00:16 Ýolda ýolugan / hekaýa | |
ÝOLDA ÝOLUGAN
Hekaýalar
Hekaýa Düzüm-düzüm durna uçdy, hatar-hatar gaz geçdi. Topar tutup gelen gara-gara gargalar şüdügär meýdanyň üstünde dynuwsyz gagyldaşdylar. Guran ot-çöpleri rehimsiz dalap, şahalardaky soňky ýapraklary aparyp, agaçlary ýalaňaçlamak üçin giçki güýzüň sörtük şemaly şuwlap başlady. Agyr ýüküň astynda ýegşerilip gelýän bulutlar ýere juda golaýlady. Gözýetimi çalymtyk duman örtüp, sähranyň üstüne ýukajyk perde çekildi. Çisňäp, ýagyş ýagyp başlady. Ýagşa ezilmezlik üçin bir bölek karton kagyzy depesine tutup, Baýram uly ýola çykdy. Geçýän ulaglara goluny salgamaga başlady. Kän garaşmady. Goýy gyzyl reňkli ulag gabadynda saklandy. Orta ýaşan sürüji boýnuny süýndürip, aýnasyny açdy-da, Baýramyň salamyny howlukmaç alan dessine nirä barýanyny soramazdan-zat etmezden: – Mün, mün, ýedi ýoluň üstünde ezilip durma, mün! – diýdi. Baýram ulagyň öňki gapysyny açyp, mündi. Ýerleşdi. Yzky oturgyçda ýeke oturan garry aýala salam berdi. Şondan soň sürüjä ýüzlendi: – Şähere barýan. Ugrumyz bir bolsa... – Ugrumyz bir – diýip, sürüji onuň sözüni böldi. – Bizem şähere. Men-ä inimiň täze alan jaýyny gutlaýyn diýip barýan. Näzik eje-de şäherde ýaşaýan oglunyňka myhmançylyga barýar. Ýok, ýalňyşdym, myhmançylyga däl, agtygynyň geňeş toýuna barýar. Yzky oturgyçda oturan Näzik eje gozganjyrady, müçesine mahsus bolmadyk dury hem ýiti sesi bilen: – Geňeş toý dä-äl, Akat jan! – diýip, sürüjä düşündirdi. – Geňeş toý nireden kelläňe geldi? Bu bir häki maslahat. – Tapawudy näme? Türkmeniň maslahatynyň yzam toýa ýazýar-da. Maslahat bilen geňeş ikisem bir zat ahyryn. – Näbileli, jan dogan. Gyz agtygym üçin eli saçakly gelýän bar diýensoňlar, oturybilmedim. Halaşypmyşlar. Tanaman-bilmän halasy ýok-la welin, şonda-da bir habar tutmasam, ynjalmadym. Az salym dymdylar. – Zamanasyna görä ýörelgelerem üýtgäp barýar – diýip, birhaýukdan Näzik eje köne döwri ýatlady. – Öňki zamanlarda öýlenjek oglany dürli hili ýol bilen synap görer ekenler. O mahallar, näme, şindiki ýaly taýyn demir ojak bolmandyr. Asyl ýaňy-ýaňylaram gazany gazma ojakda atarardylar. Onsoň giýew boljak ýigidiň işe çulumlygyny barlamak üçin ojak gazdyryp görüpdirler. Akat çyny bilen geňirgenip: – Beh, äl-aýt, üýtgeşik synag ekeni. Onsoň ojak gazyp bilmedige gyz bermedilermikä? – diýip sorady. – Öý-işik nesibesi bolanyň müjerret öteni ýokdur-la. Her kim deňini tapyp alandyr. Ýöne, näme, ojagaz synag kimiň nähili iş başarýanyny bes-belli edip dur-da. “Heleý hamyrda belli, sölite suwda” diýen ýaly, giýew boljagyňam kimdigi ojak gazanda tanalýan bora çemeli. “Hä, hümm” edişip, ýene biraz dymdylar. Ýene Näzik eje gürrüň bilen ýol kesdi: – Indi zamana üýtgedi. O-ojagaz synaglaň möwriti ötdi. Indi giýew boljak ýigide ojak gazdyryp, synagdan geçirmegiň derkary ýok. Indi ýigidiň bilimine, üşügine seredýärler. Eli hünärli bolsa, çagasynyň aç-ýalaňaç gezmejekdigine her kimiň gözi ýetip dur. “Hänärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz” diýipdirler. Könekileň aýtmadyk zady barmy?! – Gaty dogry aýdýaň, Näzik eje! – diýip, Akat hem gürrüňçilige nakyl bilen at goşdy. – “Hünärli ýigit – miweli agaç” diýipdirler-ä. Ýaşlykda hünär edinseň, çöregiňi gury çeýnemersiň! Näzik eje uludan demini aldy-da, içki aladasyny ýaşyrman, diline getirdi: – Akat jan, ynha, menem şoň endişesini çekip gelýän. Gyz agtygym halaşypdyr, taň edipdir. Şäher ýerinde oturan beýnisi bekemedik gyzyň ömürlik ýoldaş diýip saýlany adam çykýan ýerlerden bolaýsa, ne ýagşy! Maňlaýyndan çykjak ýigit bikär bolman, günemasy üçin ýüwrüp ýören galjaň, halal iýýän oglan bolawersin diýip dileýän. Esasy zat, elinde hünäri bolsun diýýän. – Hemme zat göwnüňe görä bolýandyr, Näzik eje. Niýetiň ýagşy bolsa, päliň düzüw bolsa, nädäýersiň, basan ýerinden ot çykýan, gyzyl ýaly köreken duşaýsa! – diýip, Akat göwünlik berdi. – Belki, şeýle bolsun-da! Akat ýene bir zatlar diýmäge çemlenip otyrka ulag bir näsazlyk tapynyp, siltenip ugrady. – Beh, bi nädýär-aý? Muňa näme bold-aý? – diýip, Akat gözlerini elek-çelek edip, özündenmi ýa ýanynda oturan Baýramdanmy sorady. Oňa çenlem ulagyň motory öçdi. – Ýangyjy gutarandyr, ýangyjy gutarsa şeýdýä dämi şü? – diýip, Näzik eje ulaga degişli bilýän ýeke-täk zadyny sorady. – Ýangyjy bar-a. Ýaňy ýola düşmänkäk doldurdyg-a – diýip, Akat naýynjar äheňde jogap gaýtardy. – Onda nämedenkä? Ýaňam-a gopuz ýaly işläp durdy bi haýran! – Häzir bileris. Bilerisem, düzederisem. Akat daşyna çykdy-da, ulagyň kapotyny galdyrdy. Entek howry gitmedik motoryň ýylysyna çoýunýan ýaly, eglip, ellerini öňe uzadyp, ulagyň hereketlendirijisine ýaýdanmaç seretdi. Kemini belli-külli bilmeýänligi onuň kesesinden äşgär boldy. Baýram ulagdan düşdi. Yzýany bilen Näzik eje-de çykdy. – Bu-uww, daşary gaty sowapdyr-a. Ýalazy ýeriň şemaly edil içiňden geçip barýar... Akat jan, nämesi bozulypdyr? Düzeljekmi özi? – diýip, ol ulag eýesine gaty kyn sowal berdi. – Düzeler-le. Düzelmän, gitjek ýeri nire?! – diýip, Akat giň göwrümlilige saldy. Emma niresinden başlajagyny bilmeýän ýaly, işe girişibermedi. Bir-de töweregine garanjaklap, birde-de motoryň eýlesini-beýlesini elleşdirip, güýmeň-süýmeň etdi. Ýagyş bolsa güýçlendi. Gitdigiçe güýjeýän şemalam ýagşyň iri damjalary bilen öňünden çykan ähli zady şarpyldadyp, urup başlady. Baýram uzak saklanyp bilmedi. – Agam, rugsat ber, menem bir göreýin-le şuny! – diýip, ýüzüni eňşedip duran Akata ýüzlendi. – Şeýtsene! Görsene! Eýesiz haýran, uzak ýoluň orta gürpünde bozulaýmalymy? Baýram penjegini çykaryp, ýeňlerini çermedi. Wagt ýitirmän, motoryň tok geçirijilerini barlaşdyrdy. Şol ýerdenem kemini tapdy. – Üýtgeşik bolan zat ýok, agam, ine, şu ýerleri biraz çyg çekipdir. Wagtyň geçmegi bilen gowşap, könelýär-dä. Onsoň şular ýaly ýagynly howada bozuljak bolup dur. Häzir muny, ynha, şeýdip, dakarys welin, edil sagat ýaly işlär durubiýr... – Dogrudyr. Ähtimaldyr. Eslije wagt münüldi. Könelendir. Howa-da bulaşdy duruberdi – diýip, Akat üzlem-saplam hümürdedi. – Hany, agam, indem bir otlap gör. Akat otlap gördi. Ulagyň motory guratlygyny mazamlap, dury ses bilen işlemäge başlady. Gaýtadan ýola düşdüler. – Ömrüň bolsun, inim! Edil Hydyr ata bolup ýetişdiň. Sen sataşmadyk bolsaň, Näzik ejäni gaty kösejek ekenim. Janawer, demir-dä. Dili ýok ýetmezini aýdar ýaly. Ýogsa, mähetdel etjekmi men?! Näme kär edýän diýdiň, inim? – Ulag bejerýän, agam. – Ana, ana, gördüňmi? – diýip, Akat joşgunly gürledi. – Jaý wagtynda duş geldiň. Seni bize Hudaýyň özi duçar edendir. Sowukda kösenmesinler diýip, ulag ussasyny bize ýoldaş edendir. Näzik eje-de Baýramyň öwgüsini ýetirip, alkyş aýtdy. – Asyl, Akat jan, bu oglan muny dem salymda düzetdi oturyberdi. Hünärine hötde gelýäniň iş edişi şular ýaly bolýar. Taňryýalkasyn, guzym! Eliň gözüň dert görmesin! Hudaýym, ak gyz ýoldaşyň bolsun! – Ullakan eden işimiz ýok-la. Bular ýaly näsazlyklary elujundan düzedip bolýar. Onuň hiç bir kynçylygy ýok – diýip, Baýram pespällik bilen sypaýy gürledi. Ondan-mundan gep atyşyp, ýene biraz ýol geçensoňlar, ulag şäheriň çetinden girdi. – Akat jan, onda ilki bilen meni düşür. Gözi ýolda galandyr bulaň – diýip, Näzik eje düşmeli ýeriniň salgysyny bermäge başlady. Şonda Baýramyň ýüzünde geňirgenme gatyşykly bilesigelijilik peýda boldy. Hakykatdan hem ogly-gelni, agtyklary Näzik ejä garaşyp duran ekeni. Onuň ýüküni düşürmäge kömekleşýän wagty uýaljyrap duran uly gyzy görüp, Baýramyň ýüzi gyzardy. Tolgundy. Galdyrap, gabak astyndan garaýan gyzyň gözlerinden: “Enem bilen nähili gabatlaşdyň? Ýa öňden tanaýardyňmy?” diýen sowaly okap, syrly ýylgyrdy. Uzak eglenmediler. Akat bilen Baýram hoşlaşyp gitdi. Näzik eje bolsa gysgajyk salam-helikden soň gelnine gürrüň berýärdi: – Häli gelmelidik. Ýolda düşen günümizden habar al! Akat janyň maşyny bozulyp, tas meýdanda galypdyk. Howa-da sowuk. Eşek öldüren şemal içiňden geçip barýar. Ýagyşam, sadagaň gideýin, edil bedreden dökülýän ýaly guýup dur. Entegem, ýaňky oglanjyk dadymyza ýetişäýdi. Maşynyň motoryna elini degren dessine, hemmesi düzeldi duruberdi. Asyl ol demriň piri bolsa, nätjek. Çynar janyňam maňlaýyndan şolar ýaly il derdine ýaramly, eli hünärli biri çykaýady-da! Jan, Allam, ýatsam-tursam, dilegim şo! Durşy bilen bir gulaga öwrülip, enesiniň gürrüňlerini diňläp duran Çynar gyzardy, bozardy, edaly ýylgyrdy. 2-nji noýabr, 2013-nji ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |