00:11 Ýylgyr oglum! / goşgular | |
■ Ýylgyr oglum!
Goşgular
Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni, Aňzak gyşlar gyşlygyny unutsyn. Kalpda gubar baglan gaýgy-gussalar, Garyň tämiz, päk suwuna ýuwulsyn. Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni, Goja dünýä ýaşlygyna dolansyn. Saýa bilen salgym bilen güýmenen, Maksadyna-myradyna duwlansyn. Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni, Arzuw, alkyş, aýdym bolsun jahanda. Mähir-muhabbete duwlanan sözler, Patrak kimin seçelensin dahandan. Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni, Hut mukaddes söýgiň özü-de sensiň. Seni görüp jyda düşen aşyklaň, Sönüp barýan umydyna ot degsin. Ýylgyr oglum! Saz eýle sen dünýäni, Bir arzuwym agy saňa ýat bolsun! Saňa jümle-jahan gülüp-bakyp dur, Dünýä gadam basan ýollaň ak bolsun! ■ Kine Men indi hiç haçan söýmek islämok, Ham hyýala aldandy bu göwün ýar. Seni söýüşim deý söýmäniň üçin, Ýüregime ornaşypdyr düwün ýar. Haýyşym, ýollarmy büreme güle, Gyrmyz bägüllere agyrýar nebsim. Söýgi wadalaryn almagyn dile, Söndi meniň bagta bolan höwesim. Synan göwün indi seýik tutmaz ýar, Jaň edip, hat ýollap çekme kösençlik. Sensizem bu günler asuda geçýär, Hiç bir zatda duýulanok kemçilik. Bilýärmiň käteler ýatlaýan seni, Gül tahýama nagyş çeken halatym. Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman, Söýülip söýmedik eý bedibagtym. Garaşanyň çykmadymy ykbaldan, Salgymy çyn söýgi saýan mähriban. Ynamyny tala daňan ynsanyň, Gursagynda seni çoýjak mähri bar. Ötegçi duýgular gozganok kalby, Ham-hyýala aldananok göwün ýar. Söýgüde bijämiň çykmany üçin, Ýüregime ornaşypdyr düwün ýar. ■ Sende galdymy? Çagalyk ýyllarym geçiren ýaýlam, Arzuw-deňziň düri sende galdymy?! Söýgi derýasynyň boýuny boýlan Köňül wysallarym sende galdymy?! Şatlanan günlerim, aglan günlerim, Bagty gujagymda eglän günlerim, Umydym geljege baglan günlerim, Ajaýyp düýş kibi sende galdymy?! Söýgi dünýäsinde bagtly çaglarym, Arzuw etdik saýasynda baglaryň, Dünýäň bagtly pursatyndan ganmadym, Yşgyň sämän seri sende galdymy?! Yşgyň hesrinden aýlanan başym , Ajaýyp günlerden gurşalan daşym, Durmuş ummany deý ýürekde joşum, Söýgiň ganat peri sende galdymy?! Şatlyga däl ahmyrlara höwrügip, Söýgä däl-de salgymlara ýugrulyp, Yatlamalar ummanyna öwrülip, Didäň nemi, zeri sende galdymy?! ■ “Ezizim, sen maňa “aglama” diýme!” (Ogultäç Oraztaganowa). “Aglama” diýme! Bir güllän daragtym, uçurdym gülüm, Ezizim, sen maňa “aglama” diýme! Köňül şalygymy terk eýläp bu gün, Ezizim, sen maňa “aglama” diýme! Tutarryk eýleýip namardyň gepin, Islegiňe garşy eýleýip höküm, Gerdenime atyp aýralyk ýükün, Ezizim, sen maňa “aglama” diýme! Alyslara uçdy, arzuwmyň guşy, Soňlanmaz dertlere atardy başy. Didämden akdyryp ajy gözýaşy, Ezizim, sen maňa “aglama” diýme! Güýz şemaly sypalaýa ýüzümi, Ýüpsüz daňdyň ýollaryňda gözümi, Soňlamaga goýman diýjek sözümi, Ezizim, sen maňa “aglama” diýme! Sen – şahaňda arzuwlarym serlen bag, Henizem kalbymda sensň şamçyrag, Ýüregimde ýasap armanlardan dag, Ezizim, sen maňa “aglama” diýme! ■ “Jan” diýjek! Ak atynda, ak bagtymy getirdiň, Ezizim, men saňa diňe “jan” diýjek! Arzuwyma-myradyma ýetirdiň, Ezizim, men saňa diňe “jan” diýjek! Şatlyk doly, söýgi doly her güne, Mähribanym, mähriň ýeter ömrüme, “Bagtym” diýsem, kemter ýaly göwnüme, Ezizim, men saňa diňe “jan” diýjek! “Bagtym” diýsem, goşa ganatym borsuň, “Janym” diýsem, söýgi kamatym borsuň. Saňa bolan söýgim äleme dolsun, Ezizim, men saňa diňe “jan” diýjek! Söýginiň mukamy-sazy sende bar, Ömrümiň gül açjak ýazy sende bar, Seni maňa köp görmesin Biribar, Ezizim, men saňa diňe “jan” diýjek! ■ Sensizlik Seret, baglar başyn aşak salypdyr, Biwepa söýgimiň ýasyn ýaslaşyp. Leýlisaçyň tarlarynda galypdyr, Senli ýatlamalam eňräp-aglaşyp. Bir ýalňyz syrdaşym garagol şemal, Meni taşlap nirelere gitdikä? Ýürekgysgynç bu boşlugyň, barlygyň, Gaýgysy kän, gussasy kän, derdi kän. Ikimize pata beren durnalar, Ýene ýazlamaga şaýyn tutdular. Senli joşup akan derýaýy kalbym Bulanypdyr, indi neneň durlanar. Her gün bagda döwre guran bilbiller, Göwnüme bolmasa, bu gün aglaýar. Boýnumdaky sowgat beren ýaglygyň, Seni çagyrýan deý dynman galgaýar. Arzuwymyň wysalynyagtaryp, Ýatlamalaň girdabynda urunýan. ...Şükür, bulut örten asmanyň ýüzi, Dura-bara, dura-bara durulýar. ■ Em bar diýseler... “Ýaraly ýürege em bar” diýseler, Gözledim güýz, gyşdan, bahar hem ýazdan. Ýarasyna mumýa gerek keýik deý, Ony idäp boldum sepil-sergezdan. “Ýaraly ýürege em bar” diýseler, Gözlegde geçirdim ömrüň ýarysyn. Gapymdaky tala tamamy daňyp, Çözdüm bu gün şol ýaramyň sargysyn. “Ýaraly ýürege em bar” diýseler, Indi ynanmaryn beýle çözgüde. Sargysyn aýyrsam, ýaram bitipdir... Em ekeni ýyndam wagtyň özi-de. *** Gozgaman kalbyňy, dertli ýaraňy, Oňa melhem kimin siňesim gelýär. Çagba bolup ýagyp, ýuwup garany, Dünýäni tämizläp diňesim gelýär. Höwes uçguny bar gara gözleňde, Men onuň umydy bolmak isledim. Arman däl-de aýdym bolup sözleňde, Dünýäňe bagt bolup dolmak isledim. Gözlerimi baglan süýji ýalanyň, Ajy hakykatyn görýärin sende. Seniň bilen geçse besdir ýyl, aýym, Gaşsyz göz men, sen bolmasaň eger-de. Hawa, janym, sensiz ýaşap bilmerin, Sensiz duman ýaly ömrüň dowamy. Indi saňa şygrym okap bermerin, Gozgaman kalbyňy, dertli ýaraňy. ■ Esger jigim gora eziz Watany Atalaryň arzuw eden mesgeni, Türkmenistan – rowaçlygyň watany! Sen bagtyýar döwrüň bagtly esgeri, Esger jigim gora eziz watany! Kerem-keramat bar dag-u-düzünde, Bol rysgal bar bereketli güýzünde, Hyjuw, dogum görnüp dursun gözüňde, Esger jigim gora eziz watany! Ejem janyň beren ak süýdün haklap, Hyzmat et çyn kalpdan il-güne, halka. Esgerlik kasamyň ýadyňda saklap, Gora jigim bu mukaddes watany! ■ Yşk Seniň şol gidişiň, köwlenmediň soň, Eý, yşkym, sen birden geläýme gaýdyp. Gorkýaryn men ýene yşka düşerden, Arzuwlar kalbymy paralar öýdüp. Sensizem ýaşaýan, sensizem ýazýan, Her säher yşk hakda şygrymy sözläp. Söküp ýörün, söýüp ýörün dünýäni, Öz-özünden gaçýan diwana meňzäp. *** Ykmanda men, güýç-kuwwat ýok ysgynda, Gezip ýörün ýyly söze zar bolup. Gül ömrümi kül eýledim yşgyňda, Takadym ýok, pany-jahan dar bolup. Gözlerim keşbiňi idäp ýadamaz, Tükenýänçä röwşen nury çyragy. Dilim seň waspyňy sözläp ýadamaz, Tä ýanýança bagtyň baky çyragy. Aramyzda aýralygyň ummany, Bir bütewi bolunmajak ada biz Mähribanym bu durmuşda hiç haçan Unutmarys eden ähti-wadamyz. Ýaşarys umytly ertire bakyp, Göribiň duşmanyň içini ýakyp. Haçandyr bir wagt gider aýralyk, Bize beren ýükün egnine atyp. Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||