurbansähedow G. Kyrk teňňe. TDN. A., 1961, s. 216. 35 Şol ýerde. s. 216. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |