23:32 Ýigidiñ gaýraty / hekaýa | |
ÝIGIDIŇ GAÝRATY
Hekaýalar
Hekaýa Bir gezek Begli ussanyň ýanyna Gulla mergen geldi. Mergeniň dagda-düzde ýöreýän haýbatly ulagynyň bir ýerlerinde tykyrdy peýda bolupdyr-da, ol şony bejertmek üçin gelen ekeni. – Ussam, gözüňe döneýin, şo tykyrdyny tap-da, kemini düzedeweri! Birigün awa çykjak. Ulagda tykyrdy bolsa, biri edil taýak bilen depäme urýan ýaly, hiç ynjalygym bolanok – diýip, ol möhümini aýtdy. Begli ussa gurallaryny alyp, ulagyň daşyna geçdi. Eýlesini-beýlesini barlaşdyryp ýörüşine: – Awa gitseň, näme, aw ganly bolsun! Nämejik awlaýsam diýýäň? Ýüzüň haýsy tarapa? – diýip, gyzyklandy. – Ýüzüm-ä guma! Gumuňam tümüne! Awlajak zadymam nesibedir. Bilýäň-ä, şu pillä çenli elime tüpeň alyp, towhuldatman gaýdan wagtym ýog-a. Birem hatasyz ok atanymy eşiden dälsiň – diýip, Gulla mergen şu ýerde birazajyk öwündem. Awçylygyň tabyny mazaly ele alan Gullanyň uçursyz mergenligine belet bolansoň, Begli ussa onuň gaňryşyna gaýtjak bolup durmady. Tark-turk edip duran ýerinden dymyp oturmazlygy üçin gepiň gerdişine görä mergene gep atdy: – Diýmek, aw etini iýesiň gelipdir-dä? – Iýesim gelib-ä däl-le. Şükür, aw bolmanda-da açlyk-horluk ýok. Bu zatlar häki bir düze çykyp, göwün açmak-da. Gulla mergen ulagyň radiosyny açdy. Dutarda ýerine ýetirýän bagşylaryň biri joşup, halk aýdymyny aýdýar eken. Aýdymyň bir ýerinde Gulla mergen süýem barmagyny gezäp: – Ussam, diňle şu ýerini, oňatja diňle! – diýdi-de, bagşynyň sesine ses goşdy: Ýigidiň bolmasa, ow, ýaragy, aty, Şony belli biliň, äý, äý, äý, ýokdur gaýraty! Begli ussa äm-säm bolup dikeldi-de: – Behh! – diýdi. – Heý bir many alybildiňmi? – diýip, Gulla mergen şowhun turuzdy. – Näme diýjek bolýanyny aňdyňmy? Ýa düşünmediňmi? – Düşünmez ýaly zat ýok-la. At-ýaragy bolmadyk adamda gaýrat ýokdur diýýär. – Ana, ana, seň üşügiň ýiti, ussam! Many alypsyň. – Muň üçin ullakan üşük gerek däl welin... kim aýdypdyr muny? – Weý, şu bagşyny tanamadyňmy? Häý, ussam, aýdym-saz bilen hoşuň ýog-ow. – Bagşyny tanadym-la. Döwlet Ballykdyr bi. Meň soraýanym goşgusyny ýazan kim? – Goşgusynymy? Goşgusyny Magtymguly ýazypdyr. “Magtymguly, öwüt bardyr sözümde” diýýän ýeri bar-a. Diňle! Begli ussa kürtdürip biraz duransoň: – Äý, Magtymguly ýazanam bolsa, birhili manysy nemeräk ýaly şuň. Diýýän zadyna sered-ä! “Gaýraty ýokdur” diýýä – diýdi. – Ussam, seň özüň nemeräk bolaýma. Many çykaryp bilmän, Magtymgula bir zat diýjek bolup otyrsyň welin, goşgy-poşgy bir okaýaňmy sen? – diýip, mergen ussany haýalçyratdy. – Goşgy bilen-ä kän aram ýokdur, gardaş. O-ol mekdep döwri kän okadyk, kän goşgy ýat tutduk. Magtymgulynam az okan däldiris. – He-eý, ussam, okanyň bilen many çykaryp bilmeseň, peýdasy näme? Seň kelläňde demir-dümürden ýaňa goşga ýer ýok çaky. – Many çykaryp, biz näme alymmy? Eýse, özüň many çykaryp biljekmi? – Weý, elbetde! Gaýratly kişi boljak bolsaň, at bilen ýarag edin diýýär. Magtymgulyň döwründe bular ýaly ulag-a bolmandyr. Şoň üçin at diýýänine, ynha, şu meňki ýaly ulag diýip düşünmeli. Ýarag diýýänem tüpeň-dä. Meň-ä, özüň bilýäň, ussam, garry atamdan galan ýekenilim bar. Het-petegimem düzüw. Gullukda-da ýokary derejeli mergen diýip, hat berdiler. Onsoň, ine, käte-käte ýekenili alýan-da, dört tigirli “atyma” atlanyp, ýaňky aýdyma zowladyp, awa çykyberýän. Ýalňyşmy, eýse? Begli ussa ýalňyş diýmedi. Gaharlanyp: – Düşünjäň näteňed-äý? Ynha, meň ulagymam ýok, ýaragymam. Indi men bigaýrat boldummy? – diýdi. Gulla mergen ýöwsellik edip, bada-bat gürrüňi başga tarapa alyp gaçmaga synanyşdy. – Wah, gara gözüňe döneýin, ussam, sen düşün-ä! Men beý diýjek bolmadym. Ulagyňa münüp, tüpeňiň bilen düze çyksaň, aw etseň, dünýäň hözirini görseň diýjek bolýan. – O diýýäniňi bilemok, ýöne goşgy ýalňyş. Ters pikir bar – diýip, ussa çürt-kesik gürrüň etdi. – Hany, niresi ters, nämesi ýalňyş? – Aý, how, adamyň gaýratyny at-ýaragy bilen ölçeseň bolmaz-a! Zanny bigaýrat bolsa, süri-süri at bolanda nä, set-müň ýarag dakynanda nä? Gaýrat diýilýän zat adamyň özünde bolmalydyr-a? – Seň diýýäniňem dogry welin... – Şony aýdýan-da... Gulla mergene galsa, bu gürrüň şu ýerde gutarmalydy. Çünki ol entegem özüniňkini dogry hasap edýärdi. Ussanyň göwnüni ýykmazlyk üçin ol jedeliň soňuny gümmi-sümmä urdy. – Aý, bilmedim-aý, ussam, men-ä. Şeýdip, gürrüňçiligiň arasyna böwşeňlik düşdi. Gulla mergen-ä eline esgi alyp, ulagyň aýnalaryny süpürişdirdi. Begli ussa bolsa käte bir gurallaryny şakyrdadýar diýäýmeseň, sessiz işini edýärdi. Ine, wagtyň şular ýaly ümsüm pursatlarynyň birinde mekdebiň edebiýat mugallymy Nurmyrat köne ulagyny arladyp, bularyň ýanynda peýda boldy. Gulla mergen: – Mollam, seňkide-de tykyrdy köpeldimi? – diýip, onuň ulagyna ümledi. – Ýok-la, tykyrdy-beýleki bilen oňuşjak-la. Tüsseçykaryna bir zad-a boldy. Sesi erbet. Halys gep-üýn alyşdyranok. – Bar derdi şo bolsa, ynha, ussa häzir ony edil gopuz ýaly edip berer. Begli ussa eliniň ýagyny esgi bilen süpürip: – Tüsseçykaryň bir alajyny taparys, Nummat – diýdi. – Ýöne bu ýerde, ynha, bir düşnüksiz zat bar. Sen bize şony çözüp beräýseň! – Başardygymdan. Ýeri, bakaly! – diýip, Nurmyrat mugallym ykjamlandy. – Aty bilen tüpeňi bolmadyk adama gaýratsyz diýseň, dogry bolarmy? – diýip, Begli ussa gygyryp diýen ýaly sorady. Şonda onuň äheňinde içki dabarasy äşgär duýuldy. Ýüzünde bolsa “Ýok, dogry däl” diýen jogaba garaşýan alamat göründi. Nurmyrat mugallym üşerilip, Gulla mergene seretdi. – Dur, entek, ussam, beýdip soramasana! – diýip, Gulla mergen Beglä düzediş berdi-de, yzyndan Nurmyrat mugallyma ýüzlendi. – Mollam, Magtymgulyň bir goşgusy bar, “Ýigidiň bolmasa, ýaragy, aty, şony belli biliň, ýokdur gaýraty” diýýär. Men aýdýan, at diýýäni-hä, ynha, ulag bolmaly, ýarag diýýänem aw tüpeňidir diýýän. Guma çykyp, aw etseň, şu zatlar ýigidi ýigit edýär-ä. Dogry dämi, mollam? – Nummat, sen şo goşgyň manysyny aýdyp ber bize! – diýip, Begli ussa soragy has-da anyklaşdyrdy. Nurmyrat mugallymyň ýüzünde geňirgenme gatyşykly ýylgyryş peýda boldy. – Pah-pah! – diýip, ol ussa bilen mergeniň ýüzüne taýly gezek seretdi. Soň edil mekdepde – okuwçylaryň öňünde sapak geçýän ýaly, agraslanyp, iki elini arkasyna tutup, dodagyny müňküldedip, eýläk-beýläk ýöräp ugrady. Ussa bilen mergenem munuň gapdaly bilen ýöräp, agzyndan gaçjak sözi gapyp almak üçin gulaklaryny tutdular. – Ozaly bilen bellemeli zat, her bir şahyryň döredijiligine öz döwrüniň nukdaýnazaryndan çemeleşip seretmelidiris – diýip, Nurmyrat mugallym resmi äheňde düşündirip başlady. Ol kitap dilinde geplemegi gowy görýärdi. – Magtymgulyň ýaňky goşgusynyň ýazylanyna takmynan iki ýarym asyr wagt geçipdir. Diýmek, biz meselä iki ýarym asyr mundan öňki döwrüň gözi bilen seretmeli bolýas. Bize taryhdan belli bolşuna görä, o döwürler çapawulçylykly zamana bolupdyr. Siziň düşünmeýän ýaňky iki setiriňiz watan goragyna çykan ýigitlere degişlidir. At diýilýän janawer şo döwrüň iň bir ähmiýetli söweş ulagydyr. Ýaragam näme, ýarag-da. Ýaragsyz söweşe girip bolýarmy? Il-ýurdy ýagydan aman saklamak üçin at bilen ýarag iň bir zerur serişde bolupdyr. Indi gaýrat barada. Gaýrat sözüniň many örüsi örän giňdir. Bu sözüň çägine tutanýerlilik, erjellik, gaýdywsyzlyk, batyrlyk, edermenlik ýaly düşünjeler girýär. Şeýle bolansoň, biz ýaňky iki setire watançylyk jähtden seretmelidiris. Ata watanyň, ene topragyň öňündäki ogullyk borjy, has takygy, ýigidiň gaýraty onuň at-ýaragy bilen şertlendirilendir. Umuman, geçmişde biziň ata-babalarymyz bedew atyň gymmatyna naýbaşy derejede baha kesipdirler. “Atym bar – ganatym bar”, “Aty ýoguň – ady ýok” ýaly parasatly pähimler muňa şaýatdyr. Magtymguly bolsa muňa has-da önjeýli düşünipdir. Siz şahyryň “At ýanynda bellidir” diýen goşgusyny bilýäňizmi? Nurmyrat mugallym gitdigiçe gyzyşýardy. Häsini berseň, joşup, labyz bilen goşga okamaga-da taýyndy. Elbetde, Begli ussa bilen Gulla mergen üçin düşnüksiz zat galmady. 15-nji mart, 2014-nji ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |