01:51 Ýagşy kim, ýaman kim / hekaýa | |
ÝAGŞY KIM, ÝAMAN KIM
Hekaýalar
Adamlary uly bolsun, kiçi bolsun bir zat - ykballarynyň meňzeşligi ýa-da bir umumy bähbit ýakynlaşdyryp, dostlaşdyrýar. Batyr bilen Kadyr aýry-aýry synplarda okasalar-da öz synpdaşlaryna garanda aralary has ýakyndy. Bu olaryň ykbalarynyň meňzeşliginden bolsa gerek. Batyryň hem, Kadyryň hem kakalary olar iki, üç ýaşlarynda mahaly ejeleri bilen aýrylyşyp, gidipdiler. Şonuň üçin olar diňe ejeleriniň eklenjinde ýaşaýardylar. Ogullarynyň dostlugyna garamazdan ejeleriniň gatnaşygy ýokdy, dogrusy olar biri-birini kän bir halamaýardylar. Batyryň ejesi Dursun daýza obalary şähere ýakyn bolanyndan peýdalanyp, bazarda gök-sök satyp söwdagärlik edýärdi. Kadyryň ejesi Selbi bolsa oba zenanlarynyň geýim-gejimlerini tikip, tikinçilik bilen güzeran aýlaýardy. Bu iki maşgalanyň ýagdaýyny oba adamlary gowy bilýärdiler. Emma kakalary öýden gidende oglanlaryň ikisem örän ýaş bolany üçin ejeleri bilen näme üçin oňuşman aýrylyşanlarynyň sebäbini anyk bilmeýärdiler. Indi olar ulalyp, orta mekdebiň ýokary synplaryna geçenden soň kakalaryny sorap başladylar. Batyr ejesinden kakasy barasynda her sapar soranynda Dursun daýza ör gökden gelip: -Şonuň adyny meniň ýanymda agzama diýip näçe gezek aýtdym. Men seniň ol ykmandany, arakhory kakam diýip, adyny tutmagyñy hem islämok-diýip, gygyrardy, soňundan bolsa ýuaş äheňde: - Hemmesi özüňden boldy. Ana, indi şäherde onuň munuň gapysynda işini edip, kim bäş on manat berse arak alyp içip ýatar-turar ýeriniň hem bellisi bolman ygyp ýör-diýip, rehimi gelen ýaly gürlärdi. Ejesiniň bu geplerinden soň Batyr gama batyp: “Näme üçin meniň ykbalyma beýle ýaman kaka ýazylypdyr. Meniň kakam hem illeriň kakasy ýaly gowy adam bolan bolsa bolmaýamy” diýip içini gepledip hamsygýardy. Ol ýüregine agram salyp duran hasratyny biri bilen paýlaşaýsa birazra ýeňlejek ýalydy. Şonuň üçin ol kakasy barada ejesinden eşiden geplerini dosty Kadyra aýdyp, içini dökdi. Soňra: -Kadyr, seniň kakaň hem meniň kakam ýalydyr-da, ýogsam olam sizi taşlap gitmezdi. Ol hakda ejeň näme diýýä?-diýip, sorady. Kadyr: -Ejem kakam barada maňa hiç zat aýdanok. Şu çaka çenli menem soramadym-diýdi. Ikisiniň arasynda bolan bu gürrüňden soň Kadyr hem öz kakasy barada oýlanyp başlady: “Meniň kakam nähili adam-ka... Olam Batyryň kakasy ýaly erbet adammyka. Näme üçin ejem ol hakda hiç zat aýdanok” diýip, oýa çümýärdi. Ahyr bir gün ol ejesine ýüzlenip: -Eje, senden bir zat sorajak, ýöne dogrusyny aýt-diýdi. Selbi daýza oglunyň öňler özi bilen beýle äheňde gürleşmeýänine biraz geňirgense-de mylaýymlyk bilen: -Dogrusyny aýt, diýmäň näme, oglum. Haçan men saňa nädogry zat aýtdym. Soraý, sorajak zadyňy-diýdi. Kadyr uludan bir dem alyp, aşak bakdy-da: -Meniň kakam nähili adam, ýaman adammy?-diýdi. Selbi daýza oglunyň kellesine bu zatlaryň nireden gelip ýöränine öňküsinden beter geňirgendi: -Sorajak zadyň şumy, oglum? -Hawa... -Seniň kakaňy ýaman adam diýiň kim aýtdy? -Hiç kim aýdanok, ýagşy adam bolsa näme üçin aýrylyşdyňyz? Näme üçin ol biziň bilen ýaşanok? -Oglum, ol biziň bilen ýaşamasa-da seniň kakaň. Şonuň üçin saňa ony ýaman adam diýip aýdyp biljek däl. Näme üçin aýrylyşanymyza gelsek, bu durmuş, oglum. Durmuşda her hili ýagdaýlar ýüze çykýar. Onuň aňyrsyna ýetjek bolup durma. Bir wagt gelip oňa duşaýsaň, özüň görersiň nähili adamdygyny. -Eje gepi aýlandyryp durmasana, bir söz bilen aýt, ol gowy adammy ýa ýaman adammy? -Gowy adam... Indi ynjalaý, oglum-diýip, Selbi daýza ýylgyryp, Kadyryň başyny sypady... Bu gürrüňden soň aradan biraz wagt geçip, Batyr bilen Kadyr tomusky dynç alşyna çykdylar. Bir gün ikisi şähere gezelenç edip gaýtmakçy bolup obanyň uly ýoluna çykyp, maşyna garaşyp durkalar Aman aga diýen obadaşlary oglanlary tanap maşynyny olaryň deňinden geçibräk saklady: -Ugruňyz şähere ýaly-la, geliň, alyp gideýin-diýip, oglanlary çagyrdy. Oglanlar yzky oturgyja geçip oturanlaryndan Aman aga yzyna gaňrylyp: -Biriň Berdiniň ogly, biriňem Aşyryň ogly, şeýle gerek-diýip, özüniň bilgiçligine buýsanan ýaly ýylgyrdy. Oglanlar haýran galmak bilen biri-birine seretdiler. Batyr “Men ejemiň ogly” diýmekçi bolup, agzyny açyp ýetişmänkä Kadyr: -Siz biziň kakalarymyzy tanaýaňyzmy-diýip , sorady. -Tanaman näme, biz bir obanyň adamlary ahyryn-diýip, ol maşyny ýuwaşjadan sürüp barşyna sözüni dowam etdi.-Men siziň maşgalaňyzyň ýagdaýyna ýetik. “Iki at depişse arada eşek öler” diýlişi ýaly, är-aýal oňuşman aýrylyşsa çagalara kyn bolýa-da... -Ýaşuly, meniň kakam bilen bir duşuşasym gelýä, ony nirde görüp bolarka-diýip, Kadyr uludan demini aldy. -Kakaňy juda göresiň gelse bazara bar. Et satylýan hatardaky gassaplaryň birinden “Aşyr gassap kim?” diýip sorasaň görkezerler. Onuň dükany hataryň ortaragynda...-diýdip, Aman aga sözüni gutarmanka Kadyr: -Meniň kakam gassapmy?-diýip, sorady. -Kakaň etmedik käri ýok. Soňky wagtda gassapçylyk edip ýör-diýip,- Aman aga maňlaýyndaky aýnadan dymyp oturan Batyra seredip: -Berdiniň ogly, sen näme kakaňy görjek dälmi? -Ýok-diýip, Batyr gysga jogap berdi. -Göresiňem gelenokmy? -Ýok!-diýip Batyr ýene bir söz bilen pert jogap berdi. -Kakaňyň-a seni göresi gelýändir. Ýöne ejeň ony baranynda öýe girizmeýär. -Onuň ýaly adamy ejem öýe girizmezem... -Şeýle diýsene... Düşnükli... Aman aga başga geplemedi. Ol oglanyň beýnisini ejesiniň gowuja “zäherlänine” göz ýetirdi. Şähere ýetip geldiler. Aman aga maşynyny bazaryň golaýynda ýoluň gyrasynda saklady. Ol eline bir depderçe bilen galam aldy. Depderçäniň bir kagyzyna bir zatlary ýazyp, ýyrtyp aly-da, ony iki epläp Batyra uzatdy: -Mä al, kakaňyň öýüniň salgysy. Wagt gelip aňyňa aýlansaň baryp görersiň-diýdi. Batyr kagyzy göwünli-göwünsiz aldy-da -Onuň öýi bamy näme?-diýip, sorady. Aman aga kellesini ýaýkap gülümsiredi. -Baraýsaň görersiň, barmy, ýokmy-diýip, ol oglanlary düşürip, gapylaryny gulplady-da, hoşlaşyp bazar tarapa gitdi. Batyr bilen Kadyr obadan çykanlarynda şäherde seýil bagyna baryp, karusele münüp, doňdurmadan doýup hezil edip gaýtmakçydylar. Seýil bagyna barmak üçin şu ýerden ýene ulaga münmeliddiler. Emma Kadyr ilki bilen kakasyny görmekçidigini dostuna duýdurdy. Şundan soň olar bazara girip, et dükanlaryň hatarynyň üstünden bardylar. Ine, gassaplaryň kimisi ellerinde pyçaklaryny ýalpyldadyp, et kesip, ölçäp dur, kimisi duşundan geçenleri “Gel, gowy et bereýin” diýip çagyryp dur. Hany bularyň haýsysy Kadyryň kakasy, ony Kadyr birinden soramasa biljek däldi. Çünki ol kakasyny üç ýaşyny hem doldurmanka görüpdi. Ondan bäri on ýyldanam gowrak wagt geçdi. Indi onuň ýüz keşbi hem ýadynda ýok. Kadyr ýüregini bire baglap, bärki çetdäki dükandan çykyp, ýelpenip duran gassapdan sorady: -Ýaşuly, Aşyr aganyň dükany haýsy? Orta ýaşlaryndaky bu gassap oglanyň soragynamy ýa-da özüniň eýýäm “ýaşuly” bolanynamy geňirgenip, Kadyry bir salym synlap durdy-da, soň jogap berdi: -Sen haýsy Aşyry soraýaň, bu ýerde iki Aşyr bar. Hataryň aňyrky çetinde Aşyrbaý gassap, meniň dükanymdan alty dükan aňyrkysynda Aşyr pyýan diýeni bar. Kadyr bu adamyň “Aşyr pyýan” diýenine bir hili boldy. Çünki Aman aganyň “Kakaňyň dükany hataryň ortaragynda” diýeni ýadyna düşdi. Kadyr “näme üçin oňa pyýan” diýýäler diýip soramakçy boldy. Emma soň çekinipmi bu pikirinden gaýtdy. Ol hiç zat diýmän “sag bola” derek kellesini atyp ýöräberdi. Batyr bilen tirkeşip aýdylan dükanyň öňüne bardy. Dükanyň içinde ýüzlerine ýag çalynan ýaly garaýagyz adam agzyny dolduryp bir zatlar iýip oturan ekeni. Ol özüne seredip duran oglanlary görenden ýerinden turup, agzyndakysyny ýuwdup, pyçagyny eline aldy-da: -Geliň oglanlar! Ejeleriňiz et getir diýdimi, böreklik edip alyň diýendirler. Edil ejeňiziň aýdyşy ýaly edip berýän. Hany, näçe kilodan-diýip, pyçagyny oýnadyp başlady. Kadyr kaka diýip aýtmaly bu adamyň birneme gyzaran gözlerine seredip durşuna: -Bize et gerek däl-diýdi. -Bä onda näme gerek? Kadyr bir göwni hiç zat diýämn gaýdyberjegem boldy. Ýöne indi bu ýere gelip, onuň bilen duşuşandan soň özüni tanadasy, soňunda näme boljagyny bilesi geldi: -Meni tanamadyňmy? - Oglanyň dikiräk edip beren bu soragyndan soň ol oňa has içgin garady-da birden ýüzi-gözi üýtgedi. Adamyň nähili pisint kişiligine garamazdan aradan näçe ýyl geçse-de, öz süňňüni tanamazlygy mümkin däl. Ol ogluny tanady: -Sen Kadyrmy?-diýip, derjirän ýüzüni kir ýaglyga süpürdi. -Hawa, men Kadyr… -Hä, Kadyr diýsene. Seni meň ýanyma ejeň goýberdimi? -Ýok, özüm geldim. -Ýok, diýme. Men ejeňiň mekirligini bilýän-le, bar kakaňdan pul getir, diýendir… -Ejeme mekir, diýme! Ol sen hakda ýaman söz aýdanok… -Bolýa, diýmäýin-diýip, ol bölek etden bir paý aldy-da, salafana salyp Kadyra uzatdy: -Mä al, häzir mende ejeňe berer ýaly artykmaç pul ýok. Geleniňe görä şu eti alyp gidiber-diýdi. Kayr gaharyna çym gyzyl boldy, eti yzyna oklady-da, hiç zat diýmän öwrülip, çalt ýöräp gitdi. Batyr onuň yzyna zordan eýerýärdi. Olar bazardan çykanlarynda-da Kadyryň gaharynyň köşeşmändigi ýüzi-gözünden bildirip durdy. Ol “Ejem maňa kakaň gowy adam diýipdi. Hany onuň gowulygy. Gowy adam şeýle bolýamy. Näme üçin ejem maňa dogrusyny aýtmadyka… Batyryň ejesi dogrusyny aýdypdyr-a…” diýip içini gepledýärdi. -Batyr-diýip, Kadyr uludan dem aldy.-Ejem maňa kakaň gowy adam diýipdi. Gowusy şeýle bolsa, seniň ýaman diýilýän kakaň nähilikä? -Hapa bolma, dostum. Etini oň öñüne zynñyp, gowy etdiň. Indi oňa kaka diýmejegiňe düşünendir-diýip, Batyr dostuny köşeşdirmekçi boldy. Soňra: -Näme diýsene, Kadyr, gel, meň kakamam göreli. Menem oňa aýtmaly zadymy aýdyp, içimi sowadaýyn. Ejem onuň ýatar-turara ýeri-de ýok, diýipdi. Soň bir sümelge tapandyrda. Ine barsak göreris-diýip, Aman aganyň beren kagyzyny açyp seretdi. Kadyr hem dostunyň islegine garşy bolup durmady. Olar taksa münüp şol salgy berlen ýere bardylar. Emma Batyr ejesiniň aýdan ykmanda adamyň ýaşaýan ýerine düýbünden meňzemeýän bu jaýa seredip öz gözlerine ynanmady. -Kakamyň ýaşaýan ýeri şumyka? Aman aga ýalňyş aýdan bolmasyn? -Aman aga anyk bilmese ýazyp bermezdi. Ana, derwezäniň gapdalynda düwmejik bar, basyp göreli, biri çykar, sorap göreris-diýip, Kadyr düwmäni basdy. Bir salymdan derwezäniň gapysy açylyp, içerden orta ýaşly mylaýym zenan çykdy. Ol oba oglanlaryny görüp geň galdy: -Size kim gerek, oglanlar? -Berdi aga şu ýerde ýaşaýamy-diýip, Kadyr gyssanmaç sorady. -Hawa, şu ýerde ýaşaýar. Oňa ýumşuňyz barmy? Kadyr “aýt” diýen manyda Batyra garady. Batyr tolgunýanyny duýdurmajak bolup, ardynjyrady. -Onuň özüni görüp gidäýjek Oglanlaryň bu gepi zenanyň bilesigelijiligini has artdyrdy: -Ol häzir öýde ýok. Näme gepiňiz bolsa maňa aýdyp gidiberiň. Men onuň aýaly-diýip, Batyra has içgin garady. Batyr ekabyrlanyp, batyrgaýrak dillendi. -Aýtmaly gepimiz ýok. Men onuň özüni görjekdim. - Ol biraz sägindi- -Ol meniň kakam bolmaly. Bu gepi eşidenden aýalyň ýüzi üýtgäp gitdi. Öňki gül ýaly açylyp duran keşbine bulut saýa salan ýaly boldy. Ol äriniň öňki aýalyndan ogly baryny bilýärdi. Çünki Berdi onuň ýanynda-da Batyry ýatlaýardy. Ol şonda-da gaşyny çytmaýardy. Ärine duýgudaşlyk bildirýärdi. Onda näme üçin häzir onuň ýüzi üýtgedi. Her näçe düşünjeli bolsa-da aýal-aýaldyr-da. Munuň ýaly ýagdaýda ýüzi üýtgemejek aýal tapylmarmyka? Emma hakyky adamkärçilikli, asylly zenan öz içinden şeýtany duýgyyn basmarlap bilýändir. Oglanlaryň garşysynda duran zenan hem şeýledi. Ol özüni ele aldy, onuň ýüzi nurlandy: -Şeýle diýsene, Batyr diýsene… Batyr onuň öz adyny bilýänine haýran galdy: -Şeýle diýsene, şeýle diýsene. Onuň bir gepi gaýtalamasy biraz tolgunýanyny bildirýärdi. -Hany içeri gireli, kakaňam basym geler… Batyr Kadyr bilen derwezeden girip, iki tarapyna reňbe-reň güller ekilen çaklaňja howlyny, garşydaky bir tarapy aýnaly eýwanly jaýy görende kakasynyň şular ýaly kaşaň jaýda ýaşaýanyna ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmeýärdi. Aýal oglanlary girilen ýeräki aýnaly eýwanda oturdyp, saçak ýazdy. Şol wagt içerden bir gyzjagaz çykdy. Ol oglanlara bir hili ýadyrgap seretdi: -Eje bular kim? -Garyndaşlarymyz, gyzym, salamlaş agalaň bilen-diýdi. Gyzjagaz oglanlaryň uzadylan elleriniň aýasyna eýjejik elini “şirp, şirip” edip urdy-da, ylgap içeri girip gitdi. Bir salymdan derwezåniñ jaňy basyldy. Aýal ylgap gidip, derwezäniň iki tarapyny hem açdy. Howla ak reňkli ýeñil maşyn girdi. Aýnaly eýwandan howly görnüp durany üçin Batyr şol ýandan gözüni aýyrman otyrdy. Maşyndan uzyn boýly, hortabrak, ýüzüniň görnüşiniň ýaşdygyna garamazdan saçlaryna kümüşsöw reňk çaýylan, geýnüwli adam düşdi. Ony görenden Batyryň ýüregi gürsüldäp urup başlady. Ol derwezäni ýapyp gelýänçä aýaly eýwanyň açyk gapysynyň öňünde oňa garaşyp durdy. -Dur, kakasy, sen maňa buşluk bermeli bolduň-diýip ony aýaly saklady. -Şeýlemi, buşluk bermeli zat bolsa bererin. Aýt, nämäniň buşlugy? -Batyr geldi. -Batyr. Kim Batyr? -Ogluň Batyr. -Ä… Hany nirede? -Özem dosty bilen gelipdir. Onuň tolgunmadan ýaňa tutuş göwresi gowşap, bir hili ejizlän ýaly boldy. Batyr hem kakasy gapynyň öňüne gelende biygtyýar ýerinden turupdy, tolgunyp oňa garaşýardy. Berdi gapydan girenden ol kakasyna tarap iki ädim ätdi-de: -Salawmaleýkim-diýdi. Ol ilki “Salam kaka!” diýjekdi, emma näme üçindir soňky sözi aýtmaga çekindi. Berdi “Waleýkim” diýip, görüşmek üçin elini uzatdy. Ol oglunyň elini mäkäm gysyp durşuna onuň ýüzi-gözünden nazaryny aýryp bilmän seredýärdi. Ol bu halda uzak durup bilmedi, Batyry özüne çekip, bagryna basanyny duýman galdy. Ol: -Oglum, meni bagyşla, men senden habar tutmagyň ugruny tapmadym. Munuň hem sebäpleri bar. Ony saňa soň düşündirerin. Ine özüň gelipsiň, berekella…-diýip, Batyryň kellesini sypalaýardy… Şu ýerde hekaýany tamamlasak hem boljak. Çünki mundan soň boljak zatlary islendik adamyň özi göz öňüne getirip biler. Onsoňam bu ýerde hekaýanyň adyna görä ýagşy kim, ýaman kim, ony-da aýyl-saýyl etmek kyn bolmasa gerek. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |