11:12 Zinka / poema | |
1944-nji ýylyň iýunynda Kimiň radistkasy Smirnoýdan “Programma boýunça hereket edýäris...” diýen iň soňky telegramma alynýar. Sowet razwedkaçysy Kuzma Gnedaş Kim ady bilen moskwaly, Nowobasmannaýa köçesinden Klara Dawidýuk bolsa Smirnoý ady bilen faşistleriň tylynda hereket edip, gahrymançylyk görkezýärler.
Poemalar
ZINKA Sowet Soýuzynyň Gahrymany, polkdaşym Zina Samsonowanyň ýadigärligine. 1. Şinelmizi üstümize atynyp Bir-birege gysmyljyrap ýatyrys. Şahasyndan jyda düşen agajyň Nalasyna daňymyzy atyrys. -Ýulýa jan, gaýgy-gam daşdadyr menden, Ýöne bu gün erkim ýetenok oňa. Alma baglygyna bürenen öýde Mähriban ejem jan garaşýar maňa. Bagymyzyň her pudagy, her güli, Gelmegime garaşýandyr sabyrsyz. Ýulýa jan, tukatlyk daşdadyr menden, Gaýgy-alada-da ýokdur abyrsyz. Şeýdip, maňa ýüregiňi dökýärkäň, Birden buýruk boldy “Gitmeli öňe!” Ýola düşdük ýene esger gyz bilen, Çyg çeken şineli atynyp egne. Şeýde-şeýde öňe gitdik merdemen, Şowhun-şagalaňsyz uzak ýol sökdük. Orşuň eteginde düşüp gabawa, Duşman halkasyndan zor bilen çykdyk. Ölemizden soňky şöhrat üçin däl, Şöhrat bilen ýaşamagy isledik. ...Şol pursat näçe ejir çeksek-de, Wepat bolan gyzy güle besledik. Jesedini ýapdym şinelim bilen, Aglamazlyk üçin dişlerim gysdym. Rýazan topragnyň baglary hakda Belorus şemalnyň aýdymlaryna Ses-sedasyz bir dem men gulak asdym. 2. ...Zina jan, gam-gussa daşdadyr menden, Ýöne bu gün erkim ýetenok oňa. Alma baglygyna bürenen öýde, Mähriban ejeň jan garaşýar saňa. Dost-ýarym kän meniň, ýürekdeş bary, Onuň bolsa ýeke-täk sen ýalňyzy. Bilýän, häzir müşki-anbar baharda, Ýadyna düşýändir mähriban gyzy. Garry eneň oturandyr bu mahal, Ikonaň başynda yşygy ýakyp. ...Niçik habaryňy ýetirkäm oňa, Otyryn Zina jan, müň gussa çekip. ■ Prolog Klaranyň doglan ýyly, Dünýä inipdirin menem. Bizi gür baga sanýaly Getiripdir enelerem. Mähelleli wokzallarda Zogun çaldy otly bary. Bizden uzakda-da däldi, Klaranyň ýaşan ýeri. Mähremdi bu ýerler maňa, Her bir öýe beletdim men. Nowobasmannaýa köçesine Süýt almaga gatnapdym men. Bir-iki däl, bäş-onam däl, Duşuşypdyk biz kän ýola. Gözüm ýetip durmudy, wah, Bu zatlaryň boljagyna?! ■ Giriş Ýygralykmy, utanjaklyk, Hemraň kitap, asudalyk. Birdenem üýtgedi bar zat, “Urra!..” biz aýaga galdyk. Öýdäkiler “Gitme!” diýip, Ýalbarýarlar, ýalbarýarlar. Bir topar gyz, soň raýkom, Joralaryň goldaýarlar. Belki, şonda görendirin, Ýatdamy, kä hemme zatlar. Döwür diýseň galagoply, Ýatlamalar gatbar-gatbar. Ýöne bilýän, jeňe tarap, Ilki başyň galdyrypdyň, Arza bereňde raýkoma, On altyny doldurypdyň. Rehmi inip, sekretar hem: “Çagajyg-a sen...” diýipdi, Şonda-da juwan Klara, Özüni esger saýypdy. ■ Soňy Ýeňşiň gelenini buşlap, Atylýardy salýut bary. Emma duşman dek ýatanok, Öçli Gitler jellatlary. Ysyrganýar tokaýlarda Gözleýärler ýoldaş Kimi. Arman, ýaralanypdyr ol, Alýar häzir soňky demi. “Gidiň” buýrugyna, Kimiň Diňe sen boýun bolmadyň. “Git, Klara, git sen, uýam!..” Ýok, ýok, sen ädip bilmediň, Gutardy ok, hyrçyň dişläp, Gujakladyň ony mäkäm. “Programma esasynda Hereket edýäris...” sesiň Efirde ýaňlanypdy kän. ■ Klaranyň owazy Klara Dawidýuk bilen Kuzma Gnedaşy Slonim atly belorus şäherinde bile jaýladylar. Bizi birek-birekden Hiç kimiň, hiç haçan Aýryp bilmejegini Aýdýan aç-açan. Bir jan, bir ten, jaýladylar Esger mazarynda bizi. Gurban etdik munuň üçin Iň gymmat zat-janymyzy. Jana hoştap säher gelse, Bürenýäris elwan güle. Gülälekler ygşyldaşýar, Anbar ysly sagy-sola. ...Ahmyrym ýok bu dünýäde, Puşman edemok, hiç zada. Ene jan, men bagtly ekenim. Girip, ýanyp duran oda. ■ Epilog Ýyllar geçýär gam-gussany ýeňledip, Hälem Basmannyda dertli bir ene. Çagalaryň eşidilýär şowhuny, Ene tagzym edýär gelip-gidýäne. Öz adyny özi ýazdy taryha, Oň ýadigärlige mätäçligi ýok... Asmandaky Zöhre ýyldyzy ýaly, şöhlesine böwet bolup bolanok. Ukusyz geçirip gijelermizi Oýlanýan, ser salýan geçen ykbala. Onuň bilen bir ýa iki gezek däl, Duşuşypdyk onuň bilen kän ýola. Gözüm ýetip durmudy, wah, Bu zatlaryň boljagyna?!. Ýuliýa DRUNINA. Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 19.04.1980 ý. • ЗИНКА Памяти однополчанки – Героя Советского Союза Зины Самсоновой 1. Мы легли у разбитой ели. Ждем, когда же начнет светлеть. Под шинелью вдвоем теплее На продрогшей, гнилой земле. – Знаешь, Юлька, я – против грусти, Но сегодня она не в счет. Дома, в яблочном захолустье, Мама, мамка моя живет. У тебя есть друзья, любимый, У меня – лишь она одна. Пахнет в хате квашней и дымом, За порогом бурлит весна. Старой кажется: каждый кустик Беспокойную дочку ждет… Знаешь, Юлька, я – против грусти, Но сегодня она не в счет. Отогрелись мы еле-еле. Вдруг приказ: «Выступать вперед!» Снова рядом, в сырой шинели Светлокосый солдат идет. 2. С каждым днем становилось горше. Шли без митингов и знамен. В окруженье попал под Оршей Наш потрепанный батальон. Зинка нас повела в атаку. Мы пробились по черной ржи, По воронкам и буеракам Через смертные рубежи. Мы не ждали посмертной славы. – Мы хотели со славой жить. …Почему же в бинтах кровавых Светлокосый солдат лежит? Ее тело своей шинелью Укрывала я, зубы сжав… Белорусские ветры пели О рязанских глухих садах. 3. – Знаешь, Зинка, я против грусти, Но сегодня она не в счет. Где-то, в яблочном захолустье, Мама, мамка твоя живет. У меня есть друзья, любимый, У нее ты была одна. Пахнет в хате квашней и дымом, За порогом стоит весна. И старушка в цветастом платье У иконы свечу зажгла. …Я не знаю, как написать ей, Чтоб тебя она не ждала?! 1944 г. | |
|
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |