Bir oglanjyk kiçijik wagtynda ata-enesinden jyda düşüp ýetim galypdyr. Ony onuň kakasyndan galan az-owlak emlägine göz gyzdyryp, daşgynrak garyndaşy öz hossarlygyna alypdyr. Ol hossary hem gaty birehim adam ekeni. Ol ýetimçäni günde sähel bahana tapsa erbet ýenjipdir, öz çagalarynyň agzyndan galan-gaçany beripdir, uzakly gün işledeni bilenem oňman, agşamlaryna hem tüm-garaňky kümede, daşyndan gulplap goýupdyr. Özi ýaly çagalar bilen oýnamaga goýbermändir.
Günlerde bir gün ýetimçe öňkülerdenem beter ýenjilenden soň şondan beýläk çydamaga ýagdaýy galman, zalym hossarynyň öýünden gaçyp gidipdir. Şol gidişine-de ol sergezdanlyk hem dilegçilik edip ýörşüne ahyry bir gün haýsydyr bir belent ymaratyň basgançagyna ýaplanyp uklap galypdyr. Şol ymarat hem şol ýurduň harby serkerdeleri taýýarlaýan adybelli mekdebi ekeni. Ertesi gün irden şol serkerdelik mekdebiniň damullasy binanyň derwezesini açyp daş çykanda uklap ýatan ýetimçä gözi düşüpdir. Oňa dözmän ony özüne ogullyk edip alypdyr we oňa özüniň bilýän ähli sungatyny öwredipdir. Şeýdibem ojagaz oglanjyk diňe şol ýurtda däl-de, eýsem başga alys ýurtlarda-da tanalýan meşhur hem ýeňilmez serkerde bolup ýetişipdir. Onuň kakalygy aradan çykandan soň bolsa ol mekdebiň eýesi bolup galyp, köp ýurtlaryň serkerdelerine tälim berip başlapdyr.
Bir gezegem ol özüniň köp sanly şägirtleri bilen bilelikde öz okuwçysy bolan goňşy ýurduň patyşasynyň oglunyň çakylygy bilen myhmançylyga barýarka, şol birmahalky doňýürek hossarynyň öýüniň üstünden onuň ýoly düşüpdir. Şonda ol serkerde ep-esli ýaşandygyna garamazdan bozulypdyr. Şägirtleri onuň näme sebäpden keýpiniň gaçandygyny soranlarynda bolsa halypa serkerde çagalagynda başyndan geçiren ýowuz günlerini gürrüň beripdir. Şonda olaryň öňüne düşüp myhmançylyga alyp barýan patyşanyň ogly dergazap bolup, halypasyna çagalykda ezýet beren birehim garyndaşyna jeza bermekçi bolupdyr welin, akylly serkerde ony saklapdyr-da şeýle diýipdir:
-Ýok, oňa degmäň. Men bu adama minnetdar bolmaly. Sebäbi ol şeýle ýowuz bolmadyk bolsady, men hiç wagt onuň öýünden gaçyp gitmezdim we özümi ogullyk edinen beýik mugallyma sataşmazdym. Men gaýta bu birehim garyndaşym taňryýalkasyn aýtmaly. Sebäbi ol meniň ömrümi şu obajykda, hiç kime tanalman geçirmän, şu derejelere ýetmegime sebäp boldy!...
Çeşme: https://elims.org.ua/pritchi/pritcha-sirota-i-zhestokij-rodstvennik/
Terjime eden: Bagabat.
Hekaýalar