15:57 Sygan aýaly | |
SYGAN AÝALY
Saňa näme bolýar, sygan gelneje, Bu gün näme täleýime garaňok? Kelebi çolaşyp, çöken ykbalyň Pal atmaga, aýt, nämesi ýaranok? Ýaýrat kartlaryňy öňküler ýaly, Hikmetli sözlerem gaýtalasana?! Kömek etjek ýog-a özüňden başga Meň ýaly şormaňlaý, bagtyýatana. Ýat boldular, aýlananok şu çakda, Gowzatmaga ýürekleriň pyganyn, Şu jelagaýlarda, şu ütüllükde Sen meniň tanaýan ýalňyz syganym. Öňler seň ýanyňa gamgyn gelsemem, Gidenimde, ganat kakyp giderdim. Boş bolsa-da, hoş sözlerňe mätäçkäm, Bu gün paýlaşmakçy dälmi sen derdim?! Täleýimi ýaňzytmaga gorkýamyň, Saňa näme bolýar, sygan gelnejem? Garamaňlaý müşderiňi bagyşla, Bagyşla sen pal atanňa degmesem!.. Myrat GURBANOW. | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |