00:34 Uky pillesi / hekaýa | |
UKY PILLESI
Hekaýalar
Kimdir biri meniň egnimden tutup, yralady: – Tur-eý, şepe, bärde beýdip ýatma! Allajanlarym, nirede ýatyrkam? Nädip ýatyrkam? Düýn gyzar ikindinler aňrybaş azgynçylygy üçin önelgesiz aýalymy zäherläp öldürmegi ýüregime düwüpdim. Muňa öňem üç gezek dagyn synanyşypdym, emma het edip bilmändim. Şu gezek welin ýüregimi bire bagladym. Awyny onuň içýän suwuna goşup, wakanyň soňunyň näme bilen gutarjakdygy barada pikir etmän öýden çykyp gaýdypdym. Soň çola garbanyşhanalaryň birinde ýarygijä çenli oturyp, çakyr içdim. Köp içenimi bilýän, gabanyşhanadan çykyp gaýdanymy bilýän, ýolda, bir ýerde ögäp, gusanymy hem bilýän. Ondan soň nirä gidenimi, näme edenimi bilemok. Ýene-de biri egnimi yralap, şaňňy ses bilen: – Işigaýdan uzak gije şu ýerde ýatdymyka? Tur-eý, bar öýüňe gidip ýat – diýdi. Men bu sesiň eýesinden kömek sorap bir zatlar diýmekçi boldum welin, hiç dilim diýen etmedi. Edil häzir ýerimden turmalydygymy bilýän welin, halysalla gözümi açyp bilemok. Mejalym ýok. Kelläm güwläp, beýnim çogup barýardy, süňklerim, süýeklerim yzalydy, göwrämde ysgyn-mydar galmandy. Gursagymda düşnüksiz agyry bardy, çep tarapym şeýle bir agyrdy welin, men özbaşdak aýak üstüne galyp biljekdigime şübhe edip ugradym. Uklapdyryn. – Elleme! Eliňi degirme diýýän saňa! Ölen bolsa nätjek?! – diýen sese oýandym. Muňa edil gulagymyň düýbünden başga bir ses jogap berdi: – Ölmändir. Ölübermeli bormy? Demi gelip-gidip dur-a. Çaky, kimdir biri üstüme abanyp duran bolmaly. – Näme bolupdyr? Kim o ýatan? Tanaýaňyzmy? – diýip, bilesigeliji aýal sesi gyzyklandy. – Tanamzok, bilemzok – diýip oňa gysga jogap berdiler. Aýal, garaz, anyklamak isledi öýdýän: – Içip, köçede ýatyp-turup ýören serhoşyň biridir-dä. Şeýlemi? Oňa hiç kim jogap bermedi. Ýa-da jogap berendirler-de, men eşiden däldirin. Sebäbi uka gidipdirin. Oýanamda kimdir biri aýagymdan tutup, süýreýän ýaly boldy, üzlem-saplam sesler eşidildi. – Aňkap dur, içip-içip, agzy gyşaryp gidipdir. Öňem içýärdim, ýöne agzym gyşaran ýeri ýokdy. Köp içen wagtym ertesi ir bilen kelläm hüňleýärdi welin birki bulgur jyňkydardym. Onsoň dünýäm düzelerdi. Häzirem şeýdäýsem, näderkä? Düzelermikä? “Düzelmez” diýip içimden bir ýerden ses gelen ýaly boldy. “Gözümi açyp bilermikäm onda?” diýip, şol sesden sorasym geldi. Entek soramankam “Hiç zadam edip bilmersiň. Indi seňki gutardy” diýip, ol ses heşelle kakdy. Onsoň: “Nämüçin? Sebäbini aýt!” diýdim. Bilemok diýdi. “Sen kim onda?” diýdim. Şol wagt başga biri sögünip, tüýkürindi: – Ö-ök, tfu-u, hapysa haramzada, gusup üstünde ýatypdyr-a. Tfu-u! Ine, şu sözlere öler ýaly namys etdim. Utandym, gözümi açyp bilmeýändigim bähbide çekdi, gözüm açyk bolan bolsa, ýer ýarylmazdy, menem girmezdim. Ýagdaýym öwerlik däl ýaly. Ony duýup ýatyryn. Meni näme-de bolsa bir zat etmelidiler. Belki, lukmana görkezmelidir, heý, bu adamlaň içinde maňa kömek etjegi tapylmazmyka? Çep gursagymdaky güýjeýän agyry bilen agzymyň gyşaranlygy baradaky gürrüň mende duýdansyz gorky döretdi. Böküp ýerimden turaga-da, näme-de bolsa bir zatlar edesim geldi. Ýöne, ol-a böküp turmak ekeni, hatda gözümi-de açyp bilmedim. – Muň öýi-öwzary ýokmy? Çaga-çugasy, heleýi-hossary bardyr-a? Hany, tanaýan barmy şuny? – diýip, biri sorady. Meni tanan ýok bolara çemli, hiç kimden ses çykmady. Gözüm açyk bolan bolsa, ähtimal, meni tanan tapylardy, tanamasalar hem gözüm bilen ümläp, ýagdaýymy düşündirerdim. – Bular ýaly-da öý-öwzar, çaga-çuga, heleý nireden bolsun – diýip biri akyl satdy. Dogry, çaga ýokdy, kireýine ýaşaýan-da bolsam, garaz, sümülere külbäm bardy, zäher içip ölmedik bolsa aýalymam bar. Barmyka? Ýa öläýdimikä? Düýn samsyklyk edäýdim öýdýän. Zäher bermeli däldim. Azgynçylyk etse-de, bihaýa bolsa-da, aýalymyň ýüregi ýumşakdy, dözümsizdi, maňa örän mylakatlydy. Aslynda öňki edişim ýaly onuň bilen aýrylyşyp oturybermelidim. Iki ýyl mundan ozal ýeňlesligi üçin ony kowup, başga birine öýlenipdim, ýöne pahyryň ömri gysga boldy, ýarym ýyl töweregi ýaşaşanymyzdan soň, keselläp öldi. Onsoň nesibe çekip, muňa ikinji gezek öýlendim. Bir sebäp bilen ajaldan gutulan bolsa, onuň meni tapyp, ýygnajakdygna ynanýan. – Ulagyň aşagyna düşüpmi? – diýip, meniň ýagdaýymdan bihabar biri sorady. Öte eşiden başga biri: – Ulagyň aşagyna düşüpdir. Haramzada kakybam durman gidendir – diýip, näbelli birine nähak gargyndy. Oňa şo bada ýerli ýerden jogap berdiler: – Ulag geçýämi şu ýerden? Ulag kakan bolsa, yzy-beýlekisi bolmaly. Heý, şu ýerde ulagyň yzy görünýärmi? Ýene-de uklapdyryn. Oýanamda bir ýyly eliň ýüz-gözümi sypaýandygyny, gabagymy galdyrjak bolýandygyny duýdum. – Ýagdaýy gowy däl. Hany, köwşüni çykaryp, dabanyny gyjyklaň – diýip, dury sesli erkek adam gorkunç gürrüň etdi. “Bu adam lukman bolsa gerek” diýip öz ýanymdan çak etdim. Şu çaklama mende “Iň bolmanda keselhana äkiderler” diýen umydy döretdi. Şujagaz umydy söýget edinip ýatyrkam: – Gyjyklamak nämä gerek? Sowuk suw guý üstünden oýarjak bolsaň – diýip, sesi ýaňy ýognan ýetginjek samsyk gürrüň etdi. Birbada hiç hili ses eşidilmedi. Meniň bu bolup ýatyşymdan üýtgeşik tomaşa tapyp bilmedik adamlar işli-işi bilen bolup dagadylar öýdýän. Ýok, dagamandyrlar. Dury sesli adam hem gitmändir. – Aý, ýok, ýagdaýy gowy däl. Gyjyklanyňy hem bilenok. Aýaklary buz ýaly. Insult diýen ýaly bir kesel bolaýmasa... Kakam pahyryň keseli – diýip, ol howsala düşüp habar berdi. Bu ýakymsyz, elhenç sözler meniň ýaşaýyşa bolan ähli umydymy püçege çykardy. Çaky, ol dabanymy gyjyklapdyr. Menem ony duýmandyryn. Aýagym sowap başlapdyr. Boldy. Gutardy. Hemme zat gutardy. Ölüm pilläm gelipdir. Ýerimden böküp turagada, nämedir bir zatlar diýip gygyraýasym geldi. “Azara galma. Häli aýtdym. Hiç zat edip bilmersiň. Indi seňki gutardy” diýip içimden şol öňki ses gaýtalady. – Ýok, men lukman däl, başym çykanok, kakam pahyram şeýdip ölüpdi, şondan bilýän – diýip, sesi dury adam kimdir birine düşündirýärdi. Ýene-de irkilipdirin. – Eý, Hudaý, bendeleriňe Özüň rehim edeweri! Eý, Hudaý, ýazykly bendeleriň bilen deň bolmaweri! Eý, Hudaýjan-eý, Özüň ýalkaweri! – diýip, haýsydyr bir takwa kişi gulagymyň agzynda samyrdady. Bular ýaly adamlara men belet. Bular ýöwsel, ejiz adamlar. Bardygy, ýokdugy näbelli bolan Hudaýy diliniň senasy edinip, özleriniň ejiz taraplaryny gizleýärler, ynanjaň adamlaryň arasynda takwasyrap, kemter ýerlerini ýapara bähbit araýarlar. Meniňem dilimiň gysga ýerleri bardyr. Edil beýleki adamlar ýaly, menem bularyň Hudaý diýýäninden zyýan-a çekmedim welin, ýöne peýda-da görmedim. Ýogsa, aýdyşlary ýaly, kömegi degýän bolsa, rehim edýän bolsa, meni gözden salmaly däl. Men ýerden ýeke çykan, hossarsyz, kimiň dünýä getirenini bilemok, bilýän zadym, şu çaka çen elpe-şelpe durmuş görmedim. Ýaşaýyş ugrundaky göreş meni kän kösedi. Onsoň şular ýaly agyr güne düşemde derdinere ýürekdeş gözleýän. Häzirem tarsa ýerimden galaga-da, şu takwa kişä ajaldan gorkmaýanymy aýdasym gelip dur welin, kem-kemden güýjeýän gursakdaky agyrym bilen çogup barýan beýnim hiç maý berenok. Ahyry aladaçyl biri tapylyp, töwregindäkilere: – Lukmana habar etdiňizmi? Çagyrmaly ekeniňiz-dä – diýdi. – Lukman nämesine gerek munuň. Gowusy, polisiýany çagyrmaly – diýip, meniň ýagdaýymdan bihabar biri öz pikirini aýtdy. – Garaz, lukman bolsun, polisiýa bolsun, habar etmeli-dä. Bu ýerde beýdip ýatsa bolmaz-a. Haýsy bolsa-da biri ýygnamaly bolar-a – diýip, ýaňky aladaçyl adam aýtdy. Şu ýerde başga bir akylsyz kişi: – Polisiýa-da bizar bolaýmasa bular ýalydan. Haýsy bir içip, ýolda ýykylyp ýatany ýygnasyn?! – diýdi. Muňa içinden çykmaz ýaly içikdirip diýmeli sözler taýyn welin, arman dilim diýen edenok. Asyl dilimiň bardygyny duýamok. Nätanyş bir argynlyk, süňňümden çykmaýan, gaýta gitdigiçe möwjeýän ýiti agyry-yza ähli ygtyýarymy aldy öýdýän. Ýere siňip barýan. Hiç kim azar bermese, irkilsem, uklasam, agyrylarym azalýança ýatsam, dynjymy alsam... Dekabr, 2012. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |