15:49

Töwella / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 664 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024
Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024
Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024
Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024
Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024
Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024
Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 13
0
1 Alaýabyly  
788
Biziň illerd-ä sygryň ekiz guzlamasy halanylmaýar.

0
2 Alaýabyly  
788
Awtor bilen gahrymanlary aýrylaşdyrmak kynrak. Hemmesiniň bir adamdygy bildirýär. Umuman, gowy eken.

0
4 mango  
651
Ylalaşýan. Sebäbi aşakdaky kommentde agzan frazamy hajy aga diýdimikä diýsem ol töwellaçyň gepi eken (Agzyny açsa Hywa tarapyndan düşýän yşygy görýän).
Okadym, şo ýerini ýazaýyn diýip gaýdyp glelsem, hajy agaň sözi däl eken….
Diýýäniňiziň jany bar.

2
3 mango  
651
Hajy aga ozal edebiýat mugallymy dagy boldumyka?
Delje gepleri bar.
Ol töwellaçyňam-a pes oturanok eken, şu sözine göwnüm ýetdi: “Agzyny açsa Hywa tarapyndan düşýän yşygy görýän”. Rentgen bol-a.
——
Hekaýada hajy agaň geýimini çalyşmaga ugrandaky göwnüýetijilikli özüne baha bermesini haladym.
Ýöne, töwellaçy diňe gaty aljyranda harplary çalşyp gepleýär öýdýän. Adaty ýerde normalnam gepleýän eken.
Olam bolýa welin, haja agaň “dost”, “swoloç” we “bissimillasyz başlanan” gürrüňlerini awtor hökmünde düşündireňsoň soň, bir dialogda hajy agaň özem şony gaýtalaýar: “O nä men saňa: “dos” diýen bolup otyryn welin, sylagyňy bilmän, özüňe “swolyç” diýdirjek bolup dyzap ýatyrsyň-a”. Şo häsiýetini aýry ýerlerde däl-de bir ýerde agzalsa näderdi… ýöne kellä geldi, gepimem düşündirip bilemok şu wagt…
Gowja ýerleri kän eken.
Magtymgulyny poddelka edişi. ;-)
Bir minussyz haja aga bolmaz diýlişi ýaly, işini bitirmek üçin gyssansa Allaham gepledäýmegi ahmal ýaly göründi. :-)
Umuman, halkyna görä mollasy.
Hekaýany haladym.
Ynandyryjy hereketler.
Üstünlikler.
(pikirlerim düşnüksiz giden ýaly, özüň ýerbe-ýer goýuşdyryp, kabul edeweri).

1
5 Bagabat  
43
Maglumat hökmünde:

Resul alaýhyssalam aýtdy:
Nepil orazanyň sogabyny size aýdaýyn. Ol işleri siz ediň!
Sahabalar aýtdylar:
— Eý Resulalla näme ol?
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Kim iki ýagyny ýaraşdyrmak üçin sözler etse, her keleme sözi üçin bir gul azat edeniň sogabyny berer.

Çeşmesi: Ajaýyplyklaryň düri. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. – 328-nji sahypa.
*****
Mahmyt ibn Omar az-Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary, II jilt, Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004.

Ulanyp bilen adama mekirlik uly güýç-kuwwatdyr – 133-nji sahypa.

Sufýan ibn Uýaýna ýüz müň adamy çagyryp, mejlis eder eken. Ol adamlara: «Meniň arkama münüp, üstümden basyp geçip, haýyr iş etmeli hem bolsa, haýyr iş ediň» diýýär – 137-nji sahypa.

Mahmyt ibn Omar az-Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary, III jilt, Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. – 78-nji sahypa.

Abu Derda Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol:
— Men size namazdan, orazadan, sadakadan sogaply iş hakynda aýtmadymmy? — diýip soraýar.
Onda onuň egindeşleri:
— Ýok, Resulalla! — diýýärler.
Resulalla:
— Adamlaryň arasyndan duşmançylygy aýyrmak iň sogaply işleriň biridir — diýýär.

*****
Hamyt ibn Abdyrahman Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Iki sany sögüşen, tersleşen adamyň arasyny gowulaşdyrmak ýa-da ýaraşdyrmak üçin ýalan sözlemek günä däldir» diýýär.

2
6 mango  
651
Serdar kaka, gowy zatlaryň okalmagyna sebäp bolduňyz.
Sogabyňyza ýazylar, nesip bolsa.
—-
Bir ýaşulydan eştdim.
Bir tomus güni agşama ýakyn daşarda oturdyk welin, hol aňyrdan gumak ýoly tozadyp bir aýal bäri gelýär. Gele gelmäne “meni gizläň, yzymdan ärim gelýär, niýeti gowy däl..” diýip ýalbaryp pena isläpdir.
Ýaşylyň keýwanysy ony öýde gizýleýär.
Bir salymdan ikinji tozan peýda bolýar. Gele gelmäne-de “aýalym sizde bolmaly, gizlediňiz…” ýaly gepe başlaýar.
Garaz ýaňky ýaşuly, gaty dile çeper, ugurtapy. (haýyr berjek bolsa çyn söz begrim bamy diýýän ýaşulylardan).
Psihologyň etmedigini edip, ýaňky ýitigini gözläp gelen gaharly kişini ýumşadýar. Gaharyny ýatyşdyrýar. Naharlaýar. Aýalynam çykaryp bile öwüt-nesihat berýär.
Soň…. :-) original ýeri….
Olary täzeden nikalaýar…
We ugradýar öýlerine.
——
Olaram obalaryna baryp äbe-jübe ýaşamaga başlapmyşlar.
Hat-da, her ýerde goňşy obadaky güýçli “molladan” gürrüň edýämişler.
Bu waka real.

1
7 Bagabat  
43
Sag bol, gaty gowy wakany gürrüň berdiň. Şeýle zatlary eşitsem, janyma noş bolýar. Özümiň dogry ýoldan barýandygyma ynamym artýar. Ýogsa, dünýäň goh-galmagaly, adamlaň boluşlary birhili, öz-özüňden, adama bolan ynamdan göwnüňi geçirjek bolup barýar.
Şu wakaňdaky ýaşulyň hakyky bolşy ýaly, "Hajy aga-da" hakyky. Ýöne, bende bäş-alty ýyllykda pahyr bolaýdy. Haja gidip gelenden soň adyny "Hajy aga" diýip tutup ugranymyzam, gowy görenlerine "dos" diýip ýüzlenýänem, gahary gelse urubermekden gaýtmaýan, daýaw, agajetligem, çalt-çaltdan gepläp, her ýerden bir ätmärläp, haýdap ýöreýşem çyn. Bende, bir gezek şunuň ýaly mesele bilen töwella üçin äkidenlerinde, gyzyň kakasy gaharlanyp, goýar ýerde goýmandan soň o bende-de dergazaba münüp: "Eý swolyç, alsaň-a ine saňa töwella! Almasaňam, şol kel gyrnagyňy getir-de duluňda garradaýgyn! Bolýamy?" diýip, käýinip ýerinden turandygyny gülüp gürrüň bererdiler.

1
8 mango  
651
:-) gaty gowy.
Aýratyn oturyp ýazmak endigim ýok.
Kommentleriň içinde gyzgynyma bir zatlar galdyrýan, soň ýitip gidýär…
Iş edip ýazamsoň bir ýerik kopiýalap toplaýsamam boljak ýaly….
Belki şeýderin. (gerek bolaýýar kä wagt).
—-
Serdar kaka, ýeke soragjyk bereýin.
Ýazmak esasy käriňizmi, ýagny diplomly edebiýatçy-dilçimi siz?

1
9 Bagabat  
43
Hünärim ýurist, @mango! Kärim şoňa ýakynrak. Ýazmagy bolsa...Bagyşla, nähili badyhowa ýa-da kitaby görünýänem bolsa, çynyň bilen soraýansyň diýip hasaplaýanym üçin, çynym bilenem jogap bereýin: Hiç haçanam ýazmagy kärem, hünärem, pişe-de, güýmenje-de diýip hasap edip bilmändigime soňky ýedi-sekiz ýyl bäri göz ýetirdim. Estagpurulla, deňämok welin, onda-da göwnüme bolmasa, olam çagalammyň biri ýaly bolup dur.

1
10 mango  
651
Minnetdar.
Ýazyşsaň ýazyşyp oturmaly.
Soragymam çynym bilen soradym, edebiýat ugruny okansyňyz öýtdüm.
Synçylygyňyz eserleriňizde (uly aýdan däldirind-ä hern-ä) bildirýär.
Ýurustligiňizem ýazyşyňyza syzýan ýerleri görünýär.
Janyň sag bolsun. Döredip duruň.
(“çagajyklaryňyz” kän bolsun… :-))

0
11 Bagabat  
43
"Hukukçylygyň" ýazyş diliňe täsir edýän-ä çyn. "Hukukçylyk" diýemde resmi dili göz öňünde tutýan-la. Bir döwür, owal-a resmi dilde, soňam publisistikanyň hem-de ylmy derňewiň dilinde juda kän ýazmaly boldy. (Öwnemok, ýöne hakykatdanam kändi, sebäbi iş resminamalaryny hasaplamaňda, ýazylan makalalar, monografiýalar, okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalary, şolaryň ýazylan bäş-alty ýylyna bölseň, her günde iki-üç sahypadan ýetäýýän ekeni). Onsoň çeper ýazgylaram özüňe bildirmän guraksylaşyp gidip barýar ekeni. Ikisini biri-birine täsir etdirmän saklamak kyn. Sebäbi isleseňem-islemeseňem resmi hukuk dili, guraksy, matematika ýakyn bolýar.

0
12 Bagabat  
43
@Hyýalkeş, jigim, "Mugallymlar" gazetiniň 01.09.2021 ýyldaky sanynyň iň soňky sahypasynda-ha onuň baş redaktorynyň Söhbet Nurberdiýewdigi ýazylgy ekeni.

1
13 Bagabat  
43
Eger-de sorag maňa bolsa, onda men gazetde işlemeýärin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]