00:42

Ärtogrul Gazy

ÄRTOGRUL GAZY

Türkdür, türklüge giden bu ýolda,
Söz bolup ýañlandy Ärtogrul Gazy.
Oguz illerinde ýigrimi dört boýda,
Goja çynar boldy Ärtogrul Gazy.

Oguz han Meteden, düýnden bu güne,
Türk söweşi meñzär toýa, baýrama,
Ötükenden Ergenokon dagyna,
Ajap ýöriş kyldy Ärtogrul Gazy.

Haýma ene, Şeýh Edebaly hojasy,
Alty asyrlap dowam etdi bijesi,
Adalatdy goýan beýik mirasy,
Ataşda köz boldy Ärtogrul Gazy.

Gazy alplar, derwüşleriñ ýoldaşy,
Boýny buruk ýetimleriñ syrdaşy,
Dine garşy duşmanlaryñ kindeşi,
Hak gylyjy boldy Ärtogrul Gazy.

Elleri gylyçly türkmen begleri,
Adat kükär baýramlary, toýlary,
Sögüt, Domaniçde gaýy boýlary,
Bizansa dert boldy Ärtogrul Gazy.

"Ilki toprak, soñra baýdak!" jümlesi,
Garakeçeli ýigitlerniñ türküsi,
Taryhyñ şanydyr gaýy kyssasy,
Türke döwlet boldy Ärtogrul Gazy.

Bir garyp men, aslym gaýy boýundan,
Kyýamata deñiç baky kowumdan.
Ýörük illerinde türkmen toýunda,
Undulmaz yz boldy Ärtogrul Gazy.

Taner NYŞANJY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 362 | Добавил: Нawеran | Теги: Taner Nyşanjy | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bolsa şol gün... / Goşgular - 18.01.2023
Duýgularym / Goşgular - 10.02.2023
Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023
Gideli gara daglara / degişme-goşgy / Goşgular - 04.02.2023
К 16 января 1814 года / Goşgular - 16.01.2023
«Рожь вокруг волновалась… и шелест стеблей…» / Goşgular - 29.01.2023
П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023
Gonamçylykda / Goşgular - 12.02.2023
И опять снега / Goşgular - 08.01.2023
«Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]