19:31

Gökböri / hekaýa

GÖKBÖRI

Türkmende şeýle bir atlar bar: gulagy gamyşdan, naly kümüşden, toýnagy şirmaýy, ýaly ýüpekden, oýny — oglanyňky, näzi — gyzyňky, ýörese — ulugyz, sallansa — gelin, sarkanda — suw kibi, syçranda — ýalyn, ýelden ýüwrük, Ýerden agras...
Şeýle atlary görende, Çaman özüniň atlygyna, at adyny göterip ýörenine utanardy. Iň erbedem, gözüni açyp gören hossary, şondan bärem daşynda kebelekläp ýören Permandan utanardy.
Bir garybyň ýeke ogly, çagaka ata mährinden mahrum galan Permanyň bolsa, garabagyr ejesinden hem şu atdan başga hiç zady ýok.
Dogry, bir mäkiýan towuklaram bar, ýöne o-da Perman ýaly, şu Çamanyň hyzmatynda. Ýekeje ýumurtga guzlabildigi, Perman şo ýumurtgany alyp, Çamanyň ýanyna ylgaýar. «Iller şeýdýämiş» diýseler, o-da atynyň iýmine ýumurtga çakyp berýär.
Wah, ýöne...Çaman atdan ýaman at ýok. Ýumurtga ber, bal içir, alma ýa käşir dogra... Şol Çamanlygy. At däl-de, dirije ahmyrdyr. «Näderkä» diýip, käte bir çapuwa salarsyň welin, illeriň aty öňe, seňkem Mürzeweliň atyna meňzäp, yzlygyna gidýän ýalydyr. Diňe öňdäki atlar hol garagörnümde telpegini bulaýlap duran eminiň daşyndan öwrüm edip, yza — pellehana tarap atylanlarynda, şonda olar-a yza, seňkem öňe barýan ýaly duýarsyň...
«Yza gaçmaşak bolsa, agsak ozar» diýlişi ýaly, sen muňa-da kaýylsyň. Ahyr bir gün agsagyň, çamanyňam döwri gelmegi mümkin-ä...
Iň bärkisi, obanyň garagol oglanjyklary näme, şolaram eşejiklerini dikgirdedip, öz ýoluna gidibermän:
— Eý, Perman, meniň bilen çapyşjakmy? — diýip, jykyrdaşyp geçýärler.
Çamanam bolsa, eşekden ýagşy. At ady bar. Çaňa galsa galyp geçsin, gapyňda kişňäp durany nämä degmeýär. Şonuň üçin Permanam, Çamanam bu jykyrdylara pitiwa edip duranok.
Ýedi ýaşamanka, atadan galan Permanjygyň şu ömründe atly ýigit bolaryn öýdüp umydam ýokdy. Ynha-da, bir gün daýysy Goçmyrat aga, Mäkäm baýyň at ugrundan ýeke-täk ynamdary Goçmyrat seýis Permanjygy ýanyna çagyrdy-da;
— Ýegen, şojagaz taýy nähili görýäň? Şony saňa beräýsek, seredip bilermiň?! — diýäýdi.
Şodur-da şodur, Permanjyk bilen Çamanjyk ikisi dogan okaşan ýaly, bir jan — bir ten boldy. Biriniň ady tutulsa, ikisem bile şapadaňlaşyp gelýär.
Goçmyrat seýsiň özem atyň ahyrynda ulalanlaryň biri bolansoň, ýegenjiginiň diňe şujagaz şatlygy üçin, aýal doganynyň iňirdilerini eşitmediksirän bolýardy.
Goçmyrat seýis! Ynha, sapana salaýmaly, çortmajyk bir pyýada... Ýüz-gözi ýygyrt-ýygyrt, maňlaýy gasyn-gasyn. Şeýle adamyň ýüzi gam-gussa bürelip, eňşäp durmaly ýaly welin, onuň her ýygyrdy ýylgyryp, her gasyny gülümsiräp dur. Öz boýnunda-da gol doly maşgala, suw ýalyjakka ýetim galan ýegenjiklerem üstesine... Şonda-da, Goçmyrat aganyň başyny tutup, yranjyrap oturanyny ýa-da Mäkäm baýyň huzurynda çöke düşüp, «Jan aga, özüň bil!» diýip duranyny gören ýokdur.
Ömrüňde bir gezek, onda-da şu Çaman üçin, has dogrusy, ýegeni Perman üçin baýa dileg saldy.
«Bir goýundan agam dogar, gara-da» diýlişi ýaly, Mäkäm baýyň tohum mallarynyň biri bir gezek tazynyň güjügi ýaly bir zat taşlady. Kellesi, gurt çagasynyňky ýaly — göwresinden uly, aýajyklary iki garyş, dyzçanaklary goşaýumruk ýaly... Reňkem demir gyr. Muny görenden, Goçmyrat seýis başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp, «Hak-k»... etdi. Ýaňky taýjagaz dört aýagyna galjak bolup, galyp bilmän, okara ýaly gözleri bilen Goçmyrat agaň ýüzüne naýynjar seredende bolsa, goja seýsiň ýüregi suw ýaly süýşüp gitdi.
— Baý aga, emrindenmi-kömründenmi, bilmedim, ýöne bujagazdan idili at-a çykmaz, tohumlyga-ha hijem ýaramaz... Indi, şujagazy maňa bagyşlaýsaň diýip geldim men-ä!
Mäkäm baýam baýlygyny etdi-de, Hüňkäriň aýdyşy ýaly, «Düldüliň çagasy bolsa-da, bar, şol seniňki bolsun!» diýdi. «Ýöne bir şert bilen: hiç haçan şonuň ady Mäkäm baýyňky diýip tutulmaly däldir!» diýibem, üstüne goşdy. Goçmyrat seýsem bu girdenek taýçanagy biraz bakyp-bejerip, ese-boýa galdyransoň, Permanjygy ýanyna çagyrdy-da;
— Ýegen, şojagaz taýy nähili görýäň? — diýdi... Anha, bolany.
Atlary suwa ýakmaga ýa düşürmäge gidenlerinde, «Daýy, daýy jan! Menem gapdalyndan ylgaýaýyn-da!» diýip, ýalbaryp ýören oglanjygyň ýüreginiň şonda nähili gopup, nähili uçandygyny diňe şojagaz ýürejigiň özi bilýändir.
Atyň howalasam özüňe belli. Entäk murty tabap-tabamanka, Permanam bir mahy-tabana aşyk boldy. Onda-da kime diý?! Mäkäm baýyň körpe gyzy Keýige. Al, saňa gerek bolsa! Onam, näme, adam ogluna aýtman, bir gün gezersiň, bir ýyl gezersiň, ahyrsoň, garabagyr ejeňe-hä aýdarsyň...
— Hiýh... — diýip, Permanyň ejesi görgüli ilki ýakasyny tutdy. «Oglum, senem indi ýigit çykdyň. Senem indi... Heý, bir, gözastyna alýanyň barmydyr ýa-da...» diýip soranyna puşmanlar etdi. Bir gün käýindi, iki gün käýindi, üçülenji gün «Keýik janyň ejesi bir wagt jan ýaljak joramdy ahyryn!» diýip, öz-özüne basalyk berip, gysyrja düwünçegini goltugyna gysdyryp, Hudaýy çagyryp, Mäkäm baýlara tarap ýelk ýasady.
Gowy habarmy ýa erbet bolsun — aýal milleti ilki bir ýakasyna ýapyşmasa, bolmaz. Mäkäm baýyň aýaly, Keýik gyzyň ejesi Hajarbaýam Permanyň ejesiniň habaryny alansoň, ýakasyny tutup, esli salym oturdy, «Nä ýüzüňe geldiň, tur, gaýt!» diýse-hä, çagalykdan bileje ösüp, syr alyp-syr berşen jorasy. «Bor, hany, kakasyndan bir sorap göreli!» diýse-de, soraljak adam — ýer sarsdyryp oturan Mäkäm baý.
Onsoň Hajarbaý «Jora jan, sen çaýyňy içiber bakaly!» diýip, gapdaldaky ak öýde gaýma gaýap oturan gyzynyň ýanyna ugrady.
«Şeýle, şeýle, gyzym!» diýenden, gyzy ör-gökden gelip, tasanjyrap turup gider, şoň bilenem gürrüň gutarar öýtdi. Tasanma nirde, Keýik gyzam ýüzüni ketenisi ýaly çög-gyzyl edip, ýere seretdi oturyberdi. Iki oduň arasynda galan Hajarbaý «Waý, ýüzüň gursun!» diýdi-de, iki tarapyny deňläp, äriniň huzuryna bardy.
...Aňyrdan ot alan ýaly bolup gelen Hajarbaýy görende, Permanyň ejesi bar zada sözsüz düşündi, Hajarbaý «Jora jan, biz-ä entek...» diýip-diýmänkä, düwünçegini goltugyna gysdyrdy.
Hajarbaý jorasyny ugratmana çykanda, birden uludan demini aldy-da, göýä, öz-özüne aýdýan ýaly:
— Uly ile metgi bolup ýörenden, atsyz bolsa bolmaýamy... — diýdi.
Munuň häki bir aýtgydyna, ýüpüň üstüne un serilmedigine düşünse-de, Permanyň ejesi «Hä, eje, gurtmy — tilki?» diýip öňünden çykan ogluna ony aýtman saklanyp bilmedi. Onda-da, ýöne aýtmakçy...
― Atyň gursun balam, atjagazyň gursun! — diýip, goltugyndaky düwünçegi öýüň törüne tarap pyzyp göýberdi.
Perman birsalym doňdy. Özüniň elýetmez sahadan asylanyna garyp göwün şobada düşündi. Onsoň Perman sessiz-üýnsüz, dulda asylgy duran gamçysyny silkip aldy-da, ýerdölä tarap ugrady.
...Ýerdölä güpürdäp inen, eli gamçyly, ýüzi tikenli Permany görende, Çaman bir bolmasyz işiň bolanyny aňyp, tisginip, horguryp, yza-yza tesdi. Emma, Permandan onuň garaşany çykmady. Perman... gamçysyny düýrlemesine-düýrledi, gezemesine-gezedi-de, ony Çamanyň däl-de,özüniň depesinden inderip ugrady. Kellesinden, arkasyndan, eginlerinden, aýaklaryndan... bar ýerinden!
Gamçy her gezek Permanyň tenine şerpyldap degende, Çaman janawar tisginip gidýärdi.
Şeýde-şeýde, ysgyndan gaçan Perman bir öwrümde Çamanyna tarap seredende, onuň alma ýaly gözlerinden togarlanyp gaýdýan gözýaşlara nazary düşdi. Şonda ol biygtyýar, gamçysyny taşlap, atynyň boýnundan gujaklady-da:
— Wah, atym, jan atym...— diýip sojady. Gijäň birwagtam Çamanyň ahyrynda süýnüp, uka gitdi. Çamanam tä daň atýança, dört aýak üstünde, eýesiniň başujunda garawulçylyk çekdi. Käte ymyzganaýsa-da, taýçanakka bileje çapyşyp ulalan, soňra goňşy obadan bir tohum mal diläp gelene satylan Jeren bir ýerlerden uçup gelip, teý uky bermedi...
Günler geçip, aýlar aýlanyp, ýyl süýşdi. Keýik gyza kän-kän ýerden, men-men diýen ýerlerden sözaýdyjy gelse-de, alan galalary bolmady. Dogry-da, baýyň diýeni bolan ýerde, baý gyzynyň, onda-da körpe gyzyň diýeni bolmazmy?
Ýöne... toýam gowy zat! Ýylda bir uly toý bermese, şol toýda-da bir ýyllyk girdejisini orta dökmese oňmaýan Mäkäm baýa-da, ynha, başga bir toýluk bahana tapyldy: ol ogul agtykly boldy. Muňa iki bolup bilmedik baý:
— A-ha-haw, halaýyk! Mäkäm baý agtygyna ýedi gije-gündizläp toý tutjakdyr-la haw! Pälwanyň barmy, ýüwrük atlyň barmy — gelibermelidir-haw! Owlakçapdy oýnam boljakdyr-haw! — diýip, jar üstüne jar çekdiriberdi.
Bu jelagaýlarda känbir ýoň bolmadyk hälki «owlakçapdynyň» manysyny soranlara Goçmyrat seýis şeýle düşündiriş berdi:
— «Gökböri» diýibem bir ady barmyşdyk ol oýnuň. Aý, böri ýaly, aç gurt ýaly bolmasaň, golaýyna bararlygy ýokdur-da... Bir owlagy öldürip, iç-goşuny aýyrýalar-da, şonçarak agramda duz dykýarlar, soňam tikişdirip, gollaryny çatyşdyryp, orta oklaýarlar. Döw ýaly-döw ýaly, atly pyýadalaram «oňaldy» edişip, ýaryşyp ugraýarlar. Kim owlagy hiç kimsä aldyrtman, alyp çyksa hem şoň bilen pellehana öň gelip bilse, şo-da ýeňiji bolýar. Meniň-ä, ynha, bilýänim şol!
— Be-e, walla, öz-ä bir täsin oýun eken... — diýip, soranlar oýa çümdüler. — Ýeri, onsoň, biziň obalardan ol oýna çykyp biljek barmydyr? Mäkäm baý şony pikir etdimikä?
Bu gezek Goçmyrat seýis çuň oýa çümdi. Dymyşlygy Permanyň mazaly ýognap ugran sesi bozdy:
— Şoňa.. men çykyp göräýsem, bolmazmy?
Goçmyrat seýsiň ýüzündäki gasynlar bu gezek ýylgyrmady-da, güreldi.
Ol:
— Häý, bir zat tapaýýaňyz-aý! — diýdi-de, Mäkäm baýamy, öz ýegeninemi ýa-da «Gökbörini» tapanlaramy käýinip, syýnyny silkip, ýerinden turdy.
Agşamara, seýis ýene durubilmän, ýegeniniň ýerdölesine bardy. Aşak inen ýerde oturdy-da, atyny iýmläp duran ýegeniniň çagalykdan gara işde bekeşen goşarlaryny, damar-damar, çigin-çigin bolup duran gollaryny, eginlerini synlady. Soňam:
— Näme ol, berýän zadyň? — diýip azm bilen sorady.
— Äý.. tapan-tupanymy beräýýän men-ä! — diýip, Perman müýnli ýylgyrdy.
Goçmyrat seýis tow berlen ýaly, böküp turup, atyň alkymyna bardy. Çamanamhütürdetmesini goýup, öz iýmini ysgaşdyrýan goja seýse geň galyp seretdi.
— Şunuň bilenmi? — diýip, seýis Çamana tarap elini uzatdy.
— Dagy näme bilen bolsun!
Goçmyrat seýis... «Hüh» etdi-de, Çamanyň daşyndan aýlanyp ugrady, ilki atyň dört aýagyny, toýnaklaryny, bilini, bykynlaryny, boýnuny elleşdirip gördi, birdenem;
— Şuň bilen diýsene! — diýip, atyň sagrysyna bir şapbat urdy. Duýdansyz şarpykdan tisginen Çaman hyzzyn atyp, iki aýagy bilen bir jüptek uranda, ýerdöläniň üçegini tozadyp goýberdi. Seýis yza tesip:
— O-ho..o-how... — diýdi-de, soňam «kyh-kyh» edip güldi. — Boljak ýaly-la how?!
Daýy-ýegen birsalym dymyşyp oturdylar.
— Men-ä siziň bu oýnuňyza belet däl! — diýip, hamana, «Gökbörini» ýegeni bilen Mäkäm baý oýlap tapan ýaly, Goçmyrat seýis igenip ugrady. — Uzakdan-ýakyndan, garaz, kän ýerden atly geljek sesi bar. hä, indi durubilseňiz! Owlak çapmada pir çykan ýigitlerdir öz-ä, görüň-dä! Men baýa-da aýtdym, menden size kömek ýok...
Goçmyrat aga maňlaýyndaky gasynlaryň arasynda gizlenip ýatan ýatlamalary örüzjek bolýan ýaly, maňlaýyny owkalaşdyrdy:
— Birwagt, çagarakkam-a görüpdim... Aga döw lakamly, biziň obadanam biri şoňa gatnaşardy, ýöne o-da soň şol oýun sebäpli maýyp boldy. Şoňa namys edibem, guma siňdi gitdi, gaýdybam gelmedi. Şol gaýraky gumda bir ýerlerde çopançylyk edýämiş diýib-ä eşidýäs...
Çamanyň özüne gaňrylyp seredýänini görüp, Goçmyrat seýis oňa gözüni gypyp goýberdi:
— Haýt, jüregetirmiş, masgara edäýmersiň-dä, hernä?.. Howwa, ýegen, saňa bir berip biljek maslahatym — ilkibaşda bir gurt oýnuny görkez, oňarsaň, orta urduryp gir-de, owlagy gapyp alyp, soňam göter ökjäni! Sen bir ýaş oglan, bu oýunlardanam hiç tejribäň, okuwyň ýok, olaram şony bilýändirler, senden beýle zada garaşýan däldirler, şonuň üçinem, arkaýyndyrlar, senem şol arkaýynlykdan peýdalan! Ýöne owlagy gapyp alaňsoň, her zat et — ony elden berme! Bir penjäni ursalar, goluň bilen goparyp alarlar. Dep, dişle, gap, garaz, golaýyňa getirme! Eşitdimi? — diýip, Goçmyrat aga Çamanyňam böwrüne dürtdi. — Eştdiňmi, ýegen?! — diýip, ýene Permana ýüzlendi. — Gamçyňam işlediber, bilmezlige sal-da! Ol oýunda beýle-beýle zatlara ýol berilýä diýip eşidýäs... Bu bir erkekleň oýnudyr, hele-büçük zada gatyrganyşyp durmazlar-a.
Goçmyrat aga «Ýene näme aýtsamkam?» diýýän ýaly, birsalym oýurganyp otyrdy-da:
— Äý, galanynam Alla oňarsyn! — diýdi. Turjak wagtam Çamana tarap ümläp:
— Ertir meň ýanyma elt, toýnaklaryny tekizläp, nal kakyp bereýin! — diýdi. — Toýa çenli öwrenişsin...
Şol günden başlap, Permandyr Çaman ikisi gaýraky gumuň içinde ertirden agşama çenli ýitirim bolmany, agşamara-da garasuw-ak köpük bolşup gelmäni çykardylar.
- Perman begem Çamany bilen towşan tutmany öwrenýän ýaly-la?!
— Bä-äý, onda-ha, gumda towşan galmaz-aý!
Şeýdip, gülşe-gülşe, toý gününe ýetdiler.
Şonuň öňüsyrasy, Permandyr Çaman ýol üstünde Keýik gyz bilen pete-pet geläýdiler. Şonda, Permanyň göwnüne, Keýik çalaja säginip, gabak astyndan bir sereden ýaly boldy. Soňra gyz çalt-çalt ýöräp, daşlaşyp gitdi.
Entegem arzuw kölüni gulaçlap barýan Perman gursagyny dolduryp, uludan dem alynda, Çaman janawaram nämüçindir, «haş-ş» etdi, ýörişem birhili üýtgän ýaly boldy.
Keýik gyzyň hol garagörnümde bir dem aýak çekip, yzyna garanjaklanyny bu ikisem, asla hiç kimse-de görmedi. Keýik gyzyň göwnüne bolsa, Perman däl-de, öz ýürejigi Çamana atlanyp, gidip barýana dündi. Şonda ol birwagt ýazlaga çykylandaky wakalary, Permanyň aýakýalaň, ýandakdyr demirtikenleriň üstünden ylgap barşyny, uly adamyňky ýaly gujurly gollary bilen goýun ýykyp güýlüşini, hiç kime baş bermeýän bir gedem goçy şahyndan towlap, güpürdedip basyşyny... ýatlady.
Gyz ýüregi — syrly sandyk. Şol ýüregi nämüçin ýüpek kimin ýumşaklygyň, özi deýin näzikligiň däl-de, Permandaky ýaly gödeksiligiň, gara güýjüň özüne çekýänligini, heý, düşündirip biljek barmydyr?! Ýa «Kim küýkini söýer, kim gaýkyny» diýlenimikä? Ýa-da dünýäň deňagramlylygyny saklaýan — şol, näziklik bilen gödeksiligiň özara sazlaşygy, itişip-çekişmesimikä?

***

«Gökböri» oýnunyň öňüsyrasy Goçmyrat seýis bir çetde atynyň boýnundan gujaklap duran ýegeniniň ýanyna geldi-de:
— Ýer-ow?! — diýdi. Soňam, Çamana-da eşidibräk: — Be-e, sered-ä, asyl Jeren janam myhmançylyga geläýen ýaly-la! — diýdi.
Seýis şeý diýenden, Çaman başyny silkip ýerden göterdi-de, alma gözlerini agdar-düňder edip, töweregine garanjaklady. Şol bir wagtyň özünde, Permanam hol beýleräkde depäniň üstünde al-ýaşyl bolşup duran gelin-gyzlara tarap ýalt edip seredenini bilmän galdy. Şonda onuň bürgüt gözleri şol al-ýaşyl topbagyň içinde aý ýaly ala-böle saýlanyp duran Keýik gyzy saýgaryp, tanap ýetişdi. Çamanyň gulagynda-da şol ýaşlykdaky inçejik, zaryn kişňeme ýaňlanyp giden ýaly boldy.
Permandyr Çaman ikisiniňem ýüregi ersip, ikisem bir-birine has berkräk gysmyljyraşdylar.
Onýança-da «A-ha-haw!!!» diýlen ses ýaňlandy.
Uzak bir obadan ýörite çagyrylyp getirilen ýaşuly emin telpegini ýokaryk galdyryp, owlakçapda gatnaşjaklaryň baryny daşyna tegelendirip, ilki bu ýaryşyň şertlerini ýene bir gezek gaýtalap düşündirdi, soňam gapdalynda duran jarçyny gygyrdyp, ýaryşyň baş baýragyny yglan etdirdi:
— Baş baýrak — bir köşekli düýedir-le ha-aw! Eşitdim-eşitmedim diýmäň-haw! Soň armanly galdym diýmäň-how!
«Başlaň». Telpek ýatdy.
Bu oýnuň, dogrudanam, tilsimi kän eken. Ilk-ä, öňden ham-çam bolşup ýören «Gökbörüçileriň» her üçüsi-dördüsi bir kowçum bolup, oýna bile girer eken. Beýlekilerem «ýerden ýeke çykan» däl. Munda ýeke bolsaň, çaňyň däl-de, külüň çykjak...
Onsoň, hälki kowçumdan biri saýlanyp, owlaga tarap topulanda, onuň ýoldaşlary beýlekileriň öňüni gabsalap, öňe başga atly geçirmejek bolup çalyşýarlar. Ýoldaşy owlagy ýerden garbap alyp, garma-gürmelikden saýlandygam, onuň daşyny gallaşyp, bile gamça basýarlar. Emma, eýlekilerem ahmal däl, olaryňam öz kowçumy bar...
Ýöne bu gezek bar zat başgaça boldy. Her kim öň döwşüp ýörenlerini gabalady-da, bir gapdalda garagulak ýaly ýapyrylyşyp duran Permandyr Çamana hiç kim ähmiýet bermedi. Emma, garaşylmadyk oýnam şolardan çykdy...
"Başlaň" diýlenden, atlylaryň bary owlaga topulman, bir-birini gysyp, itişip ugradylar. Şol aralykda-da, Permandyr Çaman orta atylyp çykyp, owlaga tarap okduryldylar. Bu bir... kelläňi etegiňe salmak, iň bolmanda, birki sany gapyrgaňdan geçmek bolýa... Öň görmedik oýnuň, daşyňam goragsyz!
Ýöne «Bilmedige bela ýok» diýlen bir gep bar, töwekgellik diýlibem ýene bir zat bar.
Baryndan beter, atlylary aňk eden başga bir ýagdaý boldy: Permandan öňürti Çaman ýerde ýatan owlak läşine agyz urdy-da, ony bir silkende boýy barabar galdyrdy. Permanam owlagy gapyp alyp, öňüne kese basdy. Awunyň elden gitjegini aňan atlylar basym aýňalyp, desbi-dähel Permandyr Çamanyñ daşyna aýlanyşdylar.
Daşynyň gabalanyny gören Perman:
— Çüw, çüw... çüw, atym, çüw! — diýip, gamçysyny aldygyna aýlap, şuwladyp ugrady. Bu «çüwüň» entek hakyky «çüw» däldigini bilýän ýaly, Çamanam agzyny hatap ýaly açyp, duran ýerinde hozanak bolup, ters aýlanyp, hyzzynlap başlady. Asyl bu ikisiniň ýan-golaýyna barar ýaly däl. Köpügören atlardyr atlylar bu geň oýna aňalyşyp, nätjeklerini bilmän, birsalym sägindiler.
Şu aralykda, Perman üstüne abanyp duran atly galanyň bir ýerinden çalaja gädik açylanyny görüp, Çamanyň başyny şo tarapa öwürdi-de, atyny debsiläp, bogazyna sygdygyndan:
— Bas, atym! — diýip gygyrdy.
Permandyr Çaman tüpeň nilinden çykan ok ýaly, şol yşaradan atylyp çykyp gitdi. Beýlekilerem sozanguýruk bolşup, bularyň mekgesine mündiler.
Indi olaryňam agzy birikdi. Ikä bölünip, iki tarapdan gарdаllар kоwdulаr. Emma, olary endişä goýýan bir zat: Çaman gönüläp däl-de, towşanyň gaçyşy ýaly, eýläk-beýläk sap atyp, gepiň gysgasy, bulaşdyryp çapýardy. Rawylar aýtmyşlaýyn, birzaman Kösäniň Bozdumany, gaçyşlyk bolanda, şeýdip çapar eken.
...Permanam, Çamanam, nirä barýandyklarynam bilmän, şol gyzgyna eňip barýarlar. Yzdaky at toýnaklarynyň güpürdisiniň barha golaýlaýanynam aňýarlar. Ine-de, kowguçylaryň iň öňdäkileri bular bilen deňleşdi. Permanyň her tarapyndan bir äpet penje, bürgüt penjesi ýaly, owlaga tarap gerildi. Edil şo pursadam, Çamanyň gulagyna yzdan bir ýerlerden şol tanyş, zaryn kişňeme eşidilen ýaly boldy. Ol sakga durup, hyrra yzyna öwrüldi. Şu ýagdaýda, at üstünden güwläp gaýtmazlyk üçin, ýa-ha sakyrtga, ýa-da Perman bolmaly...
Kowguçylaryň birtopary, badyna, gapdaldan hasyrdaşyp geçip gitdiler-de, hol aňyrrakdan öwrüm berip, Permandyr Çaman ýene bir oýun toslaýan bolaýmasyn diýen ätiýaç bilen, heşerlenişip durdular.
Çamanyň jam ýaly gulaklary hälki owazy bu gezek aç-açan eşitdi. Jereniň sesimi? Jereniň sesi! Gitdikmi? Gitdik. Yza tarap — öňe!
Entek ýeke gezegem höwür garasyny görmedik nowjuwan at, jahyl ýüregine, çigindir boýunlaryny ýaryp barýan tereň güýje bäs gelip bilmän, gazap bilen çapýardy.
Çamana bu güýç, bu gaýrat nireden geldi — Alla bilsin! Ol, göýä, bu Alyň ala meýdanyndan öňki-soňky galan ahmyrlaryny çykarjak bolýan ýaly, ýerläp uçýardy. Onuň şeýdip çapyp bilýänine üstündäki Perman-a däl, Çamanyň özem şu wagt ynanmaýan bolsa gerek.
...Perman owlagy getiräge-de, egin deňläp duran Mäkäm baýdyr baş eminiň aýaklarynyň astyna oklanda, akly-garaly, gyzyl-çyzylly bütin toý mähellesi bir adam ýaly bolup, hüwwe ýerinden galdy.
Murtlaryny towlaşdyryp, bir-ä gapdalyndaky emine, bir-de Goçmyrat seýse, käte-de Permandyr Çamana seredip duran Mäkäm baý barmagy bilen yşarat edip, ogullarynyň birini ýanyna çagyrdy.
Birsalymdan, Keýik gyzyň ellerinden çykan çog ýaly haly Çamanyň arkasyna atyldy. Goçmyrat seýis Çamanyň jylawyndan ebşitläp:
— Ýegen, bar, düýäňe eýe bol, baý agamyz gaýtmyşym edäýmänkä! — diýip, aty ylgaşladyp, özem ýaş oglan ýaly, ýany bilen ylgap gitdi.
Atlaryndan düşüp gelen «gökbörüçilleriň» bary Permanyň daşyny aldy, elini gysýan haýsy, arkasyna kakýan haýsy, gujaklap, maňlaýyndan ogşaýan haýsy...
— Sen oglany indiki ýaryşda-da bir göreli, bakaly! — diýip, ynha, boýy düme biten ýaly bir pyýada ýarym oýun bilen haýbat atýar.
— Pylan aýyň pylançasyna obamyzda şuň ýaly bir uly toý bar, şoňa barmalysyň! — diýip, ýene biri toýa hem ýaryşa çakylyk edýär.
— Atyňy satma niýetiň-ä ýokdur?! — diýip, başga biri eýýäm nyrh kesişjek bolup dur.
Permanyň bolsa şu wagt gulagy zat eşidenok, gözlerem... diňe Keýik gyzy gözleýär.

***

Toýlar sag-aman sowlandan soň, Goçmyrat seýis başlyklaýyn, ýene bir sözaýdyjy Mäkäm baýlara tarap ýola düşdi.
Goçmyrat seýis salam berip, içerik ätländen, egnindäki çog-gyzyl halyny bir böwre adam söýän ýaly edip söýedi-de:
— «Döwletliniň maly gaýdar» diýipdirler, baý aga, biz-ä şu halyny hak eýesine gowşuraýaly diýip geldik! — diýdi. — Ýerine, bir dilegjigimizem bardyr öz-ä, baý aga!
Soňrak, Goçmyrat seýsiň «kyh-kyhy» bilen Mäkäm baýyň «loh-lohy» goşulyşyp, sazlaşyp çykyp ugrady.
...Ynha, şeýdip, ýene bir toýluk bahana tapyldy оturyberdi.

Kömek KULYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 571 | Добавил: Gökböri | Теги: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]