23:18

Post Mortem / hekaýa

POST MORTEM

Aradan çykmagymyň bir ýyllygyna

2018-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne geçen gijesi Maksat Bäşimow aradan çykdy[1]. Ol ýer ýüzünde bary-ýogy 27 ýyl ýaşapdy – dem salymlyk ömür.
Onuň yzynda Aý nazarly, gül ýüzlüje gyzjagazy bilen ne gözel maşgalasy aglap galdy. Maksat bize bary-ýogy bir kitaplyk hekaýalaryny[2] miras goýdy, olaryň kämillik derejesini kesgitlemek bolsa geljekki okyjylaryň paýyna düşer.
Ömür tanapy kesilmänkä[3] Maksat bir asyr öň ýaşap geçen halypasyna öýkünip, ömürboýy göz öňüne getirişi ýaly, golýazmalaryny dostuna uzadyp, «Özüň ýok et!» diýip wesýet etmäge-de ýetişmändi, sebäbi ak saçly perişde[4] onuň başyna duýdansyz indi.
Başgalar üçin duýdansyz. Aslynda, onuň özi ajala janyny güjeňledi…

Ömri hakda Maksat känbir dil ýarmazdy, ýöne onuň eserlerinden, köpüsi absurd wakalara bagyşlanandygyna garamazdan, durmuşy hakda belli-külli düşünje alyp bolýar. Özi barada gürrüň bermegi halamaýanlygy onuň realistik ýazyş usulyndan gaça durşundanam aňdyrýar, üstesine-de ol juda howply meseleleri gozgaýardy.
Bärde biz ony ähli babatda gowy adam hökmünde görkezmegi maksat edinmedik, bu zeýilli çemeleşmäni merhumyň özem unamazdy. Elbetde, onuňam kemçiligi ýetikdi. Ýöne ikiýüzlüligi[5], ýaranjaňlygy, ýalançylygy, açgözlügi, nadanlygy hem [millet-, tire-, wezipe-, şöhrat-]parazlygy jany-teni bilen ýazgaranlygy welin hak.
Maksadyň gyzyklanýan zatlary kändi. Ol sungatyň ölemen aşygydy, saz (dutardan başlap roga deňiç her dürli žanryny), şekillendiriş, kino sungaty bilen deň derejede gyzyklanýardy[6]. Edebiýata hem döredijilige bolan söýgüsi bolsa aýratyn söhbete mynasyp. Bularyň ählisindenem ol täze pikirleri, täze ideýalary talap edýärdi.
Bu täzelige teşneligi onuň amanadyny tabşyrmanka ýazan hatynda-da aýyl-saýyl bildirýär. Şeýle aýylganç hoşlaşygyň öňüsyrasynda ol Ölüm ýaly gadymy hadysa-da täze öwüşgin çaýmaga milt edipdir. Özüni neneň okumyş hasaplasa-da, diri wagty Maksat ýönekeý bir hakykata aň ýetirmändir: Ajal akdan başga reňki halamaýar. Ol adam ýüzüniňem reňkini öçürip, ony hek çalnan mysaly, ýagtyldyp gidýär.
Ölüm dakykasynda ol muňa doly göz ýetiren bolsa gerek.
Şu ýerde biz Maksat Bäşimowyň hoşlaşyk hatyny dykgatyňyza ýetirýäris. Şuňa meňzeş ýazgylar käte ters, oňaýsyz täsir galdyrýar. Ýöne oýlanmalaryň soňky duralgasynda ýazylan bu setirler okyjynyň durmuşa bolan hyjuwyny, dünýä bolan söýgüsini artdyrar diýen tamamyz bar.

Men oýundan çykdym. Dogrusy, uly ile çapak çaldyryp, meýdanyňyzdan abraý bilen başymy alyp gitmäge özümem höwesekdim, ýöne düzgüni bozup, gyzyl karty «gazandym». Diskwalifikasiýa sebäpli indiki oýnuňyza-da gatnaşyp biljek däl.
Garşydaşymyz gödekdir, seresap boluň. Mende-hä eminimiz has gurply topara tarapgöýlik edýär diýen şübhe-de döredi[7].
Goý, bu heýjanelekçileriň[8] biri aňňyran bolsun, beýlekileri tans etsin. Bu samsyk sazlaryň ömürlik dowam etmejegine özümiňem akylym çatýar. Olaň maňa parhy ýok. Men öte şowhunly toýlardan heniz sowulmanka gaýdyşym ýaly, bu meýlisi hem gulagyma barmak dykyp terk edýän.
Meni gara basýar, ýöne beý diýsem, basyrganýandyryn öýtmäň. Ýok, men bu dünýäniň tüm reňkli nebsinden, jyzgak oýnundan, ýasama ýylgyryşlaryndan bez boldum.
Haýyş edýän, ölümimi namartlyk saýmaň. Süňňüm agralyp, beden gabygymy ençe wagt bäri göterip bilşime özüm haýran. Indi ysgyn-mydarym galmady, gumsagadymyň zerrejikleri tükendi, ony düňdermäge mejal ýok.
Özümi ýumrulan küme ýaly duýýan. Megerem, bu ömrümde eýýäm iki gezek ölüp direlenim üçin şeýledir? Bilmedim.
Maňa düşüniň.
Ýok, gaýtam düşünmäň, bagtly boluň!
Soňky söz nutuga öwrülmeli däl. Şonuň üçin tagzym edip, sahnadan tizräk garamy saýlaýan.
Uzak aglamaweriň. Şumjarylyp ýörülmegini halaýan däldirin. Has gowusy, saz bilen ugradyň. Mollalary diňlemäň.
Köpräk okaň hem adam boluň.
Dostlar, ýazyp duruň. Bir gün okalar.
Gözelim, günämi öt. Bäpbäme esewan bol, göwnüni ýykma.
Gyzym jan, bagyşla! Men seni söýýän…

Merhumyň şu hatynyň ýanynda ýene bir kagyz tapyldy. Arza şekilinde ýazylanlygy üçin ilkibada oňa başga bir resminamadyr öýdülip, üns berilmändir, ýöne mazmuny bilen tanyş bolnandan soň, onuň hem şol matambaşy gijesi ýazga geçirilenligi äşgär boldy.

Älem-jahanyň Hökümdaryna,
ynsan gurjajygyny herekete getirýän
täleý sapagyny barmagyna orap,
onuň oýnuna tomaşa edýän
Gudraty çäksiz Biribaryň adyna
XXI asyryň adam ogly
Maksat Bäşimow tarapyndan

Arza

Men, ruhy çökgünligim sebäpli, ýaşaýyş düzgünnamasynyň hiç bir maddasyna laýyk gelmese-de, görkezilen senede durmuş wezipämden öz islegim boýunça boşatmagyňyzy Sizden haýyş edýärin[9].

Şeýle ýazgylary galdyryp gidendigine garamazdan, Maksadyň öz janyna kast edenligi kazyýet lukmançylyk edarasy tarapyndan tassyklanmady. Ölümiň sebäbi hökmünde asistoliýa – ýürek urgusynyň tebigy ýagdaýda togtamagy diýlen kesgitleme görkezildi.
Ýöne bu pajygaly wakanyň heniz köpçülige belli bolmadyk başga, juda geň hem syrly tarapy bar. Ol hakda merhumyň maşgalasy şeýle gürrüň berdi:
«Daňdan onuň iş otagyna giremde, gorkudan ýaňa ilkibada dilim tutulup, doňup galypdyryn. Maksat her hepde işe gitmezden ozal sakgal-murtuny syryp, özüne serenjam berýärdi. Emma stoluň başynda adamyma derek, kellesini bilekleriniň üstüne goýan çal saçly, gür ak sakgally goja dem-düýtsiz ýatyrdy. Ony tanar ýaly däldi…»
Merhumy soňky ýoluna ugratmaga baran galamdaş dostlarynyň biri bu maglumaty tassyklaýar: «…Bendäniň gaşam agarypdyr, kirpigem gopupdyr, hatda gözüniň gara monjugy-da agynyň içinde erän ýalydy. Tüweleýe çalymdaş bir güýç onuň ähli garasyny saýlap, sogrup gidipdir.
Ýa-da durmuşyň ýalaw ýaly «gözelligi» gözüniň garasyny iýipdir…»

● Çykgytlar:

1. Näme üçin hut doglan gününde şeýle bolandygyna düşünmek üçin onuň gündeligindäki ýazgyny ýatlasaňam ýeterlik: «Bu gün aňyňa ölüm hakdaky pikirleriň hüjüm edýän güni. Doglan gün her kime başgaça täsir edýär. Kimse özüni keýpi-sapa aldadyp, gamdan başyny gutarjak bolsa, kimse ömür suwunyň paýawlamagy zerarly ýatlamalaryň girdabyna çümýär».
2. Maksat eserleriniň käsini rusça, käsinem türkmençe ýazypdy. Mundan başga-da onuň tamamlanmadyk romany bar. Gazetlerde çap bolan üç hekaýasyny ol ýaşlykda goýberen ýalňyşlygy hasaplaýardy.
Biz bu ýerde onuň daşary ýurt edebiýatyndan eden terjimelerini (Borhes, Bussati, Reý Bredberi, Roald Dal…) agzamadyk, çünki ömrüniň soňky ýyllarynda: «Näme üçin indi terjime edeňok?» diýen soraga ol degişme gatyşykly howatyr bilen jogap bererdi: «Terjimehalymda «terjimeçi» diýlip ýazylaryndan gorkýan…»
3. Maksadyň ýazyşyna öýkünsek, «täleý bagjygy üzülmänkä» ýa-da «ýeriň ýüküni ýeňletmänkä» diýen ýaly bir metafora tapmaly bolardyk, çünki onuň ýek ýigreneni – durnukly söz düzümleri. Onuň aýtmagyna görä: «Dünýäde durnukly zat ýok».
4. Bu ýerde Ezraýyl manysynda…
5. Şu tetelli adamlary ol orsça ýazan eserleriniň birinde «маскарадушные», türkmençä terjimesinde bolsa «maskaradbazlar» diýip atlandyrýar.
6. Indiki getiriljek tekste doly düşünmek üçin, şeýle güýmenjeleriniň arasynda futbolyňam bardygyny belläp geçmeli. Ol Barselona hem Liwerpul futbol klublaryna janköýerlik etmekden daşary, ildeşimiz Gurban Berdiýewiň üstünliklerini hem uly guwanç bilen yzarlapdyr.
7. Golýazmanyň şu ýerinde üsti garalanyp çyzylan bir parça bar. Gynansak-da, ony okamak mümkin däl.
8. Juma Hudaýgulynyň çap bolmadyk eserindäki deňeşdirmä kakdyrylýar.
9. Aşagynda 25.03.18 senesi goýlup, gol çekilen.

Maksat BÄŞIMOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 509 | Добавил: Мylayym | Теги: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Bazar / hekaýa - 15.02.2023
Nätanyş / hekaýa - 13.08.2023
Tragediýa / hekaýa - 16.08.2023
Люди с большого корабля / рассказ - 12.04.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Satlyk düýeguşlar / hekaýa - 06.01.2023
Atsyz köçe / hekaýa - 13.08.2023
Şire şam bolmagy islän ynsan / minikyssa - 30.11.2023
Ýalanyň gymmaty / hekaýa - 19.04.2023
Gezelençdäki pursatlar / hekaýa - 10.06.2023

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Bagabat  
43
Ýazmak keseli bilen her kim birhili keselleýär...Üýtgeşik garaýyş...Özüňe, dünýä düşünjek bolmaklyga...Şeýle, ýüzleý seretseň öz-özüňe berlen baha ýaly, emma, pikirlenseň...Edebiýat, oňa bolan gatnaşyk, adam bolup saklanyp galmak...

0
2 Bagabat  
43
"Düşündirilmegini talap edýän düşündiriş zerurmy?" diýip sorag berilýär...Hemmesem gerek. Sebäbi edebiýat juda köpgyraňly hadysa. Ol hadysany her bir ýazýan adam özüçe görýär. Kim adaty durmuşy wakalaryň üsti bilen adaty dil öwrümleriniň kömegi bilen, kim üýtgeşik bir geň galdyryjy hadysalary beýan edýän täsin, çeper söz aýlawlary bilen...Kömek aganyň eserleriniň birinde: "Bu dünýäde adamyň hordasam gerek, gowusam" diýen manydaky pikir öňe sürülýär. Hakykatdanam, ýeriň ýüzünde bihuda ýaradylan jandaram, zadam ýok bolmaly. Sebäbi bihudalyk - bu Älemiň duşmany...

0
3 hoşowaz  
390
Eýsem nä, eýtseň-de bolýamy - diýýä...)

0
4 Елена_Прекрасная  
462
Alla iman bersin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]