12:46 Aaw Çopan / hekaýa | |
AAW ÇOPAN
Hekaýalar
Instituty tamamlanymdan soň, meni galmyk sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän iri maldarçylyk hojalygyna uly zootehnik wezipesine işe iberdiler. Näbelet ýerim, nätanyş adamlar ilkibada meni az alada goýmady. Dowarlar bir-birinden ençeme kilometr aradaşlykda bakylansoň, olary gözläp tapmak, haýsy sürüdigini seljermegem meniň üçin hyllalla boljakdy. Maldarçylyk hojalygynyň başlygy Pýotr Petrowiç meniň pikirimi aňan ýaly: — Pýurwýa Narmaýewiç, ynha, siziň sürüjiňiz! — diýdi-de, gum basan «gazigiň» daşynda köwejekläp ýören, orta boýly, eginlek, gözi çala çaşyrak ýigidi görkezdi. — Iş üstüne şol ulag bilen aýlanarsyňyz. Özem ol biziň ýollarymyz üçin tüýs gaýym ulag. Aýdylany diňläp duran sürüji, nämüçindir, ýakymsyz nazaryny maňa tarap aýlady. — Ulagy-ha meň özümem sürüp bilýän — diýdim. Bu sözlerime ozaldan garaşan dek, sürüji biraz öňe omzap, gürlände ullakan ellerini bir ýerde saklap bilmän, tolgunyp gepledi: — Indi-hä haýyşyma «hä» diýersiňiz-dä! Mundan buýana beýle ýagdaýda işläp biljek däl. — Ol maňa goldawa mätäç nazar bilen garady hem-de aýdanyna gulak asmaz diýen gorky bilen, gepiniň arasyny bölmän, sözüniň üstüni ýetirdi. — Ýük ulagyna işe geçirilmegimi tutuş bir ýyl bäri haýyş edip ýörün. Gelýän adamlary eýläk-beýläk gatnatmakdan halys irdim. Başlyk onuň sözüni haýbat bilen böldi: — Sen ýene şol köne heňiňe başladyňmy? Gelýän adamlar diýýänleň kimlermiş? — Olar ýyllarboýy ulag münselerem, ony sürüp biljek gümanlary ýok. Olary gatnatmak meň işim däl — diýip, sürüji öz diýenini tutdy. — Men sürüjisizem günümi görerin — diýip, gepe goşuldym. — Siziň ulag sürmäge hukugyňyz barmy? — diýip, başlyk sowal berdi. — Bar. Ýöne bu ýigit birje gezek meň bilen gitsinde, ferma barýan ýol-ýodalar bilen tanyşdyrsyn. — Gürrüňi ýok. Ony höwes bilen ederin — diýip, ýaş ýigit ýylgyrdy. — Bagtyň çüwdi! Ýük ulagy seňki bolsun! — diýip, ahyry başlyk razylyk berdi. — Ýöne bir zady bilip goý: onuň ýüküni özüň ýüklemeli bolarsyň. — Ýükläris. Ýogumyz bolmaz. Sürüji ýigidiň ýüzünden ýylgyryş alamaty aýrylmady. Biz ertesi ir bilen ýola düşdük. Hojalygyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň kätibi hem bize goşuldy. Ulýumji Badmaýew diýilýän eginlek, çekgeleri tümmerip duran, garaýagyz, inçeden gara murtly adamdy. Asyl, ol bu ýerde köneden oturymly bolup, çopan-çoluklaryň hemmesine bäş barmagy ýaly belet eken. Şeýle adama sataşmagym maňa kemem bolmady. Ýoldaşlarymyň ikisi-de dymma däldi. Olar maňa sähra durmuşyndan kän zat gürrüň berdiler. Sürüji hyzmata gaýym ýigitdi. Ol ömründe birinji gezek ferma sürüji däl-de, ýolagçy bolup barýandygyny gülüp, degşip telim gezek gaýtalady. Ynha-da birinji fermanyň ýerleşýän goşy. Ulýumji Badmaýew bu ýerleriň öz adamsy. Şeýle adamyň ýanynda men hem özümi erkin duýýaryn. Gojalan ýüzüne mahsus bolmadyk, garlawajyň ganatyna meňzäp duran gara murtly, çal saç ýaşuly meniň ünsümi çekdi. Ol ferma biz bilen deňräk, özi-de atly geldi. Hemme kişi ony hormat bilen garşylady. Ol näçe ýaşlaryndaka? Çuň gasynlar onuň garamtyl maňlaýynda daraw-daraw ýol ýasapdyr. Ýüzi hem ýygyrtdan ýasalan ýalydy. Şol ýagdaýdada murtlarynyň agarman, gap-gara bolup durmag geňdi. Uzak wagtyň dowamynda at üstünde bolmagy, onuň aýaklaryny arasyndan sümüp geçäýmeli edip gyşardypdy. Şonda-da ol gowky aýaklar ýaş adamynyňky ýaly sagdyn görünýärdiler. Biz gojanyň golaýyna bardyk. Onuň guraksy eliniň berdaşlydygyny şobada duýdum. Ol ýapynjasyny düzedişdirip, murtuny towlaşdyrdy, Ulýumji Badmaýewiň sowallaryna agraslyk bilen jogap gaýtardy, maňa bolsa, göwni ýetmeýän ýaly, ýaňsyly seretdi, ahyrynda-da: — «Bize uly zootehnik gelýär» diýseler, köpügören, tejribeli adamdyr öýdüpdim. Indi görüp otursam, asyl, ol ýaş oglan eken — diýdi. — Adama eden işine görä baha berilýär — diýip, Badmaýew pähimlilik bilen jogap gaýtardy. Gepi uzaltmajak bolan goja: — Hawa, hawa, hut şeýle bolmaly-da — diýdi-de, biz bilen gyssanmaç hoşlaşyp, öz iş-aladasy bilen boluberdi. — Şu goja-da çopançylyk edýärmi? — diýip, Ulýumji Badmaýewe sowal berdim. — Ol müň baş süriniň eýesi. Özi-de iň gowy çopanlaryň biri — diýip, ol jogap gaýtardy. — Ýaşulynyň ady näme? — Ýöne Aaw diýäýiň. Garry adamlaram oňa «Aaw» diýip ýüzlenýäler. «Aaw» diýmek ata, aga diýmek bolýar. Ol ýetmiş üç ýaşyny doldurdy. Siz onuň bilen ýakyndan tanşyň. Bile işlemeli bolarsyňyz. Bolan gürrüň meni howsala saldy, ýüregimde bir zat sanjyp giden ýaly bolup, ýüzüm lap-lap gyzdy. Gaýtarylmaly jogap sözleri dilimiň ujunda bolsa-da, göwnüme degen sözleri sessiz-üýnsüz kabul etmeli boldum. Ulýumji Badmaýew emaý bilen golumdan tutdy: — Eýýäm göwnüň galdy. Aaw gönüsinden geldi. Bu gaýtam gowulyga. Bile işläp başlaňyzsoň, dostlaşyp gitjekdigiňize ynanýan. «Gazige» münenimizden soň hem keýpim düzelmedi. Sürüji bir ýakymsyzlygyň bolandygyny duýsa-da, sorag berip durmady... Şondan birnäçe gün geçenden soň, men Aawyň goşuna barmaly boldum. «Gazigi» gören çopan garşylamaga çykdy-da, köne tanşyna sataşan ýaly, iki elini hem uzadyp, meniň bilen ýylgyryp salamlaşdy. Ilkinji duşuşykdan galan ýakymsyz duýgular entek ýatdan çykmandy. Bolsa-da ýüzi ýylgyryp duran gojanyň Günden hem sähra şemalyndan ýaňa gataňsy bolup giden berdaşly ellerini gysamda, kalbymda ýakymly bir duýgy döredi. Oňa garamazdan, Aawyň gylyk-häsiýeti şeýle bolarly — ol gürrüňdeşine ötgür söz aýtman oňmaýana meňzeýärdi. — Tazynyň towşan kowalap, bir ondan, bir mundan çykyşy ýaly, ýeňil maşyna münüp, o goşdan bu goşa gezmek ýakymlydyr, oglum... Ol sözüni doly soňlamady. Ýöne: «Beýdip ulag münüp aýlanyp ýörjek bolsaň, ullakan bitiren goşuň bolmaz» diýmekçi bolýardy. Onuň sözleri meni diňşirgendirdi hemem birneme keýpimi bozdy. Men öýkeli äheňde: — Siziň süriňiz nirede bolmaly? — diýip soradym. — Nirede bolsun? Süri meýdanda bolar-da. Öýe gir, myhmanymyz bol. Çaý içeli. Öýüň içinde hemme zat ýerbe-ýerdi, barjamlylyk duýulýardy. Onuň bir dulunda radio, separator, tikin maşyny bardy. Diwarda sökülip asylan welosiped görünýärdi. — Ol welosiped meň oglum Guçiňki — diýip, goja guwanç bilen habar berdi. — Ol häzir harby gullukda. Sährada önüp-ösdi. Çagalykdan owlak-guzularyň arasynda bolup, olar bilen halys öwrenişdi... Çaýdan soň Aaw iki sany ýalaňaç at getirdi-de, olaryň birini eýerläp, maňa hödürledi. Men iki elim bilen eýerden mäkäm ýapyşdym-da, çep aýagymy üzeňňä ildirip, kynlyk bilen ata mündüm. Aaw meniň bolşuma başyny ýaýkady-da, özi çalasynlyk bilen ýalaňaç ata atlandy. — Oh-ow, otluçöp almandyryn ahyryn — diýip, ol çaltlyk bilen atdan syrylyp düşdi-de, öýe girip çykdy. Gojada otluçöpüň bardygyny men ozal görüpdim. Belki, ol maňa özüniň ata münüp düşmäge gaýymdygyny görkezmek islän bolaýmasa diýip çakladym. Ol maňa: «Ine, ata şeýdip münüp-düşerler» diýen manyly nazar bilen äňetdi. Men özümi aklaýan ýaly: — Ozal ata münüp görmändim — diýdim. — Entek başyň ýaş-la! Onsoňam sen şäherde önüp-ösüpsiň-ä. Ynha, meň oglum welin çagalygyndan at münüp gezdi. Ikimiziň aramyzda gürrüň alşyp ötägitmedi. Ýetmiş üç ýaşly adamy sen nähili gep-gürrüň bilen güýmäp biljek? Onuň ýady durmuş tejribesinde gabat gelen täsin wakalardan doludyr. Aaw maňa kynçylyk döretmezlik üçin atynyň jylawyny çekýärdi. Şol sebäpli gidişimiz haýaldy. — Pýurwýa! — diýip seslenen goja birdenem dymdy. — Näme diýjek bolýaňyz, Aaw? — Mal lukmany «Goýny yssy howada sowuk suwa ýaksaň içi geçer» diýýädi welin, şol barada sen nähili pikir edýäň? Ýaşulynyň sowaly meni diňe gyzyklandyrmak däl, eýsem, kyn ýagdaýda goýdy. Howanyň yssy döwri paýawlap ýördi, sowuk hem indi düşmelidi. Diýmek, gojanyň berýän sowaly malyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselä dahylly bolmaly däldi. Bu çopanyň meni synap görmek üçin edýän mekirligidi. Men ýaňy instituty tamamlapdym, maldarçylykdan hem tejribäm ýokdy. Şonuň üçinem Aaw çopan ýaly köpügören maldar meni islän ýerinde çykgynsyz ýagdaýa salyp biljekdi. Bolsa-da, sowal berlensoň dymyp durmagam uslyp görmedim. — Goýun hem edil adam ýaly, yssy wagty suwsagan bolýa — diýip, men her sözümiň aňyrsyny-bärsini ölçerip dillendim. — Adam öz teşneligini sowuk suw bilen gandyranda, onuň aşgazanynda, adatça, özgerme bolup geçmeýär. Goýunda bu ýagdaý näme üçin başgaça bolmaly? Goýny yssy wagty ýagyş, ýagny kak suwuna ýakmaly däl. Şeýle suwdan içen malyň, dogrudanam, näsaglamagy ahmal. Maly guýy suwuna ýakmaly. Atyň jylawyny çekip saklan Aaw çopan uludan dem aldy-da: — Onyň dogry, Pýurwýa — diýip, aýdylany tassyklady. Biz mallaryň bakylýan ýerine ýetdik. Dowarlar ýeňiljek öwüsýän salkyn şemala ýüzlerini tutup, ýaýrawy bilen otlap ýördüler. Olar eýýäm sähranyň reňkini hem hakyky tagamyny ýitirip ugran otlara işdämenlik bilen agyz urýardylar. Çoluk biziň atlarymyzy tutdy. Men mallara ser salmak üçin gitdim. Gyrada duran birnäçe dowar ünsümi özüne çekdi. Olar aýaklary agyrýana çalym edýärdi. Ýüzleý barlagym meniň eden çakymy tassyklady. — Süriňizde näsag mal barmydyr, Aaw? Olara bellik edip, esasy sürüden aýry saklamaly. — O nämäň belligi, o nämä gerekmiş? — diýip, Aaw geň galyjylyk hem ynjyk sesi bilen sowal berdi. — Dişsiz goýunlaryň arkasyna «nol» diýen belgi etmeli, agsaýan mallaryň arkasyna bolsa «1» diýen san ýazmaly. — Şeý diýsene! — diýip, Aaw çopan ýaňsylaýan äheňde sesini süýkdürdi. — Men tutuş ömrümi malyň yzynda geçirdim. Öz mallaryma bäş barmagym ýaly belet. Bellik etmekçi bolsaň, haýsy goýun gerek bolsa aýagyndan tutup getirmek meň bilen. — Siziň aýdýanyňyza ynanýan. Ýöne men başga zat diýmekçi boldum: «nol» belgili dowarlaryň agzyna oňat seredip, ete tabşyrmaga taýýarlamaly bolar. «1» belgili goýunlary bolsa sürüden aýratynlykda bakyň, olara göz-gulak bolmak size aňsat düşer. Olary bejermeli bolar. Goja çopan meniň aýdanlarymy öz ýanyndan makullap, munuň bähbitli taraplaryna baha bermegi başarana meňzese-de, daşyndan syr bermejek bolýan ýalydy. Ol üsgürinip, bogazyny arçadyda, çolugyna: — Atlary getir! — diýip gygyrdy. Çopan goşuna tarap barýarkak ýaşuly gürrüňe gyzdy, hoşlaşanymyzda bolsa: — Arta-süýşe wagtyň bolsa, ýygy-ýygydan gelip durgun! — diýdi. Göwnüme bolmasa, Aaw çopan bilen arany sazlasaň gowy boljak ýalydy. Ol babatda Ulýumji Badmaýewiň aýdýanlary dogrudy. Birinji ferma nobatdaky saparymda Aaw çopanyň goşuna baryp bilmedim. Maldarçylyk hojalygyna tarap ulagly gelýärkäm, Aaw ýaly köne çopanyň dürtgüläp durmagynyň özüm üçin zerurdygyna göz ýetirdim. Ýogsa-da, ol meniň aýdanlarymy berjaý edýärmikä ýa-da hötjetligini edip, öz diýenini tutýarmyka — bilesim gelýärdi. Birdenkä ýanymda oturan ýaş gyz — mal lukmany ýeňimden çekdi-de: — Ulagy saklaň, Pýurwýa! — diýdi. — Ýoly kesip geçmek üçin biri at salyp gelýä. Oňa ikimizden birimiz zerur gerek öýdýän. At güýjünde baryny edip, ýüzin salyp gelýärdi. «Gazik» oňa ýuwaşjadan golaýlady. Ak köpük bolan at aýak çekdi. Hut şol pursatda men onuň üstünde oturanyň başga adam däl-de, Aawdygyny gördüm. Onuň kellesindäki gulakjynyň gulaklary uçup barýan guşuň ganaty ýaly ýazylyp durdy. — Eýgilikmi, Aaw? — diýip, ýanymdaky gyz ulagyň gapysyny gyssanmaç açyp sorady. Çopan jogaba derek başyny ýaýkady. — Aý, Pýurwýa! Sen gojany bütinleý ýadyňdan çykarypsyň. Ulagyň ferma tarap gyssanmaç barýanyny göremde, yza gaýdyşyn gelersiň öýdüp umyt bilen garaşdym. Sen bolsa sowa geçdiň. Şoň üçinem yzyňdan kowmaly boldum. Sen öýke-kine dagy edip ýören dälsiň-dä hernä? Şeýle ýönekeý, ýakymly sözler süňňüme ornansoň, tolgunmakdan ýaňa gojany köşeşdirmäge gyssandym. Aaw ýylgyrjaklap durşuna: — Eger şeýle bolsa, Pýurwýa, sen meniň myhmanym bol. Ertir oglum Guça gullukdan gelýär. Tizhabar ýollapdyr. Öýümde uly dabara bolar. Sen gojanyň hyzmatyny bitir-de, başlygymyza-da, kätibimize-de aýt, gelsinler. Hemmäňiz geliň! — Geleris! Hökman geleris! — diýip, men ony ynandyrdym. Aaw öz goşuna tarap çapyp gitdi. Pýotr Petrowiçiň aladasy başyndan agdyk bolarly, soňky pursatda myhmançylykdan galmaly bolansoň, Ulýumji Badmaýew ikimiz ýola düşdük. Şatlykdan ýaňa Aawyň ýüzünden nur dökülýär. Ol adatdakysyndan geplemsek hem bolan ýalydy. Çakylyga bizden başga-da goňşy goşlardan iki çopan gelipdi. Aaw begenip, ogluny biz bilen tanyşdyrdy. Guça agyn kakasynyň özüdi: eginlek, dogumly, ýüzi gülüp duran ýigitdi. Diňe onuň aýaklary at münýän sähralynyňky ýaly gowky däldi, ýöreýşi, ädim urşy harbylaryňka meňzeýärdi. Biziň myhmançylyga gelmegimiziň başga-da bir sebäbi bardy. Pýotr Petrowiç Aaw çopanyň hormatly dynç alşa çykmagy barada telim gezek dil ýarypdy. — Biz ýetmiş ýaşly goja müň başdan ybarat gymmatbaha merinos tohumly goýunlary ynanyp bilmeris — diýip, başlyk Ulýumji Badmaýewe ýüzlendi. — Gyş ýetip gelýär. Harasadyň bolmagam ahmal. Agyr sürini gyşdan çykarmak ýaşuly adama başartmaz. — Aaw çopan bikär oturyp bilmez — diýip, kätip jogap gaýtardy. — Men çagakamam ol malyň yzyndady. Ony çopançylyk hysyrdylaryndan nädip mahrum etjek?! Beýtsek, ol içi gysyp öläýmezmi?! — Ol entek gujurly goja, şeýle baý tejribeli adamy gözläbem tapyp bolmaz — diýip, men hem onuň tarapyny çaldym. Başlyk näler islemese-de, az salymlyk dymdy, ýöne çopanyň oglunyň öýüne dolananyny eşidensoň, kesgitlilik bilen: — Ana, gojany çalşar ýaly ýerine adamam gelipdir — diýdi. — Siziň Aawyňyz öz ogluna garşy bolup durmaz-a?! ...Myhmanlar toý saçagynyň başyna geçenlerinde, ilkinji sözi Aaw aldy: — Biz ýyllarboýy perzentsizligiň dagyny çekdik. Ahyry, ogla ýüzümiz düşdi. Ol ulalyp, arkadaýanjymyz boldy. Häzir ol goşun gullugyndan dogduk öýüne dolanyp geldi. Maňa gulak goý, oglum: adam nirede, haýsy kärde bolsa-da, onuň ýüregi Watan diýip urmalydyr. Päk zähmetiň bilen Watanyňy beýgeltmekden ileri bagt ýokdur. Heňňam ýollarynda bagtyň açyk bolsun! Ulýumji Badmaýew amatly pursady peýläp, Guçi bilen gepleşdi. Men howsala bilen olaryň ýüzüne seredip otyrdym. Eýsem, sagdyn, eginlek, ýüzi gülüp duran ýigit nämäniň pikirini edýärkä? Onuň mal bakmagy başarýandygyna söz ýok. Ýöne ol muny islärmikä?! Ulýumji Badmaýewiň hoşallyk alamaty duýulýan ýüzünden many alsaň, ýaş ýigit atasynyň kärini dowam etmäge razylyk beren ýalydy. Indi meseläň kyny öňdedi: göwni galmaz ýaly, ägäligi elden bermän, gojanyň özi bilen gürleşmelidi. Emma biz bu meselede biderek ýere biynjalyk bolan ekenik. Aaw ýanyndaky kärdeşleri bilen gaty-gaty gepleşip otyrdy. — Ömür geçip barýa. Indi dem-dynç alaýsam, maňa-da gelişmän durmaz. Guça sürime arkaýyn eýe çykyp biljek. — Birdenem ol ogluna gygyrdy. — Guça, sen meň aýdýanlammy eşidýäňmi? — Eşidýän. Arkaýyn bol! — diýip, Guça parahat jogap gaýtardy. — Men seň süriňi başbitin saklaryn, kaka. Aaw myhmanlaryna tarap göwnüýetijilik bilen äňetdi: — Men size atasyny ýüňsakgal etmejek oglumyň bardygyny aýdypdym ahyryn! Başlygyň iş otagynda ýygnak gutarandan soň, Ulýumji Badmaýew şeýle diýdi: — Ýene bir kiçijik mesele bar. Ömrüni mal yzynda geçiren tejribeli çopanlarymyzyň biri Aaw dynç alşa çykýar. Ýaşulyny deňli-derejeli hormatlap ugradaýsak diýýäs. — Örän dogry pikir — diýip, başlyk ony goldady. — Adamlary kluba ýygnap, dabara geçireris, gymmatly sowgat gowşurarys. Ýogsa-da, oňa näme sowgat etsek ýerine düşerkä? — Goşar sagat alyp bermeli — diýip, men öz pikirimi aýtdym. — Onuň hemme zady üpjün, ýöne goşar sagadynyň bardygyny welin görmedim. — Ol hatda sagadyň diliniň näçäni görkezýändigine-de düşünmez — diýip, hojalygyň hasapçysy meniň teklibime garşy çykdy. — Ol müň goýny sananda ýalňyşanok ahyryn — diýip, menem öz diýenimi tutdum. — Goja ulag münmegi gowy görýär. Belkem, oňa motosikl sowgat ederis? — diýip, direktor hem öz pikirini orta atdy. — Wagtyndan öň Hudaýa amanadyny tabşyrmagy üçinmi? — diýip, hasapçy ýene aýdylany goldamady. Birden gapy açyldy-da, garaşylmadyk ýerden Aaw çopan peýda boldy. Hemme kişi dymdy. Adamlar bilen hoşamaý görşenden soň, ol meni üm bilen çagyrdy. Men onuň yzy bilen daş çykdym. — Pýurwýa, nämüçindir, ýüregimde gorky bar — diýip, daş çykan badymyza çopan dillendi. — Nämeden gorkýaňyz? — diýip, men geňirgendim. — Işsiz oturmakdan gorkýan... Maňa düşünýäňmi? Çaky, onuň içini it ýyrtyp, kalbynda apy-tupan turýan bolarly. Herhal, gojany köşeşdirmäge synandym. — Siziň dynç almaga hakyňyz bar, Aaw. Ogluňyz öýlener, agtyga güýmenersiňiz... — Mekirlik edýäňmi? Oňa çenli ýene näçe garaşmaly! — Töweregine ogryn ser salan goja pyşyrdap diýen ýaly gepledi. — Pýurwýa, gelnen karary yzyna almak üçin başlyklary yryp bolmazmyka? Oglum sag-aman gelensoň, birneme göçüp, çopanlaň ýanynda «dynç alşa çykjak» diýip gatyrak gidäýipdirin... Meni öňki kärimde goýup bolmazmyka? — Bolmaz — diýip, men bilgeşleýin kesgitli äheňde jogap berdim. Başlyk, barybir, gepini yzyna almaz. Bolmajak zada umyt baglamaly däl... Gojanyň kirpikleri gözýaş damjalaryna ezildi. Çopan gözýaşyny aýasy bilen sylyp, elini umytsyz silkdi-de, gitmäge hyýallandy. Men ony çigninden tutup sakladym. Men diňe şol pursatda dünýäniň birsyhly täzelenip durýandygyna — bir ömrüň garrap, geçmişe gidýändigine, onuň ýerine täze ömrüň gelýändigine, onuň ýaşaýandygyna, gülleýändigine, durmuşy bezeýändigine doly düşündim. Men ozal, nämüçindir, durmuşyň şol togtamaýan akymy barada oýlanmandyryn. Ýöne Aaw aňsat-aňsat ýan bererli däldi. Ol joşgunly durmuşy söýýänlerdendi, ahyryna çenli öz janyny, gaýratyny gaýgyrmaýan adamlaň hilindendi. Şoňa görä-de, ol menden hemaýata garaşýardy. — Siz özüňizi nähak biynjalyk edýärsiňiz. Heý-de hormatly adama ýaşynyň soňunda özüne mynasyp rahat durmuşdan ileri zat bolarmy? — diýen ýaly sözler dilime gelse-de, aýtmakdan saklandym, sebäbi olar ýaly agramsyz sözleriň Aaw çopan ýaly adamlar üçin däldigini duýdum... Ana, şol gün hem gelip ýetdi. Men baranymda klubuň içi adamdan ýaňa hyň berýärdi. Hemmeler dabaranyň sebäpkärine garaşýardy. Meniň awtoulagyma atlanan sürüji günuzyn onuň gözleginde gezdi. Aaw ogly bilen geldi. Göwnüme bolmasa, goja çopan keýpsizdi, Guça-da örän agras görünýärdi. Baýramçylyk sahnasyndan ýakymly sözler siňňitli ýaz ýagşy deýin ýagdy. Ynsan ýürekleriniň mährinden goja çopanyň göwni galkyp, ýüzünden ýylgyryş gitmedi. Ol zol-zol murtuny towlaşdyryp, egnindäki täze ýüň donuny düzedişdirýärdi. Bir gyz bilen ýigit oňa çekilen portretini gowşurdy. Surata gözi düşen Aaw aňk boldy. Ony üns bilen synlap, reňkini elläp gören goja: — Örän owadan! Diýseň-diýmeseň maňa meňzeýär! — diýdi. Tolgunyp durşuna çopan gyz bilen ýigide ýüzlendi: — Meniň ýaşyma çenli, ondanam uzak ýaşaň! Siz meniň çagalarym. Meniň oglumam siz ýaly. Indi... ýüregim ýerine geldi. Indi men amanadymy arkaýyn tabşyryp biljek. — Eýýämden öläýmek bolarmy, Aaw? — diýip, Ulýumji Badmaýew bälçiräp, onuň sözüni böldi. — Ýok, ýok, maňa ölmek bolmaz. Men muny gep ugruna aýdaýdym. Çopanlaryň, mugallymlaryň, çagalaryň sowgatlary, päk niýetli arzuwlary gojanyň göwnünden turdy. Maldarçylyk hojalygynyň eden sowgadyny — jübi sagadyny alan Aaw ony gulagyna degrip gördi-de: — Özi-hä işleýän ýaly — diýdi. — Meň ýüregimem şeýdip jykgyldap dursa gowy boljak. Biz çopany garaňky gatlyşanda öýüne ugratdyk. Ýolugra Guça meniň elimden tutdy-da: — Goja köşeşdi — diýdi. — Ýöne uzaga çekermikä? Men özümi kakamyň işini kabul eden däl-de, göýä, onuň mallaryny elinden alan ýaly duýýan... Men ertesi edara ir geldim. Iş otagymyň gapysynyň agzynda fermadan gelen adamlar garaşyp oturan eken. Olaryň arasynda donuna çolanyp, Aaw çopan-da bardy. Ýaşuly sürüsini ogluna tabşyraly bäri bir aýdan gowrak wagt geçipdi. Seýregräk gabatlaşýardyk. Men aty tagaşyksyz sürsem ol degşerdi, gep oýnadan bolardy ýa-da geçmişinden bir zatlary gürrüň bererdi. Indi ol birinji fermanyň goşunda ýaşaýardy. Men onuň beýle ir gelmegine geň galdym. Gapyda onuň eýeriniň çekisi gowşadylan aty durdy. Eger ol gyşyň güni şeýle uzak ýola gaýdan bolsa, diýmek, bir gyssagly aladasy bolmalydy. — Eýgilikmi, Aaw, irläpsiň-le? — diýip, men biynjalyk bolup sowal berdim. Ol maňa esli salym çiňerilip seretdi, soň oturgyja özüni goýberdi-de, elini kellesine söýget edip aglap başlady. Men başardygymdan ony köşeşdirmäge çalyşdym, gojalan eginlerini ýakym bilen sypaladym. — Näme boldy? Aýt ahyryn! Bulgurdan bir owurt suw owurtlansoň, ol umytsyz äheňde: — Pýurwýa, meň halym harap... — diýdi. — Beýle şum pikir nireden kelläňize gelip ýör, Aaw? Elli kilometr ýoly at üstünde geçip bilýän adam beýle pikir edermi! Özüm-ä siziň yzyňyzy eýerip biljek däl. Onuň şeýle göwnüçökgün halda çaýkanyp oturyşyna ýüregim awap gitdi. Üns bilen synlap, Aawyň ma- zaly ýan berendigine göz ýetirdim. Ozal dogumy bilen haýran eden janly gözler çöňňelen ýalydy, ýüzüniň ýygyrdy artypdy, boýun damarlary çişipdi, gögümtildi. Onuň keşbinde maňa ilki sata- şanyndaky dogumy, gujury zym uçan ýalydy. Aaw ganaty gyrlan bürgüdi ýatladýardy, ozal uçan gar- lawajyň ganaty ýaly bat berlen, häzir bolsa maza- ly salparan ysgynsyz murtlary bu duýgyny has-da güýçlendirýärdi. — Düşnükli edip aýtsaňyzlaň, siziň keýpiňizi nä- me bozdy? Ýogsam garaşylmadyk ýerden... — O näme üçin garaşylmadykmyş? — diýip, göz- ýaşyny sylan Aaw birneme dikeldi. — Men öňden bäri özümi ele aljak bolýan welin, başaramok... Ga- dyrdan Pýurwýa, maňa gowuja gulak as. Ähli umy- dym sen, şony bil. — Ol meniň elimden tutdy-da, berk gysdy. — Gün-günden eňkamym agyp barýa, halys çökýän. Düýn oglum ferma geldi welin, onuň atyna atlanyp, daş-töwerege aýlanaýyn diýdim. Nä- me bolandyr öýdýäň? Men ata münüp bilmedim. Sen aýdanyma düşünýäňmi? Men eýere özümi atyp bilmedim. Pikirler uzakly gije beýnimi çokalady. Öz-özüme: «Saňa näme ýetenok? Dünýäde görme- digiň galdymy? Isläniňi iýdiň, isläniňi geýdiň. Seň başga näme armanyň bar? Ähli göreniň yzda gal- dy, öňüňde bolsa — sanalgyja mütdetiň» diýýän. Şeýdip özümi köşeşdirjek bolýan. Uzakly gije görgi ýamanyny gördüm, kirpik kirpige degmedi. Peýda etjek dermanam ýok, dadyňa ýetişjek lukmanam. Jahan ýagtylandan ata atlanyp, seň ýanyňa eňdim. Seň ýüregiň duýgur. Meň hasratyma düşünersiň. Hudaýyň haky üçin başlyk bilen gürleş. Maňa iň bolmanda, gotur açanam bolsa, bir süri dowar ber- sin. Şol meň derdime ýeke-täk derman. Ýogsam di- rikäm öz aýagym bilen gabra girmeli bolýan. Onuň sözleri, howsalasy meni uly alada goýdy. Başlygymyz ozalam ony çopanlygynda galdyrmak islemändi, indi uly dabara bilen dynç alşa ugradylan- dan soň, ondan täze süri dilemek ýerlikli bolarmyka? Men ony birneme rahatlandyrmak maksady bilen: — Ogluň bilen bir sürüde işleşseň nähili görýäň? — diýdim. — Hem oňa öz baý tejribäňi geçirersiň... — O nähili bile işlemek? Beýtsek, oglum sürä eýe bolup, ähli kynçylygy öz üstüne alyp, atasyny aýa- dygy bolmazmy? Ýok, ol bolmaz — diýip, Aaw kes- kelläm garşy çykdy. — Maňa aýratyn süri beriň. Sü- rä özüm eýelik etmek isleýän. — Bolýa, bolýa! — diýip, men gojany köşeşdir- mek isledim. Başlyk bilen gepleşip, bir çykalga tap- jak bolarys. — Gepleşermiň? — diýende, Aawyň ýüzi birne- me ýagtyldy. — Dözümsizlik etjek rehimdar ýüre- giň tapyljakdygyny men bilýädim. Sag bol, Pýurwýa, minnetdar. — Entek howlukmaň, mesele çözülenok ahyry. — O nähili çözülenok?! Eýsem, seň oňa ynamyň ýokmy? — Onuň ýüzi ýene tukatlandy. — Bu aňsat mesele däl. Ýöne men synanyşyp göreýin. — Men saňa ynanýan, bar umydym sensiň. Indi men arkaýyn yzyma dolanyp bilerin. — Ogluňyzyň ýagdaýy nähili? — Guçaňkymy? Men ondan arkaýyn. Öz janyny aýamasa-da, dowarlaryny aýaýa. Maňa bolsa dynç al diýýä. Howla tarap ýöneljek bolanda, men ony sakladym: — Beýdip gidibermek bolmaz, Aaw. Öýe baraly. Çaý içersiňiz, dem-dynç alarsyňyz. Uzak ýol söküp gelen at hem argynlygyny aýyrsyn. — Gapyňyzyň agzyndaky adamlaň käýinjine ga- laýmasak. — Men olardan garaşmaklaryny haýyş ederin. Entek iş güni hem başlanok ahyryn... Aaw çopan meni uly alada goýdy. Meniň bar pi- kir-hyýalym Pýotr Petrowiçi yrmak üçin amatly de- lil tapmak boldy. Ahyrynda-da, Ulýumji Badmaýewiň ýanyna bardym. — Onuň öýünde kanagat edip oturmajagyny men öňünden bilýärdim — Badmaýew keýpiçag halda gepledi. — Dogrymy aýtsam, şeýle aňsat- lyk bilen dynç alşa çykmaga razylaşanyna-da ga- ty geň galdym. Indi başlygy yrmak başartmaý- masa... Synanyşmak aýyp däl. Bolmajak zat ýok. Belki, ugruna bolar. — Ol ullakan aýasy bilen eg- nime kakyp, sözüniň üstüni ýetirdi. — Hany, «sö- weşe» gireli! Başlygyň otagynda ýanynyň bir petde kagyzy bi- len hasapçy hem oturan eken. — Aaw mal bakmak isleýär — diýip, Ulýumji Badmaýew derrew habaryny aýtdy. — Onuň raýyny ýykmasag-a gowy bolardy, Pýotr Petrowiç. — Aaw diýýäniňiz kim? — diýip, hasapçy sowal berdi. Göwnüme bolmasa, çopanyň hakyky adyny tutuş hojalykda bir şol bilýärdi... — Sen oýun edýän-ä dälsiň? — diýip, başlyk aý- dylana ynanmaýan ýagdaýda kagyzdan başyny gal- dyrdy. — Ol bolup biljek zat däl ahyryn... — Oýun ýada düşenok. Goja çopan işsizlikden näsaglapdyr. Daň saz berenden ýol-ýodasyz ýerden bärik gaýdypdyr. — Näsaglapdyr? Näsag adama kim uly sürini ynanyp biler? — Adamyň ykbaly bilen bagly meselä çynlakaý çemeleşmeli — diýip, kätip gatyrganjak boldy. — Olar ýaly gojany gündiz eliň çyraly gözleseňem tapyp bolmaz. — Oňa näme gerekdigine men düşünemok — di- ýip, Pýotr Petrowiç ellerini serdi. — Pensiýa alýar. Belki-de, oňa kömek etmelidir. Puljagaz, egin-eşik berilmegine men garşy däl... Ýöne oňa süri berip bil- men. Her dowar meň boýnumdan asylgy dur ahy- ryn. — Ol dolmuş boýnuny şapbatlady. — Ýogsa-da, siz näme üçin onuň bilen «gaçdym-kowdum» oýna- ýarsyňyz? Dynç alsyn ýatsyn-da. — Sen öz adamlaryňy gowy tanaňok. Aawda en- tek gujur bar. Özem ýadamany-ýaltanmany bilenok. Göz öňüne getirip gör, ol tutuş ömrüni malyň yzyn- da geçirdi, adamlara ýagşylyk edýändigine düşündi. Bizem wagtynda onsuz oňmadyk. Indi bolsa onuň ýagdaýyna düşünmejek bolýarys. Eger seni birden başlyklyk wezipäňden boşadaýsalar... — Sen meni gorkuzjak bolma — diýip, Pýotr Pet- rowiç stoluň başyndan öýkeli turdy. — Men öz edýän işimi bilýän. — Bilýänsiň, ýöne sen maňa düşünmeýärsiň — diýip, Ulýumji Badmaýew elini silkip goýberdi. — Siz näme iş bilen, ýaş ýigit? — diýip, entek do- ly köşeşmedik başlyk tutuk hem talabediji ses bilen maňa ýüzlendi. — Aaw çopan ilki meniň ýanyma geldi. Men kö- mek etmäge wada berdim. — Söz berdim, wada etdim! Näme, siziň söz ber- mekden başga işiňiz ýokmy? Biz jaýdan çykdyk. Meniň keýpime sogan dogra- lan ýaly boldy. — Ýok, ýok! — diýende, Ulýumji Badmaýew ga- zaply göründi. — Elbetde, hojalyk işine gezek gelen- de Pýotr Petrowiçe taý geljek adam ýok, ýöne adam tanamakda welin... Ýör, etrabyň ýolbaşçysyna jaň edeli. Çopan bilen işleşmeli sen ahyryn! Ulýumji Badmaýew etrap häkimine ýagdaýy be- ýan edip, başlyk bilen bolan dartgynly gürrüň ha- kynda hem aýtdy. Häkimiň telefonda aýdýan sözleri meniň hem gulagyma eşidilip durdy. — Dokuzy düzüw däl sürini hem almaga razy bolsa, oňa ýetesi zat ýok ahyryn. Örän asylly mak- sat. Bu barada gazete ýazyp, beýleki çopanlara-da ýetirmeli. Başlyk bilen bolsa özüm düşünşerin. — Eşitdiňmi? — diýip, telefondan daşlaşan Bad- maýew maňa ýüzlendi. — Indi isleseň-islemeseň çopana kömek etmeli bolarsyň, özüňem çynyň bi- len. Biliňi berk guşa! Aaw çopanyň täze süri alan gününden göni bir aý geçdi. — Pýurwýa Narmaýewiç, gojanyň goşuna gidip, ýagdaýy bilen tanşyň. Belki, gerek-ýarak zatlary bardyr — diýip, Pýotr Petrowiç hiç zat bolmadyk ýaly ýakymlylyk bilen maňa ýüzlendi… Bahar gelipdi. Bu döwür gyş ýapynjasyndan çy- kan sähra ýaş gelne meňzeýärdi, gözelleşýärdi. Ýü- pek pisint ýumşak otlar ýeriň gabygyny ýaryp, köne çöp-çalamlaryň arasyndan utanjaňlyk bilen ýokaryk çykyp, meýdana ýaşyl halysyny düşäp başlapdy. Uzak illere göçüm eden guşlar sähra dolanypdylar. Tebigatyň şeýle çagynda awtoulagda gezim etseň, ýakymly howa öwsüp, göwnüň hasam göterilýärdi. Men goja çopany kän wagt bäri görmändim. Gar eräp, ýol-ýodadan ýörär ýaly däldi. Şonuň üçinem fermadan çopan goşuna atly gitmeli boldy. Aaw çopan arkaýyn ýaýnar ýaly, dowarlary öz er- kine goýberensoň, ýylgyrjyrap ýanyma geldi: — Kimdir biri saňa at münüp bilenok diýipdi. — diýip, goja çopan adatdakysy ýaly gürrüňi gep gy- şartmakdan başlady. Men onuň murtunyň çalarandygyna şobada üns berdim. Ozallar käte-käte: «Aaw, näme üçin siziň saçyňyz ak-da, murtuňyz gara-la?» diýäýmäm bar- dy. Ol hem oýunlyga salyp: «Sebäbi murtum saçym- dan otuz ýaş kiçi» diýip jogap bererdi. Indi bolsa so- wal berip oturasy-da iş ýokdy... — Ýagdaý niçik, Aaw? Işiňizden göwnüňiz hoşmy? — Seret! — diýip, Aaw dowarlara tarap elini sal- gady. — Ana meniň işim. Eliň aýasynda ýaly görnüp dur. Isleseň, barlap bilersiň! Ol az-owlak dymdy-da, birden joşgunly seslendi: — Pýurwýa, öz oglumy ýaryşa çagyraýsam nähili bolar öýdýäň? Gabat gelse, «ataňda şeýle meýil bar» diýip oňa duýduraý. — Ýaryşa çagyrýanyňy iller biler ýaly, ony kagyza ýazmaly bolar. — Seň kagyzyň meň üçin hiç zat. Çopan beren sö- zi bilen ýaşaýar. Aaw, bir zat ýadyna düşen ýaly, duran atyň ýany- na haýdap bardy-da, çakganlyk bilen eýeriň gaşyn- da peýda boldy. — Gördüňmi, Pýurwýa! — diýip, ol şadyýan gy- gyrdy. — Men indi näsaglykdan saplandym! Birdenem ol sähra ummanynda ýaýnap ýören dowarlara tarap atyny gorduryp gitdi. Alekseý BALAKAÝEW, galmyk ýazyjysy Rus dilinden terjime eden: Atajan TAGAN #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |