16:31

Mazarystanda

MAZARYSTANDA

Ol ýatan nähili adamdy, kaka?
– Gyzyl deý adamdy, niýeti ýagşy.
Bu ýatan nähili adamdy, kaka?
Gymmatçyl diýmeseň, bagşydy bagşy.

Ol çetdäki aýal neneňdi, kaka?
– Mertdi, ary üçin ärden geçipdi.
Bu zenana bahaň neneňsi, kaka?
– Onda baha ýokdy, göwni açykdy…

Ol ata nähili atady, kaka?
– Sadady, kösenip ötürdi ömrün.
Bu ene nähili enedi, kaka?
– Mähremdi, göteren bolmady göwnün.

Kaka, onda neçüýn diri adamlar
Dürli gylyklara paýlanýarkalar?
Bulaň bary gowy ynsanlar bolsa,
Erbetler nirede jaýlanýarkalar?

* * *

Zyýarata geldim mazarystana,
Bu ýerem özge bir dünýä bolupdyr.
Şu tümmekleñ bary ynsan bolaýsa,
Obamyzyñ özünden milýon ölüpdir.
Köşkde ýaşanlaram tümmek bolupdyr,
Öýde üşänlerem tümmek bolupdyr...

Hanha ýatyr obañ çyn aşyklary,
Olar bir-birini çyndan söýüpdir.
Beýleräkki tümmekdäki aýaly,
Äri namys edip, özi soýupdyr.
Çyndan söýenlerem tümmek bolupdyr,
Hat-da soýanlar tümmek bolupdyr...

Beýleräkde ýatyr bir alym aga,
Ol ýaşan ömründe ylyma uýupdyr.
Onuñ ýanyndaky ylymyñ deregne,
Guş dek beýnisine şerap guýupdyr.
Ylma uýanlaram tümmek bolupdyr,
Şerap guýanlaram tūmmek bolupdyr...

Şu sözi bahana edip kän ynsan,
Öz ýüwrek aýagyn özi çilip dur.
Tümmekleriñ tapawudy bilseñ kän,
Köpler añmasa-da bilýän bilip dur.
Biri güller örten tümmek bolup dur,
Biri ýeller ýyrtan tümmek bolup dur...

Kerim HALLY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 1092 | Добавил: Мylayym | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 3.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Я был у ней; она сказала…» / Goşgular - 07.01.2023
На серебряную свадьбу Е.П.Щукиной / Goşgular - 04.02.2023
Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023
Aşyk bolmuşam / Goşgular - 14.02.2023
«В ушах два свиста: шёлка и метели!..» / Goşgular - 27.01.2023
«Волшебные слова любви и упоенья…» / Goşgular - 05.02.2023
Бог / Goşgular - 31.01.2023
«Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023
«Там, в полусумраке собора…» / Goşgular - 14.01.2023
Aýralyk / Goşgular - 23.01.2023

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 345  
Baýram Jûtdiýewin "Beýiklik", Halyl Kulyýewiñ "Ogrynyñ ölümi" we Amanmyrat Bugayewiñ B.Jütdiýewiñ "Beýikligine" meñzeşrak yene bir goşgusy bardy. Il-gün nähili bolsañam gerdeninde göterip seni soñky ýoluña äkidyär we "Köp yagşy adamdy..." diyip mazaryñ başynda üç gezek gaytalayar... hatda "ogruja-da" bolsak...
Hem türkmende öleni ýamanlykda ýatlamak halanylmaýar... Kerim Hally bolsa mazara baryp yatanlaryñ arasyndan yamanlary turuzjak bolya.. yatanyñ üstüne turan gelmesin diyleni..
Logiki çöññelik bilen ýazylan goşgy.

0
2 Hаwеrаn  
245
Ostrosýužetny goşgylar.)) Adatça şeýle goşgular ýönekeý okyjylañ ünsüni gowy çekýär. Sebäbi adamlañ görüp bilip ýören zatlaryndan tutýar. Ýagny, Nury Meredowyñ hindi sazyna düzülen "Gunçadyr" "Gülendam" aýdymlary ýaly ýurda ýañ salyp bilýär, ulyñ-kiçiñ dilinde gaýtalanyp bilýär, "bähhh, dogry aýdypdyr-ay" diydirip bilyär. Ýöne bu goşgulañ ylmy we çeperçilik taýdan tutarygy bolmaýar. Edil yañky aýdymlar ýaly az wagtdan soñ yatdan çykyp galýar. Şoñ ü.n edebi sowady pes yonekey okyjylañ arasynda seslenme döredyandigine garamazdan, edebi jemgyýetçiligiñ ýanynda bular ýaly goşgylañ hiç hili gymmaty ýok. Ýerliksiz halkysyramak awtory gülkünç yagdaýa salýar.

0
3 Hаwеrаn  
245
Ikinji goşgynyñ gowuşgynsyz, ýugrumy ýetmedik setirleri beter köp.
Bü awtoryñ obasyndaky gonamçylyk seljuklar döwründen dagy galanmyka?
Biziñ obamyzyñ gonamçylygynyñ azyndan 3 asyra golaý taryhynyñ bardygyny anyk bilýän. Sebäbi üç tarapy uçut gaýa, diñe bir yerinden inip çykylýan yeri bar (öñki döwûrde basybalyjy duşmanlar mazara kast edyanligi u.n adamlar gonamçylygyny-da oz oturyan yerlerine golay yerde tutupdyrlar), şol gadymy gonamçylykda duwlananlaram hazir milyona yetendir oydemok...

0
4 Hаwеrаn  
245
Öýde üşänlerem tümmek bolupdyr...
"Köşkde ýaşaýanlar" düşnükli, ýöne "öýde üşänlere" nähili düşünmeli? Garyp-gasarlar diyjek bolanlygy belli, emma yokarky setir bilen bbadaşmaýar, ýugrumy ýetmändigi üçin aýtjak bolyan sozi doly aýdylman arasy üzülip galýar.
Onsoñam azyndan öýi-tünegi bar bolsa, garypja-da bolsa ol öýde-tünekde ot ýanandyr, öýde üşelmeýär, daşarda galsañ üşeýäñ.
"Beýleräkki tümmekdäki aýaly"
"Beýleräk(de) (duran) tümmekdäki (tümmegiñ) aýaly..." bolmalymy? Şular ýaly grammatiki ýalñyşlyklar köp, bu göçürijiniñmi ýa-da awtoryñ bisowatlygy? Bu bisowatlyk ýene şol bent gutarmanka-da gaýtalanýar:
"Çyndan söýenlerem tümmek bolupdyr,
Hat-da soýanlar(am) tümmek bolupdyr..."

Soñky bentde-de bar ýüwrek, ýüwrük bolmaly dälmi?
"Guş dek beýnisine şerap guýupdyr".
Guşuñ beýnisine şerap guýulýanyny birinji gezek eşidýän ))
"Biri ýeller ýyrtan tümmek bolup dur..."
Tümmegi ýel ýyrtmaýar, dagadyp, tozadyp, tekizläp biler.

0
5 Zara  
347
Yerlikli tankytlar))

0
6 Angel  
Kakasy bilen bir giden ölen adamlar barada gybat baryny edibilipdir. Goshgydaky gornushi gozonumize getirsek shahyr kakasyna soragy owluyade mazarlarlaryñ arasynda beryan bolmaly. (Ol yatan nahili adamdy, bu yatan nahili adamdy diyip gaty arkayyn gozi gorup saypallayan yaly gurleyar)Mazarlaryñ arasynda sheyle sorag jogap alshyp, gep gybata urlup bilinyan bolsa... gowy "zyyaratcylar" eken bular. Dunyaniñ yeke tak hakykaty "dogulmak hem ölmek". Hakykatdan shu zeyilli nadaralygy agtarmak juda gelshiksiz."Ölüniñ mazary nace calt guma garylyp yitip gitse shonca gowy" diyip bir yerden okanym anyk yadyma dushyar. "Gül örten mazar" "ýel ýyrtan mazar" diyip mazar tummeklerini atlandyrmagam ynsancylyga gelshenok.
Adamlaryñ ahlisi Hudayyñ guly. Hudayyñ onunde ahli adam deñ. Gabra gireñdede biri-biriñden üýtgejek gumanyñ yok. Ruhsyz galan jesetlerden doredilen mazarlary ayra ayra señrik yygryp atlandyrmak zerur dal.

0
7 Eмельянко  
Керим сенин язян сценарияларынам шу гошгуларын ялы болжак болса... tongue

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]