21:00 Aşyk men | |
Görejinde gördüm Watan söýgüsin,
Söýgüli ýar, gözleriňe döneýin. Oýandyrdyň ýaş göwnümiň duýgusyn, Baldan şirin sözleriňe döneýin. Garamyk deý gözleriňe aşyk men, Hoş, ýakymly sözleriňe aşyk men. Dilin tapyp maşynlara jan berýän, Zähmetsöýer gollaryňdan aýlansam! Naýçalaryň kelebini sazlaýan, Çeper, nepis elleriňden aýlansam! Barmaklaryň bagtly durmuş açary, Rehim et sen, golaýyma gel bäri. Azat durmuş, sapaly gün illerde, Seniň bilen süreli biz döwrany. Şeýle söýgi görüp - eşden her ýerde Höweslensin, bolsun onuň haýrany. Ýar boýuňa boýum deňäp göreýin, Gel, gözelim, gol tutuşyp ýöreýin. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |