01:05

Ýitiren Gyratyma

ÝITIREN GYRATYMA
                     
Ah, Gyratym, gaýdyp seni tapsadym,
Erkiň bile giň sahrada çapsadym. 
Aglap, eňräp, Gyrat diýip sözlär men,
Ylgap-ylgap, aýak yzyn gözlär men.
Ah, Gyratym, sensiň meniň syratym,
Ah, Gyratym, söweş güni, haýbatym,
Gel, Gyratym, üstünlikden sözlaliň,
Ýitip giden beýikliği gözlaliň.
Goç ýigitleň bar guwanjy atydyr,
Türkmen aty, Türkmeniň ganatydyr,
Şalar meniň ganatymy kesdiler,
Gaýratymy tutup, dardan asdylar.                     Taladylar, "Gurhanymy", dinimi, 
Otladylar, taryhymy synymy.                        
Gyrmyz donum para-para üzdüler,
Ak öýümi oda nara düzdiler.
Syndyrdylar, dutarymyň taryny, 
Diňlesene, bagşylaryň zaryny.
İlim, bu gün öz keşbine zar boldy,
Gyrat, bu gün dünýa maňa dar boldy.
Gel, Gyratym, daga-düze çapaýyn,
Eziz agam Göroglyny tapaýyn.
Gyratsyz, gör, çöller duman görüner,
Gyratsyz, giň dünýa zyndan görüner.
Bagülleriň ýüzi gansyz görüner,
Türkmenleriň düzi, hansyz görüner.
Gyratymda joşgun tupan görersen,
Azatlykdan, erkden nyşan görersen,
Gel, Gyratym, daga-düze çapaýyn,
Ah, nirde sen, nirden gözläp tapaýyn.
Ýalbarýaryn, çykmaz emma ganatym,
Heý, bu çöle gelermikän Gyratym?!...

Abdyrahman DÜÝEJI.

Категория: Goşgular | Просмотров: 501 | Добавил: Нawеran | Теги: Abdyrahman Düýeji | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gumlygelin  
8
Abdyrahman Düýejiñ şu goşgusyny has gowy görýän.Gyrat bu türkmeniñ erkinligi manysynda bolmaly.Goşgy SSSR döwri ýazyldymyka?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]