23:53 Ýitigiñ tapylyşy / hekaýa | |
ÝITIGIŇ TAPYLYŞY
Hekaýalar
1. Enebaý hassa ýatan goňşusy Mähriniň ýanynda kän eglenmedi. Garrynyň saglygyny sorap, esasy gürrüňe geçdi. - Neme-le, Sahydyň enesi, Gökjäň gyzy bolaňsoň, senden bir zat soraýjakdym... Nagym jan üçin gudaçylyga çykdyk. Gökjede bir ýeri salgy berdiler... Meretgeldi Goturlar diýdiler. Tanasaň, tanaýansyň. - Ýok, ýok gelin, tanamok, bilemok. Seň o diýýäniň soňky ösdürimlerdir. Men olary nirden tanaýyn? Biçaklarda atam öýüme gitýänmi men? Enebaý kineli halda turup gaýtdy. Ikindinara ol syrgynyň o çetine, dört-bäş ýyllykda Gökjeden şu oba gelin bolup düşen Ogultäjiň ýanyna gitdi. - Meretgeldi goturlar-a men ýaman oňat tanaýan – diýip, Ogultäç onuň göwnünden turaýjak jogaby berdi. – Uly gyzy meň bilen ýaşyt. Bileje okadyk. Oba arasyna çykardylar. Şundan soň Enebaý dyzyny epdi, ornaşdy. - Sen olaň ortanjy gyzynam tanaýaňmy? - Waý, hawa tanaýan. Altyndyr-da. - Hä, hawa, şo Altyn... Ärinden aýyrlyp gelipdir diýip eşitdim. - Öňräk ejemlere baramda menem eşitdim şony. Aýrylyşypdyr diýdiler. Hä, näme Nagym üçin Altyny sorap bardyňyzmy? - Sorab-a baran zadymyz ýok entek. Ýone oňatja ýer bolsa... Öňki gelnimizem beýle bolansoň, Nagym janam müjerret ötmesin diýýän. Entek ýaş başy bar. Çaga-çugasy ýök. Ähli görjegem öňünde. Maňa galsa-ha, asyllyja boý gyz gözlejek. Ýöne kakasy göwnänokda. “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýip otyr... Ärinden aýyrlyp gelen agyzdan galan nahar ýaly bir zat bolýa. Gül ýaly çagama agyzdan galan zady beresim gelenok welin, nädeýin. Ady telpegagan-da. Olam, näme, ozalebetde maňlaýynda bardyr. Ogultäjiň ýanynda edip otran gürriňleriniň derdini ýeňledäýmese, gudaçylyga nepiniň degmejekdigini duýup, Enebaý dymdy. Eýse, ol bu ýere derdini egismäge geldimi? - Hawa-la, boljagydyr-la. Ýazgytdan çykyp bolmaz – diýip, Ogultäç duýgudaşlyk bildirdi. - Neme-le, keýgim, onsoň o Altyn çagalap-beýleki eden däldir-ä? - Waý, ýok-la, gyz. Çaga ýasara salym bolmasa näme?! Äri bilen üç aýdan kän ýaşaşmady. - Öňküsi bilen nämüçin aýrylyşdyka? - Öňküsi tirýekimiş. Gutaran tirýekkeş diýdiler. Altyn akyl edipdir, mahalynda gaýdypdyr. Gaýtmadyk bolanlygynda bu wagt kim bilýä... Tirýekiň bir häsiýeti bolýar. Neşesi ýetmän azarlap ugrasa, ilki bilen jyny heleýine düşýär. Heleýiniň hemme zadyny satýar. Kä bir tirýeki beýdenok. Tirýegi ýuwaş-ýuwaşdan heleýine öwredýär... - Tirýekiden bir daş edewersin-eý! – diýip, Enebaý ýakasyny tutdy. – Öz oňuşygy nähilikä o gyzyň? Ýa äri bilen deň sanaşyp otyrmyka? - Altynmy, gyz, ony etjek?! Ýer ýaly ýuwaş maşgala. Özem işe ökde. Esasanam geýim bejermäge ökde. - Gurply ýermi özleri? - Gurpl-a diýip biljek däl. Ýöne oňat ýerler. Ýamanlykda atlary çykanok. Özüni oňarýan ykjamja hojalyk-da. Sen gurply ýeri näme etjek? Gurply ýeriň çagasy tekepbir bor, kejir bor. Ynha, Meretgeldi goturlar siziň öz deňiňiz. Barsaňyz, ine, ikielläp razy bolarlar. Olaňam gözleýäni siz ýaly ýerler. Her kim öz deňini tapmaly-da. - Biziňem başga çykyp gören ýerimizem ýok. Ilk-ä Dursun pahyryň ýylyny bereli diýip oturdyk. Soňam hiç baş galdyrmadyk. Onsoň birki günlükde uly gyzym gelip gitdi. Eltimiň jigisi diýdi, şuňňaly-şuňňaly bir başy boş maşgala bar diýýä diýdi. Sizem beýdip oturman, ugruna çykyň diýdi. Ugruna çykyşymyzam şu. Kim bilýä, boljakmy, boljak dälmi?.. - Alla ugruna etse, asyl müşgüli bolmaz. - Gadam janyňam deň-duşlary aýagaldygyna öýli-işikli bolşup ýörler. Mundan soň onam gözli-başly etmeli. Jemlenmeli. Oňatja maşgala tapmaly. - Nika gyssan wagty hemmesem bor. Ana, gaýraky Galkanyň ogly mekdebi gutaran dessine alyp gaçyp öýlen-dä. Nikasy gyssaýa-da. - Näbileli, jan dogan. Kyn günde galan-a bolduk. Özi gowsuny etsin-dä. - Galanynam özüňiz oýlanyp görüň. Başga-da tanaýan kändir. Soraň, idäň. Şü mesele, gyz, ýaman kyn özi. Gowy maşgala diýip salgy bereniňe-de kä kişiň göwni ýetenok. Näbileli. “Kim gaýkyny, kim küýküni” diýen ýaly. - Hawa-la, ýene bir sorap idemesek bolmaz... Hany, men kakasynyňam bir pikirini bileýin – diýip, Enebaý turmak bilen boldy. – Ýöne, gyýw, “Oraz Ýyndamlar ogluny ikinji gezek öýerjek bolýalar. Pylan ýere barypdyrlar, pismidan edipdirler” diýip bir gürrüň edäýmäň. Ýaňky aýdyşym ýaly, ýene bir sorapidemesek, entek neme zat ýok. Ogultäç çala çytyljak ýaly etse-de, sypaýy gürledi: - Ýok-la, gürrüň edip biz näme... Arkaýyn bol. - Onda turdum men-ä. Enebaý turdy. Bir zady unudan ýaly az salym diňirgenip duransoň: - Wi-iý, ýene bir zady soraýyn-la senden. Nememi onsoň, ol öňki ärsumagy bilen arany doly açdymyka? Höküwmetleşdilermikä? – diýdi. - Hawa-la. Arany açandyr-la. Geçen tomusdan bäri ejesiniň ýanynda diýdiler-dä. Şu çaka çenli näme etjek bolsalar edendirler. - Hä-ä, bolýa. Neme-dä, biz-ä ony göwneşip dulumyza geçirsek, öňki ärem gelip, heleýimi beriň diýip dyzap dursa, abraý däl-dä. Toba... Her zada garaşaýmaly, gyz. Enebaý gitdi. Ogultäjiň ýüzüne dabara gatyşykly ajymtyk ýylgyryş indi. Ähtimal, ol Heleýimi beriň!” diýip, arlap duran, ýumrugy düwülgi, saçlary hüwjük neşebent oglany göz öňüne getirendir. 2. Bir gün öýlänler Omar gassaplara nätanyş aýal geldi. Ol wagt Omar gassabyň özi-hä işde bolup, onuň aýaly Towşan sekiniň üstünde oturyp, noýba sökýärdi. Gysgajyk saglyk-amanlykdan soň nätanyş aýal Towşandan: - Omar gassaplarmy şü? – diýip sorady. - Hawa. - Senem Omar gassabyň aýalymy? Towşanmy sen? - Hawa. - He-e, dogry. Gökjede Aknur diýip aýal doganyňam barmy? - Hawa. Bar. - Meni şol iberdi. Men Aknurlaň gaýraky goňşusy bolýan. Aýnabat gelip gitdi diýseň hä-ä diýip ýylgyraýar. - Şeýlemi? Aknurlaram saglykmy? Oňatçylykmy? – diýip, Towşan myhmana oturara ýer görkezdi. – Geçäý bärik. Al, ine, şü çäýnekde-de demini alan ýahna çaý bar. Myhman sekä çykyp, görkezilen ýerde oturdy. Çäýnegi, käsäni öňüne çekdi. - Özüňizem oňatçylykmy? Iç-daş, oglan-uşak, mal-gara, hemmesi abatmydyr? - Şükür! Towşan noýbaly jamyny bir gyra süýşürip, myhmana mürähet etdi: - Mürähed-ä däl, iýseň, gyzgynjak etli somsa bar. - Bereket bersin, gyz, idäm zat alanok şu wagt. Ynha, birki käse çaý içsem, turjak. Kiçiräk bir iş bilen geldim-de... Aýnabat çaý owurtlady. Towşan “O nä iş” diýen manyda myhmana seretdi. - Şul obadan ortanjy gyzymy sorap, sawçy barýan bar. - Kim ol? - Oraz Ýyndamlar diýd-ä. - Wi-iý, Ýyndamlar-a, ynha, şujagaz ýerde- diýip, Towşan elini ilerligine salgady. – Gadam üçin barýandyrlar? - Ýok, Gadam kiçilerimiş. Nagym üçin barýarlar. - Gyýw, Nagym öň nem-ä, öýlenen-ä. Telpegagana. Gelni birki ýyllykda ýogaldy – diýip, Ogulnur biraz geňirgendi. - Hawa, şeý diýdiler – diýip, Aýnabat uludan demini aldy. – Biziňem o tulamyz boý gyz däl. Öten tomus ärinden aýrylyp geldi. - Wah-eý, şeýlemi? Ol-a bolmandyr. Soňky döwürde aýrylyşyp gelýän ýaman köpeldi. - Meň çagam hele-müçük zat üçin-ä turup gaýtjak çaga däl. Ýöne bagty pes eken-dä. - Öňki gudaň tanyş ýerimidi? - Tanyş nämeişlesin? Halaşypmyşlar. Gatnaşyk açaýsak diýip, ilki baranlarynd-a boş goýberdim. Hälihäzir gyz çykarmak pikirim ýok diýdim. Aý, ýetişen gawuny tänderip goýbärler. Saklama diýdiler. Entek başy ýaş diýdim. Soňky gezek baranlarynda-da gyzym aýtdy, eje diýdi, şolaň saçagyny açaýsaň diýdi. Hany, sorap-idäp göreýin diýdim. Görsem, ejesi-kakasy bir oňat adamlar. Özem daban azabyny iýip ýören... Olaň ogly bidöwlet eken. Neşekeş bolup çykdy. Bilmän, allanäme gyzymyzy tirýekä berip oturyberen bolsak nätjek? - Tirýegem bir kesel boldy. - Ine, bir gün azarlan wagty gelip, barmagyndaky ýüzügini alyp gidipdir. Ýüzügi deger-degmeze satyp, puluny haram keýpe berjek-dä ganym. Aý, uruşgykylyk bolmasa bolýa, diýip, ana, nebir gyzyl ýüzügini berip goýberipdir. Ýer ýaly ýuwaş-da çagam. Soňam günleri bir bolsa, uruşlary iki diýýä. Ilki ýüzüni gözüni gögerdip, aglap gelende yzyna iberdim. Baran ýeriň bile borlar, gyzym. Oňuşjak bol diýdim. Soky gelende-de diýdim. Halaşypsyň, taň edipsiň. Beýdip ile gep ýassygy bolup ýörme diýdim. Öldürseňizem şolara gitmen diýip otyr. Soň ejesi-kakasy töwella geldi. Gyzym göwnemedi. Indi gitsem diri gelmen diýdi. Ana, şondan bärem otyr. Indem, ynha, bylar at tezegini gurutman, zygyr-zygyr gatnap durlar. Kakasyna sala salsam, şul işe meni goşmaň diýýä. Gyzymam özüň bil diýip otyr. Onsoň sorag-ideg bir edip göreýin diýip çykyşym boldy. Towşan özüne gezek etenini bilip: - He-e, oňarypsyň – diýdi. – Guda bolup bilseňiz, Oraz Ýyndamlaram, näme, adam çykmaýan ýerler-ä däl. Ýaňky aýdyşyň ýaly, daban azabyny iýip ýörenler. Kişä azarlary ýetenok. Azarlary ýetmeýşi ýaly, kişiň azaryny-da çekenoklar. Özlerem galjaň. Tüweleme... - Näçe çagalary bar? - Çagalarymy? Bäş gyz, iki ogul welin, gyzlarynyňa birinden öňňesini çykardylar. Ogullarynyňam birini öýerdiler. Şol Nagymy. Oňkam bolmady. Sarygaýmak ýaly, allanäme gelni bardy. Keselbendiräk eken-dä pahyr. - Şeý diýdiler... Hm, onsoň olaň oňşuklary neneň? - Biz-ä, dogan, şolaň harçaňlaşyp duranyny göremzok. Gördüm diýene-de gabat gelemzok. Elbetde, hojalykdyr. Ownuk-uşak goh-dawa bolman durmaz welin... - Hawa-la, hawa-la, şeýledir. Hm... Näme kär edýär onsoň ol? - Nagymmy? Be-e, Nagymyň näme kär edýänin-ä biljek däl. Şähere gatnab-a işleýä şol. Tirýek pirýekdenem arassa. Tirýek edýän bolsa Gulmyradyň ogly bilen tirkeşerdi. Biz-ä toýda-ýasda şol ikisiniň bir ýerde duranyny göremzok. Dogrusy, çilimden başga näme neşesiniň bardygyny bilemzok. - Öňküsi bilen nähilidi, ol ýogalan pahyr bilen? - Edil bal bilen ýag ýalydy. O pahyry yzyna düşürip, telim sapar tebibe-de gatnady. Çykdajy baryny edip, güýçli-güýçli dogtorlara-da görkezdi. Aýalyny äsgermeýän biweç bolsa şu zatlary etmezdi. - Etmezdi – diýip, Aýnabat tassyk etdi. Biraz dymyp, uludan demini aldy. - Häk, şu gyzymyň bagty pes eken-dä. Ýogsam, düşbüje, meniklije çaga welin... Adama iki barmak maňlaý gerek ekeni – diýip zeýrendi. Towşan göwünlik berdi: - Darykma, dogan, giň bol – diýdi. – “Öňüm gelenden soňum gelsin” diýipdirler. Ynha, maňlaýy işläp, bagty açylsa, iki günden döwletli hojalygyň keýwanysy bolar oturybiýr. - Belki, jan Allam! Agzyňdan Hudaý eşitsin-dä... Onsoň nememi, bylaň bizden öňem baran ýeri barmy ýa birinji barany bizmi? - Şon-a açyk bilmedim welin, birinji baran ýeri siz bolaýmasaňyz. Sebäbi gelinleriniň ýylyny berenlerine iki aýam bolanok. Ýylyny bermänem olar nirä çyksyn? - Hawa, özlerem şeý diýdiler. Hm.. Şu gyzymyzy bir sag-aman oňatja ýere ýerleşdirsek! Kyn bolýa ýogsam. Amanat mal saklap ýören ýaly. - Dogrydyr. Kyndyr. - Çaky, seň pikiriňçe, şo gyzymyzy şu Oraz Ýyndamlara beräýsek boljak-da? - Hawa-la, bolar-la. Näme bolman?! - Bularam sygdyrmasa, o-da aglap-eňräp, ýene öýe barybers-ä ýaman keçje bor, ä? Ýa alyşar gidermi? – diýip, Aýnabat gyzynyň indiki ykbaly Towşana bagly ýaly äheňde sorady. Towşanam hamana ähli jogapkärçilik öz boýnuna düşüp barýan ýaly, juda seresap jogap berdi: - Alyşar gider-le. Biri-birini sylasalar, düşünişseler... Belki, aglap-eňremeli etmesin-dä! Aýnabat: - Heýlemi – diýip dymdy. “Ýene nämeleri sorajakdym-a men” diýýän ýaly bir zatlary ýadyna salýan görnüşde oýa batdy. Towşanam oýa batdy. Ol entek başa barjagy ýa barmajagy näbelli gudaçylygyň soňunyň iki tarap üçinem oňuna çözüljekdigine, tüýs jüpüne düşjekdigine delil agtarýana meňzeýärdi. 3. Bir gün giç agşam il ýatansoň, Nagym Altyna garap: - Eý – diýdi. Altyn oňa hä berdi. - Ukaldyňmy? - Hümm. - Meň-ä ukym tutanok. Nämedenkä? - Gündiz kän ýatdyň-da. Şondandyr – diýip, Altyn uky gatyşykly ses bilen jogap berdi. Eýlesine-beýlesine düňderilip uklabilmänsoň Nagym ýene Altyna habar gatdy: - Senem ukyňdan açylsana, eý! Gürleşip ýataly-la! Altyn eýýäm ukydan açylypdy. - Näme hakda gürleşjek? – diýip ol sorady. - Öňki äriň hakynda gürrüň beräý. Altyn: - Nämesini gürrüň bereýin – diýdi. Soň seresaply gürläp, sözüniň üstüni ýetirdi. – Şoň gürrüňini goýalyla, Nagym! Meň-ä şony ýatdan çykarasym gelýä... Başga bir şolar ýaly agşam Altyn Nagymdan sorady: - Nagym, öňki aýalyňy gowy görýämidiň? - Ony nämeden soraýaň? – diýip, Nagym garşylyklaýyn sorag berdi. - Aý, hiç. Ýene biraz, Altyn: - Nagym! – diýdi. - Näme? - Nagym! Öňki aýalyň barada gürrüň bersene! Nagym näme diýjegini bilmän, haňk-huňk etdi: - Aý, bor-la. Ýataly-la... Bireýýäm ýogalyp giden adam... Nämesini gürrüň berjek?! Meň-ä ýaman ukym gelýär... Şeýdip, täze durmuş başlandy. Sentýabr, 1998. Mary. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |