ÝOL KYSSASY
Mundan birnäçe ýyl ozal, tomus günleri deňizýaka Esengula — aýakly jaýlaryň obasyna bir tanşymyň «ak goýun» toýuna gitmeli boldum.
Nebitdagdan awtobusa mündüm. Ýol uzak. Howa petiş. Gowy ýeri gapdalyma ýaşy segsene ser uran bir garryja adam düşdi. Ol hem meniň ýaly awçylykdan habarly kişi eken. «Uzak ýoly gürrüň ýeňer» diýipdirler. Aw söhbedini edip, ýolboýy hümürdeşip barýas.
Ýolagçylaryň kimsi suw içýär, kimsi çal, kimsi çaý, garazhaý, diliňi gatadyp barýan teşneligi bir zat edip ýeňmeli-dä.
Ýaňky ýaşuly welin, wagtal-wagtal jübüsinden ýaglyga dolangy tokgalaç gara zady çykarýar-da, bir-iki gezek ýalaýar. «Suwsadym» ýa-da «Ýadadym» diýmän, arkaýyn gidip barýar.
Men içimden «Ýaşuly tirýeki öýdýän. Ýaňky ýalaýany garaneşe bolsa gerek» diýip, çen urup barýan. Ol meniň pikirimi aňan ýaly:
— Bu maňa kakam pahyrdan miras galdy. Ol ýüzden geçip dünýäsini täzeledi. Bütin ömrüne-de, nirä gitse, şuny ýanyndan goýmazdy. Menem kakamyň şol endigine eýerýärin –diýip, gürrüň berip başlady.
Menem öz ýanymdan «Bular ata-baba öňden gelýän tirýeki eken-ow» diýip, häsini ýetirip otyryn. Ol bolsa ýaňky ýalaýan zadyny bir tokga gyzyl ýaly ezizläp:
— Bu öň ullakan ekeni. Ýalanmakdan ýaňa kiçelipdir –diýýär.
Men ahyrsoňy saklanyp bilmän:
— Bä, ýaşuly, «Tejen kakyny» beýle magtadyň-ow! –diýdim.
Ol allaniçigsi boldy:
— Haý, nätdiň-äý, inim! Bu — mumyýa ahyryn! Bir ýeriň agyrasa ýa-da ýadaw bolsaň, bir-iki gezek ýalasaň ýeterlik. Başga derman gerek däl. Ömür lukmana ýüz tutup, «Epdek» dermanyny içip gören däldirin –diýdi.
Ýalňyşanyma düşünip:
—Bu-ýa, edinäýmeli zat ekeni! –diýdim.
Hemra ŞIROW.
Ýol ýazgylary