08:50 Täze harabalar / Diktumşuk | |
3. Diktumşuk
Romanlar
Köne Garaýap obasynyň "Täze oba" kolhozy diýip at alan döwründen soňky taryhynda Mämmetguly diktumşugyň öz orny bar, ony başga bir adam eýeläp bilmez. Bu ýerde wezipeden başga-da birgiden alamat bar, şolaryň bir adamda jemlenişine haýran galaýmaly. Oba durmuşynyň haýsy tarapyndan baraý, Mämmetgulynyň yzyny görse bolýar. Magtym ýalaňaç oňa "kolhoz döwrüniň simwoly" diýýär. Allaş "simwol" sözüniň manysyna oňly düşünmese-de, Mämmetgula ýöňkelýän bolsa, gowulygy aňladýan bolmaly däl diýen pikirde. Kolhoz ýatyrylsa-da Mämmetgulynyň wazaňy ýatanok. Eger Allaşyň gulagyna ýeten gep-gürrüň myjabat bolmasa, myjabatlygyna ynanasy gelenok, onda Garaýap obasynyň ýaşulylaryndan Mämmetguly syrtyna arlyk, täze dil bilen aýdanyňda, pampers geýen ilkinji adam bolýar. Pampersiň nämedigini "arlyk" sözi bilen düşündirdiler. Arlyk diýeniň ak esgi, bäbek gundalanda arlygy çaganyň satanjygynyň arasyna gasdyrardylar. Bu çakda oba gelinleri bäbeklerini pampersli ýatyrýarlar. Juda oňaýly tapylan zat, Allaş gözi bilen gördi, çaga siýsin, syçsyn, tenine hapa çyrşalanok, pampers sorup alýar, ysy çykanok, rahat ýatýar. Ogul agtyjaklarynyň ukudan turanda aglamaýadyklaram şonuň üçin. Indi Mämmetgulynyň degirmen daşy ýaly tegelek syrtyny pampersly göz öňüne getirjek bolup görüň! Allaş başaranok, hezil edip gülýär. Mämmetguly ýetmişden geçen, agramy ýüz kilodan aňyrdaky äpet adam. Il arasyndaky lakamy: diktumşuk. özünden pes, ejizdir öýden adamyna: "häý, garamaňlaý!" diýýär. özüniň akmaňlaýdygyna şübhe eden adam däl, tiresiniň ady-da "akmaňlaýlar". Ataly başlyk bilen tiredeş, ýakyn garyndaş, atalary doganoglan. Ataly başlygyň atasy Oraz baý, Mämmetgulynyň atasy Tüýli syçak. "Syçak" lakamyny oňa Oraz baý beripdir diýen gürrüň bar. Geçen asyrda, basmaçylyk ýyllary Oraz baý malyny, maşgalasyny şura hökümetinden gaçyryp, serhet ýakasyna sürende, yzyndan gyzyllaryň kowgusy gidýär. Şolaryň arasynda Tüýli bar ekeni. Bu habar Oraz baýa ýetende: "Häý, garamaňlaý syçak!" diýip käýinenmiş. "Syçakdanam" beter "garamaňlaý" diýmesine üns bermeli. Tüýli syçagy akmaňlaýlar tiresine goşup bolmaz diýen manyda-da düşünse bolar. Soňra Tüýlüniň ogullary kakalaryny Oraz baýyň çyrşan pohundan arlamak üçin delil tapypdyrlar: "Gyzyllar kakamyzy zora ýanap äkidipdirler, zamun ornunda saklapdyrlar, atyşyk bolsa, doganoglanyna ok deger öýdüp, ätiýaç eder, atyşmaz diýen pikirde ekeniler". Tüýlüniň zor bilen alyp gidilenem, bir seretseň, dogry ýaly. Ol gyzyllaryň gullugynda duran adam däl, tüpeňli gezen adam däl. Garaz, atyşyk bolupdyr, Oraz baýa ok degipdir, soň şol ýaradanam ölüpdir diýýärler. Tüýli syçak oňa garşy ok atypmy, atmanmy, anyk bilýän Ýok. Şondan beýläk akmaňlaýlaryň arasyna tow düşýär. Indi bu günki bolup ýören ahwalata üns ber: syrtyna pampers geýen kim? Tüýli syçagyň agtygy Mämmetguly diktumşuk, ha-ha!.. Dura-bara Mämmetguly syçak diýilmese-de biri! Bu ýerde Ataly başlygyň eliniň bolup biläýjeginem aradan aýryp bolmaz. Oraz baýyň ogly, Atalynyň kakasy Garrybaý nemis bilen uruşdan synasagat gaýdyp gelenden soň, tä ölinçä kolhozyň kanturynda hasapçy bolup işledi, Tüýli syçagyň ogly Mämmetguly bilen ysnyşmady. öýke-kine aradan aýrylmasa, tiräniň at-abraýyny dikelmek başartmaz diýen ynanja Ataly başlyk gol ýapmaly bolandyr, ähtimal şeýledir, Mämmetgula aga hökmünde, akmaňlaýlaryň bir sütüni hökmünde garamaly diýen karara gelendir, ýagş-u-ýaman ýüz ýyla golaý ozalky bolan wakalar köpüň ýadyndan çykmaly. Ýigriminji asyryň aýagynda kolhozyň alan-aldy edilip, dargadylan ýyllary Ataly kolhozyň başlygydy. Kolhozyň fermasyndaky bäş ýüz sygyr ýagy daran ýaly pytrady, kolhozçylara kärendesine berildi diýdiler. Gylla ýaryny Atalynyň maşgalasy aldy diýen gürrüň ýaýrady. Mämmetgula-da elli sygyr ýetipdir. Hany indi ol sygyrlar? Kärende berlen sygyrdan girdeji gelmeli dälmi? Sygyrlaram Ýok, girdejem Ýok. Etrabyň bir edarasynda sygyrlaryň sanawy saklanýarmyş diýdiler. Wagtal-wagtal kärendesine sygyr alanlary prokuratura çagyrýarmyşlar diýen ýaly gürrüňlerem eşiidilýär, her kim sülçä para berip sypýarmyş diýýärler. Soňky üç-dört ýyl bäri Mämmetgulynyň saýlanytgy ýaşulylaryň sanawyna salnyp, ýygnak- dabaralara iberilip başlanmagyny Magtym ýalaňaç ýeser düşündirdi: akmaňlaý tiresini mahabatlandyrmagyň Ýoluna düşüldi diýdi, tireparazlyk keseli bizi ýene orta asyryň garaňkylygyna dolap biler diýdi. Orta asyryň garaňkylygynyň nämedigini Allaş anyk aýdyp bilmese-de, şol zamanda türkmeniň traktor sürmändigini bilýär. Magtym ýalaňaç juda aýylganç zatdan mysal tutdy: "Mergi keseli ýüz ýyl ozal şu golaýda tutaşypdyr, bilýänsiň, ölen adamlaryň gömülen öwlüýäsem häzir ýitenok, şol ýeri gazmak häzirem gadagan, merginiň mikrobynyň ýaýramagyndan ätiýaç edilýär. Men tireparazlygy şol mikroba deňeýän" diýdi. Hudaýýar wäşiniň elli ýyl ozal aýdan sözüni henizem ýatlap, gülüp ýörenler bar. Onuň gepine ynansaň, akmaňlaýlar bu oba soň düşüpdirler. Nireden gelendiklerini anyk aýtmadygam bolsa, tiräniň başga-da bir adynyň bolandygyny aýdypdyr. Olara baýosuraklar diýer ekeniler, baýosuraklaryň aňyrsam bokyÝogunlardan bolmaly. Pohdan arassalanjak bolup, biziň arassa obamyza sokulan bolmaklary ähtimal diýipdir. Akmaňlaýlaryň uly sütüni Oraz baý. Oraz baý Ýagmyr mollanyň atasy Gylyç ahun bilen deň-duş, öwez işanyň mekdebine bileje gatnapdyrlar, iýenleri aýra gitmändir. Gylyç ahundan galan hüjüreler kolhozyň gowaça meýdanynyň gyrasynda köp ýyl durdy, düýbüni zeý opuryp, özi ýykylýança golaýyna baran bolmady. Soňky on ýylda kolhoz ýerleri mellege paýlananda, Ataly başlyk hüjürä ýanaşyk ýerleri Gylyç ahunyň agtygy Ýagmyr molla, onuň iki ogluna paýlap berdi, edil hüjüräniň ornundan metjit salmagyň aladasyny edenem Ataly başlyk. Köpçülik ýerinde Oraz baýyň ady agzaldygy Ýagmyr molla sypdyrman bir sözüni gaýtalaýar: -- Oraz baý musulman ymmatynyň goragynda, ar-namysyň goragynda şehit ölen gerçekdir, jesedi Garagumyň ak çägesiniň astynda galdy, jaýy jennetdedir, o-omin!.. Ýagmyr döwletiň bellän mollasy, hödürlän Ataly. Iki ýyllykda döwletiň hasabyna Mekge-Medinä haja iberlenleriň sanawyna goşduranam Ataly, mundan Allaş habarly. Mämmetgulynyň: menem haja ibert diýip, Atala ýalbaranynam bilýär. "Biraz horlan, o garnyň bilen Arabystanyň yssysyna çydamarsyň, äý-Ýok, gitjek, ölsemem şo mukaddes toprakda öljek diýseň, iberäýmeli bolar" diýipdir. Din ugurynda şirin janyndan geçjek Mämmetgulymy diý! Namazy zordan öwrendi, horlanmagy welin, başaranok. Agar çäkmenli, seleň telpekli, torba ýaly sakgally, ýapy ýaly garynlak, epeý ýaşula öwrüldi. Sakgaly bilen garny özünden diýäýmeseň, galan zady dabaralardan ýeten serpaý. Göwresi, gabarasy ýaşulylary saýlap-seçmekde Ýokardan aýdylýan talaba laýyk gelýär. Dulugy öwurdyna çöken, agajet, hor adamlara isleg Ýok, bagtyýar ýurduň doklugy, rowaçlygy ýaşulylaryň daýanykly göwresinden, dolmuş ýüzünden duýulmaly diýlipdir. Magtym ýalaňajyň gatan gurbaga dönen göwresini görkezip, bizde dok ýaşalýar diýseň, saňa it ynanjaky?! Kellesindäki akyly agramlajak Ýok, akyl kime gerek diýsene!.. Uly dabaralara gatnaşyp gelende Mämmetgulynyň aýdýany şol bir gep: -- Görlen gudratyň waspyny ýetirmek üçin Magtymguly ýaly hakdan içen şahyr bolmaly. Bir Ýola Magtym ýalaňaç onuň sözüni bölüp: -- Magtymguly waspçy şahyr bolmandyr--diýdi. -- Onda şahyr adyny nädip alypdyr?!--diýip Mämmetguly azgyryldy.-- Şony bilmän oglan okadanyňa haýran galýan, ha-ha-ha... Geň ýeri, birdenkä Mämmetguly dabaralara gitmekden galdy. Allaş kelle döwdi: akmaňlaýlaryň maňlaýy garalaýjakmyka? Äý-Ýok, Ataly başlyk kürsüsinde berk otyr, bu ýerde başga bir sebäp bolmaly. Kärendä berdim edilip, soňra ýitirim bolan sygyrlaryň hasaby soralaýdymyka? Hasap berk soraljak bolsa, onda Atalyny nätjek? Onuň diňe öz hojalygyna alan sygyrynyň sanyny ýüz ellä ýetirýärler. Atalyny syndyrman Mämmetgulyny burça gabamak kyn düşer. Mämmetguly diýen adam balyk ýaly sypjyk, ogurykda onuň öňüne geçen tapylar öýtme. Daýhançylykdan gaýry, kolhozda baş goşmadyk işi Ýok. Elli ýyl ozal pagta brigadalarynyň üçüsiniň zähmet hasabyny ýöredýär, soň kolhoz ony bugaltirlik okuwyna iberýär, şäherde bir ýyl okaýar. Kiçi, uly, baş bugaltir bolup işleýär. Towuk perme, kassir, skladçy... bular bugaltirlikden soňky işleri. "Men kolhozyň ody bilen girip, küli bilen çykan adam" diýip öwünýär. Magtym ýalaňaç welin: "Kolhozyň külüni asmana sowran adam" diýýär. Baş bugaltirlikden zordan basylman sypypdy. Onuň ogurlan puluny eşidenlerinde, galyň berip öýlenmeli ýigitler başlaryny ýaýkap, sykylyk çaldylar. On bäş geliniň galyňyny diklejek pul ekeni! Akmaňlaýlaryň arasyndan bir garamaňlaýy tapyldy diýip, sud bolup, Mämmetguly diktumşuga ýyl kesilerine garaşyldy. On ýyldan bäri bolar diýýän Ýokdy. Ol wagt Ataly kolhozyň başlygy däldi, oba hojalyk institutyny gutaryp, kolhozda zootehnik bolup işleýärdi. Onuň Mämmetgula hemaýatynyň ýetmejegi belli, ogry öz başyny çaramalydy. Sypdy. Nähili sypandygyny aýtmak üçin Mämmetgulynyň özi ýaly tejribe toplan emeldar gerekdi. Sypandan soňky aýdan sözi Allaşyňam gulagyna ýetipdi: "Akmaňlaýa gara Ýokmaz!" diýipdir. Az mahal kolhozdan gitdi. Oba alyjylar jemgyýetinden, selpo diýerdiler, iş tapdy. "El eli ýuwar, iki el birigip ýüzi ýuwar" diýen nakyly üýtgedip aýtdylar: "Ogry ogryny ýuwar, ähli ogry birigip, Mämmetgulyny ýuwar". Gozakly IŽ motoryny tarladyp, döşüni ýele tutup gezdi. Içýärmiş diýdiler, hemişe-de içgiden gaça duran adam däl, indi içgilikä görene göz bolup başlapdyr. Diýleni çyn boldy, töwerek-daşy güldüdi, oba metgi boldy. Soňky sapar öýüne düşürip gidenlerinde aýak üstünde durup bilenok diýdiler. Tamynyň uly otagynda genderew iýip çişen sygyr ýaly gölerip ýatyşyna: "Heý-weý, men ölýän--diýip gygyrypdyr, aýalyna hemle urupdyr.--Otur gapdalymda, ses edip agla!.. Men ölemde aglajak dälmi sen!?.. ölýän-eý, ölýän... Çagalary çagyr, gapdalymda oturyň, galman oturyň... Aglaň, ses edip aglaň, bi öýde bir bende ölüpdir diýsinler... öýmüziň diregi ýykyldy diýip aglaň... Heleý, ärim öldi, dul galdym-eý diýip agla... Aglaň diýýän men size!.. Heleý, sen başla, sen aglasaň olaram aglar... siziň agyňyza gulak asyp öljek... heý-weý-e-eý... ýüregim ýandy-la, ýürejigim ýaryldy-le-eý... --Düe kimin bögürýär, heleýiniň elinden dartyp, gapdala ýykýar.--Gaçyp gitjek bolduňmy?.. Sen aglamarsyň, äri ölse, begenjek heleý sen!.. Begenýän bolsaň, gülüp otyr, hahahaýla, masgara bol... Siz näme aglaňzok, ýerýuwdanlar!.. Aglap otyrkaňyz öleýin-dä, o dünýä ses edip ugradyň meni... Heleý, Senem ejeden pes oturma, aýdyma gygyryp aglasana... "Halym-malym Halmämmet, okara-çemçäm Täçmämmet, ha-ha...ha-ha-aa... Owlakly guzym Ogulsuraý jana-le-eý... Aglamasaňyz size menden belaň ýamany ýeter... Senem ejäni çagyryň, Senem eje ölen däldir, gözüni hüwüň gözi ýaly petiredip, bir ýerde oturandyr, tapyň, kakam öldi, ses edip ber diýiň... Hossarsyz galýaňyz, men ölsem işiňiz pyrryk. Ýüpek parça geýdiren, myssyk çörek iýdiren!.. şeý diýip agla, heleý! Mämmetgulynyň kiçi gyzy şumjarýar, oýunmy-çynmy düşer ýaly bolanok, nätsin görgüli: "Kakam jan-eý",.. diýip, ses edýär. Oturanlar çydanoklar, eginlerini silkip gülüp başlaýarlar. Mämmetguly gülünýänini duýýar, hasanaklap galýar, ýykylyp-sürşüp diwara ýetýär, halyň ýüzünde asylgy aw tüpeňine ýapyşýar. "Begenjek ekeniňiz, men ölsem begenjek ekeniňiz... begendirmen, begenere goýman sizi, meň bilen ölersiňiz!.." Tüpeň oklangy ekeni, iki gulagy birden gaýtarýar. Yzly-yzyna atylan ok penjiräniň aýnasyny kül-uşak edýär. Içerdäkiler çirkin ses edip, ýere ýazylýarlar. Töwerek-daşdan adam bary haýdap gelýär, öýde heläkçiligiň bolandygyna şübhe edýän Ýok. Gelenler eli tüpeňli gorkudan gözleri çykara gelen Mämmetgulyny görýärler. Serhoşlykdan şol bada açylan bolsa nätjek! Mämmetguly çagalaryny tüpeňläpdir diýen dowul ýaýraýar. Hernä, habar milisiýa ýetmänkä ogullary gelip ýetişýär. Iki ogly bilen otagda galan Mämmetguly çaga ýaly möňňürip aglapdyr diýdiler. Penjiräniň aňyrsyndan diňlänleriň biri onuň zarlap aýdan sözlerinem eşidipdir. "Maňa doga edýäler, bi birinji gezek däl. Daş-töweregimi ganym duşman aldy, kakaňyzy halas ediň!" diýipdir. Söwda uguryny taşlady, oňa kolhozuň towuk fermasyny tabşyrdylar. "Towuk ýedi hazynanaň biri diýilse-de, olaryň maýdalygyny Mämmetguly uşak pula deňedi, has dogrusy, gara köpüge deňedi diýmeli. Köpük ýygnap kisäňi agraldyp bolmaz, onda-da entejik çydamaly diýipdir. Aýňalyp pikir öwrüp otursa, juda kemsinere sebäp galanok. Towuk ferma diýilse-de, hudaýa şükür, iýmäge zat bar, kolhozyň doňuzlaram onuň garamagynda, olaryňam sany müňe ýetip barýar, üstesine ördek, towşan... Maýda maly kim günde-günaşa sanap ýör. Ýüz müň towukdan alynýan ýumurtga günde on müňlerçe. Her gün, aýdaly, ýarym müň ýumurtganyň bahasy kisäňe düşende-de, dama-dama köl bolýar. Şäherde doňuz etini iýýän azlyk edenok, döwletem doňuzyň et planyny artdyranok, gaýta kemeldýär, kemelidibersin, satmaga ýer kän. Towşany, ördegi bazara çykaryp ýörmeli däl, baýaminnet, üstüňe gelip alyp gidýärler, kwitansiýa soraýan Ýok. Kolhozyň uly myhmanhanasy bar, oňa gelýänler kileň raýonyň, oblastyň emeldarlary, merkezden gelenlerem getirýäler, aglaba keýp çekmäge gelýärler, olara guş eti gerek, towşan iýjekler, doňuzyň çişligini iýjekler. Başlygyň sargydy bilen käbiriniň maşgalasynyň iýjeginem maşynyna salyp goýbermeli ýa-da öýlerine elin eltip gaýtmaly. Bular Mämmetgulynyň elinden geçýär. Başlygyň öz paýy bar, başlyk hojaýyn, Mämmetguly onuň hyzmatkäri, ynanýan adymy. Ol saňa seniň paýyň pylança diýenok, bal tutan barmagyny ýalamaly, başlyk bu kada düşünýän adam, şoňa eýerip ýören adam. Mämmetgulynyň bu ugurda azy ýaran emeldardygyny-da bilýär. Bilende-de Mämmetgulynyňam islegi artýar, oňa-da düşünmeli. Mämmetguly maýda malyň permasy, köpük çöpläp mydar etmek ýadadýar, indi oňa bir ugurly, sakada oturmaly iş gerek. Islegine ýetdi, kolhozyň skladlarynyň açaryny aldy. Indi kolhozyň berýän harydy, alýan harydy onuň elinden geçýär. Sekiz ýyl işledi, baýady, depseň yranmaz boldy. Zootehnik Ataly kolhozyň goýun fermasyna on ýyl müdirlik edenden soň kolhoza başlyk goýuldy. Iki-üç ýyl Mämmetgula çydady, soňra sen pensiýa çyk diýdi. Mämmetguly Ýok diýmedi, kolhozyň emlägini menden gabanýar diýip düşündi, ýeke iýesi gelýär diýdi, içinde kitüw saklady. Indi Mämmetgulynyň dabaralardan galmagyna nämäniň sebäp bolandygyny aňşyrmaly. Allaş kelle döwdi. Bir sebäp bilen oňmady, iki sebäp tapdy, ýalňyşýandyryn öýtmedi. Birinji sebäp Ataly başlyk bilen bagly, ikinji sebäbe paýhas bilen ýetmelidi, Allaş şol paýhasyň özünde bardygyna monça boldy. Diktumşuk Mämmetguly obanyň ýaşulylaryna kethudalyk, wekilçilik edenini az gören bolmaly, akmaňlaýlaryň öňbaşçysy bolmaga ymtylypdyr diýseň dogry boljak. Mes eşek eýesini deper diýlenini etdi. Ol, işigaýdan, akmaňlaýlaryň hakydasyny üýtgederin öýtdimikä? Oraz baýy unutjak tapylarmy diýsene! Baýlaryň ganym duşmany bolşewigiň zamanynda unudyldymy, indi Ataly ýaly täze baýlaryň zamanynda unudylar ýaly! Baýdan "Tüýli syçak" lakamyny alan doganoglan-a asla-da unudylmaz. Mämmetguly diktumşuk şoňa-da düşünýändir öýdenok, oňa Allaş haýran galýar. Mämmetguly at-abraýyny dabarlandyrmagyň ugruna çykýar, al gerek bolsa saňa! Mekdepde okuw müdiri bolup işleýän gyzy Selbinem ýardamçy tutunýar. Gör-le bularyň saýlap tapan emelini! Uly tamynyň uly otagynda, şol peýan bolup bögürip ýatan otagynda sergi açdylar. Mämmetgulynyň gatnaşan dabaralaryndan aldyrylan suratlar, berilen sylag-serpaýlar nirede, haçan alnypdyr, jikme-jik düşündirişler bilen görkezilipdir. Iki suratda Mämmetguly hormatly prezidente golaý duran toparyň arasynda. Eger egin-egne berip durmak başardan bolsady, olaryň turuzjak oýny başgaça bolardy. Suratyň edil şol ýerini bölüp alardylar, ulaldyp, çarçuwa salyp asardylar. Görüň, hormatly prezident Mämmetguly bilen ikiçäk surata düşüpdir diýen wazaň oba ýaýrardy. Beýle galplygyň bolup biljekdigine Allaş delil tapdy. Alynmadyk sylagyň sergide goýlandygy mälim boldy. Prezidentiň beren sylagy diýlip, gyzyl sagat goýlupdyr. Şol dabara goňşy obadan Mämmetguly bilen gatnaşan ýaşuly: "gyzyl sagat berilmedi, Mämmetguly pohuny iýmesin" diýipdir. Şol gyzyl sagadyň Mämmetgula nireden düşendigini Ýaran ussanyň ogly bilýän ekeni, kakasyna aýdypdyr: "Şäherde wino ýasaýan ermenä kolhozyň dört tonna üzümini gyzyl sagada çalyşypdy, maşynym bilen ermeniň howlusyna düşürip gaýdan özüm, ermeniň aýdanyny gulagym bilen eşitdim" diýipdir. Sergi goňşy-golama görkezildi, ýaşulylardanam göreni bar, Allaşam gördi. Mämmetguly tumşugyny Ýokary tutup: entegem görkezmeli zat köp, uly zal gerek diýdi. Selbi sergä okuwçylary sürüp ugrady. Klas-klas getirip, uzyn-uzyn mahabatly sözler aýdýar diýdiler. Garaşsyzlygyna ee bolan mähriban diýarymyzyň öňünde kakamyň bitiren hyzmatynyň uludygyny ak mermere gaplanan gözel paýtagtymyzda geçirilýän taryhy dabaralara hormaty belent prezidentimiz bilen bileje gatnaşýandygy-da aýdyň görkezýär, suratlara üns berseňiz meniň aýdýanlarymyň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz diýýär. Ýeser ýeri, bu sergi Ataly başlykdan bidin edilen bolsa nätjek! Bu ýerde Atalyny göz-görtele äsgermezlik bar, Ataly ikinji orna geçirilýär, akmaňlaýlaryň kerwenbaşysynyň Mämmetgulydygyny duýdurmak islegi bar. Atalynyň ylalaşmajagy belli, öküz süsen ýaly etdi. Selbi okuw müdirliginden boşadyldy, başlangyç klaslarda terbiýeçilik sapagy tabşyryldy, men maýdalary okatmaly mugallym däl diýip, nägilelik bildiräýse, güm edip kowuň, başga bir edaradan iş tapmaz ýaly aýylganç kemçilik tapyp kowuň diýipdir. Mämmetguly tumşugyny ýatyryp, eňegini döşüne diräp, Atalynyň öňünde müzzerilip durýar, gyzyny näletleýär: dogman geçen ýerýuwutmyş, bu masgaraçylygy maňa-da duýdurman edipdir. Atalynyň gülküsi kanturdan daşarda duranlara-da eşidilipdir: ho-ho-ho-o-o!.. söz diýmändir. Ýygnak-dabaradan Mämmetgulynyň aýagy kesildi. Elbetde, aýdylanyň delil kemi Ýok, ýöne ikinji delil has gyzykly. Ony akyl süzgüjinden geçirmäge ukyply adam kabul edip biler. Ýekeje uçgundan ot tutaşýar. Paýtagtdan garyndaşynyň toýuna gelen myhmanyň habaryny Allaş uçguna deňedi, ikinji delil şol uçgundan döredi. Uçgunyň gös-göni Mämmetgula degişlidigini Allaşa aýdan Ýok, Allaş oňa öz paýhasy bilen ýetdi. Allaş paýtagtly myhmanyň sözüni eşidende güldi, soň ýeke otyrka-da güldi, myjabat bolmasyn, how, diýýär, ýene gülýär. Myhmanyň gepine görä, ýaşulylara täze at goýlupdyr: siňekler dýýämişler. Dabaraly mejlisleriň arakesmesiz iki sagada, ondanam köpe çekýän mahaly bolýar. Allaş özi gatnaşmasa-da bu aýdylana ynanýar, sebäbi, telewizordan häli-şindi görüp-synlap ýör, başdanaýak arasyny kesmän görkezýäler. Onça wagt hajatyna çykman oturmagyň garran adamlara kyn düşýändigi belli. Käbiri halys gabyz bolup, çydaman, balagyna damdyryp başlaýarmyş. Peşewiň ysy ýaman, hasam ýaşuly adamlaryňky, täretiň ulusy ondanam on beter. Gelşiksiz ýagdaýyň çäresi tapylmasa boljak däl, çykalga gözleýäler. Her sagatdan soň arakesme yglan edilse nähili bolar? Iki-üç müň adam oturan zaly göz öňüne getirip gör! Zaldan çykylýança, hajathanalara nobat gutarýança, gaýdyp oturylýança bir sagat azlyk eder. Dabarany gaýtadan gyzdyrýançaň ýene wagt gerek. Dabara diýeniň towy ýeten ýüp ýaly dartylyp durmaly, gowşatsaň bolanok. Çäre tapylýar. Ýaşulylar mejlise pampersli gelmeli edilýär. Myhmanhanada pampers paýlaýarlar. Haýsy ölçegdäkisi gerek, ony syrtyňa nähili daňmaly? Bu meselede maslahatçy, kömekçi gytlyk edenok. Ýaşuly juda emelsiz, nalajedeýin bolan halatynda hajathanada onuň bilen türgenleşik geçirýärmişler, pamperse siýdirip, syçyryp görýärmişler, ha-ha! Allaş gülmän oturyp bilenok, soňky ýagdaýlary göz öňüne getirdigiçe böwregi bökýär. Syrtyň pampersli bolanda-da zalda oturan ýeriňde siýip- syçyp bolmaz-a! Uly täret edilende adamyň çygylýan halatam bolýar, ses çykýan halatam bolýar. Syrtyň bilen pohuňy mynçgalap otursaň, nähili bolar-aý, üstesine-de zol-zol ýeriňden turup el çarpmaly, ha-ha-a!.. Äý, boljak zat däl-laý, gülki üçin tapylýan myjabatdyr... Allaş syrtyna pampers geýen ýaly oňaýsyzlyk duýýar. Has beteri-de, Mämmetguly ýaly daýaw, semiz adamlaryň alajy tapylmandyr. Syrty degirmendaşy ýaly tegelenip duranlara laýyk pampers Ýokmuş . Ýörite uly pampersleri tikdirip, azara galyp ýörenden, başga çykalga amatly görülýär. Bu diýlenem myjabata ýakyn, onda-da Allaş eşidenini özünden gizläp bilmez-ä! Ýerlere görkezme berilipdir: mundan bu ýana ýaşuly ibereňizde gabarasyna, aýratynam syrt tarapyna üns beriň, ýaýrawy pampersleriň adaty ölçegine gabat gelsin. Mämmetgulydan sorasaň welin, dabaralardan galdyrlany üçin syrtyny ýazykly etmez. Indi awy suwy sepilen ýaly ýüzüniň açylýan mahaly Ýok. Ähli kişiden öýkeli, kimi agzasaň "garamaňlaý" diýip otyr, seň özüň kim diýip bolanok, adamçylyk edilýär. Syrtynda ýazyk görýän adam biraz işdäsini saklaýjak ýaly, Ýo-Ýok, Ýogyn-Ýogyn gägirse-de iýip otyr. Namazynam azaldypdyr, ertir namazy öýle namazy bilen utgaşdyryp okaýarmyş diýen gürrüň çykdy. Aýdylýan gepiň jany barmy diýip, Ýagmyr molla sorapdyr, soradym diýip, Allaşa aýtdy. "Ýagty ýalançynyň ähli lezzetinden galan günümden başlap, ähli kazamy dolaryn" diýip, bassyr-ýussur etmän jogap beripdir. "Muňa pany, ýalançy dünýä diýilýär, namazy ahyretiň üçin okamaly, gyldan inçe syrat köprüsinden geçip, jennete barmagyň gamyny iýmeli" diýip, Ýagmyr mollanyň beren öwüt-ündewine-de jogap tapypdyr: "Şu obada men ýaly gyt däl, köprüden geçirmeseler, bärsinde goş basyp ýatybermeli bor" diýipdir. Elbetde, tamasy tala daňylanyň aýdaýjak gepi. | |
|
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Duman daganda: Sil soraşman gelýär - 21.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |