01:10 Telpek / hekaýa | |
TELPEK
Hekaýalar
Hekaýa Pah, bi telpekmi? Telpek dagyn däldir! Munuň asly Demirgazykda, sowuk ülkelerde ýaşaýan haýsydyr bir suw jandarynyň derisi. Arzan däl. Ganymatja bahasy bar. Beýle telpegi her öňýeten şahyna ildirip biläýenok. Üstesine-de islän wagtyň islän ýeriňden tapdyrybam duranok. Hasapçy munuň yşgynda kän gezdi. Öz ýanyndan muňa “Hojaýynlaň telpegi” diýip at berdi. Ýigrimi ýyla golaý wagtyň içinde edaranyň ýolbaşçysy telim çalyşdy. Emma ýaşyna, hüý-häsiýetine garamazdan, şular ýaly telpek olaryň hemmesinde bardy. Hasapçy dürli kärdäki adamlaryň başgabyna seredip, uly wezipesiniň bardygyny ýa ýokdugyny takyklamagy endik edinipdi. Çaky köplenç dogry çykardy. “Edara hojaýyn bolmak üçin hökman şular ýaly telpegiň bolmagy şertdir” diýen ynanç hasapçynyň ýüreginde bireýýäm şine urupdy. Onsoňam ol: “Başlyklyga göterýän şo telpegiň özi bolmasyn? Şony geýenleň içinde emel ýetmedigi barmy? Ýok! Ýöne-möne telpek däl şü. Göze görünmeýän bir gudraty bar. Ynha, menem bir gün bu telpekden edinerin. Onsoň ulurak kürsä münsem gerek” diýip soňky günler kän pikir edýärdi. Hasapçy: “Gymmadam bolsa, edinmeli! Şu ýyl hökman edinmeli!” diýip, belli-külli karara gelensoňam, tä gyş alkymlaýança telpegiň arzuwy bilen ýatyp turdy. Wah, özüne galsa, bu söwda hälä galmaly däl. Öýde ähli zadyň hasabyny ilik-düwme çykaryp oturan aýaly hem bar. “Men-ä, ynha, şuny şeýdäýendirin” diýip, ondan bigeňeş bir iş edip bolýarmy näme? Nädibem bolsa, gep-gürrüň bilen başyny aýlap, ilki hä diýdirmeli. Onsoň munuň puluny jemlemekde-de iş bar. Bahasy hele-müçük däl ahyryn. Gyş bolsa, ynha, gaşyny çytyp, ýüzüni asyp dur. Häzir gopmasaň, indiki ýyla çenli ýene şol öňki esgi papagyň başyňdadyr. Hasapçy ahyry bagta töwekgellik etdi. Üç sany telpegi geýip-çykaryp, aýnaň öňünde ýarym sagat duransoň, saýlap-seçip, ine, şu telpege eýe çykdy. Pah, bi telpekmi? Telpek dagyn däldir. Sen munuň ýylylygyny aýtjakmy, şar-gara tüýleriniň lowurdysyny diýjekmi, mymyklygyny wasp etjekmi? Esasy zat, haýbatyna seret, haýbatyna! Hasapçy muny başyna geýdi weli boýy bir gez beýgelen ýaly bolaýdy. Asyl beýgeldi. Edil şu pursatda özüniň ýokary wezipeli bir edara başlygyna meňzeýändigine birjigem şübhe etmedi. Çünki telpek onuň küýkerip ugran göwresini dim-dik etdi. Ädim urşy göz-görtele üýtgedi, ol apaň-apaň basyp, özi bilmezden ýolugra gabat gelýän tanyşu-nätanyş adamlaryň käsiniň telpege gözügidijilik bilen garaýandyklaryna hoşal bolup, käsiniň bolsa oňa asla ünsem bermeýändigine biraz kejigip, öýüne geldi. Aýaly “Nesip etsin! Toýa geý!” diýmegiň deregine: – Bir aýlyk gazanjyňy berip alanyňam şümi? – diýip, dodagyny çöwürdi. Ýeri, ähli zadyň gymmatyny puluň mukdary bilen ölçeýän heleýe nädip gep düşündirersiň? Hasapçy aýalynyň sözleri üçin darygyp durmady. Ol täze telpegiň işdeşleriniň arasynda turuzjak şowhunyny göz öňüne getirip, eden söwdasyndan kanagat tapdy, ýeňil dem aldy. Ertesi işe baranda ilki bilen aýallar egele bolup, hasapçynyň daşyna üýşdüler. Ýiti-ýiti synlap, munuň hakykatdan hem tapdyrmaýan gyt telpekdigine göz ýetirensoňlar: “Nesip etsin! Gutly bolsun! Toýda tozsun!” diýip gutladylar. Haýsy dükandan alanyny soradylar. Bahasy bilen gyzyklandylar. Gaznaçy gelinleriň biri süýnüp-sarkyp: – Meňem öýdäki hojaýynyma bu çaka almalydyk welin, ol gara reňki halanok, çalyny gözleýär, tapsak, puluny gaýgy edemzok – diýip, öwünjek boldy. Emma hasapçy oňa geplemäge maý bermedi. – Tapyp bilse, puluny sanabiljek kän, ýöne teýinde bolmasa, nätjek? Çal reňk-ä asylam gyt – diýip, onuň badyny aldy. “Her öňýeten muňa mynasybam däl” diýesi geldi. Ýöne çekindi. Gaznaçy gelin giň göwrümlilik bilen: – Tapylýança garaşaýarys. Ölesimiz ýok – diýdi. – Tapylarmyka? Bular ýaly telpegi tikmegi gadagan edipdirler diýibem-ä gürrüň bar. Men-ä eşitmiş welin, telpek tikýän edara indi possun tikýärmiş. Sebäbi telpeklik deri tapdyranok diýýär. Bi, how, gözüňe, söweýin, Gyzyl Kitaba girizilen gymmat jandaryň derisinden tikilen-ä. Tohumy tükenip ýören bolsa, näbilýäň? – diýip, hasapçy göz-görtele ýalan sözledi. Emma bu gürrüňe ynanan bolmady. Aýallaryň käbiri ýaňsyly ýylgyrdylar. Käsi bolsa: “Ýalan sözläňde ýapa bir degir” diýýän ýaly, gaharlanyşyp, gaşlaryny çytdylar. Hasapçy: – Ine, görersiňiz! – diýip, eşidiler-eşidilmez mydyrdady. Ol şular ýaly telpegiň tapylmazlygyny we ony geýýän adamlaryň köpelmezligini ýürejigi bilen isleýärdi. Telpek işdeş erkekleriň hem nazaryndan sypmady. Olaryň käbiri halys ýürekden, käbiri ýasama ýylgyryp, gutladylar. Käbirleri bolsa, temegini diň-göge tutup, seňriklerini ýygryşyp, göripligini ýüze çykardylar. Başlyk bolsa: “Tüweleme! Senem şeýdip, käte bir tüýüňi täzele, how. Gowam gelişýär” diýip, adaty gürrüň etdi. Şeýlelikde telpek garaşylan gudraty görkezip bilmedi. Emma hasapçy ruhdan düşmedi. “Herki zadyň öz wagty bar” diýip, özüne göwünlik berdi. Telpegiň hakyky güýjüni görmek üçin ýene biraz sabyr etmek gerek. Eýsem-de bolsa, ol şunça ýyl ýalňyş pikir eden däldir. Emma hasapçynyň durmuşynda üýtgeşiklik bolubermeýärdi. Ol adatdakysy ýaly işe gelýärdi, telpegini ýanyndan goýmaýardy. Wagt geçdigisaýy iş ýerindäki adamlar telpegi ýatlaryndan çykardylar. Hiç kim ähmiýet bermedi. Telpegem şo bir durkunda durmaýar. O-da edil adamlar ýaly wagtyň zabun kanunyna boýun. Şeýlelikde ýyllar geçip, telpegem könelişýärdi. Emma hasapçynyň ynanjy çat açmady. Ol entegem umyt edýärdi. Bir nesibeli güne garaşýardy. Soňky ýyllar bolsa ol telpek bilen gepleşmäni hem çykardy. Dogry, telpek dil açanokdy, diňe hasapçynyň aýdýanlaryny sessiz diňleýärdi. “Meni uly kürsülere geçirjegiňe hiç hili şübhäm ýokdur. Meni ýokary götermeli sensiň. Men garaşýandyryn” diýip, ol telpege ýüzlenerdi. Käte hasapçynyň günäsi sebäpli telpegiň hem çetine degilýän wagtlary bolýardy. Bir gezek bir toýda hasapçy ýaşyna gelişmeýän süwümsizlik bilen gelinleriň birine lak atdy. Gelin bolsa: “Telpegiň başyňy iýsin! Haram ölen şagalyň derisinden tikilen şylhasynyň myrdaryny aşyryp!” diýip, telpegiň mertebesini peseltdi. Telpegiň hut hasapça mynasyp görülmedik wagty-da boldy. Işdeş aýallaryň biri hasapçy bilen sözi azaşanda çekinmezden-zat etmezden, onuň bäbenegine barmagyny sokaýjak bolup: “Şüýem özüne erkek diýip, kellesine telpek geýip ýör. Heleýiň gyňajyny daň başyňa, bigaýrat!” diýipdi. Bir gezegem hasapçy ömür etmeýänini edip, bir günlük telpeginden aýra ýatdy. Şonda ol bir meýlisde agdyk içip, serhoş boldy-da, öýüne gaýdanda telpegini ýadyndan çykaryp gaýtdy. Emma nesibesi aýrylyşmandyr. Telpegi oňa ertiriň özünde gowşurdylar. Ýyl yzyna ýyl geçdi. Günlerde bir gün hasapçynyň kazasy dolup, o dünýä göç etdi. Ajal oňa telpegi bilen hoşlaşmaga-da maý bermedi. Telpek eýesiz galdy. Kän wagtlap derde ýaramajak, köne egin-eşikleriň arasynda ýatdy. Ahyrynda öý bikesi muny tapyp aldy-da, ekin üstüne gidende ýany bilen äkitdi. Eltip, garantga geýdirdi. Garantgaň başynda ekiniň başyny alyp duran wagty telpek är işini bitirdi. Bakjany guş-gumrudan gorady. Emma güýzüň aýaklarynda telpek ýitirim boldy. Ony zibil dörüp ýören şäherli kemmagalyň biri utanman-yşman ogurlady. Zibil dörmekden başga-da ol adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerinde oturyp dilegçilik hem edýär ekeni. Şonda telpek onuň matlabyny aýan etmek üçin gerek bolupdyr. Şeýdip, telpegiň durmuşynda ömrüň täze menzili başlandy. Fewral, 2014 ý. Mary. K.Ataýew | |
|
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |