TÜRKMENLER WE MERKEZI-ÝEWROPA HALKLARY
Türkmenleriñ ata-babalary Günbatar bilen Gündogaryñ arasynda diplomatik, etnomedeni we ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynda uly hyzmaty bitiripdirler. Aziýaly sähra adamlary ㅡ kimiriýler, skifler, sarmatlar-alanlar tolkun-tolkun bolup hut Ýewropanyñ ''ýüregine'' tarap süýşüpdirler. Olaryñ ýewropa halklary bilen gatnaşyklary elmydama parahatçylykly bolmandyr, emma uzak wagtlyk goñşuçylyk gutulgysyz etnomedeni gatnaşyklara eltipdir. IV asyrda Ýewropanyñ araçäginde ''gunlar'' atly halk peýda bolýar. Häzirki türkmenleriñ esasy ata-babalarynyñ biri bolan bu gadymy türki etnos Aziýanyñ jümmüşinden gaýdýan beýleki prototürkmen etnosy bolan alanlary birleşdirip, tutuş Gündogar Ýewropany basyp alýar. IV asyryñ 70-nji ýyllarynda gunlar Don derýasyndan geçip, german taýpasy bolan ostgotlary ýeñmek bilen täze, taryhda ''Halklaryñ beýik göçi'' ady bilen belli bolan döwri açýarlar''.L. N. Gumilýowyñ ýazyşy ýaly, gunlaryñ Merkezi Aziýadan has uzak günbatara gitmekleriniñ özi ''bolup bilmejek zat ýaly görnüpdir, sebäbi hakykatdan hem tutuş halkyñ ''hiç ýere'' tarap gaçmagy örän geñdir''. ''Eger gunlar Günbataryñ medeniýeti barada bilipdirler we öñden ýaşaýyş üçin ýaramly bolan ýere bilgeşleýin süýşüpdirler diýilse, onda olaryñ göçmekleri baradaky ikirjiñlenme öz güýjüni ýitirýär''(1).Gunlar ýewropa dünýäsi bilen özlerinden öñki ㅡ skif we sarmatlaryñ üsti bilen berk baglanyşykda bolupdyrlar. Gunlar ýörelen ýollar bilen ýöräpdirler, olaryñ yzyndan ol ýollardan gadymy türküler, bolgarlar, wengerler, türkmen oguzlary, gypjaklar, mongollar geçipdir.400-nji ýylda öñde barýan gun goşunlary Pannoniýanyñ (Merkezi Ýewropa) çäginde peýda bolýarlar, 430-njy ýylda bolsa Reýna barýarlar. 434-nji ýylda gun birleşigindäki häkimlik Buzugyñ ogly Attile geçýär. Attila özüni zehinli hökümdar we diplomat hökmünde görkezýär. Öz döwletiniñ araçäklerini giñeldip, ol Balkan ýarym adasyna ýöriş edýär. Tizden gunlar Sirmiýadan Naise çenli 70-e golaý şäheri basyp alýarlar. Gunlar Wolgadan Reýne çenli äpet uly döwleti döredýärler. Baş hökümdaryñ kabulhanasy (stawkasy) Pannoniýada (häzirki Wengriýa) ýerleşýär. Attiliñ tugunyñ astynda slawýan taýpalary, alanlar we germanlaryñ köp sanly taýpalary (ostgotlar, gepidler, týuringler, gerullar, turklingler), protobolgarlar, protowengerler we beýlekiler durupdyrlar(2).Orta asyr taryhçysy Iordan Attila barada şeýle diýýär: ''Ol halklary geñ galdyrmak üçin dünýä inen är bolupdyr, ol ähli ýurtlar üçin nireden gelýändigi belli bolmadyk gorky döredip, hemmeleri howsala salypdyr, ol baradaky gorkunç pikirler ähli ýerde giñden belli bolupdyr. Ol buýsançly gadam basypdyr, nazaryny dürli tarapa dikipdir, beden hereketleri bilen özüniñ ýokary galdyrylan beýikligini äşgär edipdir. Urşy gowy görýän, tygşytly, sagdyn pikiri bilen örän güýçli, dileg bilen ýüz tutany boş goýbermändir we özüniñ bir gezekde ynamdardygyny görkezenlere merhemetli bolupdyr''(3).Haçanda Attila bastarnlar, skirler, alemanlar ýaly kelt we german taýpalary, franklaryñ bir bölegi we burgundlar birleşende, ol Galliýany basyp almaga ugraýar. 450-nji ýylda Attila Burgun patyşalygyny syndyrýar; Orleana ýetip, ol Şampani (Fransiýa) tarap çekilýär. Bu ýerde, Katalun meýdanlarynda 451-nji ýylyñ iýunynda ägirt ''halklaryñ söweşi'' bolup geçýär, onda Ýewropa (Rimiñ üsti bilen) Aziýa bilen duşuşýar. Hiç kim ýeñmegi başarmaýar. Emma şol ýyl Attila Ýewropada iñ güýçli Gunlar imperiýasyny döredip, harby hereketleri dikeldýär. 453-nji ýylda imperator burgundy gözeli Ildigo öýlenýär we şol gün ýogalýar. Kassiodoryñ orta asyr ''Senenamasy (hronikasy) Attilanyñ özüniñ Tissy derýasynyñ ýakynyndaky kabulhanasynda ýogalandygyny görkezýär(4).Beýik imperatoryñ jesedini sähranyñ ortarasynda goýlan ýüpek çadyra geçirýärler. Gwardiýaçylar çadyryñ daşyna aýlanyp, aýdym aýdypdyrlar: ''Gunlaryñ beýik patyşasy Attila, öz atasy Buzukdan doglan, iñ güýçli taýpalaryñ hökümdary! Sen, şu wagta çenli belli bolmadyk güýç bilen skif we german patyşalyklaryna eýe bolduñ, şäherleri basyp almak bilen rim dünýäsiniñ iki imperiýasyny hem gorka gapladyñ...''(5).Gije serdaryñ jesediniñ ýanynda hazyna we ýarag, şeýle-de boýun egdirilen halklaryñ baýdaklaryny goýup, gizlin jaýlaýarlar.454-nji ýylda Gun imperiýasy synýar. Attilanyñ uly ogly Ellak söweşleriñ birinde öldürilýär, kiçi ogullary Dengizih we Irnik Gara deñziñ ýakasyndaky demirgazyk-günbatar sähralyklaryna göçýärler. Käbir gun taýpalary ýewropa halklary bilen uýgunlaşyp Merkezi Ýewropada galýarlar. Alanlar hem ýewropa ýurtlaryna ýaýraýarlar. Beýik Britaniýanyñ çäginde 5 müñlük goşun öýlere ýerleşdirilýär.Attilanyñ ady Baltika kenarynda ýene-de uzak wagtlap dilden düşmeýär. Deñiz kenarynda ýaşaýan adamlar (pomorýanlar) ony ilkinji knýaz diýip ykrar edipdirler. Şotlandiýada häzire çenli Attila ady ''kaka, ata'' diýmegi añladýar(6). Tidrek baradaky rowaýaty ýakyn wagtlara çenli her bir german adamy bilýärdi. Munda Attila-da, onuñ aýaly Erka-da bar. Umuman, german eposynda ol Etzeliñ asylzada şekilinde müdümileşdirilýär(7). Gunlaryñ halk adynyñ özi bolsa nemes dilinde ''hun'' (äpet adam; örän uly adam) diýen söze öwrülýär(8).Gunlar we Attila baradaky gyzykly maglumatlary biz, takmynan, 920-nji ýylda Sankt-Gallensk monastyrynyñ monahy Ekkehart I tarapyndan ýazylan ''Waltariý güýçli el '' atly poemadan bilip bilýäris. Poemada franklaryñ, burgundlaryñ we Akwitaniýanyñ patyşalary öz çagalaryny girewine goýýandyklary hem-de gunlara ägirt uly salgyt töleýändikleri barada aýdylýar. Attila olary terbiýeleýär we käbir goşun bölümlerine harby serkerde edip belleýär. Akwitaniýanyñ ogly Waltariý Attila tarapyndan gozgalañ turzan dannikleri köşeşdirmek üçin iberilýär. Ondan soñ, ýeñiş gazanan Walteriý sylag-serpaý bilen öýüne gaýdyp gelýär. Ine, poemanyñ kiçijik bir bölegi, onda awtor imperator Attilanyñ ýolbaşçylyk eden gunlaryñ güýjüni, gahrymançylygyny we adalatlygyny ykrar edýär(9):Ýeriñ üçünji bölegine, doganlar, Ýewropa diýilýär.Onda köp taýpalar ýaşaýar: atlary, ahlaklary, durmuşy,Sözleýişleri we Hudaýa ynamy bilen biri-birinde tapawutlanýarlar.Olaryñ arasynda Pannoniýa welaýatynda ýaşaýan halk bar,Biz olary ㅡ endik edişimiz ýaly ㅡ ''gunlar'' diýip atlandyrýarys.Bu batyr halk söweşde gahrymançylygy bilen şöhratlanýar;Öz häkimine ol diñe bir ýakyn goñşularyny birleşdirmän,Eýsem ol Ummanyñ kenarynda ýatan ýerlerine-de ýetipdir,Köpler bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşýar, boýun egmedikleri jezalandyrýar,Aýdýarlar, olaryñ agalygy müñ ýyldan gowrak dowam edýär.Bir wagt, gadym zamanlarda, ol ýerde patyşa Attila hökümdarlyk edipdir;Açgözlülik bilen öñki ýeñişlerini elmydama täzelemäge çalyşýardy.Gun-türki sözleriniñ galyndylary fransuz diliniñ harby terminologiýasynda saklanypdyr: ''armi'' (armiýa, goşun) türküçe ''urma, urmas'' (güýç-batyrlyk), ''brigad'' (brigada) - ''bryge'', ''birge'' (birleşik), ''soldat'' (esger) - çylşyrymly düzmeli ''sulde'' (harby serkerdäniñ nyşany) sözden we ''atyk'' (atly, esger), işlik ''guýerrouýer'' (söweşmek) - ''kiarahi'' (öldürmek, gan dökmek) diýen manyly sözdendir(10).VI asyryñ ortasynda Gazagystanyñ we Türkmenistanyñ sähralyklarynda ýaşaýan warwarlar we huniler (hionitler, hunnalar) gadymy türki imperiýasynyñ kaganyndan ýeñilýärler. 558-nji ýylda olar Ýewropada ''awar'' diýen at bilen peýda bolýarlar we alanlaryñ knýazy Sarosiý bilen ylalaşyk baglaşýarlar. Dagynyk gun we slawýan taýpalaryny bir birleşige birleşdirip, awarlar Baýanyñ ýolbaşçylygynda merkezi Pannoniýa bolan döwleti ㅡ Awar kaganatyny döredýärler. 567-nji ýylda germanlaryñ langobard taýpasy awarlardan gepidlere garşy göreşmekde goldaw sorap ýüz tutýar. Bu wagtlar awarlar eýýäm Dunaýyñ sag kenaryndaky birnäçe şäheri eýeleýärler we Dobruja girýärler. Olar germanlara gepidleri derbi-dagyn etmäge ýardam berýärler(11).568-nji ýylda kagan Baýan Orta Podunawýanyñ we Günbatar Slowakiýanyñ ekerançylyk bilen meşgullanýan slawýan taýpalaryny basyp alýarlar(12). Awar kaganatyny ''Attilanyñ gun imperiýasynyñ gönüden-göni mirasdüşeri'' hasap edýärler(13).Wengriýada ''warkon'', ýagny warhonitler (awarlar we hunlar) diýen kökli toponimleriñ saklanyp galmagy hem gyzyklydyr(14).1986-njy ýylda garagalpak alymy awarlaryñ awa türkmen-oguz taýpasyna degişlidigi baradaky çaklamany öñe sürýär hem-de iki etnonimi ''suw saklary'' (skifler) ㅡ apasiaklar bilen deñeşdirýär. Olary, öz gezeginde S. P. Tolstow oguzlaryñ giçki peçeneg taýpasyna eltýär(15). Häzirki zamanda türkmen taýpasy ywa (uwa) bar(16). Bu sözüñ manysyny Abulgazy ''beýik derejeli''(17), Salyr Baba ㅡ Awa (Biwe) ㅡ ''olaryñ atlary hemme zatdan beýik bolupdyr''(18) diýip düşündirýär.791-nji ýylda awarlara garşy franklar çykyş edýärler we olar sakslar bilen bile çykyş eden awarlaryñ garşylygyna duçar bolýarlar. Emma kaganatyñ özünde eýýäm agzalalyk başlanýar. Kaganyñ emeldarlarynyñ biri franklara ilçi iberýär, 796-njy ýylda ol franklaryñ paýtagy Ahene barýar we patyşa Karl Beýige wepadarlyk kasamyny içýär. Şol ýyl Pipiniñ baştutanlygyndaky goşun Tisy derýasynyñ ýakasyndaky kaganlaryñ kabulhanasyny basyp alýarlar. Göreş garşydaşlaryñ ilki biri, soñ beýlekisi üçin üstünlikli bolup, iñ soñunda franklaryñ ýeñşi bilen tamamlanýar. 805-nji ýylda kagan hristianlygy kabul edýär. Şol wagtlarda awarlar Zadunawýanyñ (Wena bilen Rabanyñ aralygy) bölegini eýeleýärler. Olar baradaky soñky maglumatlar 843-nji ýyla degişli ㅡ Werdensk şertnamasynda Karl Beýigiñ imperiýasynyñ onuñ ogullarynyñ arasynda paýlanyşlary barada ''Awar patyşalygynda'' ýatlanylýar(19).Awarlar gunlar bilen bilelikde IX asyrda slawýan we german etnoslarynyñ arasyna siñipdirler.Çehiýadaky ilkinji döwletiñ paýtagtyny (şu wagt häzirki Mikulçise obasynyñ ýanyndaky gadymy şäher harabaçylygy) öwreniji çeh arheology Zdensk Klanisa 2006-njy ýylda gyzykly işi neşir edýär. Ol 1983-nji ýylda ol ýerden syrly ýazgyly ýaýyñ süñkden edilen gundagynyñ bölegini tapýar. Ondaky harplar şol wagtda ýaýran latyn hatyna ýa-da skandinaw runasyna hiç hili meñzeş bolmandyr, emma alymyñ pikirine görä, bu gadymy türki runalary bolup, orta asyrlarda Merkezi Ýewropadan Hytaýyñ araçäklerine çenli giñden ýaýran elipbiýdir(20).833-nji ýylda moraw knýazy Moýmir I nitran knýazy Pribirnu kowup, Nitran knýazlygyny Morawiýa birleşdirmeginden başlalyñ. Şeýlelikde, IX asyryñ 30-njy ýyllarynda Dunaýdan demirgazygrakda Çehiýanyñ çäginde ilkinji döwlet döreýär. Oña Moýmirowiçler dinastiýasy ýolbaşçylyk edýär we ol Beýik Morawiýa diýen ady alýar. Gysga wagtyñ içinde Beýik Morawiýa döwleti öz täsirini Merkezi Ýewropanyñ uly bölegine, şol sanda özüne Çehiýany, Slowakiýany, häzirki zaman Polşanyñ we Wengriýanyñ bir bölegini birleşdirýär(21).Beýik Morawiýa X asyryñ başynda synýar, emma ''irki orta asyr roman-german-slawýan dünýäsiniñ taryhynda we medeniýetinde belli yz galdyrýar. Ol Elbadan Wolga çenli uly aralykda dörän ilkinji slawýan döwletleriniñ biri bolupdyr. IX asyrda Beýik Morawiýa franklaryñ gündogar ekspansiýasynyñ ýolundaky güýçli forpost bolupdyr we agyr göreşde ýüz ýyl töweregi Ýewropanyñ irki feodal döwletleriniñ arasynda özbaşdaklygyny saklapdyr. Beýik Morawiýa knýazlary Moýmir, Rostislaw, Swýatopolk Ýewropada ýaýbañlanan çylşyrymly syýasy göreşe ynamly girip, özlerini gujurly döwlet işgärleri we diplomatlar hökmünde görkezýärler''(22).Arheologik maglumatlardan görnüşi ýaly, morawanlar Çehiýanyñ çäginde VII asyryñ ahyrynda VIII asyryñ başynda peýda bolýarlar. Belli çeh alymy L. Gawlik bular tejribeli söweşijiler (esgerler) bolupdyrlar diýip belleýär. Olar slawýanlardan özleriniñ kämil harby sungaty bilen tapawutlanypdyrlar. Olaryñ ýaşaýyş jaýlarynyñ görnüşleri, atlarynyñ we öý haýwanlarynyñ tohumlary, egin-eşikleriniñ görnüşleri we zergärçilik önümleri Merkezi Aziýada öz analoglaryny tapýar(23).Ýazuw çeşmeleri morawanlary ilkinji gezek 822-nji ýylda bellige alýarlar. Franklar patyşalygynyñ annallarynyñ şaýatlyk etmeklerine görä, şol ýyl imperator Lýudowik Ynanýanyñ Maýnadaky Frankburgda ýerleşýän köşgüne ähli slawýanlaryñ ilçileri gelýär, olaryñ içinde 10 ýyldan soñ hristianlygy kabul eden morawanlar (latynça, morvonarum) bolýar. Z. Klanisa morawanlar Hriby daglaryna we Pawlowskiniñ depelerine Türkmenistandan, has takygy, Merw oazisinden, Beýik Merwiñ (Margawyñ, Marynyñ) ýerleşen we şol bir wagtda Murgap derýasynyñ akan ýerinden gelipdirler diýip hasaplaýar, şonuñ üçinem Merwden gelip çykanlar öz watanlaryndan has daşda hem öz atlaryny saklapdyrlar, ýagny morawanlar ㅡ bu merwanlar, merwliler. Morawiýada adybir derýanyñ hem akmagy gyzyklydyr, çeh alymlary onuñ adyny ㅡ ''Marus'' (german. ''duran suw, batgalyk'') + ''ahawa'' (german. ''suw''). Netijede ikinji bölegi ''awa'' (suw) görnüşinde üýtgäpdir(24).Emma eger-de Z. Klanisanyñ pikirine görä, morawanlar Merwden gelen we özleriniñ täze watanynyñ derýasyny şeýle atlandyran bolsalar, onda türkmen çeşmelerine ýüzlenmek añsat dälmidir? Morawa derýasynyñ adynyñ düşündirilişiniñ Merwiñ has gadymy derýasynyñ adynyñ dündirilişine gabat gelýändigi hem gyzyklydyr. Käbir alymlar ''Marw'' (Marg, Merw, Mary) sözüni ''ota bürelen batgalyk ýer'' diýen mana eltýärler, ''ab'' sözi bolsa türkmen we pars dillerinde ''suw'' ''derýa'' diýmegi añladýar(25). Hakyna seredeniñde, näme üçin ''awa'' moraw sözüni german dillerinden çykan ''ahawa'' diýen söze eltmeli, haçanda biziñ günlerimize çenli saklanyp galan gadymy türkmen sözi ''aw'', ''ab'', ''ýap'' (şol manyly) barka. Mysal üçin, Murgap, Sekizýap, Salyrýap we ş.m.Z. Kalinisa morawlaryñ adyny dündirende, moraw mazarlyklaryndan gadymy runa ýazgylarynyñ tapylmagyna, şeýle-de L. Gawlikiniñ şaýatlyk etmegine görä, morawlaryñ gelmegi bilen aziýa görnüşli öý haýwanlarynyñ tohumynyñ ýüze çykmagy baradaky pikiri we beýlekiler ýene-de morawlaryñ Merkezi Aziýadan gelip çykandyklary baradaky nukdaýzanaryñ bähbidine getirilýän birnäçe deliller hem gyzyklydyr. 1947 ㅡ 48-nji ýyllarda Dunaýowise obasynda VIII asyryñ 7 mazary açylýar, olaryñ birinde türki şamanlarynyñ aýrylmaz zady bolan on bir sany bitin jañjagaz tapylýar. 1983-nji ýylda Mikulçisada türki görnüşli ýaýyñ süñk örtüginiñ bölegi tapylýar. Z. Klanisa şeýle ýazýar: ''Günorta Morawiýada gelip çykyşy Orta Aziýaly bolan ýaýly esgerler eýýäm VII asyryñ ahyrynda belli bolupdyr. Şeýle goşunlar eýýäm gunlar we awarlar döwründe döredilipdir. VII asyryñ ahyrynda tutuş etnik toparlarynyñ ýerlerini köp üýtgedýärler we olaryñ Eýranyñ demirgazyk araçäkleriniñ golaýyndaky Gündogar we Merkezi Ýewropa çenli aralykdaky ýerlerden gaýdýar. Bu wakalaryñ ýüze çykmagynyñ taryhy sebäpleri häzire çenli anyk däl. Ýöne bu göçler Samo patyşalygynyñ synmagyna eltipdir. Morawiýadaky syýasy agalyk elden-ele geçýär; pra£ görnüşi diýip atlandyrylýan keramikaly şäherçejikler pese düşýär, olara derek Morawa derýasynyñ kenaryndaky berkidilen Olomus, Uger gadymy şäher harabaçylygy we Mikulçise ýaly adada ýerleşen obalar ýüze çykýar''(26).Soñra Z. Klanisa ''özümizden morawanlaryñ aýratyn abraýy nireden gelip çykýar diýip sorasak, ... biz VII asyrda özboluşly ýaýlar bilen ýaraglanan harby goşunlaryñ gelip çykýan ýerine, ýagny Eýranyñ demirgazyk araçäklerine we Türkmenistana, Merw şäherine barmalydyrys'' diýip ýazýar(27).Ajaýyp! Emma bizi bir zat gynandyrýar, Z. Klanisa morwanlary parslar bilen deñeşdirip, hemişe parslar we olaryñ däp-dessurlary barada gürrüñ edýär. Emma Merwde has irki döwürlerden bäri gadymy türki etnoslar (saklar, eftalitler, oguzlar) ýaşapdyrlar. Mundan başga-da, taryh pars taýpalarynyñ öz watanlaryndan has daşa göçendiklerine (migrasiýasyna) degişli delilleri bilmeýär. Muny diñe türki we mongol taýpalarynyñ başarandygyny köp sanly çeşmeler görkezýär. Olar barada gürrüñ edilmese-de bolar.(dowamy)Ýene-de bir mysal getireliñ. Z. Klanisa morawanlaryñ dini düşünjelerinde guşlaryñ uly ornuny belleýär ㅡ moraw hökümdarlarynyñ jygasynyñ guş ýeleklerinden bolmagy, guş şekilleri çekilen bezeg şaýlary we ş.m(28). Moýmirowiçiñ dinastiýasyny esaslandyryjylarynyñ we Morawiýanyñ ilkinji hökümdary Moýmir I adyny diñe türki dillerine esaslanyp düşündirmek bolýar ㅡ Moýmir (türküçe mamyr) ''ýaş guş'' diýmegi añladýar(29).Biz üçin, ilkibada wajyp däl ýaly bolup görünýän delil hem gyzyklydyr. Uger gadymy şäher harabaçylygyndan uzak bolmadyk ýerde elinde laçyn tutup duran atly şekillendirilen kümüş medalion tapylýar(30).Häzirki döwürde aw guşlary bilen aw awlamak däbiniñ gadymy aziýa çarwalarynda ýüze çykandygy subutnama talap etmeýän delildir. Olar irki orta asyrlarda ony Ýewropa eltipdirler(31). Emma etnogenezinde, esasan, gypjak taýpalary gatnaşan mongollar, ruslar, gazaklar, gyrgyzlar we beýleki halklaryñ aw guşlaryny sag elinde tutýandygyny ýörite bellemek gerek. Diñe türkmenler hem Günbatar we Merkezi Aziýanyñ halklary laçynlary çep ellerinde tutýarlar(32). Bu elmydama ýyrtyjy guşlary eldekileşdirmegiñ we ulanmagyñ dürli däpleri bilen ýüze çykan etnografik aýratynlyk bolupdyr. Uger medalionyndaky laçyn guşly edil türkmenler ýaly guşuny çep elinde tutýar, bu Z. Klanisanyñ morawanlaryñ Türkmenistanyñ çäginden göçendikleri baradaky çaklamanyñ peýdasyna ýene-de bir subutnama bolup hyzmat edýär.Uger gadymy şäher harabaçylygynyñ gadymy şäherinden hyýaly guşlaryñ suraty zikgelenen öz aralarynda birleşdirilen üç medalionly şaý-sep tapylýar. Z. Klanisanyñ aýtmagyna görä, guşlaryñ şeýle şekilleri hut Merkezi Aziýada duşýar(33). Hakykatdan, çüñkünde monjuk tutup duran ''ugerleriñkä'' meñzeş tawus guş VII ㅡ VIII asyrlarda Merkezi Aziýada matalaryñ we diwarlaryñ ýüzünde has ýaýran sýu£etdir (asyrlaryñ morawanlaryñ Ýewropada peýda bolan wagtlaryna gabat gelýändigini bellemek gerek)(34).Meniñ pikirimçe, gürrüñ, umuman, sözüñ göni manysynda tawus guşlar barada däl-de, Merkezi Aziýada giñden ýaýran Symrug guş hakynda düşünje hakynda barýar. Ol jennediñ dagyndan adamlara dirilik suwuny getirýär. Türkmen ertekilerinde Symrug elmydama gahrymanlary tylladan doly hyýaly daga eltýär. Ine, ''Kasym oglan'' diýen ertekide Symrug Kap dagyndan dirilik suwuny getirýär (edil otparazlykdaky Symrug ýaly). Türkmenlerde Burkut baba (''Bürgüt ata'') barada hem düşünje saklanypdyr. Ol ýagyş hudaýy bolup, gurakçylyk ýyllarynda onuñ ýoluna owlak aýdypdyrlar. Oguzlar yslamy kabul etmänkäler, olaryñ hökümdarlary şol bir wagtda ýokary şaman (porhan) hem bolupdyrlar, olaryñ atributlarynyñ guşuñ bedeniniñ böleklerine we onuñ ýeleklerine gabat gelmegi (ilkinji moraw hökümdarlarynyñ başgaplaryndaky ýelekler hem şu ýerden) hem gyzyklydyr. Porhanlyk wagtynda şamanlar guşlaryñ we haýwanlaryñ sesine öýkünipdirler. Bu däpleriñ hemmesi häzir diñe türki we fin halklarynda saklanypdyr(35).Gelmişek morawanlaryñ obalary ýerli slawýanlaryñ şäherçelerinden bellibir derejede tapawutlanypdyr. Mysal üçin, hökümdaryñ paýtagt şäheri Mikulçisede berkitmeler daşyna daş örülen uzynlygy 10 m bolan gaçydan bolupdyr, oña barýan girelgeler haýatlaryñ, garymlaryñ birnäçe hatarlary we Morawa derýasynyñ hanalary bilen goralypdyr. Hökümdaryñ köşgüniñ daşyna daş diwarlar we haýatlar bilen gurşalan goşunyñ berkitmeleri we asylzada adamlaryñ howlulary ýerleşipdir. IX asyr üçin bu güýçli gala bolup, morawanlaryñ garşydaşlaryny, ýagny bawar feodallaryny haýran galdyrypdyr(36). Emma morawanlaryñ gelen ýeri bolan Merkezi Aziýa üçin şeýle berkitmeler adaty gala hasaplanypdyr. Morawanlar öz täze watanlarynda diñe Merkezi Aziýanyñ şäher däplerini dikeldipdirler.''Çehoslowikiýanyñ gysga taryhynyñ'' awtorlary, irki morawanlaryñ demir ussaçylygynda, ýarag ýasamakda, külalçylykda we şaý-sep ýasamakda hem IX asyryñ ortasynda ýiten däplerini ulanypdyrlar diýip ykrar edýärler(37).Biziñ üçin, hut Beýik Morawiýada ilkinji slawýan elipbiýiniñ IX asyryñ 60-njy ýyllarynda Wizantiýa imperatorynyñ iberen missonerleri Kirill (Konstantin) we Mefodiý tarapyndan döredilendigi gyzyklydyr. Imperator Morawiýa kimi iberipdir? Wizantiýanyñ ýerli ilatyny däl-de, türki-bolgar halkynyñ wekilini iberýär. Bu halk slawýan Balkanlary bilen işjeñ garyşyp, hristiýanlygy kabul edýär. Emma bolgarlar Ýewropa gadymy türki runa ýazgylary bilen gelýärler, şol döwürde slawýanlaryñ ýönekeý suratly haty bolupdyr. Missionerler ㅡ bolgarlar öz garyndaşlary türki-morawanlaryñ ýanyna gelýärler. Beýik Morawiýada bir tuguñ astynda Ýewropada german agalygyna garşy durup biljek türküleriñ we slawýanlaryñ bir baýdagyñ astynda birleşmegi (edil Kiýew Rusundaky ýaly) üçin esas döreýär. Doganlar ㅡ missionerler kirill hatyny döredipdirler diýen berk ornaşan pikiriñ nireden dörändigi belli däl? Bu pikir, esasan, rus derñewlerinde ýaýrandyr. Kirill glagolisany döredendir!Hatyñ nemes taryhçysy I. Fridrihiñ belleýşi ýaly, Kirilliñ glagolisasy görnüşi boýunça adaty bolmadyk belgilerdir. Olar dürli çaklamalary ýüze çykardy diýip belleýär. Onuñ öz pikirine görä, elipbiý täzeden işlenen grek harplarynyñ esasynda döräpdir, emma käbir detallary düşündirilişi talap edýär(38).Emma grek haty bilen gowy tanyş bolan orta asyr ýewropaly awtorlar glagolisanyñ hiç bir ýewropa hatyna meñzemeýändigini belleýärler. Mysal üçin, bogemaly Dobner şeýle ýazypdyr: ''Hakyky Kirilliñ elipbiýi Glagolisadyr. Glagolyñ harplary gödek hem gelşiksiz, gadymylygyñ ähli alamatlary onda bolup, başga hiç birine meñzemeýär. Kirilliñki bolsa grekleriñkiden tapawutlanýar we onuñ IX asyrda täze oýlap tapylan bolmaga haky ýokdur. Biz olaryñ arasynda diñe ýedi sany glagol elipbiýinden alnan, grek däl harplary görýäris''(39).Dagestan taryhçysy M. Ad£i Kiril bilen Mefodiniñ hut türki runa ýazgylarynyñ esasynda döredendigi barada hiç hili ikirjiñlenmeýär. Onda-da elipbiýde onuñ pikir edişi ýaly, diñe türki dillerine mahsus bolan ''ýumşak ㅡ g'', burun sesler, ýota ㅡ sesler mahsus bolan harplar duşýar(40).
Morawanlylaryñ runa ýazgylary bilen bolmaklary ahmal (mysal üçin, gadymy morawan paýtagtynda Merkezi Aziýa ýaýynyñ döwükleriniñ tapylmagy), ýöne olar özleriniñ tagtynyñ töweregine eýýäm ýewropa halklaryny üýşürýärler, olara täze döwletiñ her bir raýatyna düşnükli bolar ýaly has kämil ýazuwy (haty) döredýärler(41).
Gadymy Rusdaky ilkinji beresta hatlary eýýäm türki runalarynda ýazylypdyr, emma haçanda bu döwlete slawýanlardan we türkülerden başga, beýleki köp halklar gireninde, olar Beýik Morawiýada döredilen glagolisa elipbiýini höwes bilen kabul edipdirler. Soñrak, haçanda türki etnoslary slawýan gurşawyna siñenlerinden soñ, slawýanlar has sada grek, latyn we krill elipbiýlerine geçipdirler(42).
Biziñ türkmen-çeh gatbaşyklary baradaky çap edilen makalamyzdan soñ, 2008-nji ýylda çeh alymy Wita Mihalikadan hat geldi, ol: ''Hormatly Öwez Gündogdyýew, siziñ habaryñyzy eşidip, men biziñ halklarymyzy örän gyzykly, özara baglanyşykly taryhyñ baglanyşdyrýandygyna has hem ynamym artdy. Biz öz derñewlerimiziñ üstünde işlemegi bile dowam ederis diýip tama edýärin'' diýip ýazýar.
Munuñ yzysüre, men morawa gadymylyklarynyñ özüni öwrenýän Z. Klanisadan hem hat aldym. Onuñ bir bölegini getirýäris: ''Çuñ hormatlanýan professor Öwez Gündogdyýew, men siziñ ''Türkmenistan we Çehiýa'' diýen makalañyzy alanyma şat. Sizi awtor hökmünde gutlaýaryn we minnetdarlyk bildirýärin. Men örän uly täsir aldym. Size uly sag bolsun aýdýaryn! Häzirki döwürde mende morawanlaryñ ýokarky gatlaklarynyñ gündogar, türki gözbaşynyñ bardygy hakyndaky pikiriñ peýdasyna täze delillerim bar. Bu gyzykly delilleri neşir etmek isleýärin. Siziñ slawýan elipbiýisiniñ gelip çykyşy baradaky çaklamañyz ýarady. Monah Hrabr X asyrda slawýanlaryñ öñ kitaplarynyñ hem, ýazuwlarynyñ hem bolmandygy, olaryñ ''kertme we oýma'' arkaly okandyklaryny we pal atandyklary barada ýazýar! Emma bu ㅡ runa ahyry! Günorta Morawiýada örän köp arheologik tapyndylar ㅡ Orta Aziýa bilen gatnaşyklaryñ şaýatlary: dürli bezeg şaýlary, süýmeler, guşak şelpeleri bar. Meniñ pikirimçe, Siziñ inspiratiw çykyşyñyz bilelikdäki gowy işi başlady, Size tañryýalkasyn aýdýaryn! 19-njy ýanwar, 2008-nji ýyl. Brno şäheri''.
Etniki gatnaşyklar türkmenler bilen ýewropaly bolgarlarynyñ arasynda hem bolupdyr (wolga bulgarlary barada eýýäm gürrüñ edildi).
VIII asyryñ 20-nji ýyllarynda Beýik Bolgariýa synanyndan soñ, Kubrat hanyñ ogly Asparuh Balkana göçýär we slawýanlary birleşdirip, Dunaý bolgarlarynyñ döwletini döredýär(43).
863-nji ýylda bolgarlar hristianlygy kabul edýärler. XIII asyryñ başynda, haçanda mongollar Wolga Bulgariýasyny derbi-dagyn edenlerinde, bolgarlaryñ köp böleginiñ, şeýle-de oguzlaryñ we gypjaklaryñ, basybalyjylara boýun egmek islemän, Dunaý Bolgariýasynda, Wengriýada we Litwa knýazlygynda pena tapandyklary gyzyklydyr. Elbetde, Bolgariýa mongollaryñ çozuşyndan öñ hem oguz-gypjak uruglary barypdyrlar. Aşaky Dunaýda, Dobrujede we Bolgariýanyñ demirgazyk-gündogarynda giñ öri meýdanlaryny eýeläp, olar bolgarlary garşydaşlary bilen göreşde işjeñ goldapdyrlar. Haçanda XII asyryñ 70-nji ýyllarynda bolgar halky Wizantiýa bilen göreşe başlanynda, ol herekete iki dogan ㅡ oguz hanlary Asen bilen Petr ýolbaşçylyk edipdir. Ýeñişden soñ, Asen I 1187-nji ýylda Bolgariýanyñ patyşasy bolupdyr. Şeýdip, Osenler bolgar patyşalarynyñ dinastiýasy peýda bolýar, onuñ nesilbaşysynyñ adynyñ gelip çykyşyny Gök türkmenleriñ imperiýasyny dörediji Asina (Aşina) bilen baglanyşdyrýarlar. Bolgarlar mongollar tarapyndan derbi-dagyn edilen musulman oguzlary, gypjaklary, wolga bulgarlaryny hiç hili kynçylyksyz özlerine goýberipdirler. Umumy gelip çykyşlary bir bolan we betbagtçylyga uçran Gündogardan gelen doganlaryna gynanç duýgusy olaryñ dini tapawutlaryndan üstün çykan bolmagy ahmal.
Häzirki balkanly bolgarlaryñ türki etnonimini saklap, slawýanlar bilen garyşandygyna we eýýäm orta asyrlarda olaryb dilini kabul edendiklerine seretmezden, bolgar dilinde häzirki zaman türki dillerindäkä gabat gelýän köp söz bar. Olaryñ käbirini getireliñ(44)
Bolgarça:
1. ama ㅡ ''ýöne'', ''emma'' türkmençe - emma
2. aslan ㅡ ''arslan'' türkmençe - arslan
3. artyk ㅡ ''artygy bilen'' türkmençe - artyk
4. açik ㅡ ''açyk'', ''aýdyñ'' türkmençe - açyk
5. bad£ana ㅡ ''baja'' türkmençe - baja
6. baýrak ㅡ ''baýdak'' türkmençe - baýdak
7. baş ㅡ ''birinji'', ''baş'' türkmençe - baş
8. býurek ㅡ ''pirog'' türkmençe - börek
9. kaw'rma ㅡ ''etli nahar'' türkmençe- gowurma
10. koskar ㅡ ''goç'', türkmençe - goç, goçkar
11. kose ㅡ ''sakalsyz, köse'' türkmençe - köse
12. kýukýurt ㅡ ''kükürt'' türkmençe kükürt.
13. makam ㅡ ''mukam'' türkmençe mukam
14. maskara ㅡ ''haýasyz adam'' türkmençe - masgara
15. mermer ㅡ ''mermer'' türkmençe - mermer
16. sap ㅡ ''sap'' türkmençe - sap
17. sind£ir ㅡ ''zynjyr'' türkmençe - zynjyr
18. hand£ar ㅡ ''hanjar'', türkmençe - hanjar
19. ýurýuş ㅡ çozmak (rusç:ataka) türkmençe - ýöriş - ''söweş''
20. eski ㅡ ''köne'' türkmençe eski ㅡ ''gadymy'', ''köne''
Bu bary-ýogy iki diliñ diñe ýüzleý deñeşdirmesi. Arassa dil derñewleriniñ iki halkyñ dili we taryhy tarapdan gowy material berip biler.
Bolgar türki halky Powol£ýäniñ, Pridnepriñ, Demirgazyk Kawkazyñ, Balkanyñ taryhynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Alymlaryñ tassyklamaklaryna görä, hut bolgarlar oguzlar bilen bilelikde demirgazyk türki-bolgarlarynyñ nesilbaçysy bolupdyr. Bolgariýada häzirem türki dilinde gepleşýän onlarça oba bar. Olar özlerini ''eski bolgar'' (köne bolgar) diýip atlandyrýarlar.
Ýene-de bir ýagdaý gyzyklydyr. 1886-njy ýylda bolgar serkerdeleriniñ topary Russiýa imperiýasyna göçürilýär. Olaryñ biri ㅡ harby-in£ener hünäri bolan Georgiý Wazow Türkmenistana iberilýär. Şol wagt ol ýerde demir ýol çekilipdir. G. Wazow bu ýerde on ýyllap işläpdir, 1897-nji ýylda bolsa Bolgariýa gaýdyp barýar. Gyzykly ýeri, 1912-nji ýylda G. Wazowyñ ady Guşgy şäheriniñ (häzirki Serhetadabadyñ) köçeleriniñ birine dakylýar. Şol wagtda kapitan derejesinde bolan G. Wazowyñ köp dostlary bolupdyr. Olaryñ bir türkmen ㅡ poruçik Nikolaý Ýomudskiý (Birinji jahançylyk urşunyñ geljekki gahrymany). Bolgariýa gaýtmanka G. Wazowa N. Ýomudskiý osman gylyjy bilen pistolet sowgat berýär. 1913-nji ýylda general G. Wazow Bolgariýanyñ Harby ministri edilip bellenilýär. Türkmen serkerdesiniñ sowgatlary, häzir hem generalyñ maşgalasynda saklanylýar we olar häzir hem olaryñ eýesi bolup durýarlar. 2000-nji ýylyñ noýabrynda Sofiýada Harby-taryhy muzeýiñ ekspert topary nusgalary identifisirläp, şu çözgüdi kabul edýär: ''Ýarag kolleksiýa baha eýedir''(45). Ine, ýene-de Türkmenistan bilen Bolgariýanyñ arasyndaky baglaşyk ýüze çykdy.
Türkmenler bilen uzakdaky Merkezi Ýewropa halky bolan wengerleriñ (madýarlaryñ, ugrularyñ) arasynda nähili gatnaşyk bolup biler? Bolar, onda-da etnik derejesinde. Haçan-da XIX asyrda Türkmenistanda bolan, biziñ ýurdumyz barada köp gymmatly maglumat goýan wenger syýahatçysy Armeniý Wamberi şeýle netijä gelipdir: ''... Şu ýerden Adriatik deñzine çenli aralykda ýa-da Dunaýyñ kenarynda ýaşaýan türküler (orta asyrlarda wengerlere türküler diýipdirler ㅡ .Ö. G.) hakyna seredeniñde günbatar türküler we olar orta aziýalylaryñ bir maşgalasyna diñe bir fizionomik alamatlary boýunça däl, eýsem dilleriniñ, häsiýetleriniñ we ahlaklarynyñ meñzeşligi bilen hem birleşdirilip bilner''.
Muny türkmen filology Ý. Çöññäýewiñ ''Türkmen we gadymy türki diliniñ wenger diliniñ gatnaşygy baradaky'' (Aşgabat, 1985) diýen gyzykly işi hem tassyklaýar(46). Diñe ''Wengerçe-rusça sözlügi'' açmak we käbir wenger sözlerini türkmen dilindäki sözler bilen deñeşdirsek, onda gönüden-göni gabat gelmelere duşmak bolýar. Onda-da, ýeke-täk däl(47). Mysal üçin: weng. agg (garran) ㅡ türkm. aga (ýaşy boýunça uly erkek adam); weng. adýek (but) türkm. aýak; weng. ata (kaka) ㅡ türkm. ata (kaka, ata); weng. arpa ㅡ türkm. arpa; weng. balta (palta) türkm. palta; weng. biçak (pyçajyk) türkm. pyçak; weng. bors (burç) ㅡ türkm. burç; weng. kes (pyçak) ㅡ türkm. kesmek; weng. keçge (geçi) ㅡ türkm. geçi; weng. kazan (uly kotýol) ㅡ türkm. gazan; weng. ki (kim) ㅡ türkm. kim; weng. keşe (giç wagt) ㅡ türkm. gije; weng. okulaş (sapak) ㅡ türkm. okuw; weng. pamut (pagta) ㅡ türkm. pamyk (pagta) we ş.m.
Şeýlelikde, bu garyndaşlyk nireden geldikä? Alymlaryñ soñky ylmy-barlaglary altaý (türki-mongol dilleri) we ural (oña fin-ugor dilleri girýär) dil maşgalalarynyñ watany Merkezi Aziýa we oña ýanaşýan Demirgazyk Eýranyñ ýerleri bolup durýandygyny tassyklaýarlar. Öz antropologik tipi boýunça ýewropeidler bolup duran ''altaýlylar'' we ''urallylar'' gündogara we demirgazyga uzak aralaşyp, belli bir derejede özlerine mongoloid elementi siñdiripdirler. Amerikanist P. Riwe XX asyryñ ilkinji onýyllyklarynda ural-altaý halklary göçmegiñ merkezi hökmünde Hazar deñzinden gündogarda ýerleşýän welaýatlar bolupdyr, ondan soñ tutuş Aziýa ýaýrapdyrlar. Belli alym S. P. Tolstow, arheologik medeniýetleriñ derñewiniñ esasynda ''urallylar'' Merkezi Aziýada ýaşapdyrlar diýen netije çykarypdyr we olar bilen Demirgazyk Türkmenistanyñ kelteminar medeniýetini baglanyşdyrypdyr(48).
Wengerleriñ ata-babalary, esasan, Powol£ýe we Ural sähralyklaryna we tokaýlaryna süýşüpdirler, şol ýerde olary gunlar ㅡ türkmenleriñ ata-babalary tapypdyrlar. Ugurlar (wengerler) taýpalaryñ täze gun birleşiginiñ düzümine giripdirler. Şol wagtdan başlap, olaryñ özlerini hungarlar (ýagny ''gun adamlary'') ýa-da ogurlar (ugurlar) diýip atlandyran bolmaklary ahmal, günbatar taryhçylary olary türki hasaplapdyrlar(49).
Gunlar bilen Merkezi Ýewropa giden wenegerler, Pannoniýada özleriniñ kiçiräk döwletlerini gurýarlar. Galan wengerler, madýar ady bilen Dnestr we Dnepr aralygyna göçüpdirler. Haçan-da 898-nji ýylda oguz-peçenegler Powol£ýe sähralyklaryndan öz garyndaşlary tarapyndan günbatara gysylyp çykarylandan soñ, olaryñ zarbyny ilki bilen madýarlar duýupdyr. Bolgar patyşasy Simeon peçenegleriñ işjeñ kömekçisi bolupdyr. Iki tarapdan gysylan wengerler Poduwanýe tarap süýşüpdirler, ol ýerde öz garyndaşlaryndan (ugurlaryñ, gunlaryñ, awarlaryñ galyndylary) üstün çykyp, Pannoniýa göçüp barypdyrlar. Tiz wagtda olara kawarlar goşulypdyr. Bu etnonim biziñ üçin has hem gyzyklydyr, sebäbi S. P. Tolstow kawarlary (kwar-hwar arkaly) horezmliler, ýagny Demirgazyk Türkmenistanyñ ýaşaýjylary bilen baglanyşdyrýar(50).
XIII asyryñ wenger senenamaçysy Simon de Keza şeýle ýazýar: ''...kawarlar, madýarlaryñ Wengerýanyñ meýdanyny basyp alan döwründäki hakyky güýçli birleşikdeşleridir''(51).
Indiki delil hem gyzyklydyr. Haçan-da wenger patyşasy Stefan Keramatly ýogalanda we tagta Wengerýany nemesler we italýanlar bilen dolduran we madýarlaryñ ýokary gatlagyny gysyp çykaran Petr geçende wenger halky gozgalañ turuzýar we hökümet başyna horezm serdarlary Ýeda we Ýedumeriñ neberesi patyşa Stefan Samuil Abunyñ (1041ㅡ1044-nji ýyllar hökümdarlyk eden ýyllary) aýal doganynyñ adamsyny getirýär. Oña bolan halkyñ söýgüsi wengerleriñ öz senenamalarynda nygtalypdyr.
S. P. Tolstowyñ ýazyşy ýaly: ''Samuil Abynyñ antifeodal partiýanyñ ýolbaşçysy hökmünde hyzmaty onuñ ata-babalary kawarlaryñ VIII asyryñ Horezmden Hazariýa, soñra Wengriýa getiren syýasy we dini kynçylyklary bilen baglylykda örän üýtgeşikdir. Has hem Samuil ady häsiýetlidir. Ol ýewreý ady bolup, hristian günbatary we Bolgariýany hasap etmezden, gündogar üçin hem ýeterlik derejede ýatdyr. Hökümdarlaryñ ýewreý atlaryny esassyz hazar däpleri ...VIII asyrdan gaýdýan X ㅡ XI asyrlarda kawar dinastiýasynyñ serdarlarynyB Horezmden gelip çykandygy baradaky däp bilen baglanyşdyrýarlar. Olar wenger tagtyna antikolonial herekete ýolbaşçylyk eden we şol ady göteren patyşa Samuil Abuny teklip edýärler. Bu bolsa gümansyz ýudaistik däp barada aýdýar. Bu bolsa biziñ kawar-halistiýalar baradaky VIII asyrda Hazar ýurdundan kowlan we Pannoniýa tarap hereket eden döwründe wenger taýpalaryna goşulan horezmli iudeýçilik edýän emigrantlaryñ nebereleri baradaky teoriýamyzy esaslandyrmaga täze wajyp delil bolup durýar''(52).
Türkmen-wenger aragatnaşygyny ýene-de bir delil görkezýär: 16 harply orta asyr wenger oýma (sekler) hatynyñ harplary orhon-ýeniseý (gadymytürki) elipbiýiniñ harplary bilen gabat gelýär(53).
1114-nji ýylda Merkezi Ýewropa türki taýpalarynyñ täze akymy gelýär. Bu Donda gypjaklardan ýeñlişe sezewar bolan oguz atlylarydyr. Karpatdan geçip, olar Çehiýanyñ, Slowakiýanyñ we Wengeriýanyñ çäklerinde peýda bolýarlar. Bu döwletleriñ syýasy durmuşynda olaryñ hyzmaty örän uludyr. Şeýlelikde, wenger knýazy Tokson iki sany Peçeneg hanlaryna ㅡ doganlara Peşt şäherini (Wengeriýanyñ geljekki paýtagty) dolandyrmaga berýär, peçeneg hany Mog bolsa, Wengriýada ýokary wezipäni ㅡ palatini we baş ýokary £upany eýeläpdir. Şeýle-de Baýandyr (Berend) atly oguz esgeri hem bellidir. Ol 1330-njy ýylda patyşa Karl I halas eden Martonuñ ogludyr(54).
Oguz taýpalary baýandyr we beçenegiñ (Peçenegiñ) Ýewropa ýurtlarynda uly hyzmaty barada olaryñ şanyna dakylan toponimleriñ tutuş topary şaýatlyk edýär. Ugriýanyñ diñe bir Hotan okrugynda ýazuw bilen tassyklanylýan 30 golaý toponim bar. Oguzlaryñ iñ kän bolan ýeri Ugriýada (Wengriýada) olar garaşsyzlygy XIV asyra çenli saklapdyrlar(55). Ugor döwletiniñ berkemegi bilen, oguz hanlary patyşanyñ wekilleri bilen çalşyrylypdyrlar. Emma soñ hem uzak wagtlap ýewropaly oguzlar örän uly harby güýç bolupdyrlar, olaryñ ýaşlary bolsa patyşa goşunynyñ hataryny köpeldipdirler. XV asyryñ soñunda Bonfiniý olar barada şeýle ýazýar: ''... olaryñ adatlary şular: naýza ulanmagy başarmak, uzyn sakgal, uzyn murt goýbermek, şlykly telpek geýmek we pars nusgasyndaky galgap duran ýüpek eşik geýmek''(56).
1228-nji ýylda Wengriýa mongollaryñ derbi-dagyn eden gypjaklary gelýär. Patyşa Bela Dunaý we Tisa aralygynda, şeýle-de döwletiñ gündogarynda ýerleşen Kotýana hanyñ 40 müñlük goşunyny özünde kabul edýär. Bu barada bilip, Batu-han (Batyý, Sain-han) Bela gazyply hat ýazýar: ''Ondan başga-da meniñ kumanlarymyñ gullaryny öz saýañda saklaýandygyñy bildim, näme üçin geljekde olary öz ýanyñda saklamazlygyñy saña buýurýaryn, sebäbi olar üçin saña garşy çykmazlygym üçin. Saña seredeniñde, kumanlara gaçmak añsat, olar jaýsyz, çadyrly göçüp, gaçyp gitmegi başarýarlar, sen bolsa jaýda ýaşap, ýere we şäherlere eýe, şonuñ üçin saña meniñ elimden gaçyp gutulmak başarymaz''(57).
Emma wengerler gorkmandyrlar. Tersine, Beliñ ogly Stefan Kotýanyñ gyzyna öýlenýär. Wenger-gypjak gatnaşyklar berkeýär. Ejesi polowçanka (polowesler-gypjaklar) bolan patyşa Ladislaw (Laslo) döwründe patyşanyñ köşgi gypjaklaryñ han-begleri tarapyndan gurşalypdyr. Wengerleriñ arasynda gypjaklaryñ däp-dessurlary, olaryñ eşikleri ýaýrap başlapdyr. Wenger ýer eýeleriniñ (feodallarynyñ) närazylygyna we ondan soñky harby çaknyşyklaryna seretmezden, gypjaklar hem oguzlar ýaly Wengerýada berk ornaşýarlar(58). Häzirki wagta çenli wengerleriñ arasynda gypjak-polosi etnik topary bar(59). Wenger alymy L. Kunçokiwiçiñ ýazyşy ýaly: ''Polowesler özleriniñ gypjak-türki gepleşiklerinde on altynjy asyra çenli gepläpdirler, olaryñ wenger komitat ulgamyndan garaşsyz öz-özüni dolandyrmalary bolsa 1876-njy ýyla çenli dowam edipdir. Olar bu gün özlerini hakyky wenger hasaplaýarlar, emma özleriniñ gündogardan gelip çykandyklaryna buýsanýarlar. Olaryñ ady bilen iki düzlük ýere ㅡ Kiçi we Uly Kumaniýa (Kişkunşag we Nadkunşag) dakylýar''(60).
Wenger alymy A. Bartanyñ bellemegine görä: ''Gadymy Wenger medeniýeti köp jähtden Orta Aziýa bilen gatnaşygy bolupdyr we Orta Aziýa siwilizasiýalarynyñ täsirine düşüpdir. Beýik wenger kompozitorlary we saz öwrenijileri B. Bartok we Z. Kodai dagynyñ belleýişleri ýaly, wenger halk sazy beýik aziýa saz sungatynyñ has günbatarrakdaky şahasy bolup durýar, halkyñ saz dili hem edil fonetik dil ýaly häsiýetlendiriji bolup durýar''(61).
Alym Ý. A. Halikowanyñ tassyklaýşy ýaly, gadymy wengerleriñ ata-babalary ''VI asyryñ ikinji ýarymynda. . . has dogrusy, Günbatar Türki kaganatynyñ düzüminde bolan bolmaklary ahmal, türküler bilen bilelikde Orta Aziýanyñ we Sasanylar Eýranyñ syýasy durmuşynda uly hyzmaty bitiripdir''(62).
Wengerler özleriniñ ata-baba ýurtlarynyñ Merkezi Aziýadygyny hemişe ýatda saklapdyrlar. XIX asyrda A. Wamberi wengerleriñ geçmişini bilmek üçin uzak ýola düşýär, soñra örän gyzykly oçerkiñ kömegi bilen ýewropalylary türkmenleriñ täsin dünýäsi bilen tanyşdyrýar(63).
Biziñ görşümiz ýaly, türkmen halkynyñ ata-babalarynyñ ýewropa halklary bilen tanyşlygy has öñ bolup geçipdir. Emma ol gatnaşyklar diñe bir Ýewraziýanyñ çäginde bolmandyr. Ýewropa Aziýa bilen haçly ýörişler arkaly tanşypdyr. Olar Ortaýer deñzinde latyn hristianlygynyñ peýda bolup başlamagyna getiripdir. 1096-njy ýylda papa Urban II hristian-rysarlarlaryñ birinji ýörişlerine ak pata berýär, sebäbi olar musulmanlarda ýesirlikde tapdan düşen hristian doganlaryny halas etjekmişler. Fransiýada hemme zat herekete başlaýar. Ýörişe diñe bir rysar däl, eýsem daýhanlar hem öz maşgalalary bilen taýýarlyk görüp başlaýarlar. Emma ilkinji Petr Amýenskiniñ we rysar Walter Golýakanyñ serkerdelik etmegindäki o diýen guramaçylykly bolmadyk adamlar türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Godfrid Bul'onskiniñ, Raýmond Tuluzskiniñ we Boemund Tarentskiniñ guramaçylykly ýolbaşçylygyndaky rysarlyk birnäçe ýeñiş gazanyp, Iýerusalimi eýeleýär. 1098-nji we 1109-njy ýyllar aralygynda rysarlar gündogar Ortaýer deñzinde dört sany ilatly ýeri esaslandyrýarlar: Edes graflygy, Antiohiý knýazlygy, Ierusalim korollygy we Tripoli graflygy. Ýörişlere Ýewropanyñ dürli ýerlerinden rysarlar gatnaşypdyrlar, emma muña seretmezden, Lewantda ornaşan ähli haç göterijileri we musulmanlary, gündogar latynlylaryñ özleri hem franklar diýip atlandyrypdyrlar(64).
Türkmenleriñ epiki eserlerinde Wizantiýanyñ Rumystan diýip atlandyrylandygy, Frangistanyñ (franklaryñ ýurdy) bolsa Günbatar Ýewropany añlatmagy hem gyzyklydyr. Türki halklarynyñ edermenligi we harby häsiýetleri, franklaryñ bolsa musulman Gündogarynda türkmenlere duşmaklary haç göterijilerde uly täsir galdyrypdyrlar, olar hatda olary özleriniñ daşkyn garyndaşlary hasaplap başlaýarlar(65).
Haç göterijiler öz ýanlary bilen Gündogara Fransiýanyñ, Germaniýanyñ, Italiýanyñ we beýleki çeper däplerini alyp barypdyr. Ortaýer deñziniñ çäginde baý we köp milli medeniýet ýüze çykýar. Türki-musulman we frank harby aristokratiýasynyñ wekilleri biri-biri bilen diplomatik we dünýewi gatnaşyk saklapdyrlar. Musulman we hristian täjirleri biri-biri bilen söwda edipdirler(66).
Frank täjirleriniñ kerwenleri Türkmenistanyñ çägine ýetipdirler. Ol barada Sasany annallary şaýatlyk edýär, häzirki Kaka etrabynda (Ahal welaýaty) bolsa franklaryñ söwda obasy bolan Ferengi ýatlanylýar. Türkmen-seljuk soltany Alaeddin Keýkuwat I öz goşunynda franklaryñ aýratyn tapawutlandyrylýan goşun bölümini saklapdyr, Bobdan bolan dominikan monahy Winsentiý (XIII a.) seljuk emirleriniñ fransuz dilini bilendiklerini habar berýär.
M. B. Durdyýewiñ ýazmagyna görä, ''Türkmen gahrymançylyk eposy bolan ''Görogluda'' türkmen batyrlary (witýazlary) ''frenk täjirleriniñ'' getiren ''frenk matasyndan tikilen çäkmen'' geýipdirler. Gözel gyz Harmandäli we beýik sazanda Aşyk Aýdyñyñ şägirdi Kerem baradaky täsin şahyrana rowaýatdan franklar ýurdundan türkmenleriñ ýurduna diñe bir ''frenk matalarynyñ'' däl, eýsem ýokary ''frenk modasynyñ'' hem gelendiginiñ subutnamasyny tapmak bolýar. Şol hekaýatda Kerem perizadyñ öñünde ''frenk buýra saçly ýetginjek'' görnüşinde durýar. Fransiýanyñ elmydama modany ýaýradyjy bolandygy barada aýtmagyñ geregi hem ýok, emma şol modanyñ has gadymy döwürde-de Gündogaryñ jümmüşinde ýiten Türkmenistana-da baryp ýetendigi baradaky fakt bolsa hakykatdan hem täsindir''(67).
Haçly ýörişleriñ netijesinde ýewropa goşunlarynda ''türkopollar'' diýip atlandyrylan türkmen atly ýaý atyjylary peýda bolýar. Mysal üçin, german imperatory Fridrih II (1211 ㅡ 1250-nji ýý.) şeýle hakyna tutma bölümi Italiýa bolan ýörişlerinde ulanypdyr(68).
Günbatar Ýewropa ajaýyp söweşjeñ türkmen atlylary hem barypdyrlar, emma näme üçindir olary ''araplaryñky'' ýa-da ''sarasylaryñky'' diýip atlandyrypdyrlar. Arassa ganly iñlis tohumynyñ nesilbaşysy Darleý Arabian (1702-nji ý.) arassa ganly ahalteke aty bolupdyr. B. Salihowyñ pikirine görä, onuñ uzyn, ýokary çykyp duran boýny, kiçi kellesi, ''onuñ göwresiniñ gapdaldan seredeniñdäki uzynlygy, hut ahalteke atyna häsiýetlidir, arap atynyñ dykyz tegelek görnüşine gabat gelmeýär''.
Ý. N. Barminsewiñ tassyklamagyna görä, ahalteke atlarynyñ ata-babalaryny Britan adalaryna ilkinji gezek rimliler eýýäm b.e.öñki I asyrda getirdipdirler. Bary-ýogy on sany türkmen aty iñlis atlarynyñ häzirki populýasiýasynyñ ýarysyndan gowrak genleriñ çeşmesi bolup hyzmat edipdirler. Tohumçylyk kitabynyñ girişinde Jeýms Ueterbi 1891-nji ýylda şeýle belleýär: ''Aşakda has öñ belli bolan baýtallaryñ . . . we Gündogardan getirilen häzirki ähli bar bolan baş sanynyñ çeşmesi diýen ýaly bolan höwür atlaryñ sanawydyr''.
Şeýlelikde, Türkmen Atti (1784-nji ýylda doglan) Prussiýanyñ atçylyk zawodlarynda belli höwür at bolupdyr. Onuñ adynyñ özi köp zady aýdýar(69).
Ine, ''Roland barada aýdym'' diýen epiki eserde türkmen aty şeýle suratlandyrylýar:(70)
Turpeni agajet at söweşe alyp barýar.
Onuñ bedenini görmäge göz gerek:
Butlary gysga, gapdallary uzyn;
Eýerde beýik, sagrysy giñ;
Ýaly gyr bolup, onuñ guýrugy ak;
Tumşugy morrak we gulaklary kiçi.
Beýle atyñ dünýäde taýy ýok.
Gündogar däpleriniñ täsiri Ýewropanyñ ruhy durmuşyna-da degerli täsir edipdir. XV ㅡ XVI asyrlarda Aziýa we Ýewropanyñ arasyndaky güýçli ösýän syýasy we ykdysady gatnaşyklar gündogar we günbatar medeniýetleriniñ has çuñ we çylşyrymly sintezini emele getiripdir. XVII asyrda Fransiýada, Italiýada, Germaniýada oriental häsiýetli eserleriñ tutuş toparlary peýda bolýar, olarda hakyky we şertli-erteki Gündogar goñşuçylykda öz beýanyny tapypdyr. Olaryñ yzy bilen Ýewropada ýasama gündogar (psewdogündogar) ertekileriniñ örän uly sany ýüze çykypdyr. Ähli gündogar zatlaryna, şol sanda arhitektura, nakgaşlyga, saza we ş.m. ''moda'' döreýär. Günbatar-gündogar edebiýatynyñ sinteziniñ belli ýadygärligi fransuz orientalisti Fransua Peti de la Kruanyñ (1654 ㅡ 1713) ''Müñ bir gije. Pars ertekileri'' diýen kitabydyr. Onuñ kakasy, osman dilinden (türkmen diliniñ gepleşikleriniñ biri) hünärmen bolmak bilen, on alty ýaşly Fransuany missiýa bilen Türkiýä, Siriýa, Merkezi Aziýa iberýär. Ol ýerlerde ol taryhy, dilleri we gündogar dinlerini öwrenýär. Onuñ tekstleriniñ içinde ''Awisenna hakdaky powest'' aýratyn ünsi çekýär. Onda Merkezi Aziýanyñ hakyky şäherleri, şol sanda Köneürgenç we Ýewropada Awisenna ady bilen belli bolan Abu Ali Huseýn ibn Abdallah ibn Sinanyñ (980 ㅡ 1037) anyk taryhy şahsyýeti barada gürrüñ edilýär(71). Ilkinjileriñ biri bolup XVIII asyrda fransuz alymlary (D. Erbelo, £. Degin, £. Deni, P. Palýe we beýlekiler) türkmenleriñ etnogenesi boýunça materiallary ylmy dolanyşyga girizýärler(72).
Taryhçy B. Muhammetberdiýew hem görnükli fransuz utopistleriniñ biri, gelip çykyşy boýunça türkmen bolan, Anri de Den Simonyñ (1760 ㅡ 1825) ideýalaryny dowam etdiriji Bazar Amanowa (1791-1832) biziñ ünsümizi çekýär.
Ýewropa halklarynyñ ykbalynda Osman imperiýasy uly orun eýeläpdir. Hökümdarlyk edýän dinastiýa türkmen kaýylardan gelip çykypdyr. XVIII asyryñ başyndan osman ilçileri ýewropa ýurtlarynyñ dolandyryş usullaryny bilip başlaýarlar. Beýik Aziýa döwleti bilen Ýewropanyñ arasyndaky gapma-garşylykky döwür tamamlanypdyr.
1720-nji ýylda osman hökümdary Lýudowik XV köşgüne fransuz dilini örän gowy bilen Çelebi Mehmedi ýörite wekil edip iberýär.
Soñra onuñ ogly Said 1727-nji ýylda Türkiýede ilkinji çaphana neşrini ýola goýýar. 1793-nji ýylda Ýewropanyñ bäş ýurdunda osmanlylaryñ hemişelik diplomatik wekilhanalary açylypdyr. Şeýle wekilhanalaryñ birinjisi Londonda Georg III köşgünde ýerleşipdir. Stambula-da Fransiýadan, Wengriýadan, Horwatiýadan, Germaniýadan we beýlekilerden ilçiler gelip başlapdyr. 1669-njy ýylda derejesi boýunça Daşary işler ministrligine deñ bolan Dragomon Portynyñ baş dolandyrmasy döredilýär. Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklaryñ ösmegine laýyklykda, ministrligiñ işi has dartgynly bolupdyr: daşary ýurtly diplomatlar bilen geçirilen kabul edilişikleri we duşuşyklary ara alyp maslahatlaşmak, duşuşyklarda terjime etmek, hat alyşmak, daşary ýurt täzelikleri bilen tanyşdyrmak, beýanlary taýýarlamak we ş.m. Ilçileri Topkapy köşgünde kabul edipdirler, ol ýerde ýewropalylar tarapyndan atlandyrylan Diplomatik howly bolupdyr. Osman hökümdarlary ilçileri araçäkden Stambula çenli ýol harçlaryny töläpdirler, diplomatlary öz serişderleriniñ hasabyna 3 ㅡ 4 aýyñ içinde ýaşadypdyrlar, olara sowgat iberipdirler. 1898-nji ýylda German imperatory Wilgelm Ýakyn Gündogara baryp göçüpdir we Müsüriñ belli türkmen hökümdary we serkerdesi Salahetdiniñ beýikligine haýran galypdyr. Ol Damaskda onuñ mazarynyñ ütüne atlas baýdak ýapýar we ''Bir beýik imperatordan ㅡ beýlekisine'' diýen ýazgyly bürünç çemeni goýýar (ol häzir Londonyñ Harby muzeýinde saklanýar)(73).
Şeýlelikde, Günbatar ýene-de Gündogara tarap ümzügini tutupdyr.
Öwez GÜNDOGDYÝEW
Edebiýat:
1. Gumelýew L. N. Hunnu ㅡ SPB, 1993. - s.201.
2. Gundogdyýew O. Imperator Attila //Weçerniý Aşhabad. - 4.03.1996.
3. Iordan. O proisho£denii i deýanii getow // Perew. i komm. Ý. Ç. Skr£inskoý. ㅡ M., 1960. ㅡ S.102.
4. Gundogdyýew O. A. Welikiýe polkowodsy srednewekowýa w istorii turkmen. ㅡ Aşhabad, 1996. ㅡ S.16.
5. Iordan. Görkezilen iş. ㅡ S.117.
6. Otkuda ýest poşla Russkaýa zemlýa. Weka VI-X. Kn. Perwaýa/Sost.,pred., komment. A. G. Kuzmina. ㅡ M., 1986. ㅡ S.548.
7. Şol ýerde ㅡ S.548.
8. Popow A. I. Nazwaniýa narodow SSSR. ㅡ L.,1973. ㅡ S.31.
9. Gundogdyýew O. Ýewropeýskiýe skazaniýa ob Attile // Aşgabat. -18.07.1998.
10. Gundogdyýew O. A. Proşloe turkmen. ㅡ M., 1998. - S.103.
11. Semenowa L. Ýe. Territoriýa Rumynii s drewneýşih wremen do XIV w. // Kratkaýa istoriýa Rumynii. ㅡ M.1987. ㅡ S. 15.
12. Pop I. I. Ot Perwobytnoý obşiny k gosudarstwu // Kratkaýa istorýai Çehoslowakii (s drewneýşih wremen do naşih dneý). ㅡ M., 1988. ㅡ S. ㅡ 12.
13. Pletnewa S. A. Koçewniki srednewekowýa. ㅡ M., 1982. ㅡ S. 48.
14. Erdeli I. Awary //Isçeznuwşiýe narody (sb. stateý). ㅡ M., 1988. ㅡ S. 102.
15. Aýtmuradow D. Týurkakiýe etnonimy. ㅡ Nukus, 1986. ㅡ S. 16, 148 ㅡ 149.
16. Atanyýazow S. Şejere (türkmeniñ nesil daragty). ㅡ Aşhabad, 1994. ㅡ S. 233. Erdeli I.
17. Abdul-gazi-han. Rodoslownoýe drewo týurkow // Eksperimentalnyý nomer £urnala ''Aşhabat''. 1994. No:7. ㅡ S. 31.
18. Salar Baba Gulaly Salar-ogly-Hyrydary. Istoriýa Oguza i ýego synoweý. ㅡ Rukopis SNB Turkmenistana. ㅡ S. 53.
19. Erdeli I. Görkezilen iş. ㅡ S. 108-109.
20. Vleadli na Morave Persane // Epocha. ㅡ 2006. ㅡ No:9. S. 59.
21. Klewanskiý A. H. i dr. kratkaýa istoriýa Çehoslowakii. ㅡ M., 1988. ㅡ S. 14-15.
22. Şol ýerde. ㅡ S. 18.
23.Vleadli na Morave Persane // Epocha.ㅡ2006. ㅡNo:9. S.59.
24. Şol ýerde ㅡS.59-60.
25. Gubdogdyýew O.,Ekaýew O. Mary ㅡ duşa sareý (istoriýa i kultura goroda Mary s drewnih wremen do XIX weka) ㅡ Aşhabad, 1998,ㅡ S.108.
26. Vleadli na Morave Persane // Epocha.ㅡ 2006. No: 9. S.61.
27. Şol ýerde. ㅡ S 61.
28. Şol ýerde. ㅡS.61.
29. Budagow L. Srawnitelnyý slowar turesko ㅡ tatarskih nareçiý.ㅡ SPb, 1871.ㅡt.2. ㅡ S.200.
30. Vleadli na Morave Persane // Epocha.ㅡ 2006. No: 9 . S.56.
31. Flint B. E., Sorokin A. G. Sokol na perçatke.ㅡ M.,1999. ㅡ S. 86-87.
32. Gundogdyýew O. A. Sokol ㅡ ptisa sarskaýa.ㅡ M.2001.ㅡ S.56.
33. Klanica Z. K. interpretaci motivu ptaçka na jihomoravskych pamatkach 8.ㅡ 9. stoleti // XX. Mikulovske symposium 1990. ㅡ Brno, 1991. S. 181-193; Ýene-de onuñ Torzo mozaiky. ㅡ Praha, 2005.ㅡ S. 43-64.
34. Pugaçenkowa G. A., Rempel L.I. iskusstwo Sredneý Azii.ㅡ M., 1982. S.122-123.
35. Gundogdyýew O. A. Sokol ㅡ ptisa sarskaýa. ㅡ M.,2001.ㅡS.20-22.
36. Klewanskiý A.H.Görkezilen işㅡS.21.
37. Şol ýerde ㅡS 21.
38. Fridrih I. Istoriýa pisma.ㅡ M.,1979.ㅡ S.144
39. Ad£i M. Polyn poloweskogo polýa.ㅡ M., 200.ㅡ S.68.
40. Şol ýerdeㅡS.69.
41. Gündogdyýew Ö. Türkmenistan hem Çehiýa: taryhy kökler // Türkmen dünýäsi.ㅡ Türkmenbaşy, 2008/
42. Gundogdyýew O. Ot Merwa do Morawii//Neýtralnyý Turkmenistan.ㅡ 12.11.2007.
43. Bubenok O. Ýasy i brodniki w stepýah Wostoçniý Ýewropy (VI ㅡ naçalo XIII ww.).ㅡKiýew, 1997.ㅡS.19.
44. Ogarçinskiý B., Sobolew G.S.Gundogdyýew O. Turkmenistan i Bolgariýa (istoriçeskiýe swýazi) Miras ㅡ Aşgabat, 2003.ㅡ No:2.ㅡS.119.
45. Şol ýerde. ㅡ S. 120.
46. Çungaýew Ýa. O swýazýah turkmenskogo i drewnetýurkskogo ýazykow s wengerskim.ㅡAşhabad, 1985.
47. Wengersko-russkiý slowarㅡBudapeşt, 1952.
48. Gundogdyýew O. Turkmeny i wengry // Wozro£deniýe. Aşhabad , 1998.ㅡNo:8. ㅡ S.13.
49. Gündogdyýew Ö. Türkmenistan hem wengerler (geçmiş hem häzirki zaman) //Türkmen dünýäsi. ㅡ Sanjar, 2007.
50. Tolstow S.P. Nowogodniý prazdnik ''kalandas'' u horezmiýskih hristian naçala XI weka w swýazi i istoriýeý horezmiýsko-hazarskih otnoşeniý // Sowetskaýa etnografiýa. ㅡ M., L., 1946.ㅡ No:2.ㅡS.98.
51. Gundogdyýew O Turkmeny i wengery //Wozro£deniýe ㅡ Aşhabad, 1998.ㅡ No:8-S.16.
52. Şol ýerde.ㅡS.16-17.
53. Boýçorow S. Ýa. Sewerokawkazkiý region drewnetýurkskoý runiçeskoý pismennosti // Etniçeskiýe i Istoriko-kulturnyýe swýazi týurkskih narodow SSSR.ㅡAlma-Ata, 1976. ㅡ S.17.
54. Gundogdyýew O.Oguzy, turkmeny i Rossiýa ㅡAşhabad, 2001.ㅡ S.53.
55. Rasowskiý D. A. Peçenegi, Torki i Berendei na Rusi i w Ugri // Seminarium kondakowianum.ㅡ Praga, 1933.ㅡVI ㅡ S.19-42.
56. Şol ýerde.ㅡ S.50.
57. Federow ㅡ Dawydow G. A. Koçewniki Wostoçnoý Ýewropy pod wlastýu zolotoordynskih hanow.ㅡM.,1966.ㅡS.233.
58. Pletnewa S. A. Polowsy.ㅡ M.,1990.ㅡ S.179-181.
59. Bromleý Ýu. W., Podolnyý R.G.Çeloweçestwo ㅡ eto narody. ㅡ M.,1990.ㅡS.211.
60. Kunkowiç L. Polowsy w WengriiㅡAlma-Ata.1993.ㅡS.4-5.
61. Barta A. Uralskiýe narody i siwilizasiýa Sredneý Azii II tysýaçeletiýa do. n.e.//Etnogenetiçeskiýe problemy istorii Sentralnoý Azii w drewnosti.ㅡM.,1981ㅡS.139.
62. Bromleý Ýu. W. Podolnyý R. G. Çeloweçestwo ㅡ eto narody.ㅡM.,1990. - S.208.
63. Wamberi A. Puteşestwiýe po Sredneý Azii. ㅡ SPb, 1865.ㅡS.211.
64. Filips D£. Latinskiý Wostok. 1098-1291 // Istoriýa krestowyh pohodow.ㅡ M.,1998.ㅡ S.137.
65. Bull M. Istoki // Istoriýa Krestowyh pohodow.ㅡM.,1998.ㅡ S.28.
66. Inwir R. Islam i krestowyýe pohody // Istoriýa krestowyh pohodow.ㅡ M., 1998.ㅡS.272.
67. Durdyýew M.Istoriçeskiýe korni turkmeno-fransuzskih wzaimoswýazeý // Neýtralnyý Turkmenistan.ㅡ 5.09.1996.
68. Taratorin W.W. Konnisa na woýne.ㅡ Minsk, 1999. ㅡ S.230-231.
69. Gundogdyýew O. A. Proşloýe turkmen. ㅡ M.,1998.ㅡ S.391.
70. Skazaniýa O Narodnyh Geroýah.ㅡm.,1995.ㅡS.223.
71. Gundogdyýew O. ''Powest oýu Awisenne'' // Neýtralnyý Turkmenistan. 13.06.2007.
72. Durdyýew M. Görkezilen makala.
73. Gundogdyýew O. A. Iz istorii turkmenskoý diplomatii. ㅡ Aşhabad. 2003, ㅡ S.68,92,117-119.
Taryhy makalalar