09:21 Tumar - Massagetleriñ Şa Zenany | |
TUMAR - MASSAGETLERIÑ ŞA ZENANY
Zenan şahsyýetler
Türkmenistanyň Prezidenti, Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namys-arly, salykatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanatdylar. Halkymyzyň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan beýik geçmişde adamzadyň iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerni özünde jemlän Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Bugla hatun, Agaýunus, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatun, Gülbeden begim, Jahan hatyn ýaly türkmen gelin-gyzlary Watany, ar-namysy goramakda, türkmen medeniýetiniň baýlaşmagynda öçmejek yz galdyrdylar". Gerodotyň we gadymy döwrüň ýyl ýazgylaryny alyp baran ýazarlaryň nygtaýyşlary ýaly, üç müň ýyl mundan öň Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda, Etregiň pesliklerinde, Aralyň tekizliklerinde we Orta Aziýanyň bol suwly derýalary-Amyderýanyň we Syrderýanyň dag jülgelerinde göçüp-gonup ýören taýpalar birleşigi ýaşapdyr. Gadymy grek we pim ýazgylarynda olar “massagetler” diýlip atlandyrylypdyr. Köpetdagdan Zakaspiý düzlükleriniň demirgazygyna çenli aralykda mesgen tutunan birleşigesaklar, getler, dahlar, toharlar we Turanyň hindiýewropataýpalary giripdir. Grekler massagetleri “at üstünde dogulanlar”diýip atlandyrypdyrlar we olar barada köp sanly rowaýatlary düzüpdirler. Massagetler - bu biziň ady äleme dolan, şan-şöhratly ata-babalarymyzdyr. Olar taryhda türkmenleriň garaşsyzlyk we azatlyk ugrunda uzak wagtlap alyp baran göreşleriniň ajaýyp sahyplaryny bize galdyrypdyrlar. Olardan biri biziň eramyzdan öň, ýagny, VI asyryň ikinji ýarymynda bolup geçen pajygaly wakadyr. Ata-babalarymyzyň şöhratly ýeňişleriniň üstüni massagetleriň şa zenany – Tomiris ýetirip, gojaman taryhyň sahypalaryna onuň müdümilik ýazylmagyny gazanypdyr. Iki müň ýarym ýyldan gowrak öň massagetleriň topragyndan köp sanly ýollar geçirpdir. Bu ýollar Ortaýer deňzini , Alynky Aziýany Günorta Aziýa we Uzak Gündogar bilen özara birleşdiripdir. Kuwwatly döwletler dünýä bazarynyň möhüm bölegini öz hususy gözegçiligine almaga ýykgyn edipdirler. Ikinji nobatda onuň häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän merkezi bölegini eýelemegi nazarda saklapdyrlar. Hakykatda, bu ýerde demirgazykdan, gündogardan, günortadan we günbatardan köp sanly basyp alyjylar bolupdyrlar. Olar ýerli taýpalaryň medeniýetine we kemala gelmegine belli bir derejede täsirini ýetiripdirler. Emma biziň ata-babalarymyzyň ruhuny syndyryp, gol astynda ýaşamaga mejbur edip bilmändirler. Massagetleriň keramatly we baý topragyna tutuşlygyna eýelik etmekden ejiz gelipdirler. Duşmanlar aýratynam, massaget zenanlaryndan eýmenipdirler we olarda özboluşly jadyly güýç bar bolsa gerek diýip hasaplapdyrlar. Dogrudanam, ýaýlanyň gaýratly zenanlary dürli ugurlar boýunça geçirilýän ýaryşlarda, duşmanlar bilen ýüze çykýan çaknyşyklarda hem erkeklerden birjikde asgyn bolmandyrlar. Ýaýdan atmakda, gylyçlaşmakda, naýzalaşmakda, ýyndam atlaryň bäsleşiginde öz ussatlyklaryny görkezmegi başarypdyrlar. Zenanlaryň ruhubelenligi taýpalaryň batyrlaryny gahrymançylyga hyjuwlandyrypdyr we duşmanlaryny eýmendiripdir. Mukaddes türkmen topragy gadymy grek ýazgylarynda Tomiris ady bilen meşhur bolan şa zenany Tumar bilen dahyllygahrymançylykly ýyl ýazgyly ýatlamalary aýap saklapdyr. Şa zenanyň geçen durmuş ýoly we onuň görkezen gahrymaçylygy möhümligini hiç haçan ýitirmändir. Ol häzirki döwürde hem halka, Watana ak ýürekden gulluk etmegiň nusgasy bolup durýar. Aýdyşlaryna görä, Tumar Zakaspi taýpalarynyň rowaýata öwrülen ýolbaşçysy Işpakaýyň gönüden göni neslidir we Madiýanyň çowlugydyr. Madiýa bolsa Amyderýa massagetleriniň ýolbaşçysydyr we olaryň hökümdary Sypyryň gyzydyr. Sypyr bolsa bol suwly gadymy Uzboýuň deňize guýýan köp sanly gollarynyň biri bolan haýbatly Aktamyň dag jülgesinde ýaşan çarwadarlar toparynyň baştutanydyr. Tumar çagalykdan sowuk ýaragyň we söweş sungatynyň ýaňy bilen tanyş bolupdyr. Özüne heniz baş öwredilmedik sarç atlary saýlap alypdyr. Oňa kakasy bilen bilelikde birnäçe gezek duşmanlaryň kowgusyndan gaçyp gutulmak miýesser edipdir. Gelejekki şa zenany bäş ýaşyndan at çapmak bilen gyzyklanypdyr, alty ýaşynda bolsa polatdan ýasalan kiçiräk egri gylyja erk etmäge synanyşypdyr. Ol heniz gundagly çagaka ejesi aradan çykypdur. Kakasy Tumara dürli ugurlar boýunça kämil terbiýe beripdir. Tumar ýaş wagtynda ägirt uly güýji bilen şöhratlanansak-tigrahaudlaryň hökümdary Кawadyň ogly Rüsteme durmuşa çykypdyr. Toýdan soň, tizara onuň kakasy aradan çykypdyr. Şeýlelikde, Tumar Aktam massagetleriniň üstünden häkimlik etmäge mirasdüşer bolýar. Ýöne, oňa bahylçylyk edýän garyndaş ýaşulular we olary goldaýan birnäçe taýpalaryň serdarlary Aktamda zenanyň ýolbaşçy bolmagyna närazylyk bildiripdirler. Ony ters ýola ugrudyrjak bolup her dürli hilelere baş urupdyrlar. Taýpa ara çaknyşygynda Tumaryň ýanýoldaşy Rüstem wepat bolýar. Oks (Amyderýa) we Ýaksarta (Syrderýa) aralygynda ýaşaýan haumawarglar we olara raýdaş bolan tigrahaudlar miras üçin aýaga galypdyrlar. Emma muňa garamazdan Tumara raýdaşlyk bildiren massagetleriň kethudalary taýpa toparlaryndaky pintäni basyp ýatyrmagy başarýar. Adalat baradaky ählihalk maslahatynda watandaşlary oňabaşarjaňlygy, gahrymaçylygy we harby ugurtapyjylygy üçin Tumarşa derejesini berýärler. Bu bolsa massagetleriň iň ýokary hökümdary diýmekdir. Rowaýatda beýan edilişine görä, Aleksandr Makedonskiý persleriň üstüne harby ýöriş guranda bir topar döwletleri dyza çökeripdir. Indi massagetleri özüne tabyn etmegi ýüregine düwüpdir. Bu waka Tumarşa aýan bolýar. Serenjamy ýetik goşun bilen ýüze çykjak pajyganyň, aýylganç betbagtlyga getirjekdigine ol anyk göz ýetiripdir. Şonda şa zenanyilçileriniň üsti bilen Aleksandra şeýle habar gönderýär. - Aleksandr, sen dünýede ykrar edilen meşhur harby serkerdesiň. Massagertler bilen söweşip ýeňiş gazansaň, onda nämeleriň bolup geçjekdigini göz öňünde getirip bilýärmisiňiz?! Şonda saňa duşman bolan harbylar: “ Makedoniýaly Aleksandr mundan buýana zenanlar bilen söweş guraýar”diýip, seniň abraýyňy ýere çalmazlarmy?! Eger-de biz ýeňiji bolaýsak, niçik bolar?! Şonda olar: “ Beýik serkerde, zenandan ýeňlip il masgarasy bolup ýör” diýip, heşelle kakmazlarmy?! Meniň getiren delillerim Siziň şöhrat-şana beslenen adyňyzy namys astyna atar diýip çaklaýaryn. Şonuň üçin, Beýik Aleksandr, oýlan, parasat eýle, seniň üçin iň amatlysy goşuny yzyna çagyrmak dälmidir eýse?!” Şondan soň Aleksandr Makedonskiý: “ Zenan bilen söweşe girmek maňa ýaraşjak iş däl”-diýip, goşunyny yzyna çagyrýar. Takmynan, biziň eramyzdan öňki 530-529-njy ýyllarda Midiýanyň we Persiýanyň şasy – Beýik Kir birnäçe döwletleri boýun egdirip “Aziýanyň hökümdäry” diýlip yglan edilýär. Şondan soň ol, beýik sähra giňişliklerinetarap gündogar harby ýörişine guraýa Müňläp-müňläp leşgeri bilen ol, Orta Aziýanyň Hazar deňziniň gündogaryndaky sähralygyna aralaşypdyr. Kir ýat ýurtda hiç hili garşylyga duçar bolman birnäçe günlik ýoly geçýär. Ol Uzboýyň üstünde, Garrygeçit diýen ýerde taýpalar birleşiginiň uzaklara ýaýlyp gidýän giňişliklerine aralaşmak üçin köpri gurmagy buýurýar. Massaget çaparynyň Tumarşanyň adyndan Kire getiren hatynda parslarayzyna gitmek maslahat berilýärdi. Ýöne Kir gedemlik edip,töwellany almaýar weserbazlaryna öňe gitmegi buýurýar. Sähranyň birleşen taýpalarynyň esgerlerine garşylykly herekete girmek üçin wagt ýeterlikdi. 500 atlydan ybarat bolan massaetleriň ýygynyna Tumarşanyň ogly Spargapis ýolbaşçylyk edipdir. Ol dem-dynç almak üçin düşländuşmanlarygabawa salypdyr. Şazadanyň duýdansyz ýerden, garaşylmadyk hüjümi duşmany aljyraňňy hala düşüripdir. Persler wepat bolan esgerlerini, ýaratylaryny biçäre halda taşlap, yzyna çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Şonda Kir çadyrlary dikip, ýörişde gurpdan düşen esgerleri, ýaratylary, garrylary şol ýerde galdyryp gitmegi buýurýar. Çadyryň içinde desterhanlar giňden ýazylyp, dürli-dümen nazy- nygmatlardan, şeraplardan doldurylýar. Goşun gaznasynyň gymmatlyklaryndan sandyklary dolduryparabalaryň üsünde görüner ýaly edip goýýarlar. Kiriň özi bolsa goşunlaryň esasy güýji bilen ýakyn ýerde gizlenýär. Bu aldawa Sparanginiň atlylary ynanyp, parslaryň çadyr guran düşelgelerini eýeleýärler. Ilkinji harby üstünlikden ganatlanyp, hatda töwerege garawul hem goýman howlukmaç bilen şady-horramlyk başlanýar. Harasat ýaly bolup gelen parslar gaýtawul beren massagetleri ýüz ugruna parçalaýarlar, galanlaryny bolsa şazada bilen bilelikde ýesir alýarlar. Ikitapaplaýyn gepleşikler geçirilende ejesiniň Kiriň öňünde kemsidilmezligi üçin, Sparanga öz janyna kast edýär. Ýaş ýigidiň ölümi pars patyşasyny garaşylmadyk ýagdaýa salýar. Mundan öň ol şa zenanyna gudaçylyk üçin sawçy iberipdi. Nikalaşyp, Orta Aziýa taýpalaryny tabynlygyna alyp öňde goýan maksadyny berkitmekçidi. Şonuň netijesinde pars basybalyjylaryna ummasyz peýda geçirjek söwda ýollaryny ele almak, tükeniksiz altynyň eýesi bolmak isleýärdi.. Şol döwürde massagetler arassa altyndan billerine guşak, kellelerine jyga dakynypdyrlar, gymmatbaha metallar bilen atlaryny bezäpdirler. Gymmat bahaly altyny köp sanly naýzanyň we peýkamyň demgenine sahylyk bilen guýupdyrlar. Massagetleriň üstünden hökümdärlygy ele salmak üçin Kir Tumarşanyň sähralygyna gymmat baha sowgatlar bilen ilçilerini iberýär. Şeýle hem ol özüne durmuşa çykmagy Tumarşa teklip edýär. Gepleşiklerň üstünlikli bolmagyny göz öňünde tutmak bilen Kir diňe bir şa zenanyna erk etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň şöhratly goşununy hem öz bet maksatlary üçin ulanmak isläpdir. Olmassaget esgerlerini Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda boljak harby güýçleriň garpa-garşylygynda, kerwenleriň goralmagynda peýdalanmagy niýet edip, sähralygyň hökümdärlygyny öz eline almakçy bolupdyr. Kir hiç hili uruşsuz-söweşsiz sähra taýpalarynyň Tumarşanyň geljekki ýan ýoldaşy hökmünde öz halky bilen bir döwlete birleşdirmek isläpdir. Pers hökümdarynyň mekir pikirlerine düşünen Tumarşa onuň tekliplerini ret edip, garşylykly teklibi orta atýar. Kire gyzy Atossy öz ogly Sparanga durmuşa çykarmagyny soraýar. Ýöne Kir gelejekde öz tagtynda massagetleriň neslini görmek islemändir. Şeýle-de Atoss pars patyşasynyň doganynyň uly ogly Kambize adaglanandy. Gepleşikler petige direýär. Sparangyň pajygaly ölümi taraplaryňgatnaşygyny bozýar we pars tarapyndan gelen sawçylar, hiç zatsyz yzyna dolanýarlar... Tumarşanyň närazylygy Kiriň gaharyny ýetjek derejesine ýetirýär. Onuň pikiriçe, taýpalar birleşigi persleriň bäsdeşleri hasaplanmaýardy. Massagetler ägirt uly, kuwwatlypars döwleti bilen deňeşdirilende hiç zat däldi. Pers patyşasy massagetleriň öňünde hemleli talap goýýar we howp salyp şeýle diýýär: “Men gana suwsaýaryn we ondan doýa-doýa ganasym gelýär!” Şa zenan bolsa hemlelei tarapa öz ilçileriniň üsti bilen şeýle jogap iberýär: “Ganhor Kir, öz üstünligiňe buýsanma!.Meniň oglumy sen aç-açan söweşde, ýaragyň güýji bilen däl-de, üzümiň beýhuş ediji zäherini ulanyp, hilegärlik bilen tora düşürdiň. Indi diňle meni; topragymdan tiz garaňy saýla, eger-de meniň sözlerime gulak asmasaň, seni gana gark ederin. Muny men, massagetleriň howandary –asmandaky Gün Hudaýyňdan ant içmek bilen aýdýaryn”. Şol döwürde persler dünýäniň deň ýaryny diýen ýaly eýeläpädiler, indi olar öz beýikligini saklamalydylar. Kir tozduran döwletleriniň patyşalaryny kapasa saklamakdan lezzet alýardy. Lidiý patyşasy Krez hem tabyn edilip, onuň araba goşulan kapasasynda aýlanýardy. Persler kim bolanlygynda-da özüne tabyn bolmazlyk bilen ylalaşyp bilmäýärdi. Munuň beýleki halklara erbet görelde bolmagy mümkindi. Sparangyň goşuny bilen persleriň ilkinji çaknyşygyndan soň, sähralykda giňden harby hereketler ýaýrady. Şol döwürde bol suwly Uzboýyň Aktama we onuň Dehistana guýýan şahasynyň ugrunda - Hazar eteginiň massagetleriniň topragynda yglan edilen uruş başlandy. Bu ýerde parslaryň we çarwa taýpalarynyň toparlarynyň arasynda gazaply söweşler başlandy. Massagetler parslary aldaw ýoly bilen gumuň jümmüşine äkidip, özleri gündogara gitdiler. Oksy (Amyderýany) geçip özleriniň ene topragynda, ýagny, ruhy taýdan gurbat berýän ýaýlalarynyň golaýynda peýda bolýarlar. Persler bolsa olary yzarlap özleri üçin ýat bolan döwletiň jümmüşine aralaşanlaryny duýman galdyrlar. Bu hereketler olaryň kül-peýekun bolmagynyň, betbagtlyga uçramagynyň başlangyjy bolupdyr. Tumarşa halk arasynda uly abraýdan peýdalanan ýiti, çeýe, eserdeň serkerde bolupdyr. Onuň tabşyrmagy boýunça massagetler raýdaş güýçler bilen üstünlikli harby hereketi amal etdiler. Şonda pers goşunlary dag jülgesinde gabalyp gapana düşürildi. Bu massagetleriň taryha altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp ýeňişidir. Aýgytly söreşiň öň ýanynda Tumarşa harby eşiklerini geýdi, serenjamlaryny birlaý gözden geçirip batyrgaý ädimler bilen zerlenen ak öýden çykdy. Ellerini asmana galdyryp, öz oňanyny-ganatly gar barsynyň ruhuny çagyrdy we massagetlere halk, watan üçin duşman bilen barlyşyksyz göreşmäge ak ýol arzuw edip, pata berdi. Persler kül-peýekun edildi. Ýowuz urşa massaget zenanlar hem işjeň gatnaşdylar. Ýaýlaryndan çykan oklaryň demgenlerinden, naýzalarynyň başaklaryndan ölen parslaryň hatar -hatar bolup ýatan massyklary häzir aýak astynda şakyrdady. Bu çaknyşygy Geradot ata "Taryhda iň ýowuz we beýik uruş” diýip atlandyrdy. Massagetleriň ýaýlaryndan birsydyrgyn atylýan oklardan Prrs hökümdäry – Beýik Kir II wepat boldy. Tumarşa öz beren sözünde tapyldy. Aýdyşlaryna görä, uruş tamamlanandaol dagyň baýyrlygyndan tekizlikde duranlaryň hereketlerini yzarlaýardy. Ol serkerdelerine deriden tikilen haltany pars leşgerleriniň ganyndan dolduryp getirmegi buýrupdyr. Şol ýere “Aziýanyň Beýik Hökümdarynyň” meýidini hem alyp gelipdirler. Ähli massaget goşunlarynyň gözüniň alnynda Tumarşa Kiriň kellesiniň üstüne goýy, al suwuklygy guýmagy buýrupdyr we taýpadaşlaryna ýüzlenip şeýle diýipdir: - Massagetler! Biziň mukaddes topragymyza we garaşsyzlygymyza garşy çykan her bir adam üçin şeýle jeza garaşýar! Kir gana teşnedi-goý, indi ol ondan gandan doýynça içsin! Tumarşanyň belent keşbi, onuň halka bolan wepalylygy, edertmenligi, watansöýüjiligi azatlygyň baky nyşany hökmünde müňýyllyklardan eriş-argaç bolup geçdi. Köp asyrlaryň dowamynda onuň nesilleri edermen şa zenanyň hatyrasyna bagyşlap, gahrymaçylykly romanlary, poemalary, powestleri we dürli kyssalary düzüpdirler. Uly drama we saz eserlerini döredipdireler. Tumarşa baradaky köp sanly eserler türki halklarynyň arasynda umumy ruhy gymmatlyk bolup taryha girdi. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynyň döredijilik işgärleri Turkiýe döwletiniň günortasynda ýerleýýän Mersin şäherinde geçirilen türk dünýäsiniň IV Halkara teatral festiwalyna gatnaşyp, daşary ýurt tomaşaçalaryna “Tumarşa” pýessasyny görkezdiler. Bu spetakl türki halklarynyň teatr jemgyýetçiliginiň arasynda uly şowhun bilen garşylanyp, ajaýyp üstünlige eýe boldy. Munuň özi türkmen medeniýet we sungat işgärleri üçin iň ýokary serpaýdyr. Biziň mähriban ýurdumyza Tumar ýörgünli atlaryň birine öwrüldi. Bu at türkmen dilinde doga, dagdan diýen manyny aňladýar. Astronomiýa ylmynda 1906-njy ýylda açylan asteroid -590 Tomiris-Tumarşanyň hormatyna atlandyryldy. Şahymerdan Sary Ogly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |