Bir adam awtobusda işinden öýüne gaýdyp gelýär ekeni. Özem gaharly hem tukat halda oýlanýarmyş: “Durmuşym-a batga batan ýaly, aýalym – içýakgyç alasamsyk, dostum ýok, töweregimdäkiler bolsa bir özlerini bilýän nebisjeň haýwanlar...”.
Şol wagtam, onuň egninde oturyp, adamyň ähli isleg-arzuwlaryny ýazyp oturan perişde-de onuň ähli oýlanmalaryny öz wysal depderine yhlas bilen ýazýarmyş hem içinden pikir edýärmiş: “..durmuş-a batga, aýaly – içýakgyç alasamsyk, dosty ýok, töweregindäkiler bir özlerini bilýän nebisjeň haýwanlar... Bäh, bu adamlaryň geňdigin-äý! Hemmesiniň arzuw edýän zady şol bir zatlar! Meniň-ä dogrusy munuň ýaly erbet arzuwlary wysal edesim hem gelmeýär welin, onda-da näme etjek, öz ýaşaýyşlarynyň şeýle bolmagyny sargyt edýän bolsalar, onda olaryň yhlasyny isleýişlerinden dynnym ýalyjagam gyşarman wysal etmeli bolýar-da!”...
Terjime eden: Bagabat.
Hekaýalar